11:52 Emelsiz kişi | |
EMELSIZ KIŞI
Goşgular
Men birini bilýän, emelsiz örän, Diýdirýär: “Neresse, gara gün dörän”. Bag ekse guraýar bagy, Üflese ojakda öçýändir çogy. Gülende gülküsi diýdirýär agy. Ata münse at ürkýär, Ýöreýşinden it gorkýar. Keteginde towuklary kürk gezýär, “Guzlaýmasyn” diýip, jeňňel gözleýär. Aç molaýar sygyry. Bu gün-erte düzelmez, Eşeginiň ýagyry. Gögermeýär ekini, Melleginde tikeni. Ýok öýünde çyrasy. Maşgalany ekleýär, Aýalynyň tarasy... 21.03.2024. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |