08:43 Ýazmasy has agyr düşen goşgy "Ýene-de ene hakynda" | |
ÝAZMASY HAS AGYR DÜŞEN GOŞGY "ÝENE-DE ENE HAKYNDA"
Goşgular
Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar Diýdiler... Sadagaň bolaýyn, ene! Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem, Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene. Ýene-de galamy almaga ele Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň. Diýdiler: "Üç ogul, üç gyzly ene Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün..." Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde. Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak – Perzentleň enäni terk edendigi, Enäň bolsa haram ölenligi hak. Men muny ýazmadym belli bir ýerde – Ýazdym dürli ýerde... bölekme - bölek: Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda... Indi bolsa başyn jemlemek gerek. Alty sany çaga dem beren ýürek Görmändir olardan bir demlik wepa. On aýlap ýatypdyr keselhanada – Kä penjirä bakyp, Käte-de gapa. On aýda üç gezek Görnüpdir üç gyz... "Erkek göbekliden" gelmändir hiç kim. Aýaga galypdyr... Äkitmändirler... "Ýygnaň!" diýip, suddan gelipdir höküm. Bir gyzy ýygnapdyr. Ol hem äkidip Oglunyň işigne geçipdir taşlap. Ne ene etaža çykyp bilipdir, Ne ogul ýokardan düşüpdir aşak. Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene... (Niçiksi derejä düşdüň sen, ahlak?!) ...Bu waka nämahal, nirede boldy? – Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene. Nirede, nämahal – näme parhy bar, Ene hemme ýerde Dälmidir Ene? Ene – ynsanýetiň tutuş Geljegi Hem Şu güni, hemem ähli Geçeni. Depäňden müň bela inermiş agşam, Irden birje agladaýsaň ejeňi! Terjime edipdim Resul şahyry. ...Matam büräninde daglaň içini, Meşhur ata soňky demde aýdypdyr: "Resul oglum, agyrtmagyn ejeňi!" Meşhur bolmasa-da meniňem atam, Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny, Şol sözdi onuň hem iň soňky sözi: "Ýalňyz köşek, agyrtmagyn ejeňi!" Soň soňlaram baryp mazarystana, Bagrym oýkap, gowzadamda içimi, Ses çykýan ýalydy köne mazardan: "Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi!..." Ýowuz günde aýlanypdyk bileje Atgyrany, Gaňňalyny, Tejeni... Belki özüm duýman agyrdandyryn, Ýöne duýup agyrtmandym ejemi. Elimden gidende ilkinji Söýgim, Gürrüň berenimde başdan geçeni, Enem bir aglapdy. Diňe men şonda Birje gezek agladypdym ejemi. Şondan başga bilip agyrdan bolsam, Ýa agardan bolsam birje saçyny, Olam meň günämi ötmedik bolsa – Gaýdyp beriň! Razy etjek ejemi! Ýok, ýok, ol: "Müň kerem razy!" diýipdi. Soňam gitdi... boşap galdy içeri... Indi özüm wesýet edýän ogluma: "Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi!" Bu wesýet wesýetden wesýede geçip, Gowşup bütin dünýäň ogullaryna, Agtyklaň dilinden çowluga ýetip, Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna. Hawa, üç ogully, üç gyzly ene, Göwsünde bitirip alty ýapragy, Olary saraltman, özi saraldy, Şu gün hem girmeli ene topraga. ...Bu waka nämahal, nirede boldy?" – Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene. Daşdamy, ýakynda – näme parhy bar: Ene hemme ýerde Dälmidir Ene? Kaspi kenarymy, Wolga ýakasy, Murgap jülgesimi – ýokdur tapawut. ...Alty balasyna uzak ýaş diläp, Gabrystana barýar eneli tabyt. Tabydy özgeler göterip barýar. Diňe burny çapyk ortanjy ogul Bir minut göterdi... Ony hem derrew "Götermekçi bolsaň täzeden dogul!" Diýýen dek bir goja yzyna itdi... Tabyt dowam etdi ýoluny ýene. ...Alty köşegine uzak ýaş diläp, Soňky öýne barýar ak saçly ene. Biz nälet okaýas, ol ýaş dileýär. Bir ýol bilen barýar iki kontrast. Oýlandym, ölçerdim, çykmady başym: Köpüňki rastmy, enäňki rast? Enäni baýdak dek göterip barýas. Näçe belentlige galdyrdygmyzça – Göýä daşlaşýan dek balalaryndan, Agram atyp, ýere çökýärdi şonça. Tabydyň yzynda ýüzlerçe kelle Göýä akyp barýan gara derýady. Ene bolsa şol kelleleň üstünden Balalarna ömür diläp barýardy. Ol ömür dileýär, Biz nalyş edýäs. Biziň düşünjämiz ters gelýär enä. Ýeri, aýt, perzentler bigünä bolsa – Onda kimiň günäsikä bu günä? Belki hol barýanyň günäsidir ol. Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp Goşgular okaýar. Enesi bolsa Gedaý gezip öldi, Galoşy ýyrtyk. Belki hemmämiziň günämizdir ol. Megerem, märekäň içinden dartyp, Özümi süýrekläp çykarmalydyr. Megerem, mendirin Hatarda artyk? Birdenem märekäň hataryn kertip, Wazlap geçip gitdi 02 maşyn. Görnüp gitdi – gara tumşukly adam, Süýnüp gitdi – limon reňkli maşyn. Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr Ykbalyň ak tumşuk bermäni üçin Däl-de, on ýyl ozal jaýlanan enäň Mazaryn bir gezek görmäni üçin. Şol enäň mazaryn Gördük biz bir gün - Ortasy çöküpdir... gapdaly hin-hin... Goňşular düzedip geldiler şu gün Beýik ogly işden goýmazlyk üçin. "Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için Wagtym ýok!" diýenmiş çinownik ogul. ...Eý, Ynsap, nähili serhede ýetdiň? Şeýle nadanlary Bog ya-da bogul! Bir başly, ýüz işli, Müň dertli LENIN Ene guburyna edip zyýarat, Hepdede bir gezek sežde eden bolsa – INDIKI HAÝYŞYM şundan ybarat: Şeýle hyýanata uly jenaýat Hökmünde seredip Ýokary Sowet, Jeza kodeksine bir madda goşsa – Meger ynsan ogly bolmazdy böwet. Hem-ä ene Watan dynjyn alardy Hemem has döwletli bolardy Döwlet. ...Tabydy göterip barýardy millet Şäheriň kiçijek köçesi bilen. Goşulan goşulýar. Goşulmadyk hem Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen. Köçäniň ugrunda çal saçly adam Import pižamaly, Import köwüşli, Göýä ýüzi-gözi-de imporda meňzäp, Märekä bakyp dur dürli röwüşli. Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden Güjeňläp haýbatly derejesini, Tüweleme, tüf-tüf bir garny bilen Bekläp dur şäheriň bir köçesini. Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal Berip ýorganlaryň könejesini, "Ýer ýok!" diýip, on otagly jaýyndan Ketege göçürdi öz ejesini. Şondan bäri onuň habary bardy Ne-hä şol ketekden, ne ejesinden. Ýygnan puly bolsa (harammy, halal!) Agypdy amanat depderçesinden... Megerem şolardyr (ýagny bizdiris) Adamkärçiligiň serhedin pozup, Nebis küşdün oýnap, kellämiz gyzyp, Kasparowdan ozup, Karpowy pyzyp, Ynsaby basgylap, wyždany çyzyp, Ogul-gyza nusga bolmaga derek Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup, Ne-hä enemiziň ahwalyn sorap, Ne-de ikibarmak "Essalam!" ýazyp – Hawa, hut bizdiris (diňe bizdiris!) Hasrat getirýänler müňlerçe enä. Biz ILKINJI NUSGA. Perzentler bolsa Kopirkadan geçen IKINJI NUSGA – IKINJI GÜNÄ. Megerem şeýledir. Şonuň üçindir Alty balasynyň ötüp günäsin, Müňleriň günäsin ötmeýänligi... (Şübhelenme parasatly enä sen!) Megerem şeýledir. Uşak günäden Halas däl bolsa-da bu juwan nesil – Senden gören zadyn öwrendi çaga: ÖWREDEN ZADYŇA jogapkär sensiň. Atadan hannaslyk öwrenen ogul, Bolup atadan-da beterräk hannas, Enesin ketege göçürer ertir. (Özüňem ketekden bolmarsyň halas.) Hawa, bu şeýledir. Belanyň körügi Bizdedir... Çagany näletleme, bes. Günämiziň ASYL NUSGASY hakda Oýlanaryn diýseň Enä gulak as. Ýazypdym nesilleň günäsi hakda. Özümiz ýadymdan çykan eken tas. Biahlak ululaň günäsi hakda Oýlanaryn diýseň, Enä gulak as. ..Enä gulak asdym. Şu goşgyny hem Men däl-de, eneleň paýhasy goşdy. Şeýdibem döredi ene pähminden ÝAZMASY KYN DÜŞEN ýene bir goşgy. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |