ENE KEÝIK
Bu ýylky gyşyň gary Amyderýanyň çep kenaryna petdeläp, edil haltadan dökülen bede ýaly ýagdy. Görejiňe dürtülip duran ýiti, ap-ak reňke bürelen tebigat özüniň gözelligi, jadylydygy, imi-salalygy bilen syrly göründi. Ýöne bu gözellik bilen ylalaşmaýan terzde, gödeňsi şemalyň gahary gelýärdi: demirgazykdan şuwlap ugran ýell, "elini, ýüzüni galgadyp” kimdir biriniň bar ünsüni çekjek bolýan ýaly ýaly "sykylyk çalýardy”. Asmanyň ýüzi gamaşyp, batyp barýan öçüksi kuýaşyň öňüni gara bulutlar büräpdi. Ýalaňaç agaçlar demirgazykdan günorta tarapa ýemşerlip, egilip-galyşýardylar. Birdenem agaçlaryň aşagyndaky guran töňňeleri saýalap duran çukurdan çykan ýürek diliji iňňildi, adam çagasynyň aglaýan sesini ýatlatdy:
- Yňňň, iiii...
Keýik owlajygynyň sesi dutardan çykan gamgyn saz kimin inçejik hem zaryn çykdy. Zarply böken wagty, oýdaky doňan buza taýyp ýykylanda, owlajygyň aýagy gaňyrlyp, ýowuz çetilere süýkelip, hamy kesilipdi. Duýdansyz peýda bolan ejirli agyry sebäpli, aýagynyň üstünde zordan duran, entek şahjagazy çykmadyk owlagyň kirpikmen, ala gözlerinde ýaş buldurady. Balasynyň daşyndan aýlanyp, elewrän ene keýik buýnuz şahly kellesini egip durdy-da, aýagyndan gan syrygýandygy sebäpli, galyň garyň içinde zordan görnüp ýatan owlagynyň ýarasyny, ýüzlerini yzygiderli ýalady. Owlagyň öň aýagynyň ýatan ýerindäki bir garyş ýaly gar bölegi gyrmyzy reňke boýaldy. Owlak az-kem dikelen ýaly etse-de, kiçijek aýaklary gara typyp gitdi-de, sarymtyl tüýlüje göwresi gaýtadan ýere ýazyldy. Ene keýik ugryny ýitiren ynsan ýaly, daş-töweregine seredip, dalda gözledi. Ýöne, derýadan suw içip, yzyna gaýdan keýik sürisi birçak güpürdeşip, geçip gidipdiler. Ene keýigiň gamgynlyk alamaty çaýylan gözleri ýene-de balasyna dikildi, gün batjak mahaly bu ýerde eglenmek hatarlydy ahyry? Balasynyň syrtyndan burny bilen göterip goýberen enesi onuň turaryna umyt baglady.
Enesiniň yzygiderli ýalap, gyssamagy sebäplimi ýa-da ýarasy gyltyzrak bolandygy üçinmi, owlajyk kellejigini dikläp, az-kem kürtdürip durdy. Soňam towsaklap, ysgynsyzja yranyp, çukurdan çykdy. Owlagynyň haýaljakdanam bolsa, yzyna eýermegine begenen ene keýik usullyk bilen ädimläp, sürüniň giden ugruna gönükdi. Edil şo pursadan gaty golaýdan eşidilen uwwuldy bularyň endamyny düýrükdirdi: bu keýikleriň duşmany bolan möjek sürüsiniň, onda-da möjekleriň aç wagtlary çykarýan sesidi. ,,Durnanyň üstüne urna” boldy: ene keýik gorky hem howsala gatyşykly garaýyş bilen owlagyna esetdi: owlajyk kiçem bolsa möjekleriň özlerini iýmeginiň mümkindigini bilýärdi, sebäbi ol bu ýagdaýy kiçijik wagty ençeme gezek görüpdi. Ýöne, şeýle wakany görenden soň owlajyk gaty gorkupdy, möjekleriň sesini eşiden dessine onda nähilidir bir düşnüksiz galpyldy peýda bolýardy.
Ene keýik ädimini haýallatdy-da, towsaklap gelýän owlajyga nähilidir bir umyt hem gussa bilen seretdi. Owlajygyň aýagy gyzaryp, ganjaryp duranam bolsa, edil gan akmasy togtapdy, onuň ýöreýşi tizleşipdi. Möjekleriň sesinden gorkan owlak özüniň ýaralydygyny hem ýadyndan çykarana meňzedi.
Tiz wagtdanam gar halysyny bürenen ýalazy baýyrlykdan ýüzün salyp barýan iki tirkeşiň yzynda süri peýda boldy. Ene keýik howatyrly nazar bilen yzyna garady: sürüdäki möjekleriň sany ona golaýdy. Olaryň ylgap gelýändiklerini hem gaty çalt ýakynlaşýandyklaryndan bilmek boljakdy. Aç möjekler owlajygyň aýagyndan akan ganyň ysy bilen gelýän bolmaklary mümkin. Sebäbi olar üçburt dişlerini syrtaýdyşyp, agyzlaryndan hyllyk akdyryp, äpet göwrelerine gelişmeýän çakganlyk bilen ýakynlaşýardylar. Ene keýik bat bilen öňe okduryldy-da, belentlikden uçan bürgüt ýaly bökdi: ol ýeke bolanda möjeklere hiç haçan tutdyrmazdy-da, öz sürüsiniň yzyndan ýeterdi. Emma, emma... Ene keýik sakga durdy-da, yzyna seretdi, ol özüniň yzynda gorkudyr tolgunma bilen özüni ýitirip, towsaklap gelýän owlagyny gördi. Hyrra, tutuş göwresini yzyna öwren ene keýik, owlagynyň gapdalyndan göni geçdi-de, möjek sürüleriniň üstüne okduryldy: eger özüni gurban etmese, balasynyň halas bolmajagyna ene keýik gaty çalt göz ýetirdi. Bagryndan önen balasyny nädip gurtlara goýup gitsin, keýik bolsa-da, ol ene ahyry...Gurt sürüsiniň içinde ýeke galan oljanyň boýnundan agyz uran daýaw möjegi, bir tarapa pyzyp goýberen ene keýik balasynyň ylgaman, seredip durşuna äňetdi-de: gözleri bilen gaçmaklygy, özem örän tiz gaçmaklygy düşündirdi. Emma, ejiz oljadan başga hili garşylyk ýokdugyny bilen gurtlar, ene keýige gaýtadan topuldylar. Enesiniň agyly, naýynjar, alaçsyz hem agyryly bakyşlaryndan onuň hoşlaşýandygyny bilen owlajyk, yzynda gaz tozgajyklaryny seçeläp, ylgap gitdi. Ene keýik balasynyň gaçyp gutulandygyny görjek bolup, ýagyrnysyndandyr aýaklaryndan agyz urup, etlerinden çekeleşýän möjekleriň berýän yzasyny duýmaýan ýaly owlagyň giden tarapyna seredip, başyny buýsançly galdyryp durdy.
Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA.
Hekaýalar