08:17 Ene möjek we awçy | |
ENE MÖJEK WE AWÇY
Hekaýalar
Arkaç etek sebitiniň adamlary esasan maldarçylyk pudagynda zähmet çekýärler. Uzalyp gidýän örüler, sonarly meýdanlar bilen utgaşyp gidýärler. Bir giň sähralyk ýörite mal köpeltmek üçin döredilen ýaly. Täze toplumlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen bu ýere göçüp gelýänleriň sany artdy. Uzak ýyllaryň dowamynda maldarçylyk pudagynda işläp Kyýas aga hormatly dynç alyşa çykypdy. Ol mergen bolmasa-da möwsüm açylanda towşan, käkilik awlamagy halaýardy. Her ýylyň baharynda obanyň adamlary haşar edip, ýagyş suwlaryny çöketlik ýere ýygnaýarlar. Şol meýdana hem düme ekinlerini ekýärler. Olar bişende tagamyny diňe jenneti nygmatlar bilen deňäp bolýar. Geçen ýylky ekin meýdanyna dynç berip ýagyş suwuny “Çoh gamyş” oýtagyna akdyrmagy makul gördiler. Möjek, şagal, tilki, garsak, alajagözen ýaly wagşy jandarlaryň oba aralaşýan pursaty hem bolýar. Şonda obanyň itleri dowul tutuzyp, olary mundan buýana gaýdyp gelmez şeklinde ürküzýärler. Şol gün öýlän, älemgoşaryň asmanda parlap görnen wagtynda itler zenzele tutuzyp başladylar. Adatça şeýle ýagdaý oba kesekiler aralaşanda ýüze çykýardy. Kyýas awçy eli tüpeňli öýden çykanda howlusynda çommalyp oturan çal möjegi, onuň ýeňsesinde eli taýakly çagalary, möjegi dalamaga taýýarlyk görýän itleri görüpdir. Garaşylmadyk myhman käte seňrigini ýygryp ganymlaryna haýbat atýardy. Goja awçy tüpeňini asmana tutup onuň bir gözüni boşadanda tisginip ”ziňk” eden itler “dawaly ýerden” daşrakda duranlaryny rowa gördiler. Çal möjegiň welin piňine-de däldi. Hiç zat bolmadyk ýalyçommalyp otyryşydy. Ol goja awça bir zatlary aňlatjak bolýan ýaly onuň gözlerine dikanlap seredýärdi. Kyýas awçy bu wakanyň gizlin syrynyň bardygyny bilensoň ene möjegiň öňüne bir bölek çig et oklapdyr. Şondan soň möjek hem bu ýerden sumat bolupdyr. Garry awçynyň howlusynda çal möjegiň häli-şindi peýda bolýandygyny obadaşlary oňlanokdylar, muny Kyýas aganyň özüde aňýardy. Garry awçy bir gün çal möjegi yzarlap onuň sürenini tapypdyr. Onda iki sany möjek güjükleri bolup hor düşen eken. Kyýas awçy çagalaryny öldürmezlik üçin möjegiň biçärelikden oba gelmäge mejbur bolandygyna düşünipdir. Ol ýantorbasy bilen alyp gelen azyklaryny süreniň ýanynda goýup oba gaýdanda, ene möjegiň yzyndan garap durandygyny aňýardy. Soňky sapar Kyýas aga bu ýerde bolanda ene möjek sürenini göçüren eken. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |