01:42 Ependili degişmeler -1 | |
Surat: "Nasreddiniñ syýahaty" kinofilminden / "Özbekfilm", 1946 ý. ■ Meni täze öýe göçüreňzokmy? Günlerde bir gün Ependiniň öýüne giren ogrular tapan-tupan zatlaryny göterip gidipdirler. Muny gören Ependi hem olaryň söbügine düşüp gidiberipdir. Ogrular şol gidip baryşlaryna öýlerine ýetipdirler. Ependä gözleri düşen ogrular: – Ýeri, siz nirä gelýärsiňiz? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Weý, siz näme meni täze öýe göçüreňzokmy? – diýip, olaryň özlerine sorag beripdir. ■ Guýyny çöwrüp goýupdyrlar Günlerde bir gün Ependi bir minaranyň düýbünde oturan eken. Adamlar Ependiden: – Bu näme? – diýip sorapdyrlar. Ependi minara bakyp: – Päheý, nämedir öýdýärsiňiz? Şonam bileňzokmy? Bu aslynda bir guýy. Muny guratmak üçin çöwrüp goýupdyrlar – diýip jogap beripdir. ■ Ahyry geler Günlerde bir gün bir ogry Ependiniň bir bölek peýnirini ogurlapdyr. Ependi ogryny gözläp, çeşmäniň boýuna barypdyr. – Ependi, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýenlerinde ol: – Aý, peýniri iýeni tutjak bolýaryn. Ol ahyry suwsap çeşmäniň başyna-ha geler – diýipdir. ■ Halwany zor bilen iýdirýärler Günlerde bir gün Ependi Konýada bazarda gezip ýörkä, bir halwaçynyň dükanyna gabat gelipdir. Halwaçy dükanyny açyp, halwalary dükanyň öňüne çykaryp goýupdyr. Ependi «Bismilla!» diýip, elini uzadyp, halwadan iýmäge başlapdyr. Muny gören halwaçy: – Eý, nadan! Näme üçin meniň halwamdan iýýärsiň? – diýipdir. Ependi oňa jogap bermän, halwadan iýmegini dowam etdiripdir. Halwaçy gazaba münüp, Ependini ýençmäge başlapdyr. Ependi urgynyň zarbyna çydaman, derrew başyny galdyrypdyr-da: – Eý-weý! Konýanyň adamlary, gör, nähili ajaýyp eken. Olar halwany ura-ura zor bilen iýdirýärler – diýipdir. ■ Öýde hiç zat ýok Günlerde bir gün Ependiniň öýüne bir ogry giripdir. Ony görenler: – Ependi, öýüňe ogry girdi – diýipdirler. Onda Ependi: – Aý, siz ony gaýgy etmäň. Näme bolsa görübereris. Barybir öýde almaga hiç zat ýok – diýip ýatyberipdir. ■ Donuň içinde bolmanyma şükür edýärin Ependiniň öýüniň öňünde bir bakjasy bar eken. Günlerde bir gün aýaly kir ýuwup, Ependiniň donuny bakjanyň içinde ýüpe seripdir. Ependi mundan bihabar eken. Ependi gije garaňkyda görse, bir adam bakjada ellerini serip durmuş. Ependi aýalyna: – Eý, keýwany! Tiz bol, okumy-ýaýymy getir. Bakjamyza bir ogry giripdir – diýipdir. Aýaly derrew Ependiniň ok-ýaýyny onuň eline tutdurypdyr. Ependi ok-ýaýyny eline alyp nyşanalap, atyp goýberipdir. Atylan ok «ogrynyň» edil garnyndan degipdir. Ependi hondanbärsi bolup: – Ine, biziň bilen oýun etseň, şeýle bolar – diýipdir. Ertesi ir bilen Ependi bakja baryp görse, agşamky ogrudyr öýdüp atany öz dony eken. Ependi muny gören badyna maňlaýyny ýere urup: – Eý, Alla, seniň rehimdarlygyňa şükür! – diýip, doga okamaga başlapdyr. Aýaly haýran galyp: – Sen näme beýle şükür edip, yzyny üzmän, doga okaýarsyň? – diýip soranda, Ependi: – Alhamdilulla! Donuň içinde özümiň bolmanyma şükür edýärin – diýip jogap beripdir. ■ Kyýamat näçe? Günlerde bir gün adamlar Ependiden: – Kyýamat haçan gopar? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Siz haýsy kyýamat barada soraýarsyňyz? – diýip, olara ýüzlenipdir. Onda töweregindäkiler geň galyp: – Kyýamat aslynda näçe bolýar? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Kyýamat ikidir. Eger meniň aýalym ölse, ol kiçi kyýamat bolar. Eger-de özüm öläýsem, onda uly kyýamat bolar – diýipdir. ■ Niresinden tutup çykarmaly? Günlerde bir gün agşam adamlar Ependä: – Pylanynyň eşeginiň guýruksyz kürresi bolanmyş – diýenler. Muny eşiden Ependi: – Toba, toba! Ýeke gije gaýgysyz ýatyp bolanok-la! – diýipdir. Onda adamlar: – Ependi, senem-aý, mundanam bir saňa gaýgy bolarmy? – diýipdirler. Onda Ependi: – Ýa, adamlar, sizem bir hili-äý! Ol kürre eşek bolup ýetişenden soň, birden batga ýykylaýsa, onuňam guýrugy bolmasa, biz ony niresinden tutup çykararys? – diýipdir. ■ Bu eprik agajy bolmaly Günlerde bir gün Ependi bir serwi agajynyň aşagynda oturan eken. Adamlar Ependiden: – Bu agaç haýsy agaçka? – diýip soranlar. Ependi: – Nähili gowy agaç eken – diýip, başyny ýokary galdyryp, agaja seretse, agajyň üstünde bir garga oturan eken. Birdenkä ol garga Ependiniň üstüne ak nem damdyrypdyr. Ependi adamlara garap: – Diýmek, siz bu agajyň haýsy agaçdygyny bileňizok-da? – diýip, sözüni dowam etdiripdir. Olar: – Ýok, bilemzok– diýipdirler. Onda Ependi: – Meniň üstüme daman zada seretseň-ä, bu eprik agajy bolmaly – diýipdir. ■ Diňe sarysy galypdyr Günlerde bir gün Ependiden: – Erik agajy nähili agaç bolmaly? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Ol agaç bir wagtlar ýumurtga getirýän agaç eken. Onsoň günlerde bir gün güýçli doly ýagyp, ýumurtgalaryň agy gidipdir. Ine, şondan soň onuň diňe sarysy galypdyr. Olary hem indi siz ol agaçda görýärsiňiz – diýip jogap beripdir. ■ Maňa şol bolýar Ependi bir gün bazardan bir teňňä dokuz sany ýumurtga satyn alypdyr. Bazaryň başga burçuna barybam: «Onusyny bir teňňä satjak» diýip, gygyryp başlapdyr. Adamlar geň galyp: – Ependi, sen näme üçin öz zyýanyňa satýarsyň? – diýip soranlarynda, ol: – Aý, zyýan boldy, peýda boldy, parhy näme? Esasy zat, dostlarym meniň işlidigimi, ýa işli däldigimi görseler, maňa besdir – diýip jogap beripdir. ■ Indi birneme guşa meňzediň! Günlerde bir gün Ependi leglek tutup, öýüne getiripdir. Görse, leglegiň burny-da, aýaklary-da uzyn eken. Onsoň Ependi eline pyçak alyp, leglegiň burnuny we aýaklaryny kesip gysgaldypdyr-da: – Ana, indi birneme guşa meňzediň! – diýipdir. ■ Men ýalňyşypdyryn Günlerde bir gün Ependi hoz agajynyň aşagynda oturyp: «Näme üçin gawun-garpyz ýaly gök önümler inçejik golda ösüp, hoz ýaly kiçijik önümler äpet agaçda bitýärkä?» diýip, pikir öwrüpdir. Soňra öz ýanyndan: «Geň galmaly, Allatagala älemi döredende, pikir edip başyny agyrtmadyk bolsa gerek. Ýogsa ol gawun-garpyz ýaly gök önümleri öz göwrümine görä uly baglarda ösdürip, hoz agajyny kiçijik ösümlik ederdi» diýipdir. Şol wagt güýçli ýel turup, bir hozy sapagyndan tänderipdir, ol hem gelip, onuň çat maňlaýyna degipdir. Ependi agyra çydaman gygyrypdyr-da: – Wah-eý, Allatagala edýän zadyny bilip edýär eken. Men ýalňyş pikir eden ekenim. Eger şol hozuň göwrümi garpyz ýa-da gawun ýaly bolan bolsa, meniň kellämi mynjyradardy – diýipdir. ■ Şonda bilerdiň Günlerde bir gün Ependi hammama gidipdir. Onuň bagtyna hammamda hiç kim ýok eken. Ependi töweregine göz aýlap aýdym aýtmaga başlapdyr. Öz sesi gulagyna hoş ýaran Ependi: «Şeýle ýakymly sesim barka, näme üçin men öz sesimi adamlardan gizlemelimişim» diýip - pikir eden. Hammamdan çykan badyna-da, wagtyna biwagtyna garaman, minara çykyp, azan aýtmaga durupdyr. Bir adam: – A-how, akmak! Sen näme üçin ýakymsyz sesiň bilen biwagt azan aýdýarsyň? – diýip, aşakdan gygyrypdyr. Ependi bolsa aşak eglip: – Eger şu ýerde bir haýyr-sahawatly adam hammam guraýan bolsady, sen meniň owazymyň nähili ýakymlydygyny şonda bilerdiň – diýip jogap beripdir. ■ Bag üzümsiz bolmaz Günlerde bir gün Ependi üzüm iýmäge baga barypdyr we öz-özüne: «Eger bagda üzüm bolmasa, men üzümsiz ölerin. Emma bag hiç haçan üzümsiz bolmaz» diýipdir. ■ Erte kyýamat gopýan bolsa... Ependiniň bir guzusy bar eken. Dostlary degşip, ol guzyny iýmek isläpdirler. On¬soň aralaryndan birini Ependiniň ýanyna iberipdirler. Ol baryp: – Ependi, bu guzyny näme edersiň? Erte kyýamat gopýarmyş, derrew guzyny soýup, kebap edip iýeli – diýipdir. Ependi ol adama asla ýüz bermändir-de: –Gaýtadan baryp ýene oýlan – diýipdir. Ol adam «Oýlandym» diýip, ýene-de barypdyr, Ependi ahyry razy bolup: – Onda geliň, bir sähralyga gideliň. Guzyny soýup, kebap edip iýeliň – diýipdir. Olar bir sähralyga barypdyrlar. Ependi olara garap: – Siz dem-dynjyňyzy alyberiň. Men kebap bişirerin – diýipdir. Ol janlyny soýup, tagam taýýarlaýança, dostlary eşiklerini çykaryp: «Biz egin-eşiklerimizi seniň ýanyňda goýjak» diýip, suwa düşmäge gidipdirler. Ependi oturlyşygyň eýesi hökmünde ot ýakypdyr we olaryň egin-eşiklerini oda oklapdyr. Bir zamandan soňra dostlary: «Kebap bişendir, iýeliň» diýip, gelip görseler, ählisiniň egin-eşikleri otda ýanypdyr. Olar bu ahwaly görüp: – Biziň egin-eşiklerimizi näme üçin ýakdyň? Biz indi näme geýeli? – diýipdirler. Ependi ýalaňaç galyp, busulyşyp duran dostlaryna bakyp: – Ertir kyýamat gopýan bolsa, size egin-eşik nämä gerek? – diýipdir. ■ Kem bolsa almaryn Ependi her säher ýerinden turup: «Hudaýym, maňa müň tyllany özüň ýetir-dä. Eger birini kem berseňem almaryn» diýip, dileg etmegi endik edipdir. Söwdagär goňşularynyň biri onuň bu dilegini eşidip ýören eken. Ol Ependini synap görmek üçin bir gün ertir bilen Ependiniň doga okap oturan wagty öýüň tüýnüginden 999 tyllany haltajyga salyp, aşak sallapdyr. Özi hem: «Ependi näderkä»? diýip, diň salyp durupdyr. Ependi: «Allatagala meniň nalyşymy eşidip eçildi-ow» diýip, tyllalary alyp, sanap görüpdir welin, laýyk dokuz ýüz togsan dokuz eken. Ependi biraz pikirlenip: – Be-ýeý, Allatagala, bir tyllany haltanyň bahasy hökmünde tutup galan eken-ow! – diýip, tyllalary kisesine salypdyr. Söwdagär Ependiniň rejesiniň geň däldigini görüp, howsala düşüp, derrew onuň ýanyna ylgap gelipdir-de: – Ependi, meniň tyllalarymy gaýtaryp ber! – diýipdir. Ependi agraslyk bilen: – A-how, seniň akylyň bir ýerindemi? Sen nähili tyllaň gürrüňini edýäň? Hiý, men senden pul diledimmi? Hiý, seniň maňa pul beren ýeriň barmy? – diýip, onuň al-petinden alypdyr. Söwdagär: – A-how, Ependi, sen her gün Alladan müň tylla diläp: «999 tylla berseň welin, alman» diýýärdiň. Seniň öz sözüňde tapylýanyňy-tapylmaýanyňy biljek bolup, şunça tyllany öýüň tüýnüginden okladym – diýip, hernäçe janyksa-da, Ependi şelaýynlyk bilen ýylgyryp: – Şu bihuda gepleriňe özüň beri ynanýarmyň? Heý-de, söwdagärem şeýle köp puly öýüň tüýnüginden oklarmy? Muny Allatagalanyň, hut, özi meniň zaryn nalyşymy eşidip, gizlin hazynasyndan eçildi? – diýip, şol bir depen ýerini depip durupdyr. Söwdagär bu işiň aňsatlyk bilen çözülmejegini bilip, kaza gitmegi teklip edipdir. Ependi: – Men kazydan gaçamok, ýöne maňa pyýada gitmek gelişmeýär – diýipdir. Söwdagär muňa bir oňat gatyr getirip beripdir. Ependi bolsa: – Men bir abraýly adam. Egnimdäki şu horaşaja çekmän bilen maňa kazynyň huzuryna barmak uslyp däl – diýip, ýene-de geregini artdyrypdyr. Söwdagär näme-de bolsa, öz dawagärini kaza äkitjek bolup, oňa bir oňat içmek hem getirip berip, gatyra mündürip, kazynyňka alyp gidipdir. Ependi bilen söwdagär ikisi kazynyň huzuryna baryp durupdyrlar. Kazy olardan: – Size näme gerek? – diýip sorapdyr. Söwdagär söze başlap: – Bu adam meniň pylança tyllamy aldy-da, indem ony bermekden ýüz öwürýär – diýipdir. Kazy Ependä ýüzlenip: – Ýeri, sen näme jogap berýärsiň? – diýipdir. Ependi bolsa: – Tagsyr, siz bu adamdan bir sorap görüň, ol şu aýdan puluny maňa eli bilen berdimikä? – diýipdir. Şundan soň söwdagär bolan wakany birin-birin kaza gürrüň beripdir. Ependi ýylgyryp: – Tagsyr, bu söwdagär meniň duldegşir goňşym. Belki, ol meniň pul sanap oturanymy görendir ýa-da eşidendir. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýlenini edip, başyma guýlup durany hem şonuň üçindir. Dogrudan hem, Allatagala maňa köp puly peşgeş berdi. Mundan müň esse artyk eçilmäge-de ol ygtyýarly. Bir adam açlygyndan öljek bolup ýatanda-da, heý, söwdagärden oňa haýyr bolar öýdýäňizmi? Ol mekirlik edip meniň barja rysgalymy-da elimden aljak bolýar. Men-ä şu münüp gelen gatyryma-da «dawa edermikä» diýip gorkýan – diýipdir. Söwdägär: – Elbetde, dawa ederin. Sebäbi ol meniňki. Kaza pyýada gaýtmajagyňy aýdyp, ýer depip duransoň, men öz gatyrymy getirip bermedimmi, eýsem? – diýip gygyrypdyr. Şunda kazyda birneme şübhe döräpdir. Ependi bolsa sözüni dowam edip: – Eşitdiňmi, tagsyr? Indi ol meniň egnimdäki içmegime dawa edip başlamasa-da biri – diýipdir. Söwdagär saklanyp bilmän, Ependiniň sözüni soňlaryna mähetdel: – Eýsem, sen nireden içmekli bolduň? Elbetde, içmegem meniňki – diýip gygyrypdyr. Şonda kazy gaharlanyp: – Häý, bedasyl, sen indi munuň egnindäki baryna-ýoguna hem dawa edip ugradyňmy? Güm bol, gözüme görünme! – diýip, gygyryp, söwdagäri kowup goýberipdir. Ependi öýlerine gelensoň, söwdagäri çagyryp, onuň zatlaryny yzyna gaýtaryp beripdir. ■ Aý söwdasyny edemok Bir gün Ependiden: – Bu gün aýyň üçümi ýa bäşi?– diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Men-ä bilmedim. Indi näçe wagtdyr, aý söwdasyny edemok – diýip jogap beripdir. ■ Men dirikäm şu ýoldan gatnaýardym Günlerde bir gün Ependi bir agajyň üstüne çykyp, onuň şahasyny döwmäge başlapdyr. Ýoldan geçip barýan bir adam: – Eý, Ependi, beýle etme, düş aşak! Ýogsam ýykylarsyň – diýip gygyrypdyr. Ependi onuň aýdanyna gulak gabartmandyr. Şol barmana onuň oturan şahasy omrulyp, dik başaşak kelemenläp gaýdypdyr. Ependi agyran-ynjan ýerine seretmän, hasanaklap ýerinden turupdyr-da, ýaňky adamyň yzyndan eňipdir. Barşyna-da: – Sen bir weli adam ekeniň. Meniň ýykyljagymy-ha bildiň. Haçan we nämeden öljegimi hem aýdyp gidersiň – diýip, zar-zelil bolup, onuň synyndan ýapyşypdyr. Ol adam hem munuň elinden çaltrak sypjak bolup: – Sen odun ýükli eşegiň ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, üçünji gezek ýel goýberende ölersiň. Birinji gezekde seniň janyň üçden biri, ikinji gezekde üçden ikisi çykar, üçünji gezekde bolsa, sen bütinleý ölersiň – diýip jogap beripdir. Ol adam şunuň ýaly gödeksi jogap berip, öz ýoly bilen gidiberipdir. Bir gün Ependiniň eşegi ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, birinji gezek ýeňlände Ependi: «Wah, indi ölýän, endamym sowap başlady» diýip oýlanypdyr. Ikinji gezekde: «Wah, ölümim ýakynlaşdy» diýip pikir edipdir. Üçünji saparynda bolsa, «Wah, armanly öldüm» diýip, ýykylyp ýatyberipdir. Onuň ýykylyp, ýüzüni aktam edip sessiz-üýnsüz ýatanyny gören adamlar daşyna üýşüpdirler. Olar derrew ýakyndaky obalaryň birinden tabyt getiripdirler. Ependini tabyda salyp, şähere alyp ugrapdyrlar. Olaryň ýoly batgalygyň üstünden düşüpdir. Öňlerindäki ýol hem şu ýerden üç aýrylýan eken. Adamlar ol ýollaryň haýsysyndan gitjeklerini bilmän, maslahatlaşyp durkalar, Ependi tabytdan kellesini galdyryp: – Men dirikäm-ä şu ýoldan gatnaýardym. Indi bolsa özüňiz biliň – diýip, ýol salgy berip, ýene ýatyberipdir. ■ Iý, donum, iý! Günlerde bir gün Ependiniň bir goňşusy zyýapat edipdir. Ol zyýapata Ependi hem barypdyr. Zyýapatyň eýesi oňat geýnüwli adamlary töre geçirip hormatlapdyr. Öý eýesi Ependiniň eginbaşlary onçakly gowy bolmansoň, ony aşakda, pesräk ýerde oturdypdyr, oňa onçakly üns bermändir. Ertesi gün Ependi gowy geýnip, ýene-de zyýapata barypdyr. Zyýapatyň eýesi bu gezek Ependini garşylap, hormat edip ony törde oturdypdyr. Orta tagam gelipdir. Zyýapatyň eýesi Ependä: – Iýiberiň! – diýipdir. Ependi donu¬nyň ýeňini tutup: – Iý, donum, iý! – diýen. Saçagyň başynda oturanlar oňa ýüzlenip: – Ependi, näme üçin beýle diýýärsiň? – diýipdirler. Ependi bolsa: – Düýn köne eşiklerimde geldim. Eşigime seredip, ýüzüme beýle bakylmady. Bu gün bolsa oňat egin-eşigime garap, hormat edildi – diýip jogap beripdir. ■ Gözagyryňdan dynmasaň gerek! Günlerde bir gün Ependiniň ýanyna biri gelip: – Meniň gözüm agyrýar, näme etmeli? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Gözüňi köwletseň gutularsyň – diýende, ol adam: – Heý-de, gözi köwledip bolarmy? – diýipdir. Onda Ependi: – Ýakynda dişim agyrdy welin, men-ä sogurdyp zordan dyndym, senem gözüňi köwledäýmeseň, o gözagyryndaň dynmasaň gerek – diýip, maslahat beripdir. ■ Ependi we büreler Günlerde bir gün Ependiniň öýüne büreler çozup başlapdyr. Ependi näderini bilmän, öýüne ot beripdir. Özem daşyndan seredip duran, görse, öýi labyrdap ýanyp duranmyş. Ol ellerini biri-birine urup «kah-kah» edip gülüpdir. Adamlar: – Eý, Ependi, nämä gülýärsiň? – diýenlerinde, Ependi: – Öý ýandy. Büre bilen syçandan ahyry dyndym – diýipdir. ■ Içi sary, daşy ak Günlerde bir gün Ependiniň bäsdeşi sebede biraz ýumurtga salyp, ony Ependiden gizläpdir we: – Eger şu sebetdäkiniň nämedigini bilseň, saňa heýgenek edip bereýin – diýipdir. Ependi: – Bilerin – diýip, pikire batypdyr-da: – Sen onuň nähili zatdygyny biraz ugrukdyr, belki, bilerin – diýipdir. Onda bäsdeşi: – Içi sary, daşy ak – diýipdir. Ependi: – Hä, bildim, şalgamy oýup, içine käşir salypsyň – diýipdir. ■ Azabym ýerine düşüpdir Günlerde bir gün Ependi gije guýa suw almaga barypdyr. Ol suw çekmek üçin guýynyň üstüne egilende, onuň düýbünde Aýyň şekilini görüpdir. Ependi: «Wah, Aý guýa gaçaýypdyr» diýip, iňkise gidip, haýdan-haý ony halas etmekçi bolup, öýüne baryp, bir gaňyrçak bilen ýüp alyp gelipdir. Ol Aýy çekip çykarmak üçin ýüpüň ujuna gaňyrçagy daňyp, aşak sallapdyr. Gaňyrçak birden bir uly daşa ilişip, saklanypdyr. Ependi gaňyrçak Aýdan ilişendir öýdüp, arkanrak gaýşyp, zor bilen ýüpi çekipdir welin, gaňyrçak sypaýypdyr. Ependi öz zarbyna çiň arkan serrelip gaýdypdyr. Şol ýatyşyna bir salymdan özüne gelip, ýokarsyna seredende asmandan parahat ýalbyrap bakýan Aýa gözi düşüp: – Hudaýa şükür, azabym ýerine düşüpdir-ow! – diýip begenipdir. ■ Ýa-da köwşümi ber! Günlerde bir gün Ependi bir uly çeşmeden suw alyp täret kylmakçy bolup egilende, bir taý köwşi suwa gaçyp, suwuň akymyna gidipdir. Ependi şol wagt perýat edip, alan suwuny döküp: – Eý, suw! Ynha, alan suwum, suwuňy al-da, köwşümi ber – diýip, zarynlap suwa ýalbarypdyr. ■ Onda dünýä düňderiler ahyryn! Günlerde bir gün Ependiden: – Näme üçin bu dünýäniň adamlarynyň köpüsi ibirt-de zibirt bolşup, dürli taraplara gidip barýarlar? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Eger hemme kişi bir tarapa gitse, ýeriň şol tarapy agralyp, dünýäniň düňderiläýmegi ahmal ahyryn! – diýip düşündiripdir. ■ Merdiwany nirede satanda näme? Bir gün Ependi bir çarbagyň haýatyna iç ýüzünden merdiwany söýäp, baga giripdir. Bagban onuň baga girenini görüpdir. Ol derrew Ependiniň ýanyna gelip: – Ýeri, halypa, bu ýerde näme işleýäň? – diýip sorapdyr. Ependi darykman: – Merdiwan satýaryn – diýipdir. Onda bagban: – Eý, Ependi, bu ýeri merdiwan satylýan bazarmydyr? – diýip, Ependiniň al-petinden alypdyr. Ependi: – Päheý, sen-ä bir gepe düşmez adam ekeiň. Merdiwandyr-da, nirede sataňda näme, onuň aýratyn bazary ýok ahyryn – diýipdir. ■ Reňkini gysganmadyk bolarly Ependiniň bir gara towugy bar eken. Bir gün ony bazara satmaga getiripdir. Onuň ýanyna bir hyrydar gelip: – Şu towuk ak bolan bolsady, onda men satyn alardym – diýipdir. Onda Ependi: – Sen ertir bu ýere gel. Saňa bir ak towuk getireýin – diýipdir. Ol adam hem «bolýar» diýip, ylalaşyp öz ugruna gidipdir. Ependi towugy öýe getiripdir. Soňra eline bir tokga sabyn alyp, suw ýyladyp, ol towugy ýuwmaga başlapdyr. Emma näçe ýuwsa-da, ol sähelçe-de agarmandyr. Ahyry Ependiniň jany ýanyp: – Görýän welin, bu towugy reňklän adam reňkini gysganmadyk bolarly. Ol hakyny tüýs halallap işleýän adam eken – diýipdir. ■ Maňa maý berdiňmi? Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony görüp, daşdan gygyrypdyr: – Eý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol! – Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir. Bagyň sakçysy: – Seniň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir. Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir. – Ol sygryňky ahyryn – diýip, bagyň sakçysy garşylyk görkezipdir. Onda Ependi: – Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? – diýipdir. ■ Gaş ýaly Aý Bir gün Ependi Sibrihisar diýen ýere barypdyr. Görse, bir topar adam Aýa bakyp dur eken. Ependi olara: – Bu ýer ne oňat ýer eken. Biziň şäherimizde arabanyň tekeri ýaly tegelenip duran Aýa-da seredýän ýok welin, bular gaş ýaly Aýa hüşerilişip durlar-aýt! – diýipdir. ■ Yzymda araba bilen gelýär Bir gün Teýmirleň Ependiniň ýaşaýan şäherine ýakyn gelende şäheriň adamlary jem bolup, ony garşy almaga çykypdyrlar. Ependi hem bir arabanyň tekeri ýaly saralan uly sellesini başyna geýip, eşege münüp, Teýmirleňiň öňünden çykypdyr. Teýmirleň: – Ependi, başyňdaky selläň örän uly eken – diýip, geň galypdyr. Onda Ependi: – Tagsyr, bu meniň gije geýýän sellämdir, gündizki selläm yzymda, araba bilen gelýär – diýipdir. ■ Örän ýyndamdy Günlerde bir gün şäher häkimi Ependini çöwgen oýnuny oýnamaga çagyrypdyr. Ependi hem bir garry öküze münüp, oýun meýdanyna barypdyr. Häkim geň galyp gülüpdir-de: – Çöwgen oýnuny atly oýnamaly ahyryn. Sen näme üçin öküze münüp gelipsiň? – diýipdir. Ependi: – On ýyl mundan ozal, bu öküz gölekä örän ýyndamdy, uçup barýan guşy kowup ýetýärdi – diýip jogap beripdir. ■ Iýmedik bolsam, ölerdim Günlerde bir gün Ependi syýahat edip ýörkä, bir oba barypdyr. Halaýyk onuň öňünden çykyp: – Sen kim? Käriň näme? – diýipdir. Ependi: – Men ussat diş bejeriji hekim – diýipdir. Olar: – Gulam aganyň ogly keselläpdir. Seni onuň ýanyna alyp baraly. Oglana bir alaç eýle – diýipdirler. Ependini hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Gulam aga oňa tagzym edip: – Eý, tebip, ussat hekim, meniň şu oglumyň derdine bir çäre tap! – diýip ýalbarypdyr. Ependi: – Bu ýerde ýag, bal, çörek tapylarmy? – diýipdir. Aksakgal: – Hawa, tapylar – diýip, ýag, bal we çörek getirip beripdir. Soňra Ependi: – Men hekimligi jadylyk bilen edýärin. Maňa bir çemçe getiriň – diýen. Ependi başyny örtüp, bal bilen ýagy garyp, iýmäge başlapdyr. – Bir salymdan soň Ependä: – Keselli ýogaldy – diýip, habar beripdirler. Onda Ependi: – Bu iýmiti iýmedik bolsam, men hem ölerdim – diýipdir. ■ Dawa meniň ýorganymyň üstünde Bir gije Ependi öýde hassa ýatyr eken. Daşarda bir üýşmeleň sesi eşidilipdir. Ependi ýorganyny bürenip, daş çykypdyr. Şol wagt biri peýda bolup, Ependiniň arkasyndan gelip, ýorganyny alyp gaçyp gidipdir. Ependi öýe gelende aýaly: – Bu nämäniň galmagaly? – diýip sorapdyr. Ependi: – Aý, keýwany, galmagal meniň ýorganymyň üstünde eken, ony aldylar, galmagal sowuldy – diýip jogap beripdir. ■ Seni gözleýärin ahyryn... Günlerde bir gün Ependi oglunyň elinden tutup bazara gidipdir. Ogly Ependä: – Kaka, men ýadadym – diýipdir. Soňra Ependi ogluny omzuna alýar. Ol gidip barýarka, görse, ogly ýanynda ýok. Ependi ikibaka aýlanypdyr, emma ogluny tapmandyr. «Be, ol nirä gitdikä?» diýip, bazara baryp, ony gözläpdir. Ol bir halwa satýan dükançynyň dükanyna barypdyr. Şol wagt omzunda oturan ogly: – Kaka, maňa halwa alyp bersene – diýipdir. – Oglum, men ertirden bäri seni gözleýärin ahyryn...– diýip seslenipdir. ■ Giden zat nämekä? Günlerde bir gün bäsdeşi Ependä garap: – Seniň ogluň eşekden ýykylyp, huşy başyndan gitdi – diýipdir. Onda Ependi bir wagtdan soň aýňalyp: – Be, meniň oglumyň owal-başda huşy ýokdy. Giden zat nämekä? – diýipdir. ■ Towşany nätdiň? Bir gün Aleddin zyýapat edip, adamlary jemläp, Ependini hem çagyrypdyr. Ependi dosty Imat bilen gidipdir. Baranlarynda soltan Ependä bir alma uzadypdyr. Ependi almany alyp iýipdir. Imat Ependini gapdala çekip: – Näme üçin sen beýle gabahat iş etdiň? Näme üçin almany soltanyň ýanynda iýdiň? – diýipdir. Onda Ependi: – Onda näme etmek gerek? – diýipdir. Onda Imat: – Almany goltugyňa salyp, soňra iýmelidiň – diýipdir. Soňra orta nahar getiripdirler. Soltan Ependini ýanynda oturdyp, nahar iýmäge başlapdyr. Ortadaky saçaga üstüne ýogurt dökülen bir towşany getiripdirler. Soltan Ependiniň öňüne ýogurtly towşan buduny goýupdyr. Ependi ony alyp derrew goltugyna salypdyr. Soltan: – Ependi, bu näme etdigiň boldy, towşany nätdiň? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Imadyň sözüne giden mundan gowy zat etmez – diýip jogap beripdir. ■ Garaşyp durmaga wagtym ýok Günlerde bir gün Ependi hammama baranda bir nätanyş adam sen-men ýok, onuň ýeňsesine bir şapbat urup goýberipdir. Ependi ýalta yzyna gaňrylyp görse, asla gören adamy däl. Ol adam: – Agam, günämi öteweri, men sizi öz ýakyn dostlarymyň biridir öýdüpdirin – diýip, ötünç sorapdyr. Emma Ependi ony şapba tutup, kazynyň ýanyna alyp baryp: – Meniň bu adamda hakym bar, şony alyp ber! – diýipdir. Onda kazy: – Ol nähili hak? – diýip sorapdyr. Ependi: – Bu adam meniň ýeňsäme urdy – diýipdir. Ol adam kazynyň dosty eken. Näme etjegini bilmän, kyn ýagdaýa düşen kazy: – Bir şapbadyň haky bir teňňedir, men seniň haýryňa bir teňňe jerime salýaryn – diýipdir. Soňra kazy günäkäre garap: – Bar, derrew bir teňňe getir. Urlany üçin ony Ependä berjek – diýipdir. Şeýdip kazy günäkär dostuna gaçyp gitmäge mümkinçilik beripdir. Ependi özüni uran adam «häli geler, şindi geler» diýip, köp garaşypdyr. Ahyry ol kazynyň günäkäri bahana bilen sypdyryp goýberenligine düşünipdir. Ependi kazynyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp: – Asyl onuň günäsini bagyşlan özüň ekeniň-ow! – diýip, uly ili bilen gygyrypdyr-da, bar güýji bilen kazynyň ýeňsesine suňşurypdyr. Kazy öwrülip Ependä: – Bu näme etdigiň boldy? – diýipdir. Onda Ependi: – Garaşyp durmaga meniň wagtym ýok. Günäkär gelse, meniň haýryma salan bir teňňe jerimäni özüň alaý – diýip, çykyp gidipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |