00:51 Ependili degişmeler -2 | |
Surat: "Nasreddin Hojantda" kinofilminden / "Täjikfilm", 1959 ý. ■ Eşege ynanýarmyň? Günlerde bir gün Ependi çöle gitmekçi bolup durka, bir dilegçi gelip, ondan eşegini sorapdyr. Ependi bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwüpdir-de: – Häzir eşegim ýatagynda ýok – diýipdir. Onýança-da eşegi aňňyraýypdyr. Dilegçi adam: – Eý, Ependi sen-ä ýalançy ekeniň. Sakgalyň agyndan utansaň bolmaýarmy? Eşegiň ýatagynda eken-ä! – diýipdir. Onda Ependi: – Men ýalançy bolýan bolsam, sen hem ýürege düşgünç dilegçi ekeniň. Indi sen meniň bu ak sakgalym bilen aýdanyma ynanman, eşege ynanýarmyň? – diýip jogap beripdir. ■ Ýöremäni kyn görýäňmi? Bir gün Ependi eşegine ýük ýükläp gidip barýar eken. Eşek agyr ýükden ýaňa zordan ýöräpdir. Ependi ýüküň birazyny öz egnine alyp, eşegiň üstüne münüp gidiberipdir. Bu eşege has-da agyr bolupdyr. Soňra Ependi: – Eý, haýwan, ýüküň baryny men aldym ahyryn. Sen ýene ýöremäni kyn görýäňmi? – diýip seslenipdir. ■ Palanyňy almarsyň... Günlerde bir gün Ependi eşegini münüp, şähere gidipdir. Ýolda barýarka, aýakýoluna oturmakçy bolupdyr. Ependi çäkmenini çykaryp, eşegiň üstüne atyp, ýoldan uzakda bolmadyk bir agajyň düýbünde oturypdyr. Şol wagt bir ogry peýda bolup, Ependiniň çäkmenini ogurlap gidipdir. Ependi dolanyp gelse, çäkmeni goýan ýerinde ýok. Onsoň ol eşegiň palanyny sypyryp alyp, arkasyna atyp ýöräberipdir. Eşegi aňňyrmaga başlapdyr welin, ony taýak bilen saýgylap: – Çäkmeni bermeseň, palanyňy almarsyň – diýipdir. ■ Men owal hem ýerdedim Bir gün Ependi eşege münmekçi bolanda, palany agyp, güpläp, ýere gaçypdyr. Adamlar oňa gülmäge başlapdyrlar. Ependi olara garap: – Bu ýerde güler ýaly näme bar? Men owal hem ýerdedim, häzir hem ýerde – diýip hüňürdäpdir. ■ Gaçmany nireden bilsin? Günlerde bir gün Ependiniň gölesi ýüpüni üzüp gaçyp gidipdir. Ependi hernäçe jan etse-de, ony tutup bilmändir. Ol ýataga gelip, garry sygryny güpüledip urmaga başlapdyr. Adamlar: – Ependi, munuň günäsi näme? – diýip soranlarynda: – Asyl, belaň körügi şu haram ölen sygyr bolmaly. Şu öwretmese, ýumruk ýaly göle gaçmany nireden bilsin? – diýip jogap beripdir. ■ Dogrup bilen ölüp-de biler... Günlerde bir gün Ependi goňşusyndan gazanyny diläp alypdyr. Birnäçe günden soň gazanlyk işi gutaransoň, onuň içine başga-da bir kiçijik gazan salyp, eýesine eltip beripdir. Gazan eýesi muny görüp: – Bu näme? – diýip, geň galmak bilen sorapdyr. Ependi: – Gazanyňyz guzlady – diýipdir welin, goňşusy begenip, gazanjygy ur-tut garbap alypdyr. Birnäçe günden soň Ependi goňşusyndan «guzlan» gazany sorapdyr. Goňşusy beripdir. Ependi gazany öýüne getiripdir. Eýesi köp garaşypdyr. Emma Ependi gazany getirer ýerde getirmändir. Birnäçe günden soňra gazanyň eýesi gelip, gazanyny sorapdyr. Ependi: – Seniň şol gazanyň öläýdi, bagyşla! – diýipdir. Onda gazanyň eýesi: – Heý-de, gazan ölermi? – diýipdir. Ependi bolsa: – Sen näme gazanyň «guzlanyna ynanýaň-da, ölenine şübhelenýärmiň? Dogrup bilen, ölüp-de biler ahyryn – diýipdir. ■ Gözi bilen yşarat etdi Günlerde bir gün Ependi ýer sürýär eken. Birdenkä öküzi ýatyberipdir. Ependi ony gamçy bilen urupdyr. Urup durka beýleki öküz gözüni ýumupdyr. Soňra Ependi ýatan öküzi taşlap, beýleki öküzi ýençmäge başlapdyr. Adamlar: – Munuň günäsi näme? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Bu ýatan öküze «turmagyn» diýip, gözi bilen yşarat etdi – diýipdir. ■ Hatda öz kellesini hem ýaryp biler Ependi kazyçylyk edýär eken. Günlerde bir gün iki sany adam dawalaşyp onuň ýanyna gelipdir. Olaryň biri beýlekisini görkezip: – Kazy aga, biziň dawamyzy çözüp ber. Şu adam meniň gulagymy dişledi – diýipdir. Beýlekisi bolsa: – Ýok, men dişlämok, onuň özi dişledi – diýipdir. Ependi olara: – Ertir geliň, kimiň mamla, kimiň bimamladygyny şonda aýdaryn – diýipdir. Ependi öýlerine baryp, öz gulagyňy dişläp bolýandygyny ýa bolmaýandygyny synap görmekçi bolupdyr. Otagyň ortasynda näçe pyrlansa-da, agzyny gulagyna ýetirip bilmändyr. Onuň gahary gelipdir, gulagyndan batlyrak çekende deňagramlylygyny saklap bilmän, güpüläp ýere ýykylypdyr. Ertesi gün Ependi kellesini daňyp, agsaklap iş ýerine baryp, ol iki dawagäri kabul edipdir. Soňra gulagy dişlenen kişä: – Ile günä ýüklejek bolma, sen gulagyňy özüň dişläpsiň – diýipdir. Onda gulagy diş¬lenen: – Ependi, beýle diýmesene! Heý-de, adam öz gulagyňy özi dişläp bilermi? – diýip gatyrganypdyr. Ependi agyry zerarly ýüzüni çytyp: – Wah, gulak dagy nämemiş, hatda arkan ýykylyp, öz kellesini hem ýaryp biler – diýip jogap beripdir. ■ Sen bir tylla-da geçmezdiň... Teýmirleň Akşähere gelende bir gün Ependä: – Gel, ikimiz bile hammama gidip ýuwunaly – diýipdir, Olar hammama giripdirler. Teýmirleňiň bilinde ýüz tyllalyk guşak bar eken. Hammama girip, sekiniň üstünde oturypdyrlar. Teýmirleň yzyna bakyp, Ependä: – Eger men hökümdar däl-de, gul bolup satylmaly bolsam, näçe tylla geçerdim? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ýüz tylla geçerdiň – diýipdir. Teýmirleň: – Heý, Ependi, sen nämeler diýýärsiň? Diňe bilimdäki guşagymyň bahasy ýüz tylla ahyryn – diýende. Ependi: – Hawa, dogrusy men biliňdäki guşagyňa baha kesdim-dä. Ýogsa, sen bir tylla-da geçmezdiň – diýipdir. ■ Bir horazy bolmazmy? Günlerde bir gün Ependi Teýmirleňiň gaşynda oturan eken. Teýmirleň Ependä bakyp: – Ependi, gel, ikimiz bile hammama gideli – diýipdir. Olar hammama giripdirler. Teýmirleň bäş-on sany ýaş oglan bilen dil düwşüpdir. Olaryň her haýsy bir ýumurtga alyp hammama girmeli ekenler. Hammama girensoňlar, olardan biri Teýmirleňiň öwredişi ýaly: – Geliň, her kim bir ýumurtga guzlamaşak edeliň. Kim guzlap bilmese, ol beýleki guz¬lanan ýumurtgalaryň bahasyny tölemeli bolsun – diýipdir. Oglanlar towuk kimin wakkyldaşan bolup, getiren ýumurtgalaryny bildirmän çykaryp, sekiniň üstünde goýup, soňra Teýmirleňiň gaşyna baryp durupdyrlar. Şol wagt Ependi ellerini çarpyp, sekiniň üstüne çykyp «gok-go-gogo-o...!» edip, hammamy ýaňlandyryp gygyrypdyr. Teýmirleň Ependiniň bolşuny görüp: – Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň boldy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Munça mäkiýanyň arasynda bir horazy bolmazmy, eýsem! – diýip jogap beripdir. ■ Bu onuň neberesindendir Bir gün Ependiniň aýagyndan it dişläpdir. Şol wagt Ependi bagda bir iti tapyp urmaga başlapdyr. Biri gelip: – Ependi, bu iti näme üçin urýarsyň? – diýende, Ependi: – Meniň aýagymdan dişledi? – diýipdir. Onda ol adam: – Bu seni dişlän it däl ahyryn? – diýipdir welin, Ependi: – Dogry, meni dişlän bu it däl, emma bu onuň neberesindendir – diýip jogap beripdir. ■ Seniň ýaşlygyňa-da belet Bir gün Ependi eşegine münmekçi bolupdyr. Emma eşegiň palany agyp, güpüläp ýere gaçypdyr. Töweregindäkiler oňa gülmäge başlapdyrlar. Ependi olara garap: – Haý, ýaşlyk, haý ýaşlyk – diýipdir. Onda olar: – Heý, zaňňar! Biz seniň ýaşlygyňa-da belet ahyryn – diýip seslenipdirler. ■ Häsiýetsiz eşek Günlerde bir gün Ependi dagda odun ýygýarka, eşegi onuň çöregini iýmäge başlapdyr. Muny gören Ependiniň zähresi ýarylara gelipdir. Ependi eşege ýüzlenip: – Eý, eşek, men Allanyň rugsady bilen, enşalla, bu zatlara çydap çörek tapýançam, zähmet çekerin. Emma sen ölünçäň, şu häsiýetiňde galarsyň – diýipdir. ■ Gawun-garpyz ýeke-ýekeden iýilýändir Günlerde bir gün Ependi miwe ir-iýmiş iýmek üçin bazara barypdyr. Ol alma, armyt, erik, ülje ýaly iýmişlerden goşawuçlap iýmäge başlapdyr. Muny gören adamlar: – Ependi, bulary ýeke-ýekeden iýseň bolmaýarmy? – diýipdirler. Onda Ependi: – Ýok, siz bilmeýärsiňiz, ýeke-ýekeden gawun-garpyz iýilýändir – diýip jogap beripdir. ■ Ölçegimi bozaýmaň! Günlerde bir gün Ependiniň aýaly äriniň özüne sowgat alyp bermegini isläp: – Maňa gyzyl ýüpek matadan ýaglyk sowgat etsene! – diýip haýyş edipdir. Onda Ependi: – Ululygy nähiliräk? Şunuň ýaly bolsa bolarmy? – diýip, gulajyny açyp, iki elini serip sorapdyr. Aýaly: – Hawa, bolar – diýipdir. Ependi ölçegi ýadyndan çykarmajak bolup, gulajyny açyp, ak bazara rowana bolupdyr. Barýarka öňünden çykan adamlara: – Sowulyň-how, ölçegimi bozaýmaň! – diýipdir. ■ Şu gün anna günümi? Bir gün Ependi aýalyna «Her bir adam juma agşamy aýalyna ýanaşsa, hasabyny ýöretmelidir» diýen. Olar maslahatlaşyp, «Özleriniň är-aýallyk borçlaryny her annada berjaý etmeli» diýen karara gelipdirler. Soňra Ependi aýalyna: – Meniň iş-aladam kän bolýar. Anna gününiň gelenini men neneňsi bilerkäm? – diýip ýüzlenipdir. Aýaly derrew ugur tapypdyr-da: – Her hepdäniň anna güni men seniň selläňi asawaçdan asyp goýaryn. Selläni göreniňde anna günüdigi ýadyňa düşer – diýipdir. Şeýlelikde, olar bir çukura tüýküripdirler. Günlerde bir gün anna gününiň gelerine birnäçe gün bolsa-da, aýaly Nasreddini küýsäp, onuň sellesini asawaçdan asypdyr. Ependi asylgy duran selläni görüp, geň galypdyr-da, aýalyndan: – Şu gün anna günümi? – diýip sorapdyr. Onda aýaly: – Elbetde, anna güni – diýip jogap beripdir. Nasreddin bolsa: – Ýok, bu boljak zat däl. Ýa anna güni maňa garaşsyn, ýa-da men anna gününe garaşaýyn – diýipdir. ■ Aýagymy bir goýber ahyryn!.. Bir gün Ependiniň ogly derýanyň ýakasynda çörek iýip oturan eken. Birden elindäki bir döwüm çöregi suwa gaçypdyr. Ol suwa seredende, biriniň keşbini görüp, kakasyna: – Kaka, derýada bir oglan bar – diýipdir. Ependi suwa siňe seredip görse, suwuň içinde bir oglan däl-de, bir garry adam hem bar eken. Ependi oňa: – Goja, sen suwuň içinde näme işleýärsiň? Çyk daşyna, görüşeli! – diýip, hüjüm edipdir. Goja çykmansoň, ýene-de: – Suwdan çykmajakmyň? Men seni çykararyn – diýip, başyny egende, Ependiniň aýagy taýyp ýykylypdyr. Şonda Ependi: – Çyk, meýdana, aýagymy bir goýber ahyryn! – diýipdir. ■ Bu öýüň iki gapysy bar Bir gün Ependi bir topar alym adamlary öýüne getiripdir. Olary gapyda goýup, içeri giripdir-de, aýalyna: – Keýwany, öýde iýer ýaly nahar barmy? – diýip sorapdyr. Aýaly: – Be, Ependi, öýde ot ýok, ojak ýok, bişirmäge hiç zat ýok – diýip jogap beripdir. Onda Ependi: – Eý, keýwany, sen bar-da, alymlara «Ependi öýde ýok» diýeweri. Goý, olar gitsinler – diýipdir. Çykgynsyz ýagdaýa düşen aýaly daşary çykyp: – Eý, adamlar! Ependi öýde ýok – diýende, olar: – Heý-weý, janym! Ependi edil şu wagt biziň bilen bile gelip, içeri girdi ahyryn – diýip, ony utandyrypdyrlar. Onda Ependiniň aýaly nalaç galyp, näme diýjegini bilmändir. Şol wagt Ependi içerden gygyryp: – Adamlar, bu öýüň iki gapysy bar, birinden girip, beýlekisinden çykyp gidilýär ahyryn – diýipdir. ■ Size palaw bişirip bererdim... Bir gün Ependi talyplaryny öýüne nahara çagyrypdyr. Ol aýalyna: – Nahar taýýarla! – diýipdir. Aýaly talyplara ýüzlenip: – Nahar bişirere öýde hiç zat ýok – diýip, hüňňürdäp, eline bir uly gazan alyp daş çykypdyr-da: – Öýde bişirere zat ýok, ýogsa bu gazany dolduryp, size bir palaw bişirip iýdirerdim – diýipdir. ■ Garga öküzi tutup bilermi? Günlerde bir gün Ependi soltan bilen awa gidipdir. Hemmeler ýany bilen aw guşuny alypdyr. Ependi bolsa ýany bilen ala gargasyny alyp gidipdir. Aw meýdanyna çykanlaryndan soň, hemmeler öz tugunlaryny goýberipdir. Ependiniň gargasy bir öküziň üstüne gonupdyr. Ependi gargasynyň tutan awy hökmünde şol bada öküziň şahyna ýüp daňyp, idip gidiberipdir. Öküziň eýesi öküzi bermejek bolupdyr, bolmandyr. Onsoň ol adam kazynyň ýanyna baryp, Ependiniň üstünden arz edipdir. Ependi ony eşidip, kazynyň ýanyna eňipdir-de, eger öküzi almaga kömek etse, oňa sowgat etmäge wada beripdir. Ondan soň öküziň eýesi bilen Ependi ikisi kazynyň ýanyna gelipdir. Kazy olara: – Ependiniň gargasy öküzi tutupdyr, ýagdaý şeýle bolansoň, ol onuň awy bolýar. Şunlukda, öküz onuňky bolmaly – diýipdir. Şeýdip kazy öküziň eýesini kowup goýberipdir. Ertesi Ependi kazynyň öýüne bir tabak getiripdir. Ol tabagyň içine erňegine barýança, öküziň maçjasyny salypdyr-da, üstüni kelemiň ýapragy bilen örtüp, onuň üstüne-de ýag guýupdyr. Ine, onuň kaza beren sowgady. Garaňky düşensoň, kazy öýüne gelipdir. Şol wagt onuň ýagly zat iýesi gelipdir. Ol aýalyna tabagy getirdipdir. Çemçe bilen bir gezek susanynda tabagyň içindäki zatlary görüp, aňyrsy bärik gelip, ýüregi bulanypdyr. Gahary gelen kazy Ependini ýanyna çagyrypdyr. Ependi onuň ýanyna baranda kazy oňa: – Haramzada, şumy maňa hödür edýän zadyň? – diýipdir. Onda Ependi: – Kazym, ol hödüri seniň özüň özüňe etdiň. Sen höküm çykaranyňda, eýýäm şol tabakdaky zatlary iýdiň. Heý, garga-da öküzi tutup bilermi? – diýip jogap beripdir. ■ At näme üçin gülýär? Günlerde bir gün soltan Ependi bilen awa gidipdir. Bir mahaldan soň dynç almak üçin oturanlarynda gülüşmek üçin, bildirmän Ependiniň atynyň ernini kesipdirler. Soňra Ependi ony aňypdyr-da, soltanyň atynyň guýrugyny kesipdir. Soňra olar atlanyp gidipdirler. Ependi soltanyň yzyndan atyny sürüpdir. Soltan Ependä garap: – Eý, Ependi, atyň näme üçin gülýär? – diýipdir welin, Ependi: – Soltanyň münen atynyň guýrugynyň kesilip, syrtynyň açylanyna gülýär – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we batyllar Günlerde bir gün Ependi derýadan geçmekçi bolupdyr. Görse, birnäçe batyl suwdan geçmekçi bolup duran eken. Olar Ependä garap: – Bizi hem suwdan geçirseň, adam başyna bir teňňe bereris – diýipdirler. Ependi muňa razy bolupdyr we: – Men siziň öňüňize düşeýin. Soňra siz biri-biriňize ýapyşyň, men öňüňizden gideýin – diýipdir. Ol batyllaryň köpüsini suwdan geçiripdir. Iň soňkusyny alyp derýanyň ortarasyna ýetende, suw batyly dolap alyp, akymyň ugry bilen alyp gidipdir. Batyllar bir zadyň bolandygyny aňyp, «Birimizi suw aldy öýdýän» diýşip, goh turuzyp başlapdyrlar. Ependi işiň erbede ýazandygyny aňyp: – Näme üçin biderek goh edýärsiňiz? Siz maňa bir teňňäni kem beräýiň, wessalam – diýipdir. ■ Ependi we aşpez Günlerde bir gün Ependi bazardan arzan towuk alyp aşpeze beripdir we: – Her çorba bişireniňde towugy bir gezek gaýnadyp, ýene asyp goý, men her gün towuk çorbasyny iýerin – diýipdir. Aradan alty aý geçipdir. Bir gün Ependi aşpeze: – Eger şol towuk bilen maňa ýene bir çorba bişirseň, seni boşadaryn – diýipdir. Onda aşpez: – Aman-aman, Ependi, men azat bolmakdan geçdim. Sen bu towugy azat etseň bolýar – diýipdir. ■ Ependi we ogry Günlerde bir gün bir ogry gije Ependiniň öýüne girip, erjellik bilen bir zatlar gözläpdir. Ependi muny duýup: – Men gündiziň güni bu öýden hiç zat tapamok, sen garaňkynyň içinde näme taparsyň? – diýip seslenipdir. ■ Ýüwrük Bir aýalyň äre çykandan soň üç aý geçmänkä çagasy bolupdyr. Goňşy aýallar ýygnanyşyp: «Bu çaga näme at daksakkak?» diýip maslahat edipdirler. Ahyrda belli bir karara gelip bilmän, Ependä ýüz tutupdyrlar. Ependi ol çaganyň adyna Ýüwrük dakmagy maslahat beripdir. Aýallar Ependä: – Heý, beýle-de bir at bolarmy? Ilde-günde eşidilen at däl, bu – diýipdirler. Onda Ependi: – Dokuz aýlyk ýoly üç aýda geçensoň, dagy oňa nähili at dakjak? – diýip jogap beripdir. ■ Un serlen urgan Günlerde bir gün bir dilegçi Ependiden urgan sorapdyr. Ependi öýe girip çykypdyr-da: – Keýwanym urganyň üstünde un seripdir – diýipdir. Onda dilegçi: – A-how! Heý-de, urganyň üstünde-de un serlermi? – diýipdir. Onda Ependi: – A-how! Seniň akylyň nirede? Eger şoňa akylyň çatýan bolsa, urganyň berilmejegine-de düşünäýseň bolmaýarmy? – diýipdir. ■ Ygyp ýören bolsa, bize-de gelerdi Günlerde bir gün adamlar Ependä: – Ependi, seniň aýalyň öýme-öý ygyp ýör-le – diýipdirler. Onda Ependi: – Allatagala şaýatdyr, eger ol ygyp ýören bolsa, biziň öýmüze-de gelerdi ahyryn – diýip jogap beripdir. ■ Men balykdan soraýaryn Ependiniň kakasy öýlerine üç sany gowrulan balyk getiripdir. Şol wagt Ependi öýde ýok eken. Ependiniň ejesi adamsyna: – Balyklary Ependi gelmänkä iýsek oňat bolar, ýogsa ol ýekeje böleginem arkaýyn iýdirmez – diýipdir. Şol mahal Ependi gapyny kakýar welin, ejesi iki sany uly balygy tagta sekiniň aşagynda gizläp, ýekeje kiçijik balygy hem görnäýjek ýerde goýupdyr. Emma Ependi gapynyň yşyndan seredip, ol bolýan zatlary gören eken. Soňra bolsa ol öýe giren. Kakasy Ependiden: – Oglum, sen Ýunus pygamber hakda hekaýaty eşidipmidiň? – diýip sorapdyr. – Men balykdan soraýaryn – diýip, Ependi jogap beripdir-de, gulagyny balygyň agzyna eltip: – Bu balyk «Ýunus döwründe men kiçijikdim, goý, ol wakany agaç sekiniň aşagyndaky uly balyklar aýtsyn» diýýär – diýip jogap beripdir. ■ Hakyky erkek kişä meňzemekçi Bir gün Ependiniň aýaly oňa igenip: – Sen mydama öýde oturyp, ownuk-uşak zatlara garyşyp ýörsüň. Meniň boýdaşlarymyň ärleri bolsa, är gören ýaly, hakyky erkek kişileriň hemmesi öz işleri bilen bolşup ýörler – diýip, ony öýden kowup goýberipdir. Ependi sesini çykarman, çäkmenini egnine atypdyr-da, tanyşlarynyňka gidipdir. Aradan gün geçýär, hepde geçýär. Ependi dost-ýarlarynyňkyda myhman bolup geziberipdir. Ahyry bir gün ol bir dostuna ýüzlenip: – Sen biziň öýümize baryp, meniň hökmürowan keýwanymdan sorap gör, men dolanyp öýe baryp bilýänmi ýa-da entegem hakyky erkek kişä meňzemeýärmikäm? – diýip, ondan haýyş edipdir. ■ Köçeden gözläýmesem... Günlerde bir gün Ependi öýde ýüzügini ýitiripdir. Ony ýitiren ýerinden tapyp bilmän, daşaryk çykyp, köçeden gözleýärmiş. Goňşusy onuň näme gözleýändigini sorapdyr. Ol Ependiniň ýüzügini öýde ýitirendigini bilenden soň: – Ependi, ýüzügiňi öýden gözleseň bolmaýarmy? – diýipdir. Onda Ependi: – Öý garaňky, ýagtydan gözläýmesem, gözlerim kütelipdir – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we üç alym Ependiniň ýaşan döwründe bir patyşa bar eken. Adyna soltan Aleddin diýer ekenler. Günlerde bir gün onuň ýurduna özge welaýatdan üç sany adam gelipdir. Soltan Aleddin olary öz dinine boýun egdirmekçi bolupdyr. Olar: – Herne iş bolsa, biz boýun bolarys. Ýöne biziň üç sany sowalymyz bar. Eger jogap berip bilseňiz, yslamy kabul ederis – diýipdirler. Soltan Aleddin bularyň sözi bilen razylaşyp, köşk akyldarlaryny ýygnap, myhmanlaryň sowallaryny beýan edipdir. Olar sowallaryň hiç birine jogap berip bilmändirler. Soltan Aleddin: – Bu nähili müşgil iş. Meniň ygtyýarymdaky ulamalardan bir adam hem sowallara jogap berip bilmese, nähili bolar! – diýip gaharlanypdyr. Ulamalaryň içinde bir adam ýerinden turup, tagzym bilen: – Tagsyr, bularyň sowalyna Ependiden özge hiç kim jogap berip bilmez. Çünki ol adam keramatlydyr – diýdi. Patyşa bu sözi eşiden dessine bir ýasawulyna Ependini getirmegi emr etdi. Ýasawul derrew baryp, Ependä habar berdi. Ependi şanyň çakylygyny eşiden badyna ýola rowana boldy. Ependi patyşanyň dergähine gelip salam berip, içeri girdi. Patyşanyň haky üçin doga okap: – Eý, patyşahy älem! Meni çagyrmakdan maksadyňyz nedir? – diýdi. Patyşa üç adamyň sowalynyň bardygyny, ol sowallara jogap bermekden akyldarlaryň ejiz gelendigini aýdypdyr we ony ol adamlar bilen duşuşdyrypdyr. Onda Ependi olara: – Ýagşy, aýdyberiň, sowallaryňyz nämedir? – diýipdir. Olaryň biri: – Meniň sowalym şeýle, ýeriň ortasy nirede? – diýipdir. Ependi derhal ýerinden turup: – Şu eşegimiň öň aýagynyň duran ýerinde – diýip jogap beripdir. Onda ol adam: – Muny nädip subut edersiň? – diýip sorapdyr. Ependi oňa: – Eger ynanmasaň, ýer-ýüzüniň etraplaryny ölçäp gör. Eger bir tarapy artyk ýa-da kem çyksa, meniň ýanyma geläý! – diýip, gaýtargy beripdir. Ol adam geň galyp, gaýra çekilipdir. Ondan soň ikinji adam: – Ependi, asmandaky ýyldyzlaryň sany näçedir? – diýip sorapdyr. Ependi oňa: – Eşegimiň bedenindäki tüýleri näçe bolsa, ýyldyzlaryň sany hem şonçadyr – diýipdir. Ol adam: – Sen ony niçik delillendirersiň? – diýipdir. Ependi: – Ynanmasaň, ýeke-ýeke sanap gör. Eger kem ýa-da zyýat bolsa, men sözlemerin – diýipdir. Ol adam: – Eý, akylsyz adam! Heý-de, eşegiň tüýüni sanap bolarmy? – diýipdir. Onda Ependi: – Eýsem asmandaky ýyldyzlary sanamak şondan aňsatdyr öýtdüňmi? – diýip jogap beripdir. Nobat üçünji adama ýetipdir. Ol: – Ependi, eger meniňem soragyma jogap berip bilseň, hemmämiz musulman bolarys – diýipdir. Ependi: – Sowalyň nähili, beýan et! – diýipdir. Ol adam: – Meniň sakgalymyň gyly näçedir? – diýipdir. Ependi säginmän: – Meniň eşegimiň guýrugyndaky gyl näçe bolsa, şonçadyr – diýip jogap berende, ol adam: – Sen ony neneňsi delillendirjek? – diýipdir. Onda Ependi: – Muny delillendirmek aňsat. Seniň sakgalyň gyllaryny hem eşegiň guýrugyndaky tüýleri hem ýeke-ýekeden ýolup çykarys welin, şonda olaryň sany deň bolmasa, seniňki hak bolar – diýipdir. Ol adam Ependiden bu sözleri eşidip pikire çümüp, bu işleriň Alla tarapyndygyna göz ýetiripdir. Olar Ependiniň akylyna we paýhasyna geň galypdyrlar we: – Biz yslamy kabul edýäris – diýip, keleme öwrüp, nur imanly bolupdyrlar. Üçüsi-de Ependiniň hakyna doga okapdyrlar. ■ Ependi Hudaýdan razy Ependi puluny bir ýerde gizläpdir. Günlerde bir gün ol pul gerek bolup, gizlän ýerinden gözlese, puly ýerinde ýok eken. Ependi gamgyn bolup: «Eý, Alla, kim meniň pulumy ogurlan bolsa, özüme gaýdyp bersin» diýip, metjide baryp, gijesi bilen aglap oturypdyr. Edil şol halatda hem gämisi gaýa uçran täjiriň biri derýa gark bolmakdan sag-aman sypsa, Ependä müň teňňe sadaka berjekdigini wada edipdir. Şol wagt güýçli şemal öwsüp täjiri suwuň kenaryna çykarypdyr. Täjir howpdan sag-aman sypyp, Ependä wada eden müň teňňesini getirip beripdir. Öz gämisiniň deňizde nähili howpa duçar bolandygyny Ependä gürrüň beripdir. Ependi puly alyp, nämäniň-nämedigine düşünip: – Eý, gudraty güýçli Hudaý! Bir gije metjide gelip aglanyma, ynsap edip, ogurlanan pulumy gaýdyp berdiň! – diýip, metjitden çykyp gidipdir. ■ Enar hem gutardy, jogap hem Bir syýahatçy molla syýahat edip ýörkä, ýolda-yzda gabat gelen adamlardan dünýäde bolup geçýän geň-enaýy zatlar hakynda sorar eken. Adamlaryň hiç biri-de onuň soragyna jogap berip bilmändir. Onsoň bir adam: – Seniň bu soraglaryňa Rum şäherinde ýaşaýan Ependi atly bir dana kişi jogap berer – diýipdir. Ol molla bu sözleri eşidip, bäş-on sany enary Ependi üçin alypdyr we ýola düşüp, Ruma ýetipdir. Ýolda ekinzarlykda işläp ýören bir adama sataşypdyr. Aýagy çarykly ol kişi, arkasyndaky suwly çelegi bilen ekinini suwaryp ýören eken. Molla: «Bu adamyň danalygy eşiginden bildirip dur. Men mundan bir-iki zat sorap geçeýin» – diýip, oňa ýakyn baryp salam beripdir. Ol onuň salamyna jogap berip: «Ýol bolsun!» diýipdir. Onda molla: – Bir sowalym bar. Ony sizden sorasym gelýär! – diýipdir. Ependi: – Bir zat bermeseň, soragyňa ýöne jogap bermerin. Muňa hatda ataň atasy-da jogap berip bilmez – diýende, molla: – Şu enar keramatlydyr – diýip, goltugyndaky enary uzadyp, bir sorag beripdir. Ependi onuň soragyna jogap beripdir. Molla oňa ýene-de bir enar uzadyp, ikinji sowaly beripdir. Ependi oňa-da jogap beripdir. Molla enarynyň ählisini berip, soragyna jogap alypdyr. Mollanyň enarynyň tükenenini Ependi aňlapdyr. Molla: – Ýene-de birje soragym bar – diýipdir welin, Ependi oňa: – Sen indi bu ýerden git, çünki enar hem tükendi, jogap hem – diýipdir. Molla onuň Ependidigini aňmandyr. Oňa: «Berekella» aýdyp: – Bä-ä, Rum şäheriniň bir daýhany şeýle alymlyk derejesine ýeten bolsa, onda Ependisi nähilikä? – diýip, haýran galmak bilen ýola rowana bolupdyr. ■ Seni özümsiň öýtdüm Günleriň birinde Ependiniň ýanyna bir adam gelipdir. Olar köp wagtlap lakgyldaşyp oturypdyrlar. Gelen myhman turup ugramakçy bolanda, Ependi oňa: – Aýyplaşmaň, myhman, men sizi tanamadym-la?! – diýip ýüzlenipdir. Onda ol adam: – Tanamaýan bolsaň, neneň edip ýat adam bilen beýle içgin gürrüň edip bilýäň? – diýipdir. Ependi oňa: – Selläňe seretsem, meniň selläm ýaly, geýimleriňe seretsem olar hem edil özümiňki ýaly. Asyl seni özümsiň öýdüp, içginsiräp oturypdyryn – diýip jogap beripdir. ■ Hiç zat görmedim Günlerde bir gün Ependi şäherden çykyp gidip barşyna ýoly bir mazarystanlygyň üstünden düşüpdir. Gonamçylyga aýlanyp ýörkä, bir mazaryň üstüne ýykylypdyr, mazaryň üsti açyk eken. Ol palçyga bulaşan eşiklerini çykaryp, arassalamaga durupdyr we: – Gel, men ölen bolup, göre girip ýataýyn. Meniň ýanyma Müňkür-Nekir gürzüsi bilen gelermikä ýa gelmezmikä? – diýip, gabra girip, öli halda ýatyberipdir. Ependi birden adam sesini, haýbatly owazlary eşidip: «Kyýamat güni geldi öýdýän. Birden gelip kyýamatyň gürzüsini ursalar niçik bolar?» diýip, syçrap gabrystandan daşary çykyp, gaçmakçy bolupdyr. Oňa eşidilen ses kerweniň jaňynyň, at aýagynyň sesi eken. Şol halatda Ependiniň ýanyna ýetip gelen atlylar elem-tas bolup barýan adamy görüp, kürtdürip durupdyrlar. Atlylar ellerine taýak alyp, Ependini kowalap başlapdyrlar. Olar: – Kim sen? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Men ölüdirin – diýip jogap beripdir. – Öli bolsaň, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýenlerinde, Ependi: – Aý, biraz bu dünýä tomaşa edip ýörün – diýipdir. Olar: – Tomaşany indi görersiň – diýip, Ependiniň çem gelen ýerine urupdyrlar. Ependi ömründe görmedik «tomaşasyny» görüp, gaçyp kerwenleriň golundan zordan sypypdyr. «Gaýdyp mazarystanlygyň golaýyndan ýöremerin» diýip, toba edip, aýagyny süýräp öýüne gelipdir. Aýaly: – Sen nirelerde bolduň? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Men gabra, ölüleriň arasyna girip, o dünýäniň wakalaryny görmekçi boldum – diýende aýaly: – Ýeri, o dünýäde näme we niçik wakalary gördüň? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Sen sorama. O dünýäde kerwenleri, atdyr eşekleri ürküzip, gutulmakdan başga hiç zat görmedim – diýip jogap beripdir. ■ Günde baýram bolsady Gurakçylyk ýyllaryň birinde Ependi saý-sebäp bilen bir oba düşüpdir. Görse, bu ýeriniň ilaty biş-düş bilen gaýda-gaýmalaşyk eken. Olar Ependiniň öňünde hem oňat tagamly naharlary goýupdyrlar. Ependi: – Bäh, bu ýeriniň bolçulykdygyny! Biziň şäherimiziň ilaty bolsa açlykdan gyrylyp ýatyr – diýip geň galypdyr. Adamlaryň biri: – A-how, Ependi, biziň hem bol-telki günümiz ýok. Baýramçylygyň nämedigini sen näme bilmeýärmiň? Bu gün baýram ahyryn. Her kim tapdygyndan biş-düş edýär. Şonuň üçindir, zadyň bol görünýändigi – diýipdir. Ependi biraz pikirlenip: – Wah, günde baýram bolsa bolmaýarmy? – diýipdir. ■ Kazy bolan eşek Bir gün Ependi eşegini ýitiripdir. Ol ony gözläp ýörkä, tötänden bir adama sataşyp: – Heý, bir del eşek görmediňmi? – diýip sorapdyr. Onda ol adam: – Seniň eşegiň pylan şäherde kazy bolup otyr – diýipdir. Ependi: – Dogry aýdýarsyň. Meniň özümem «Ol kazy bolar» diýip, güman edýärdim. Asyl kazyçylykdan sapak berenimde, onuň gulagyny keýertmesi bardy-la! – diýipdir. ■ Bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň! Günlerde bir gün Ependi metjide baryp, münbere çykyp: – A-how, musulmanlar! Meniň näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip, adamlara ýüzlenipdir. Adamlar: – Ýok bilemzok – diýipdirler. Onda Ependi: – Aý, onda bilmeýänlere wagyz etmegiň geregi-de ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir. Soňra bir gün ýene metjide baryp, münbere çykyp: – Eý, doganlar! Meniň size näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip sorapdyr. Adamlar: – Hawa, Ependi, bilýäris – diýip jogap beripdirler. Onda Ependi: – Aý, bilýän bolsaňyz, onda meniň wagyz etmegimiň hajaty ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir. Adamlar onuň bolşuna geň galyp: – Eger Ependi ýene gelip soraýsa, «Käbirimiz bilýäris, käbirimizem bilemzok» diýip jogap bereliň – diýen maslahata gelipdirler. Ependi ýene-de bir gün münbere çykyp: – Eý, möminler! Meniň size näme wagyz-nesihat etjegimi bilýäňizmi? – diýip ýüzlenipdir. Onda adamlar! – Hawa, Ependi, käbirimiz bilýäris, käbirimiz bilmeýäris – diýip, jogap berenlerinde Ependi: – Be-ýe, neneňsi ýagşy adamlar ekeniňiz. Onda bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň – diýip, münberden düşüp gaýdypdyr. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |