23:05 Ependili degişmeler -3 | |
Surat: "Nasreddin Hojantda" kinofilminden / "Täjikfilm", 1959 ý. ■ Dokuzam bolsa beräý! Bir gün Ependi düýş görüpdir. Düýşünde bir eşegi bar eken. Bir adam gelip: – Ependi, eşegiňi satarmyň? – diýipdir. Onda Ependi: – Puluny köp berseň sataryn – diýen. Onda ol adam: – Näçä satarsyň? – diýen. Ependi: – On teňňä – diýip jogap beren. Ol adam: – Ýedi, sekiz, dokuz teňňe bereýin – diýipdir. Ependi «Ýok» diýen pursaty ukudan oýanypdyr. Ependi munuň düýş ekendigini bilipdir. Ne eşek bar, ne-de pul. Soňra derrew gözüni ýumupdyr-da: «Aý, bolýar-da, dokuz teňňe hem bolsa beräý, men razy» diýip, goluny uzadypdyr. ■ Men ýalňyşypdyryn Bir gün Ependi mazarystanlykdan çykyp barýar eken. Birden onuň gözi ýetip gelýän atlylara düşüpdir. Ependi olary ogrudyr öýdüp: «Meni ogurlap gidäýmesinler» diýip, bir gabra girip gizlenipdir. Atlylar ony görüpdir-de: – Bu niçiksi adam eken. Bilmegimiz zerur – diýip ondan: – Sen kim bolarsyň? – diýip sorapdyrlar. Ependi gabryň içinden: – Meniň kim ekenligimi näme üçin soraýarsyňyz? Men gabyrdaky merhumlaryň biridirin – diýipdir. Olar onuň Ependidigini bilip: – Eger siz öli bolsaňyz, bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýenlerinde, Ependi: – Men seýil edip ýörün – diýipdir. Olar: – Öli adama sözlemek we ýöremek bolmaýar ahyryn, sen bolsa ýöräbem, sözläbem bilýärsiň – diýipdirler. Onda Ependi: – Berekella, dogry aýdýarsyňyz, men ýalňyşypdyryn – diýip, gabyrdan çykyp, öz ýoluna gidipdir. ■ Özümem haýran Bir gün Ependi bir adamyň bagyna girip, üzümlerden ýolup, sebedine salyp duran eken. Birden bagyň bagbany peýda bolup, onuň hereketlerini görüpdir. Bagban Ependä: – Seniň bu etdigiň näme? Menden birugsat bagyma giripsiň! – diýipdir. Ependi: – Men öz ygtyýaryma girmedim. Gije bir güýçli şemal turdy-da, meni uçuryp bu ýere getirdi – diýip jogap beripdir. – Onuň ýaly bolsa onda üzümleri kim ýoldy? – diýip, bagban sorapdyr. Ependi: – Şemalyň güýçlüliginden gorkup, üzümiň ýapraklaryndan aslyşanymda elime geläýdi – diýipdir. Bagban oňa ynanmandyr. Şeýle-de bolsa: – Onda üzümleri sebede kim saldy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Eý, halypa, şuň-a menem haýran, senem – diýip jogap beripdir. ■ Halta hasabyna seredeniňde... Ependi Oraza aýy bolanda özüçe pikirlenip: – Maňa adamlaryň hasabyna görä agyz beklemek nämä gerek?! Bir halta alyp, onuň içine her gün ownuk daş ataýyn. Haçan-da ol daşlar otuza ýetende öz hasabym bilen Oraza baýramyny bellärin – diýipdir. Şeýdip ol her gün agzyny açanda, ol halta bir daş oklar eken. Oraza aýynyň 21-i bolanda Ependiniň gyzy haltadaky daşlary görüp: – Atam näme üçin daş saldyka? – diýip, ol hem bir mukdar maýda daşlary getirip, halta salýar. Şol gün bir kişi Ependiden: – Orazanyň näçe güni galdy? – diýip sorapdyr. Ependi: – Biraz garaş, men öýüme gidip, hasap haltamy görüp, jogabyňy bererin – diýip, öýüne baryp haltadaky daşlary döküp, sanap görýär. Görse daşlar 165-ýe ýetipdir. Ependi adamlardan Oraza baýramyna sekiz gün galandygyny eşiden ekeni. Ol 165-iň üstüne sekizi hem goşýar. Şeýdip, bu san 173-ýe ýetýär. Ol: «Eý, Alla, bu ýylky orazany 173 gün edip ýaradypsyň» diýip, haýran galýar we: – Eger soragça 165 gün diýsem ol hökman meni masgaralap, üstümden güler. Indi gel 100-ini taşlap, 65 gün diýeýin – diýip, daşary çykýar hem-de ol adama: – Eý, gardaş, mübärek Remezan aýy 65 gün bolupdyr – diýýär. Ol adam kah-kah gülüp: – Bir aý doly 30 gün bolýar. Siz nähili 65 gün diýýärsiňiz? – diýipdir. Onda Ependi: – Eý, akmak, şindem men ynsap edip ýüzüni aýyrdym. Eger halta hasabyma seretsem, bu ýyl Oraza aýy 173 gün eken. Oraza baýramyna sekiz gün galdy. Seniň ýaly nadan kişiler bilen mundan artyk sözleşsem, aklyma zeper ýeter – diýip, öýüne girip gidipdir. ■ Köne aýy näme edýärler? Bir kişi Ependiden: – Eý, Ependi, täze Aý dogansoň, köne Aýy näme edýärler? – diýip sorapdyr. Ependi: – Ýüzüňe seretsem, adama meňzeýäň, emma öküziňkiçe-de akylyň ýok eken. Bileňokmy näme, täze Aý doganda, köne Aýy döwüp, ýyldyz edýärler – diýip jogap beripdir. ■ Zeleli bolmasa, peýda ýokdur Ependiniň aýaly bir gün: – Eý, janym Ependim, siz hem söwdagärler ýaly biraz zat alyp satmagy adat etseňiz niçik bolar?!. Käbir mejlislerde men biçäre hem ýagşy lybaslar geýnip, söwdägärleriň aýallaryna serdar bolardym – diýipdir. Ependi: – Nirede bolsa tap-da, pully horjunymy ber, bazara baryp sen serdar bolar ýaly iş edeýin – diýipdir. Aýaly hoşal bolup, puly çykaryp beripdir. Ependi puluny sanap görse, on teňňe bar eken. Ol bazara barypdyr, görse, bir kişi ýumurtga alyp barýar eken. Ependi: «Söwdamyň başy tohumdan bolsun» diýip, bir teňňä on sany ýumurtga satyn aldy. Başga bir gün bazara baryp, olary bir teňňä satyp öýüne dolanyp geldi. Aýaly: – Ependim, nähili söwdagärlik etdiňiz? – diýip sorady. Ependi: – Aza kanagat edip, bir teňňä on däneden tohum alyp, on bir däneden satdym – diýipdir. Aýaly bu sözi eşidip: – Heýhat, men bir garamaňlaý aýal ekenim, «Sen peýda gazanyp gelersiň, menem mejlisde serdar bolaryn» diýip, güman etsem, sen zyýana galyp gelipsiň – diýip zeýrenipdir. Ependi: – Eý, biakyl, bal gerek bolsa arynyň iňňesine razy bolmaly, mähnet bolmasa, rahatlyk bolmaz, zeleli bolmasa, peýda ýokdur. Hawa, sen renç çekdiň. Bar, seni ýüz aýala serdar kyldym – diýipdir. ■ Ependiniň wesýeti Bir gün Ependi garyndaşlaryny öýüne çagyryp, olara: – Meniň sizi çagyrmagymyň sebäbi, size aýtjak wesýetim bar – diýipdir. Olar: – Hawa, Ependi, beýan ediň, nähili wesýetdir? – diýipdirler. Ependi: – Eý, akmaklar! Baryň, hemmäňiz öýňüze gidiň, nähilidigini sorap näme etjek? – diýipdir. Ýene bir gün olaryň hemmesini ýygnap: – Meniň size wesýetim bar, eşidiň! – diýipdir. Olar: – Hawa, eşideris – diýipdirler. Ependi: – Eý, nadanlar! Aýdylmadyk sözi nähili eşidersiňiz, ýok boluň, öýli-öýňüze baryň – diýipdir. Soňra olar: «Eger bizi ýene çagyrsa, hemmämiz hiç zat diýmän, sessiz duralyň» diýip, maslahat edipdirler. Ependi bir gün olary ýene çagyryp: – Köňlümde size beýan etjek bir wesýetim bar – diýipdir. Olar hiç zat diýmändirler. Ependi bir salym pikire batyp: – Eý, jiger-janlarym, aýtsam, «wesýet» diýen sözüň özi ýöne bir güman eken. Ajal gelip, kişiniň ýakasyndan tutandan soň, ol ýokdur. Indi siz işleriňize baryň, wesýetimi ölenimden soň aýdaryn – diýipdir. ■ Eşegimiň keýpi ýok Bir kişi gelip Ependiden eşegini sorapdyr. Ependi: – Biraz dur. Eşegim bilen maslahat edeýin – diýip, öýüne giripdir. Soňra çykyp, ol adama: – Eşegimiň keýpi ýok. Eşegim maňa: «Meni oňa berseň, üstüme agyr ýük urup, gulagyma urar we seniň aýalyňa söger» diýip jogap berdi – diýipdir. ■ Ependi, size näme boldy? Günlerde bir gün Ependi dagdan ep-esli odun ýygyp eşegine ýükläpdir. Ýüküniň agyrlygy sebäpli eşek ýöremändir. Şol wagt bir kişi iki sany gaty duz berip: – Ependim, şu zatdan biraz eşegiňiziň syrtyna dykyp goýuň, soňra nähili ýöreýänini görersiňiz – diýipdir. Ependi şonuň ýaly hem edipdir. Eşek şeýle bir jyrtlap ýöräpdir welin, Ependi eşegiň yzyndan ýöremäge ejiz gelipdir. Alaçsyz şol gaty duzlaryň bir mukdaryny özüniň syrtyna hem dykypdyr. Birazdan soň onuň agyrysyna takat etmän, Ependi hem ylgamaga başlapdyr. Kä Ependi eşekden ozup, kä eşek Ependiden ozup, şeýle ýagdaýda öýüne ýetip, çydap bilmän, ikibaka ylgap ýören eken. Aýaly haýran galyp: – Eý, Ependim, size näme boldy? Munuň ýaly ylgap ýörsüňiz? – diýip sorapdyr. Ependi: – Meniň bilen bile ylgamaga höwes etseň, sen hem syrtyňa biraz gaty duz dykyp goý – diýipdir. ■ Bilip iýýärsiňiz Ependi aýalyndan: – Ölen kişiniň ölenligini nähili nyşan bilen bilip bolýar? – diýip sorapdyr. Aýaly: – Hemme agzalaryndaky yssylyk düýpli ýok bolup, el-aýaklary, ähli bedeni sowuk bolýar – diýipdir. Tötänlikden gyş paslynda Ependi odun getirmäge gidipdir. Sowuk täsir edipdir. Ependi: – Hawa, men indi öldüm – diýip, eşeginden düşüp, bir gapdalda el-aýaklaryny uzadyp ýatypdyr. Şol wagtda aç börüler gelip, eşegini ara alyp iýmäge başlapdyrlar. Ependi başyny galdyryp: – Örän hilegär börüler ekeniňiz, eýesi ölen eşegi bilip iýýärsiňiz – diýipdir. ■ Sygyr nähili çykdyka? Ependiniň aýaly öýünde ýok eken. Ependiniň ýüregi gysyp köçä çykmagy ýüregine düwüpdir. Biraz puly bar eken. «Ogry almasyn, bir ýeri gazyp, ony gömeýin» diýip, öýüň bir gyrasynda gömüpdir. Soň öýüň işigine baryp, yzyna seredip: «Özüm ogry bolsam, ony tapyp alardym, görüp durun» diýip, puly ol ýerden çykaryp, başga bir ýere gömüpdir. Onuň köňli ynjalyk tapman: «Özüm ogry bolsam, tapyp alardym. Indi bir alaç tapaýyn, ogry hem oýan-buýana seredip dursun, özüm hem alyp bilmäýin» diýip, pully gapjygyny bir uzyn agajyň ujuna mäkäm daňyp, howlusynyň ortasyndaky agajyň başynda gizläpdir. Soňra pully gapjygyna seredip: «Indi ýeriňi tapdyň, ogry guş däldir, uçup gidip seni alar ýaly» diýip, çykyp gidipdir. Bu wakadan Ependiniň goňşusy habardar bolup, derrew gelip agajyň başyndan puly alyp, onuň ýerine sygyr tezegini ýapyşdyryp goýupdyr. Biraz wagtdan soň Ependi gelip görse, pul ýok, ýerine sygyr tezegi bar eken. Haýran bolup: «Bu agajyň başyna adam çykmaz» diýip, güman etsem, sygyr nähili çykdyka? Megerem, sygyrlaryň ogrusynyň ganaty bardyr. Ol agajyň üstüne çykyp alypdyr. Hawa, indi iýsin-içsin, doýmasyn – diýip zeýrenipdir. ■ Gabyr köne bolsa... Ependi ogluna: – Eý, nury didäm! Men ölemde, köne matadan kepen edip, köne gör tapyp, şol ýerde jaýlaň – diýipdir. Ogly: – Kaka, beýle diýmegiňiziň sebäbi näme? Ependi: – Eý, oglum, akylyň ýetenokmy? Gabyr köne bolsa, Müňkür - Nekir gelip, «Bu owal sorag soralan öli eken» diýip, maňa azar bermezligi ahmal – diýipdir. ■ Sesiňi çykarma! Ependiniň öýüne bir gije ogry giripdir. Aýaly aňyp: – Eý, Ependi! Tur, öýe ogry giripdir – diýipdir. Ependi: – Eý, nadan! Sesiňi çykarma, eşidip gaçaýmasyn. Ýuwaşlyk bilen baryp, elinde bir zady bolsa ogurlap alaýyn – diýipdir. ■ Hudaýa şükür, maksadyma ýetdim Ependi derýada suwa düşüp duran eken. Görse, uzakda balyk tutýanlar derýa tor taşlaýan ekenler. Ependi derhal suwuň düýbünden ýüzüp baryp, olaryň toruna giripdir. Balykçylar toruň hereketine «Balyk düşdi» diýip, güman edip, çekip alypdyrlar. Görseler, Ependi eken. Hemmeler kah-kah urup gülüp: – Eý, Ependi! Suwuň düýbünde näme edip ýörsüňiz? Biziň awumyzy puja çykardyňyz – diýipdirler. Ependi: – Her näme bolsa bolsun, köp wagtdan bäri balyk bolmagy arzuw edip ýördüm. Hudaýa şükür, maksadyma-ha ýetdim – diýipdir. ■ Ekin suwarmany öwren! Ependi bir gün ekin suwaryp ýörkä, bir gurbaga tutupdyr. Onuň bir aýagyny ýüp bilen baglap, ýüpüň beýleki ujuny öz biline mäkäm berkidipdir. Ependi nirä barsa, gurbaga-da şol tarapa bökjekläp, warkyldap, gygyrmaga başlapdyr. Ependi gurbaga seredip: – Eý, nadan! Beýdip suwda warkyldap ýörenden-ä, menden ekin suwarmany öwren! – diýipdir. ■ Atyň özi tersine durandyr Ependi bir gün söwdagärler bilen ýoldaş bolup, sapara çykypdyr. Gün gijigende bir menzile ýetip düşläpdirler. Bir gije ýatyp, ertesi ýola çykanlarynda, Ependi köp atyň içinde öz atynyň haýsydygyny bilmändir. Emma birinden soramagy namys bilip, derhal eline ok-ýaýyny alyp, ýoldaşlaryna belent ses bilen: – Eý, byradarlar! Şu atlaryň içinde eýesi ýok atlar hem bar-a meňzeýär. Olary ok bilen atjak. Bize etleri ganymat at gerek – diýipdir. Bu sözi eşiden söwdagärleriň hemmesi aljyraňňy ýagdaýda her haýsy öz atlaryny tutupdyrlar. Ependiniň atynyň ýeke özi galypdyr. Şeýdip Ependi atyny tanapdyr. «Ýene ýalňyşaýmaýyn» diýip aljyrap, gelip ata tersine münüpdir. Ýoldaşlary gülüşip: – Eý, Ependi! Näme üçin atyňyza tersine mündüňiz? – diýipdirler. Ependi: – Men tersine münemok, belki, atyň özi tersine durandyr – diýipdir. ■ Çorbanyň çorbasy Günlerde bir gün sähra adamlaryndan bir kişi Ependä goýun getirip beripdir. Ependi begenip, ony bir gije öýünde myhman alyp, minnetdarlyk bilen ugradypdyr. Bir hepdeden soň ol adam gelip, Ependiniň işigini kakypdyr. Ependi çykyp: – Kim sen? – diýip sorapdyr. Ol kişi: – Goýun getiren dostuňyz men – diýipdir. Ependi ol gije ony ýene-de myhman alyp, çorba bilen hezzetläp goýberipdir. Şondan bir hepde geçenden soň, dört-bäş adam gelip myhman almagyny sorapdyrlar. Ependi: – Siz kim bolarsyňyz? – diýipdir. Olar: – Goýun getiren dostuňyzyň goňşularydyrys – diýipdirler. Ependi olary hem bir gije çorba bilen myhman alypdyr. Ýene bir hepdeden soň on-on bäş adam gelip, Ependiniň howlusyna girip, myhman bolmak isläpdirler. Ependi olardan kimdiklerini sorapdyr. Olar: – Goýun getiren dostuňyzyň goňşusynyň goňşularydyrys – diýipdirler. Ependi haýran bolup: – Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz – diýip, olary myhmanhanada oturdyp, bir uly ta¬sa suw guýup, öňlerinde goýupdyr. Olar: – Ependi! Bu nähili tagam? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Şol dostumyzyň getiren goýnunyň çorbasynyň çorbasydyr – diýip jogap beripdir. ■ Bir aýagym täretsiz Ependi bir gün täret alanynda bir aýagyna suw ýetmändir. Namaza duranda bir aýagyny galdyryp, namaz okapdyr. Ependiniň bolşuny gören adamlar: – Eý, Ependi! Bir aýak bilen okalan namaz nähili namazdyr? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Bir aýagynyň täreti ýok kişiniň namazydyr – diýipdir. ■ Öň tarapymy nähili bilerin? Bir gije Ependiniň öýüne myhman gelipdir. Şem ýakyp ýatan ekenler. Şem gutaryp, içeri garaňky bolupdyr. Myhman: – Ependim, öň tarapyňyzda şem bardyr – diýipdir. Ependi: – Eý, dostum, diwana bolduňmy? Garaňky gijede men öň tarapymy nähili bilerin? – diýipdir. ■ Ulalsa aždarha bolar Bir kişi Ependiden: – Ependim, ýylyňyz näme? Ýaşyňyz näçä bardy? – diýip sorapdyr. Ependi: – Ýylym aždarhadyr. Ýaşym ellä bardy – diýipdir. Ol kişi: – Eý, Ependim, ýyllaryň içinde ýylan bardyr. Emma aždarha diýmegiňiz hatadyr – diýipdir. Ependi: – Eý, dostum! Sen rast aýdýarsyň. Ýöne men hem biderek sözlemeýärin. Çünki enemden doglan wagtymda ýylym ýylan eken. Elli ýyldan soň her nähili ýylan bolsa hem ulalyp aždarha bolmazmy? – diýipdir. ■ Eger et bolsady… Ependi bir gün bazardan gelýär eken. Ýolda oňa birnäçe molla sataşypdyr. Ependi «Çorba bişirip berjek» diýip olary öýüne çagyrypdyr. Olar hem kabul edip: «Ependi bilen baralyň» diýip, onuň yzyna düşüpdirler. Ependi öýüne ýakyn gelende: – Siz biraz şu ýerde garaşyň. Men öýümden habar alaýyn – diýip, içeri girip aýalyna: – Eý, keýwany, basymrak gazan ataryp çorba bişir. Mollalary getirdim – diýipdir. Aýaly: – Sen nähili akmak ekeniň. Sakgalyň agarsa-da, asla akyl girmändir. Sen näme üçin myhman getirdiň? Bizde et barmy, çörek barmy? – diýipdir. Ependi haýran galyp: «Bolýar, beýle bolsa» diýip, gazanyň gulagyndan tutup, mollalaryň öňünden çykypdyr-da: – Ýaşym pylança baryp, sakgalym agarypdyr, akylym hem bar, ýöne welin, öýümde etim ýok eken. Eger et bolsady, şu gazany dolduryp, çorba ederdik, siz hem iýip-içerdiňiz, biz hem iýerdik. Haý-haý, çorba şirin eken, yssy eken, derläp gitdim. Hawa, mollalar indi size rugsat – diýip, gazanyny göterip, öýüne giripdir. ■ Belki, güýç toplaryn Ependi öýüne girip, bir zada ýaplanyp ýatypdyr. Birden oglunyň gözi oňa düşüp: – Eý, ata! Bu ýerde näme edýärsiň? – diýip sorapdyr. Ependi: – Eý, nury didäm! Sorama, ýaşym bir çene ýetip, bedenimden kuwwat gitse hem, heniz eneň hyzmatyndan gutulmanym üçin, naçar terkidünýäligi ygtyýar kyldym. Belki, şeýtsem, güýç toplaryn – diýipdir. ■ Ependi we derwüş Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi: – Kim bolarsyň, näme gerek? – diýip, ondan sorapdyr. Bir zaryn ses: – Öý eýesi, aşak düşüň! – diýip seslenipdir. Ependi aşak düşüp, gapynyň agzyna baranda, gapyda duran derwüş: — Bir zatjagaz sadaka beriň! – diýipdir. Oňa Ependiniň gahary gelipdir, ýöne syr bildirmän: – Özüň ýokaryk çyk! – diýipdir. Biçäre derwüş ýokaryk çykyp, Ependiniň oturan jaýyna baranda: – Saňa Alla rehmet etsin, mende saňa bererlik zat ýok – diýipdir. Derwüş bu bolşa haýran galyp: – Bu näme etdigiň? Eger boş gaýtarjak bolsaň, aşakdakam jogabyny berip goýberseň bolmaýarmydy? – diýipdir. Ependi hem oňa: – Sen näme dilejek sadakaňy meni aşak düşürmän, diläp bilmediňmi? – diýipdir. ■ Çaganyň özi çykar Ependiniň aýaly çaga dogranda köp ejir çekýän eken. Aýallar Ependä: – Ependi, heý, bir doga bilmeýäňizmi? Okasaňyz, belki, doganyň täsiri bilen Allatagala aňsatlyk berer – diýipdirler. Ependi: – Nadanlar, bu işe doganyň ne hajaty bar. Alajyny özüm taparyn – diýip, baryp bir ýerden bäş sany guşuň çagalaryny tutup getirip, aýalynyň ýanynda goýup: – Biraz sabyr ediň. Şu guşlary oýnamak üçin ünsi bozulsa, çaganyň özi çykar – diýipdir. ■ Şonuň üçin aglaýaryn Ependini gaharlandyrmak üçin aýaly onuň gyzgyn çorba getirip goýupdyr. Ýöne aýaly ony unudyp, çorbadan owurtlapdyr. Agzy bişip, gözünden ýaş akypdyr. Ependi muny görüp: – Saňa näme boldy, näme beýle aglaýarsyň? – diýipdir. Aýaly: – Enem pahyr çorbany gowy görerdi. Enem ýadyma düşüp aglaýaryn – diýipdir. Ependi hem çorbadan bir çemçe owurtlapdyr. Onuň hem agzy bişip, gözi ýaşarypdyr. Aýaly: – Size näme boldy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Gaýynenem pahyry ýadyma salsam, bozulman durup bilemok. Ol biçäräniň-ä birwagt ölüp gidip, sen emelsiziň bolsa heniz hem diri gezip ýöreniňi ýatlasam dag-a, möňňüriberesim gelýär, onsoňam eneň pahyr wepat bolanda, sen biçäre ýaş çagadyň. Eneden ýaş galanyň ýadyma düşdi. Şonuň üçin aglaýaryn – diýipdir. ■ Ikimize bir öý besdir Ependiniň aýaly bir gün aýallar bilen oturlyşyga barypdyr. Gelenden soň Ependi: – Eý, janym, oturlyşykda gören-eşidenleriňden aýtsaň! – diýipdir. Aýaly: – Gowy-gowy kitaplar okaldy. Kitapdan gowy-gowy sözler eşidip geldim – diýipdir. Ependi: – Kitabyň sözi nähili eken. Aýtsaňyz men hem eşiderdim – diýipdir. Onda aýaly: – Kitapda «Bir adam öz halal aýalyna ýakynlyk etse, Allatagala jennetden şeýle bir öý bagyş etjekmiş welin, onuň mysaly bu dünýäde bolmazmyş» diýlip ýazylypdyr – diýipdir. Ependi: – Nähili gowy kitap eken, beýle bolsa, gel, jennetden bir öý ýasaly – diýip, aýaly bilen ýakynlyk edipdir. Birazdan soň aýaly: – Ependim, özüň üçin bir öý ýasadyň, gel, tiz bol, maňa hem bir öý ýasa – diýipdir. Ependi: – Keýwany, ýasasag-a bolardy, emma soňra ataň-eneňe, kowum-garyndaşlaryňa hem öý bina etmegi talap edersiň öýdüp gorkýaryn. Gowusy, aýrylyşmajak bolsaň, ikimize bir öý besdir – diýipdir. ■ Akyly ýerindedir Günlerde bir gün Ependiniň ogly: – Eý, ata, men seniň doglanyňy bilýärin – diýipdir. Bu sözi Ependiniň enesi eşidip: – Eý, biedep, munuň ýaly biderek sözleri sözleme – diýipdir. Ependi: – Eý, ene, oglumyň sözüni ret etme, akyly ýerindedir, belki, bilse bilýändir – diýipdir. ■ Güman edýärin Imat atly bir şägirt Ependiden ders öwrenýän eken. Ol gara bedenli bolup, hebeşi taýpasyndan eken. Bir gün Ependiniň donuna syýa dökülipdir. Ony gören adamlar: – Eý, Ependi, donuňyza näme boldy? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Näme bolany-na bilemok. Emma howanyň yssylygyndan Imat derlän bolsa, onuň bedeninden syçrandyr diýip, güman edýärin – diýipdir. ■ Eger kabul etse... Ependi biraz wagt obasyna ymam bolupdyr. Obadaşlaryndan bir kişi wepat bolupdyr. Ependi onuň jynazasyna ymamlyk etmegi boýun almandyr. Adamlar: – Näme üçin jynaza ymamlygy kabul etmeýärsiňiz? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Meniň ymam bolmagymy öliniň özi halamaýar. Sebäbi ikimiziň duşmançylygymyz bardy. Öliniň özünden soraň, eger kabul etse, ymam bolaryn – diýipdir. ■ Näme tapawut bar? Ependiniň ýanyna bir adam gelip: – Meniň pylany bilen bugdaý dawam bar. Kazyň huzuryna baryp, «Bugdaýynyň barlygy rast» diýip, güwälik beriň – diýipdir. Ependi razy bolup, onuň bilen kazyýete baryp, olaryň şikaýatlary çözüş mejlisinde kaza: – Bu adamyň arpasynyň barlygyna ynanyp, höküm ediň – diýipdir. Kazy: – Bu kişiniň dawasy bugdaýdady. Siz näme üçin «arpa» diýip güwälik berýärsiňiz? – diýipdir. Ependi: – Munuň dawasy, elbetde, ýalandyr. Meniň güwäligim hem dogry däl. Sözümiziň ýalan bolandygy üçin, arpa bilen bugdaýda näme tapawut bar? – diýipdir. ■ Şükür edýärin Ependiniň bagynda bir erik agajy bar eken. Ol beýleki iýmişlerden öň ýetişýän eken. Bir gün görse, erikleriň üç sanysy saralyp bişipdir. Patyşa sowgat bermek üçin olary ýygyp, bir sebede salyp alyp barýan eken. Sebediň içinde erikler her tarapa urnupdyrlar. Ependi: «Köp oýnamaň, ýaş janyňyzdan aýrylarsyňyz, iýip goýaryn» – diýipdir. Olar şonda-da, ikiýana urnupdyrlar. Ependi: «Bulary tenha kylmasam, biri-birleri bilen oýnaşar ekenler» diýip, ikisini iýipdir we birini patyşa alyp barypdyr. Şa mähremlik görkezip, Ependä halat berip goýberipdir. Ýene bir gün Ependi patyşa üçin hyýar alyp barýan eken. Bir adam: – Eý, Ependi, nirä barýarsyňyz? – diýip sorapdyr. Ependi: – Patyşa hyýar alyp barýaryn – diýipdir. Ol adam: – Patyşa injir alyp baryň, injiri gowy görýär – diýipdir. Ependi bu sözi oňlap, hyýary goýup, injir alyp barypdyr. Patyşa bolsa injiri asla halamaýan ekeni. Patyşa bir adama emr edip: «Gaýdyp munuň ýaly zady meniň dergähime getirmez ýaly, getiren zady bilen kellesine ur» diýipdir. Ol adam Ependini injir bilen urup başlapdyr. Emma Ependi uruldygyça, şükür edýän eken. Patyşa: – Eý, Ependi, bu wagt şükür etmegiň sebäbi nämedir? – diýipdir. Ependi: – Eý, tagsyr! Her kim öz işini özi gowy biler. Men şükür etmän, kim şükür etsin. Kelläme hyýaryň ýerine injir degse – diýipdir. Patyşa: – Bu sözüň manysy näme? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Men size hyýar alyp gelýärdim. Bir adam: «Ony goýup, injir alyp git» – diýdi. Eger hyýar getiren bolsam, gaty hyýar degip, kelläm ýarylardy. Injiriň mylaýymlygyna şükür edýärin – diýipdir. Patyşa kah-kah gülüp, Ependini ýene-de halatlapdyr. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |