20:30 Erdogan käbirleriniñ başyny çaşyrdy | |
ERDOGAN KÄBIRLERINIÑ BAŞYNY ÇAŞYRDY
Publisistika
Soñky üç-dört gün bäri häkimiýete ýakyn durýan žurnalistleriñ ýazgylaryny okap ýylgyranymy duýman galýaryn. Megerem, muny özleri entek duýýanam däldir diýip pikir edýärin! Gürrüñ BRICS barada! (Guramanyñ ady oña gatnaşyjylaryñ adynyñ baş harpyndan alyndy: Braziliýa, Russiýa, Hindistan (India), Hytaý (China), Günorta Afrika Respublikasy (South Africa). Köp polýusly global sistemany öñe sürýän BRICS topary Günbatar merkezli sistema garşy özboluşly alternatiwany emele getirmegiñ ugrunda... Toparlanşyk soñky ýygnagyny alty gün öñ Günorta Afrikanyñ Ýohannesburg şäherinde geçirdi. Häzire çenli BRICS-e agza bolmak üçin 22 ýurt resmi taýdan ýüzlendi we bu ýygnakda Argentinanyñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñ, Efiopiýanyñ, Eýranyñ, Müsüriñ, Saud Arabystanynyñ topara çagyrylmagy makul bilindi. Alty täze agzanyñ 2024-nji ýylyñ 1-nji ýanwaryndan başlap topara agza bolmagy bilen BRICS-iñ agzasy indiki ýyl 11-e ýeter... Sorag - Türkiýe nämüçin agzalyga kabul edilmedi? Saud Arabystanynyñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñn Müsüriñ, Eýranyñ agza bolmagy bilen BRICS-de iñ uly wekilçilige eýe regiona öwrülende, muña potensial agza pozisiýasyndaky Türkiýe nämüçin dahylly edilmedi? Ýa-da: Türkiýe BRICS-den uzaklaşyp, ýene ýüzüni Günbatara öwürdimi? * * * Türkiýe 2013-nji ýylda (FETÖ-nyñ eli bilen) Russiýanyñ uçaryny atyp düşürende, syýasy dartgynlylyklary ýumşatmak üçin BRICS-e doly hukukly agza bolmak üçin aýaga galdy. Şol wagty ýada salyñ: PKK ýazylganlygynyñ soñlanmagy, FETÖ döwlet agdarlyşygynyñ şowsuzlyga uçramagy we çepçi liberal bükürden halas bolma prosesi bilen AKP-Erdoganyñ gatnaşyklary ABŞ bilenem, Ýewropa bileleşigi bilenem mazaly ýaramazlaşdy. Erdoganyñ 2018-nji ýylda ýene Ýohannesburgdaky BRICS ýygmagyna gatnaşmagy Türkiýäniñ täze döwürdäki gözlegleri taýdan derwaýys hasaplandy. Õzem: Soñky bäş ýylda Erdogan BRICS-e höwesjeñ ýapyşdy. 2022-nji ýylda Putiniñ Türkiýäni BRICS-e gatnaşmaga çagyrmagy bilen gatnaşyk soñky sepgidine çykdy. Eýse: 2023-nji ýylyñ saýlawlarynyñ yzysüre AKP-Erdogan ýene köne daşarky syýasata gaýdyp geldimi? Saýlawdan soñ Erdoganyñ daşarky syýasat ugry boýunça aýdan zatlaryna seretseñiz, näme diýjek bolýanyma düşünersiñiz! Galyberse-de: BRICS ýygnagyndan öñüni ýatladasym gelýär: soñky döwürde kän göze ilmeýän Hytaýyñ Daşary işler ministri Wan I Türkiýede resmi saparda boldy. Ol Türkiýäniñ BRICS-e goşulma arzuwynyñ bardygyny bilýändigini aýtdy. Sorag - bu resmi sapar aslynda Türkiýäniñ BRICS agzalygyna kabul edilmegi üçin öñünden geçirilen duşuşykmydy? AKP-Erdogan bijaý jogap berdimi? Ýene bir mysal arkaly düşündirmäge synanyşaýyn: Türkiýäniñ prezidenti R.T.Erdogan we Hytaýyñ Daşary işler ministri Wan I * * * BRICS-iñ iki esasy şahasy bar: - Täze Ösüş banky (NDB) we Ýagdaýa görä Rezerw düzgünleşdirmesi (CRA). Maksatnamalaryñ maliýeleşdirilmeginde NDB Bütindünýä banky, CRA bolsa halkara walýuta rezerwleri gowşaýan we az wagtlyk tölen deñagramlylygyny ýitiren ýurtlary likwidnost bilen üpjün etmek üçin IMF ýaly iş alyp barýar... AKP-Erdogan maliýe krizisini başdan geçirende BRICS ýygnagyna gatnaşyp, NDB-iñ we CRA-nyñ öñünde hiç hili talaplaryny goýman, alty ýyldan soñ birinji gezek IMF-iñ indiki aý Ankara gelýänini nähili düşündirmrk gerek? Serediñ: BRICS-iñ soñky ýygnagynyñ esasy temasy pul birligi boldy. Çünki ilkinji nobatda Hytaýdyr Russiýa ýaly ýurtlar amerikan dollarynyñ gegemoniýasynyñ biloñurgasyny ýazdyrmak isleýär. Häzirlikçe bu talap doly kabul edilmän, ýerli pul birlikleri bilen söwda etmek pikiri agyr basýanam bolsa, soñ näme boljagy görnüp dur... Muny ýatlatmagymyñ sebäbi AKP-Erdogan dollar soltanlygyny ýykma maksatly topara indi sowuk garaýarmy? Resmi agza bolmak islemeýändiginiñ sebäbem ýurduñ ümzügini ýene Günbatar gegemoniýasyna tarap öwürmegimi? Ine... Häkimiýete ýakyn durýan käbir žurnalistleriñ öwgüli odalaryny şonuñ üçin ýylgyryp okaýaryn: Erdoganyñ ugursyzlygy bu kärdeşleriñ başyny çaşyryp taşlady! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |