07:08 Erteki | |
ERTEKI
Goşgular
Bir bar eken, Bir ýok eken, Gadym-gadym zamanlarda Bilbilleriň öz şalygy, öz mekany bar eken, Olaň şirin owazyna,. Aýdymyna hem sazyna Älem hyrydar eken. Arman, bir gün tupan turýar, Gopýar uly bir harasat. Aljyradýar bilbilleri Bulam-bujar bolýar bar zat. Şu pursatdan peýdalanyp, Bilbilleriň arasynda bukup ýören mekir garga Tagta çykýar, Tagta çykýar. Şeýle wakaň boljagyny öňden gören mekir garga Tagta çykýar, Tagta çykýar. Ilki bilbil boljak bolýar, Paşmaýar oň bu hyýaly. Ahyrynam yzlaý-yzlaý, Gözleý-gözleý özi ýaly? Tapyp gelýär sesi boguk, alabeder gargalary. Şeýdip arka tapynýar ol, Şeýdip çişip barýar kem-kem. Buýruk berýär «Goý, bilbiller lal açsyn-da, Saýraýarkam, Diňlesinler, Soňam maňa meňzesinler...» Çydap bilmän bu zulmata, Matam tutýar bilbil bary. Birleşýär-de derýa bolýar Olaň döken gözýaşlary. Akýar, barha batly akýar, Akýar gözläp ýiten bagtyn. Bir gün bolsa ýumurýar ol Gara gargaň gara tagtyn. Tamam bolýar erteki-de... Ýöne welin bir totuguş Gargaň höküm süren wagty Bir nakyly ýat tutanmyş. Unutmanmyş şindi-şindem Gaýtalarmyş döküp derin. «Gara garga tagta çyksa Dat gününe bilbilleriň...» 1971 ■ ERTEKINIŇ DOWAMY Gündizki diňlenen eýmenç erteki Ýene düýşe girdi. Bulaşdy bary. Bir görsem, dişlerin çarhlap zalym döw Penjesin uzadýar ogluma sary. Topulýan, Döw bilen söweşe girýän, Gygyrýan «Ederin şu gün bellisin». Ýa ýalňyz kellämi bermeli oňa, Ýa-da almaly men oň üç kellesin. Başga ýol ýok, Ýol ýok, ýapyk bar gapy, Asla bolmagynam islämok onuň. Namysym, wyždanym gylja öwrülýär, Galkana öwrülýär gaýratym meniň. Döw döw bolýar, Kä egnimden ýapyşýar, Käte ellerimi bulaýar gana. Hernä ýere gaçýar birinji kelle, Ikinji kelle-de agýar bir ýana. Üçünji... Ol welin, has ýowuz eken, Ne-hä gurbat, ne-de güýç goýdy mende. Samraýan ýitiren galkanmy gözläp, «Ýeňilmeli bormukam men bu jeňde?» Ýok, hakym ýok, Wah, öz janym jähennem, Gül ömrüni goramaly oglumyň. Ahyram agzyna oklap özümi, Bokurdagna tegek bolýan zalymyň. Düýşem tamamlanýar, Öýmüzem ümsüm, Ylla hiç bir waka bolmadyk deýin. Uzyn günläp döwe gargynyp gezen Oglumam ýylgyryp, ýatyr arkaýyn. Nämüçin ýylgyryp ýatyrka oglum, Nämüçin döw bilen söweşmedikän? Ýa-da ýuwutdymy gaharny eýýäm, Ýa döwden çekinip köşeşdimikän? Belki, ogul bilen ataň yhlasy Deň däldir... Ýogsam ol ýylgyryp ýatman, Düýş görerdi, düýş görerdi bu gije, Meni zalym döwden gorardy hökman... * * * Zeýrenme, käýinme kärdeşleriňe, Wah, olar onsuzam kän çekdi näziň. Bolan hem-de bolýan işleň baryna Diňe seň, diňe seň günäkär özüň. Ilkinji ädilen şowly ädimleň, Hem aňsat gazanan abyraý-adyň Gözünden düşürdi seni adamlaň, Çünki salgymyna çapdyň şöhradyň. Şöhrat tupan bolup indi depäňden, Gaýdyň sen zarbyna döz gelmän onuň. Belent görünse-de gabaraň çenden, Agramyň aşykça ýok eken seniň. Gaýdyň sen, bir gaýa bardyň-da gonduň, Duman bolsa perde çekdi gözüňe. Seljermediň, parh goýmadyň, dost saýdyň Kim ýylgyryp baksa seniň ýüzüňe. Ýöne sen alarlyp, hyýrsyz garadyň Telegiňe telek diýen dostuňa, Mydam buz üstünde tozan aradyň, Pursat tapsaň, çykdyň onuň kastyna. Etmişleriň üçin etmediň puşman, Barha uzaklaşdyň ýürekdeşleňden. Şeýdibem, dostlaňdan ýasandyň «duşman», «Garşydaş» ýasandyň pikirdeşleňden. Kesbiňden bereket tapsaňdyň käşgä... Bar zat çaklaýşyňdan tersine boldy. Kem-kem çöküp barýan gaýadan başga, Sende ne dost galdy, ne baýlyk galdy. Ýok, indem käýinme kärdeşleriňe, Wah, olar onsuzam kän çekdi näziň. Bolan hem-de bolýan işleň baryna Diňe seň, diňe seň günäkär özüň. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |