11:54 "Ertir gelerin!" / satiriki hekaýa | |
"ERTIR GELERIN!"
Satiriki hekaýalar
- Mümkinmi? - diýip, Arrykow redaksiýanyñ edebiýat bölüminiñ bosagasyndan ätledi. Bölüm müdiri Saryýew arwah gören ýaly tisginip gitdi. - Geliñ, geliñ! - Göründigimiz, geldigimizdir! - Arrykow göwnühoş ýylgyrdy. - Aý, hekaýajyk getirdim-laý! Saryýew geñ galdy: - Ýenemi?! - Be, näme, ynanmajak bolýañmy? Haý, arkaýyn ynanyber. Bu günler ýürek joşýar. Gije-gündiz ýatuw ýokdur. Işlenilýär. Bi, hekaýajyk dagy nämejik, akgañlar roman ýazmaga girişdi. Neşirýata söz beripdim-laý. Şu ýylyñ önümçilik planyna goşupdyrlar. Ýalançy bolmajak bolup, geljek hepdede şony gutarjak bolýan. Kellä dynç berenimde bolsa, gazetler üçin hekaýajyklar ýazan bolýan. Hawa-da, olar bilenem arany üzmeli däl, bi äsgermezçilik bolar ahyry, dogry dälmi? Men welin kes-kelläm beýle iş edip bilmen - diýip, Arrykow goltuklap gelen kagyzlaryny dörüp başlady. - Täk, büý-ä, "Ýaşkoma", bi-de "Nowça, bu hem "Tokmaga". Äh-ä, ine büýem size! - Tüweleme, siz zor adam! - Nädeýin, hyjuw, joşgun... Bulary köýdürmeli däl. Hawa, onsoñ, bi, ine, beýlekilerin-ä, düýn çyrşadym. Size getirenimi bolsa irden kelläm dus-duruka ýazdym. Okaman gol çekäýmelidir. Ýöne uly bolmady-da, dokuz kagyzjyk - diýip, ýyrş-ýyrş etdi. Soñam bölüm müdiriniñ ýüzüne çiñerilip seretdi. - Bu gezek goýup gitmerin, arkaýyn bolaýyñ. Men siziñ iberýän, ol kagyzlaryñyzdan irdim. Okap gör-de, anyk jogabyny aýt. Siz-ä bolanok diýýäñiz, hon-ha, okyjylar-a hoşal bolşup, okap ýörler. Saryýewiñ gözüniñ öñi garañkyrap gitdi. Sesi ysgynsyz eşidildi: - Özüñ seslije okap beräýmeseñ-ä, men ýarajak däl. Ýadaw. - Baş üstüne, beýle eserleri müñ ýola okasañam azdyr! Arrykow uly joşgun bilen okamaga başlady. Iki-üç kagyz okap-okamanka kürsäp biri kabinete girdi. Goşgy getirendigini aýtdy. Saryýew ony uzak saklaman, tiz ugratdy. Soñam Arrykowa ýüzlendi: - Bagyşla, başdan okamasañ-a, baryny bulaşdyryp gitdi. Arrykow gapa tarap ýigrenç bilen nazaryny aýlady-da, ýene-de okamaga başlady. Hekaýany ortalaberende bolsa, birdenem, stoluñ üstündäki telefon çasly jyññyrdady. Garaşylmadyk bu sese Arrykow ziñkildäp gitdi. Saryýew şobada trubkany garbap, gürleşmäge başlady. Ol birine hekaýasynyñ gowşaklygyny düşündirjek bolup, uzak wagtlap gürleşdi. Ahyry gaharlanyp ugrady. Patyladyp trubkany goýdy-da, telefona seredip hüñürdedi: - Her kim başarjak işini etse ýagşy. Bolgusyz zatlary ýazyp, wagtyñy alyp durlar! Gowşak diýseñem, eneñden başlap, gyzyña çenli dil ýetirip çykýarlar. Arrykowyñ oña duýgudaşlyk bildiresi geldi: - Hol bedräni görýäñmi, taşla şol zeýilli ýan bedrä tarap armatur ýaly inçe, uzyn barmaklaryny uzatdy. Saryýew Arrykowyñ ýüzüne seredip, uludan haşylap içindäki howany zor bilen daşyna çykardy-da, onuñ ýüzüne bakdy: - Baryny bir köpük etdiler. Kyn görme-de başdan oka. - Gözüne gül salarys! Arrykow ýene-de okap başlady. Hekaýa ahyrlaberende kabinetiñ gapysy şarkyldap açyldy. Sekretar gyz içerä boýnuny uzatdy. - Saryýew, sizi redaktor çagyrýar! - Men häzir gelerin, garaşyñ! - diýip, bölüm müdiri çykyp gitdi. Ep-esli güýmenibem, çekine-çekine kabinetiń gapysyny açdy. Hiç kimiñ ýokdugyny görübem, ýüzi ýagtylyp gitdi: "Gidipdir hernä!" Emma stoluñ üstünde ýatan kagyzy görübem, köz basan ýaly ziñkildäp gitdi. "Ýoldaş Saryýew, görýän welin, bu gün wagtyñyz boljak däl öýdýän. Men gitdim, ertir irden gelerin. Şonda hekaýamy ýene-de başdan okarys. Häzir bolsa, wagt ýitirip durmaýyn-da siziñ üçin ýene-de bir hekaýajyk ýazaýyn. Dogry dälmi, jübütje bolsa ýagşy". Saryýew bu gezek hakykatdan-da redaktoryñ kabinetine ugrady. Maksady ertirden başlap, bir hepdelik komandirowka almakdy. Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |