20:31 Esasy zat ýa-da gara gapy / satiriki hekaýa | |
ESASY ZAT ÝA-DA GARA GAPY
Satiriki hekaýalar
Mebel, her dürli öý goşlary satylýan magazine bardym. Onuň direktory tanşymdy. ― Maňa bir düşek gerekdi ― diýip, tanşyma ýüzlendim. Ol: ― Beýleden, howly tarapdan gel ― diýip çalaja pyşyrdady. Men, diýlişi ýaly, «gara gapydan» geldim. Direktor bilen küde-küde halylaryň üstünde oturyp, şeýle äheňde gürrüň etdik: ― Ýeri, han ogul, men saňa birje haly berdimem-dä diýeli, onsoň näme? ― Onsoň men ony düýrlärin-de... ― Bar, düýrlediňem diýeli, yzyny aýt, yzyny... ― Yzyny aýtsam, haltamajyk salaryn... ― Ýeri, haltaňa saldyňam-da, soňunyň juk-juky näme? ― Soňunyň juk-juky, elimi kisäme sokaryn-da... ― Ýeri, ýeri, aýdyber, çekinmedejik aýdyber, onsoň? ― Onsoň, halynyň döwlet bahasyny kassa tölärin. ― Hawa, özüň-ä esasy zada golaýlaşýaň, onsoň näme? ― Onsoň içi halyly haltany arkama hop edip alaryn-da... ― Be, nähili, neneňsi bolaýdaý, ýeri onsoň?.. ― Onsoň, «Sakawyň soňuna seret» diýipdirler. ― Haý, molodes, onsoň näme? ― Onsoňam bir etsem-petsemim bardyr. ― Berekella, berekella, ine müşteri diýibem saňa aýdaýsaň. Soňunyň «hežoldysyny» aýt-da gutaraý. ― Aýtsam, haltamy arkama hopba edip, işige tarap... ― Dur, dur, şu ýerde esasy zat ýatdan çykdy. ― Be, men nämäni ýatdan çykardymkam?! ― Oňatja pikir et, esasy zat ýatdan çykdy. ― Ýok, haltam bilen halymy-ha aldym. Indi näme? Ýatdan çykan zat ýok. ― Iki egniň üstündäki şlýapa geýmek üçinmi ýa?.. ― diýip, direktor meniň kelläme pitikledi-de, esasy zat ýatdan çykdy, esasy zat ― diýip, gaharyndan ýaňa titir-titir edip, çilimini otlady. Menem kellämi tutan bolup: ― Puluny kassa töledim, çekini satyja berdim ahyry ― diýdim. ― Ýak, walla, her hili berebekgeý, iki aýakly mahluk şindem baraý. Ýeri, şular ýaly düşünjesiz adamlar bilen nädip eşretli güne ýetjek diýsene ― diýip, direktor gyzyl dişlerini syrtartdy. Soňra ol: ― Han ogul, esasy zat hakydaňa gelýänçä git-de, gezmeläp geliber ― diýip, «gara gapa» tarap elini uzatdy. Men bagda, gülleriň arasynda birsalym arassa howadan dem alyp gezdim. Ine, birdenem esasy zar güpbe ýadyma düşäýdi. Aldyrany bar ýaly bolup, ýene-de «gara gapydan» girdim. ― Hojaýyn, hojaýyn, indi maňa halynyň gowusyny berip bilersiň, men esasy zady bildim ― diýip, demim-demime ýetmän aýtdym. ― Halal saňa, berekella, geregiň haly bolsun, arka ýüzüne geçeni gerekmi, burnuň gany ýaly gyzyly gerekmi, ýüzüňi ýetirin ― diýip, direktor meni oňat garşy aldy. Ahyrky bir otagyna eltip, şokolad bilen konýak hödür etdi. Demimi mazaly dürsämsoň, ol maňa: ― Dostum, esasy zadyň nämedigini bilen bolsaň bize-de aýt-da ― diýip, mylaýymlyk bilen ýüzlendi. ― Ýoldaş direktor, esasy zad-a sag bolsun ekeni. Şony unudaýypdyryn, bagyşlaň ― diýdim. ― Ol-a şeýle weli, ýöne esasy zat, meniň pikirimçe... aý, iň gowusy, sen indiki bazar güni jygyldyga baraýsana. Şol ýerde «sag bolsuna» gowy halylar berilýämiş ― diýdi-de, direktor maňa «gara gapyny» görkezdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |