07:28 Eşege häsiýetnama / satiriki hekaýa | |
EŞEGE HÄSIÝETNAMA
Satiriki hekaýalar
Ýañy-ýakynda duralgada awtobusa garaşyp durkam demir-beton sütünine şapbat ýaljak bir kagyza gözüm düşdi. Bikär duranymdan, gel, okap göreýin-le diýdim. Okap başladym. Birinji sözlemi okap geñ galdym. Tas pyñkyrypdym. Sebäbi: "Ýük çekmek üçin kuwwatly, daýaw, şeýle hem kejir, gapagan hem depegen eşek gerek" diýlen jümle ýazylypdyr. "Saraýa mätäç eşege saraýam beriljek" diýlipdir. "Ýylda iki laý palan berilýär. Iým haky daşan ýüküniñ tonna-kilometrine bagly". Bildirişiñ soñunda eşek gerekli kärhananyñ adresi, telefon nomeri ýazylypdyr. Edil şeýle eşek mende bardy. Haýal etmän, bildiriş ýelmän kärhana - kerpiç zawodyna tarap taksa mündüm. - Eşegiñiziñ öñki işlän ýerinden sprawka getiriñ. Häsiýetiniñ pesdigini, kejirdigini, depip hem gapyp bilýändigini tassyklaýan dokument gerek - diýip, kärhananyñ kadrlar bölüminiñ naçalnigi aýtdy. - Sprawka, harakteristka nämä gerek. Men öz eşegimiñ häsiýetine özüm belet ahyry - diýip, jan ýandyryp aýtdym. Emma naçalnik: - Ýaşuly, men siziñ sözüñizi "delo" çatyp bilmen ahyry - diýdi. Ara "delo" düşensoñ, nalaç gitmeli boldum. Eşegimiñ öñki işlän ýerine bardym. - Ýoldaş naçalnik, bir kömek et. Eşegime nirede bir erbet häsiýetnamañ, sprawkañ bar bolsa ber - diýdim. - Ýaşuly, bolmaz. Biz ol ýumşuñy bitirip bilmeris. Eşegiñi öñ biz işe alanymyzda bedew at diýip buýrukdan geçiripdik. Şol atlygyna-da bizden işden gitdi diýip, sprawka bereli. Dokument garjaşdyrmaga hakymyz ýok. Asyl şol siziñ eşegiñiziñ zähmet depderçesi-de başda bedew at diýlip doldurylypdyr - diýip, naçalnik düşündirdi. - Ýoldaş naçalnik, heý alajy tapylmazmy?! - Ýok, ýaşuly, bu zatlaryñ ilki başda aladasyny etmeli ekeniñiz-dä. - Wah, başda eşek diýip işe alyñ diýdimem. "Ýok, bizde eşegi işe almak gadagan. Bedew aty işe kabul edýäris" diýdiler-dä. Ýeri, bähbit bol-a. Onda siz, ýoldaş naçalnik, bir zat ediñ: meniñ eşegime "häsiýeti pes, depgin, dişlek, kejir" diýip harakteristka beriñ. - Ýaşuly, oñarmarys. Ol dilegiñem bizden biter öýdemok. Sebäbi: "Bedew atyñ beýle häsiýeti bolup bilmez" diýip, bize käýejekleri ikuçsyz. Onsoñam: "Beýle erbet häsiýetli aty näme üçin baza kabul edýärsiñiz?" diýip, bize gürrüñsiz käýinç geler. "Ýaman bolsa terbiýelemeli ekeniñiz. Eger düzelmese, hany, ýazmaça beren käýinjiñiz" diýerler. Biz ilden çykyp, täze nysak döredip bilmeris. Özüñiz pikir edip görüñ: hiç kime-de, erbet işgäre-de erbet diýlip harakteristka berilýän däldir - diýip, naçalnik çyny bilen düşündirdi. - Onsoñam, men siziñ eşegiñize bolşy ýaly edip harakteristka bersem, ol iýmden kesiler. Ony hiç kim hiç ýere işe almaz - diýip, ol aýtdy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |