EŞEGIÑ KITAP OKAÝŞY
Bir adam Kufe şäheriniñ häkimine bir owadan eşek sowgat eltip beren. Şonda meýlisde oturan adamlar şol eşegi taryplap başlaýarlar. Oturanlaryñ biri oýun-maza salyp: "Men şu owadan eşege hat okamagy öwretmäge taýyn" diýýär.
Häkim bu sözi eşidip, juda gahary gelýär we şol adama ýüzlenip:
- Şeýle sözi aýdýan bolsañ, şonuñ hötdesinden gelmeli bolarsyñ. Eger hötde gelmeseñ, saña ölüm jezasyny bererin. Eger-de şu eşege hat okamagy öwretseñ saña uly sylag bererin - diýýär.
Ol adam öz öýun edip aýdan sözüne puşman edip ökünýär. Näalaç häkimden puryja soraýar. Häkim bu iş üçin on gün möhlet berýär.
Ol adam eşegi idip, öýüne getirýär, haýran-sergezdan galyp, näme etjegini bilmänsoñ, bu işiñ soñunyñ näme bilen gutarjakdygyna-da gözi ýetmeýär. Alaçsyz galyp, eşegi öýde goýup bazara gidýär. Ýolda Bohlula sataşýar. Onuñ bilen köneden tanyş bolany üçin, oña ýalbaryp, bolan wakany beýan edýär we ondan hemaýat isleýär. Bohlul:
- Gaýgy etme, bu işiñ alajy meniñ elimde. Men saña nähili etmegi tabşyrsam, şoña görä amal et - diýýär. Soñra ol şeýle buýurýar:
- Eşege bütin günüñ dowamynda iým berme, ertesi biraz arpany bir kitabyñ sahypalarynyñ arasyna dök we şol kitaby eşegiñ öñüne tut-da, onuñ sahypalaryny ýeke-ýeke açyşdyr. Eşek aç bolany üçin, kitabyñ sahypalaryndaky arpany dili bilen ýalar. Şu işi sen her günde gaýtala. Onunjy gün ýene-de eşegi aç sakla. Häkimiñ ýanyna baranyñda bolsa, şol kitaby eşek bilen bile alyp bar. Emma bu gezek kitabyñ sahypalarynyñ arasyna arpa dökme. Häkimiñ huzurynda ýañky kitaby eşegiñ öñünde goý.
Ol adam Bohlulyñ aýdyşy ýaly amal edýär. Bellenen gün gelip ýetende, eşegi kitap bilen birlikde, häkimiñ ýanyna eltýär. Onuñ we başga-da birnäçe adamyñ huzurynsa kitaby eşegiñ öñünde goýýar. Eşek aç bolany sebäpli, gündelik adaty boýunça sahypalaryñ arasynda arpa bardyr öýdüp, onuñ hemme waraklaryny (listlerini) agtarýar, ahyrky sahypa ýetip, onda arpa ýokdugyny görenden soñ, aññyryp başlaýar. Eşek şeýle etmek bilen özüniñ açdygyny bildirmek isleýär. Meýlisde oturanlar hem häkim bu işde näme syryñ bardygyny bilmän, hakykatdan hem eşek kitap okamak isleýär diýip ynanypdyrlar, olaryñ hemmesi bu işe haýran galypdyrlar. Häkim näalaç öz wadasyna wepa edip, ol adama ep-esli sylag beripdir. Şeýdip, ol adam ölümden halas bolupdyr.
Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar