13:20 "Eşek" diýip geçäýme! | |
"EŞEK" DIÝIP GEÇÄÝME!
Publisistika
Soñky günleriñ iñ köp okalýan habarlarynyñ sözbaşysy şeýle: "Eşekler halas edildi!" Şanlyurfanyñ Siwerek etrabynda garyñ aşagynda galyp, tasdan doñup ölere gelen bäş sany eşegiñ gözgyny ýagdaýy ýewropa habar beriş serişdelerinde giñden ýer aldy. Eşek Ýewropa ýurtlarynda örän seýrek duş gelýän haýwan. Şonuñ üçin olar gowy görülýär... Birnäçe haýwanat bagynda ýolbars, gaplañ, pil ýaly haýwanlaryñ ýany bulen eşegem görkezilýär. Tomaşaçylar olary synlanda, esasan naşyja gözlerini owadan görýärler. Doñup ölere gelen bäş biçäre eşegiñ fotosuratlary diñe ýurdumyzyñ däl, Ýewropadaky haýwan söýüjileri-de gynandyrdy. * * * 13-nji dekabrda Şanlyurfanyñ Siwerek etrabynyñ Karlyk obasynyñ golaýynda taşlanyp gidilen ýerinde endam-janlary gar bilen örtülen ýagdaýda bäş sany eşege hossar çykan işewür Jewat Korkmaz Siweregiñ kaýmakamy Hamza Erkala jañ edip: - Ýoldaş kaýmakam, eşekleri maña beriñ. Olary ölüme terk etmäliñ. Meniñ Tekirdagda mülk ýerim bar. Şol ýerde gül ýaly bolar giderler - diýýär. Kaýmakamyñ razylygy bilen eşekleri Tekirdagyñ Şarköý obasyndaky mülküne äkiden işewür häzir olara "çaga" ýaly seredýär. Bäş eşegiñ ömründe bir gezek bagty getirdi! * * * "Eşek" diýip geçäýmäñ... Eşegiñ edebiýatymyza-da, dilimiñ baýlaşmagyna-da uly goşandy bardyr. Eziz Nesiniñ eşek temaly, iññän täsirli birnäçe hekaýasy bar. Meniñ özümem eşek hakda azyndan üç-dört hekaýa-ha ýazandyryn... Wagty gelende size şol hekaýalarymdan mysallar bererin. Hemmesi biri-birinden täsin, sapak alarlykly kyssalar! Häzirlikçe diñe içinde "eşek" sözüniñ geçýän nakyllaryndan we aýtgylaryndan käbir mysallary bereýin. Üstünde mazaly oýlanylsa, hemmesi-de şu günümiz üçin aýry-aýry signallary berýär: * * * – Eşeklik-dä bü… – Eşeklik pul bilen däl-ä… – Düşündik how, eşek däl biz! – Eşegiñ guýrugy ne uzady, ne gysgaldy! – Ölme eşegim - ýaz geler! – Ölen eşegiñ bahasyna… – Eşegem şol bir çukura iki gezek düşenok!! – Eşek bolsañ, gañña uran köp bolar! – Eşegi ýüki bilen äkidýärler! – Men eşek ýaly işleýärin... – Eşek şerbeti näbilsin? – Biz bärde eşegiñ kellesimi? – Eşek henegini etme! – Eşekden düşen garpyza döndi! – Eşek jennetine gidersiñ! – Eşegini urmadyk gaññasyny urar. – Bulary eşek suwdan gelýänçä urmaly! Mysallary näçe köpeltseñ köpeldip oturmaly... Diýmek, eşek edebiýatymyza-da, dilimiziñ baýlaşmagyna-da kömek eden gymmatly haýwandyr! • Sokratyñ ölümi Ýurdumyzda kän ýyllar bäri dowam edip gelýän syýasy dawa-jenjeller jemgyýeti ikä böldi diýen ýaly... Adamlarymyzyñ bir bölegi bu dawalary dogry hasaplasa, galan bölegi-de ýerliksiz hasaplap, "Wyždanlarymyz syzlaýar!" diýýär. Taryhda syýasy dawalar köp bolupdyr. Şol dawalaryñ iñ meşhury 2400 ýyl mundan öñ Afinyda bolup geçen "Sokratyñ dawasydyr". Halkyñ eý görýän filosofy Sokrat agalyk ediji synpyñ kazylary tarapyndan awy içirlip öldürilipdir. Sokrat ölüm permanynyñ okalandygyna garamazdan sowukganlylygyny ýitirmändir, kazyýetiñ kararyny adalatsyz hasaplan filosofyñ aýaly nägilelik bildiripdir: - Zalym kazylar seni ölüme höküm etdiler! Sokrat parahat jogap beripdir: - Wagt hem olary ölüme höküm eder! Aýaly ýene nägileligini bildirip, yzlapdyr: - Onyñ dogry, seni bigünä halyña ölüme höküm etdiler! Sokrat: - Günäli bolup ölüme höküm etseler mundan gowy bolarmydy? - diýip, sowukganlylyk bilen öñünde goýlan awyny içip, ölüme gidýär! Sokraty öldüren afinyly kazylary wagt syldy-süpürdi, ýok etdi, hiç hili yzy-eseri galmady. Emma Sokrat pikirleri bilen häzirem ýaşaýar. • HENEK: Janly balyk... Köçeden geçip barýan balykçy: "Janly balyk bar!" diýip, gaty sesi bilen gygyrypdyr. Madam Marika penjireden kellesini çykaryp: - Balykçy! Balyklaryñ täzemi? - diýip sorapdyr. Balykçy: - Eşdeñokmy, madam? Janly balyk diýýän-ä!.. - diýip, gaharlanjak bolýar. Madam Marika: - Nämä gaharlanýañ, köşek? - diýýär. - Seret, menem janly, ýöne täze däl-ä?.. • Günüñ sözi Her faraonyñ bir Musasy bardyr! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.12.2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |