19:07 Esen, Söýüniň güni / hekaýa | |
ESEN, SÖÝÜNIÑ GÜNI
Satiriki hekaýalar
Esen bilen Söýün ― ekiz. Bular bir göwrede 9 aý 10 gün bile, bir-birini ýassanyp ýatan iki dogan. Indi bular öýlendiler. Goňşy mellekde beýik ymarat gurdular. Günlerde bir gün bular köçä çykdylar: ― Sen, han ogul, gowuja boljakmy ýa ýok? ― diýip, Esen Söýüne bükütdi. ― Sen agzyňdaky köne podoş ýaly zadyňy otuz ikiň aňyrsynda saklajakmy ýa men ony ýeňsäňden çekip alaýmaýyn? ― diýip, Söýün Esene tarap bir ädim süýşdi. Il bir gowy zat, bulary aralaşdyrdylar. Esen tamynyň üstüne çykyp, şiferlerini aýyrmaga başlady. ― Dogry-da walla, özüňçe barly-ýokludan kem ýaşap... ― Senden galan enesinden dogmasyn ― diýip, Söýün hem öz jaýynyň üstünde hüňňürdenip ýördi. Ol jaýynyň üstüni birki gün mundan öň açypdy. Indi ol tamyny beýgeltmek maksady bilen ýene-de kerpiç örýärdi... ― Bi ýykylmyş kepbe öz doganyň Eseniň tüneginden ýarym metr ýaly pes görünýär. Buldozýory getir-de, süs böwründen. Has beýik et-de gur ymaraty, goý, Eseniň içi ýansyn ― diýip, Söýüniň aýaly lowlap galdy... ― Artyp Söýüniň aýaly gara GAZ-24 «Wolga» müner-de, men pyşdyl ýaly «Žiguli» bilen mydar ederinmi ― diýip, Eseniň aýaly sübsäniň uç tarapyndan tutup adamsyna topuldy... Esen öňki samoswalyny tabşyryp, solýarka daşaýan maşynyň şofýory boldy, Söýün ýolagçy taksiden ýük çekýän taksä geçdi. Esen magazinçi bolup işe başlady, Söýün otla prowodnik boldy. Emma bu işler olaryň göwnüne ýaramady. Häzir Esen bilen Söýün Krasnowodskiniň Ak daş diýen karýerinde dagyň harsaňyndan kerpiç kesýärler. Olar ýedi ýyllap şol ýerde egin-egne berip, dogan ýaly bolup işlär, ýedi ýyllap iki aýal olaryň yzyndan bileje gatnar. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |