23:13 Eseri nädip döretmeli? / satiriki hekaýa | |
ESERI NÄDIP DÖRETMELI?
Satiriki hekaýalar
Ýassyk ýok ýerinde kelläň aşagynda goýaýmaly, hammalyň palany ýaly küti roman bolsun, pagtabent atyşyp, sahnany ajy tüsseden doldurýan, pajygaly, göz ýaşly pýessa döret, okanyňda daraklygyňa galdyryberýän, ýagyrnyňdan as ýörän ýaly, ennamyň jümşüldeýän powest ýaz, tapawudy ýok, özüňe gaty göwnüň ýetäýmese, şu günki günüň wakasyna känbir ýapyşyjy bolma, zynhar, ýapyşyjy bolma. Sebäbi näme diýseň, kosmos eýýamynyň okyjysy, mukaýyt bol, senden juda köp bilýändir. Gury masgara bolanyň galar. Onuň üçinem aglaba ýazyjynyň eňen ugry bolan, gözüňe söweýin, Hanhowzuň meýdany ýaly, ýazyjy üçin hasylly ýigriminji ýyllara tarap ýeňsäni çapgy ýassygy ýaly et-de ýumlugyber. Ýamanlyk görmersiň. Ýigriminji ýyllar seniň üçin tarp hem boz ber ýaly, diýseň, hasylly meýdandyr. Gözüňe söweýin Garagum çöli. Giň takyrlar. Içseň durnagöz kaklar. Atyşsyn ýatsyn gahrymanlaryň. Düýpli eseriň üçin omaçaly bir waka-da gerekdir. Öz meslekdeşleri bilen Aktakyr diýen ýerde mesgen tutan Jeňmät hanyň ordasyny galamyň astyna algyn. «Isgender Zülkarneýin, Hezreti Aly, Çingizhan, Teýmirleň dagy kimmiş» diýip, Jeňmät han takyrda atyş ugurdan werdiş geçsin, özi görünmeýän guşuň gözünden ursun. Gana suwsan han durmuşyň garşysyna jeňe başlamak isläp, öz sülsady bilen maslahat etsin. Bu ýezitler az salny-da bolsa, seniň eseriňdäki pajygaly wakada uly howp döretsin, ýöne wagtlaýynça diýen sözi nygtamagy unutma. Han Aktakyrda tutulan alty ganat ak öýde ýelek ýassyga ýaplanyp, Çynmaçyn çaýyny süzýär. Ojakda ojar ody gümräp dur. Ätişgiriň üstünde şapbat ýaly kakmaç jyzyrdap, özüniň hoş ysy bilen hanyň işdäsini oýarýar. Ýarysy içilen iňlis wiskisi guýlan bir çüýşe çetde dur. Owadan käse, dişlenen şokolad, ine, içginiň esasy peýzažy. On alty ýaşlaryndaky zyba gözel, behiştiň hüýrüne gaýra dur diýip biljek ýaşajyk gyz, Jeňmät hanyň aýagyny owkalap otyr. Gyzyň ady simwoliki at bolsa gowy bolar. Meselem, Bahargül diýseňiz ýalňyşmarsyňyz. Han baharyň gülüni depeläp, guma garmak pygly bilen azgynçylyga ýüz urýar diýseňiz şap bolar, okyjy ynanar. Han ýaňky gyzy özüniň on üçünji aýaly edip aljak bolýar diýip teswir etseňiz okyjynyň ýagyrnysyndan tarakan ýöreýän ýaly bolar, ennamy jümşüllär. Näme üçindir han ýaňky Bahargüli özüne aýal edinip alanok? Dogry edýäň, entek, aldyrma. Toý tutulyp, nika gyzyldygy okyjy kitabyňy bulap urar. Hanyň toýunyň yza çekdirilýändiginiň sebäbi gum içinde bulara nika gyýyp biläýjek demi düşgür molla ýok. Bar iki-ýek gumly, çopan mollasumaklar. Olaryňam «Ak goýnuň kellesi, gara goýnuň kellesi, men hudaýyň bendesi» diýmekden başga bilýän dogasy ýok. Dogry, ol nemäni bilýärler, ýaňky «Ak-gök geýdirme, arpa çörek iýdirme, agyzla gapdyrma, toýnakla depdirme» diýen sanawaçlary.ony hanyň halamazlygy mümkin. «Arpa çörek iýdirme» diýseň, Jeňmät han seni iýýänje selmäňden binesip eder. Özüňize mälim bolşy ýaly, feodal hanlar iliň gözüne çöp atmak üçin ýalandan musulman dinine berk uýan kişi bolýandyrlar. «Men nikasyz Bahargül bilen ýatjak däl. Sebäbi bizden önen zürýat wenezzina bolar» diýip, han çürt-kesik aýtmalydyr. Şeýdip, Jeňmät han özüniň işanyna garaşsyn. Onuň işany Jypdyrun ahun gyzyllaryň türmesinde haýwanat bagyndaky ak aýy ýaly bolup, demir gözenekden jyklap , iki-baka gezim etsin. Hanyň işanynyň Jypdyrun diýen adyny okyjynyň geň-taň göräýmegi gaty ähtimal. Nätjek-dä. Galaba eserde şeýle-dä. Sebäbi käbir ýazyjyda otrisatel, gahrymanyň ady näçe erbet bolsa, onuň häsiýeti, pygly, içki dünýäsi şonça-da myrtar, mojuk bolýar diýen düşünje bardyr. At meselesi hiç-le. Jypdyrun bolmasa, başga has sypaýyrak at dakaýyň. Meselem, hanyň işanyna Kezzabulla ahun diýäýiň. Kezzabetdin kary diýseňizem bolar durar. Ýigriminji ýyllardan biri gelip, seniň galamyňa ýapyşjak bolmaz. Hawa, otrisatel gahrymanlar meselesi çözüldi hasap edeliň. Indi esasy wezipe hakynda, ýagny položitel gahrymanlary anyklamak barada gürrüň edeliň. Her egninde bir adam oturybermeli, ýaş, komsomol çleni, özem diýseň mert ýigit Merdan öz söýgülisi Bahargüli elinden aldyraly bäri iýmek-içmekden, ukudan kesildi. Merdan öz halypasy lýotçik Ostap Romanýugyň elinde aeroplan sürmegi öwrenýär. «Goşa ganat çekirtge bilen ýurt basyp alyp biläýseňiz-ä...heh-heh-heh!» diýşip, eserde galyň ýüzi ýagjaryp duran mollalar Ostap «orus» bilen Merdan «kemsomola» piçjiň atmalydyrlar. Emma birinji jahan urşuna-da gatnaşan tejribeli Ostap aga bilen Merdan ikisi uçup, Garagumuň takyrlaryna gonup, biziň gyzyl esgerlerimize gerekli zatlary bökdençsiz eltip bermelidirler. Käte basmaçylaryň ordasyna bomba-da oklatmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şunuň bilen eseriň birinji bölümi tamam bolmaly. Ikinji bölüm, takmynan, şeýleräk başlansa gowy bolardy. Kezzabylla ahun Hywanyň ýa Daşhowzyň türmesinde saklanylýar. Ol sellesini eşek arabasynyň tigri ýaly edip, asyl gonarlyja, döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleri bilen nokgy-nokgy edip, deň sanaşýar. GPU-yň işgärleri sorag edenlerinde ahunyň sellesini aýyrjak bolýarlar. Emma Kezzabulla keskelläm edenok, eger-eger razy bolanok. «Musulman öwlady käpirleriň öňünde hiç haçan kelläni ýalaňaçlan däldir» diýip, ahun düw-düw topulýar. «Sellämi aýyranyňyzdan kelläm aýryň» diýip, golaýyna eltenok. «Şu sellede bir syr bolmaly» diýip, kimdir birine ýaňzytdyryň. Eseriň soňunda ol pikir gerek boljak. «Ýeri, bolýa-la. Ahunyň dini ygtykadyna, ýagny dini senzine degmäň» diýip, kimdir biri aýdýar, soňra ahuna kän bir ýowuz darap duranoklar, geçirimlilik edýärler. Eseriň ikinji bölüminiň soňky baplarynyň birinde Kezzabylla ahunyň haly teň, ýagdaýy erbet bolmaly. Sebäbi ol türmede berilýän borşy, umuman, ähli nahary iýenok. «Munda doňuz eti bar» diýýär. Ol buhanka çöregem dadanok. «Muny bişirenem doňuz etini iýendir» diýýär. Ol şeýdip açlyk yglan edýär. Gün-günden gözden ýitip barýar. Ahunyň mawy gözleri hiniň aňyrsynda oturan syçan ýaly çalaja görünýär. Bellik. Ahunyň gözüniň mawydygyny aýratyn nygtaberiň, ýogsam okyjy eseri soňunda sözüňe pitiwa bermez. ― Be, ahunyň ýagdaýy-ha erbet. Oňa tamdyr çöregini almaga rugsat beräýmesek boljak däl ― diýip, ýuka ýürek biri duýdansyz teklibi orta atýar. Şondan soň ahuna gum içindäki obadan biri tamdyr çöregini getirip berýär. şol günüň ertesi daňdan çasowoýlar çalyşjak bolanlarynda Kezzabulla ahunyň ýatan kamerasy ýyldyrym uran ýaly garalyp dur. Sebäbi ahun öten agşam çöle tarap jyran bolsa nätjek. Kameranyň bilek ýaly demirden ýasalan gözenegini ahun kesipdir-de ýeňsäni el ýaly edäýipdir. Nädip kesdikä?! Keramat bilen demri suw-sil edip eredäýdimikä?! Güýçli-güýçli dogalary okadymyka?! Sebäbini wagty bilen okyja aýtma, onuň reňkini sadyr edip, soňundan duýdur, iň ahyrynda syry aç. Görüp otursak, netijede, bu syr keramatda däl-de demir kesýän pyçgyda bolup çykýar. Ahun pyçgyny nireden elledikä?! Ine gizlin syr. Döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleriniň biri-birine müňkür bolmagy-da mümkin. Ol ýazyjynyň öz ukybyna bagly, galamy ökdelik bilen ulanyp bilşiňe eýerýän zat. Ýene-de okyjy saňňyldap soňuna garaşýar. Demir kesýän pyçagy nädip ahunyň eline düşdükä? Iňlis ýazyjysy Artur Konon Doýluň meşhur «Şerlok Holmsynyň baş gahrymanynyň gerek ýeri geldi. Hormatly okyjy, men bir sizi köp garaşdyrmaýyn. Demir kesýän pyçgynyň esli bölegi tamdyr çöreginiň içinde bolsa nätjek. GPU-nyň işgärleriniň säwligi ― çöregi döwüp görmändirler. Jeňmät han öz ahuny Kezzabullanyň türmeden gaçyp gelenine begenip, iki bolup bilenok. Ol indi öýlenip, uly toý tutmakçy. Aktakyrda teke, ýomut, arap atlary uly baýraklara dalaş etmeli. baldyrynyň syh-syh bolup duran gylyna düwme dakan, men-men diýen pälwanlar häzir çala çirkizip, ganly şara iýşip, göreşe taýynlyk görýärler. Toý güni gelip ýetdi. Edil toý gyzyşyp, dep, surnaý, dutar gyjak ýaňlanyp durka, uç tarapyny başga biriniň egninde goýup çalaýmasaň, eliňe eýgertmejek uzyn kerneý zoňk-zoňk edip, toýuň tüýs jeýhun bolup joşan pillesi tar-tar edip, asmanda aeroplan peýda bolýar. Bu ýaş lýotçik, ýüregi hyjuwdan, duşmana bolan gahar-gazapdan doly komsomol Merdan bolmaly.ol şturwaly berk tutup otyr. Toýhana galagopluk aralaşýar. Howa hüjüminiň trewogasy berilýär. Aktakyryň mähellesi aljyraňňylyga düşýär. Turýar bir tüpgen, aralaşýar bir dowul, gopgun, heý diýip, aýdar ýaly däl. Merdan bomba oklamak isleýär. Emma Bahargüli ýadyna düşýär-de ryçagdan aýagyny çekýär. Jeňmät han, köpi gören zaňňar-da, al sakar atynyň eýerine şap bolaýýar. Ol iňlis berdankasyny ýalaňaçlaýar. Han aeroplanyň petekesinden otlamakçy. Jeňmät han çenenýär. Şu ýerde başga bir zadyň maslahatyny edeli. Eger isleseňiz, hany häzir öldürip bolýar. Şeýtsek, Bahargüli Merdana uly gyzlygyna-da alyp bilýär. Biziň eserlerimizde boý ýigit dul alsa geňem däl diýseňiz, onda başgaça gep. Eger hany ap-aňsatja öldüräýeli ýa bolmasa iňläp, sözen çybygynyň içinde saň gaty bolup ýatsyn peläket, diňe gözi ýaldyrasa bes etseňiz-ä onda nädeliň diýsene, Jeňmät hanyň al sakar aty aeroplandan ürkäge-de yza serpilsin. Hanam eserden agyp düşsün. Düşen ýerine-de dişleri ýokaryk edilip goýlan borona bolsun. Çölüň içinde borona näme işleýär? Okyjynyň agzyny petiklemek üçin bahana gyt däl. Basmaçylar täze gurlan «Ynkylap» kolhozynyň boronalaryny düýä ýükläp alyp gaýdan ekenler. Basmaçylar: «Kolhoz şu zat bolmasa gowaça ekip bilmeýärmiş» diýen netijä gelsinler. «Dişlerinden gama, hanjar ýasarys» diýibem düşünseler bolar. Ýa bolmasa hanyň eýeri agyp, üzeňňiden bir aýagy çykmasa-da okyjy ynanar. Iň gowusy, geliň, biz başgaça sýužet ýordumyny alyp gideliň. Urşasy gelip, tüwüni çeýnäp, tanapyna towsup ýatan Jeňmät han iňlis berdankasynyň diduwanyndan aeroplany görüp, mäşäni gysýar. Aeroplanyň patyrdysy towy gutaran patefonyň sesi ýaly peselip başlaýar. Uzaga gitmänem ojarly alaňa süsdürilýär. Merdanyň iki aýagam döwülýär. Basmaçylar samalýoty otlap, Merdanam atjak bolýarlar. Şol wagt Eşi peşäp: ― Atmaň, ony, men bu näkesiň damagyny çalyp, gamamyň ganyny ýalaýyn ― diýip, öňe dyzaýar. ― Ýok, damagyny çalmarsyňyz. Men ony ojardan başşak asyp, guraýança saklajak ― diýip, Eýmir eýmenç gygyrýar. ― Degmäň ― diýip, hanyň özi gamçysyny bulaýar. Merdan Garagumdaky iň ökde seýikçi tebibe tabşyrylýar. Olam Merdanyň derdine derman etmejek bolýar. Sebäbi tebibiň ýeke ogly söweşleriň birinde Merdanyň güllüsinden ölen bolmaly. Ýöne hanyň hökümi bilen tebip Merdanyň aýaklaryna sözen daňyp, dürli derman otlardan gaýnadyp, dertlä melhem etmäge mejbur bolýar. Şu ýerde bir zady ýatlap geçeliň. Aeroplanyny elden gideren biziň gyzyllar Aktakyra golaý gelsinler. Eger sähel maý berseň, han nika gyýdyryp, Bahargüle öýlener. Şonuň üçinem toýa, nika, ýatmaga puryja bermeli däl. Gülle sowurybermelidir. Netijede han we onuň ordasy gabawa düşýär. ― Getiriň bäri, ýaňky Merdan komsomoly, balçebegi ― diýip, han azmly buýruk berýär. ― Häzir getireris. Han aga, şol uçar sürýäni ala tana mündürip, aýaklarynam tananyň garnynyň aşagyndan çatyp, takyrda gaçyryp tüpeňläli ― diýip, Göwere kazy bäşataryny egninden alýar. ― Bolmaz, Göwere kazy, hile hem batyrlykdyr ― diýip, Jeňmät han ynamly gepleýär. Onýança Merdany idenekledip getirýärler. ― Merdan, sen indi gutuldyň. Bizi öz uçaryň bilen daşary ýurda aşyr ― diýip, han pessaý sesi bilen, emma azmly äheňde aýdýar. ― Han aga, samolýot zaýa. Ony düýpli remont etmeli. ganatlary Keminäniň possuny ýaly bolupdyr. Benzin bakyndan dwigatele ýag barýan şlanga okuňyz degipdir ― diýip, Merdan lapykeç halda uludan demini alýar. ― Onuň gürrüňini etme. Bir toklyny soýaga-da şonuň içegesinden şlangalyk kesip alarys-da uçarys ― diýip, Kezzabylla ahun asyl müşgil işi ap-aňsat edäýdi. ― Onsoň, awiobenzinini, ýagny, ýagy nireden aljak?! ― diýip, Merdan ýeserlik bilen ahuna seredýär. ― Päheý-de weli, biziň goşumyzda ýagyň gürrüňi bolmaz. Künjiniň ýagy näçe diýseň bar ― diýip, galtamanlaryň ýüzbaşysy Şaltaý ganojak naganynyň nili bilen pişgeläp duran pezzik murtuny çalaja gozgap goýberdi. ― Ýanyma altmyş atly beriň, han aga, men birki meşik nepýag getireýin ― diýip, telpegini çümre geýen Şammy kel ýerinden syçrap turýar. Eseriň üçünji bölüminde Merdan öz sürýän kiçijik samolýotyny Jeňmät hany, Bahargüli, Kezabylla ahuny mündürip, ala patyrdy, uly zenzele, uzyn tozan turuzup howa göterilýär. Gyzyl puldan, lagly-jowahyrdan mas ýüklenen aeroplanyň ugry daşary ýurda. Waka, konflikt, kulminasiýa şu ýerde, eger oňarsaň, ýetjek derejesine ýetmeli. Sebäbi komsomol Merdan öz matlabyndan dänýär ahyry. «Stažor lýotçik, komsomol çleni Merdan Ataýew bizden bidin aeroplany münüp gidipdir, belki, sen ony gaçyransyň» diýip, GPU Ostap aganyň hem tussag edýär. Netijede, tersine bolup çykýar. ― Bu nä ahwalat, toba estagpyrylla. Hywanyň minaralary görünýä-le?! ― diýip, Kezzabylla ahun aeroplanyň kabinasyndan kellesini çykaryp oturan ýerinden uly howsala bilen aýdýar. ― Honha, kelte minar, o-da Yslam Hojaň minarasy, ana-ana, Horjun medrese, mese-mälim ― diýip, ahun jan ýandyryp aýdýar. ― Dogrudanam, ahun, siz mamla. Pälwan aga. Içan gala, Nurulla baýyň howlusy... ― diýip, han ýaraga ýapyşýar. Ol Merdany atmak isleýär. ― Han, patylat, it atan ýaly et, aeroplany özüm sürüp bilýän, men Londonda... ― diýip, ahun ýerinden gobsunýar. Şol wagt Merdan aeroplanyň fýuzelýaž diýen bir ýerini çalt herekete getirýär, ýagny birden garsa tormaz berýär. Awiasiýanyň dili bilen aýtsak, güýçli «kaçka» emele gelýär. Han, ahun, Bahargül üçüsi «ýa suw, ýa saman» diýşip kelemenleşip gaýdýarlar. Eserde Merdan Bahargülüň saçyndan ýapyşyp, çalasynlyk bilen tutup saklady diýmeli bolar. Şonuň üçinem gyzyň örän uzyn dört örüm şamar saçy bardy diýip, birki ýerde nygtap aýtmaly. Eseri şu ýerde tamamlaýsaňyzam bolardy weli, dowamyny ýazmak diýenem bir kesel bardyr-ow. Şonuň üçinem Kezzabylla ahunyň gaba sellesiniň içinde çaklaňja, gaty nepis dokalan, ýüzükde geçip biljek iňlis paraşýuty bar eken diýäýiň. Ahun öz paraşýutyny ýazyp, hanam bile alyp, sag-aman guma düşsün. Asyl, ýaňky ahun diýlen näkes iňlis içalysy bolsa nätjek. Onuň ser Offendrof nýur Gallifeý Zingref Kezdýus diýen ýaly aç eşege ýük ady bar oguşýa. Ol Abu Bükri Hemaýun diýen arap ady bilen gizlenip, Gyzyl Ymamda on bäş ýyl müjewür bolup oturypdyr. Kyrk ýedi ýaşynda özüni sünnet etdiripdip, kelamyllany elli alty ýaşynda hatym eden ekeni. Hatda onuň Sarygamyş kölüniň kenarynda jojuk atyp, etinden çişlik iýendigi soň mälim bolýar. Ine, hormatly awtor, bizden saňa maslahat şeýle. Zähmet, kanal, «ak altyn», nebit-gaz, komsomol toýlary ýaly derwaýys temalar barada bolsa ýigrimi birinji asyryň ortalarynda ýazsalaram bolar-la. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |