EÝ-HOO, ADAM ÖLDÜRDIK-MAÝ? POLISIÝADAN GÖZÜMIZ AÇYLMADY
Nureddin ilki bir awtoulag aldy. Ol awtoulagly Ýewropa gezelenç etmekçidi. Iñ köp görmäge höwes edýän ýerem Şweýsariýady. Köpden bäri şular ýaly gezelenje çykmak isleýärdi, emma hiç ugruny tapyberenokdy. Ahyrsoñy arzuwyna-da ýetdi. Ol hem-ä sport awtoulagyny edindi, hemem ýolharjy bolar ýaly pul süýşürdi. Tomus gelendenem ýola rowana boldy. Onuñ gezelenji bolmanda birküç aýa çekmelidi. Ýola düşende:
– Hat-habarlaşyp durmasam, aýyp-syn etmäñ. Ýöne her baran ýerimden otkrytka ugradaryn - diýdi.
Item gitdi, ýüpem gitdi. Ne hat ugratdy, ne otkrytka...
Ýewropa ýaly ýere gezelenje çykyp, her seýran eden ýeriñden, maşgalaña, dost-ýaryña şol ýerleriñ her dürli otkrytkalaryndan ugratmasañ, aýyp bolmazmy? Eger kim muny etmese, onda Ýewropa gitmegiñ näme manysy bar?
Ýewropa gitmeli. Özem gideniñde Stambulyñ, Ankaranyñ, Izmiriñ telefon kitapçasyny ýanyña alyp gitmeli. Soñra her baran ýeriñde ol ýeriñ her tüýslüje reñkli otkrytkalaryny almaly. Myhmanhana barybam telefon kitapçañy açmaly. Ha tana, ha tanama, parhy ýok, kitapçada näçe adres bar bolsa, hemmesine giden ýerleriñden birden, ikiden reñkli otkrytka ugratmaly. Goý, hemme kişi seniñ Ýewropa gidendigiñi bilsin.
Otkrytkanyñ arka tarapyna-da "Wenesiýadan ýalkymly salam...", "Sýurihden mähirli duýgular...", "Parižden bir pursat..." ýaly ýazgylary ýazmaly.
Seniñ Ýewropa gidendigiñi hiç him bilmän galmaly däldir. Şonça ýol geçip eden gezelenjiñ şeýtmäge-de mynasyp... Gezelençden gelensoñam, tä ömrüñ ötýänçä Ýewropa eden syýahatyñy gürrüñ ber-de ýör...
– Hany olar ýaly hezillik… Heý, heýý…
– Men Ýewropadakam…
– Ýewropadan ýañy gelen wagtlarymdy...
– Gadyrdan, Ýewropa başgaça-laý…
– Biz adam bolmaýas, doganjygym. Adam bolmasyna bolarysam welin, emma ýene on tamdyr dagy çörek iýmeli bor. Ýewropanyñ…
Nureddin bularyñ hiç birisinem etmedi. Bihepbe oglan… Men dagy Ýewropa gitsem, şonda görerdiler nähili Ýewropa gidilýänini. Burnumyñ ujuny ýygyryp, daş-töweregime şeýle bir serederin welin, meni görenler:
– Näme diýseñizem bu adam Ýewropa gidip gelipdir! - diýerler...
Nureddin yigrimi günden soñ dolanyp geldi.
– Hany, birküç aý dynç aljakdyñ, ne beýle çalt geldiñ? - diýdim.
– Sen sorama, men aýtmaýyn gowusy. Zordan öýüme aşdym - diýdi.
– Goýsan-aý, otkrytka hem ugratmadyñ-a.
– Otkrytka ugradar ýaly wagt tapmasam näme?
– Diýmek, gowja dynç alypsyñ-da...
– O nämäñ dynjy… Polisiýadan polisiýa entäp geçdim, doganjygym. Gözümi açmaga maý bolmady.
– Näme üçin? Ýogsa-da, seni interpolyñ gözlegindäki jenaýatçylaryñ birine dagy meñzedäýdilermi?
– Ýok-how, doganjan, hiç kime-de meñzetmedi. Awtoulaglyja ýola çykdym. Araçäkden geçdim. Balkanlary aşdym. Hemme zat gülala-güllükkä, Awstriýadan Şweýsariýa girenden soñ bar zat üýtgedi. Nämä uçranyma düşünmän äm-säm bolup galdym. Gümrükden geçemde päsgelçiliksiz geçdim. Emma heniz bir kilometr geçmänkäm polisiýanyñ ýol gözegçilik gullugynyñ işgäri ýolumy kesdi. "Haýyş edýän, bölüme baralyñ!" diýdi. Gidiş şo gidiş boldy, şondan soñ polisiýadan gözüm açylmady. Awtoulagymyñ bir çyrasy ýanmaýarmyşyn. "Biri ýanyp dur-a, başga näme gerek?" diýdim. Ikisi-de ýanmasa, şonda näme ederdik? Komissar:
- Serediñ, awtoulaga iki çyra goýupdyrlar. Biri ýeterlik bolýan bolsa, birini goýardylar - diýdi. Üst-başymy synlady.
- Daşary ýurtly öýdýän? - diýdi.
- Hawa - diýdim.
- Düşnükli - diýdi.
Çyralary oñardyp çykdym ýola. Haýdan-haý Sýurihe aşmakçydym. Sýurihe girip barýarkam polisiýa işgärleri ýene saklady:
- Ýörüñ, bölüme!
Şähere girende ýuwaş sürmelimişin.
- Ýol giñ. Tep-tekiz... Çalt süremde näme bolýarmyşyn? Adam kakamog-a...
Komissar boýdan-başa synlady.
- Siz daşary ýurtly bolmaly - diýdi.
- Daşary ýurtly - diýdim.
- Düşnükli - diýdi. - Hoş gelipsiñiz.
- Sag boluñ, minnetdar.
Şähere girdim. Girişim bilen duruşym deñ boldy.
– Ýörüñ, bölüme!
– Eý waý, näme etdig-aý?
- Öwrümden geçeñde signal bermediñiz!
Sýurihden çaltrak çykmasam, polisiýadan bäri gelmejegim belli boldy. Niredesiñ Bern diýip, tüýkürdim ökjä. Eýläme-beýläme garanjaklamaga-da ýetişmedim:
- Ýörüñ, bölüme!
Bu gezek çepden gidenmişim. Ýagny öñümdäki awtobusyñ çepinden sürüpdirin.
- Öñüm açyk dur-a, bolanda näme...
Komissar ýüzüme bir seredip:
– Daşary ýurtly öýdýän - diýdi.
- Nädip bildiñiz?
- Görnüp duran zat... Hoş gelipsiñiz.
Şu awtoulag maña hezillik berjek däl öýdýän. Durmaly däl ýerde durduñ diýýärler. Ýör, bölüme... Duýduryjy belgilere seretmän geçdiñ diýýärler. Ýör, bölüme... Swetoforyñ yşygyna boýun egmediñ diýýärler, polisiýa. Tizligiñi ýokarlandyrdyñ, polisiýa... Alnym dertden açylmady. Awtoulagy bir satyp dynaýyn diýdim. Awtoulag belasyndan ýaña Ýewropa diýip polisiýa bölüminden başga zat görjek däl öýdýän. Arzan bahasyndanam bolsa awtoulagymy satdym.
– Ýör, bölüme…
Görüp otursak, awtoulagda motor, şaý-şupur diýen zat ýokmuşyn.
– Bu nädip ýöreýär? - diýdiler.
– Ýörär, ýörär, Alla ýol berse... - diýdim.
Sürüjiniñ oturgyjyndaky pyşbaga çanagyny, "Maşallah" ýazgyly matany, "Garynja dogasyny", gök gözmonjugyny görkezdim. Näme diýsem ynananoklar.
- Aý-waýeý, alyñ şulary mugt... Halas ediñ meni...
Awtoulagy bir boş ýere taşladym-da paýu-pyýada ýöräberdim öz ýoluma. Ýogsa bu awtoulagyñ derdinden Şweýsarisiýany görmän yzyma dolanmaly boljak.
– Ýörüñ, bölüme…
Trotuardan gitmän, ulag ýolundan ýöränmişin… Men-ä mundan soñ Bern şäherinde-de özüme gün berilmejegini bildim. Iñ gowusy, awtobusa münäge-de Lozana gideýin.
– Ýörüñ, bölüme… - Komissar: – Siz daşary ýurtly öýdýän… - diýdi.
Awtobusa münenimde, menden öñde duran adamyñ öñüne geçenmişim. Komissara ýalbarmaga durdum:
– Gaýrat ediñ, meni Lozana aşyryñ, başga zada üns bermäñ.
Lozana geldim. Şähere aýlanyp ýetişmedim.
– Ýörüñ, bölüme!
Hudaýa ynanýan bolsañ, aýdanlaryma ynan, hiç zada el degmedi. Näme edenmişim, boş çilim gutusyny köçä zyñanmyşym. Eý-hoo, adam öldürdik-maý, gündiziñ günortany şäheriñ orra-ortasynda gyz alyp gaçdykmy, näme etdik...
Lozanda-da aýagym ýer tutmajagyna göz ýetirdim. Al bäşi onda, Ženewa! Iñ bolmanda Ženewa diýilýän ýeri bir görüp galaýyn. Görkezseler diýsene!
- Ýörüñ, bölüme!
Ýola tüýkürenmişim. Aý, janlarym, tüýkürsem tüýkürenem ekenim-dä, biriniñ ýüzüne düşüpdirmi. Ýa ortada arzaçy barmy, arz-şikaýat barmy?..
Komissar:
-Hymmm… düşnükli - diýdi.
-Näme barmyşyn, hawa, daşary ýurtly men, ynha! - diýdim.
Şweýsariýanyñ çar künjüne aýlansagam, polisiýadan başga zady görmedik. Indi bir ýolda barýarkam, ýalñyşlyk goýberäýmäýin diýip durkamam... Her kimde-de bolýan zat, adamçylyk bu doganjan, beýleki gyssady. Onsoñ köçäniñ gyrak-bujagrak ýerini gözläberdim. Diwarlara seredýän welin, "Eşeklere mahsus" diýibem ýazgy ýok. Ohh, diýmek arkaýyn hajatyñy bitiribermeli-dä onda...
- Ýörüñ, bölüme!
Gardaşym, şweýsariýalylar adamyñ sypatyna sereden batlaryna daşary ýurtlumy ýa dälmi, bilýärler. Boljak zat däl…
– Gaýrat ediñ, külli adamzadyñ hatyrasyna meni Şweýsariýanyñ çäginden daşary çykaryñ! - diýip ýalbardym.
Ynha, şeýle, doganjygym, saña otkrytka ugratmaga wagtym bolmasa näme? Şweýsariýany aýlanyp, keşt etdim-de, polisiýadan başga zat gördümmi?..
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
("Gözüne Gözlük" kitabyndan)
Terjime eden: © Has TÜRKMEN.
Satiriki hekaýalar