09:14 Eýranda 1953-nji ýylyñ döwlet agdarlyşygyny gurnan iñlis jansyzy | |
EÝRANDA 1953-nji ÝYLYÑ DÖWLET AGDARLYŞYGYNY GURNAN IÑLIS JANSYZY
Taryhy makalalar
Norman Darbişir terbiýeli maşgalada önüp-ösüpdi, emma onuñ çalt uýgunlaşma we dil öwrenme ukyby täsirli aragatnaşyk toruny gurmagyna we Eýranyñ premýer-ministriniñ wezipeden pyzylmagyna ýardam etdi. Musaddyk hökümetiniñ 1952-nji ýylyñ 22-nji oktýabrynda Eýrandaky iñlis ilçihanasyny ýapmagynyñ yzyndan Norman Darbişiriñ (gara äýnekli) kärdeşleri bilen birlikde ýurtdan çykyp gitjek bolup ýörkä düşürulen fotosuraty ("National Security Archive" saýty) Ýetmiş ýyl öñ halk tarapyndan saýlanan premýer-ministri agdarmak üçin guralan amerikan-iñlis döwlet agdarlyşygy şowsuzlyga uçrandan soñ Eýranyñ syýasy durnuklylygy bozulmazdan dowam etdi. ABŞ-nyñ MRU-si (CIA) operasiýasyny togtatmaga taýýardy, emma 28 ýaşly iñlis kontrrazwedkaçysy operasiýany soñlamagyñ kejine tutdy. "The Guardian" gazetinde çap edilen habarda Norman Darbişir hakda aýdyldy. Habar Darbişiriñ Birleşen Korollyk (BK) tarapyndan Eýrandan işledilýän nebit ýatagyny halk eýeçiligine geçirip meşhurlyk gazanan Muhammet Musaddygy agdaran we şany Tährana dolap getiren agdarlyşykdaky oýnan rolunyñ üstünde durup geçdi. 1953-nji ýylda Musaddygyñ agdarylmagy bilen BK az wagtlaýynam bolsa bähbitlerini dikeltdi, emma şa "ýigrenilýän diktatora" öwrülip, 1979-njy ýylyñ Yslam Rewolýusiýasynyñ we Eýran bilen Günbataryñ arasynda şol wagtdan bäri dowam edip gelen duşmançylygyñ öñüni açdy. Habarda berilen maglumatnamada Darbişiriñ BK-yñ demirgazygynda salyhatly maşgalada önüp-ösendigini we onuñ kakasynyñ Uiganda larýokçy bolup işländigini bolandygyny ýazýar. Darbişir Ikinji jahan urşunyñ turmagyndan soñ goşunyñ hataryna girdi we Ýörite Harby-howa güýçlerinde gulluk etdi. Pars dili bilen birlikde birnäçe dilleri bilýändigi üçin 1943-nji ýylda Angliýa we Sowet Soýuzy tarapyndan basylyp alynan Eýrana ugradyldy. Oña berilen tabşyryk nemesleri nebit ýataklaryndan daşlaşdyrmak we Gündogar frontunda logistik liniýalaryny açyk tutmakdy. Darbişiriñ Tährandaky üçýarym ýyllyk harby gullugynyñ birinji ýarymynda aragatnaşyk torlaryny gurmaga başlandygy aýdylýar. 1951-nji ýylda Musaddyk premýer-ministr boldy we iñlis-eýran nebit kompaniýasyny döwlet eýeçiligine geçirip, şondan soñky ýyl iñlis diplomatlaryny ýurtdan çykardy. Bu ýagdaý Londony ondan dynmagyñ meýilnamasyny işläp düzmäge iterdi. Darbişire we onuñ kömekçisine premýer-ministri agdarmak üçin "Operasyon Boot" atly meýilnamany taýýarlamak tabşyrylypdyr. Emma amerikanlaryñ Duaýt Eýzenhaureriñ prezidentliginden soñ 1953-nji ýylyñ ýazynda operasiýa gatnaşmagynyñ yzyndan meýilnamanyñ ady üýtgedilip "Operasyon Ajax" edilýär. Emma meýilnama umuman alanda öñküligine galdyrylýar. 15-nji awgustda döwlet agdarlyşygy başlanda işler göz açyp-ýumasy salym tizlikde bolup geçipdir. Agdarlyşyga gatnaşýan käbir harby gullukçylar herekete geçmändir. Şa howsala düşüpdir we kiçijik uçaryñ biline depip Bagdada gaçypdyr. Waşington şobada meýilnamadan el çekmäge taýýardygyny mälim edipdir. Emma Darbişir yza çekilmegi ret edipdir, gaýtam munuñ ýerine birgiden adam bilen aragatnaşyk açypdyr we köp sanly hakynatutma adamy Musaddygyñ tarapdarlarynyñ we "Tudeh" partiýasyndaky kommunist ýaranlarynyñ üstüne çozmak üçin Tähranyñ köçelerine sürüpdir. Munuñ özi şany goldamak babatda höwessiz ofiserleri aýaga galdyrmak üçin ýeterlik bolupdyr. Döwlet agdarlyşygynyñ şowlamagy Darbişiri iñlis kontrrazwedkasynyñ altyn perzendine öwrüpdir we biraz wagtdan soñ onuñ geçisi hasam daga ýaýrapdyr. Ol Tähranda London bilen şanyñ arasynda aragatnaşygy ýola goýma işini alyp barypdyr we Eýranyñ paýtagtynyñ demirgazygyndaky uly jaýda keýpi-sapa sürüp ýaşapdyr. Emma onuñ aýaly (alty çagany dogran) Elbrus daglarynda gezim edip ýörkä awtoulag heläkçiliginde ölenden soñ maşgala durmuşy dargapdyr. Awtoawariýa bolup geçende özi sowet serhedine golaý iñlis elektron diñleme merkezinde bolansoñ, diri galypdyr. Iki ýyldan soñ Darbişir kontrrazwedka gullugynda işleýän ýaş gyz Wirjiniýa Fell bilen gezmäge başlapdyr. 1966-njy ýylyñ aprel aýynda oña öýlenipdir. Toýlary ilçihananyñ jaýynda bolupdyr we çykdajylary iñlis kontrrazwedkasy tarapyndan tölenipdir. Wagtyñ geçmegi bilen Darbişiriñ özüni alyp barşy ynjalykdan gaçyryp başlaýar, ol süpük alkaşa öwrülip edýän hereketlerine hiç hili jogap berip bilmändir. Maşgalanyñ 1975-nji ýylda Angliýa gaýdyp barmagyndan az wagt geçenden soñ är-aýal aýrylyşýar we soñky ýyllarda Darbişiriñ karýerasy dargaýar. Ol şonda-da ýene ýokaryk dyrmaşmak üçin dyrjaşypdyr, ýöne "spirtli içgileri çakdanaşa köp içip" göze düşensoñ, at-owazasy oña kömek etmändir we 1979-njy ýylda öz arzazy bilen işinden boşadylypdyr. Darbişir 1993-nji ýylyñ iýun aýynda öýüniñ öñünde bag çyrpyp ýörkä infarkt geçirip aradan çykypdyr. Soñky ýoluna ugradyş çäresi sekiz çagasynyñ başynyñ jemlenen seýrek pursatlarynyñ biri bolupdyr. (Wirjiniýa Fell bilen nikalaşandan soñ iki gyzy bolupdyr). "The Guardian" maglumatnamany şeýle sözler bilen jemleýär: "Şanyñ agdarylmagyndan we Eýrandaky Yslam Rewolýusiýasyndan soñra 1953-nji ýylyñ döwlet agdarlyşygy öñküsi ýaly ullakan üstünlik bolup görünmeýär. Emma Darbişiriñ bu boýunça pikirini üýtgedendigi barada hiç hili subutnama ýok". 1985-nji ýylda alynan seýrek interwýuda Norman Darbişir eger Musaddygyñ häkimiýet başynda galmagyna ýol berilen bolsa, ahyrynda kommunistleriñ hökümeti ele saljagyny we "bu ýagdaýda Russiýanyñ elmydama ymtylyp gelen Pars aýlagynyñ portlaryna baryp ýetjekdigini" berk nygtapdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |