23:35 Ezber oglan / intermediýa | |
EZBER OGLAN
Satiriki hekaýalar
― Saglykmy, han ogul, gurgunmysyňyz? ― Şükür, saglyk-gurgunlykdyr, ýaşuly. ― Meň bu şähere ilkinji sapar gelşim. Uzak obadan özüm. Biz bir sähraýy, çoça adam bolýas. Soraşdyrmak aýyp däldir-le hernä?! ― Sorabermeli ýaşuly, bilenimizi aýdarys. ― Şu ýerlerde golaýda okuw jaýy barmy? ― Bardyr, ýaşuly. ― Dogmamy okuwa salaýjakdym. Tanyş tapyp bolmazmyka?! ― Okuwa kabul edilýän ýerlere baryp görüň-dä. Uniwersitet bar. Ýene bir okuw jaýy bar. Oňa «Narhoz» diýýärler. ― Ol nar, hoz bolsa bazarda gymmat, nämedigini tanatdy. ― Nar, hoz däl, halk hojalyk instituty. Ýene bir okuw jaýy bar. Oňa, «selhoz diýilýär. ― Ana gördüňmi, ol-a zil hozdan okadýan bolmaly. ― Ýaluly, siz entek köp zada düşünmeýän ekeniňiz. Siz bir kezzapdan, jüwlükden elin aldanarsyňyzam welin, sesiňiz Çaryşla ýetse gerek. ― Aý, men näbileýin, inim, gumda ýarasyna çäge sepip, mal yzynda tolarsagyny galgadyp ýören bir çoçada. Özünden ula salam bermeli diýseler düýä salam berip ýörüs. Hanym, geň-taň görme gojany. ― Zyýany ýok, ýumşuňyz bolsa aýdyberiň, ýaşuly. Bu ýeri uniwermagdyr. Haryt satylýar. ― Diplom satylanokmy, alyp gidiberjekdim. Horjunyň iki gözüni gözäp geldim. ― Ýaşuly, puluňy ilki berip, bäş ýyldan soň diplom üçin gelmeli. ― Oglum, otüki, okuw jaýlarynyň birinde biz obadan biri bolmalymyş. Öz-ä bir zat goraýarmyş. Ömürboýy şonuň aladasyndamyş diýip eşitdim. ― Be, ol haýsy okuw jaýyndaka-naý? Kimkä, goraýan zady nämekä? Ikinji aprelden baha galaly bäri indi öýlerde goramaga siňegem-ä ýok. Gyryldy gümanym bar, ýa etçileriň öýüne eňdi şolar. ― O bendäň çagasynyň eline ýarag alyp halkyň emlägini goramajag-a äşgär. ― Be, ýaşuly, oň goraýan zady nemekä?! ― Otüki, öz-ä nememiş, şol zady ömründe bir sapar gorap bilseň, altyn aşygyň alçy gopdugymyş. Ýokardan oklanan pişik ýaly ýedi arkaň ýere degmeýämiş. Garaz, şol goran zadyň ömür boýy seni goraýamyş, gepiň tümmek ýeri. ― Kim diýýärler oňa? ― Atasyna-ha Kakadurdy diýýärler. Öz ady ýadymda däl. birhili käri-hä bolmaly özüniň, doktoryň dermanyna meňzeş ady bar. ― Wolidol, kalseks, lewomisin, pentalgin, aspirin... ― Äh-hä, aspirin, aspirin... Şoňa çalymdaş. Üstünden barýan bolsaň ahmal. ― Aspirantmy? ― Edil özi, uzak ýaşa, inim! Obamyzdakylara ýylda kömegi ýetip durdy. Menem şony zarlap geldim. ― Aspirant Ýegenmämmet Kakadurdyýew indi sizi kabul etmez. Ony ýygnadylar. ― Bolaýypdyr şol-a. ― Ýaşuly, beýdip ýörüşiňize sizem şaýat hökmünde saklaýmaklary mümkin. ― Aý, men-ä oňa özüm elim bilen beren zadym ýok. Ýöne şu ýyl dogmamy... ― Ogluňyz oňatja okadymy? ― «Türkmen dilinden ogluňyz gömük, ýaşuly» diýip, mugallymy-ha zeýrendi. ― Şonsy keçje ekeni, ýaşuly. Türkmen dili respublikamyzda esasy sapaklaryň biri boldy ahyry. Okuwa girip bilmez. ― Türkmen dilinde suw, çörek diläb-ä bilýär. Ukusy tutsa ýatjagam diýip öz ene dilinde aýdýar. Ýumuş buýursaň etjek däl diýip iňlis dilinde-hä aýdanok ol namartaý. Puluň türkmençesinem bilýär, orsçasynam? ― Ogluňyz rus dilinden nähili? ― Parta, pol, karta, traktor, pomidor, kartoşka ýaly sözleri bilýär. ― Ol sözleriň türkmençesi ýok ahyry. ― Türkmende ýok sözi bilse ökdeligi dälmi, otüki. Ýogsada «idisudany» ýagny, bäri geli bilýä diýip orus dili mugallymy begenip gürrüň beripd-ow. Ýöne weli aňry git diýmäni bilenok diýip aýtdy. ― Bärik geli bilensoň, aňry git diýmänem öwrenmeli-dä, ýaşuly. ― Bäri geli bileňsoň aňry gidiň gitjek ýeri ýok. Aňyrsyna geçägetdänin, ýene «idi suda» diýäýmelidir-dä. Arada öýe bir geolog geldi. Ýarygije geläýdi. Ol-a türkmençe bilenok, menem onuň dilini. Ogluma diýdim «Myhmana düşündir, agşam çaý, çörek bilen ýatsyn. Irden söwüş etjek» diýdim. dogmam herne düşündiräýdi. «Weçerom uh» diýip, ýassyga kellesini goýup, gözlerini ýumup görkezdi. «Utrom pyh» diýip öz bokurdagyna pyçak goýup görkezdi. ― Myhman, düşünendir-dä, hernä? ― Düşünendir-dä. Ýogsam gaçyp gitmezd-ä. 30.10.1991 ý, «Halk sesi» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |