EZELI OGUZ-TÜRKMEN DÖWLETINIŇ TARYHY
(miladydan öňki III müňýyllyk)
1. Oguz han Türkmeniň Aý sypaty
Ezeli Oguz-türkmen döwletiniň taryhy hakdaky söhbetime Oguz han Türkmen bilen baglanyşykly tymsal bilen başlamak isleýärin. Oguz han Hindistany alanda, ol ýerde bütin ömrüni gowakda geçirýän alymlara sataşypdyr we olar bilen esli wagt söhbetdeş bolup oturypdyr. Gowak alymlary onuň haýsy ýurtdan gelendigini sorapdyrlar. Ol örän alys ülkeleri salgy beripdir. Şonda alymlar ondan: «Şeýle alys ýerden bu ýurda näme isläp geldiňiz? – diýip sorapdyrlar. Oguz han bu sowala näme jogap berjegini bilmändir we olara ýüzlenip: «Eýsem, siz alymlar aýdyň! Men näme isläp gelen bolmaly?» diýipdir. Alymlar näme jogap berjegini bilmändirler. Oguz han sowalyny ýene gaýtalapdyr. «Men näme isläp we nämä geldim?» Alymlar şeýle jogap beripdir. «Biz seniň näme isläp gelenini bilmeýäris. Ýöne, rast sen gelen bolsaň, sebäbi hökman bardyr, çünki «sebäpsiz çöp başy gymyldaýan däldir» diýipdirler. Oguz han:
– Siz näme sebäpdendir öýdýäňiz? – diýip sorapdyr.
– Biz öýdemzok, munuň sebäbini bilýäris. Biz seniň gelmegiňe garaşýardyk. Çünki halkyň päli azdy, iliň agzybirligi bozuldy. Päl azman, başa bela gelmezmiş. Eger-de pälimiz azan bolsa, seni Taňry başymyza musallat edip iberen bolmaly. Seniň gelmegiň sebäbi şol – diýipdirler.
Soňra alymlar Oguz hana ýüzlenip:
– Eger-de, siz hakykatdan hem şeýle uly han bolup näme isleýäniňizi bilmeseňiz, onda halkyňyzyň dat gününe – diýipdirler.
Oguz han:
– Men dünýäniň aňry çägine ýetip görmek isledim – diýipdir.
– Eýsem, munuň Beýik hana däl-de, çaga laýyk höwesdigini siz bilmeýärmisiňiz. Ynsanyň göwnünde her hili höwesi-isleg peýda bolýar. Siz olaryň her birini kanagatlandyrmaga çalyşsaňyz, onda ömrüňiz biderek geçer. Çagadan tapawutlylykda, ulularyň şol höwese bäs gelmek, ony basyp ýatyrmak ukybynyň bolmalydygyny unutmaly däl ekeniň.
Ýöne, her niçik-de bolsa, seniň höwesiň oňa bir ömrüňi bagyşlanyňa degýär. Emma, seniň öz höwesiňi kanagatlandyrmak üçin tutuş halkyňyň ömrüni hem diňe öz halkyňyň däl, öňünden çykan ähli ýurtlaryň halklaryny-da pida etmegiň nädogry. Patyşalar, hanlar öz höwesini däl-de, halkyň höwesini, islegini kanagatlandyrmak üçin hökümdarlyk tagtyna çykýarlar – diýipdirler.
Oguz han alymlara ýene sowal bilen ýüzlenipdir:
– Siz mydama halkyň etmeli işlerini öwredýän ekeniňiz. Eýsem, meniň bilen uruşmak boýunça halka siz näme öwretdiňiz.
Olar şeýle jogap beripdirler:
– Biz halkymyza owaldan: «Ýa-ha oňat ýaşamagy ýa-da oňat ölmegi başarmaly» diýip öwretdik. Halkymyz bakar, görer, seniň geljegiň bilen oňat ýaşamagyna gözi ýetse, ýaraşyk baglaşar, ýogsa-da ölümine kaýyl bolup uruşarlar».
Oguz han olardan:
– Siz maňa näme maslahat berersiňiz? – diýipdir. Şonda bir alym gatap galan geçi derisini getirip ýere oklapdyr-da, onuň daşyna aýlanyp, onuň gyrasyndan, dört tarapyna geçip aýagy bilen basyp görkezipdir. Her gezek deriniň bärsinden basylanda beýleki uçlary galýan eken. Soňra alym deriniň ortarasyna münüp durupdyr. Deriniň hiç ýeri galmandyr. Munuň manysyny olar şeýle düşündiripdir. «Döwleti şu deriniň ortasyndan basyşym ýaly, merkezde oturyp dolandyrmaly. Merkezde şeýle bir paýtagt şäher gurmaly, ol ýurduň islendik künjünden, hatda daşary ýurtlardanam görnüp durmaly. Şeýle bolmasa ýurt saklatmaz» diýipdir. Ýaňykent şäheri şol pähimden soň gurlan şäher bolmaly diýip hasap edýärler.
Dünýäni basyp almagy maksat edinen Oguz han Türkmeniň döwri jemgyýeti dolandyryjy şahsyýetiň dolandyrmagyň ähli taraplaryny öz eline alan bitewülik döwri bolupdy. Muňa arheologiýa hem, Oguznamalar hem şaýatlyk edýär. Oguz han soňky jemgyýetlerde aýrybaşgalaşan üç sany şahsyýeti özünde jemleýän bir bitewi şahsyýetdir. Onuň döwründe türkmeniň dünýäde iň kuwwatly millete öwrülmeginiň aňyrsynda şu bitewi şahsyýet hadysasy ýatýar. Häkimlik ediji bitewi şahsyýet hadysasy jemgyýetşynaslaryň çynlakaý öwrenmegine mynasyp ähmiýetli bir hadysadyr. Çünki, ýaňky aýdyşym ýaly, oguzlaryň baryp bäş müň ýyl mundan ozal Hytaýdan başlap Ortaýer deňzi aralygyndaky, sibirden başlap Hindistan aralygyndaky giňişliklere eýe bolup, özgelerden üstün çykmagy Oguz han şahsyýeti bilen baglanyşyklydyr. Jemgyýetiň derejesi ony dolandyryjy döwlet guralynyň kämilligine, milletiň ony özgelerden ýokary göterýän kuwwatynyň derejesi milleti edara ediji baştutanyň kämilligine baglydyr. Özge halklaryň we milletleriň entek ýarym ýabany, ýarym medeni durmuşda ýaşap, jemgyýetçilik-döwlet gurluşy diýilýän zadyň nämedigini bilmeýän zamanlarynda, Oguz han Türkmen elinde kämil döwlet guraly bolan bitewi şahsyýet bolup öňe çykdy. Oguz han üç häkimligi – ruhy, syýasy we harby häkimlikleri özünde jemlän ilkinji dünýä hökümdarydyr. Men bu bahany, kesgitlemäni ene topragyň astynda bäş müň ýyllap ýatan arheologik tapyndylaryň we topragyň üstünde şonça ýyllap nesilden nesle, hakydadan hakyda geçip gelen ýazuw ýadygärlikleriniň berýän maglumatlaryna daýanyp aýdýaryn. Oguznamalarda aýdylyşy ýaly, Oguz han oguzlara bäş müň ýyl mundan ozal täze dini – birhudaýa uýmak dinini berdi. Beýik atamyzyň bu beýik ruhy-dünýägaraýyş öwrülişigi Oguznamada onuň dünýä iniş hem-de öýleniş wakalarynda anyk beýan edilendir.
Oguz han edil Isa alaýhyssalam ýaly eneden doglanyndan, dil çykarmak ukybyny – pygamberlik ukybyny aýan edýär.
Oguz han ýigit çykandan soň, edil kyrk ýaşly Muhammet alaýhyssalam ýaly ilini bir hudaýa uýdurmak sypatyny – pygamberlik sypatyny aýan edýär.
Şeýle beýik ruhy hadysanyň bäş müň ýyl mundan ozal hiç bir özge milletde bolup geçmändigini hemmämiziň boýun almagymyz gerek. Iň esasy zat hem, munuň hiç hili oýlanyp ýa-da toslanyp tapylan däl-de, hakykatda bolup geçen hadysadygydyr. Oguznamalary ýazan eždatlarymyzda oýlap ýa-da toslap tapmak zerurlygy ýüze çykandyr diýip pikir etmek gülkünç bolardy. Näme üçin beýtjek? Özgelerden rüstemligini mazamlamak üçinmi? Emma özgelerden üstündigini olar iş ýüzünde – gylyçdyr aty, harby hem maddy güýç-kuwwaty bilen subut edýärkäler, beýle toslama «subutnama» olaryň nämesine derkar bolsun?! Olar diňe özleriniň şeýle kuwwatlylygynyň taryhy gözbaşlaryny agtarypdyrlar we gözlegçi, agtaryjy paýhas gadymy Oguz hanyň şahsyýetinde saklanypdyr.
Milletiň taryhynda şeýle bir wakalar we hadysalar bolýar, olaryň aýratyn ähmiýetliligi sebäpli millet tä milletligine galýança, ol wakalar we hadysalaryň manysy unudylmaýar. Aýratyn ähmiýetli diýmek näme? Bular milletiň taryhy mazmunyny düzýän beýik taryhy öwrülişiklerdir. Şonuň üçin hem bularyň anyklygy we jikme-jikligi unudylaýanda-da (çünki näme diýseňem, wagtam öz üýtgediji hereketini bes etmeýär) bularyň manysy hem-de mazmuny hiç mahal ýatdan gitmeýär.
Men bu kanunalaýyklygy düşündirmek üçin, ýene-de energiýanyň saklanmak we öwrülmek kanunyna ýüzlenýärin. Bu kanun milletiň ösüşinde-de öz hökmüni ýöredýändir. Milletiň aýaga galmagyna sebäp bolan energiýa taryhy öňe gidişligiň uzak dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan sarp ediläýende-de, onuň asylky çeşmesi we bu çeşmäniň täsiri baradaky hakyda hiç mahal sarp bolup gutarmaýar. Wagt beýik öwrülişigi döreden hadysanyň manysyny ýok edip bilmez, emma ol şol waka bolan soňky garaýyşlaryň bary-ýogy görnüşine täsirini ýetirip biler. Men hut soňraky garaýyşlaryň jemi bolan Oguznamalaryň Oguz hanyň dogluşyna we öýlenişine, garaýşyna şeýle täsiriň netijesi hökmünde seredýärin. Men degişli meselelerde ýöne ýere yslamyň iki pygamberiniň – Isanyň hem-de Muhammediň atlaryny getirmedim. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda diňe yslam döwründe Oguznamalar saklanyp galypdyr. Olaryň Oguzyň dogluşyna we öýlenişine garaýşynyň görnüşini yslamy ölçegiň kesgitlejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Başgaça aýdylanda, bu ýere yslamdan nämedir bir zatlaryň goşulandygyny inkär edip bolmaz. Bu ýerde geçmişe garaýyşlaryň görnüş hökmürowanlygy bar. Bu tebigydyr. Nesiller ata-babalary diňe öz gözýetiminiň çäklerinde göz öňüne getirip bilerler. Emma bu garaýşyň döremeginiň aslynda weli hökmany suratda taryhy geçmişiň özünde bolup geçen mazmun ýatyp biler. Ýogsa ruhy dowamat hökmündäki taryh asla mümkin bolmazdy, oňa derek diňe toslamalar we oýlap tapmalar bolardy.
Men şu ýerde, eziz okyjy, size henize-şu güne çenli türkmen halkyna elýeterli bolmadyk iki jiltden ybarat bolan «Seljuknama» kitabyndan iki sany rowaýaty ýetirmekçi bolýaryn.
Ysraýylyň Töwrat kitabynda şeýle ýazylypdyr:
Nuh pygamber alaýhyssalam ýer ýüzüni günortadan-demirgazyga çenli üç bölek edipdir. Birinji kysymy garalaryň atasy bolan ogly Hama; ikinji kysymy araplaryň, parslaryň, rumylaryň, ymranylaryň atasy bolan ogly Sama; üçünji kysymy türkmenleriň atasy bolan ogly Ýafese beripdir. Ýafesi gündogara iberipdir. Türkmenler we mogullar hem şeýle diýýärler. Emma türkmenler Ýafese Abulja han diýerler. Ýöne Abulja hanyň Nuhuň ogludygyny ýa-da agtyklarydygyny anyk bilmeýärler. Emma onuň Nuhuň neslindendigini we oňa ýakyn döwürde ýaşandygyny ykrar edýärler. Tamam mogullar, türki taýpalar we çarwalar onuň neslindendir. Ony şu görnüşde beýan edýärler: Abulja han çarwa we göçüp-gonup ýörerdi. Onuň ýaýlagy örän uly we beýik Ordag we Kürdag daglaryndady. Ol sebitlerde Ynanç atly şäher bolup, onuň gyşlagy şol sebitlerdedi. Ýursun, Kakyýan, Garagum – oňa Garagurum hem diýýärler – Talas şäheri, Garry Saýram dagy ol ýerleriň golaýyndady. Garry Saýram gadym we örän uly şäherdir. Ony görenler «Bir ujundan beýleki çetine bir günlük ýol bolup, kyrk gapysy bar. Bu döwürde musulman türkler onda ýaşaýarlar» diýýärler. Ol ýerler Kaýduýa we Koýunçy ulusyna degişlidir. Abulja hanyň Düýp Ýabgu atly ogly bolup, onuň adynyň manysy «Döwlet we uly we derejeli» ýagny ähli kowmuň ulusy we başy diýmekdir. Ol oglan şan-şöhrat we patyşalyk esbaby birle atasyndan artykdy.
Düýp Ýabgunyň GARAHAN, ORHAN, GÜN HAN WE KÖRHAN atly dört ogly bardy. Ähli kowumlary bilen kapyrdylar. Düýp Ýabgu han ölenden soň Garahan onuň ýerine tagta çykýar. Onuň bir ogly boldy. Üç gije-gündiz enesini emmedi. Enesi ol sebäpden aglap, nalalar çekerdi. Ondan çaga: «Eý meniň enem! Eger Taňra sygynyp, Taňryny söýüjilerden bolsaň, seniň süýdüňi emerin» diýdi. Enesi «Eger Taňra sygynyp, ony äşgär etsem oglum bilen meni heläk ederler» diýip, ärinden we kapyr kowumdaşlaryndan gorkusyna gizlinlikde köňlünde Taňra iman getirdi. Bütin yhlasy bilen Haktagalany söýdi. Ol oglanjyk enesini emmäne başlady. Bir ýaşa ýetdi. Ol örän görklüdi. Kämillik we hak ýoluň alamatlary alnynda ýyldyraýardy. Atasy ol alamatlary onda görende «Biziň urugymyzdan bu keşpli ogul dünýä inmändi. Bu oglan özüniň deň-duşlary we egindeşleriniň arasynda olardan uly we beýik bolar we kämillik mertebelerine ýeter» diýýärdi. Oňa at goýmak babatda kowumdaşlary bilen sözleşip, maslahat ederdi. Çaga bir ýaşanda «Meniň adyma Oguz goýuň» diýip sözledi. Ol ýerdäkiler ol hala haýran galdylar. Onuň sözüne görä – oňa ýol görkeziji Allatagalady – oňa Oguz at goýdular. Ulalyp, kämil ýaşyna ýetende, atasy Garahan öz gardaşlarynyň gyzlaryndan örän owadan we sahypjemal bolan Körhanyň gyzyny oňa alyp berdi. Oguz gizlinlikde «Eger Taňra sygynyp, Taňryny bir bilseň we Taňryny söýüjilerden bolsaň, menem seni söýerin we saňa ýakynlyk ederin» diýdi. Ol gyz ör-gökden gelip, nesihatyny kabul etmän, «Ataňa diýsem, seni heläk eder» diýdi. Oguz şonuň üçin oňa üns bermedi. Ony söýmeýändigini görende atasy Gün han atly bir gardaşynyň gyzyny oňa alyp berdi. Oguz ol gyza-da şol sözi aýtdy. Ol gyz hem kabul etmedi we Haktagala iman getirmedi. Oguz ony hem söýmedi we golaýlaşmady. Garahan Oguzyň ol gyza hem meýliniň ýokdugyny, ol iki aýalyň hiç birine mähir bildirmeýändigini görende Orhan atly gardaşynyň gyzyny Oguza alyp berýär. Emma heniz öýlenmänkä Oguz şikardan gelýärkä eşik ýuwmana çykan kenizler bilen oýnap ýören Orhanyň gyzyny suw gyrasynda görýär. Oguz atyny suwa ýakyp onuň ýanyna bardy we ýuwaşlyk bilen aýtdy:
– Bilýärmiň, doganoglanlarymyň gyzlaryndan ikisini aldym. Emma olary söýmeýärin we olar bilen söhbet etmeýärin. Sebäbi olardan Gök Taňrysyna iman getirmeklerini we ony söýüjilerden bolmaklaryny soradym. Olar meniň sözümi diňlemediler we müňkür boldular. Indi seni maňa nikalap bererler. Eger Taňrynyň birligini ykrar edip, oňa iman getirseň, Ony söýüjilerden bolsaň seni alaryn we söýerin.
Ol gyz şeýle jogap berdi:
– Men Taňryny tanamazam we bilmezem. Emma seniň sözüňden çykmaryn we seniň buýrugyňa tabyn bolaryn.
Oguz aýtdy:
– Meniň göwün islegim hem şeýledi. Men saňa Taňra iman getirip, ony söýüjilerden bolmagyňy buýurýaryn.
Ol aýtdy:
– Seniň sözüň kabul etdim.
Haktagala iman getirip, ony söýüjilerden bolandan soňra, Oguz ony aldy we söýdi.
Ine, Oguz hanyň ömrüniň başky iki bölegini beýan edýän ýokarky iki rowaýat öz-özlüginde yslam döwrüniň görüş görnüşi bolmak bilen bir wagtda bir gürrüňsiz taryhy hakykata – mazmuna şaýatlyk edýär: Oguz han turuwbaşdan beýik ruhy öwrülişikçi bolupdyr. Ol bäş müň ýyl mundan ozal beýik dini-ruhy öwrülişigi geçirip, dürli oguz taýpalaryny bir halka öwürjek ruhy esasy tapyp bilipdir. Şu many degişli rowaýatlaryň iň içki özen gatlagyndaky taryhy hakykata şaýatlyk edýär. Şu manyda-da wagtyň täsirine reňklenen hem bolsa rowaýat doly hem bitewi taryhyň ynandyryjy beýany bolup durýar. Öz ömri üçin şeýle töwekgelligi beýik taryhy öwrülişige baş goşan Oguz hanyň ýigdekçedigini, hatda entek oglandygyny göz öňünde tutsaň, oňa berlen ylhamyň – güýç-kuwwatyň aşa güýçli bolandygyny tassyklamak mümkin.
Oguz han atamyzyň getiren dininiň düýp manysy nämeden ybarat bolupdyr? Oguzdan öňki eždatlarymyzda nähili dini ynançlar bolupdyr? Bu sowallaryň jogabyny biz Aýly Öküz şäherinden tapylan arheologik tapyndylardan we Oguznamalardan agtaryp bileris. Ýöne degişli taryhy – ruhy öwrülişige dogry baha bermek üçin, käbir düşünjeleriň manysyny şu gürrüňimiziň çäginde öz-özümiz üçin aýdyňlaşdyrmalydyrys.
Oguznamada Oguz han Türkmeniň şejeresi şeýle görkezilýär: Nuh – Ýafes – Düýp Beýgu – Gara han – Oguz han. Anyk taryhy wagt taýdan örän köp – tas müňlerçe ýyllyk döwri içine alýan bu şejeräni, elbetde, şahsyýetler arkaly taryhy umumylaşdyrma hökmünde kabul etmek gerek. Ýöne men häzir başga bir zada ýüzlenmekçi. Oguznamada Düýp Beýguwyň «ähli kowumlary kapyrdylar» diýip ýazylýar. Adamzadyň ruhy ösüşinde diniň kesgitleýji umumylaşdyrmak ähmiýetine eýedigini tekrarlasym gelýär. Ruh hut dinde özüniň başga ugurlarda tapmaýan ählumumylygyny tapýar. Din ýaşaýşyň netijesi däl-de, onuň başlangyjydyr. Şonuň üçin hem adamzadyň her bir uly eýýamynyň sakasynda Oguz eýýamy hem atamyz Oguz han Türkmeniň açan täze dininden başlanýar. Ol täze eýýamyň ruhy esasy boldy. Bu täze dini dünýägaraýşyň manysy barada Oguznamada Oguzyň öňki gelinleriniň adyndan şeýle diýilýär:
– Ol bir dine girip, Gök Taňrysyna iman getirip, ony söýüjilerden bolupdyr. Bizi hem şol dine girmäge çagyrdy. Biz ony inkär edip, oňa üns bermedik. Şol sebäpli onuň köňli biziň bilen bolmady. Soňraky gelin Taňra iman getirip, onuň bilen ylalaşdy.
Gök Taňry – Asman Hudaýy, Asmandaky Hudaý diýen manylary berýär. Munuň özi adamzadyň Hudaýa bolan gatnaşygynyň täze bir hilidir. Ondan ozal adamlar Hudaý ýerde, öz aralaryndadyr diýen garaýşa gulluk edipdirler. Ýeriň Hudaýy we Asmanyň Hudaýy – bular adam ruhunyň ösüşiniň iki sany iň uly eýýamydyr. Birinjisinde maddanyň we teniň ählumumy hökmürowanlygy hem-de rüstemligi görünýär. Ten mahabatlandyrylýar, ruh teniň, maddanyň kölegesi, şoňa bagly bir zat hökmünde görülýär. Hudaýy dünýäniň içinde görmek peslikdir. Çünki, bu Ony Wagtyň içine salýar, Wagtyň içindäki ähli zatlara bolsa ýok bolmak, pany bolmak ýazylandyr.
Oguz han Türkmeniň şejere daragty
Nuh pygamber
Ham Sam Ýafes
Firas Magog Madaý Kawan Gomer (Tür) Fuwal Meşeh
Düýp Ýabgu
Gökhan
Gün han Körhan Garahan Orhan
Oguzhan
Diniň umumy manysy söýgüdir. Hudaýy Wagtyň içinde göz öňüne getirýänleriň söýgüsi Magşuk bilen gös-göni ruhy gatnaşygy göz öňünde tutýarlar. Gönümel gatnaşyk bolsa ahyrsoňunda berçikdirýär, çünki, madda berçikdirmek häsiýete mahsusdyr. Garnyň doýmagy bilen, adamyň iýmit isleginiň öz çägine ýetişi ýaly, göni söýgi, maddy söýgi öz islegine ýetmek bilen, tükenýär. Emma Asmandaky Hudaýa söýgi – munuň özi gaýybana söýgüdir. Oňa tarap ymtyldygyça, adamyň ruhy menzili uzaýar we adamzat ruhy taýdan barha-barha täze belentliklere tarap ýokary galýar. Söýginiň manysy «men» bilen «seniň» özara gatnaşygydyr. Adamyň gymmatyny görkezýän «men» söýginiň sebäbi däl-de, netijesidir. «Meniň» kemala gelmegi üçin göze görnüp duran dünýäden şahsyýetiň aýrybaşgalaşmagy zerurdyr. Aralykda serhet ýüze çykmaly. Asmandaky Hudaý düşünjesi bu serhedi has ulaldýar, serhet tutuş dünýäniň özi bilen barabarlaşýar. Onsoň «men» Asmany öz wysalyna öwürýär hem-de bakylyga, tükeniksizlige ymtylmak ukybyna eýe bolýar. Şeýdip adamzat dünýäden saýlanýar, şeýdip ol dünýäden üste galýar, üstün çykýar.
Adam ruhy üçin ýollaryň ýagşysy tükeniksiz ýoldur.
Adam ruhy üçin söýginiň ýagşysy gaýybana söýgüdir.
Hudaýyň mekany soňsuz Asmandyr.
Çünki, şoňa ymtylýan ruh arkaly adamzadyň içki güýç-kuwwatynyň gözi açylýar. Beýik millet şeýdip döreýär. Beýik jemgyýetçilik ösüşleri şundan gözbaş alýar.
Oguznamada Oguzyň kakasy we agalary kapyr bolupdyr diýlip aýdylýar. Oguz handan öňki ruhuň kesgitlemesi bolup durýan bu söze nähili düşünmeli? Dil çylşyrymlylygy, köpgyraňlylygy bilen ajaýyp hadysadyr. Dilde hiç bir söz ýeke-täk many bilen ýaşamaýar. Şonuň üçin hem ruha pursatsaýyn öwüşginini, reňgini, röwüşini üýtgedip, täzeläp durmak, her bakymda birhili sypata eýe bolmak häsiýeti mahsusdyr. Dil, söz bolsa ruhuň owazda ýüze çykyşydyr. Türkmen dilinde «kapyr» sözi aşakdaky manylary aňladýar: 1) dine ynanmaýan; 2) Hudaýy tanamaýan, bilmeýän; 3) hudaýsyz; 4) zalym; 5) butparaz; 6) musulman däl. Şu manylar kapyr sözüniň bir bakanyňda göze görünýän manylarydyr. Emma söz şeýle bir çylşyrymly we köpsypatly zatdyr, onuň ähli manylaryny gutarnykly kesgitlemek hatda mümkin hem däldir. Ýöne şu tapawutlandyrylan manylar hem meniň häzir goýýan sowalymy çözmek üçin ýeterlikdir. Ine, şu ýerde-de men akyl ýetirişiň wezipesini size aýdyňlaşdyrmaga yş açdym: akyl ýetiriş ähli zady bilmek däl-de, goýlan meseläni çözmegiň hötdesinden gelmekdir. Şeýlelikde, Oguz handan öňki arkamyz sözüň haýsy manysynda kapyr bolupdyrlar? Bu sowala jogap bermäge bize Oguzyň iki gelniniň zeýrenjini eşiden Gara hanyň sözleri kömek edýär. «Gara han garyndaşlaryny, doganoglanlaryny, kowmuny we beglerini jemläp aýtdy:
– Oglum Oguz ýaş wagty bagtyýar, bir geljegi gowy bolup göründi. Ondan meniň köňlüm hoşdy. Eşitdim, arabozar bir ýowuz iş tutmuş, biziň dinimizden dönmüş. Ony diri goýmak bolmaz».
Diýmek, Gara han we onuň kowmy hudaýsyz manydaky kapyr bolmandyrlar. Olaryň öz dini bolupdyr. Ýöne ol din nähili din bolduka? Eger Oguz hanyň getiren dininiň öňki dine gapma-garşylykdygyny, özem Asmany ylahylaşdyrýan dindigini göz öňünde tutsaň, onda öňki diniň Ýeriň hudaýyna sežde etmek bolandygyny, ýagny Gara hanyň butparaz ekenligini tassyklamak dogrudyr. Butparazlyk – maddylyga sežde etmekdir. Butparaz öz eli bilen ýasan zadyna çokunýar. Munuň ruhy pesligi munda ruhy gaýybanalygyň ýoklugyndadyr. Butparaz öz buty bilen ýüzbe-ýüzdür. Bu özüni aklap bilmeýän jandaryň dünýä bilen gönümel ýüzbe-ýüzlügi ýalydyr. Ruhy jähetde gaýybanalyk ýüzbe-ýüzlügiň tersinedir. Gaýybanalygyň gymmaty – mundan göçme manylylyk, many göçüşi döreýär. Munuň özi berçikdiriji dünýäden daşlaşmakdyr. Beýle hadysa howaýy pikirlenmäniň ösmegine we ahyrky netijede ruhuň ýüzbe-ýüz maddylykdan ýokary galmagyna getirýär.
Şeýdip, täze din, howalaly ruh kemala gelýär. Hudaýy beýik Ruh hökmünde tanaýan täze din maddy dünýäniň diňe käbir taraplaryny ýa-da zatlaryny Biribaryň barlygynyň göçme alamaty, ýagny nyşany diýip kabul edýär. Mysal üçin, yslam Käbäniň gara daşyny, hristiançylyk Isanyň çüýlenen hajyny şeýle zatlar hökmünde görkezýär. Edil şonuň ýaly, Oguz han Türkmen hem Gök Taňrynyň asmandaky jäheti diýip Aýy, ýerdäki jäheti diýip öküzi hasaplapdyr. Oguz hanyň hasasynyň başyna oturdylan, maňlaýy Aýly Öküz onuň dininiň nyşany bolupdyr. Bularyň nyşany – bakylykdyr. Aýyň bakylyga dahyly barada men ýokarda aýdypdym. Aýyň pelsepe nyşanyndan başga-da, onuň gözellik nyşany hem ähmiýetlidir. Men häzir şu setirleri ýazyp otyrkam, iş otagynyň penjiresinden täze dogan Aýyň ýalkymy stoluma düşüp, kagyzymy şuglalandyrýar. Men Aýa seredýärin hem-de birwagtky – bäş müň ýyl mundan ozalky ýetginjek Oguzyň Aýa bakanyndaky täsin duýgulary meniň kalbyma dolup gidýär. Aý Oguza Gök Taňrysynyň bakylygynyň we gözelliginiň alamaty bolup görnüpdi. Men Aýyň gözelligi hakynda edil Oguzyň ýalňyzlygyndaky ýekelige gark bolup oýlanýaryn. Aýyň gözelligi onuň öz-özlüginde däl-de, Aýyň Ýer üçin alyslygynda we elýetmezligindedir. Aý ertire çenli zeminden ýüz öwren Günüň deregine älem tümlügini ýagtyldýar. Şeýdip Aý asman ýaşaýşynyň – ruhy ýaşaýşynyň bakylygyny kepillendirýär.
Öküz bolsa adamyň maddy ýaşaýşynyň üznüksizligini kepillendirýär. Çünki, öküz – rysgal çeşmesidir.
Oguz atamyzyň getiren dinine girenler nähili atlandyryldyka?
Muhammediň dinine girenler musulman, buddanyň dinine girenler – buddaçy, Isanyň dinini kabul edenler hristian ady alan bolsalar, Oguz han pygamberiň dinine girenler uýgur adyny alypdyrlar. Bu barada Oguznamada aýdylýar. Bu täze dine uýdy diýmekdir. Ähli oguzlara uýgur diýlipdir. Ýöne orta asyr taryhçylary bu hakykaty bermekde biraz nätakyklyk goýberip, uýgury etnonim hökmünde düşündiripdirler. Oguz hanyň döreden elipbiýine uýgur elipbiýi diýilmeginiň sebäbinde hem şu hakykat ýatýar. Galyberse-de, şunuň bilen baglanyşykly başga bir hakykat hem Oguznamada saklanyp galypdyr. Gün han Oguz handan galan mirasy we jemgyýeti tertibe salmak bilen meşgul boldy. «Sag we sol gola bölünen goşunyň her birine täze at, nyşan we tagma belli etdi. Her boýa olaryň uýguny bolar ýaly bir janaweri mahsus etdiler. Bu sözüň gelip çykyşy uýnukdandyr. Bu bolsa şol döwrüň türkmen dilinde «gutlulyk» diýmekdir. Şeýlelikde, uýnuk bolsun diýmek gutly bolsun diýmekdir. Her boýuň uýgunyna bir janaweri bellemek bilen, şol boýa ýagşy takdyr bolsun, mübäreklilik bolsun diýen niýet bilen belläpdirler. Olar öz uýguny edinen janawerleri ynjytmaýarlar we etini iýmeýärler». Uýgun sözüniň uýmakdandygyny bilmek kyn däl. Diýmek, gürrüň totem hökmünde uýulan janawerler hakynda barýar. Oguznamanyň ýokarky sözleri dünýä ylmyndaky totemizmiň kesgitlemesi bilen doly gabat gelýär. Totemizm – maddy dünýäniň barlygyny göçme manyda aňlatmakdyr. Oguz hanyň täze dininiň çäginde totemizmiň saklanyp galmagy ruhy ösüşiň kem-kemleýin häsiýetini görkezýär. Emma şol bir wagtda-da bu Gök Taňrylyk dininiň ulgamlylyk häsiýetini inkär etmeýär. Şu ýerde ösüş diýilýän hadysada täze ulgamyň kemala gelşi hakynda bir agyz aýtmak gerek. Bir ulgam dargap, ikinji biri kemala gelende, soňky boş ýerden döremeýär, ol köne ulgamyň saklanyp galan ýaşaýşa ukyply düzüjileriniň täzeçe gatnaşyklara girmegi esasynda döreýär. Gök Taňrylyk dininde totem ynançlaryň ala-böle guşlar, onda-da ýyrtyjy guşlar bilen baglanyşygyň saklanyp galmagy tebigy zat. Çünki guş – asman ýaşaýjysy. Ýyrtyjy asman guşlarynyň bakylyk manysynyň Aýly Öküz şäherinden galan möhürlerdäki şekillerde berlendigini öň aýdyp geçipdim.
Şeýlelikde, Oguz han Türkmeniň esaslandyran milletinde (men häzir millet sözüni iki – hem dini, hem etniki manyda ulanýaryn) özboluşly ruhy aňlatmalar bolupdyr. Hem ýazuw, hem arheologik ýadygärlikleriň şaýatlyk edişi ýaly, bu ruhy dilde haýwanat bilen baglanyşykly aňlatmalar öňde durupdyr. Öküz aždar (ýylan), teke, bürgüt, laçyn – bularyň bary bakylygyň aňladylmasydyr. Men bu ýerde oguz-türkmenleriň Oguz handan galan ýedi mirasynyň sap göçme many-pelsepewi manyly aňlatmalardygyna aýratyn üns çekmekçi. Ol ýedi miras şu aşakdakylardan ybarat:
1. A:t.
2. Tagma.
3. Guş.
4. At.
5. Ýurt.
6. Ülüş.
7. Orun.
Beýik atamyz Oguz han Alla ylhamy bilen özüniň döreden Gök Taňrylyk dini esasynda – şu beýik ruhy esasda oguz döwletini hem gurnady. Oguz döwletiniň esasyny – onuň ýigrimi dört sany agtygy we olardan gaýdan nesiller düzdi. Şonuň üçin hem Oguz hanyň döwlet baştutany hökmündäki aýratynlyklary hakda özbaşdak aýtmak gerek.
Taryhy makalalar