2. Oguz han Türkmeniň öküz sypaty
Adamzadyň durmuşynda-da, şahsyýetiň durmuşynda-da iň jany berk, güýçli zat endikdir.
Meniň şeýle netijä gelmegime Ýewropanyň akyl tejribesiniň bir maglumaty sebäp boldy. Ýewropa yklymynda XX asyrda meşhur nemes alymy Oswald Şpengler ýaşap hem-de döredip geçdi. Bu dana kişi özüniň «Ýewropanyň gününiň batmagy» diýen saldamly işinde adamzat taryhyna ýewropa garaýşynda kopernikçilik açyşy etdi. Beýle ägirt açyşyň manysy aşakdaky pikirden ybaratdyr: XX asyra çenli ýewropalylar özlerini dünýäniň diregi, adamzat äleminiň merkezi hasaplap geldiler. Çünki, olar adamzadyň medeni ösüşiniň merkezi Ýewropadyr, galan yklymlaryň medeni ýaşaýşy bolsa bu merkeziň daşynda aýlanýan bölek-büçek bir ýaşaýyşdyr öýtdüler. O.Şpengler bolsa ägirt uly subutnamalar we maglumatlar arkaly Ýewropanyň hiç hili merkez bolmandygyny, dünýäniň her bir medeni yklymynyň hem onuň daşynda däl-de, diňe öz oklarynyň daşynda we öz örüsinde öwrüm edip ýaşandygyny subut etdi. Munuň özi öz ähmiýeti boýunça Ptolemeýiň ähli asman jisimleri Ýeriň daşynda aýlaw edýärler diýen pikiriniň tersine Kopernigiň ähli planetalar Günüň daşynda aýlanýarlar diýip subut etmegi ýaly bir açyş boldy.
Emma – geň zat – Şpengleriň zähmetine garamazdan, şondan soňam Ýewropa diňe şu gün manysynda däl, eýsem geçmiş manysynda hem özüni Ýeriň merkezi hasaplaýar. Bu, elbetde endigiň işi!
Endik bir gezek ýola goýlup, soňra-da öz-özünden gaýtalanyp durýan hereketlerdir. Akyla mahsus bolan pikir endikleri haýsy hem bolsa bir zada öňli-soňly uýmakdan döreýär. Muňa dogma diýilýär. Köpler dogma diňe dini paýhasa mahsusdyr hasaplaýarlar. Emma paýhasyň her bir ugrunyň öz dogmalary bardyr. Her bir yklymyň, milletiň hem öz dogmalary bardyr. Ine, ýewropalylaryň dini ynanjyň ösüşi meselesindäki dogmalary meşhur Gegeliň pelsepesinde gutarnykly ulgam görnüşine salnypdyr. Özüniň «Diniň pelsepesi» diýen tutumly işinde Gegel adamzadyň hudaý baradaky düşünjesiniň basgançaklaryny şeýle göz öňüne getirýär: ilki köphudaýlylyk, soňra ýekehudaýlylyk. Ol başgaça göz öňüne getirip hem bilmezdi. Çünki endik yklymyň, milletiň, jemgyýetiň ýa-da şahsyýetiň öňki maddy we ruhy tejribesiniň reflekse geçmegidir. Ýewropa yklymynyň ähli medeni ýaşaýyş tejribesi iki döwürden durýar: ilki ýunan-rim ýaşaýşy, soňra hristiançylyk. Diýmek, ilki köphudaýlyk, soňra-da ýekehudaýlyk bolupdyr diýip ýewropa alymy netije çykarýar we bu netijesini bütin adamzadyň adyna dakyp goýberýär.
Ýewropa taryhy pikirlenmesiniň çäkliligi şol yklymyň alymlarynyň progres – ösüş taglymatynda oňat görünýär. Munuň düýp manysy ösüş diýilýän zadyň birtaraplaýyn hereket hökmünde düşünilýänligindedir: ýabanylyk – köphudaýlylyk – ýekehudaýlylyk. Elbetde, bu bütin adamzat taryhy babatda däl-de, diňe Ýewropa taryhy babatda dogry bolup biler. Soňky bolsa başkynyň, bolubilse, ýüzden ýekeje bölegidir.
Adamzadyň, şol sanda türkmen taryhynyňam şaýatlyk edişi ýaly, hereket birtaraplaýyn däl-de, köptaraplaýyn şekilde bolup geçýär. Şonuň netijesinde hem taryha, şol sanda ruhy taryha hem hemişelik gaýtalanyp durmak, ýöne täze esaslarda we nusgalarda gaýtalanmaklyk mahsusdyr. Gaýtalanmaklyk Ýewropa manysyndaky ösüşi inkär edýär. Gaýtalanmaklyk dünýäni ýok bolmakdan halas edýär. Çünki eger diňe bir ugra ösüş bolsady, onda Wagt diýilýän zadyň ahyry gelerdi we ähli barlyk ýokluga öwrülerdi. Diýmek, gaýtalanmak barlygyň, ýaşaýyş hereketiniň barha we barha täze içki mümkinçilikleriniň ýüze çykarylmagydyr. Ol mümkinçilikler Biribaryň öz ruhundan gözbaş alýarlar, bu bolsa kör galma, tükenme häsiýetli däldir.
Şeýlelikde, adamzat taryhy – munuň özi ösüş däl-de, ösüş bilen tesişiň, tesiş bilen ösüşiň sansyz we öňünden hilini kesgitläp bolmajak utgaşygydyr. Türkmeniň milli taryhyna hem diňe şu taglymatyň gözi bilen seredip düşünmek mümkindir. Düşünmek – haýsydyr bir kanunalaýyklyklaryň ýüze çykarylmagy we ýola goýulmagydyr.
Bu bolsa juda kyn iş. Gaýtalanyp durmak endigi zerarly taryha akyl ýetirmek güzaply işe öwrülýär. Bu çylşyrymlylygy döredýär. Çylşyrymlylygyň manysy düwündir. Ol «çilşirmek» işliginden gelip çykýar. Adamyň göwni bolsa bar zadyň akyl ýetirerlik derejede sada we düşnükli bolmagyny isleýär. Paýhas bu islegiň yzyna düşüp, taryhy hyýalda gaýtadan düzmäge girişýär. Bu işiň azda-kände şowuna düşen ýagdaýynda taryha garaýyşlaryň ulgamy, bişow halatynda bolsa öli hem-de galyply shema kemala gelýär.
Men häzir munça gürrüňi, birinjiden, öz taryhy taglymatymyň düýp pelsepe manysyny düşündirmek, aýan etmek üçin dile getirdim. Ikinjiden bolsa, türkmeniň dini-ruhy ösüşinde Oguz hanyň ähmiýetine ünsi çekmek üçin agzadym. Oguz han taryhda birinji bolup ýekehudaýlyga çagyrypdyr diýmek nädogry bolar. Ýekehudaýlyk taglymaty hut babamyz Nuh pygamberden gaýdýar. Diýmek, türkmeniň ruhy taryhy ýabanylyk – butparazlyk – birhudaýlylyk durumyna sygmaýar. Bu taryhy butparazlyk bilen ýekehudaýlylygyň özara söweşi we mahal-mahal ornuny çalşyp durmasy görnüşinde göz öňüne getirmek has dogry bolardy. Şu orun çalşyp durma netijesinde gatlaklanmak hadysasy ýüze çykýar, çylşyrymlylyk döreýär we ýaňky aýdyşym ýaly, taryha düşünäýmek juda kyn zada öwrülýär.
Ine, oguz hem-de türkmen sözleriniň biri-birine gadymylyk taýdan gatnaşygyny alyp göreliň. Gaty köp alymlar bu meselede özleriniň çäkliligini bildirdiler. Orta asyr taryhçylaryndan başlap, hemmeler oguz sözüniň gadymydygyny, türkmen sözüniň oňa garanda täzedigini tekrarlapdyrlar. Emma tersinedir. Çünki türkmen sözi Oguz handan has gadymy döwürlerde bardy we Nuh pygamberiň hut özünden gaýdýardy. Milletimize türkmen sözüni dakan Nuh nebidir. Türki – iman: türk – asyl, iman – nur. Diýmek, türkmen – asly nurdan diýmekdir.
Biziň dilimizde «töre soraşmak» diýen aňlatma bar. Munuň özi aslyny soraşmak, gelip çykyşyny anyklamak diýmekdir. «Türk» sözi-de «töre» sözünden gaýdýar. Muňa orta asyr ýazgylarynda adymyzyň «týurrkmen», «törkmen» ýaly görnüşlerde gabat gelýänligi-de iterýär. Döremek sözi hem töre bilen baglanyşyklydyr. Köne türkmen dilinde töre – asylzada, arassa manysyndadyr. Töreler – kethudalar il arassalygyna, aslyň ýitmezligine jogapkär adamlar bolupdyrlar.
Aslyň ýitmezliginiň turuwbaşdan aladasyny eden beýik Oguz han Türkmendir. Ýokarda aýdyşym ýaly, Oguz han Türkmen biziň taryhymyzda ruhy, syýasy hem-de harby häkimligiň bitewüligini gazandy. Munuň özi onuň türkmeni bitewi millete öwrendiginiň alamatydyr. Oguz han Türkmen Ýer ýüzüni mutyg edip, dünýäni öz erkine we emrine boýun etdi. Beýle işiň hötdesnden gelmek üçin ägirt uly şahsy gujurdan başga-da milli güýç-kuwwatyň bolmagy we onuň aňrybaş derejede ýüze çykmagy gerekdir. Beýik Oguz hanyň milleti döretmekdäki gudraty şundan ybaratdyr: ol durmuş we ruhy barlygyň şeýle bir gatnaşygyny gazandy, şu hili gatnaşykda halk, döwlet we goşun diýilýän barlyklar bitewi bir zat boldy. Şonda ösüşiň gaýry derejelerinde biri-birinden tapawutlanýan bu üç düşünje biri-birine barabar şol bir barlyga öwrüldi. Dogrudanam, Oguz han zamanynda halk, döwlet we goşun üç zat däl-de, bir zatdyr. Men Oguz han Türkmeniň taryhy dörediji şahsyýet hökmündäki beýikligine dogry we doly düşünilmegini isleýärin we bu meseläni ýene bir gezek heçjikleýärin: halk, döwlet hem-de goşun Oguz han döwri üçin hatda bitewüligiň biri-biri bilen baglanyşykly üç sany tarapy däl-de, eýsem şol bir zatdyr. Oguz hanyň dünýä derejesindäki gudraty onuň hut şu görnüşdäki toplumy dünýä taryhynda ilkinji bolup döredip bilenligindedir.
Bu beýiklik Oguz han Türkmeniň millet döredendigini aňladýar we onuň döwri üçin, şol döwrüň aýratynlyklaryna laýyklykda biz millet düşünjesiniň anyk kesgitlemesini berip bileris. Millet – munuň özi halkyň, döwletiň hem-de goşunyň bitewüligidir, sazlaşyklygydyr. Bu bitewülik bir şahsyýetiň elinde ruhy, syýasy hem-de harby häkimligiň jemlenmegine esaslanýar.
Men ýokarda Oguz handan galan ýedi mirasy ýaňzydyp geçdim. Häzir şol gürrüňe ymykly dolanmakçy. Bu ýerde gep haýsydyr bir anyk sanda hem däldir. Türkmen aňynda ýedu, kyrk, dokuz ýaly sanlar umumylaşdyryjy mana eýedir. Umumylaşdyryjy san hadysalaryň we zatlaryň ýaşaýşynyň kanunalaýyklyk ölçegini berýär. Giňişleýin alanyňda, Oguz han Türkmeniň bize goýan mirasy ýediden, elbetde, has kändir. Ýöne degişli ýedilik ol mirasyň oňurgasyny düzýär. Bular Oguz hanyň Baş Kanunynyň ýedi sany esasy maddasydyr.
1. A:t.
2. Tagma.
3. Guş.
4. At.
5. Orun.
6. Ülüş.
7. Ýurt.
Bu ýedi mirasyň gymmatlygy onda Oguz han Türkmeniň bitewi häkimliginiň üç tarapynyňam aýan bolýanlygyndadyr. Bu miraslary ol türkmen milletini kemala getiren ýigrimi dört agtygyna goýupdyr. Şonuň üçin hem şu ýerde onuň agtyklary barada Oguznamada berilýän maglumaty getirýärin.
Bu günki türkmen halky Oguz hanyň neslidir. Oguz han Türkmeniň Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han diýen ogullary bolýar. Her oglunyň hem dört ogly bolýar.
Oguz han Türkmeniň 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelipdir, şolaryň her biri aýratyn at we lakam alypdyr. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenler Oguz hanyň şol ýigrimi dört şahasyndan gelip çykypdyr.
BOZOK
kowumlary sag goldur.
GÜN HAN
Oguzyň iň uly ogly. Onuň dört sany ogly bolupdyr.
Birinji: Gaýa, ýagny mäkäm, gýa ýaly beýik, berk.
Tagmasy Guşy – şahyn (ak laçyn). Süýegi – sag gary, ýagyrny.
Ikinji: Baýat, ýagny döwletli we nygmatly.
Tagmasy Guşy – şahyn (ak laçyn). Süýegi – sag gary, ýagyrny.
Üçünji: Agöýli, ýagny her ýerde ýörerler, ylalaşyk we ýaraşyk ederler.
Tagmasy Guşy – şahyn. Süýegi – sag gary, ýagyrny.
Dördünji: Garaöýli, ýagny öýleri gara.
Tagmasy Guşy – şahyn. Süýegi – sag gary, ýagyrny.
AÝ HAN
Oguzyň ikinji ogly bolup, onuň dört sany ogly bolupdyr.
Birinji: Ýazyr, ýagny köp welaýat şonuňkydyr.
Tagmasy Guşy – bürgüt. Süýegi – aşykly we omaça.
Ikinji: Düker, ýagny ýygnanyşmak üçin bir ýere gelerler.
Tagmasy Guşy – bürgüt. Süýegi – aşykly we omaça.
Üçünji: Dodurga, ýagny mülk tutmak we ýasamak.
Tagmasy Guşy – bürgüt. Süýegi – aşykly we omaça.
Dördünji: Ýaparly.
Tagmasy Guşy – bürgüt. Süýegi – aşykly we omaça.
ÝYLDYZ HAN
Oguzyň üçünji ogly. Onuň dört sany ogly bolupdyr.
Birinji: Owşar, ýagny çalasyn we awa höwesli.
Tagmasy Guşy – towşançyl. Süýegi – sag omaça we gapyrga.
Ikinji: Gyryk, ýagny gutly we permana yhlas ediji.
Tagmasy Guşy – towşançyl. Süýegi – sag omaça we gapyrga.
Üçünji: Begdili, ýagny begler sözler ezizdir.
Tagmasy Guşy – towşançyl. Süýegi – sag omaça we gapyrga.
Dördünji: Garkyn, ýagny uly aş beriji we doýuryjy.
Tagmasy Guşy – towşançyl. Süýegi – sag omaça we gapyrga.
ÜÇ OK
Kowumlary sol goldur.
GÖK HAN
Oguzyň dördünji ogly. Onuň dört ogly bolupdyr.
Birinji: Baýyndyr, ýagny hemişe baý we nygmatly.
Tagmasy Guşy – şuňkar. Süýegi – sol gary, ýagyrny. Rowaýatda bularyň guşlary ýatgundyr diýilýär.
Ikinji: Beçene, ýagny eý duruşyjy (gowy gatnaşyjy).
Tagmasy Guşy – şuňkar. Süýegi – sol gary, ýagyrny.
Üçünji: Çowdur, ýagny namysly we uzaklara ady ýaýraýjy.
Tagmasy Guşy – şuňkar. Süýegi – sol gary, ýagyrny.
Dördünji: Çepni, ýagny nirede ýagy görse, derrew söweşer we çapar.
Tagmasy Guşy – şuňkar. Süýegi– sol gary, ýagyrny.
DAG HAN
Oguzyň bäşinji ogly. Onuň dört ogly bolupdyr.
Birinji: Salyr, ýagny sal, ur sözünden bolup, nirä barsaň gylyç we çokmagyň rowan bolsun diýmekdir.
Tagmasy Guşy – awçy guş. Süýegi – uja bilen gapyrga.
Ikinji: Eýmir, ýagny sansyz öýli we baý.
Tagmasy Guşy – awçy guş. Süýegi – uja bilen gapyrga.
Üçünji: Alaýuntly, ýagny gysraklary ala we eý atly.
Tagmasy Guşy – awçy guş. Süýegi – uja bilen gapyrga.
Dördünji: Üregir, ýagny hemişe gowulyk we peýda ediji.
Tagmasy Guşy – awçy guş. Süýegi – uja bilen gapyrga.
DEŇIZ HAN
Oguzyň altynjy ogly. Onuň dört ogly bolupdyr.
Birinji: Igdir, ýagny eý, uly we batyr diýmek.
Tagmasy Guşy – çakyr. Süýegi – aşykly we sagry.
Ikinji: Bükder, ýagny hemmesine hormat, gulluk we hyzmat eder.
Tagmasy Guşy – çakyr. Süýegi aşykly we sagry.
Üçünji: Ýiwe, ýagny mertebesi hemmesinden ýokary.
Tagmasy Guşy – çakyr. Süýegi – aşykly we sagry.
Dördünji: Kynyk, ýagny her ýerde hemmesinden eziz.
Tagmasy Guşy – çakyr. Süýegi – aşykly we sagry.
At bermek – pygamberiň, ruhy ýolbaşçynyň wezipesidir. Adam atanyň jansyz-u janly zatlara at berip, perişdelerden üstün çykandygyny bilýäris. At bermek ýaşaýşy düzgünleşdirmekdir. Şu manyda hem Oguz atamyzyň agtyklarynyň hersine bir at goýmagy oguz-türkmen jemgyýetiniň we tire-taýpa gatnaşyklarynyň ilkinji düzgüne salynmasydyr. Oguz-türkmen milleti bir beden bolsa, ýigrimi dört taýpa ol bedeniň agzalary bolupdyr.
Ýedi mirasyň ikinjisi, altynjysy we ýedinjisi oguz-türkmen jemgyýetindäki eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirişi maddalardyr. Tagma – möhürdir. Möhür arkaly eýeçilik aýan edilýär. Soňra ol tagma – möhürler gadymy oguz – uýgur elipbiýiniň harplaryna öwrülip gidipdir. Altynjy mirasyň – ülüşiň ýa-da süýegiň göçme – eýeçilik manysy bar. Ülüş gazanylan maddy nygmatlaryň jemgyýetde deň derejede paýlanylmagyny tekrarlaýan ýuridiki – simwoliki maddadyr.
Umuman, Oguz hanyň degişli ýedi mirasynyň hemmesi türkmen jemgyýetiniň kanun esasy düzýän düzgünlerdir. Aýdaly, ikinji miras bolan guş hem taýpanyň güýç-kuwwatyny alamatlandyrýar, onuň uýguny bolan totemi görkezýär. Şonuň üçinem käbir alymlaryň degişli alamatlary asyl, güzeran manysynda teswirlemegi nädogrudyr. Bu miraslar zat däl-de, eýse alamatdyr. Käbir taryhçylaryň ýazanlaryny okanyňda bolsa, «Oguz han, hamana, her agtygyna aw etmeli guşy anyklap beripdir» diýen many gelip çykýar. Bu düýbünden nädogrudyr. Guş agtygyň ýa-da taýpanyň elindäki zat däl-de, ol taýpanyň özüniň hususyýetiniň simwolydyr. Guşlar her taýpanyň gerbini – tugrasyny aňladýan nyşan hökmünde görlüpdir.
Beýik atamyz Oguz han oguz-türkmen döwletini esaslandyrmak we gurnamak bilen çäklenmän, eýsem özünden soň hem bu döwletiň uzak wagtlap ýaşamagy üçin alada edipdir. Onuň döwleti dolandyrmak, jemgyýeti ýöretmek barada aýdan wesýetleri oguz-türkmen döwleti synýança – tä miladyň ikinji müňýyllygynyň ortalaryna çenli doly berjaý edilipdir. Bu wesýetler gadymy ýazuw ýadygärliklerinde şeýle beýan edilýär:
Men size, eziz okyjy, Oguz hanyň käbir wesýetlerini aýdyp bermekçi.
Oguz han Türkmen aýdypdyr:
– Bezirgenler zerli matalar we bazar ýükleri bilen gelenlerinde köňülleri kuwwatly we umytly bolar. Goşun begleri hem şonuň ýaly öz esgerlerine ok atmak, at segretmek we göreş tutmagy gowy öwretmelidir. Olary bu işler bilen synarlar. Şeýlelikde, batyr we arslan ýürek ýigitler bezirgenleriň öz köňüllerine ynanşy ýaly öz hünärlerine köňülleri ynansa, gaýduwsyz bolarlar.
Ýene-de aýdypdyr:
– Biziň urugymyzdan biri ykrar edilen düzgüne bir gezek terslik etse, oňa dil bilen öwüt bermeli. Ikinji gezek terslik etse, ýeterlik mukdarda gorkuzmaly we temmi bermeli. Eger üçünji gezek etse, ony daş ýere – Hotan sebitlerindäki ýaşalmaýan, awçylaryň ýylda iki gezek barýan eýesiz çöllerine ibermeli. Birnäçe wagtdan soňra ýene yzyna getirmeli. Eger asyllanyp, akyllansa gowy, bolmasa zyndana taşlamaly. Ondan dagy çykyp, akyllanmasa aga-ini ýygnanşyp, gürleşerler. Onuň maslahatyny görüp, düzgüne salarlar.
Ýene-de aýdypdyr:
– Tümen begleri, müň begleri, ýüz begleri öz goşunyny, nöker we ýoldaşlaryny gije-gündizdigine garamazdan, her wagt höküm bolsa, ugrar ýaly taýynlamalydyr.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşalar gije Haktagala dergähinde dogada bolmalydyr. Gowulyk we keramat dilemelidir. Gündiz halka patyşa bolmaly.
Ýene-de aýdypdyr:
– Soňky patyşalar özleriniň hem haýyrlary jahanda baky galar ýaly öňki ýaşap geçen patyşalaryň haýyrlaryny we ýagşylyklaryny ýok etmesinler.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşalaryň hemdemleri, söhbetdeşleri we ýaranlary usully, akylly, görkli, asylly, abraýly, päk, namysly, hoş häsiýetli, şirin sözli, dünýäni gören, durmuş synaglaryndan geçen kişiler bolmaly.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşanyň kethudasy we weziri patyşanyň baýlygyndan onuň dinine we mähribanlyk edip, raýata adalatsyzlygy rowa görmeýän kişi bolmalydyr.
Ýene-de aýdypdyr:
– Gulluk edýän we gullukda galan gojalary we mätäçleri göreniňizde «her kim mätäçlere kömek etmegi başarmasa, ýolbaşçylyga ýaramaz» diýişleri ýaly, ryzk bermek bilen kömek ediň.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşalar öýsüzleriň we ýetimleriň atasydyr. Patyşa olara atalaryndan hem artyk hossarlyk etmelidir. Garaz, baý ata bilen garyp atanyň hossarlyk edişinde parhyň bolşy ýaly, şa ata dek has oňat hossarlyk etmelidir.
Ýene-de aýdypdyr:
– Il-ulus, ýurt tutmak uly işdir. Patyşa mydama aňly we her işden habardar bolmalydyr. Her wagtda Haktagala doga we mynajat edip, oňa amal edende onuň elinden, dilinden, galamyndan, gadamyndan il-ulusa, mülk we memlekete, din we dünýä ýarar ýaly nesiller peýda bolsun.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşa uly işleri, diwanhana işlerini, hünärment we tejribeli kişilere tabşyrmalydyr. Işi tejribesiz kişilere tabşyrsa, soňra puşman eder.
Ýene-de aýdypdyr:
– Hiç kim hyýanat, ogurlyk we haramlyk etmez ýaly haýyn we günäli kişileriň çäresini görmek gerekdir. Zorluk we zulum edijiler möwç almaz ýaly zorluk we zulum gören kişileriň dadyna ýetişmelidir. Çünki aýdypdyrlar: «ogry we haramyny dep etmeýän patyşa öz eli bilen ili we kerweni urýandyr». Sebäbi patyşalaryň ilden görýän haýyrlary haçanda ýowuzlary dep edenlerinde halala öwrülýär.
HEKAÝAT. Anuşirwan Adyl kapyr halynda wepat bolupdyr. Halaýykdan biri düýşünde Anuşirwanyň hoş-horram halda oturandygyny görüp, sorapdyr:
– Bu derejä neneň ýetdiň?
Aýtdy:
– Günäkärlere rehim-şepagat etmedim. Günäsizleri ynjytmadym.
Oguz ýene-de aýdypdyr:
– Eger kimdir biri beýleki birinden haýyr we ýagşylyk görse, özüni onuň öňünde borçly duýup, oňa hormat goýup, ýagşylyk we yhsan edip başarsa, onuň hakyny ýerine ýetirse, şol adamkärçilikdir we kişilikdir. Hakykatda patyşalaryň döwleti we hormaty goşun, il we ýurt bilendir. Eger goşun, il we raýat bolmasa, patyşalyk mümkin däldir. Onuň üçin goşunyň, iliň we raýatyň gadryny bilmän, olary hoş tutup, mähremlik etmese, naýynsaplyk bolar.
Ýene-de aýdypdyr:
– Ýowuzlaryň gulagyn burup, temmi berip, soň ýene-de eline güýç bermek, gurdy tutup, ant içirip, goýun ynanylyşyna meňzär. Ogry, haramy we şerçilere ynanmak bolmaz. Betkärligi mälim bolan kişini kowup ilden çykarmakdan ony öldürmek ýegräkdir, ýagny ýylany öz öýünden alyp, goňşy öýüne kowmak gowy däldir.
Ýene-de aýdypdyr:
– Patyşa gaharlanýan we gazaplanýan wagtynda gyssanmaçlyk etmeli däldir. Sebäbi dirini öldürip bolar, emma ölüni direldip bolmaz, döwügi bitin edip bolmaz, bitini syndyryp bolar.
Ýene-de aýdypdyr:
– Wepat bolan kişiniň malyny, dowaryny öýsüzlere bererler. Patyşalaryň hümmetli we döwletli elleriniň onuň kibi mala bulaşmagy laýyk däldir. Geldi-geçer dünýäde ýagşy atdan gaýry zat baky galmaz.
Ýene-de aýdypdyr:
– Ylalaşyk we ýaraşyk eden duşmanlary dargatmak bolmaz. Tersine olardan birnäçesini dost ederler, getirerler.
Ýene-de aýdypdyr:
– Biadyl patyşa dary ýa-da arpa ekip, bugdaý isleýän ekinçä meňzär.
Ýene-de aýdypdyr:
– Ejiz we güýçsüz bendeleri gaty ynjytmazlar. Sebäbi garynjalar agzybirlik bilen gaplaňy ýa-da arslany güýçden gaçyryp bilerler.
Ýene-de aýdypdyr:
– Nahar giç, ýagny işdä açylandan soň iýiler. Sözi bir zerurlyk ýüze çyksa aýdarlar. Uky gelen wagty ýatylar. Jynsy gatnaşygy şowk we hyjuwyň möwjän wagty ederler. Şonda oglan bolsa körpe we kuwwatly bolar. Han we begler tagam we saçak ýaýanlarynda her begiň öňündäki artan tagamy hiç kim mahrum galmaz ýaly aýak üstünde duran nökerlerine bermeli.
3. Oguz han Türkmeniň möjek sypaty
Oguz han Türkmeniň baýdagynda öküziň kellesi hem-de dokuz sany at guýrugy şekillendirilipdir. Baýdagyň ýüzündäki öküz kellesi biziň üçin düşnükli manyny berýär. Emma dokuz sany at guýrugy nämäni aňladyp biler? Bu sowalyň jogabyny gadymy Oguznamalardan tapyp bolýar.
Men ýokarda Oguz han Türkmeniň nesillerine goýan ýedi sany mirasy hakynda aýtdym. Şolaryň içinde dördünji miras at – bedewdir. Oguznamada aýdylyşyna görä, Oguz hanyň agtyklaryna bagyş eden atlary dokuz reňkde bolupdyr. Olar şeýledir:
Gaýa, Baýada, alaöýlä, Garaöýlä – gara reňkdäki at;
Ýazyra, Dügere, Dodurga, Ýaparla – mele reňkdäki at;
Owşara – ak reňkdäki at;
Gyryga – demir gyr at;
Begdilä – gyr at;
Garkyna – gara gyr at;
Baýyndyra, Bijekä, Çowdura, Çepnä – dor at;
Salyra, Eýmire, Alaýuntla, Üregire – alabeder at;
Igdire, Bügdüze, Ýiwä hem-de Kynyga – al at
miras berlipdir.
Oguz han Türkmeniň baýdagynda hem şu atlaryň guýruklarynyň şekili görkezilipdir. Geň ýeri, bu guýruklaryň hemmesi düwlen görnüşdedir. Öküz, dokuz guýruk, dokuz reňk, düwlen guýruklar – bularda näme many we nähili many baglanyşyklary bar? Bu şekilleriň Oguz han Türkmeniň baýdagyndadygyny hasaba alsaň, olaryň göçme, alamaty manylardygyny tassyklap bolar.
Öküz – Oguzyň döwlet sypaty. Öküziň nyşanynda halkyň, döwletiň we diniň bitewüligi jemlenipdir. Umumylaşdyryp aýdanyňda, Öküz alamatynda ruhy – syýasy gymmatlyk aňladylýar. Onuň töweregindäki dokuz guýryk bolsa harby mazmuny özünde jemleýär. Oguzyň ýigrimi dört agtygy we olardan önen ýigrimi dört taýpa öküziň goragynda durmalydyrlar. Atyň guýrugyny düwmek ýa-da işmek däbi orta asyr türkmenlerinde-de unudylman eken. Göroglynyň Gyratynyň guýrugynyň düwlüşini ýada salyp bolar. Düwlen guýruk – söweşe galmak, söweş taýýarlygynyň nyşanydyr. Şeýlelikde, degişli şekilleriň umumy manysyny şeýle okap bolar: oguz-türkmen taýpalary milli döwleti we halky, onuň ar-namysyny goramaga hemişe taýýar bolmalydyrlar, hemişe at üstünde bolmalydyrlar.
Gadymy eýýamlarda oguz-türkmenleriň goşuny atly goşun bolupdyr. Atly goşun dürli bölümlerden ybarat bolup, her bölüm hem atynyň reňkine görä biri-birinden tapawutlandyrylypdyr. Munuň özi söweş wagtynda goşuny dolandyrmak üçin örän amatly bolupdyr.
Oguz han Türkmeniň agtyklaryna goýan bäşinji mirasy-da harbylyk bilen baglanyşyklydyr. Bu miras orundyr. Mejlisde, meýlisde we goşunda her bir agtygyň hem-de onuň iliniň orny gaty anyk görkezilipdir. Oguz han üç uly ogluna sag goly, üç kiçisine bolsa sol goly tabşyrýar. Bu düzgüne laýyklykda, asman bilen baglanyşykly Gün, Aý, Ýyldyz üçüsi sag goly, Ýer bilen baglanyşykly Dag, Deňiz, Gök sol goly kemala getirýär. Mejlisde – döwlet işlerine seredilende, meýlisde – aw-şikarda, dynç alyşda, toý-dabarada, goşunda – söweş, uruş mahalynda her ogluň we agtygynyň öz eýelemeli orny şol düzgüne laýyk kesgitlenilipdir we bu düzgün hiç mahal bozulmandyr.
Oguz han:
– Sag goluň orny ulurakdyr, ýaý bolsa patyşa ornundadyr, şonuň üçin beglik, törelik we patyşalygy sag gola berdim. Sol gol bolsa ilçilik we nökerlik derejesinde bolsunlar – diýýär.
Oguz hanyň bu sözlerini häzirki düşünjelere geçirip aýdanyňda, ol harby häkimligiň syýasy häkimlige tabyn ýagdaýda bolmalydygyny tekrarlaýar.
Syýasy häkimligiň – patyşalygyň ýaý nyşanyny Oguz hanyň miladydan öňki I müňýyllykdaky nesilleri bolan saklar, dahlar, soňrak bolsa alanlar alyp göterdiler. Biz patyşa simwoly bolan ýaýyň şekilini Parfiýa şalarynyň teňňelerinde görüp bilýäris. Has soňky döwürlerde bolsa ol halkyň taryhy aňyndan çeper aňyna geçip gidipdir. Haçan-da haýsydyr bir nyşan durmuşyň özünde ulanyşdan galanda, şeýle geçiş amala aşýar.
Gepiň gerdişine görä, taryhy aň bilen çeper aňyň, taryh bilen rowaýatyň şeýle arabaglanyşygynyň möhüm kanunalaýykdygyny aýdaýyn. Köp kişiler ylym rowaýatdan ösüp çykýar, durmuşyň aslynda-da ilkibaşky ertekiler ýatýar diýip pikir edýärler. Emma hakykatda tersinedir. Rowaýat ylmyň we durmuşyň çeper-edebi umumylaşdyrmasydyr. Biz muňa beýik Magtymgulynyň ömri bilen baglanyşyklylykda akyl ýetirip bileris. Halk içinde Magtymguly şahyr barada birnäçe rowaýatlar döräpdir. Şol rowaýatlary şahyryň goşgularyny okan ýönekeý halk şol eserleriň mazmunyndan ugur alyp döredipdir. Diýmek, rowaýat – gadymylyk diýip hasaplamak nädogrudyr. Şonuň üçin hem öz häsiýeti boýunça rowaýatpisint, uýgur elipbiýinde ýazylan Oguznamany iň gadymy nusga saýmak bütinleý esassyzdyr. Tersine, bu nusga iň täze nusgalaryň biridir. Oňa derek durmuşy-taryhy mazmuny güýçli bolan Oguznamalar irki nusgalardyr. Ýönekeý halka mahsus bolan sada aňa hakykaty hyýalata öwürmek endigi mahsusdyr.
Aý, Ýaý, Öküz şekilleriň bäş müň ýyl mundan ozal ezeli oguz-türkmen döwletinde giňden rowaç bolandygyna arheologik gazuw işleri şaýatlyk etdi. Altyndan ýasalan Öküz kellesi Oguz han Türkmeniň tagtda oturanda sag golunda göteren hasasynyň başyna berkidilipdir. Şeýle keşbi men özümden toslap tapamok-da, Oguznamanyň mazmunyndan ugur alyp göz öňüne getirýärin. Eger ýene şol mazmundan ugur alsaň, Oguz han Türkmeniň sol golundaky gürzüsinde Ýaňykentden tapylan möjek kellesi bolupdyr. Möjek Oguzyň harby häkimliginiň, harby güýç-kuwwatynyň nyşanydyr. Öküz – döwletiň parahatçylyk meýilleriniň, möjek – päliýaman duşman bilen gatnaşyk üçin harby-uruş meýilleriniň nyşanydyr.
Ýaý patyşa ornunda, ok ilçi (tabyn) we nöker ornundadyr.
Öküz – han ornunda, möjek – serkerde ornundadyr.
Sag sola tabyn bolmalydyr.
Ýer Asmana tabyn bolmalydyr.
Şu hili dünýägaraýyş, şu pikirlenme özeni biziň milli aňyýetimizde ýaňy-ýaňylaram janly ýaşaýyşda eken.
Magtymguly şahyryň setirleri muňa şaýatlyk edýär:
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme,
ýa-da:
Agany inige mätäç eýleme.
Oguz han dünýäde ilkinji kämil, güýçli goşuny döredijidir. Gadymy Oguznamalarda onuň goşunynyň gurluşy şeýle suratlandyrylýar:
Oguz han Türkmeniň goşuny, ordasy (orda – halk manysyny berýär, diýmek, halk bilen goşun birdir) şakdaky bölümlerden we bölümçelerden durýar. Birinji bölüme aňtawul diýilýär. Bular goşunyň edil öz içinde bolman, duşmanyň içinde hereket edýän gizlin toparlardyr. Ikinji bölek garawul diýip atlandyrylýar. Bu häzirki harby razwedka bolup, goşunyň esasy güýçleriniň öňünden hereket edipdir. Üçünji bölege ýerawul diýipdirler. Ýerawul ýaş hem-de berdaşly esgerlerden düzülipdir. Bu häzirki zaman goşunyň ýörite taýýarlykly bölümlerini ýada salýar. Dördünji bölek sag gol, bäşinji bölek sol gol diýip atlandyrylypdyr. Goşunyň gözi bolan gol atlandyrylan altynjy bölek sag we çep goluň aralygynda ýerleşipdir. Bu ýerde baş serkerde hem-de tug bolupdyr. Ýedinji bölegi ýasawul bolup, ol serkerdäniň şahsy goragyndan ybarat bolmaly. Sekizinji bölegiň ady ýiglewul ýa-da ýkjedir. Ol tugy we serkerdäni yzdan, art tarapdan howpsuzlandyrypdyr. Adyndan ugur alsaň, bu-da ýaş ýigitlerden ybarat bolmaly. Soňky, dokuzynjy bölege bolsa pugtarma diýlipdir. Munuň özi iň yzda ýerleşip, goşuny pugtalaýan, ýagny ony täze ýarag, at, esger bilen üpjün edýän bölek bolupdyr. Bu häzirki zaman goşunyň hojalyk bölümlerine meňzeşdir.
Bu esasy bölümlerden başga-da goşunda orun, solgaý, sowrum, ünüş, küşük ýaly bölümçeler bolupdyr. Bular goşunyň dürli görnüşleriniň atlary bolmaly. Häzirlikçe bularyň anyk manysy anyklanylanok. Ýöne ýurduň serhedini, çäklerini goraýan goşun bölümlerine, şeýle hem şäherleri, galalary goraýan goşuna bekewül diýlipdir.
Oguz han Türkmeniň goşunynyň sany näçeräk bolupdyr?! Muny goşunyň gurluşyndan çen tutup, anyklamak kyn däldir. Goşunda ellibaşy, onbaşy, ýüzbaşy, müňbegi, tümen begi, boý begi, orda başy diýen serkerde derejeleri bar. Diýmek, on – elli – ýüz – müň – on müň – ýüz müň – million. Şeýlelikde, goşunyň sany ýüz müňlerçe bolupdyr.
Ýüz müňlerçe esgerden ybarat goşuna serkerdelik etmek aňsat iş bolmandyr. Oguz han Türkmeniň bäş müň ýyldan soň bize gelip ýeten wesýetlerinde goşuna aýratyn üns berilýär.
Pygamber alaýhyssalam zamanyna ýakyn döwürde Baýat boýundan Gorkut ata döredi. Ol Oguz kowmunyň danasydy. Näme aýtsa bolardy, gaýypdan habar bererdi. Allatagala onuň köňlüne ylham ederdi. Aýtdy:
– Ahyrzamanda ýene hanlyk Gaýa gowşar. Hiç kim ellerinden ala bilmez.
Oguzyň buýrugyna görä ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç etmek – girdeji we çykdajyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi. Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kişilere kement berip, at bakmaga gönderdi. Bilimsiz, sada kişileriň eline taýak berip, düýe, sygyr we goýun bakmaga gönderdi.
Aýtdy:
– Haçanda bir ýüzbaşy ýa-da ellibaşy ölende yzynda ogly galmasa, onuň toparyndan kim at tanamakda, ata timar bermekde ussat bolsa, galanlary ondan gorksa ýa çekinseler, eýer-esbabyny düzedip bilse, ýaý atmagy we bejermegi başarsa, ony ol topara aga etmeli. Eger müň begi ýa-da tümen begi ölse, yzynda ýarar ogly galmasa, müňlük ýa-da tümen içinde kim batyr, tejribeli, goşun ýagdaýyny bilýän, söweşlerde synalan kişi bolsa, ony müň begi ýa-da tümen begi etmeli. Elmydama göçüp-gonup, oturymly bolmasynlar. Ýazyn ýazlagda geçirip, giň ýaýlaň ýerlerde ýörsünler. Güýzüň güýzlek, gyşyn gyşlak we kenarýaka ýerlerde ýörseler, kynçylyk görmezler. Dowarlary arryklamaz, gymyz, süýt, gatyk egsik bolmaz. Aýşy-eşret köp bolar. Ondan soň eger bäş ýüz ýyl bolsun, müň ýyl bolsun ýa-da on müň ýyl bolsun tapawudy ýok, perzentler doglup, atalary ýerine geçenlerinde menden galan düzgünleri saklap, ýok etmeseler, Gökden olaryň döwletine medet geler. Daýym aýşy-eşret içinde bolarlar. Haktagala olara gowulyk eder, nygmatlar berer. Älem halky olara doga eder, ömürleri uzyn bolup, döwletli we nygmatly bolarlar.
Ýene-de aýtdy:
– Mundan soňra ýene-de patyşalardan we hanlardan köp ogullar dünýä gelerler. Eger olaryň ýanlarynda ulular, begler, pälwanlar düzgüni berk tutmasalar, hanlyk we patyşalyk işi sarsyp, ýok bolar. Şonda Oguz hany arzuw ederler, emma ol bolmaz.
Ýene-de aýtdy:
– Tümen begleri, müň begleri we ýüz begleri owal-ahyr geler-giderler. Oguzyň öwüdini tutmadyklar, goşunlara ýolbaşçylyk edip bilerlermi? Öz ýurtlarynda oturyp öwüdi diňlemedikler, uly suwa gaçyp, çykmadyk ite ýa-da gür tokaýyň içine atylan oka meňzärler. Onuň ýaly kişiler ýolbaşçylyga ýaramazlar.
Merhum Gara Osman hem daýym bu öwüdi oglanlaryna «oturymly bolmaweriň. Beglik – türkmenlik we ýörüklik edenlerde bolar» diýermiş.
Oguz ýene-de aýdypdyr:
– Her kim öz öýüni düzedip bilse, onbaşy bolmaga ýarar. Her kim on kişini başarsa, elli kişini başarar. Her kim elli kişini başarsa, ýüzbegi bolmaga ýarar. Her kim ýüz kişini başarsa, müňbegi bolmaga ýarar. Her kim müň kişini başarsa, tümen begi bolmaga ýarar. Her kim bir tümeni başarsa, boýbaşy bolmaga ýarar. Boýa han bolan il we yklym patyşalygyna ýarar.
Ýene-de aýdypdyr:
– Her kim öz öýüni päk tutup bilse, mülk we yklymy dagy ogrudan we ýalançydan arassalap biler.
Ýene-de aýdypdyr:
– Her bir onbaşy öz öýüne buýrup bilmese, ony günäli hasaplap, aýaly we oglany bilen günäkär kylmak gerek. Hem-de onuň onlugyndan bir kişini onbaşy etmek gerek. Ýüzbaşylara-da, müňbegilere-de we tümen begilere-de ýokardaky ýaly etmek gerek. Goşundan daşarda bir kişi ýeňil günä etse, tümenbegi müňbegä, müňbegi ýüzbaşa, ýüzbaşy ellibaşa, ellibaşy onbaşa buýrup, ol kişini tutup getirerler. Jezasy näme bolsa bererler. Ogry-haramynyň jezasy dagy şu görnüşde ýerine ýetiriler.
Ýene-de aýdypdyr:
– Üç bilimdaryň ylalaşan sözüni, her ýerde diýmek bolar. Bolmasa oňa ynam etmek bolmaz. Öz sözüňi we gaýry kişi sözüni şol bilimdarlar sözüne barabar et. Eger muwapyk bolsa, ony sözlemek bolar, bolmasa sözlemezlik gerekdir.
Ýene-de aýdypdyr:
– Her at semizlikde gowy çapsa, orta etli we arryk bolanda-da gowy çapyp bilse, ol ata ýagşy at diýmek bolar. Emma şu üç ýagdaýyň birinde gowy çapyp bilmese, ol ata ýagşy at diýmek bolmaz.
Ýene-de aýdypdyr:
– Ýolbaşçylyk edýän, tamam esgerleri bilen awa we söweşe gidýän uly begler öz a:tlaryny belli ederler. Mydama Haktagala haýry-doga kylyp, köňüllerini oňa baglap, ýeňiş we gowulyk dilärler. Goşuna gireniňizde ýaňy dogan göle kibi, söweş edeniňizde aç bolup, awa uçjak ýaly jeňe giriň.
Ýene-de aýdypdyr:
– Är kişi hemme ýerde özüni halka görkezer ýaly güneş däldir. Hatyn kişiniň äri awa we goşuna gitse, öýüni tertipli we tämiz saklasa, eger ilçi ýa-da gaýry myhman öýe gelse, ähli zady tertipli-düzgünli ýerine ýetirse, gowy aş bişirse, myhmanyň egsik-kemine gözegçilik etse, äriniň ýagşy adyny gürrüňsiz belende çykarar.
Taryhy makalalar