16:47 Fahretdin paşanyñ hazynasy | |
FAHRETDIN PAŞANYÑ HAZYNASY
Taryhy makalalar
Söýgüli okyjylarym, düýnki ýazgymda sizs Medine gahrymany Fahretdin paşanyñ kyssasyny gürrüñ beripdim we onuñ birinji jahan urşunda iñlis altynlaryna satyn alynan hem-de goşunymyzy Medinede gabap arkasyndan uran araplardan gaçyryp ýurdumuza aşyran gymmatly hazynasy barada gysgaça agzap geçipdim. Fahretdin paşa söýgüli pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburynyñ ýerleşýän ýeri bolan Medinäni gabaw astyna alan, dindeşlerine hyýanat eden, türk esgerlerini bedýan çöllerde talap-öldürip, donuna çenli sypyryp alan araplar bilen gidişýärdi, Osmanly döwlet Mondros şertnamasyny baglaşyp, boýun egendigini resmi ýagdaýda kabul edenem bolsa, ýaragyny taşlaman göreşe dowam edipdi. Dünya taryhynda henize çenli bular ýaly waka görlüp-eşdilmedi. Medinäniñ elden gitjegini añşyran paşa pygamberimiziñ (s.a.w) şäherdäki mazaryna osmanly patyşalary tarapyndan ençeme ýyl bäri ugradylan sowgatlary, başgaça aýdylanda ajaýyp hazynany möhürlenen sandyklara salyp, 1918-nji ýylda ýörite goragçy toparyñ astynda Stambula ýollaýar. Alla rahmet eýlesin, ne ajap iş edipdir. Eger muny şeýtmedik bolanlygynda, negözel gymmatly emläkler din bezirgeni kezzap saudlaryñ we katarlylaryñ elinde galjak ekeni. Şindi sizw Fahretdin paşanyñ Stambula gönderen we biziñ günlerimizde belli bir bölegi Topgapy köşgüniñ muzeýinde saklanýan şol bahasyna ýetip bolmajak hazynanyñ doly sanawyny dykgatyñyza ýetireýin: – Hezreti Osmanyñ keýik derine ýazylan Gurhany; – Bäş sany golýazma Gurhan we dört sany Gurhan juzlary; – Gymmatbahaly daşlar bilen bezelen, sahabyna altyn çaýylan bäş sany Gurhan daşlygy. – "Hilýe-i Şerif" (Pygamberimiziñ ýazuw arkaly beýan edilen portreti). Kümüş çarçuwaly, ýaşyl kadifäniñ üstüne brilliantdyr dürli hili lagly-jowahyrlar bilen pygamberimiziñ (s.a.w) ady ýazylan, kümüşden Günüñ suraty; – Bir sany som altynyñ üstüne brilliant bilen ýazylan "Kelime-i Şahadat" ýazgyly parça; – Brilliantly, göwherli, ýakutly ýedi sanu tesbih; – Kümüşden edilen iki sany rahle (kitapdan). – Soltan Abdyleziziñ brilliantdan we altyndan edilen tugrasy; – Dört sany sanjakbaşy we üç sany jöwher gylyç; – "Kewkeb-i Dürri" atly dört parça uly almaz. Almazlaryñ ýüzi ýakutlar bilen bezelen. – On sany göwher we zümerretler bilen bezelen altyn asgyç; – Göwher, brilliant, ýakut we zümerretler bilen bezelen on bir sany altyndan asma çyra; – Gymmatbahaly daşlar bilen bezelen bir sany altyndan asma çyra; – Bir sany altyndan kofe asgyjy; – Gymmatbahaly daşlar bilen bezelen ýedi sany som altyn şemdany. Ikisi 1,55 metr we 50 kg agyrlykda. Her biriniñ üstünde 2.680 sany brilliant bar. – Bir sany altyndan gaýçy. – Gymmatbahaly daşlardan ýasalan sekiz sany altyn gülapdan (gülsuwy gaby) we on iki sany altyn buhurdan (ýüzärlik we ş.m melhemlik otlary tütedýän gap). – Brilliant, zümmeret, ýakut, merjen, hünji (žemçug) daşlary bilen bezelen iki sany wenok, on sany ýyldyz gül we ýaprak (barsy altyndan); – Bir sany brilliant ýüzük; – Altyn we kümüş zynjyrlar, altyn jowahyr gaplary we tahyllary; – Segsen dört sany hünji däneleri, on bäş parça zümerret, elli üç parça brilloant we almaz; - Şeýle-de, 3 kg 985 gr alym; – 908 kg kümüş; – Kyrk dokuz parça gyrasy nagyşlanan şal tuty; – Medinäniñ "Soltan Mahmyt" kitaphanasy we şol gymmatlyga eýe beýleki gymmatly eserler. Görüñ-ä! Başga hiç bir ýerde deñi-taýy we meñzeşi bolmadyk şu hakyky hazynany dinine, ymmatyna hyýanat eden dönüklere şam bolmakdan halas edip, bize miras goýan gahryman paşany neneñ ýat etmejek, neneñ alkyşlamajak! ★★★ Birinji jahan urşy ýyllarynda iñlisler bilen dil birikdiren çöl araplary türk esgeriniñ arkasyndan pyçaklady. Şol ýowuz ýyllarda araplaryñ eden hyýanatyny ýatdan çykarmak mümkin däl. Ýakyn Gündogaryñ çar künjeginde - Palestina, Hyjaz, Yrak, Siriýa frontlarynda birmeñzeş hyýanatlar bolup geçdi. Iñlis basybalyjylaryna garşy söweşen on müñlerçe türk esgeri satlyk çöl araplary tarapyndan öldürilip, jesetlerine çenli talandy, hatda altyn ýuwdan bolaýmasynlar diýip, bokurdakdyr aşgazanyna çenli pyçak bilen dilindi! Düýnki ýazgymda agzalan Naji Kaşif Kyjymanyñ "Medine goragy" eserini 1976-njy ýylda yslamçy çaphanalaryñ biri bolan "Sebil" neşirýaty çykaran eken. Serediñ, kitabyñ girişinde yslamçy-da bolsa, "Sebil" neşirýaty näme diýipdir: ‘‘Haýyş: söýgüli okyjy! Külli yslam älemini türkleriñ ýolbaşçylygy astynda bir bitewi döwlete birikdirmek we bu bitewiligi saklamak ugrunda çekip-çydap bolmajak horluklara we jebri-jepalara döz gelen şehitlerimiziñ we gazylarymyzyñ arasynda iñ şowsuzluga uçranlary, megerem, Medine goragçylary bolsa gerek. Çünki, pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburyny iñlisleriñ alyna aldanan musulmansumak arap taýpa kethudalaryna garşy ýeterlik azygy, ok-därisi, ýaragy bolmasa-da, ýowuz çöl şertleriniñ, ýakyp-ýandyryp barýan epgegiñ astynda goramaga mejbur bolupdyrlar. Bu gynançly, emma herkese nesip etmejek sylag-hormatyñ eziz şehitleriniñ we gazylarynyñ ruhlaryna aýat-töwirler edip, häzirem sag-salamat ýaşap ýörenlerine bolsa jan saglygyny we uzak ömür arzuw etmek diniñ we watanymyzyñ öñündäki mukaddes borjumyzdyr.'' ★★★ Içimizden käbirleri şol ýowuz günleri hiç öwrenmändir, birinji jahan urşunda bizi arkamyzdan uranlary görmezlige salýarlar. Şol hyýanatkärleriñ iñ belli-başlylary häzirki Saud Arabystany we Katar häkimiýetini eýeläp oturanlaryñ gönüden-göni atalarydyr! Gaýrat edip, munuñ bilen biraz gyzyklansynlar we ýakyn taryhymyzy jahyllyklaryna salyp unutmasynlar. Bilmezlik aýyp däl, biraz okasynlar, öwrensinler. Şehitleriñ ruhlaryny ynjytmasynlar. 1948-nji ýylda aradan çykan beýik ynsan Fahretdin (Türkkan) paşany, Medine gahrymanlaryny we ähli şehitlerimizi hormat bilen ýat edýärin. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |