Soñlanmadyk çekişme
▶ FATIH SOLTAN MÄMMET BIOÝARAG ARKALY ÖLDÜRÜLDIMI?
ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Tramp başlyklaýyn, bütin dünýä koronawirusyñ nirden gelip çykyp çykandygynyñ üstünde kelle döwýär. Koronawirus biologik ýaragmy? Ýazuw çeşmelerine salgylansag-a, hettleriñ ergot kömelegi ilkinji bioýaraglaryñ biri bolupdyr. Türk taryhçylarynyñ arasynda birnäçe ýyl bäri: "Fatih zäherlenip öldürildi!" diýen jedelli gürrüñiñ gowry ýatanok. Bu gürrüñi ilki kim, nähili we haçan tapdy? Kim haýsy pikiri öñe sürdi?
1481-nji ýylyñ 27-nji apreli.
Fatih Soltan Mämmet nobatdaky täze ýörişine çykdy.
Göz öñünde tutulan ýer nire? Muny patyşadan başga bilýän ýokdy. Hökümdaryñ özboluşly bir aýratynlygy bardy: haçan bir ýerik ýörişe çykjak bolsa, onuñ maksadyny ýanyndaky iñ ýakynlary-da bilmezdi. Fatih barjak ýerine baryp ýetýänçä niýetini mälim etmezdi. Şol döwür Fatihiñ öñünde çözülmegine garaşylýan üç mesele bardy:
- Müsürde çerkez (türkmen) taýpasyndan bolan mamlýuk soltany Gaýytbaýyñ boýunegmezek gedemligi…
- Wezir Mesih paşanyñ ýolbaşçylygyndaky osmanly (türkmen) goşunynyñ Ikinji Rodos ýörişinde şowsuzlyga uçramagy…
- Gedik Ahmet paşanyñ bir ýyl öñ Adriatik deñziniñ boýundaky Otranto şäherini eýelemegi, indiki nobat Fatihiñ tutuş Italiýany boýun egdirmek maksadynyñ bardygyny añladýardymy?
Ýörişiniñ nirädigi belli bolmasa-da, ýola täze çykan Fatih birdenkä ynjalyksyzlyk tapyndy. Üsküdarda birnäçe gün düşledi. Soñra at arabasyna münüp ýörişe dowam etjek boldy. Bolmady. Şonuñ üçin Maldepedäki "Hüñkär çaýyry" (ýa-da "Tekfur çaýyry") diýilýän ýerde ýene säginmeli boldy.
1481-nji ýylyñ 3-nji maýy.
Fatih penşenbe güni agşamara kyrk dokuz ýaşynda ömürlik gözlerini ýumdy. Onuñ Stambuldan çykyşy bilen ölüminiñ arasynda bary-ýogy ýedi gün bardy.
Fatihi ýöriş wagtynda zäherledilermikä?
Jedeller şeýle güýjedi welin, “mazaryny açyp, eksgumasiýa barlagyny geçireliñ” diýenlerem boldy!
■ NEMES TARYHÇYSY BABINGER
1953-nji ýyl.
“Fatih zäherlendi” diýen pikir umuman kabul edildi.
Näme üçin?
Osmanly taryhy boýunça geçiren barlaglary arkaly giñden tanalan nemes taryhçysy Frans Babinger (1891-1967) “Mehmed der Eroberer und seine Zeit” ("Fatih Soltan Mämmet we onuñ döwri") kitabyny şol ýyl neşir etdirdi.
Ol şeýle diýdi:
“ - 1-nji maýda soltanyñ içagyrysy tutup başlansoñ, hekimler çagyryldy. Öñki gut (подагра) we guragyry (ревматизм) keselleri bilen birlikde, başga-da käbir keselleriñ alamatlary bardy. Soltany ilkinji bolup larystanly ajam Hamideddin el-Lary atly hekim bejermäge synanyşdy.
El-Lara degişli gürrüñleriñ iñ ynamlysy onuñ soltana turuwbaşdan nädogry derman bermegidir.
Şonuñ üçin el-Larynyñ öldürilmeginiñ sebäbi-de, ýa-ha onuñ soltanyñ öldürilişine şaýatlyk etmegi, ýa-da Mämmediñ ölümine gönüden-göni günäkär bolmagydyr.
Hekim Larynyñ elinden em gelmänsoñ, soltanyñ köne dosty Maestro Iakopo çagyrylýar. Emma Iakopo elinden geljek zat ýokdugyny, sebäbi başky hekimiñ ýalñyş derman ulanandygyny we ol dermanyñ beren zyýanly täsirini gidermegiñ indi mümkin däldigini aýdýar. Soltanyñ derdi çekip-çydardan agyrdy. Ölüm bilen gidişýän soltana berilen derman onuñ içegelerini doly petiklän bolarly…”
Babinger kitabynda öz kesgitli pikirini şeýle dowam edýär:
“ - Mämmediñ ölüm sebäbini anyk bilemzok. Köpsanly duşmanlarynyñ bardygyny we ölümine degişli käbir aýratynlyklary göz öñüne tutanymyzda, onuñ zäherlenendigine ynanasyñ gelýär. 25-nji maýda paýtagtdan çykanda, onuñ saglygy ýerindedi. Galyberse-de, wakany gözi bilen görenler soltany ölüme äkiden içege sanjylarynyñ ertesi sişenbe güni duýdansyz başlandygyny aýdypdyrlar. Bularyñ ählisi Mämmediñ ýola çykandan soñ zäherlenendigi we hiç bir melhemiñ onuñ janyny halas edip bilmändigi baradaky çaklamamyzy sagdynlaşdyrýar. Eger zäherlenen bolsa muny kimiñ edendigi belli däl. Bu işde wenesiýalylaryñ eliniñ bolmagy o diýen bir ynandyryjy däl. Soltany ogly Baýezidiñ zäherlän bolmagy-da mümkin…”
Diñe taryhçy Babinger däl…
Şol ýyl ýene bir kitap çykdy.
■ HIMIÝAÇY BAÝLAW
Himiýaçy Naşit Baýlaw (1903-1982)…
Stambulyñ melhemçilik mekdebini 1923-nji ýylda tamamlady. Bir ýyl geçensoñ şol mekdebiñ medisina-farmakologiýa okuw bölüminde assistentlige başlady. Şol bir wagtyñ özünde Dünýewi ylymlar (Fen) fakultetiniñ himiýa bölümini tamamlap, “melhemçi” hünäriniñ üstüne 1926-njy ýylda “himiýaçy” hünärini-de goşdy.
Hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ugradylan şäheri Berlinden Ikinji jahan urşunyñ başlamagy sebäpli, ýurduna dolanyp gelmeli boldy. Uzaldyp oturmalyñ…
Ýaşlygyndan medisina we melhemçilik taryhyna içgin üns berip, birgiden arhiw materiallaryny toplady.
Pensiýa çykanda bir ýyldan soñ 1953-nji ýylda “Fatih Soltan Mämmediñ döwründe awtorlyk, terjime we nusgalanan medisina eserleri bilen melhemler” kitabyny çap etdirdi
Baýlawyñ pikiriçe-de Fatih zäherlenipdi:
“Soltan, esasanam, Rim papasynyñ jansyzy we asly wenesiýaly ýewreý bolan köşgüñ baş lukmany Ýakup paşa (Master Jacop / Jacobus Maestro) tarapyndan oña berilen iññän zäherli ösümlik garyndysyndan zäherlendi.”
Ol pikirini şeýle delillendirdi:
“Topgapy köşgünde suratkeşlik, nakgaşlyk ýaly her dürli sungata degişli depderleriñ we golýazma kitaplaryñ bardygyny bilýärdim. Ol ýerden kän maglumat edindim, emma arhiw häzirem klassifikasiýalaşdyrylmandyr. Melhemçilik barada-da hökman bir zatlar ýazylgy bolaýmalydy. Men uzak ýyllaryñ dowamynda gözleýän zadymy tapmak üçin melhemiñ nähili taýýarlanandygy bilen gyzyklanýardym. Ahyrynda ýitigimi "Sahaflar Çarşısı" kitap bazarynda tapdym: Halwaçybaşynyñ depderi…”
Bu depderde hökümdara berlen iýmit önümleriniñ arasynda gargabüken (чилибуха) agajynyñ tohumlary-da bardy. Gargabükeniñ tohumlaryndan zäherli madda bolan strik alynýar. Strik iýip-içgä garylsa ölüm howply täsiri döredipdir.
Fatih naharyna garylan gargabüken zäheri bilen kem-kemden öldürildimikä?
Şu ýerde bir zady nygtap geçeýin:
“Fatih zäherlenipdir” diýen pikiriñ 1953-nji ýylda güýjäp ýetjek derejesine ýetmegine diñe alymlaryñ ýokarda agzalan iki kitaby sebäp bolmady. Şol ýyl Stambulyñ alynmagynyñ bäş ýüzünji ýubileý ýylydy…
Birinji Abdylhamydyñ döwründen bäri döwletiñ "Fetih baýramyna" bolan garaýşy "rumlylary öýkeletmejek bolalyñ” diýen düşünjededi. Jelal Baýar, Adnan Menderes dagylar hem şeýle düşünýärdi. Emma…
Sagçy-dindarlaryñ başyny çekýän toparlaryñ bäş ýüzünji ýubileý ýylyny dabaraly ýagdaýda geçirjek bolmagyna Kirp konflikti sebäp boldy.
Milletçiligiñ şol güýjän döwründe “Fatihiñ zäherledigi” baradaky pikir ep-esli tarapdar toplady.
Eýse, bu dogrumydy?
■ Fatihiñ goşgy setirleriniñ güýji
Fatihiñ öldürülendigini öñe sürýän professor Ýalçyn Küçük ýaly alymlar Fatih döwründen soñky ýazylanlara “resmi taryh” diýip, biraz ikigöwünliräk çemeleşdi. Taryhçylaryñ köpüsi döwletiñ resmi sene ýazyjylaryna kän ynanmaýar…
Ýogsa-da, ýakyn döwrüñ taryhçylary näme diýýär? Ýylmaz Öztuna (1930-2012) on dört tomluk "Türkiýäniñ uly taryhy" diýen ensiklopedik işinde şeýle ýazdy:
“Fatihi wenesiýalylar zäherläp öldürdi. Bu Wenesiýanyñ soltanyñ garşysyna gurnan on bäşinji we iñ soñky kast edilşigi bolup, başky on dördi başa barmandy. Wenesiýa bu synanşygy Fatihiñ şahsy hekimlerinden asly wenesiýaly ýewreý bolup, osmanly köşgünde Ýakup paşa adyny alan Maestro Iakoponyñ üsti bilen amala aşyrdy. (…) Fatih Üsküdara baran güni, ýagny 25-nji aprelde zäherlenmäge başlandy, soñra bejergi bahanasy bilen zäheriñ dozasy artdyryldy. Fatihiñ ölümini ýakyndan bilýän Aşykpaşazada patyşanyñ bagrynyñ eräp, agzyndan gan gelendigini ýazýar. Hakanyñ janyna kast edilendigini bilýärler, Ýakup paşa-Maestro Iakopo hökümdaryñ ölüminden kän wagt geçmänkä türk esgeri tarapyndan bölek-bölek edilip öldürilýär.”
Fatih Mämmediñ taryhyny öwrenmäge ençeme ýylyny bagyşlan professor Şehabeddin Tekindag (1918-1983) bolsa bu pikiriñ “boş” pikirdigini öñe sürdi…
Bu jedel entek köpe çekjege meñzeýär.
Anyk bilýän zadymyz şu:
Fatih 1464-nji ýyldan bäri gut keselinden ejir çekýärdi.
Wenesiýalylaryñ strategik ähmiýetli Agryboz adasyny eýelemäge gatnaşan 1470-nji ýyldaky ýörişde yzasy beter artdy. Soñra ol Rodos we Otranto ýörişlerine gatnaşmaga ýaramady.
Nirädigi belli bolman galan soñky ýörişinde bogazdan geçende, endamyndaky aýrylyp gidibermeýän agyry-yzalar sebäpli Awny tahallusynda şu setirleri ýazdy:
“Ah min azmetin bi-gaýri iýâb
Ah min hasretin ale'l-ahbâb.”
Ýagny:
“Perýat, dönüşi ýok bu gidişe
Dostlaryñ hasratyna perýat.”
Ýogsa-da ol, soñky ýoluna barýandygyny añşyrdymyka? Kim bilýär...
■ Aşykpaşazada näme ýazdy?..
Hakyky ady Derwüş Ahmet, edebi lakamy Aşyky bolan Aşykpaşazada.
Garry atasynyñ ady Aşyk paşa bolandygy üçin Aşykpaşazada ady bilen tanaldy.
Amasýa sanjagynyñ (prowinsiýasynyñ) Mejitözü-Elwan Çelebi obasynda doguldy.
Öz aýtmagyna görä 1400-nji ýyllaryñ başynda doglupdyr.
Soltan Myrat I-iñ we Fatih Mämmediñ ynamyna girdi. Wengriýa we Ikinji Kosowa ýörişlerine, Stambulyñ eýelenmegine gatnaşdy. Osmanly döwletiniñ gurlan ilkinji ýyllaryndan başlap 1478-nji ýyla çenli taryhyny türk(men) dilinde gürrüñ berýän "Beýik Osmanlynyñ taryhy" “Tewarih-i Al-i-Osman” eserini ýazdy. Halk dessany görnüşinde ýazylan eseriñ iljinji nobatda hroniligiki gymmaty bar…
“Fatih zäherleipdir” diýen pikire gol ýapýanlaryñ salgylanýan esasy çeşmeleriniñ biri Aşykpaşazadanyñ ýazan şu sözleri boldy:
“Tebipler şerbeti kim berdi Hana?
Ol Han içdi şeraby gana-gana.
Jigerin dogrady şerbet ol Hanyñ,
Dem zaryny çekdi sermedi ýanyn.
Diýdi: "Maña neçüýn dözdi tebipler…”
Aşykpaşazada Fatihiñ zäherlenendigini “aýtjak” boldumyka?
Bir zady welin açyk ýazdy:
“ Ölümine sebäp ayagynda zahmeti (gut) bardy. Lukmanlar em etmekden ejiz geldiler. Ahyrynda lukmanlar üýşüp maslahat etdiler, aýagyndan gan aldylar. Zahmet biraz zyýadalaşdy. Soñra şaraby-farig (sirop) berdiler. Ahyrynda rahmet-i Rahmana gowuşdy.”
Şeýle-de, Fatihiñ şahsy taryhçysy Dursun beg (1420-1499) hem "Tarih-i Ebü'l-feth" eserinde “ýörişe çykmazdan öñem ýarawsyzlygy bardy” diýip ýazdy.
Ondan soñky taryhçylardan Mämmet Neşri (1450-1520) "Kitab-y Jihannüma" eserinde soltanyñ hassalanyp öldendigini ýazdy. Behişti, Kemalpaşazada, Oruç beg, Täjizada Japar Çelebi, Kywamy, Hoja Sadetdin ependi dagylar hem şol pikirdedi…
Soner ÝALÇYN.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Taryhy makalalar