09:57 Frig başgaby | |
FRIG BAŞGABY
Taryhy makalalar
"Feska meniñ döwletimi alamatlandyrýar" Ekrandaky konserwatiw dogmat iki asyr öñ bu sözi üçin modernist Osmanlynyñ täzeçillige garşy gidýänleri tarapyndan it alan sanaja dönderiljegini bilenok. Soltan Mahmyt II-ä nämüçin "gäwür patyşa" diýilýänini bir bilýärmikä? Feskany mukaddesleşdirjek bolup, egnindäki ýewropa penjek-jalbaryny syrtardýandygyndan habary ýok! Ekranlarda şoña meñzeş samsyklaç sözler günde gaýtalanyp dur. Hasam erbedi, şular ýaly esassyz gep-gürrüñlere gülünmeli welin, gaýtam gyzgyn çekişmeler bolup geçýär... * * * Biziñ ýurdumyzda yslam doly we dogry bilinenok, doly we dogry düşünilenok. Bir henek bardyr, bilýän bolsañyz. Biri gurbanlygyñ döreýiş taryhyny gürrüñ berýärmiş: "Zürýady bolmadyk Dawut pygamber Hudaýa: "Ýa Rebbim, maña bir gyzjagaz ber, ony señ ýoluña gurban edeýin diýip dileg edenmiş. Onuñ dilegi kabul bolupdyr. Dawut pygamber gyzynyñ adyna Äşe dakanmyş. Aý geçip, gün geçip, gökden Ezraýyl bir geçini alyp gelipdir-de "Gyzy goýber, şuny gurban et" diýenmiş". Özüñiz gowy bilýänsiñiz, Dawut pygamber däl Ybraýym pygamber, gyz däl oglan, Äşe däl Ysmaýyl, Ezraýyl däl Jebraýyl, geçi däl goýun... "Feska meniñ döwletimi alamatlandyrýar" diýýäne, ekran garantgasy feskanyñ Osmanla Fasdan (Marokko) gelendini aýtdy... Boş gürlemekden başga zady bilmeýänler ekrana çykarylýar... * * * Dini bilmeýişleri ýaly Anadoly mifolofiýasyny-da bilenoklar: Mundan üç müñ ýyla golaý wagt öñ... Frigiýanyñ patyşasy Midas özüni ýarymhudaý yglan edende, hudaý Apollon tarapyndan gulagy eşegiñ gulagyna dönderilip jezalandyrylypdyr. Midas gulagynyñ üstünden gülünmesin diýip kellesine başgap geýdi: "Frig başgaby". Gyzyl reñke boýalan begres ýüñden dokalan, depeden aşaklygyna daralýan, silindr şekilli, üstünden sallanşyp duran seçekleri bolan feskanyñ adamzat taryhyna birinji aralaşyşy şular ýaly boldy... Frig başgabyny anadoluly hudaý Attis we anadoluly zenan urşujylar amazonkalylar hem geýipdir... Gyzyl başgaplary rimliler, wizantiýalylar, Renessans döwründe italýanlar hem geýdi. ABŞ, Fransiýa, Kuba, Argentina ýaly käbir ýurtlaryñ we edara-guramalaryñ logosynda azatlygyñ we garaşsyzlygyñ nyşany hökmünde ulanyldy... Frig başgabyny "Şirinler" multifilminde-de görensiñiz. Ýurdumyz Anadolyny ýeterlik tanamzok. * * * Osmanlynyñ feska bilen tanyşlygyna XVI asyrda alžirli deñizçiler sebäp boldy. Nedimden Şeýh Galyba çenli ýazylan diwanlarda feska Alžirdir deñizçilik bilen baglanyşykly düşünjeler bilen bile agzaldy. Fesiñ döwlet tarapyndan başgap hökmünde kabul edilmegi Mahmyt II-niñ döwründe Ýanyçarlar gwardiýasynyñ ýatyrylmagyndan soñ bolup geçdi. Tunisden elli müñ feska getirildi. Mahmyt II döwletiñ ömrüniñ uzamagy üçin tradision osmanly ýaşaýyş-durmuş formasynyñam üýtgedilmeginiñ gerekdigini pikir edipdir. Munuñ netijesinde ol egin-eşik bilen birlikde ýaşaýyş-durmuş formalaryna üýtgeşmeler girizdi. Geçirilen reformalaryñ kabul edilşini çaltlandyrmak üçin şahyrlara kasydalar, gazallar ýazdyryldy. Feska wagtyñ geçmegi bilen meşhurlyga eýe boldy. Häzir feska "yslamyñ simwoly" hasaplansa-da, Osmanlylara garşy uruşan greklerden serblere çenli hemmesiniñ kellesinde feska bardy! (Gresiýanyñ "Ewzones" batalýonlary 1837-nji ýyldan Ikinji jahan urşuna çenli feska geýdi). Tampliýerler ("Ybadathanaçy rysarlar") köplenç gyzyl feska geýen ýagdaýda şekillendirildi, başgap 1872-nji ýylda tampliýerler üçin resmi eşige öwrüldi. "Peter Klawýer" rysarlary gök feska geýipdirler. Umuman şular ýaly. Soñky ýyllarda ABŞ, Angliýa feskany çilim çekmegiñ simwoly hökmünde moda öwürdi... Uzatmaýyn, bir kitaba ýeterlik uzyn gürrüñ... Salymyny bermän hemme zat barada bolýan gödek çekişmeleriñ iki esasy sebäbi bar: - Birinjisi, ruh ýarasy... Özem bu kollektiwleýin trawma bizi bir ýere jemleýän baglary dömdürip, jemgyýetçilik durmuşynyñ esasy süññüni haraplaýar... - Ikinjisi, jahylyýet... Özem iñ howplusy ekran jahyllygy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||