01:10 Gadamlaryñ owazy | |
GADAMLARYŇ OWAZY
Goşgular
Gijemi? Gündizmi? Parhy ýok, parhy, Käte undup wezipäňi, kimdigňi, Diň sal töweregňe, Duýarsyň şonda Dünýäň owazlardan ýasalandygny. Diň sal, Uçup barýan sansyz guşlaryň Ganatlamyň täsin pysyrdysyna. Diň sal, Gollaryny göge uzadyp, Ösýän daragtlaryň pyşyrdysyna. Diň sal, Derýalaryň, deňiz-kölleriň Dyzmaç tolkunlamyň güwwüldisine. Diň sal, Güne ýetsem diýýän gaýalaň Hem ýyndam bulutlaň gümmürdisine. Gözýetimleň Menzilleriň yzyndan Ýetip barýan, Ýitip barýan ýollaryň, Ýüwrük motorlaryň, Polat ganatlaň, Suwdaky, Gökdäki korabllaryň Owazyna diň sal, Diň sal birsellem, Sen şonda duýarsyň ýene bir zady. Dünýä durşy bilen hereketdedir, Öňe tarap barýandyr ol ebedi. Dünýäň tizliginiň ýalňyz ölçegem Tizligidir ynsan gadamlarynyň. Şoň üçinem onuň owazlaryna Bütin durkuň bilen ünse öwrülip, Gulak salgynyň! Gulak salgynyň! Soňra bolsa sen ýene-de bir gezek Gulaklarňy arçap, Arçap mazaly, Bar güýjüňi jemläp gadam urgunyň, Gitgin öňe, Gitgin ýoldaşlaň ýaly. Şonda seniň gadamlaryň owazy Goşulsa dünýäniň owazlaryna, Ejiz dälsiň, Bagtyýarsyň dünýäde, Ýetersiň sen arzuwlaryň baryna. Ýöne şonda birden tersine bolsa, Seniň gadamyňdan çykan owazlar Dünýäň owazyna goşulman galsa, Biläýgin, Garaşman aýdylarna çen, Kim bolsaňam, Ejizsiň sen, ejizsiň Hemem barypýatan betbagtsyň sen. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |