21:06 Gadymy edebi nusgalar: Oguz han | |
GADYMY EDEBI NUSGALAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ OGUZ HAN Günleriň bir güni wagty sagady dolup, Aý Hanyň çaga dogurmaly wagty ýetdi. Burgy sanjysy tutdy. Sanjylaryň soňundan bir ogul dünýä indi. Oglanyň ýüzi gögiň öwüşgüninde, agzy oduň gyzyl reňinde, gözleri bolsa bolsa bal pisint goýungözdi, saçlary, gaşlary garady. Iň gözel perilerden-de gözeldi*. Enesiniň göwsünden diňe bir sapar süýt emdi, soň birem emmedi. Dil çykdy. Çig et, aş, şerap isleýänini aýtdy. Derreň gürleşmäge başlady. Kyrk gün içinde ulaldy. Kyrk günden soň ylgap, oýnap başlady. Aýaklary öküziň aýaklary ýaly güýçli, göwsi aýynyň göwsi ýaly sagdyn, bili gurduň bili ýaly inçe, omuzlary bolsa samyryň omuzlary ýaly ýalpyldawuk hem berdaşlydy. Endamy tüýlüdi. At sürülerini kowalardy. Ata münerdi hem keýik awlamaga çykardy. Günler, aýlar geçdi. Bu oglan görmegeý bir oglan bolup ýetişdi. Ol zamanlarda, ol taraplarda örän uly bir tokaý bardy. Tokaýyň sansyz – sajaksyz dereleri bardy, ençeme çeşmeler akýardy. Munuň üçin-de bu ýere hetsiz – hasapsyz aw haýwanlary gelýärdi hem – de müňlerçe awçy ýygnanýardy. Ýöne bu tokaýyň içinde bir gorkuç aždarha bardy. Bu aždarha at sürülerini-de iýerdi. Ol ýerdäki adamlary-da iýerdi. Örän erbet, gorkunç bir janawerdi. Halk gorkup, ondan bizar bolupdy. Ýöne çäresizdiler, edip bilýän zatlary ýokdy. Oguz han bolsa edermen bir ýigit bolup ýetişdi. Ol aždarhany öldürmek isledi. Günleriň bir güni belli bir karara geldi hem awa çukdy, naýzasyny, okuny, ýaýyny, gylyjyny we glkanyny ýanyna aldy. Bir keýigi tutup, ony çeýe sögüt çybygy bilen bir agaja baglady hem bir çete çekildi. Ertesi daň agaranda ol ýere geldi. Görse, aždarha kiýigi diriligine ýuwudypdyr. Bu gezek ol bir aýy tutdy. Ony-da altyn kemer bilen daňyp, agaja baglady hem-de ol ýerden ýuwaşlyk bilen gaýtdy. Gün ýaşdy, garaňky düşdi. Soňra ýene daň atar wagty boldy. Oguz han daň agaran wagty tokaýa geldi we aždarhanyň aýyny – da diriligine ýuwudanyny gördi. Şonda şol daňyp goýan zatlarynyň ornunda agajyň düýbüne özi durup, ol ýuwdarhany tutmagy ýüregine döwdi. Az wagtdan aždarha peýda boldy. Ol badyny gowşatman gelşine kellesini galkana uranda, Oguz han naýzasyny sünjüp aždarhany öldürdi, gylyjy bilen başyny kesdi. Aşdarhanyň kellesini alyp gaýtdy. Esli wagtdan soň yzyna garasa, bir gyrgynyň aždarhanyň başyny iýip oturanyny gördi, ok-ýaýyny gerdi-de atdy hem-de gyrgyny öldürdi. Onuň – da kellesini kesdi. Bu ahwalata ol şeýleräk düşündi hem-de öz-özüne şeýle diýdi: “Aždarha hem keýigi, hem-de aýyny iýdi. Aždarha keýikden-de, aýydan-da güýçli ekeni. Emma naýzam aždarhany öldürdi, sebäbi naýzam demirden. Gyrgy bolsa aždarhany iýdi. Ýaýym bilen okum – da gyrgyny öldürdi. Ýaýym bilen okum mis bolany üçin gyrgyny öldürdi”. Oguz han ol ýerden gaýtdy. Ýene aýlar, günler geçdi. Günleriň bir güni Oguz han ýene tokaýa gitdi hem ol ýerde Taňra ýalbarmaga durdy. Gürlap durka birden bar ýeri garaňkylyk gaplap aldy. Gökden bir mawy yşk indi. Bu mawy yşyk Günden – de, Aýdan – da ýagtydy. Oguz han böküp ýerinden turdy. Mawy yşygyň içinde bir ýaş gyzyň bardygyny gördi. Mawy yşygyň ortasynda ol gyzyň ýeke özi oturdy. Örän owadandy. Başynda bagt ýyldyzy ýaly ýalp – ýalp edip ýalpyldaýan biz ýyldyz bardy. Ol gyz şeýle bir gözel, şeýle bir gözeldi welin, gülen wagtynda bütin gök asman – da gülýärdi, aglan wagtynda-da bütin gök ýüzi-de aglaýardy. Oguz han ol gyzy görüp akyly başyndan uçdy. Ol gyzy söýdi hem öýlendi. Ençeme gije hem gündizleden soňra bu uz owadan gyzyň gözleri ýalp – ýalp ýandy. Üç ogul dogurdy. Birine Gün adyny berdiler. Ikinjisiniň adyna Aý diýdiler. Üçinjisini – de Ýyldyz diýip çagyrdylar. Oglanlar ulalýardy. Günleriň bir güni Oguz han ýene awa çykdy. Aw awlap ýörkä bir kölüň ortasynda bir adany, adada – da bir agajyň ösüp oturany gördi. Baryp seretse, ol agajyň köweginde bir gyz oturan ekeni. Özem ýalňyz hem örän owadan gyzdy, görmäge göz gerekdi. Gözleri dury asman ýaly gögümtikdi, saçlary derýa tolkun ýaly çilçildi, dişleri hünji kimindi. Gyz şeýle bir owadandy, onyň tarypyny aýdyp oturar ýaly däldi. Haýsydyr bir adamy görse, beýhuş bolup ýykylardy, süýt bolsa, gymyza öwrülerdi. Oguz han hem ol gyzy görende, akly başyndan uçdy, ýüregine bir ýanar ot düşdi. Gyzy bir bakyşda söýdi, ony – da aldy. Mundan soň günler gijeler garyşdy, gijeler günlere garyşdy. Bir gün şäher wagty bu gyzyň – da gözleri ýylp – ýylp ýylpyldady. Ol – da üç ogul dogurdy. Öňküler dek bu oglanlarynyň birinjisiniň adyna Gök diýip at goýdular. Ikinjisine Dag diýen at berdiler. Üçünjisini – de ýöne Deňiz diýip çagyrdylar. Bu işler başa barandan soň, Oguz han bir uly toý berdi. Çagyrylan-çagyrylmadyklar bir – birinden eşidip geldiler. Dürli naharlar, depe ýaly ýetler, derýa kimin gymyzlar iýlip içildi. Köp şatlyk şagalaň hem bol iýgi içgi boldy. Toýdan soňra Oguz han behlerine, myhmanlaryna halat – serpaý paýlady, şeýle sözledi: Men senlerge boldum kadap, Alalyň ýaý taky galkan. Tamga bize bolsun buýan, Kök böri bolsungyl iran. Temir jadylar bolsun orman, Aw ýerde ýürüsün kulan. Taky tulaý, taky müren Kün tug bolgul, kök kurikan. Terjimesi: Men sizlere boldum han, Alalyň ýaý ýa-da galkan Tagma bize bolsun nyman Gök böri sesi söweş nagramyz bolsun. Demir naýzalarymyz bolsun tokaý, Aw ýerinde ýörsün gulan. Hala deňiz, hala derýa, Gün tug bolsun, gök bize öý. Oguz han bu sözleri aýdandan soňra dört ýana permanlar ýollady. Ilçilerini ýola saldy. Ilçileriň äkiden permany hem hatlarynda şeýle diýilýärdi: “Men ýeriň dört ýanynyň – da hanyň saýylýaryn. Siziň hem maňa baş egmegiňizi isleýärin. Kim meniň buýrugyma gulak assa, onuň sowgatlaryny alaryn we ony özüme dost bilerin. Kim meniň buýrugymy diňlemese, baş egmese, gazaplanaryn, ony duşman bilerin hem goşunlarymy üstlerine ýollaryn. Çozuş ederin, olary tutaryn, asaryn, ýok ederin”. Ol zamanlarda Oguzyň ýakyn sag ýanynda Altyn han diýilýän hanlyk bardy. Altyn han Oguz hana ilçileri bilen birlikde bihasap altyn kümüş iberip, ölçegsiz gymmat baha ýakut daşlaryny hem diýseň tapylgysyz şaý – sepleri gönderdi, alkyşlar ýollady, Oguz hanyň buýrugyna gulak asdy. Iberen zatlary bilen Oguz hana doslugynyň subut etdi. Olaryň ikisi – de biri – biri bilen dost boldular. Ýene ol zaman Oguzyň ýakyn şol ýanynda Urum diýen bir hanlyk bardy. Urum banynyň känden – kän goşuny hem, känden – kän şäherleri bardy. Känden – kän goşunlaryna we känden – kän şäherlerine buýsanyp, Urum hany Oguz hanyň buýrugyny diňlemedi. Onuň dostlarynyň arasyna goşulmady. “Oguz sözlerini berjaý etmeýärin” diýip, permany ýerine ýetirmedi. Muny aňan Oguz han gazaba mündi, Urum hanynyň üstüne goşun sürdi. Esgerleri bilen atlanyp, tuglaryny pasyrdadyp ýöriberdi. Kyrk gün gidenden soňra Muz (Buz) dagy diýlen bir dagyň etegine geldi. Bu ýerde çadyrlaryny gurdy, ýatyp dem-dynjyny aldy, uklap turdy. Töwerek imi-salydy. Ertesi Gün dogmazdan has ir Oguz hanyň çadyryna güneşdende parlak bir yşk girdi. Ol yşykda gök tüýli, gök ýally bir erkek gurt peýda boldy. Gurt dil açdy. Oguz hana garap sözledi. Oňa şeýle diýdi. “Oguz, Oguz, Aý Oguz ! Sen Urum hanyň üstüne ýöriş etmekçi bolýarsyň. Aý, Oguz, mende seniň bilen ýola düşmek isleýärin !”. Oguz turup töweregine garady. Hiz zat görmedi. Çadyrlar ýygnadylar. Ýörişi dowam etdiler. Ýolda esgerleriň öňünden gök tüýli, dök ýaly, bir garry erkek gurdyň barýanlygyny gördüler. Ol gurduň yzy bilen bolsa bütin goşun ýöräp barýardy. Olar şeýle boluşdy gidiberdiler. Birnäçe günden sož göl tüýli, gök ýally gurt durdy. Oguz han – da esgerlerini saklady. Bu ýerde bir deňiz bardy, adynada Itil Müren (Müren derýa. Wolganyň bir goly) diýilýärdi. Itil Müreniň bir gapdaly gara daglykdy. Ine, şol gara dagyň eteginde kän uruşlar boldy. Ok bilen, naýza bilen, gylyç bilen söweşdiler. Ol hakda şeýle diýilýär: Çerigleriniň aralaryda, Köp telim boldy uruşgu. Il – künleriniň köňülleride Köp telim boldy kaýgu. Terjimesi: Esgerler aralaryda Telim sapr uruş boldy. Il – güniň köňülleride Telim sapar teşwiş boldy. Söweşler hem uruşlar şeýle bir gyzyşdy weli, ahyrda Itil Müreniň suwy zenjefil ýaly gyp-gyzyl bolup akdy. Oguz han ýeňdi. Urum hany bolsa ýeňilip, gaçyp gitdi. Ondan soň Oguz han Urum hanyň hanlygyny, il-halkyny elinden aldy. Örän köp-köp oljalar gazandy. Bar ýer bolçulyk boldy. Urum hanynyň bir dogany-a bardy. Adyna Uruz beg diýerdiler. Beýik Dagyň üstünde, iki ýany uly derýa bilen baglan jülgede berk gurulan hem – de berk goragly şäheri bardy. Uruz beg öz oglyny şol ýere ýollady. Ugradanda: “Şäheri gowy goramagymyz gerek. Ony gowy gorap, biziň saklamagymyz gerek. Şeýle edersiň Söweşden soňra gaýdyp gelersiň !” diýip tabşyryk berdi. Barybir Oguz han bu şäheriň üstüne-de ýöriş etdi. Uruz begiň ogly bu ýagdaýy görüp, Oguz hana örän käp altyn – kümüş ýollady. Oguz hana: “Sen meniň hanymsyň. Kakam maňa bu şäheri berdi hem-de şäheri gora. Uruş gutarandan soňra-da meniň ýanyma gaýdyp gel diýip tabşyryk berdi. Kakamyň saňa gaharlanmasy meniň günämmi näme? Seniň buýrugyňy amal etmäge söz berýärin. Biziň bagtymyz seniň bagtyňdyr, aslymyz siziň nesil agajyňyzyň miwesindendir. Taňry saňa güýç beripdir, ygtyýar beripdir. Men-de saňa başymy hem-de baýlygymy bagyşlaýaryn. Saňa salgyt tölärin, dostlukdan dönmerin” – diýip hem boýun egdi. Oguz han bu ýigidiň sözlerine begendi, şatlandy hem-de gülüp şeýle diýdi: Menge köp altyn ýumşap sen, Balukny ýagşy saklap sen, Terjimesi: Maňa köp altyn ýollap sen, Şäheri ýagşy saklap sen. Bu sözleri aýdandan soňra, ol ýigide Saklap diýen at goşdy hem ony özüniň ýakyn adamy saýdy. Ondan soňra goşuna baş bolup, ýene ýöriş etdi. Oguz han Itil diýen derýanyň kenaryna gelip ýetdi. Itil derýasy örän ulu derýady. Oguz Itil derýasyny synlap, ýanyndakylardan : “Itil suwundan nähili geçeris?” diýip sorady. Goşunyň arasynda bir beg ýigit bardy. Adyna Ulug Orda beg diýerdiler. Ol akylly bir är ýigitdi. Ulug beg derýanyň kenarynda örän gür hem ýogyn agaçlaryň ösüp otyranyny gördi. Ol agaçlary kesip, biri – biriniň üstüne oturyp, ýüzüp derýanyň aňry kenaryna geçdi. Oguz han örän begendi, wagty hoş bolup gülüp, şeýle diýdi: Aý-aý, sen munda beg boluň, Gypjak diýlen sen beg boluň. Düşündirişi: Eý-eý! Sen munda beg bol, Gypjak diýlen sen beg bol! Yene-de atlaryny ýüzin salyp gitdiler. Ondan soňra Oguz han gök tüýli, gök ýally garry erkek gurdy gördi. Gök tüýli, gök ýally gurt Oguz hana : “Oguz han, indi sen atlanyp, goşunyň bilen bu ýerden ugra. Atlanyp ugranyňda il – halkyňy-da, begleriňi-de ýanyň bilen bile alyp git. Men seniň öňüňden gitjek, saňa ýol görkezjek diýip!” - diýdi. Daň agaranda Oguz han erkek gurduň goşunyň öňünden gidip barýanyny gördi. Muňa begendi. Onuň yzyna düşüp, ýene öňe gidiberdiler. Oguz han atlarynyň arasynda Alaja bedewi örän gowy görerdi. Şonuň üçin – de, hemişe bu bedewi münerdi. Ol ýene – de Alaja bedewe atlandy. Ýolda düşlänlerinde Oguz hanyň bedewi baş bermän gaçyp, gözden ýitip gitdi. Ol ýerde bir uly dag bardy, depesinde doňup ýatan buz az bolmazdy. Sowukdan ýaňa doňup galan buzlaryň derdinden onuň gerişleri ap – akdy. Şonuň üçin onuň adyna Buz dagy diýerdiler. Oguz hanyň bedewi şol Buz dagynyň içine gaçyp gitdi. Oguz han muňa gaty gyýyldy. Oguz hanyň leşgerinde bir edermen beg ýigit bardy. Hiç bir zatdan gorkmazdy. Ýörişe –de, sowuga yssa – da dözümlidi. Ol Buz dagynyň içine girip gitdi. Dokuz günden soňra bedewi idekläp, Oguz hana getirip berdi. Dag gaty sowuk bolany üçin onuň üsti-başy ak gara örtülipdi: Oguz han begenjine gülüp, oňa : “Sen şu töwerekdäk beglere baş bol, seniň adyň ebedi Karluk bolsun” diýdi. Oňa hazynanadan halat-serpaýlar-da bagyşlady. Ol begenjine guş bolup uçyp gitdi. Ýol bilen gidip barýarkalar bir uly öýüň üstünden bardylar. Oguz han baryp, görse öýüň diwarlary altyndan, penjireleri kümüşdendi. Üçegi demirdendi, gapysy gulplydy. Açyp bilmediler. Esgerleriň arasynda başarnykly, elinden her iş gelýän bir är ýigit bardy, adyna Tömürtü Kagul diýýärdiler. Oguz han oňa buýruk berip, şeýle diýdi: “Sen bu ýerde gal, aç. Gapyny açanyňdan soňra gelip leşgere goşularsyň!” Şonuň üçin ondan soňra Tömürti Kagula Kalaç adyny berdiler hem ýoly dowam etdiler. Gök tüýli, gök ýally garry erkek gurt günleriň bir güni ýöremän durdy. Oguz han-da durdy, ýöremedi ýeten ýerlerinde çadyrlaryny gurdular. Bu taýy otsyz – çöpsüz bir şol ýer ekeni. Adyna Çürçüt diýýärdiler. Ol uly bir ýurtdy, milleti kändi. Atlary, öküzleri, göleleri köpdi, altynlary, jöwahyrlary, kümüşleri kändi. Çürçüt han bilen onuň halky Oguz hana garşy durdular, söweş boldy. Ok bilen, gylyç bilen uruşdylar. Oguz han üstün geldi, ýeňdi. Çürçüt hanlygyny basyp aldy, hanyň başyny kesip öldürdi. Çürçüt halkyny öz gol astyna geçirdi. Bu söweşden soňra Oguz hanyň şeýle bir dolup – daşyp ýatan, hetdi – hasaby bolmadyk mal hem olja galdy. Olary ýükläp äkitmäge ne at, ne gatyr, ne öküz ýetýärdi. Oguz hanyň ordasynda ýene bir är ýigit bardy. Ol hem akyllydy, hem başarnyklydy. Onuň adyna Barmaglyg Çosun Billik diýýärdiler. Başarnykly ussa bolan bu Barmaglyg Çozun Billik bir araba ýasady. Onuň üstüne oljalary ýükläp, arabanyň öňüne-de mal -garalary, atlary, gatyrlary, öküzleri goşdular. Ol janly mallar bu oljalary çekip äkitdiler. Ony görenleriň ählisi haýran galdylar. Hemmeler örän kän araba ýasandylar. Gidip barýan arabalary görenler “Kaň, Kaň, Kaňlyk” diýip gygyrşýardylar. Munuň üçin Barmaglyg Çozun Billigiň ýasan zadynyň ady “kankly” bolup galdy. Arabalary görende, Oguz hanyň gülküsi tutdy hem şeýle diýdi : “Kanga- kanga bilen jansyzy janly ýöretdi. Indi Kangalyg-da saňa at galdy, muny Kanly diýip aňlatdy”. Ol ýerden ýene-de ýörişlerini dowam etdiler. Has soňra gök tüýli, gök ýally garry erkek gurt bilen birlikde Sint, Tangut hem Şam taraplaryna atlaryny sürüp bardylar. Bir kän söweşlerden soňra ol ýerlere-de hökmüni ýöretdi. Ol ýerleri-de öz ýurdy hasaplady, ýeňdi, basdy. Ähli zatar-aýdylman bilinmän galmasyn, ýeri-ýurdy any bolsun. Aşak taraplarynda Barkan diýen bir ülke bardy. Oly barly ýurtdy. Howasy örän yssydy. Awlaglary, guşlary örän boldy. Altyny-da kändi, kümüşi-de, jowahyrlary-da. Ýöne halkynyň ýüzi gap-garady. Barkan atly bu ülküniň hanynynyň ady bolsa Masardy. Oguz hanyň onuň üstüne-de ýöriş etdi. Ýaman köp bir söweş boldy. Oguz han ýene üstün geldi. Masar han bolsa gaçyp gutuldy. Oguz ony-da ýeňdi, onyň-da ýurduny aldy. Oguz hanyň dostlary begendi, duşmanlary bolsa gaýgy – gama batdy. Oguz han Masar hany ýeňende-de sansyz-sajaksyz olja hem at sürülerini alyp öz ýurdyna döndi. Ady aýdylmasyz bolmaz, goý bilinsin. Oguz hanyň ýanmynda Ak sakgally, ak saçly, bi ýaşuly kişi bardy. Aňly-düşünjelidi, hemme zada dogry düşünerdi, dogry gürleşerdi. Oguz hanyň bu danşmendiniň ady-da Ulug Törükdi. Ana şol Ulug Türük günleriň bir güni düýş gördi. Düýşünde bir altyn ýaý, üç däne-de kümüş ok gördi. Bu altyn gündogardan tä günbatar çenli gerilmeşdi. Üç kümüş ok-da dogry demirgazyga uçýardy. Ukudan oýananda, Ulug Türük düýşünde görenini Oguz hana aýdyp berdi hem-de şeýle diýdi : “Oguz han, seniň ömrüň uzak bolsun, başyň dik bolsun, aman esen bolsun! Gök taňry düşümde saňa näme beren bolsa, hasyl bolsun! Taňrym bütin öer ýüzüni seniň nesilleriňe bagyş etsin!” Oguz han-da Oguz Türküň sözlerine begendi, öwütlerini diňledi. Öwütlerini-de tutdy, ýerine ýetirdi. Ertesi ähli uly, kiçi ogullaryny çagyryp ýanyna getirdi. Olara şeýle diýdi: “Meniň göwnüm aw awlamak isleýär. Garranym üçin men gidip bilmeýärin. Ýöne siz: Kün, Aý, Ýyldyz taň saryga senler baryň, Gök Tag, Tengiz tün saryga senler baryň. Düşündirişi: Gün, Aý, Ýyldyz gündogara tarap baryň. Gök, Dag, Deňiz günbatara tarap baryň. -diýdi. Şeýle buýrugyň emri bilen ogullarynyň üçüsi dogry gündogara tarap atlaryny sürdüler, beýleki üçüsi – de dogry günbatara tarap. Gün, Aý, Ýyldyz dagy köp aw awladylar, kön guş urdular, soňunda bolsa ýolda bir altyn jaý tapdylar. Ony aldylarda-da getirip Oguz han berdiler. Oguz han örän begendi. Hoş bolup güldi. Ýaýy üçe böldi. -Eý, uly ogullarym ! ýaý siziňki bolsun. Ýaý ýaly bolup, oklary göge atyň! - diýip gürledi. Gök, Dag, Deňiz dagy bolsa dogry günbatarda köp aw awlap, kän guş tutup, gaýdyp gelýärkäler ýolda üç kümüş ok tepdylar. Olary aldylar-da getirip, Oguz hana berdiler. Oguz han ýene begendi, ýene güldi hem-de oklary üçe bölüp, kiçi ogullaryna berip: - Eý, kiçi ogullarym! Oklary size beýärin. Ýaý oky atar, siz hem ok ýaly boluň! diýdi. Şondan soňra-da, Oguz han uly maslahat geçirdi. oňa her kesi çagyrdy. Maslahata çagyrylanlar gelip sözleşdiler, oturyp dem-dynç aldylar. Oguz han uly özüniň sag gapdalynda kyryk gulaş uzynlykda bir agaç bireg dikdirdi, depesine-de bir altyn goýun baglady. Oguz han ýene uly öýüniň sol gapdalynda kyrk gulaç uzynlykda bir agaç bireg dikdirdi. Onuň depesine – de kümüş towuk baglady. Sag tarapyna bozoklar orutdylar, şol ýanynda-da Üäoklar ýerleşdiler. Kyrk gün, kyrk gije iýildi-içildi. Hezil edilip gezildi, şatlanyp, gülüp-oýnap gezildi. Kyrk gün, kyrk gijr geçenden soňra, Oguz han ogullarynyň arasynda öz ýurduny paýlaşdyrdy hem-de olara şeýle diýdi: Aý ogullar, köp men aşdum, Uruşgular köp men gördüm, Jyda birle köp ok atdym, Aýgyr bile köp ýügürdüm. Duşmanlaryny yglagurdum, Dostlarymny men küldürdim, Köp Taňryga men ötetim, Senlerge bere men ýurudum. Düşündirişi: Eý, ogullam, kän ýaşadym, Kän-kän men söweşler gördüm, Jyza bile kän ok atdym, Aýgyr bile kän ýol aşdym. Duşmanlarymy ýyglatdym, Dostlarymy güldürdim, Gök Taňryga tarap ötdüm Size-de ýurdumy berdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |