19:56 Gadymy Gresiýany ýer yranmasy ýok etdimi? | |
GADYMY GRESIÝANY ÝER YRANMASY ÝOK ETDIMI?
Taryhy makalalar
Mikenleriñ ýitirim bolmagy Ortaýer deñziniñ syry bolmagynda galýar. 2023-nji ýylyñ 6-njy fewralynda on welaýatymyzy weýran eden Kahramanmaraş episentrli ýer yranmasynda aradan çykan ýurtdaşlarymyza Alladan rehmet, ýaralylarymyza şypa dileýärin. Eziz türk halkynyñ başy dik bolsun Ilkinji grekler beýik mikenler, Troýa uruşlary "Iliada" we "Odisseýa" poemalaryna edebi esas bolup hyzmat etdi. Olaryñ medeniýeti b.e.öñki 1200-nji ýyllarda duýdansyz ýagdaýda yza tesip, Gresiýada garañky asyrlaryñ başlangyjy boldy. Mikenleriñ ýitirim bolmagy Ortaýer deñziniñ syry bolmagynda galýar. Öñe sürülýän çaklamalaryñ arasynda basybalyjylara garşy uruşlar ýa-da aşakky gatlagyñ (garyp-gasarlaryñ) gozgalañy bar. Şol sanda käbir alymlar ýurduñ ýygy-ýygydan emele gelýän ýer yranmalaryngñ medeniýetiñ çagşamagyna täsirini ýetirip biljekdigini öñe sürýär. Berk gurlan köşk bolan Tirinfiñ harabalyklarynda geologlar emele gelen ýer yranmasynyñ ähtimal günäkär bolup-bolmandygyny tassyklap biljek subutnamalary tapmagy umyt edýärler. Tirinf beýik miken şäherleriniñ biri bolupdyr. Akdaşly depäniñ üstünde şäher döwletiniñ patyşasy uçursyz galyñ diwarly köşk gurdurdy welin, bulara siklopen diýilýärdi. Çünki äpet akdaş böleklerini diñe ýekegöz jandarlar (Depegözler) göterip bilýärdi. Germaniýanyñ Kýoln uniwersitetiniñ seýsmology we taslamanyñ ýolbaşcysy Klaus-G.Hinzen diwarlaryñ beýikligi 30 fit (10 metr), ini 26 fit (8 metr), agramy 13 tonna bolan bloklardygyny aýdýar. Ol toparynyñ geçiren barlaglarynyñ netijelerini ABŞ-nyñ Seýsmologiýa jemgyýetiniñ Solt-Leýk-Sitidäki ýyllyk ýygnanşygyna hödürledi. Klaus-G.Hinzen Hinzen we onuñ kärdeşleri saklanyp galan diwarlaryñ lazer şöhlesine dözümli 3D tirinf modelini oýlap tapdylar. Olaryñ maksady diwarlaryñ ýykylmagynyñ diñe ýer sarsgynyndan bolup-bolmandygyny anyklamak. Ýokarky gatlagyñ astyndaky çökündi we gaýa gatlaklarynyñ geofiziki taýdan barlanmagy ýeriñ bir tempde nähili sarsyp bilýändigine degişli inženerçilik işleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Hinzen işiñ örän çylşyrymlydygyny, sebäbi birnäçe plitanyñ höwesjeñ arheolog Genrih Şliman tarapyndan 1884-nji ýylda we has soñra XX asyr restawrasiýalarynda goýlandygyny aýtdy. Topar taryhy fotosuratlary siññin gözden geçirip, diwaryñ barlap bolaýjak üýtgedilmedik korpuslaryny tapdy. Şeýle-de, daş bloklaryñ astyndaky toprakda optik lüminesans seneleme atlandyrylan we diwarlaryñ bir ýer yranmasynda bolşy ýaly, bir wagttñ özünde ýykylyp-ýykylmandygyny ýüze çykaryp biljek tilsimden peýdalanmagy umyt edýärler. Hinzen "Soñky üýtgeşmeler hakykatdanam işimizi kynlaşdyrýar. Orginal şertleri örän ünsli gözden geçirmesek bolmaýar" diýdi. Ýene bir päsgelçilik bar: ganhor sarsgyny anyklap tapmak. Miken ýer bilen ýegsan bolanyndan soñ uly ýer yranmasy hakda sös açýan çeşmeler ýa-da folklor eseri saklanyp galmandyr. Şeýle-de, Hinzen Gresiýanyñ beýleki ýerleri bilen deñeşdirende, sebitiñ ýakynlaryna garanda az sanly ýerasty jaýryk (razlom) bardygyny aýdýar. Edil häzir-ä ýer yranandygyny tassyklaýan subutnama ýok, ýöne ýakyndaky ýitim sebitinde güýçli aktiwlik bolupdyr. Hinzen mikenleriñ gala gurmak üçin çökündi bilen gurşalan akdaşly depeleriñ üstüni saýlap almaklarynyñ alysdaky ýer yranmalaryndanam täsirlenip biljegini aýdýar: "Seýsmiki tolkunlar çykuwa baglanýar we köp zyýan ýetirip bilýär. Şäheriñ oturan ýeri örän garawsyz". Şeýle-de, barlagçylar gadymy miken şäheri Mideýany-da öwrenmegi meýilleşdirýärler. Topar Türkiýedäki, Germaniýadaky, Rimdäki gadymy ýer yranmalaryny öwrenmek üçin öñem şular ýaly işleriñ birnäçesini geçiripdi. Umut ATASEWEN, gadymy döwür taryhçysy. @atasevenoffica Şenbe, 25.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |