23:27 Gadymy kyssalar - müdimi kyssalar | |
Edebi makalalar
AWTORDAN Kitaplaryň hem öz döreýiş taryhy bolýar. Okyjylaryň elindäki kitap hem bir döwletli geňeşden soň dünýä indi. Bir gezek ýaşuly edebiýatçy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Weliýew «Edebiýatyň dürli meselelerinden gazet-žurnallarda ep-esli makala çap etdirdiň. Şolary özbaşdak kitap edäýseň nädýär! Olaryň hemmesini bir kitaba sal diýjek bolamok. Ynha, soňky wagtlarda okyjylaryň edebi mirasa bolan höwesi has artdy. Şonuň üçin edebi mirasymyz hakynda ýazan makalalaryňy belli bir tertibe salyp, özbaşdak kitap edäýseň-ä kem bolmazdy» diýdi. Ýerlikli geňeşiň täsiri hem üýtgeşik bolar ekeni. Görüp otursam ýaşy iki müň ýyla ýeteňkirleýän edebiýatymyzyň dürli meselelerinden ýazanmakalalarym bir kitaplyk boluberipdir. Olary bir ýere jemledim, köpüsiniň täzeden syntgysyny ýetirdim. Şeýdip hem şu kitap emele geldi. Ozaly bilen ýygyndynyň käbir aýratynlyklary barada aýdaýyn. Zamanamyzyň uly söz ussady Çingiz Aýtmatow «Meniň küşt oýnap bilýän adamlara gözüm gidýär. Olar tagtanyň üstünde talantly hudožnikleriň, sazandalaryň, artistleriň derejesine göterilýär, estetiki gözellik döredýär. Küşt döwüni edil ajaýyp surat ýa-da teatr spektakly ýaly tomaşa edip bolýar. Men öz halkymyň köp ogullarynyň küşt oýnap bilýänligine çäksiz begenýärin» diýip ýazypdy. Edil şonuň ýaly, geçmiş zamanlarda biziň halkymyzyň arasyndan hem mertebesine guwanyp oturmaly küşt ägirtleri çykypdyr. Olar hem şahyr, hem küştçi bolupdyr. Biz kitaba geçmişde ýaşan meşhur küştçi – şahyrlarymyz hakyndaky makalalaryň hem birnäçesini girizdik. Galyberse-de, şahyry ýaşan döwri bilen bagly ýaly bolup görünýän käbir meseleler geljekde öwrenip, ony tanap hem oňa dogry düşünip bolýar diýen düşünje bar. Şonuň üçin hem köp makalalarda diňe edebi gürrüň edilmän, eýsem şol şahyrlaryň ýaşan döwrüniň taryhy, ruhy-medeni durmuşy hakynda hem has jikme-jik pikir ýöretmeli bolýar. Şeýle diýmek bilen şol makalalarda diňe edebiýatymyzyň däl, eýsem medeniýetimiziň taryhyna-da belli bir derejede deglip geçilýändigini öňünden aýdasymyz gelýär. Ýazgujy ýazganda unutgan bolur, Okujy okuganda tüzetgen bolur. Bu setirler beýik Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azadynyň ýürek owazy. Biz juda jaýdar aýdylan bu setirleri ýöne ýere getirmedik. Sebäbi ýygyndydaky makalalaryň köpüsinde heniz durmuş ýollary, döredijilik ykballary az öwrenilen söz senetkärleri dogrusynda gürrüň berilýär. Ýa bolmasa belli-belli edebi döwrüň döredijilik aýratynlyklary barada pikir öwürmäge synanyşyk edilýär. Şeýle halatda şahyryň aýdyşy ýaly, unudylan zatlaryň bolmagy kanuny ýagdaý. Şonuň ýaly-da, makalalar galapyn jedelleşmek, pikir alyşmak häsiýetinde ýazylypdyr. Olarda dürli hili ylmy çaklamalaryň orta atylýan halatlary-da seýrek däl. Şol sebäbe görä hem biz ol ýa-da beýleki jedeldi meseleler baradaky pikirlerimiz gutarnykly diýen düşünjeden daşda. Häzir doly çözülmedik ýaly bolup görünýän käbir meseleler geljekde kitabyň awtory, beýleki alymlar tarapyndan aýdyňlaşdyrylar, has düýpli barlaglardan soň subut ediler, belki-de, olar täze-täze ylmy netijelere sebäp bolar diýen umydymyz bar. Sebäbi halk arasynda «Jedelden hakykat dünýä inýär» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. ▶ GADYMY KYSSALAR – MÜDÜMI KYSSALAR Marksizm-leninizm klassyklary gahrymançylykly eposa halkyň ruhy medeniýetiniň esasy bölegi diýip baha berýär. Ony milli hazyna hasap edýär. Ýagdaý türkmen gahrymançylykly eposy babatynda-da şeýle. Halkymyzyň gahrymançylykly eposynyň gadymyýetiň çuňluklaryňdan gaýdýan özboluşly ösüş ýoly bar. Ýöne biz heniz türkmen eposy diýilse, «Göroglyny» göz öňüne tutýarys. Epos žanryny öwreniji alymlar bolsa, onuň mazmuny hem tebigaty boýunça esasan üç görnüşe bölünýändigini belleýärler. Biziň «Göroglymyz» feodalizm döwrüniň eposyna girýär. Mundan başga-da, eposyň ýene-de iki sany – gadymy hem klassyky – görnüşi bar. Eýsem, biziň halkymyz özüniň şeýle uzak taryhynda eposyň bu hili görnüşlerini döredip bilmedimikä? Ýok, döredipdir. Biziň berk ynanjymyza görä, türkmen eposynyň gadymy görnüşi «Oguznama» bolsa, klassyky görnüş» «Gorkut Atanyň kitaby» eposy. Haýp ýeri, biz özümize ýazuw ýoly bilen gelip ýeten bu eposlarymyzy gözden salýarys. Olary biri-biri bilen baglanyşdyryp ymykly öwrenip bilemizok. Şeýdip, türkmen gahrymançylykly eposynyň ösüş ýoly üzlem-saplam häsiýetde öwrenilip gelinýär. Dogrusyny aýtsak, türkmen edebiýaty öwrenijileriniň ýaşuly nesli «Gorkut Atanyň kitabyny» öwrenmäge hem jemagata ýetirmäge yhlasly ýapyşypdyr. Baryp kyrkynjy ýyllarda Ahmet Ahundow-Gürgenli, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew ýaly edebiýatçylarymyz eposy öwrenmäge başlapdyr. Olar kitaby halk köpçüligine ýetirmegiň aladasyny edipdir. Hut olaryň tagallasy bilen 1945-nji ýylda eposyň on boýy kem-käs gysgaldylyp «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilipdir. 1950-nji ýylda bolsa eposyň M.Kösäýew hem B.Garryýew tarapyndan taýýarlanan bitewi nusgasy Aşgabatda aýratyn kitap edilip çykarylypdyr. Emma kitap köpçülige ýetmän galypdyr. Sebäbi şol ýyl epos gödek ýalňyşlygyň gurbany edilipdir. Ýöne bu ýalňyşlyk sowet alymlary tarapyndan basym düzedildi. Belli sowet alymlary akademikler W.M.Žirmunskiý, A.N. Kononow dagylar bu ugurdan köp iş etdiler! Olar 1962-nji ýylda oguz-türkmen eposynyň akademik W.W.Bartold tarapyndan rus diline edilen terjimesini köpçülige ýetirdiler. Epos dogrusynda saldamly işler ýazdylar. Soň bu epos azerbaýjan hemgazak dillerinde birnäçe gezek kitap edilip çykaryldy. Epos barada üç sany doktorlyk dissertasiýasy ýazyldy. Ýöne şeýle bolsa-da, käbir sebäplere görä köp wagtlap türkmen alymlary üçin eposa barýan ýol ýapyk durdy. Her hal soňky ýyllarda şol ýol açyldy. Belli rus alymlary W.W.Bartold, ÝÝe.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç, A.Ýu.Ýakubowskiý, A.G.Tumanskiý dagy tarapyndan türkmen edebiýatynyňgymmatly ýadygärligi diýlip baha berlen eposy biziň alymlarymyz täzeden öwrenmäge, neşir etmäge girişdiler. Indi biziň alymlarymyzyň öňünde eposyň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan ornuny aýan etmek, onuň halkymyzyň taryhy, ruhy-etnografik durmuşy bilen baglanyşygyny, dilimiziň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýetini ýüze çykarmak wezipesi durýar. Şu ýerde şeýle bir ýagdaýy belläsimiz gelýär. Şu setirleriň awtoryna sowet hem türk alymlarynyň 1988-nji ýylda Bakuwda geçen maslahatyna gatnaşmak miýesser etdi. Maslahat gönüden-göni«Gorkut atanyň kitaby» eposyna bagyşlandy. Onda eposyň dili barada kän gürrüň edildi. Maslahata gatnaşan azerbaýjan hem türk alymlary eposyň diliniň has gadymydygyny bellediler. Ondaky köp sözleriň ulanyşdan galandygyny, olaryň käbiriniň manysyny anyklamagyň hem mümkin däldigini aýtdylar. «Muňa «argyş», «siňir», «oýluk», «duşak», «erişmek» ýaly sözleri mysal getirdiler. Emma bu sözler bolsa häzirki zaman türkmen dilinde hem işjeň ulanylýar. Şeýle diýmek bilen biz başga zady aýtjak bolýarys. Eger türkmen dilçialymlary eposyň dilini ymykly öwrenseler, iň esasysy hem onuň düşündirişli sözlügini düzseler, onda olar Gorkutşynaslyk ylmyna mynasyp goşant goşup bilerler. Şuňa meňzeş ikinji bir ýagdaý. Baryp kyrkynjy ýyllarda meşhur taryhçy A.Ýu.Ýakubowskiý «Kitaby Gorkut hem onuň irki orta asyr türkmen jemgyýetini öwrenmekdäki ähmiýeti» diýen tutumly işini ýazypdy. Türkmen taryhçylarynyň hem bu belli alymyň asylly başlangyjyny dowam etdirmegi gerek. Bir söz bilen aýtsaň, eposyň ideýa-çeperçilik meýdanynda biziň taryhçylarymyza-da, etnograflarymyza-da, filosoflarymyza-da, dilçilerimize-de ýeterlik iş bar. Ýagdaý bizden bu gadymy eposymyzy kompleksleýin öwrenmegi talap edýär. Häzirki wagta çenli «Gorkut atanyň kitabynyň» iki sany golýazmasyny ele salmak başardypdyr. Olaryň ilkinjisi Drezdende saklanýan nusga bolup, onda 12 sany hekaýat, eposyň özünde atlandyrylyşy ýaly «boý» bar. Ol 1585-nji ýylda göçürilipdir. Ikinji golýazmany italýan alymy E.Rossi Watikandan tapypdyr. Onda iki sene – 1591-nji hem 1615-1616-njy ýyllar görkezilipdir. Özi-de onda alty boý bar. Biz bu ýazgymyzda eposyň özi barada köp gürrüň etmekçi däl. Bu ýerde eposyň döreýiş taryhy, onuň döredilen döwri hem ýeri, žanrlyk özboluşlylygy, Gorkut atanyň şahsyýeti, eposyň halkymyzyň arasyndaky meşhurlygy ýaly meselelere köp agram salmakçy. Iň esasysy bolsa, eposyň golýazmalaryna girmedik hekaýatlar –boýlar hem bar. Olaryň eposyň tebigatyny, taryhyny öwrenmekde juda uly ähmiýeti bar. Emma olar okyjylara elýeterli däl. Şonuň üçin hem bu ýerde şol hekaýatlar barada has töwerekleýin maglumat bersek dogry bolardy. Ozaly bilen «Gorkut Atanyň kitabynyň» döredilen döwri hem ýeri hakynda Onuň Drezdenden tapylan golýazmasy şeýle başlanýar. «Resul-aleýh-essalam (Bu ýerde Muhammet pygamber göz öňünde tutulýar – A.B.)zamanyna ýakyn Baýat boýundan Gorkut Ata diýerler bir är gopdy. Ol kişi Oguzyň tamam bilijisi idi. Ne diýr ise olur idi. Gaýypdan dürli habarlar söýlär idi... Gorkut Ata aýtdy: «Ahyr zamanda hanlyk geri (ýene) kaýyga (Kaýy oguz-türkmenleriň 24 kabylasynyň biri – A.B.) dege, kimesne (hiç kim) ellerinden almyýa, ahyr zaman olup, kyýamat gopynça. Bu diýdigiOsman neslidir». Akademik W.W.Bartold Gorkut atanyň «Bu diýdigi Osman neslidir» diýen sözlerine aýratyn üns berdi. Ol esasy özenini Kaýy taýpasy düzüp, Kiçi Aziýada dörän Osman imperiýasynyň dowam eden döwrüňde, XIV-XV asyrlarda bu epos düzülen bolsa gerek diýen pikiri öňe sürdi. Eposyň wakalaryny Akgoýunly türkmenleriň taryhy bilen baglanyşdyrdy. Soň «Gorkut Atanyň kitabynyň» döredilen döwri, onda beýan edilýän wakalar barada pikir ýöreden alymlar hem bu garaýyşdan juda bir daşlaşyp bilmediler. Epos Kiçi Aziýada hem Kawkazda döredilendir diýen pikiri goldanyp geldiler. Ýöne biziň pikirimizçe, bu ýerde anyklanmaly ýagdaýlar bar. Birinjiden, hut eposyň özünde Gorkut Atanyň «resul-aleýh-essalamyň», ýagny, 632-nji ýylda ýogalan Muhammet pygamberiň döwrüne ýakyn zamanda ýaşandygy aýdylýar. Bu ýerde awtoryň ýaşan döwri bilen eposyň döredilen wagty biri-birine bap gelenok. Ikinjiden, Drezden golýazmasynyň Osman imperiýasy döwründe göçürilen bolmagy ähtimal. Emma bu ýerde göçüriji kitabyň osmanlylar döwründe ýazylandygyny aýdanok, tersine, Osmanyň kaýy kabylasyna degişlidigini ýaňzytmak isleýär. Üçünjiden, eposyň özboluşly bir tarapy bar. Onda personažlaryň haýsy oguz-türkmen taýpasyna degişlidigi ýörite görkezilýär. Emma kaýy taýpasynyň ady diňe şu ýerde ýatlanmak bilen çäklenilýär. Eposda bu kowumdan çykan gahrymanlar bilen bagly wakalar beýan edilmändir. Biziň çakymyzça, Osmanyň kaýy taýpasyna degişlidigi baradaky bu pikir eposa göçüriji tarapyňdan soň girizilipdir. Başgaça aýtsak, göçüriji Gorkut Atanyň oguzlarda mundan beýläk hökümdarlyk kaýylardan bolan adamlaryň eline geçer diýen weliligine baglan, öz ýaşan döwletiniň düýbüňi tutan Osman Ärtogrulyň (1259-1324-nji ýyllarda ýaşan) hem kaýylardan çykandygyny aýdyp goýberipdir. Biziň yzda bu meselä täzeden dolanmak niýetimiz bar. Eposyň tebigatyny, onda beýan edilen wakalary, adam hem ýer-ýurt atlaryny içgin yzarlasaň, onuň ilki başda Orta Aziýada döredilendigine göz ýetirýärsiň. Biziň pikirimizçe, epos ilki şu ýerde düzlüp, onuň gadymky golýazmasynyň esasynda hem öňde ýatlan golýazmalarymyz, üstüne käbir ýerlizatlar goşulyp, täzeden göçürilipdir. Bu pikirimizi ozaly bilen eposyň atlandyrylyşy tassyk edýär. Drezden golýazmasy «Kitaby-dädem Gorkut ala lisany taýyfan oguzan», ýagny, «Dädem Gorkudyň oguz taýpalarynyň dilinde ýazylan kitaby» diýlip atlandyrylypdyr. Emma Osman imperiýasy döwründe Kiçi Aziýada, Kawkazda «oguz dili» diýlen adalga asla ulanylmandyr. Nowaýynyň berýän maglumatyna görä, bu etraplarda ýaşan oguz taýpalarynyň diline şol wagtlar «rumy-türkmeni dil» diýlipdir. Umuman, «oguz dili» diýlen adalga XII asyra çenli ýörgünli bolupdyr. Sebäbi şondan soňky asyrlarda ol «türkmen dili», kä halatda «seljuk-türkmen dili» diýlip ýöredilip başlapdyr. Görşümiz ýaly, «Gorkut Atanyň kitaby» has irki zamanlarda, dilimiziňheniz «oguz dili» diýlip atlandyrylýan döwründe döredilipdir. Bu bolsa, oguzlaryň şindi Orta Aziýada ýaşan, olaryň XI asyrda Kiçi Aziýa, Kawkaza aralaşan wagtyndan has ozalky döwürleri bolýar. Eposyň aslynyň nirede döredilendigi onda beýan edilýän wakalarda has gowy görünýär. Onuň her boýunda ilki bilen Içoguzlaryň hem Daşoguzlaryň ady tutulýar. Şondan soň oguz-türkmenleriň bu gadymky taýpa birleşiklerinden çykan gahrymanlaryň hereketleri beýan edilýär. Taryhy maglumatlara görä, irki orta asyrlarda Içoguz birleşigi Syrderýa boýlarynda, Aral kölüniň ýakalarynda, Daşoguz birleşigihem Müňgyşlak, Balkan, Daşhowuz (Ýeri gelende aýtsak, Daşhowuz sözi hem şu Daş oguz birleşiginiň adyndan gelip çykypdyr. Birleşigiň adynyň «daş» hem «oguz» sözlerinden emele gelendigi görnüp dur. Mahmyt Kaşgarly oguzlaryň dilinde çekimli sözleriň öňünden «h» sesini artdyrmak kadasynyň bolandygyny belläpdir. Şu kada esasynda oguz sözüniň öňünden «h» sesi artdyrylyp, Daşoguz – Daşhoguz – Daşhowuz görnüşine geçipdir) töwereklerinde ýaşapdyr. Emma taryhy çeşmeler oguz-türkmenleriň bu iki taýpa birleşiginiň Kiçi Aziýada, Kawkazda ýaşandygy barada hiç zat syzdyranok. Eposyň baş gahrymany Salyr Gazan. Kitapda ol Içoguzlaryň baştutany hökmünde çykyş edýär. Oňa eposda «Türküstanyň diregi, Amyt soýunyň aslany, Garajygyň gaplaňy» diýlip häsiýetlendirme berilýär. Bu ýerde üç sany geografiki at gelýär. Gadym döwürlerde «Türküstan»diýip Syrderýadan tä Hytaýa çenli aralyga aýdylypdyr. Amyt bolsa Amyderýanyň gadymky goşandy bolupdyr. Garajyk şäheri Syrderýanyň boýunda ýerleşen gadymy oguz şäheri ekeni. Soň oňa Farap diýlipdir. Görnüşi ýaly, diňe şu faktlaryň özi hem eposyň baş gahrymanynyň nirelerde hereket edendigini aýdyp dur. Umuman, eposdan Içoguzlaryň hem Daşoguzlaryň ýaşan ýerlerine degişli ýer-ýurt atlarynyň köp sanlysyny tapsa bolýar. Elbetde, eposyň ilki dörän ýerini hem döwrüni has dykgatly öwrenmek geljegiň işi. Ýöne şularyň özünden hem eposyň awtory Gorkut Atanyň şahsyýetini, onuň ýaşan döwrüni, ýerini nirelerden gözlemelidigini bilse bolýar. Onuň şahsyýetini dikeltmekde irki zamanlarda Orta Aziýada ýaşan oguzlaryň taryhy has ygtybarly faktlary berýär. Gorkut Ata barada Nowaýy bize gymmatly bir maglumat galdyrypdyr. Ol 1495-nji ýylda ýazan «Neasimul muhabbet» diýen işinde şeýle belleýär: «GORKUT ATA – türki halaýygyň arasynda şöhraty juda artykdyr, şöhrata mynasypdyr hem. Meşhurlygy şeýledir: özünden näçe ýyl öň bolan, özünden näçe ýyl soň boljak zatlary bilipdir. Köp-köp pähimli öwüt-nesihatlary bardyr» Eposyň özünde hem Gorkut Ata şeýle sypatlar bilen çykyş edýär. Nowaýynyň bu häsiýetlendirmesi eposda Gorkut Ata: «Ol kişi Oguzyň tamam bilijisi idi. Ne diýrse olur idi» diýip berilýän häsiýetlendirmä doly gabat gelýär. Görşümiz ýaly, eposyň Kiçi Aziýada, Kawkazda göçürilen diýlip hasaplanýan golýazmalarynyň ýazylmazyndan bir asyr töweregi öň hem Gorkut Atanyň Orta Aziýada mertebesi ýokary bolupdyr. Onuň eseriniň hut şu ýerlerde hem ýörgünli bolandygyna şübhe galmaýar. Gorkut Ata barada, ylaýta-da XVI asyr türkmen taryhçysy Salyr Baba Gulaly ogly diýseň gymmatly maglumatlary ýazyp gidipdir. Onuň «Oguznama» eserinden Gorkut Atanyň şahsyýeti, ömri hem döwri dogrusynda täze faktlary tapýarys. Özi-de, Salyr Babanyň berýän maglumatlary eposda ýok. Onuň «Oguznamasy» hem eposyň öňde görkezilen golýazmalaryndan has ir döredilipdir. Awtor eserini 1555-1556-njy ýyllarda Nusaýda tamamlapdyr. Bellemeli ýeri, Salyr Babanyň öz eli bilen ýazan golýazmasy bize gelip ýetipdir. Golýazma Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunyň 526-njy bukjasynda saklanylýar. Häzirki wagta çenli türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda Salyr Babanyň bu eseri barada agyz dolduryp aýdar ýaly iş edilmändigine görä, şu ýerde ýüz ugruna eseriň ideýa-çeperçilik aýratynlyklary dogrusynda hem pikir ýöretsek kem bolmasa gerek. Edil şonuň ýaly-da, biz ýönekeý okyjylara-da düşnükli bolar ýaly, köne kitaby stilde ýazylan bu eserden getirilýän mysallary häzirki zaman türkmen diline ýakynlaşdyryp bermegi makul gördük. Biz ozaly bilen bu eseriň nähili žanrda ýazylandygy barada gürrüň etmekçi bolýarys. Orta asyrlarda pars hem türki dillerdäki edebiýatda nama žanry ýüze çykypdyr hem ýörgünli žanrlaryň birine öwrülipdir. Bu žanr ideýa-mazmuny boýunça, esasan, aşakdaky ýaly toparlara bölünipdir: çeper, çeper-taryhy, taryhy-syýasy, memuar-taryhy hem liriki ýa-da liroepiki häsiýetli şahyrana namalar. Özüniň häsiýeti boýunça Salyr Babanyň «Oguznamasy» nama žanrynyň çeper-taryhy görnüşine laýyk gelýär. Edil şonuň ýaly-da, onuň eseri köp planlylygy, masştablylygy bilen tapawutlanýar. Kompozision gurluşy boýunça eseri, esasan, aşakdaky ýaly dört sany topara bölmek mümkin: 1. Oguz han hem parasatly goja Buşy hoja hakyndaky hekaýat. 2. Erki han hem onuň maslahatçysy Gorkut Ata hakyndaky hekaýat. 3. Bugra han hem onuň otly Kury tegin hakyndaky hekaýat. 4. Ilkinji Seljuk hökümdarlary hakyndaky hekaýat. Öňde eposdan getirilen sözlerden çen tutsaň, Gorkut Ata Muhammet pygamberiň zamanyna ýakyn döwürde ýaşapdyr. Gyzykly ýeri, Salyr Babanyň «Oguznamasynda» hem onuň ýaşan wagty diýlip, ine, şol döwür görkezilýär. Awtor oguzlaryň Ala atly, samyr donly Kaý Ynal han diýip atlandyrylan hökümdary hakynda söze başlap, soň şeýle ýazýar: «Bu patyşa döwründe hezreti Muhammet Mustafa peýda bolupdyr we ol (Kaý Ynal han) Gorkudy onuň hyzmatyna iberip, Merwde (Maryda) musulmanlygy kabul etdi. Ol (Gorkut) uly akyldar hem dana adamdy we köp keramatlaryň eýesidi. Bu rowaýaty gürrüň berýän adam (ýagny, Salyr Baba) aýdýar: onuň ömri iki ýüz togsan bäş ýyla barabar bolupdyr. Köp ýagşy sözleri diýipdir we keramatlar görkezipdir. Onuň (Gorkudyň) rowaýatlary köpdür we olar aýratyn ýerde getiriljekdir». Salyr Babanyň Gorkut Ata barada berýän bu maglumatlary eposda aýdylýan maglumatlar bilen bir perdeden gopýar.Edil eposdaky ýaly bu ýerde-de Gorkut Atanyň Muhammet pygamberiň zamanyna ýakyn döwürde ýaşandygy nygtalyp onuň oguzlaryň Baýat taýpasyndan çykandygy bellenýär. Salyr Baba Gorkut Atanyň kakasynyň adyny Gara hoja diýip görkezýär. Emma eposyň golýazmalarynda Gara hojanyň ady duş gelmeýär. Salyr Baba hem bu ýerde Gorkut Atanyň eposda özüne berilýän häsiýetlendirmeleri berýär. Salyr Babanyň eserinde Gorkut Ata hakyndaky hekaýat ýokarda sitirlenen sözler bilen başlanýar Şondan soň awtor Ala atly, samyr donly Kaý Ynal hanyň köp wagtlap hökümdarlyk edendigini belleýär. Onuň aýaly göwreli wagty dünýäden ötüp, perzent ýüzüni görmän gidendigini aýdýar. Eserde beýan edilişine görä, Ala atly, samyr donly Kaý Ynal han ölmezinden öňinçä ähli guşlaryň dilini ýolduryp, bir halta salyp goýýar. Eger ogly bolsa, şol dilleri oňa iýdirmegi wesýet edýär. Ala atly, samyr donly Kaý Ynal han aradan çykandan soň, onuň yzynda ogly bolýar. Oguz halky üýşüp, Gorkut Atadan täze bolan çaga bir gowy at dakyp bermegi soraýar. Gorkut Ata çaga Tuman diýip at berýär. Tuman heniz kiçijikkä oňa kakasynyň halta salyp, ýygnap goýan guş dillerini ezip iýdirýärler. Şunuň netijesinde hem onda ähdi guşlaryň diline düşünmek ukyby peýda bolýar. Biziň pikirimizçe, eserde şeýle detalyň işledilmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi «Oguznama» sýužetiniň ähli nusgalarynda diýen ýaly Oguz hanyň alty oglunyň hersine bürgütler maşgalasyndan bolan bir guşuň o n g o n edilip berlendigi aýdylýar. Salyr Babanyň ýazmagyna görä, «ongon» gadymy adamlaryň totem hökmünde uýan guşuny aňladypdyr. Köp sanly türkmen ertekilerinde gahrymanlaryň guşlar bilen gürleşip, olar bilen düşünişip hereket etmegi ýörgünli däp. Guşlar hemişe erteki gahrymanlarynyň ýakyn kömekçisi hem maslahatçysy bolup çykyş edýär. Gadymy mifologiýadaky totemiki obrazlar soň-soňlar haýwanlar hakyndaky ertekileriň döremeginde uly rol oýnapdyr. Biz bu ýerde hem şeýle ýagdaýy görýäris. Gadymy ata-babalarymyzyň guşlar hakyndaky totemiki ynanjy ilki oguznama sýužetinde işlenip, soň ol haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileriniň döremegine gatnaşypdyr. Salyr Baba Tuman han dünýä ineninden soňky wakalary şeýle beýan edýär: Ala atly, samyr donly Kaý Ynal han ölüp, eýesiz galan oguz halky bir ýere üýşüp maslahat geçirýär. Olar: «Tuman han heniz ýaş. Halkyň ykbalyny kime ynanmaly? Bize maslahat ber!» diýip, Gorkut Ata ýüz tutýar. Gorkut Ata mähelläniň öňüne çykyp, Tuman han kemala gelýänçä, edermenlik-de, akyllylykda, jomartlykda ýakasyny tanadan Erki diýen birini wagtlaýyn patyşa saýlamagy maslahat berýär. Jemagat Gorkut Atanyň maslahatyny makul görýär. Erki han patyşa bolýar. Ol dokuz ýyllap hökümdarlyk edýär. Tuman ýigit çykýar. Bir gün Erkiniň ýanyna baryp, kakasynyň tagtyny gaýtaryp bermegi ondan talap edýär. Erki han onuň sözüni diňläp, dessine raýatlaryny çagyryp, toý dabarasyna başlaýar. Gorkut Atanyň yzyndan ýörite çakylykçy iberýär. Gorkut Ata toýa gelip, beýemçilik edýär. Beglere şerap süzüp berýär. Toý arasynda hem Tuman hany bir çete çykaryp, şeýle diýýär: «Erki han köp gowy işler etdi. Özüni adalatly hökümdar hökmünde görkezdi. Iň gowusy onuň gyzyna öýlen. Şeýle etseň Erki hanyň senden göwni biter. Ahyr soňunda täç bilen tagt hem seniň özüňe galar». Tuman han Gorkut Atanyň bu parasatly maslahatyny kabul edýär. Erki hanyň gyzyny alýar. Netijede, toý dabarasy täzeden tutulýar. Edil eposdaky ýaly, bu ýerde hem Gorkut Ata oguzlaryň baş aksakgaly hökmünde çykyş edýär. Eposda oňa degişli edilýän häsiýetler. Salyr Babanyň beýan edýän hekaýatynda-da bar. Mysal üçin, eposda halk bähbitli uly işlere Gorkut Atanyň maslahaty bilen başlanýar. Bu ýerde hem ýagdaý şoňa meňzeş. Oguz halky onuň maslahaty bilen Erki hany wagtlaýyn patyşa saýlaýar. Eposda täze bolan çagalara at dakmak Gorkut Atanyň paýyna düşýär. Ol Salyr Babanyň eserinde-de şeýle edýär. Eposda Gorkut Ata nika toýlaryny ýola goýýar. Bu ýerde hem Tuman han onuň nesihaty bilen Erki hanyň gyzyna öýlenýär. Eposda uly dabara geçirilseýa-da tutumly iş başlansa, ilki bilen Içoguz hemDaşoguz begleri çagyrylyp getirilýär. Salyr Babanyň eseriňde bolsa şeýle dabaralara Sag ganat hemÇep ganat begleri çagyrylýar. Biz bu ýerde-de eposyňgürrüňi edilýän epizodynyň başga at bilen beýan edilýändigini görýäris. Salyr Babanyň Sag. ganat diýýäniIçoguzlary, Çep ganat diýýäni hem Daşoguzlary aňladyp gelýär. Salyr Baba eposyň özünde gelýän «Sagda oturan sag begler, solda oturan sol begler» aňlatmasyny eseri üçin has amatly görüpdir. Eposda herpersonažyň oguzlaryň haýsy taýpasyndandygy aýratyn görkezilýär. Gürrüňi edilýän hekaýatda hem bu däbe eýerilýär. Salyr Baba Erkin hanyň toý dabarasy barada gürrüň edip barşyna şeýle epizody getirýär:«Gorkutşerap süzüp ýörkä bir garry möjek uwlap başlady.Tuman han ähli jandarlaryň diline düşünýärdi. Olmöjegiň sesine gulak saldy. Möjek aýdýar: –Wah, men indi garradym! Ylgap ýetip bilemok, ýetsem tutup bilemok, tutsam parçalap bilemok! ...Ol, möjek sözüni tüketdi. Şol wagt üç sany ýaş möjek oňa jogap gaýtaryp, şeýle diýdi: –Eger sengarrap, eliňden hiç zat gelmeýän bolsa,biziň elimizden gelýär. Özi ýaş bolup, garrylara hemaýat etmeýän bolsa, ondan derek ýokdur. Bu, gije ýel turup,ýagyş ýagyp, howa garaňky bolar. Toýa getirilen goýunlaryň guýruklaryny hem garynlaryny ýyrtyp, saňa bereris. Tä doýýançaň iýersiň! Şol ýerde Garabarak diýen bir köpek bardy. Ol möjeklere garap şeýle diýdi: – Eger patyşa maňa bir ýylyjak guýruk berse, sizi goýunlaryň golaýyna getirmerin!Tuman han köpegiň bu sözlerini eşidip, bir guýrugy alyp onuň öňüne taşlady. Daş-töwerekdäkiler Tuman handan munuň sebäbini soraňda, olara şeýle jogap berdi: – Goý, Erki han bilen meniň aramda göwün-kinebolmasyn! Şonuň üçin sadakanyň öňüni ite bermekgerek. Şeýle etsek, aramyzdan dawa aýrylyp gider! Ondan soň aşlaryny içip ýatdylar. Ýarygije Tumanhan oýanyp, ýanyndakylara: –Görüň hany, daşarda harasat barmy ýa-da ýok? – diýdi. Olar çykyp seretdiler. Görseler, howa juda garaňky. Ýagyş ýagyp, ýel turýar. Ýagdaýy Tuman hana gelipaýtdylar. Tuman han möjekleriň sözüniň çyndygynagöz ýetirdi. Daň atyp, howa ýagtyldy. Ertesi köpegi özýerinden tapmadylar. Üç ýüz adamy onuň gözlegine iberdi. Görseler, gije goýunlar ürküp gidipdir. Möjeklerolary parçalajak bolupdyr. Emma Garabarak ol möjekler bilen urşup, goýunlary aman saklapdyr». Şundan soň Tuman han köpegiň öz sözüne ygrarlydygyna göz ýetirýär. Ýanyna adamlaryny alyp, ýaňky möjekleriň üstüne gidýär. Baryp, olary öldürip gaýdýar. Biz bu ýerde totemiki mifiň esasynda döredilen özboluşly bir erteki bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ol şol bir wagtyň özünde Salyr Babanyň öz taryhy mazmunly eserini çeperçilik taýdan işlemäge çalşandygyny görkezýän delilleriň biri. Iň esasysy bolsa, şu ýerde türkmen folklorynyň özboluşly bir däbiniň ösüş ýoly görünýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy türki halklaryň totemi möjek bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň VII asyryna degişli bolan hytaý senenamasynda şeýle bir özboluşly legenda saklanyp galypdyr. Bir gün biziň ata-babalarymyz bolan hun halkynyň üstüne kese ýerli duşmanlar çozýar. Olar halky uçdantutma gylyçdan geçirýär. Giden bir uly halkdan hiç zat galmaýar. Diňebir on ýaşly oglanjygy elden-aýakdan aýryp, bir tokga et edip, kölüň gyrasyna taşlap gidýärler. Kese ýerliler gidenden soň, bir ene gurt söweş bolan ýerleri aýlanyp-çykýar. Hälki oglanjygyň. üstünden barýar. Dürli-dümen zat getirip, oglany idedip başlaýar. Ony ýeke goýmaýar. Şeýdip gurt bilen oglan bile ýaşaşyp ugraýar. Bir gün bi ahwalat şol kese ýerli duşmanlaryň hanynyň gulagyna degýär. Han gurt bilen oglany öldürmek üçin kölüň ýanyna öz adamlaryny iberýär. Olar gelip, oglany öldürýär. Emma gurt bir söý bilen ölümden sypýar. Bir dagyň gowagyna girip gizlenýär. Şol ýerde hem onuň şol oglandan on sany çagasy bolýar. Şol çagalar önüp, ösüp, biri-bi'ri bilen durmuş gurýar! Olar köpelip gidýär. Adam bilen gurduň nikasyndan dörän çagalaryň biri has rüstem çykýar. Atyna atlandyrylan şol ýigit özüni hökümdar diýip yglan edýär. Ýaşaýan ordasynyň derwezesinde ýüzüne gurduň suratyşekillendirilen, baýdak asyp goýýar. Bu rowaýatyň getirilýän hytaý senenamasyndaaýdylyşyna görä, türki halklaryň nesil daragty adam bilen gurduň nikasyndan bolan çagalardan gaýdýarmyş. Diýmek, şol totemiki ynanja görä, türküleriň gadymy enesi gurt bolupdyr. Şu ynanjyň türkmenleriň arasynda häzirki günlere çenli saklanyp galmagy täsin fakt. Ynha, türkmen edebiýatynyň aksakaly B.Kerbabaýewiň «Öten günler» eserinde öýe gelin getirlenden soň, toýa gelen myhmanlar öý eýelerini «Gurt tutupsyňyz, gutly bolsun!» diýip mübärekleýär. Ata-babalarymyzyň gurt bilen bagly bu totemiki ynanjy irki zamanlarda ýazylyp, soň XIII-XIV asyrlarda uýgur elipbiýinde täzeden göçürilen golýazma boýunça bize gelip ýeten «Oguznamada» has gowy beýan edilipdir. Bu eserde möjek Oguz hanyň ýakyn maslahatçysy hem ýol görkezijisi edilip suratlandyrylýar. Onda adam bilen möjek bir dilde gürleşýär. Eserde möjege uly simpatiýa bildirilýär. Onuň totemiki häsiýeti aýdyň duýulýar. Emma Salyr Babanyň eserinde möjegiň ýagdaýy düýbünden başgaça. Munda adam möjegiň diline düşünýär. Ýöne indi onda möjege bolan söýgi ýok. Möjek bu ýerde totemiki häsiýetleri düýpgöter ýiten görnüşde orta çykarylýar. Özi-de indi möjege däl-de, eýsem adamyň gündelik durmuşyna has ýakyn, oňa has peýdaly bolan ite simpatiýa bildirilýär. Ertekide möjegiň garşysyna çykarylan it ýeňiji bolup çykýar. Soňky döwürlerde döredilen türkmen ertekilerinde indi möjek wagşy hem açgöz, it bolsa akylly hem wepaly edilip görkezilýär. Diýmek, gadymky ata-babalarymyzyň totemi bolan möjegiň obrazy geçmiş türkmen edebiýatynda hemişelik obraz bolupdyr. Bu obraz oguznama sýužetiniň has irki legendasynda mifiki häsiýetde işlenipdir. Soň bolsa ertekiçilik häsiýetleri bilen orta çykarylypdyr. Täsin ýeri, Salyr Babanyň eserinde hem möjegiň obrazy edil eposdaky ýaly häsiýetde beýan edilipdir. Şu ýerde şeýle bir deňeşdirme geçirip göreliň. Eposyň «Salyr Gazanyň öýi ýagmalandygy boýy» kyssasynda Salyr Gazan öýüni talap giden ýagynyň yzyndan kowup barýarka ýolda gurda duşýar. Bu ahwalat şeýle beýan edilipdir: «Gurt ýüzi mübärekdir, gurt ilen bir habarlaşaýym» diýdi. Görelim, hanym ne habarlaşdy. Gazan aýdar: Garaňky agşam olanda güni dogan! Gar ile ýagmyr ýaganda är kibi turan! Gara goç atlar gördüginde kişňeşdiren! Gyzyl düwe (düýe) gördüginde bozlaşdyran! Akja goýun gördüginde guýruk çarpyp gamçylaýan! Arkasyny urup, berk agylyň ardyn söken! Garma ögeç (öweç) semizini alyp tutan! Ganly guýruk üzüp, şap-şap ýuwdan! Awazy gaba köpeklere gowga salan! Çakmaklyja çopanlary düňk le ýügürden! Ordamuň habaryn bilermisiň, diýgil maňa! Gara başym gurban olsun gurdum saňa! –diýdi. Gurt kaçan habar berse gerek? Gurtdan daha geçdi.Görşümiz ýaly, bu ýerde hem gurda edil Salyr Babanyň eserindäki häsiýetler ýöňkelýär. Başga hili sözler bilen aýtsak, eposda gurda berilýän häsiýetlendirmeler Salyr Babanyň eserinde anyk bir ertekiniň esasynda ýüze çykarylypdyr. Eposda hem gurt Salyr Gazanyň diline düşenok. Diýmek, onuň obrazy ertekiçilik häsiýetinde beýan edilipdir. Salyr Gazanyň başky aýdan nakyly bolsa hut häzirki günlerde hem türkmenleriň arasynda «Gurt göreniň ýüzi mübärek» görnüşinde ýörgünli ulanylýar. Esasy bellenmeli zat bolsa, Salyr Babanyň eseriniň iň bir owunjak detallar babatynda hem eposyň beýleki boýlary bilen berk badaşýanlygydyr. Salyr Babanyň eserinde aýdylyşyna görä, Tuman han öýlenip, gelinligi bilen ömür sürüp başlaýar. Bir gün oguzlaryň başga bir taýpasynyň baştutany Aýna hanyň ogly Owşara han «Erki hanyň gyzyny men aljakdym. Emma Tuman ara sokuldy. Meniň aljak gyzymy aldy. Indi men baryp, onuň bilen söweş etjek. Tumany öldürip, onuň aýalyna eýe boljak. Egergaýraty bolsa, Tuman meniň bilen baş-baş söweşeçyksyn!» diýip gürrüň ýaýradýar. Muny eşidip, Tumanhan atlanyp, Owşara hanyň üstüne ýöriş edýär. Olaryň arasynda agyr söweş bolýar. Söweşde Owşara han gurban bolýar. Tuman han onuň welaýetiniözüne tabyn edip, özi-de şol ýerde galyberýär. Erki hanyň gyzyonuň gaýdyp gelmejekdigini eşidip, adamsynyň yzyndan ýola çykýar. Ýolda onuň ogly bolýar. Erki han gyzyny yza gaýtaryp, Tuman hana «Ogluň boldy» diýip habarçy ýollaýar. Bu habary eşidip, Tuman han basyp alan welaýetini ýene-de Aýna hana gaýtaryp berýär. Ony täzeden han göterip, öz halkynyň arasyna dolanyp gelýär. Biziň gürrüňini edýän bu wakalarymyz hem «Gorkut Atanyň kitabyndaky» wakalar bilen hörpdeş gelýär. Aýdaly, eposda gahrymanlar öz söweş edermenliklerinini ýat ýerlerde görkezýär.Ýagdaý bu ýerde hem şonuň ýaly. Eposda Kazylyk hoja ýat ýurtda ýaşap ýörkä, onuň yzynda ogly bolýar. Biziň eserimizde hem şeýle detal işledilipdir. Eposda garşydaşlar köplenç ýekme-ýek söweşe çykýar. Bu ýerde hem şol söweş taktikasy görkezilýär. Soňky döwürde türkmen dessanlarynda, ertekilerinde gahrymanlaryň del ýerlerde uly işler bitirmegi, olar uzak ýerlere gidende yzynda çagalarynyň bolmagy, garşydaşlaryň başa-baş söweşmegi ýaly epizodlary işlemek ýörgünli däbe öwrülipdir. Biziň pikirimizçe, şeýle epizodlar ilki oguznama sýužetiniň legendalarynda, «Gorkut Atanyň kitaby» eposymyzda ýüze çykyp, soň-soňlar dessanlarymyzda hem ertekilerimizde däpleşip gelipdir. Tuman han öz halkynyň arasyna gaýdyp gelendensoň, oglunyň bolanyna begenip uly toý berýär. Aý-gün geçip, ogly dokuz ýaşaýar. Bir gün ol derýanyň boýunda oýnap ýörkä özlerine ýagy bolan başga bir taýpanyň oglanlarynyň biri bilen sene-mene edýär. Olar ýakalaşyp başlaýar. Şol aralykda Tuman hanyň ogly bir ýekeni sogrup alyp, ýaňky oglanyň boýnunyňçykan ýerine salýar. Oglanyň kellesi uçup düşýär. Şondan soň Tuman hanyň ogluna Ýeken birlen är biçgen Kaý Ýawgu han diýip at dakýarlar. Salyr Babanyň beýan edýän bu detaly hem eposyň däplerine baglanyşýar. Eposda aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda oguzlar ýigit bir edermenlik görkezmese ýa-da duşman kellesini kesmese, oňa at dakmandyrlar. Mysal üçin, Derse hanyň oglywagşy öküz bilen dikleşip, ony öldürenden soň, Gorkut Ata gelip, oglana Bugaç diýip at berýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde hem Tumanyňogly iş bitirenden, duşman başyny kesenden soň oňa ýokarky ýaly at dakylýar. Umuman, eserde Tuman hanyň oglunyň obrazy özboluşly obrazlaryň biri. Oňa täsin hereketler ýöňkelýär. Aýdaly, ol öz adyny gazanandan soň, babasy Erki hanyň ýanyna baryp, «Bu tagt aslynda kakamyňky bolmaly. Onuň kiçijikliginden peýdalanyp patyşa bolduň. Indi kakam uly adam. Ejemi kakama beren bolup, henizem tagtda otyrsyň. Menem ulalyp barýaryn. Tagtdan düşüp, ony hak eýelerine gowşurmaga wagt ýetmedimikä?» diýip, onuň öňünde garaşylmadyk meseläni keserdip goýýar. Ýeken birlen är biçgen Kaý Ýawgu hanyň obrazy hem eposdaky ýaş oguz ýigitleriniň obrazy bilen hörpdeş gelýär. Eposda hem ýaş ýigitler erkin, göwnüne geleniniçekinmän aýdyp bilýän görnüşde görkezilýär. Mysal üçin, Salyr Gazanyň ogly Oraz kakasyna göni seredip «Aý beg baba! Diweçe beýümişsiň, köşekçe akylyň ýok! Dereçe beýümişsiň, daryça beýniň ýok. Hünäri ogul atadanmy görer, ögrener, ýogsa atalar oguldanmy ögrener? Kaçan sen meni alyp, kafyr serhedine çykardyň? Gylyç çalyp, baş kesdiň, men senden ne gördüm, ne ögrendim» diýip bilýär. Dogrusy, bu oguz eposynyň özboluşly tarypy. Bu ýagdaý gadymy ata-babalarymyzyň maşgala demokratiýasyndan habar berýär. Salyr Babanyň «Oguznamasynda» Erki han agtygynyň sözlerini diňläp, oýa batýar. Soň Gorkut Ata başlyklaýyn ähli ilatyny çagyryp, toý berip, geňeş edýär. Özüniň garrandygyny, täjiňi hem tagtyny agtygy Ýeken birlen är biçgen Kaý Ýawgu hana bermekçi bolýandygyny aýdýar. Emma agtygy ýene söz alyp, «Kaka bar wagty ogluň tagta çykmagy görlen zat däl» diýip, patyşalyk täjini kakasyna geýdirýär. Erki han tagty tabşyrmazdan öňünçä jemagata ýüzlenip, «Patyşa bolan wagtymda menden göwnüňiz galyp, ynjan ýeriňiz barmy?» diýip soraýar. Jemagat onuň adalatly, akylly hem rehimli şa bolup ýurdy sorandygyny aýdýar. Erki han Tuman hana-da geljekde ýurdy şeýle edara etjekdigi barada ant içirip, soň oňa tagty tabşyrýar. Şunuň bilen hem Salyr Babanyň «Oguznamasyndaky» Erki han hem oňuň parasatly maslahatçysy Gorkut Ata baradaky hekaýat tamam bolýar. Eserde Erki hanyň otuz ýedi ýyllap hökümdarlyk tagtynda oturandygy aýdylýar. Görşümiz ýaly, Gorkut Atanyň ömrüniň esasy bölegi Erki hanyň ýanynda geçipdir. Biziň pikirimizçe, Erki han taryhy şahs bolsa gerek. Salyr Baba oňa şeýle häsiýetlendirme berýär: «Ol iki sany köli süýtden hem gymyzdan doldurdy. Şonuň üçin hem oňa ERKI HAN KÖL diýip at berdiler». Biz Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda düzen sözlüginden hem şeýle sözleri okaýarys. «Garlyklaryň iň uly baştutanyna KÖL ERKIN diýilmegi şundandyr. Munuň özi akyly köl ýaly püre-pür doly adam diýmekdir». Indi deňeşdirip göreliň: KÖL ERKIN – ERKI KÖL. Bular şol bir şahsyň adynyň hem lakamynyň dürlüçe aýdylyşy bolsa gerek. Diýmek, Köl Erkin garlyk türkmenleriň uly hökümdary bolupdyr. IV-VIII asyrlara degişli Orhon-Eniseý ýazgylarynda bolsa garlyklar Üç oguz ady bilen gelýär. Munuň özi oguzlaryň üç sany taýpasynyň birleşmeginden dörän etniki topara Garlyk diýlip at berlendigini aňladýar. Garlyklaryň gelip çykyşy hakykdaky özboluşly legenda oguznama sýužetiniň ähli nusgalarynda gaýtalanýar. Oguznamalarda aýdylyşyna görä, olara bu ady Oguz han dakypdyr. Elbetde, ýaňy-ýakyna çenli respublikamyzda bir raýon merkeziniň Garlyk diýlip atlandyrylandygy okyjylaryň ýadyndadyr. Türkmen halysynyň esasy gölleriniň birine «Garlyk göli» diýlip aýdylýar. Hut häzirki günlerde hem gadymky garlyklaryň nesilleri Çarşaňňy raýonynda hem respublikamyzyň käbir beýleki ýerlerinde ýaşaýar. Indi bize Garlyk türkmenleriniň ilkinji hökümdarlarynyň adynyň Köl Erkin bolandygy belli. Biziň elimizde ýene bir gyzykly fakt bar. Ynha, Kul teginiň hatyrasyna ýazylan ýazgylarda 717-nji ýylyň wakalary barada gürrüň edilip, «Kül tegin ýigrimi ýedi ýaşyna ýetende Garlyk halkynyň baştutany Erikli oňa ýagy boldy» diýilýär. Bu ýerde Garlyklaryň baştutany Erikli ady bilen gelýär. Eger ýalňyşmaýan bolsak, çeşmelerde ady ERKI–ERKIN–ERIKLI görnüşde ýatlanýan adam aslynda bir adam bolup, ol garlyklaryň uly hökümdary bolmaly. Eger şeýle diýsek, Salyr Babanyň eserinde gürrüňi edilýän Erki han Köl biziň eýýamymyzyň VII-VIII asyrlarynda ýaşan şahs bolup çykýar. Öňde belleýşimiz ýaly, eposyň özünde-de, Salyr Babanyň eserinde-de Gorkut Atanyň 632-nji ýylda dünýäden öten Muhammet pygamberiň yz ýanlarynda ýaşandygy aýdylýar. Biziň awtorymyz bolsa munuň üstüne Gorkut Ata oguzlaryň arasyndan ilkinji bolup yslamy kabul eden adam bolupdyr diýen fakty hem goşýar. Hakykatdan hem, taryhy maglumatlara görä, oguzlaryň käbir bölegi ilkinji gezek yslam dinine VIII asyryň başlarynda giripdir. Aýdaly, biz Gorkut Ata oguzlaryň üç taýpa birleşiginden emele gelen garlyklaryň hökümdary Erki hanyň geňeşçisi bolupdyr diýdik. Garlyklaryň öz hökümdarlaryna «ýawgu» diýendigini Salyr Babanyň eserinden hem bilmek bolýar. Öňde görüp geçişimiz ýaly, ol gürrüňini edýän hökümdarlarynyň adynyň yzyndan ýa-da öňünden «ýawgu» titulyny getirýär. Taryhy çeşmeler hem garlyklaryň ýawgusynyň araplar bilen barlyşyksyz göreş alyp baryp, 709-njy ýylda ýeňlişe sezewar bolandygyny habar berýär. Diýmek, taryhy faktlar hem Salyr Baba tarapyndan berilýän maglumata arka durýar. Biziň şuňa hem şunuň ýaly käbir başga faktlara arkalanyp, Gorkut Ata biziň eýýamymyzyň VII-VIII asyrlarynda ýaşan taryhy şahs bolan bolsa gerek diýen pikiri orta atasymyz gelýär. Ýazgymyzyň başynda Gorkut Atanyň mundan beýläk oguzlarda hökümdarlyk kaýy kowmundan bolan adamlaryň eline geçer diýip welilik bilen aýdan sözleriki getiripdik. Ýöne eposyň golýazmalarynda kaýylardan çykan adamlaryň durmuşyna ýüzlenilmeýär. Bu kowum diňe girişde ýatlanýar. Eýsem Gorkut Atanyň weliliginiň ugry ýokmuka? Ýok, ugry bar ekeni. Muňa Salyr Babanyň eseri bilen ýakyndan tanyş bolanyňdan soň göz ýetirýärsiň. Bu hekaýatda hereket edýän esasy gahymanlar kaýylardan çykan hökümdarlar. Gorkut Atanyň özi hem bu ýerde kaýy hökümdarlarynyň maslahatçysy bolup çykyş edýär. Diýmek, Gorkut Atanyň kaýy hökümdarlary hakyndaky hekaýaty näbelli sebäplere görä, eposyň soň göçürilen golýazmalaryna girmän galypdyr. «Gorkut Atanyň kitaby» boý atlandyrylan on iki sany hekaýatdan ybarat. Aslynda, onuň aýdan hekaýatlary on ikiden köp bolupdyr. Öňde aýdyşymyz ýaly, nämälim sebäplere görä, olaryň käbiri eposyň soň göçürilen golýazmalaryna girmän galypdyr. Salyr Babanyň eserindäki hekaýat hem şolaryň biri bolmaly. Hekaýatyň eposyň golýazmalaryndan ep-esliöň ýazuw ýoly bilen beýan edilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Kazgurt tagtdan onkyr taşny ýugarlatdy, Salyr Gazan otru baryp garbap tutdy, It-beçene körüp any, esi kitdi, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Bir Gazanga kyrk bir atlyk atyn saldy, Ol Gazanny sol eligi birlen aldy, Sag elgi birlen ilige ulaştyrdy, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Gök asmandan inip geldi tinli ýylan, Her adamny ýutar erdi görgen zaman, Salyr Gazan başyn kesdi bermeý aman, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Otuz-kyrk müň leşker birlen Gazan baryp, It-beçene illerini geldi gyryp, Bir niçesi gutuldylar köp ýalbaryp, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Türk we türkmen, arap-ajam ragaýatlar, Gazan kyldy musulmanga terbiýetler, Kafyrlarny gyrdy oşol kop pursatlar, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Andan hünär göterdiler barça uly, Bagzylarga orun berdi sagly-solly, Bizge boldy kamug ilniň orny deňli. Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Syýah Gorkut, öler bolduň, imdi bilgil, Ol Gazannyň dözletige doga kylgyl, Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýolga girgil, Alplar, begler gören barmu Gazan kibi? Gorkut Ata degişli bu goşgyny ýöne ýere başybitin getirmedik. Ol bize ençeme meseleleriň üstünde kelle döwmäge mümkinçilik berýär. Ozaly bilen bu şygryň diňe bir çeşmede – XVII asyr Hywa taryhçysy Abylgazynyň «Şejeräýi-terakime» ýagny, «Türkmenleriň şejeresi» işinde saklanyp galandygyny aýtmagymyz gerek. Abylgazy bu eserinde Salyr Babanyň öňde gürrüňi edilen Gorkut Ata hakyndaky hekaýatyny ýüz ýyl gowrak wagtdan soň kem-käs gysgaldyp täzeden gaýtalapdyr. Ýöne ol eseriň başga bir ýerinde Gorkut Atany ýatlap, ýokarky şygry mysal getiripdir. Akademik A.N.Samoýlowiç bu şygryň üstünde pikir öwrüp, onuň asyl nusgadan alnandygyny, özüniň hem XIII asyrdan ozal döredilendigini belläpdi. Muny şygryň formasy hem belli derejede tassyk edýär. Goşuk formasy türkmenleriň gadymdan gelýän şygyr formasy. Ýöne onuň on ikibogunly formasy tä XIII asyryň birinji ýarymyna çenli ýörgünli bolupdyr. Soň ol nähilidir sebäplere görä ulanyşdan galypdyr. Gorkut Atanyň bu şygry hem goşuk formasynyň on iki bogunly ölçeginde döredilipdir. Galyberse-de, ol diltarapdan hem Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda düzen sözlügindäki şygyrlar bilen hörpdeş gelýär. Abylgazy tarapyndan ýazylyp galdyrylan bu şygyr özüniň mazmuny boýunça eposyň golýazmalary bilen berk badaşýar. Eger eposyň baş gahrymany Salyr Gazan bolsa, bu ýerde şol gahryman joşgunly wasp edilýär. Täsin tarapy, ol beýan edýän wakalary boýunça-da eposdaky wakalaryň tertibine laýyk gelýär. Biz öňde eposyň on iki boýnuň bir golýazma jemlenendigini, şul golýazmanyň hem esasy golýazmadygyny belläpdik. Şol boýlaryň başky on birisinde oguzlaryň Içoguz hem Daşoguz atly iki taýpa birleşiginiň agzybirligi, olaryň bileleşikli söweşleri, toý dabaralary beýan edilýär. Emma ahyrky on ikinji boýda ýagdaý düýpgöter üýtgeýär. Onuň «Içoguz, Daşoguz asy (duşman) olup, Birek öldügiboýy» diýlip atlandyrylmagy-da şony aýdyp dur. Bu boý şeýle başlanýar: «Üçok, Bozuk ýygnak olanda Gazan öwin (öýüň) ýagmaladardy. Gazan geri (ýene) öwin ýagmalatdy. Emma Daşoguz bile bolunmady. Hemin (diňe) Içoguz ýagmalady». Biziň şu ýerde Üçok hem Bo z u k atlaryna aýratyn üns bermegimiz gerek. Juda irki zamanlarda oguzlar ýigrimi dört taýpadan ybarat bolupdyr. Olar on ikiden iki topara bölünipdir. Şol toparlaryň birine Üçok, beýlekisine hem Bozuk diýlip at berlipdir. Bu maglumat ähli «Oguznamalarda» gaýtalanyp gelýär. Eposdan alnan ýokarky sözler bize özboluşly bir taryhy hakykaty açyp berýär. Asyl görüp otursak, eposdaky Içoguzlar şol gadymky Bozuk birleşigi, Daşoguzlar hem Üçok birleşigi ekeni. Eposda häli-şindi «ýigrimi dört sanjak begleri» diýen aňlatma ulanylýar. Gadymy türkmen dilinde «sanjak» sözi topar, üýşmeleňmanylaryny beripdir. Diýmek, bu ýerde şol gadymy ýigrimi dört taýpa göz öňünde tutulýar. Şunuň özi hem şonda, has takygy onuň başky on bir boýynda ähli oguzlaryň, ähli ýigrimi dört taýpanyň gahrymançylykly geçmişiniň beýan edilendigini görkezýär. Beýik Pyragynyň «Agzalalyk aýrar ili tirlikden» diýen bir pähimi bar. Bu ýerdäki «tirlik» sözi durmuş, ýaşaýyş manysyny berýär. Agzalalygyň başlanan ýerinde şol halkyň gahrymançylygy-da gutarýar. Edil şonuň ýaly eposdaky soňky boýda oguzlaryň iki toparlanyşygynyň– içoguzlaryň hem daşoguzlary arasynda agzalalyk döräp, olaryň biri-birine duşman bolşy suratlandyrylýar. Onda Içoguzlaryň serkerdesi Salyr Gazan bilen onuň daýysy, Daşoguzlaryň baştutany Arazyň arasyndaky garşylyk hem olaryň özara söweşibeýan edilýär. Şunuň bilen hem eposyň golýazmasy jemlenipdir. Emma eposyň şu jemlenilişinde, gutaryşynda bir zat ýetmeýän ýaly bolupdur. Sebäbi eposyň ahyrynda Gorkut Atanyň soňky sözi geläýjek ýaly. Diýmek, eposyň ýene bir boýy, özi-de jemleýän boýy bolmaly. Eýsem şol boýdan nyşan galmadymyka? Biziň, pikirimizçe, galypdyr. Abylgazynyň döwürdeşi, XVII asyrda Buharada ýaşan Hafyz Derwüş Aly saz sungaty hakynda bir eser ýazypdyr. Ol bu eserinde gadymy ozanlaryň gopuz saz guraly barada gürrüň edip bir hekaýaty getirýär. Hekaýatyň gysgaça mazmuny şeýle: Bükdüz Aman özara söweşleriň birinde Ýetin Gozan diýen bir ýaş ýigidiň agasyny öldürýär. Agasynyň aryny almak üçin GozanAmany atyp öldürip, onuň gopuzyny alyp gidýär. Wagt geçýär. Amanyň ogly ýigit çykyp, Gozany öldürýär hem kakasynyň gopuzyny gaýtaryp alýar. Bellemeli tarapy bu hekaýatda atlary tutulýan Aman bilen Gozan oguzlaryň biri-biri bilen ýagy bolşy hakyndaky soňky boýda hem çykyş edýär. Edil şu hekaýatdaky ýaly olar şol boýda hem bi|ri-birine ýagy. Aman Daşoguzlaryň, Gozan hem Içoguzlaryň adamy hökmünde orta çykarylýar. Olar biri-biri bilen söweş edýär. Biziň pikirimizçe, Gorkut Atanyň aýdan hekaýatlarynyň soňkusy Derwüş Aly tarapyndan ýatlanýan hekaýat bolmaly. Onuň esasynda gopuz bilen bagly wakanyň goýulmagynyň öz sebäbi bar. Eger eposda Gorkut Ata ozanlaryň atasy hökmünde çykyş edýän bolsaonda ozanlaryň esasy saz guraly gopuz bolupdyr. Eposyň girişinde «Golça gopuz göterip, ilden-ile, begden-bege ozan gezer. Är jomardyň, är näkesiň ozan biler. Iliňizde çalyp, aýdan ozan bolsun» diýlip goly gopuzly ozanyň mertebesi ýörite bellenýär. Aslynda, gadymy rowaýatlara görä gopuzy Gorkut atanyň özi ýasapdyr. Ýagdaý şeýle bolansoň, eposy gopuz bilen bagly wakalar bilen tamamlamak makul görlendir diýip pikir edýäris. Başga hili sözler bilen aýtsak, eposyň başky on bir boýynda gahrymanlar del ýerler-de edermenlik görkezýär. Emma on ikinji boýda halkyň gahrymançylygy gutaryp, indi olaryň içki dawalary başlanýar. Derwüş Alynyň beýan eden hekaýatyn-da soňky boýyň wakalary dowam edýär. Emma öz halkynyň adamlarynyň özara gyrgynçylygyny wasp etmek şahyryň hoşuna gelenok. Şonuň üçin hem ol bu ýerde ozal özüne edermenýigitleri joşgunly wasp etmäge hemaýat beren ýaragynyň – gopuzyň mertebesini dabaralandyrýar. Indi Gorkut Atanyň Abylgazynyň eserinde saklanyp galan şygry hakynda. Şygryň başynda «Kazgurt dagy» diýen ýer ýatlanýar. Irki zamanlarda häzirki Daş kent bilen Çimkendiň aralygyndaky dag şeýle atlandyrylypdyr. Diýmek, bu Salyr Gazanyň ýaşan ýer bolýar. Şygyrda Salyr Gazanyň otuz-kyrk müň atly bilen itbeçene illerini gyryp gelendigi aýdylýar. Eýsem itbeçene ili haýsy il? Itbeçeneler, has takygy, beçeneler hem oguzlaryň bir kabylasy bolupdyr. Ähli «Oguznamalarda» olar oguzlaryň Üçok ýagny, Daşoguz birleşiginiň bir taýpasy diýlip görkezilýär. Öňde belleýşimiz ýaly, Salyr Gazan bolsa Bozuklaryň, ýagny, Içoguzlaryň serkerdesi. Görşümiz ýaly, bu ýerde hem Iç-oguzlar bilen Daşoguzlaryň özara ýagy bolup, biri-birini gyryp ýörşi hakynda gürrüň barýar ekeni. Şu ýerde şygryň ruhuna çuňdan aralaşmagymyz gerek. Biziň pikirimizçe, bu şygyr eposyň jemleýji şygry. Birinjiden, eposyň beýleki boýlarynda şeýle häsiýetli şygyr ýok. Onda jemleýjilik häsiýeti bar. Gorkut Ata bu ýerde öz baş gahrymanynyň ähli gowy işlerini ýatlaýar. Ikinjiden, şygyrda bildirer, bildirmez elegiki häsiýet, gussa bar. Biziň aňlaýşymyzça, Salyr Gazan dünýäden ötüp, şahyr hem «Heý indi Gazan kibi adam barmy?» diýip zarynlaýan ýaly bolup dur. Üçünjiden bolsa, bu ýerde Gorkut Atanyň özi ölümpellesiniň ýetip gelendigini aýdýar. Sypaýyçylyk bilen öz diňleýjileri bilen hoşlaşýar. Şeýlelik bilen her taraplaýyn degşirip görseň, Derwüş Aly tarapyndan beýan edilen hekaýat bilen bu şygyr biri-biri bilen berk badaşýar. Biziň pikirimizçe, eposyň soňky boýyny Derwüş Aly gysgaça beýan edipdir. Dogrusy, ol öz eserinde Gorkut Atanyň aýdan hekaýatyny ýazyp galdyrmagy maksat edinmändir.Şu hekaýatyň üsti bilen diňe gopuz barada gürrüň etmek isläpdir. Ýöne hekaýatyň esasy özenini beripdir. Abylgazy bolsa öz işinde şol hekaýatyň, şol sanda eposyň jemleýji şygryny getiripdir. Eger epos şu boý bilen tamamlanypdyr diýsek, munuň özi onuň başlanyşyna-da, žanrlyk tebigatyna-da, awtoryň, ýagny Gorkut Atanyň wakalary beýan ediş hyzmatyna-da laýyk gelýär. Iň esasysy bolsa, bu boýyň hem edil Salyr Babanyň eserindäki hekaýat ýaly türkmenleriň arasynda ýörgünli bolanlygy. Abylgazy öz eserini ýazmak üçin türkmenleriň arasynda ýörgünli bolan materiallara daýanandygyny ýörite belläpdir. Akademik W.M.Žirmunskiý Derwüş Alynyň eserindäki hekaýaty hem türkmen materialy hasap edýär. Ýazgymyzda eposyň özi barada kän gürrüň etmän, oňa girmedik hekaýatlara has köp agram salmagymyzyň öz sebäbi bar. Biziň pikir edişimize görä, epos heniz Gorkut Atanyň diri wagty, oguzlaryň Orta Aziýada ýaşan döwründe doly düzülip gutarylypdyr. Has soňrak bolsa onuň bize gelip ýeten golýazmalary göçürilipdir. Emma on iki boýy öz içine alýan Drezden golýazmasy hem doly däl. Oňa birinji hem soňky boý girmän galypdyr. Okyjynyň birinji boý haýsy diýmegi ähtimal. Öňde belleýşimiz ýaly, Gorkut Ata golýazmanyň girişinde mundan beýläk oguzlarda hökümdarlygyň kaýylaryň eline geçjekdigini aýdýar. Diýmek, şundan soň kaýylar bilen bagly hekaýat geläýmeli ýaly. Emma golýazmada mundan soň kaýylaryň ady-da tutulanok. Gorkut Atanyň özi hem kaýylardan çykan hökümdarlaryň geňeşçisi bolupdyr ahyryn. Biziň bagtymyza Gorkut Atanyň kaýylar bilen bagly aýdan hekaýaty Salyr Babanyň eserinde saklanyp galypdyr. Eposyň soňky jemleýji boýy hem şeýle. Bu iki boýyň özüniň ilki döredilen ýerinde saklanyp galmagy hem biziň ýokarky pikirimizi tassyklaýar. Eposyň baş gahrymany Salyr Gazan diýdik. Ömrüni «Gorkut Atanyň kitabyny» öwrenmäge bagyşlan türk alymy Muharrem Ergin epos bilen bagly soň ýazylan eserleri, soň döredilen rowaýatdyr hekaýatlary jikme-jik öwrenipdir. Onuň barlaglarynyň görkezişine görä, Salyr Gazanyň obrazy Kawkazda, Kiçi Aziýada dörän rowaýatlara aralaşmandyr. Hatda epos bilen bagly soň ýazylantaryhy çeşmelerde hem Salyr Gazan ýatlanmandyr. Munuň tersine Orta Aziýa türkmenleriniň arasynda bu obraz diýseň ýörgünli bolupdyr. Muňa ýekeje mysal getiresimiz gelýär. Ilkinji gezek türkmen mekdepleri üçin okuw kitabyny ýazan A.Alyýew 1915-nji ýylda çap edilen «Türkmenleriň geçmiş durmuşyndan» diýen işinde şeýle rowaýaty getirýär:Bir gün Salyr Gazan awa çykýar. Awlagda onuň öňünden başga halkdan bolan bir topar atly çykyp, olar Salyr Gazana «Kim sen?» diýen sorag bilen ýüz tutýar. Salyr Gazan hem «Türk men» diýip jogap berýär. Hamala «türkmen» ady şundan soň döränmiş, ähli türkmeniň atasy Salyr Gazan bolanmyş. Elbetde, bu rowaýaty taryhy hakykatyň ýerine kabul etmek bolmaz. Ýöne şunuň özi hem halkymyzyň öz gadymy eposynyň baş gahrymanyna nähili hormat hem söýgi besländigine şaýatlyk edýär. 1989 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |