11:17 Gadymy Oguz elipbiýi ''Ony adamlaryñ bilmegi zerurdy...'' | |
■ ''Ony adamlaryñ bilmegi zerurdy''
Taryhy makalalar
Mundan dört ýyl ozal eliñizdäki (14.02.1985 Ýaş kommunist) gazetde ''Gadymy hatyñ gözleginde'' diýen makalamyz çap edilipdi. Makalada gadymy ejdatlarymyzyñ elipbiýleriniñ bolandygy, bu barada çeşmelerde ýatlanylýandygy dogrusynda pikir ýöredilýärdi. Andalyp, Şakandy, Şeýdaýy ýaly türkmen şahyrlarynyñ eserlerine salgylanyp, şol elipbiýiñ üç müñ ýaşynyñ bardygy aýdylýardy. Elipbiýiñ harp belgileriniñ ýigrimi dört bolandygy baradaky pikir öñe sürülýärdi. Biz şondan soñ hem gözleglerimizi dowam etdirdik. Täze tapyndylaryñ üstünden bardyk. Şeýdip bu mesele boýunça ýene-de okyjylar bilen öz garaýyşlarymyzy, çykaran netijelerimizi paýlaşmagy, olara käbir zatlary habar bermegi makul hasap etdik. Gadymy oguz-türkmen elipbiýi barada pikir öwrüp, Şeýdaýy onuñ ýedisiniñ çekimli sesi, on sekiziniñ hem çekimsiz sesi añladandygyny belläpdir. Şeýdaýy bu elipbiýde ýigrimi bäş belgi bar diýýär. Andalyp bilen Şakandy bolsa, onuñ belgileriniñ ýigrimi dörtdigini tassyklaýar. Elbetde, biz muny anyklamaga synanyşarys. Ýöne käbir adamlaryñ şol diýilýän elipbiý Orhon-Ýeniseý ýazgylary bolaýmasyn diýmegi mümkin. Biziñ pikirimizçe, beýle däl. A. Şerbak Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda çekimli sesleri añlatmak üçin 3 ㅡ 5 sany belgi, çekimsiz sesleri añlatmak üçin hem 12 ㅡ 16 sany belgi bolandygyny belleýär. Diýmek, elipbiý belgileri babatda olaryñ arasynda tapawut bar. Eýsem şeýle bolsa, üç türkmen şahyrynyñ diýýän elipbiýi nirede? Ondan nyşan galdymy? Ol haçan, kim tarapyndan döredilipdir? Biz bu soraglaryñ jogabyny Nurmuhammet Andalybyñ ''Oguznama'' poemasyndan tapýarys. Poemada şeýle diýilýär: Taky her kaýsyga bir tamga belli, Mukarrer kyldy Oguzhan şu zeýilli, Täemmil birle fennin şekilni, Çyzarga oýlanyp tutdy akylny. Birinjisi bolsun inji malga bellig, Ikinjisi bolsun ulus ile bellig. Taky hanlyk nyşan galsyn alarga, Gäwürde kim olaý, haly bilinsin. Bu ýerde gürrüñ Oguzhanyñ özüniñ alty oglundan bolan ýigrimi dört agtygyna tamga (tagma) çyzyp berşi hakynda barýar. Oguzhan öz agtyklaryna tagma çyzyp berip, öñi bilen olaryñ mallaryny biri-birinden añsat saýgarmagyny, dawa-jenjeliñ bolmazlygyny isläpdir. Bu iñ gadymy döwürleriñ däbi. Ýöne Oguzhanyñ maksady bu-da däl. Ol bir okda iki towşan urmak isleýär. Şol tagmalarda täemmil bilen fennin, ýagny, pikir bilen ylmyñ şöhlenenmegini-de göz öñünde tutýar. Anyk aýtsak, tagmalaryñ elipbiý bolup, öz neberleriniñ ulus-ile belli bolmagyny niýet edinipdir. Biziñ pikirimizçe, gürrüñi edilýän oguz-türkmen elipbiýi hem Oguzhanyñ şol tagmalaryndan gaýdýar. Oguz hanyñ alty oglundan bolan ýigrimi dört agtygyna çyzyp beren tagmalarynyñ elipbiý belgileridigini Şakandynyñ çistan formaly ''Döredi'' diýen şygry has berkidýär, ikirjiñlenmäge ýer galmaýar. Ol ki haýsy jandar, her kimge tamga, Basmak bilen, ol terpenip döredi, Til çykanda söz düşürip adamga, Birniçe til bilen sözläp ugrady. Niçik jandar, bir göwrede alty baş, Ýigrimi dört aýakly, ýöräp çykdy daş, Aýaklarna bolmaz jesedi ýoldaş, Ýene baran ýerde hökmi ýöredi. Ol nämedir, dilsiz ýerde aýagy, Sözläp açdy niçe müşgil soragy, Ol aýaklar şol milletiñ ýaragy, Het duşmandan aýak bilen gorady. Çistan - tapmaça häsiýetli bu setirleriñ biziñ öñdäki pikirimize hä berýändigi görnüp dur. Diñe bu däl. Biz şeýle delilnamany Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginden hem tapýarys. Sözlükde şeýle sözler bar: ''Diñe oguz-türkmenleriniñ ownuk uruglaryny hem, olaryñ mallaryna basýan tagmalaryny hem ýazdym, çünki ony adamlaryñ bilmegi zerurdy''. Şu ýerde kanuny bir sowal ýüze çykýar. Näme üçin alyma oguz-türkmenleriñ taýpalarynyñ atlary bilen olaryñ tagmalaryny ýazmagyna, adamlaryñ hem olary bilmegine zerurlyk döredikä? Biziñ pikirimizçe, alym şol tagmalar oguz-türkmenleriñ gadymy elipbiýi, şonuñ üçin hem olary hemmeleriñ bilmegi zerur diýmek isländir. Alym sözlükde Oguz-türkmenleriniñ diline aýratyn üns beripdir. Elipbiý hem dil bilen, onuñ sesleri bilen bagly. Şol sebäpden, Kaşgary geljekki nesiller oguz-türkmenleriñ diliniñ taryhyny öwrenseler, onda olar halkyñ gadymy elipbiýini bilmelidirler diýen ynanja eýerendirler. Şondan soñ ol oguz-türkmenleriñ ýigrimi ikisiniñ tagmasyny ýazyp görkezýär. Biziñ bagtymyza taryhçylaryñ ýene üçüsiniñ (Reşideddin ㅡ XIV asyr, Ýazyjyogly ㅡ XV asyr, Abylgazy ㅡ XVII asyr) işlerinde ýene-de iki taýpa goşulyp, taýpalaryñ ýigrimi dördüsiniñ tagmasy saklanyp (1 tablisa galypdyr. Edil şonuñ ýaly-da, şol tagmalary çyzan Oguzhanyñ biziñ eýýamyzmyzdan ozalky II ㅡ III asyrda ýaşandygyny ygtybarly hytaý çeşmeleri habar berýär. Şol çeşmelere görä, Oguzhan bu eýýamyñ 174-nji ýylynda aradan çykypdyr. Eger Oguzhanyñ uzak ýaşap, 93 ýaşynda aradan çykandygy baradaky maglumatlara ynansañ, onda ol şol eýýamyñ 267-nji ýylynda dünýä inipdir. Oguzhanyñ şol tagmalary çyzandygy baradaky meselä dolansak, ol ýa-da beýleki halkyñ öñdebaryjy adamlarynyñ öz halkyna elipbiý döredip bermek fakty geçmişden kän tapylýar. Biz bu barada ozal ýazan makalamyzda ençeme mysal getiripdik. Olary gaýtalap oturman, Oguzhanyñ şol tagmalary oguz-türkmen elipbiýiniñ belgileri bolupdyr diýen pikirimizi has berkitmäge girişmekçi. Tagmalaryñ esasynda elipbiý döredilmegi ýaly ýagdaý geçmişde bar eken. Mysal üçin Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyñ tagmalar esasynda emele gelendigini N. Aristow, N. Malliskiý ýaly görnükli gündogarşynaslar tassyk edýär. Bu tagma sözüniñ manysynda hem görünýär. Gadymy ata-babalarymyz bu sözüñ üsti bilen bir bada üç sany manyny: ''1) belgi, yz; 2) möhür; 3) jadyly belgiler'' diýen manylary añladypdyrlar. Olar heniz öz dillerinde elipbiý, hat, ýazuw ýaly alynma sözleriñ ýok döwründe, elipbiýe ''tamga-jadyly belgiler'' diýip at beren bolara çemeli. Muny tassyklaýan täsin faktyñ bardygyny hem aýtmak gerek. ''Tamga'' sözi rus dilinde ''tawro'' görnüşinde aýdylýar. Biziñ eýýamymyzdan ozalky X ㅡ XI asyrlarda döredilen finikiý elipbiýinde ''t'' harpy ''taw'' diýlip atlandyrylypdyr. ''Taw' diýmek hem ''tagma'' diýmek eken. Has soñrak bu harp gadymy grek elipbiýinde ''tau'', arap elipbiýinde ''taý''. Günbatar Ýewropa runy elipbiýinde hem ''tur'' diýlip atlandyrylypdyr. Görseñiz, dürli dillere degişli bu gadymy sözleriñ ㅡ tamga, tawro, taw, taý, tur ㅡ arasynda baglanyşyk bardyr. Tagmalaryñ elipbiýe geçiş taryhy baradaky gürrüñi dowam etdirip, ýazuwyñ ýüze çykyş hem ösüş taryhyna-da ser salmagymyz gerek. Häzirki zaman elipbiýlerine çenli ýazuw örän uly hem çylşyrymly ösüş ýoluny başdan geçiripdir. Biziñ ata-babalarymyz ilki başda öz berjek bolýan informasiýalaryny tutuş suratlaryñ ㅡ piktografiýalaryñ üsti bilen beripdirler. Şondan soñ adamlar aýratyn suratly belgileriñ üsti bilen informasiýa bermegi ㅡ ideografiýany oýlap tapypdyrlar. Kem-kemden hakyky ýazuwyñ birnäçe esasy başlangyçlary peýda bolupdyr. Ilki aýratyn belgileriñ üsti bilen belli bir söz añladýan (logografiýa), soñ belgileriñ üsti bilen belli bir bogny belertmek (sillabika) ýazuwlary döräpdir. Teý ahyry harply ýazuw (elipbiý) oýlanyp tapylypdyr. F. Engels muña şeýle baha beripdi: ''3. Ýokary basgançak, Demir magdanyñ eredilmeginden başlanýar we harply ýazuwyñ oýlanyp tapylmagynyñ, onuñ söz döredijiligini ýazmak üçin ulanylmagynyñ üsti bilen siwilizasiýa geçilýär''. Adamzadyñ siwilizasiýa geçmegini alamatlandyrýan şeýle ýazuw hem öz-özünden döremändi. Ýazuwyb ösüş taryhy olaryñ biri-birleri bilen berk baglanyşykly bolandygyny, olaryñ biri-biriniñ ýüze çykmagyny şertlendirendigini görkezýär. Iñ gadymy finikiý ýazuwy ýörgünli arameý elipbiýine baza bolup hyzmat edipdir. Öz gezeginde Gündogaryñ elipbiýleriniñ ýigrimi ikisi şu arameý elipbiýiniñ esasynda döräpdir. Biziñ eýýamymyzdan ozalky IX asyrda döredilen gadymy grek elipbiýi hem giçki gadymy döwür, orta asyr, häzirki zaman elipbiýleriniñ köpüsine gözbaş bolup hyzmat edipdir. Biziñ pikirimizçe, oguz-türkmenleriñ elipbiýi grekleriñ gadymy elipbiýinden baş alyp gaýdýar. Belli hat öwreniji W. Istrin gadymy grek elipbiýinden Günbatar grek elipbiýler sistemasy, bu sistemadan hem etrus elipbiýi, ondan latyn elipbiýi, latyn elipbiýinden gadymy runy elipbiýleri emele gelipdir diýen netije çykarýar. Bizib durmaly nokadymyz ine şu runy elipbiýler sistemasy bolmaly. Öñi bilen ''runy'' sözüniñ manysy hakynda. Bu söz gadymy german dilinde bolan ''runa'' sözünden alnyp, ol ''syrly'' diýen manyny beripdir. Biziñ bilşimiz ýaly, gadymy türki dilde hem ''tagma'' sözi ''jadyly belgiler'' diýen manyny añladypdyr. Runy ýazuwa birnäçe elipbiý sistemasy girýär. Orhon-Ýeniseý hem soñ tapylan türki ýazgylar hem şu runy elipbiý sistemasyna degişli. Gadymy türki ýazgylaryñ Günbatar Ýewropa gadymy german, iñlis-sakson skandinawiýa halkarynda ulanylan runy ýazgylara meñzeşligine görä, alymlar olary hem runy termini bilen añladypdyrlar. Elbetde, türki ýazgylaryñ baryp Günbatar Ýewropa halkalarynyb elipbiýleri bilen meñzeş bolmagy täsin zat. Gyzykly ýeri, gadymy german, polýak elipbiýleri ''aşkenaz elipbiýi diýlip atlandyrylypdyr. Belli gazak şahyry O. Süleýmenowyñ pikirine görä, gadymy Ýewropa halklarynyb dilinde ulanylan ''aşkenaz, aşkuz'' sözleri oguzlaryñ bölünşigini ''içguzlary ㅡ içoguzlary'' añladypdyr. Elbetde, Günbatar Ýewropa hem türki elipbiýleriniñ özara baglanyşygy töwerekleýin öwrenilse, bu uzak aralykdaky täsin baglanyşygyñ syrlary açylar. Bu bolsa geljegiñ işidir. Biz oguz-türkmenleriñ gadymy elipbiýi iñ irki grek elipbiýiniñ esasynda ýüze çykypdyr diýen netijä geldik. Eger irki grek elipbiýi biziñ eýýamymyzdan ozalky IX asyrda döredilen bolsa, Şakandynyñ ''Göwreden üç ýüz ýyl soñ çykdy başy, üç müñ ýyldan geçýär aýagnyñ ýaşy'' diýen setirleri bize şeýle pikiri öñe sürmäge şert döredýär. Ýagny, şahyr oguz-türkmen elipbiýiniñ döreýiş taryhyndan habarly bolup, ol ata-babalarymyz grek elipbiýinden nusga alyp, öz elipbiýini döredipdir diýmek isleýär. Has takyky, setirlerden grek elipbiýiniñ kökleri bolsa üç müñ ýyldan hem añyrda diýen manyny almak bolýar. Şundan hasap alsañ, Şakandynyñ bu pikiri gadymy grek elipbiýiniñ dörän döwründe-de, Oguzhanyñ ýaşan döwrüne-de belli derejede gabat gelýär. Bu-da hemmesi däl. Gadymy grek elipbiýinde ilki ýigrimi iki belgi, has soñ bolsa, ýigrimi dört belgi bolupdyr. Bu bolsa, gadymy oguz-türkmen elipbiýiniñ belgileri bilen barabar. Galyberse-de, grek elipbiýiniñ belgileriniñ köpüsi taryhçylaryñ ýazyp galdyran oguz-türkmen tagmalary bilen meñzeş. Eger biz şu tagmalary şahyrlaryñ diýýän elipbiýiniñ galyndylary hasaplaýan bolsak, onda şu ýerde käbir zatlary anyklaşdyrmaly. Andalyba, Şakanda esaslansañ, ol elipbiýiñ 24 belgisi bolupdyr. Şeýdaýyda bu bir san artyk. Kaşgarly ''Oguzlar ㅡ türkmenlerdir. Olar ýigrimi iki urugdyr'' diýip, türkmenleriñ gelip çykyşy hakyndaky rowaýatda bolsa, olary ýigrimi dört edip, sözlükde ýigrimi bir taýpanyñ tagmasyny görkezse, galan üç çeşmede oguz-türkmen taýpalarynyñ sany ýigrimi dört. Çeşmelerde şonça-da tagma bar. Diýmek, bu ýerde Şeýdaýynyñ berýän maglumatyny anyklamaly. Ikinjiden, tagmalaryñ ýazylyp görkezilişi biri-birine bap däl. Taryhçylar haýsy tagmanyñ haýsy taýpa degişkidigini anyk bilmändir. Ol taýpanyñ tagmasynyñ beýlekä geçirilýän halatlary bar. Şonuñ ýaly-da, ýazuwyñ kese hem dik görnüşlerde ýazylýandygy bize belli. Tagmalar ýazylyp görkezilende bu kada berk saklanmandyr. Aýry-aýry taýpalara iki, üç belginiñ degişli edilýändigi hem heniz syrly. Bu ýagdaýlary şeýle düşündirmek bolar. Olary ýazyp galdyran taryhçylaryñ ýaşan döwürleri biri-birinden iki asyr dagy parhlanýar. Belki, olaryñ tagmalaryñ halk arasyndaky özlerine belli nusgasyny göçüren bolmagy-da mümkin. Iñ esasysy bolsa, Kaşgarlydan beýleki taryhçylar tagmalara oguzlaryñ mallara basýan belgileri hökmünde seredipdirler. Olar Andalybyñ aýdyşy ýaly, tagmalarda pikir bilen ylmyñ şekliniñ bolandygyny duýup bilmändirler. Aslynda bu olaryñ hatasy hem däl. Bu taryhçylaryñ döwründe Gündogar halklarynyñ arasynda arap elipbiýi belli-külli kök urupdy. Şahyrlaryñ aýdyşy ýaly, ol beýleki halklaryñ elipbiýlerini ''ýalmap-ýuwdupdy.'' Şeýlelikde, gadymy oguz-türkmen elipbiýi hem şeýle kysmata duçar bolupdyr. Eýýäm XI asyrdan soñky döwürlerde ol elipbiýlik häsiýetini ýitirip, tagma hökmünde ýatlanypdyr. Elipbiýiñ belgileriniñ diliñ-sesleri bilen baglydygy hemmä belli. Eýsem, gadymy oguz-türkmen elipbiýinde ýigrimi-dört belgi bolan bolsa, ol türkmen diliniñ fonetikasyna laýyk geldimikä? Elbetde biz bu ýerde gadymky döwri göz öñünde tutýarys. Şu hem anyklanmaly mesele... (dowamy bar) Ahmet BEKMYRADOW. ''Яш коммунист" gazeti, 14.02.1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |