12:32 Gadymy Oguz elipbiýi -2: Ony adamlaryñ bilmegi zerur / dowamy | |
Rus elipbiýiniñ esasynda döredilen häzirki zaman türkmen elipbiýinde otuz sekiz harp bar. Munuñ biziñ diýýän ýigrimi dört sanymyz bilen arasy daş. Ýöne, biziñ pikirimizçe, bu daşlyk türkmen diliniñ soñky döwürdäki ösüşi bilen bagly. Mysal üçin, häzirki türkmen elipbiýindäki ''Ж'', ''Ф'', ''Ц'', ''Щ'' ýaly harplar alynma sözlerde ulanylýar. Many añlatmaýan ''Ь'', ''Ъ'' ýumşaklyk hem gatylyk belgileride şeýle. Gadymy türki, şol sanda türkmen dillerinde goşa sesli çekimliler bolsa-da, elipbiýlerde olar üçin ýörite belgi döredilmändir. Olar iki harp bilen berlipdir. Eger şeýle bolsa biziñ ygtyýarymyzda ýene 28 sany ses añladýan elipbiý belgisi galýar. Muny 24-e getirjek bolsak, ýene dört sesi aýyrmaly. Professor A. Şerbak ''Hindi-ýewropa dillerine garanyñda türki diller biri-birinden juda az parhlanýar'' diýip ýazýar. Şondan ötri bu ýerde gadymy türki hem türkmen dilleriniñ fonetikasyny baglanyşykly yzarlasak, peýdaly bolar. Ilki bilen gadymy türki hem türkmen dillerinde çekimli sesleriñ ýagdaýy hakynda. Gadymy türki dilde dört sany çekimlo bar diýip hasap edilýär. Bu gadymy türki ýazuwynda hem şeýle. Olar ''А'', ''И'', ''У'', ''Y'' sesleri. Türkologlar bularyñ üstüne ''ə'' sesini hem goşmagyñ tarapdary. Özi-de bu ses oguz dil toparyna girýän halklaryñ diline mahsus hasaplnýar. Akademik Ý. D. Poliwanow türkmen diliniñ çekimlilerini içgin öwrenip, onuñ dartgynly aýdyşda bolaýmasa, uzyn aýdylmaýandygyny hasaba alyp, ony gadymy fonema diýip ykrar etdi. Diýmek, biziñ ata-babalarymyzyñ dilinde beýleki türki halklardan parhlylykda, bir çekimli artyk bolupdyr. Türki hem türkmen dillerinde ''Э'' çekimsiz soñ ýüze çykan hasaplanýar. Gadymy türki hem türkmen dillerinde ''O'' hem ''Ö'' sesleri birneme gijräk emele gelipdir. Bu ylmy taýdan esaslandyrylan fakt. Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda bu sesleri bermek üçin ''У'' hem ''Y'' sesleriniñ belgileri peýdalanylypdyr. Şeýlelik bilen gadymy türkmen dilinde ýedi sany çekimsiz ses bolupdyr. Olar ㅡ ''A'', ''И'', ''У'', Y'', ''ə'', ''O'', ''Ö'' seslerinden ybarat. Gadymy oguz-türkmen elipbiýinde hem şonça belgi bolandyr. Bu bolsa Şeýdaýynyñ ''Ýedisinden owaz çykyp'' diýen pikirine gürrüñsiz gabat gelýär.
Taryhy makalalar
Gadymy türki hem türkmen dillerinde näçe çekimsiz sesiñ bolandygy heniz hem jedelli. Şol döwürlerde ''Ж'' sesiniñ bolmandygyny çeşmeler tassyklaýar. Ol has soñ ''Ч'' sesiniñ açyklaşmagy esasynda emele gelipdir. Kaşgarly oguz-türkmen dilinde ''Д'' sesiniñ ýokdugyny belläpdir. Bu ses hem soñky döwürlerde ýüze çykypdyr. Şunlukda gadymky döwürdäki dilimizde öñde görkezilen ýedi sany çekimli bilen on ýedi sany çekimsiz ㅡ ''Б'', ''В'', ''Г'', ''З'', ''Й'', ''К'', ''Л'', ''М'', ''Н'', ''Ñ'', ''П'', ''Р'', ''С'', ''Т'', ''Х'', ''Ч'', ''Ш''ㅡ sesleri bolupdyr. Bu bolsa ýigrimi dört sana barabar. Şeýdaýynyñ aýtmagyna görä, gadymky oguz-türkmen elipbiýinde 18 ses bolupdyr. Biziñ pikirimizçe, soñky döwürde türkmen dilinde ''T'' sesiniñ açyklamasy sebäpli ''D'' sesine hem belgi döredilendir. Sebäbi Kaşgarynyñ sözlüginde az hem bolsa, ''D'' sesi bilen başlanýan ýedi sany söz getirilýär. Şeýlelikde, ýigrimi dört harply şol elipbiýe ''D'' harpyda goşulyp, şahyryñ özüniñ aýdyşy ýaly elipbiý ösdürilendir. Mälim bolşy ýaly, näbelli elipbiýleriñ belgileri anyklanylanda şol elipbiýleri anyklanylanda şol elipbiý bilen kysymdaş elipbiýleriñ belgileri deñeşdirilip, soñ olary anyklaşdyrmaga girişilýär. Mysal üçin Orhon-Ýeniseý ýazgylaryny birbada hiç kime okamak başartmady. Sebäbi onuñ kökleri ilki başda elipbiý sistemalaryndan gözlendi. Ahyrsoñy olary okamak daniýaly alym W. Tomsene başartdy. Sebäbi ol öz ata-babalarynyñ ulanan runy ýazuwyna beletdi. Ol orhon-ýeniseý ýazgylaryny ine şol runy ýazuwy bilen deñeşdirip ''dillendiripdi''. Edil şonuñ ýaly, biz hem elimizdäki tagmalary, Şerbak aýtmyşlaýyn biri-birinden juda az parhly bolan türki dilleriñ gadymky ýazgylary bilen deñeşdirip görsek, gadymy oguz-türkmen elipbiýiniñ belgilerini hem anyklap bolar diýip çaklaýarys. Öñde köp alymlaryñ şu orhon-ýeniseý ýazgylaryny tagmalaryñ esasynda dörändigi baradaky pikirdedigini belläpdik. Şu ýerde şeýle bir pikiri hem aýdasymyz gelýär. Çeşmeler oguz-türkmen elipbiýiniñ has irki döwürde dörändigini tassyklaýar. Belki, orhon-ýeniseý ýazgylarynyñ esasynda Oguzhanyñ çyzan tagmalary ýatandyr. Şakandynyñ ''Birnäçe til bilen sözläp ugrady'' diýmegi hem şonuñ üçindir. Bu olary deñeşdirip göreniñde has hem açyk duýulýar. Biz şeýle hem edip gördük. Munda D. Wasilýewiñ Orhon-ýeniseý hem soñky wagtlarda tapylan gadymy türki ýazgylaryñ elipbiý belgileriniñ dürli nusgalaryny berýän ''Aziýa arealyndaky türki runy ýazgylarynyñ grafik fondy'' diýen işi bize gollanma boldy. Biz tagmalaryñ nähili sesleri añladandygyny biljek bolanymyzda, şu kitapdan peýdalandyk. Deñeşdirmede (II tablisa) gelýän şertli gysgaltmalar K-Kaşgary, R-Reşideddin, Ý-Ýazyjyogly, A-Abylgazy bolup, olaryñ yzyndan berilýän sanlar bolsa, öñdäki tablisada tagmalaryñ degişli taýpasyny görkezýän tertip sany. Biz tablisada gadymy türki ýazgylaryny ''Gadymy türki ýazuwy'' diýip atlandyrdyk. Belgilerden soñ gelýän sanlar hem D. Wasilýewiñ düzen teswirinde haýsy harpyñ näçinji nusga bolup gelýändigini añladýar. Biziñ ynanjymyza görä, gadym oguz-türkmen elipbiýi ine şu tablisadaky ýaly belgilerden ybarat bolmaly. Elipbiýiñ düzüliş tertibi oguz-türkmenleriñ etniki gurluşy bilen aýrylmaz bagly. Elipbiýdäki belgileriñ on birisi taýpalaryñ adynyñ başky sesine laýyklaşdyrylypdyr. Olar şeýle gelýär, A ㅡ alabölük, B ㅡ bekdilli, G ㅡ gynyk, Iㅡ Igdir, K ㅡ Kaýy, P ㅡ Peçenek, Ö ㅡ Öregir, S ㅡ Salgur, T ㅡ Tuger, Ç ㅡ çepni, Ä ㅡ Äýmür. Her harpyñ öz adynyñ bolmagy ýaly ýagdaý gadymy grek elipbiýine hem häsiýetli bolupdyr. Şeýle ýagdaý III ㅡ VIII asyrlara degişli Günbatar Ýewropa runysyna hem mahsus. Muny W. A. Istrin şeýle belleýär: ''Gadymy ýazgylarda 24 sany belgi ulanylypdyr, olar elipbiýde sekiz belgiden üç hatara bölünipdir. Runy ýazuwyñ belgileri akrafonik prinsipe görä gurlup, her belginiñ öz ady bolupdyr, her belginiñ fonetik manysy şol adyñ ilkinji sesine gabat gelipdir''. Gadymy oguz-türkmen elipbiýinde hem harplaryñ on birinjisi şeýle prinsipe görä düzülip, bu ýerde Günbatar Ýewropa runysyndan tapawutlylykda, harplara taýpa ady berilipdir. Indi galan on üç belgi hakynda, Gadymy oguz-türkmenlerde ozalky on bir taýpadan başga hersi aýratyn ses bilen başlanýan taýpa ady ýok. Şoña görä-de galan harplar taýpalaryñ adyndaky içki seslerden alnypdyr. Olar: Ý ㅡ Ulanýöntli, Zㅡ Bükdüz, L ㅡ Karabölük, M ㅡ Äýmür, N ㅡ Baýyndyr, O ㅡ Toturga, Rㅡ Çowuldyr, Üㅡ Bükdüz, Şㅡ Awşar. Diýmek 21 harp şu iki prinsip boýunça döredildipdir. Indi ýene üç ses galýar. Olar ''ñ'', ''В(w)'', ''Х'' sesleri. Häzirki zaman türkmen dilinde ''ñ'' sesi bilen başlanýan ýekeje-de söz ýok. Bu öñem şeýle eken. Taýpalaryñ adynda-ha bu ses gabat gelenok. Gadymy türki ýazuwdaky ''ñ'' sesine meñzeş belgi ''iwe'' taýpasynyñ tagmasy hökmünde görkezilýär. Biziñ pikirimizçe bu sesiñ döreýşini şu ''Iwe'' sözüniñ manysyndan gözlemek gerek. Türkmen taryhçysy Salyr Baba bu sözi düşündirende ''Atlary barça nimelerden ýokarda bolgaý'' diýip ýazýar. Şu ''iwe'' sözi gadymky türki dilde nesilbaşy, ata-baba manylaryny beren ''awa'' sözüniñ üýtgedilen görnüşi bolmaly. Olar many taýdan biri-birine bap gelýär. Häzirki türkmen dialektlerinde ''kaka'' sözüne derek ''awa'' sözüniñ ulanylýan ýerleri bar. Eger ýalñyşmaýan bolsak, irki döwürde şu ''iwe-awa'' sözüniñ yzyna ''ñ'' sesi goşulan bolsa gerek. Şeýle edilmek bilen ''Iweñ-awañㅡ ol seniñ awañdyr, şoña görä-de ol hemme kimden ýokary bolmalydyr'' diýlen many añladylandyr. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda-da ''ñ'' sesi türkmen dilindäki sözleriñ ortasynda, yzynda aktiw ulanylýar. Şunuñ özi-de şeýle harpyñ döredilmegine eltipdir. Gadymky türki ýazuwda ''В(w)'', ''Х'' seslerini añladýan belgiler gabat gelenok. Munuñ tersine gadymky oguz-türkmen dilinde şeýle sesler bar eken. Kaşgarly beýleki türki halklarynyñ ulanýan ''Ф'' sesini oguzlaryñ ''В'' sesine öwürýändigini belleýär. Gyzykly ýeri, Ýazyjy ogly iwe taýpasynyñ tagmasy diýip, gadymy grek elipbiýiniñ ''В'' sesine meñzeş belgini getirýär. Biziñ pikirimizçe, gadymky ata-babalarymyz öz dillerinde bar bolan ''w'' sesine laýyk belgini ine, şu gadymy grek elipbiýinden alan bolsalar gerek. Edil ''w'' sesi ýaly gadymky oguz-türkmen dilinde ''X'' sesi hem bar eken. Kaşgarly: ''Kitap ýazyjy Mahmyt aýtdy: babalarymyzyñ ''emiri'', ''hemir'' diýmekleri muña mysaldyr. Çünki oguzlar çekimliniñ öñünden ''X'' sesini artdyryp, ''hemir'' diýýärler diýip ýazýar. Türkmen dilinden muña onlarça mysal getirse boljak. Mysal üçin ''öl-höl'', ''akyl-hakyl'', ''ürkmek-hürkmek'', ''azerbeýjanly-häzirbegjanly'', ''aptek-hepdeýik''. Diýmek, gadymky oguz-türkmen dilinde ''X'' sesiniñ bardygyna görä, şeýle belgi hem gerek bolandyr. Gyzykly tarapy, Abylgazynyñ tüger taýpasynyñ tagmasy diýip görkezýän belgisine meñzeş belgi gadymy grek, oña esas bolan finikiý elipbiýlerinde ''X'' sesini añladypdyr. Meger şu belgi hem gadymy oguz-türkmen elipbiýi hökmünde kabul edilendir. Ýöne ''tüger'' sözünde ''X (h)'' sesi ýok. Ýöne içgin yzarlasañ beýle däl. Birinjiden, taýpalaryñ adynda ''X'' sesi gelýäni ýok, Ikinjiden, oguz dil toparyna girýän dilleriñ öz içki kadasy meseläni aýdyñlaşdyrmaga hemaýat edýär. Türkmen dilinde söz ortasynda gelýän g-k seslerini ''X'' sesi bilen çalyşmak häsiýetli ýagdaý. Mysal üçin, ''pagta-pahta'', ''tagta-tahta'', ''bagt-baht'', ''nagt-naht''. Käbir dialektlerde beýik Magtymgula Mahtymguly diýilýär. ''Tüger'' sözüniñ ''düger-düwer'' işligindendigi görnüp dur. Bellemeli ýeri, oguz dil toparyna girýän azerbeýjan dilinde düýp sözi g-k sesleri bilen gutarýan sözleriñ yzyndan ''ar-er'' goşulmasy goşulsa, sözler fonetiki taýdan üýtgedilýär. Meselem ''ýyk-ýyhar'', ''çyk-çyhar'', ''bak-bahar''. Biziñ pikirimizçe ''tüger'' sözi gadymky döwürde ''tüher'' görnüşinde ulanylan bolsa gerek. Diliñ şu hili içki kadasy nazara alnyp oguz-türkmen elipbiýine ''h'' sesini añladýan belgo girizilendir. Biz şu ýagdaýlary göz öñüne tutup, gadymy türki ýazuwda bolmadyk ''w'', ''h'' seslerini añladýan belgileri gadymy grek, finikiý, elipbiýlerinden alyp, şertli häsiýetde tablisa girizdik. Okyjylaryñ käbir tagmalar gadymy türki ýazuwyñ belgilerine gabat gelenok diýmegi mümkin. Biziñ pikirimizçe, bu oguz-türkmen elipbiýiniñ has gadymylygy, özbaşdaklygy, galyberse-de, ýazgylary-da, tagmalary-da ýazyp galdyran adamlaryñ hususy poçerki bilen bagly bolmaly. Bu ýazgylarda hem, tagmalarda hem açyk görünýär. Umuman gadymy oguz-türkmen elipbiýiniñ ýüze çykyş hem onuñ gurluşy barada ýene-de ençeme zatlary aýtmak boljak. Ýöne gazet makalasy muña mümkinçilik berenok. Wagt geler, olar hakda-da aýdylar. Şonuñ ýaly hem bu meseläniñ doly çözülendigini añlatmaýar. Ýene-de aýdyñlaşdyrmaly meseleler bar. Mahlasy, gözleg dowam edýär. Ahmet BEKMYRAT. ''Яш коммунист'' gazeti, 14.02.1985 ý. Elektron görnüşde taýýarlan: Afrasýap. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||