14:35 Gadymy Rimde jöhit at goýma däbi | |
GADYMY RIMDE JÖHIT AT GOÝMA DÄBI
Taryhy makalalar
Jöhit at goýmalaryny yzygiderli baglanyşyga getirmek üçin respublika döwrüniñ ahyryndan başlap, gadymy rimliler öñden gelýän däbe eýerip, üç at göterýärdiler. Bular praenomen, (birinji we tapawutlandyryjy at), nomen gentilicium (klanyñ ýa-da maşgala toparynyñ ady, jynlar), goşmaça at cognomen (familiýasy, lakamy). Emma bu däp katakomb ýazgylarynda agzalýan soñky asyrlardaky rimli jöhitler üçin öwrenişilmedik ýagdaýdy. Latyn we grek atlary bolan jöhitleriñ köpüsi bir at göteripdir, emma käbirleriniñ Lusius Domitius Apbas ýaly jübüt, hatda üç ady bolup bilipdir. Azatlyga çykarylan gullaryñ (libertus) öñki eýeleriniñ familiýalaryny halandyklary öñe sürlüp, her azat adamyñ hakyky adyny neberesinden gelýänler tarapyndan dowam etdirip biljek däp bolan cognomen hökmünde saklanyp galdy. Emma Gadymy Rimde jöhitleriñ atlandyrmasy boýunça düýpli işleri eden Leon bu düşündirişi entek bizi kanagatlandyrardan daşdadygyny aýdýar. Pompeý, Wespasian, Titus tarapyndan jöhitlere garşy alynyp barylan gazaply ýörişler wagtynda gul edilen köp sanly jöhit rimli "hojaýynlaryñ" ýa-da öñki ussalaryñ ýa-da muny özüne borç saýýan dindarlaryñ üpjün eden maddy goldawlary bilen azalyga çykaryldy. Munuñ özi Rimde hasaba alynan jöhit gul sanynyñ pes bolmagyna täsir eden faktorlardan biri bolmagy mümkin. Rimli aýal-gyzlara öwrenişikli bolşy ýaly, jöhit gyzlara erkeklerden has köp latynça at we has ýygjam ýagdaýda goşa at dakylypdyr. Munuñ bilen birlikde, birnäçe sany bolandygyna garamazdan rimli jöhidiñ üç ada eýe bolmagy-da seýrek duş gelipdir. Mysal hökmünde görkezilen iki ýazgy Ýuliýa Irene Aristanyñ ýazgysy we Lusiýa Maesiýa Sabbatisiñ sanaw görnüşinde berilen Maesius maşgalasynyñ ýadygärligidir. Emma Ýuliýanyñ häzir "Palazzo Spada"-daky sarkofagynyñ "Wia Nomentana"-nyñ üstýndäki "Sent-Agnese" butganasynda saklanýandygyna ynanylýar we Lusiýanyñ ýadygärligine atlary girizilen rimli maşgalanyñ üç neslinde sami hasaplap bolan ýeke "Sabbatis" ady bar eken. Rim jöhitlerinde patriarhal ýa-da "Injil" atlary seýrek ulanylýardy. Yshagyñ, Ýakubyñ ady bir ýerde duş gelýär, emma hiç kimse Ybraýymyñ ýa-da Ysraýylyñ adyny tutmadyga meñzeýär. XVI asyrda ýetmiş ýaşynda jöhitlige geçenden soñ Sara adyny alan Beturiýa (Weturiýa) Paulina ýa-da Paullanyñ hem bir ýazgysy tapyldy. Jöhit mazarlaryndan tapylan köp sanly ýazgy ölenleriñ gelip çykan ýerlerini görkezýär. Umuman alanda, irki döwür Rim imperiýasy ilatynyñ 10%-ni emele getirip biljek sekiz million jöhitden 100 müñi Liwiýada (Cyrenaica), bir milliony Müsürde (Aleksandriýanyñ ilatynyñ 40%-i jöhit bolup biler) ýaşandygyny çak edilýär)n iki we bir Palestinada ýarym milliony, Kiçi Aziýada we Siriýada bir ýarym milliony, Italiýada ýüz müñi, bularyñ kyrk-elli müñi-de Rimde ýaşaýardy. Şol döwürde dünýäni dolandyran jöhitleriñ galanyndan bir milliona golaýynyñ Rim imperiýasynyñ daşynda, esasanam Babylda (Wawilon) we Parfiýada ýaşandygy çak edilýär. Korpusyñ iñ köneleriniñ arasyndadygy çak edilýän Rimden gelen jöhit ýazgylarynyñ köpüsi "Montewerde" gonamçylygyndan çykana meñzeýär. Bularyñ biri Aleksandryñ ogly Makedonis atly bir ibrany üçin eken. Ol ildeşleriniñ köpüsi ýaly Rimden we Wizantiýa Palestinasynyñ möhüm portybwe paýtagty Sezariýeden gelipdir. Onuñ ady sezariýeli jöhotleriñ atlarynyñ üstündäki ellinistik täsiriñ iñ gowy görkezijisidir. Onuñ ýazgysy "Dogrularyñ hatyrasy bir nygmat üçin" öwüdi bilen soñlanýar. "Atalar sözi 10:7"-ä salgylanyp, belki-de, ahlak seljermesiniñ mañzyny göterýär. Rimden "Willa Torloniýa" gonamçylygyndan çykan ýene bir ýazgy Eýsebise Sezarýeniñ aýaly Gelasiosdygyny aýdýar we şol bir wagtyñ özünde "nygmat" sözi bilen soñlandyrýar. "Montewerde"-den "Sepforis"-li Akone diýibem atlandyrylýan Ionios" üçin ýazylan hiç bir ýazgysy şondan öñki başgasy üçin ulanylan daşyñ arkasyna ýazylmandyr. Mazar daşlarynyñ ikilenç ulanylmagy öwrenişilmedik däp däldi. Iki ýüzüne-de ýazylan şeýle daşlara opistografiýa diýilýär. Ioniosyñ öýi Sepforis b.e.öñki I asyryñ başlarynda Aleksandr Ýannaýyñ golastyndaky Hasmon Jeliläniñ adminstratiw merkezidi. B.e.öñki III asyryñ başlarynda haham Ýehuda Ha-Nassiniñ patriarhlygy döwründe we onuñ nebereleriniñ döwründe öñki Ysraýylyñ iñ ýokary dolandyryş organy bolan Sinedrionyñ ýerleşen ýeri we häkimiýetdäki Ýaşulylar Geñeşiniñ oruntutary boldy. Sinedrion Ierusalim ybadathanasynyñ ýykylmagyndan öñ we soñ Rim zamanynda ibrany halkynyñ dini, syýasy, hukuk işlerini dolandyrdy. Tiberiýaly Alipiý we onuñ ogullary Ýustusdyr Alipiý bilen birlikde "Montewerdä" jaýlanypdyr. Jeliledäki Antipasyñ ikinji paýtagty Tweriýadan gelen bu migrantyñ grekçe ady bolupdyr, onuñ bir oglunyñ ady latynça bolsa, beýlekisiniñ kakasy bilen adybir grekçe ady bolupdyr. Rim dünýäsiniñ jöhitleri daşky görnüşi boýunça zamanabap gündogar ýewropaly we amerikaly jöhitlerden tapawutly däp-dessurlary bolan, heniz dirikä adyny çagasyna goýmakdan gaýra durmandyrlar. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Şenbe, 19.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |