09:48 Gadymy Rimde jöhit ýazuw ýadygärlikleri | |
GADYMY RIMDE JÖHIT ÝAZUW ÝADYGÄRLIKLERI
Taryhy makalalar
"Edýän işlerim bilen geçmiş hakdaky hakykatlary äşgär etmäge dyrjaşýaryn, emma meniñem jogap tapyp bilmeýän, garañkylykda galýan gaty köp soraglarym bar" Rim mazarystanlyklaryndaky ýazgylar jöhitler barada şindize çenli tapylan iñ uly maglumatlar goruny düzýär. Rim jöhitleriniñ dili we atlary hakynda maglumat edinmek bilen birlikde jöhit mazarlaryndaky ýazgylar, jemgyýetiñ agzalarynyñ gelip çykyşy, raýat we jemagat işleri, aýratynam şahslaryna, kärlerine we maşgalalaryna degişli maglumatlary berýär. Grek dili Ortaýer deñzi sebitiniñ umumy dilidi we diasporadaky jöhit ruhanylarynyñ dili bolup höküm sürensoñ, Rimdäki jöhit mazarlaryndaky ýazgylarda-da köp gabat gelýärdi (şuña çenli subutnamalaryñ köpüsi görnetin kemter ýa-da jöhitlere degişli edilmese-de). "Montewerde" gonamçylygyna çenli uzaýan epigrafiýanyñ dörtden üç böleginden gowragy "Torloniýa" gonamçylykdan saklanyp galan ýazgylaryñ köpüsi ýaly grek dilindedi. Bu mazarlarda arameý we ibrany dilleri-de ulanylýardy, emma hiç biri "Wigna Randaniniñkidäki" ýaly ýazylmandyr. Birnäçe ýazgy iki dildedi. Mysal üçin "Montewerde-de" dördi latyn we gre, üçi grek we ibrany, biri arameý we grek dilinde ýazylypdyr. Käbir iki dilli daşlarda ýazgynyñ hemmesi ikinji dilde gaýtalandy. Beýlekilerinde ýazgy ibrany obrazlarynda "Parahatçylyk" ýa-da "Ysraýyla parahatçylyk" ýaly sözler goşulan grekçe sözlerdi. Haýsy dilde bolanda-da daşlaryñ köpüsinde kämahal tekstiñ aşagyna çekilen jöhit simwollary bardy. Jöhit mazarlaryndaky grek dilinde ýazylmadyk ýazgylar köplenç latyn dilindedi, käbir latynça ýazgylar grek elipbiýinde ýazylypdyr. Latyn dili IV asyryñ ortalarynda Rim hristianlarynyñ agalyk ediji diline öwrüldi. Gowy saklanyp galan sami epigrafiýasynyñ köpüsi Montewerde-de tapyldy we megerem şol ýerden gözbaş alyp gaýdýar. 1920-nji ýylda Rimiñ jöhit mazarlaryny öwrenmäge başlan amerikan klassygy Garri Leon Montewerde mazar yşaratlary iñ köp Sami adyny-da öz içine alýanlygyndan bu mazarlaryñ täze migrantlar bolan rimli jöhitler üçin soñky dynç alyş ýeri bolup biljekdigine ynanýardy ýa-da güýçli hakydasy barlar üçin etniki gelip çykyşlary we jöhit kimligine garaýyşlarynda iñ konserwatiwleridi. Şeýle-de, XX asyryñ ahyrynda ýerasty jöhit mazarlarynyyñ başga bir alymy Leonard Rutgers sanlara üýtgeşik çemeleşme bilen garady, ýazgylarda dilleriñ we etniki atlaryñ otnositel ulanylyşynda dürli jemagat toparlarynyñ gatnaşyklary hakda netije çykarmagy dogry hasaplatjak derejede statistiki tapawudyñ ýokdugy netijesine geldi. "Randanini" gonamçylgynda-da grek dili agdyklyk edýärdi, emma ol ýerde "Montewerde" we "Torlonia" gonamçylyklarynda tapylanlardan has köp sanly latyn ýazuw ýadygärligi we eko-roman simwoly tapyldy. Şeýle-de "Randaninä" jaýlanan jöhitlsdiñ iñ giñ gurşawly dört jöhit gonamçylygyna jaýlananlaryñ has "rimleşdirilmegi" gerek däldi. Ilkinji nobatda Rutgersiñ aýdyşy ýaly, ýazgylaryñ näbelli taryhy, wagtyñ geçmegi bilen dili we at ulanyşyndaky üýtgeşmeleri olary öwrenmegi kynlaşdyrýar. Semitik ýazgylaryñ arasynda 1842-nji ýylda Tiber kenaryndan çykarylan Tobias Barzaharona we onuñ ogluna degişli (megerem V asyryñ soñlarynda) üç dilli ýazuw ýadygärligi bar. Grek dilinde şeýle ýazylypdyr: "Bu ýerde Tubias Barzaharona ve Tubias Barzaharonanyñ ogly Paregorios ýatyr". Grekçäniñ yzyndan latynça ýazylan wersiýasy bar. Jemleýji söz bolsa ibrany dilinde ýazylypdyr: "Parahatçylyk, parahatçylyk, parahatçylyk, parahatçylyk". Birinjisinden soñ we şondan öñ bir menorah bilen "şalom" çyzygynyñ orasynda bir ýapraj bar. Merhumyñ ady Semitik, oglunyñ ady Paregorios. Bu "ýorgan" manysyny berýän Menahem ýa-da Nehemýanyñ grek dilindäki garşylygydyr. Grek we latyn dillerindäki tekstlere nokat goýmak hristian we köpgudaýly jynaza baglanyşyklarynda bolşy ýaly populýar, soñsuz ýaşaýyşy simwolizirleýän üzüm ýa-da çyrmaşyk ýapraklarydyr. Bu ýazgy jöhit-rim epigrafiýasynda grek we latyn dilleri bilen birlikde sami adyny ulanmagy we şalomyñ dört gezek gaýtalanýandygy sebäpli deñi-taýy ýokdur. Deñeşdirmek üçin wizantiýa döwrüne çenli ulanylyşda galan Günorta Italiýadanyñ Wenoziýa diýen ýerindäki jöhit gonamçylygynda grekçs ýazgylar latyn dilindäkiden ep-esli köpdür. Emma atlaryñ köpüsi latynça we galanlarynyñ grekçeden has köp sami ady bar. Geñ galdyrmaýan görnüşde diasporada Palestinañkydan has köp jöhit bolmadyk at bar we Kiçi Aziýadaky Afrodiziasda Rutgers jöhitler üçin "Injil" atlarynyñ aýratyn agdyklyk edýändigini bildi. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Şenbe, 12.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |