04:09 Gadymy Ysraýylyñ atasy Ybraýym we onuñ Hudaýy | |
GADYMY YSRAÝYLYÑ ATASY YBRAÝYM WE ONUÑ HUDAÝY
Taryhy makalalar
Surat: Szépművészeti Múzeum Adamzat taryhynyñ hemme döwründe lider gözleginde bolmak ýa-da bir lideri oñlamak motiwasion taýdan gabat gelýär we geljekde-de gabat geler. Gadymy jemgyýetlerden başlap häzirkizaman jemgyýetlere çenli nijeme lider gelip geçipdir. Olaryñ käbiriniñ täsiri diñe öz ýaşap öten döwrüne ýeten bolsa, käbiriniñ ady müñlerçe ýyl geçenden soñam dilden düşenok. Gadymy jemgyýetleriñ elmydama ünsüni çekip gelen patriarhal medeniýetleriniñ düýbünde haýsy düşünjäniñ ýatandygy we bu patriarhal tradisiýalaryñ dowam etdirmäge mynasypdygynyñ ýa-da däldiginiñ üstünde o diýenem pikir alyşylmandyr. Merkeziýetçi häkimiýetler öz hökmürowanlyklarynyñ derñelmegine gazaply garşy çykanda, muña taýýar bolup duran halkyñ beýle synanyşyga girişmegine-de garaşylmandyr. Döwletiñ başynda oturan lider syýasy we dini taýdan häkimiýet sürende, güýjüni hudaýlardan ýa bolmasa adatdan daşary güýçlerden alýandygyna ynanypdyr. Gadymy Müsüriñ dindarlygy bilen öñe saýlanýan halky aslynda belli bir derejede bärde ýatan düýp sebäbiñ mejburylyk däl-de, ynançlaryndan ötri ybadat saýýan liderlerine çokunma we olara hyzmat etme düşünjesidir. Olaryñ öz faraonlary üçin guran piramidalarynyñ biziñ günlerimize çenli gelip ýetmegi-de, olaryñ dini ynançlaryna öte ygrarlydygy sebäplidir. Eýse bu nähili ynanç ýa-da çokunma bolýarka, guran guburhanalary şindizem abat ýagdaýda dur? Gadymy Gündogar jemgyýetleri çokunmaga mynasyp gören her dürli ynanjyna we medeniýetine ýüreginiñ töründen ýer beripdir we olara çigit ýaly-da çirk ýetirmändir. Absolýut çäk goýmak hernäçe kynam bolsa, geçmişden gelýän, şu günüñ Ýakyn Gündogarynyñ we Merkezi Anadolynyñ çäklerine çenli uzaýan köphudaýly däp-dessurlar biziñ günlerimizde başga formalarda gabat gelýär. Bu medeniýetleri we däp-dessurlary umumy tejribe hasaplamaly bolsa-da, häzirki dini ynançlardan aýry baha bermek has dogry netije bolup biler. Gadymy Ysraýylyñ gurulyşy, ösüşi we soñlanyşy birnäçe jedelleri-de özi bilen bile alyp gelipdir. San-sajaksyz rowaýatlar esasynda aýdylyp gelinen onlarça hekaýatyñ içinden karizmatiki lider çykarmagyñ özbaşyna bir ýalñyşlyk bolup biljegine gürrüñ bolup bilmez. Gadymy Ysraýylyñ emele gelmeginiñ döreden oñyn ýa-da oñaýsyz ähli faktorlary üstünde pikir alyşanyña degýär. Düýp köki müñlerçe ýyl mundan ozala baryp direýän emele gelmäniñ häzirki döwürde-de agzalyp durulmagy gürrüñiñ oýun-oýunjak däldigini görkezýär. Heniz syýasy erk-ygtyýary ýok wagty adyny agzadyp bilen bu struktura bize arasyndan çykaran her bir lideri tankyt etme hukugyny berýär. Ybraýymdan Musa çenli birnäçe lideriñ bu diasporanyñ arasynda bolmagy-da olary tankyt etmäge iteren düýp sebäp hökmünde görülip bilner. Ybraýymyñ karizmatiki lider bolup-bolmandygy şindizem çekişmelere sebäp bolýar, ony bu jedeliñ içine iteren düýp sebäbem köp sanly rowaýatyñ şindizem takyklanmandygydyr. Ybraýymyñ Ysraýylyñ atasy hökmünde kabul edilmegine sebäp bolan birnäçe rowaýatlaryñ dörän döwründe ýüze çykan wakalary ýa-da gürrüñleri bir bitewilikde kabul etmegimize getirýär. Aýatlaryñ köpüsiniñ Dawutdan öñki taryhy açyp görkezmeýändigine görä Ybraýymy lider hasaplamak ýalñyş bolup biler. Ilkinji ýehowaçy şygyrlarda ata hökmünde Ýakubyñ agzalýandygy we onuñ adynyñ Ysraýyl bilen manydaşlygy diýseñ ünsi çekýär. Ýehowaçy bolsun ýa bolmasyn, tutuş halkyñ bir pursatda Dawudyñ daşynda jemlenmegi-de täze lideriñ gözlegine çykmakdan başga zady añladanok. Bu lider Dawut bolup biler, emma umumy maksadyñ ýehowaçylykdygyny aýtmak juda kyn. Ysraýylşynaslaryñ ýa-da dälleriñ gözleýän umumy lider profuli hem-ä Musadan öñ, hemem Sinaýdan öñ medeni tejribe bilen deñ bolanlygyndan Dawudy ata hökmünde kabul etmäge ýaýdanmandyrlar. Obaly ysraýylşynaslar bilen şäherli anti-ysraýylşynaslaryñ araaynda bolup geçen garpyşyklaryñ Dawudyñ döwründe aradan aýrylmagy-da aýratyn detal bolup ünsümizi çekýär. Musa-Sinaý syýasaty döwüre hernäçe täsir edenem bolsa, bu döwrüñ syýasy gurluşy Ybraýymyñ syýasy guramaçylygyndan kän-kän aşakdadyr. Ybraýym bilen Sinaý syýasatyny deñeşdirmeli bolsa, gürrüñsiz Ybraýym ep-esli tapawutlanar. Eýse, Ybraýymyñ dini bilen baglanyşykly öñe çykan faktorlar näme? Ybraýymyñ ýekehudaýlylyk ýa-da absolýut hudaýlylyk bilen ýatlanmagyna sebäp bolan el-Şaddaý (belent, absolýut, iñ ýokarda bolan) sözi diýseñ ünsi çekýär. Käbir çeşmelerde bu sözüñ amoreý dilinden (köne semit dili) gelýändigi aýdylýar. Käbir çeşmelerde-de amoreý sözüniñ üstünde durlanda, munuñ aslynda onomastik faktory öz içine alýandygy aýdylýar. Şaddaý aslynda bu sebitde ýaşaýan hiç bir topluma-da ýat söz däl, munuñ aslyýetinde hudaýdygy-da sebitdäkileriñ añyna giripdir. Şaddaýyñ arameý dilinde ýazylan eserlerde agzalýandygy, şol bir wagtyñ özünde-de Rim döwrüne çenli uzaýan taryhynyñ bardygyny aýtmak gerek. "Mukaddes kitabyñ" rowaýatlarynda Ybraýymyñ Şaddaý şäheriniñ hudaýyna çokunýandygy, bu çokunmanyñam düýp köküniñ Palestina göçüp gelen amoreýlerden geçendigi aýdylýar. Bu çokunyşyñ döwrüñ beýleki pagan ynançlary bilen eriş-argaç bolan täze görnüşidigi rowaýatlarda aýdylýar. Ybraýymyñ 99 ýaşanda Ýehowa bilen eden gürrüñi diýseñ möhüm rowaýatdyr: "Men Kadyr Hudaýdyryn" diýip, özüni Ybraýyma tanadan hudaýyñ (El-Şaddaý) bu gürrüñde ony ilçi edendigini mälim edýärdi. Şeýle-de rowaýatlarda onuñ hakyky adynyñ Awraam bolan we hudaý bilen ylalaşyga gelinenden soñ adynyñ üýtgedilip Ybraýym edilen bu liderden öz halkyna ýol görkezmek talap edilipdi". Ybraýymyñ hudaýyna (el-Şaddaý) Musanyñ döwrüne çenli Ýehowa diýlipdir we çokunylmaga mynasyp hasaplanypdyr. Diñe şu ýerdenem şeýle netijä gelmek mümkin, özem bu netije diýseñ möhüm detal bolup durýar. Ybraýym Musadan has öñ Ýehowany bilýän we oña ybadat edýän eken... Şu tarapdan öwrenilende, ybraýymçy ýehowaçylyga amal edýän adam hökmünde agzalýanlygy üçinem ony ata hökmünde görmek gutulgysyzdyr. Şaddaýyñ we Ýehowanyñ bir peýdada tapyşmagy ýazgymyzyñ başynda-da aýdyşymyz ýaly, Gadymy Gündogaryñ häsiýetleýin aýratynlygyndan gelip çykýar. Dawudyñ döwründe-de şuña meñzeş gurluşy bilen tapawutlanan Baal medeniýeti-de Ýehowa bilen deñ derejededir. Ybraýymyñ Şaddaýy bilen ysraýylşynaslaryñ Ýehowasy umumy taraplary bilen öñe saýlanýanlygyndan ortada jedel edere haýsydyr bir sebäp ýok. Ybraýymyñ birleşdiriji güýji bilen ysraýyl jemgyýeti täze sepgide gadam basyp, mundan owal biri-birine ters iki aýry älemiñ birleşmegi bilen güýçli jemgyýetiñem döräp gelýändigini buşlaýardy. Ybraýymy halklaryñ atasy eden el-Şaddaý onuñ perzendiniñ ýokdugyny-da bilýärdi, şonuñ üçin oña şeýle wada berdi: - Aýalyñ Sarany önelgeli edip, saña oglan çaga bermegini ýola goýaryn, ondan bolan çagalaryñ halklara bölüner we sen bu halklaryñ atasy hökmünde ýatlanarsyñ... Ybraýymy gülkünç ýagdaýa salan halklaryñ atasy bolma hususy, aýratynlykda çagasynyñ bolmaýşynyñ dramatiki kyssasy Şaddaý tarapyndan mübärek kylynyp, täze halklaryñ onuñ neslinden dowam etjekdigine kepil geçýärdi. Gadymy Ysraýylyñ ýa-da Şaddaýyñ wadasy hökmünde ähli halklaryñ atasy bolma ýagdaýy dürli rowaýatlarda agzalypdyr we bu rowaýatlar biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Ybraýymy ähli halklaryñ atasy hökmünde görmek ylalaşyga gelmekden zyýat has öñem aýdyşymyz ýaly meñzeş hudaýlara eýe jemgyýetleriñ umumy peýdada tapyşmagyndan başga zat däldir. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Anna, 19.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |