00:22 Gadymyýete bagyşlanan ömür | |
GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi. Wiktor Sarianidi 1929-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde grek maşgalasynda dünýä inip, tä ýokary okuw mekdebini gutarýança, şol şäherde ýaşaýar. Onuň öz gürrüňlerinden çen tutsak, ol ýaşlykdan ýuridik-hukuk fakultetinde okap, sülçi bolmagy, çylşyrymly derňewleri geçirip, açyşlar etmegi arzuw edipdir. Emma durmuşda ol Daşkendiň döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa kafedrasynda belli gündogarşynas arheolog Mihail Ýewgenýewiç Massonyň okuwçylarynyň biri bolýar. Şeýlelik bilen, gözleg işlerini we açyşlaryny başga ugurda — arheologiýada alyp barýar. 1945-nji ýylda Türkmenistanda Günorta Türkmenistanyň toplumlaýyn arheologiýa ekspedisiýasy döredilýär we onuň ýolbaşçylygyna M.Ý.Masson bellenilýär. Şol ekspedisiýa türkmen halkynyň gojaman taryhynyň dowamynda toplan taryhy tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp taryhy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde uly işleri amala aşyrýar. M.Ý.Masson Gadymy Merw we Köne Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini alyp baryp, öz talyplary bilen tejribe sapaklaryny geçirýär. Şol talyplaryň biri hem W.I. Sarianididir. Ol talyplyk ýyllarynda, gadymy Merwde işlän döwürlerinde arheologiýa ylmynyň ummanyna düşüp, bütin galan ömrüne bu topragyň taryhyny çuň öwrenmegi özüne maksat edinýär. Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän bürünç we irki demir zamanlaryna degişli Tahyrbaý, Ýazdepe, Togalak ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýar. 1972-nji ýylda Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we ömrüniň soňky kyrk ýyl töweregi şol ýadygärlikde giň gerim alan arheologik gözleg işlerini alyp bardy. Gazuw-gözleg işleriniň netijesinde b.e. öňki III müňýyllykda Murgabyň gadymy hanasynyň giňişliginde Mouru ýa-da Marguş gadymy ýurdunyň emele gelendigi we gülläp ösendigi aýan edildi. Ol ýurt Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky aralyk çägi eýeläp, indi malim bolmagyna görä, bütin ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýeläpdir. Murgabyň bol suwy çekilensoň, suwsuz tebsiräp galan gum depeleriniň jümmüşinde, adam-gara ýaşamaýan takyrlykda arheologlara Goňurdepeden başga-da birnäçe ýadygärlikleriň üstüni açmak başartdy. Goňurdepeden b.e. öňki II müňýyllygyň ortalarynda, ilatyň göçüp giden wagtlarynda onuň diňe beýik ymaratlarynyň ýerleşýän merkezi böleginiň özi 25 gektara golaý meýdany tutupdyr. Mundan başga-da, 10 gektar meýdany şäher gonamçylygy eýeläpdir. Ozal mälim bolmadyk Marguş ýurdunyň açylmagy otparazlyk dininiň watanynyň hem Merkezi Aziýada, hususan-da Margianada bolandygy hakyndaky täze nazaryýeti öňe sürmäge we esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Köp sanly ägirt uly köşkler, belent ymaratlar, baý şa gonamçylyklary, gadymy sungat eserleri özlerinin ähli geň galdyryjy täsinlikleri bilen bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Köşkler we belent ymaratlar bu gün uka giden ýaly dymyp otyrlar, emma müňýyllyklaryň aňyrsynda bu ýerlerde bize tanyş bolmadyk durmuş gaýnap joşandyr. Ol wagtlar bu ýerlerde özüniň hili we gömüşleri boýunça iň ýokary derejä ýeten keramiki önümler bişirilen küreler, dürli tagamlar bişirilen ojaklar alawlap ýanandyr. Şeýle nepis ýasalan keramika önümleri diňe bürünç zamanyna häsiýetlidir. Goňurdepede şumerlerde we gadymy hindi harappa medeniýetinde ulanylan oýulyp şekil salnan silindr gömüşli möhürleride tapylypdyr. Ýüze çykarylan tapyndylaryň radiouglerod (himiki analiz-derňew) işleri geçirilende, olaryň b.e. ozalky 2300-nji ýyllara degişlidigi anyklandy. Marguş ýurdunyň b.e. öňki III müňýyllygyň ahyryna II müňýyllygyň birinji ýarymynda ýakyn Gündogar sebitde dünýä medeniýetinde Müsür, Mesopotamiýa, Harappa we Mohenjo-Daro ýaly siwilizasiýalar bilen bir hatardaky ösen medeni merkezleriň biridigi subut edildi. Wiktor Sarianidi iki gezek uly, dünýä meşhur açyş etdi. Olaryň birinjisi: 1978-nji ýylda demirgazyk Owganystanda b.e. ozalky I asyra degişli Tylladepeden 7 sany şa gubrunyň üstünden baryp, altyndan ýasalan bezeg şaýlarynyň 20 müňüsinden ybarat «Baktriýa altyny» ýa-da «Baktriýa hazynasy» diýlip atlandyrylan hazyna tapyldy. Açyşlaryň ikinjisi: 2004-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanda, Garagumda Goňurdepäniň eteginde 5 sany, 2009-njy ýylda 3 sany ýerasty jaýlarynyň — şa guburlarynyň üsti açylýar. Bu jaýlarda ýokary derejeli adamlar jaýlanyp, gapdalyndan olaryň mallary, şeýle hem durmuşda ulanan zatlary ýüze çykaryldy. Şol ýerden keramika, altyn-kümüş gaplar bilen bir hatarda, gymmat bahaly. metallardan we daşlardan ýasalan bezeg şaýlary, toýundan, daşdan, kümüşden ýasalan adam we haýwan şekillerinden ybarat heýkeljikler tapyldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem şekillendiriş sungatyna degişli her hili sýužetli we şekilli mozaika pannosynyň tapylmagydyr. Bu sungat eseri suwagyň ýüzüne çekilen žiwopis şekilleri bilen dürli daşlardan gurnalan mozaika utgaşdyrylyp döredilendir. Şeýle usulda ýerine ýetirilen mozaika dünýä boýunça iň irkisidir we başga ýerde entek şeýle eser ýüze çykarylan däldir. Goňurdepäniň ilatynyň gündelik durmuşynda köp ulanan serişdeleri we sungat eserleri bu gün Türkmenistanyň muzeýleriniň iň gymmatly eksponatlarynyň hatarynda orun aldy. Wiktor Sarianidiniň Goňurdepede eden açyşlary b.e. öňki III müňýyllygyň soňunda II müňýyllygyň birinji ýarymynda gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkeziniň bolandygyny subut etdi. Wiktor Sarianidi ylmy-barlag ekspedisiýalaryna tä aradan çykýança, ýagny 2013-nji ýylyň dekabryna çenli gönüden-göni ýolbaşçylyk etdi. Onuň irginsiz gözlegleriniň netijesinde tapylan, ozal hiç kime mälim bolmadyk, gadymy Gündogar şäheriniň harabalygyna syýahat edenleriň sany häzire çenli gör, näçe müňe ýetendir?! Bu ýere ymtylýan jahankeşdeleriň sany ýylsaýyn artýar. Sebäbi geçmiş, taryh bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi, dogrudan-da, rowaýata meňzeş şäheri öz gözleri bilen görmek isleýärler. Ýaňy-ýakynlarda hem Garagumuň çägesiniň astynda gizlenip ýatan Goňurdepe galasy dört müň ýyldan soňra özüniň özboluşly beýik medeniýetini bütin dünýä äşgär etdi. Wiktor Sarianidiniň Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda, Goňurdepäniň hem-de Murgap derýasynyň köne akabasynyň tutuş oazisiniň hakykatdan-da, gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkezidigini tassyklamagyndan soňky geçen ýyllaryň dowamynda bu tema bagyşlanyp ençeme halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Taryhçy alymyň gymmatly açyşlary dogrudan-da, öz-özünden köp çaklamalary tassyklaýar: antik döwrüň ussalarynyň elinden çykan kämil, ajaýyp, amaly-haşam önümleri dünýäniň irki medeniýet ojaklaryndan alysda — Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýän çolaja künjekde öňde-baryjy döwletleriň esasy ölçeglerine laýyk gelýän adaty Gündogar soltanlygynyň gülläp ösendigine äşgär şaýatlyk edýär. Bu aýdylanlaryň delili hökmünde, ylaýtada, Goňurdepe galasynyň merkezi köşgi aýratyn tapawutlanýar. Bu kaşaň ymarat diňe patyşa we onuň maşgalasyna niýetlenip gurlupdyr. Patyşanyň we onuň köşk emeldarlarynyň her gün dini urp-adatlary, şol sanda gurbanlyk dessuryny berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Patyşanyň nebereleriniň köşgüň günortasyndaky gonamçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toplanan arheologik maglumatlaryň ylmy seljerişi bu gadymy şäheriň ilatynyň patyşanyň we onuň kowumdaşlaryndan, dolandyryjy aris-tokratiýadan (4,06 göterim), orta synpyň wekillerinden (85,40 göterim), garyp gatlaklardan (10,54 göterim) düzülendigini anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu maglumatlar ilatyň jemgyýetçilik düzüminiň ýokary ösüşe eýe bolandygy we gurluşy boýunça örän çylşyrymlydygyny görkezýär. Arheolog alymlar diňe bir Togalak — 21 seždehanasyny gurmak üçin bir milliondan gowrak kerpijiň sarp edilendigini hasapladylar. Aglaba köpçüligiň orta synpdan düzülendigine görä, ilat imisalalykda, abadançylykda ýaşapdyr diýmek mümkindir. Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan Awestada ady agzalýan Mouru, bizin eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň öz arasyndaky adaty gürrüňçilikde, pikir alyşmalarda bolsa, Marguş ýurdy we gadymy Margiana diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar. Goňurdepäniň köşgüni gurmagyň meýilnamasy deňölçeglilik-simmetriýa kadasyny berjaý etmezden ýerine ýetirilipdir. Gurluşykçylaryň ýeketäk hem-de baş maksady bu binanyň ýerine ýetirýän wezipesine, onuň howpsuzlygyna amal etmekden ybarat bolupdyr. Munuň üçin girelgeler, işikler diýseň insiz, darajyk, gorag diwarlary bolsa iki gat tutulypdyr. Diwarlaryň daş tarapyndaky üçburçly penjire gözleri duşmana garşy ok atmak maksady bilen dälde, Günüň düşmegi, ýagny, ýagtylyk çeşmesi hökmünde, içki geçelgelere, otaglara şemal çalmagy üçin goýlupdyr. Goňurdepäniň arheologik toplumynyň hem Mesopotamiýanyň köşkleri ýaly toýundan ýasalyp bişirilen turbalar arkaly lagym ulgamy bilen doly üpjün edilendigi esasy bellemeli zatlaryň biridir. Bu ýerdäki desgalaryň ýenede bir aýratynlygy — olaryň içinde belli-belli ýerlerde hüjreleriň toplumy örän dar, insiz otaglardan ybarat bolupdyr. Üsti gümmezli hüjreleriň çykgytly-özboluşly işikleriniň örümleri Özüniň nepisligi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Gazanylan netijeleriň esasynda Wiktor Iwanowiç Sarianidi gadymy Marguş döwletiniň Günbatardaky Müsür hem-de Mesopotamiýa, şeýle-de, Gündogardaky Hindi hem-de Hytaý ýaly «gadymy medeniýetleriň» arasynda möhüm orny eýeläp, halkara gatnaşyklarynyň — söwda, medeni, dini we syýasy ugurlaryň öz aralarynda kesişýän çatrygyna öwrülip, gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygyny doly subut etdi. Şeýlelikde, Margianadaky kyrk ýyla çeken arheologik gözlegler ýlmy-barlag jähetden alanyňda-da, öz dowamlylygy, möhleti boýunça häzirki zamanda özboluşly aýratynlyga eýedir. Türkmen döwleti bu meşhur alymyň zähmetine elmydama ýokary baha berip geldi: Wiktor Iwanowiç Sarianidi Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzalygyna saýlandy, onuň ylmy-taryhy kitaplary Aşgabatda yzygiderli we uly möçberlerde çap edilip, okyjylara ýetirildi. 2000-nji ýylda Wiktor Sarianidi Türkmenistanyň hormatly raýatlygyna kabul edildi we türkmen pasporty gowşuryldy. Görnükli alymyň türkmen topragyny öwrenmekde bitiren işleri şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Nurgözel BÄŞIMOWA, # turknenistan_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |