18:01 Gan basyşyň dermany / satiriki hekaýa | |
GAN BASYŞYÑ DERMANY
Satiriki hekaýalar
Lükgi bilen Mykgy iki dertdeş. Bular çaý başynda agyzlaryny Ketdegorgan nasyndan düp-düz edişip, ümmülleşip, özara gürrüňe gyzyşýarlar. Inçeden uzyn, arryk Lükgi kirden ýaňa bagşy ýitip, düp-düz bolup giden köne tahýasy bilen kellesini gaşap oturyşyna agzyny pakgardyp ilki söze başlady. ― Haý, dertdeş, Mykgy, halymy sorama, men zeýrenmäýin. Özüňe belli, gan basyşym pesdi. Iň aşak bolmalysyndanam pes diýşip, wraçlar başlaryny ýaýkadylar. Ýere siňip barýadym. Kelläm özüme ýükdi. ― Heý, em-ýom edip görüpmidiň? ― Bu-u-u! Etmedik emim, içmedik dermanym galmady. Wraçlaram el göterdiler. «Lükgi aga, alaç edip bilemzok» diýdiler. ― Hawa-la, Lükgi han, itiň dertli bolmasyn ― diýip, Mykgy aga Lükgi aganyň ýaňy tutaşyp ugran oduny ölçerýär. ― Uly-uly professorlara-da ýüz tutdum. Eger-eger, nepi degmedi. Tebipleriňem aýagyna ýykyldym ― diýip, Lükgi aga daş-töweregine garanjaklady. Ýene gürrüňe başlady. ― A haw, öz aramyzda galsyn, men güýçli-güýçli, gerçek, sadagasy boldugym, öwlüýäleri-de düýnedim. Ýok, çigit ýalyjagam haýyr etmedi. Gaýtam, şor tümmek bolşup ýatan mazarlary görüp, tas özümem olaryň biri bolupdym. Gaçyp gaýtdym. Tas däliräpdim. Ýogsam, müjewür meni okanam bolýady. Onuňam dogasynyň orta bilinden döwüp gaýtdym. ― Aklygyny doly beren bolsaň bolýa-da ― diýip, gür sakgally, ýel berlen ýanlyk ýaly ýaýkyldap oturan Mykgy güldi. ― Aý, hawa-da, bolup ýörşüm gülküdir, ony özüm aňýan ― diýip, Lükgi içi çägeli banka nasyny tüýkürip, söze başlady: ― Sakgaldaş, Mykgy diýýän-ä, otüki jygyllyk bazary bar-a, şony taňryň özi diýsem-ä alladan daş düşdügim bolar, men-ä şony hudaýyň bäri ýany diýjek, haw. ― Beh-beh, ýeri, gürrüň seňki, Lükgi, üýtgeşik bir melheme duşaýdyňmy?! ― Duşdumam, bahasyna bakman aldymam. Gutuljak hassa ekenim-dä, melhemim gabat geläýen bolsa nätjek. ― Ýeri, onsoň, gürrüň seňki. ― Jygyllyga bardym. Görsem, eli göwşüllän gara sumkaly bir durguşan, sary diş, oral ýal assa basyp, uz ýöräp ýanyma geldi. «Aýu, ýaşuly, ýüzüň-gözüň kokuşyp dur-la?! Gabaklaryňdan degirmen daşy asylan ýaly. Gaty egbar görünýäň. Gan basyşyňda bir kem bar öýdýän?» diýdi. Halymy soranlygy üçin tas möňňürip aglapdym. Juda ejizledim. Hal soratmak nirede gören zadym diýsene. Häzirki döwürde aýal doganyňam, hatda, ýassykdaşyňam hal-ýagdaýyňy beýle soraşmaýar ahyry. Menem «Wah, uýam, gan basyşym pes-dä» diýdim. ýaňky aýal elindäki sumkasynyň böwrüne çep eli bilen kakyp: «Gan basyşyň bire-bir emi şunuň içindedir» diýdi. «Asyl Lukman hekimem diri bolsa, şuny salgy bererdi» diýip, ýaňky aýal gyzyl dişlerini lowurdadyp gürrüň berdi. ― Mumyýadyr-ow ol?! ― diýip, Mykgy aga çaýyny owurtlady. ― Gaty bärden gaýdýaň, Mykgy, Mumyýa diýýäniň hol Köpetdagyndan ammonaly bilen partladylyp, ekskowator bilen alyp, äpet «KRAZ»-lara, goçak «KAMAZ»-lara ýüklenilýän daş dälmi?! ― diýip, Lükgi aga kir;i ýelýyrtan ýaglygy bilen boýnunyň ýüzüni süpürdi. ― Päheý-de welinim, ol satylýanlar, Mykgy han, mumyýa däl ahyry ― diýip, Lükgi aga ýene söze başlady. ― Hawa, onsoň, ýaňky aýal, otüki, gepiň gysgasy maňa togsan bäşlik gök çaý satdy. ― Kilosy togsan bäş manatdanmy? ― diýip, Mykgy ýylgyrdy. ― Ýok-la. Otüki, nomury togsan bäşlik-le. Ýaňky aýaldan bir kilo çaý aldym. «Näçe manat bereýin?» diýsem, olam: «Ýaşuly, sen bir dertli biçäre ekeniň, gymmat diýibem durmaýyn. Bir kilosyna segsen manatjyk beräýsene» diýip, ýaňky aýal kütelişen gözlerini gyrp-gyrp etdirdi. ― Kilosy segsen manat diýeninden gan basyşyň güýçlenip, ganyň depäňe urandyr?! ― diýip, Mykgy ýassyga ýaplandy. ― Damarlarymdaky ganlar gelip, edil depäme gütläp degdi. Tas ýykylypdym. Basyş ýokary galdy. Pul sanap durun weli, ellerim titreýä. Segseni bir egne sanaýmak aňsat iş däl, haw. «Görýän weli, ýaşuly, şu çaý saňa haýyr etjek öýdýän?! Şypasynyň ýetjekdigi eýýämden bildirýä» diýip, ýaňky aýal ap-arkaýyn pul alyp dur. «Uýam, nädip bilýäň?» diýdim. Olam: «Eýýämden seniň ýüregiňde gopgun, harasat başlandy» diýdi. «Entek öýüňe baryp içeňsoň bilersiň munuň gudratyny» diýip, meniň pulumy boýnundaky haltasyna salyp, haltanam ýakasyndan aşak goýberip duran ýerinden ýylgyrdy. ― Hawa. Ýeri onsoň, aýdyber, eşideli! ― diýip, Mykgy nas atdy. ― Diňle. Sözümi bölme. ― Bölemok. Şoň üçin nas atdym-a. ― Ýaňky aýal çaýy maňa ykjam dolap uzatdy. «Gizle. Bu jelagaýda hiç kime görkezme. Gaçgak çatdyr. Onsoň herkimem maňa-da maňa bolşuberýärler. Gyt zatdyr. Samarkantdaky aşnamyz Muhitdin ekelerden ýörite gidip getirdim» diýdi. «Öýüňe elt-de açam, nesip etdiginden içem» diýip, ýaňky aýal gyzyl-çyzyllaryň arasyna siňip gitdi. Begenjime jygyllyk bazaryndan bir lowurdawuk demir çäýnegem aldym. Iň ýokary bahada töledim. Gözüňe söweýin çäýnek, lowurdap dur. Böwrüne seredip, sakgalyňy syrybermeli, aýna gerek däl-dä. Gözüňi gamaşdyrýar. Öýe gelip, içi zeňňap bolan warak kitrini iň körpe oglumyň eline bir manat berip, «Şu kitrini hol mekdebimiziň ýanyndaky demir üýşmekleriniň üstüne başyňdan üç gezek aýlap-aýlap okla» diýdim. Ortanjy oglum Maksat jany «Žigulä» mündürip, daga ugratdym. «Çeşme suwundan getir. Özüňem tüýs gözbaşdan al» diýdim. Täze çäýnekde çeşmäniň suwy lakyrdap gaýnady. Menem bir paçka, gözüňe söweýin, derde derman, şypa kerdem togsan bäşlik çaýy elime aldym. «Ýa, özüň şypa ber!» diýip, paçkany emaý bilen açyp başladym. Açanymam şoldy weli, gan basyşym ýokary galypdyr, çydap bilmän bir «Waý!» diýenimi bilýän. Soň näme-näme bolanyny duýmandyryn. Özüme gelsem, keselhanada ýatyryn. Ýanymda aga-ini, dogan-garyndaşlar aglaşyp otyrlar. Aýalym aram-aram öl pamyk bilen guran dodaklaryma nem çalýardy. Eli şprisli bir medsestra gelip, goşarymdan sanjyp gitdi. ― Doktor, indi ýedi gündür duz dadanok ― diýip, aýalym ýarym-ýaş bolup, ak ýektaýly bir wraça ýüzlendi. Olam: «Daýza, gorkma. Lükgi aganyň iýmitini ukolyň üsti bilen ýetiriň durus» diýdi. Ine, bolan waka-ha şeýle, Mykgy ― diýip, Lükgi çaýyny gaýtaryp oturan ýerinden aýtdy. Mykgy gürzelek sakgalyna elini ýetirip: ― Lükgi diýýän-ä, göwnüme bolmasa, şu zatlar ýalan ýaly. Otüki, togsan bäşlik çaý gan basyşyňy nädip ýokary galdyrsyn. Ömür boýy şony içip ýörenlerem bar-a. Şolaram gan basyşdan azar çekýärler-ä ― diýdi. ― Men şol çaýdan özümem aldym ― diýip, Mykgy küti barmaklary bilen sakgalyny darady. ― A-how, Mykgy, düşün. Seň alan togsan bäşlik çaýyň paçkasyny açanyňda içinde çaý ýerine opilka çykan däldir ahbetin ― diýip, Lükgi jan ýandyryp aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |