21:15 Gara sanawa girizilen: "Respublikaçy" | |
GARA SANAWA GIRIZILEN: "RESPUBLIKAÇY"
Taryhy makalalar
Osmanly içeri işler edaralarynyñ gara sanawynda Mustapa Kemalyñ adynyñ yzyna "respublikaçy" sözi tirkelipdi... "Bandyrma" parohodynyñ öñünde köşgüñ kararyny iñ köp kösänem şu "gara sanaw" boldy. Sadrazam (baş wezir) Damat Ferit paşa zol "gara sanawy" görkezip, Mustapa Kemalyñ Samsuna gelmegine garşy çykdy. "Gara sanaw" hakykaty ýazýardy: "Mustapa Kemal we onuñ döwürdeşleri Osmanlynyñ çöküşine garşy alaç gözleýän we bu maksat bilen dynman okaýan, gözleýän, jedelleşýän nesildi. Atatürks ömri boýunça düýpli täsir eden akyldarlardan biri, respublika we respublikaçy diýlende ýada birinji düşýänlerden Žan Žak Russo boldy. Raýatlyk, azatlyk, halkyñ hökmürowanlygy ýaly syýasy düşünjeleri şondan öwrendi. Atatürküñ respublikany ideal sistema hökmünde görmeginiñ yzlaryny "Bandyrma" parohodyndan düşenden soñ eden çykyşlaryndanam görrp bolýar. Amasýa jarnamasyny ýada salyñ: "Milletiñ garaşsyzlygyny ýene milletiñ öz azmy we kararlylygy gazanyp biler". Erzurum kongresini ýada salyñ: "Ýoldaşlar, ýeke-täk etmeli iş - halkyñ häkimiýetine goldanýan türk döwletini gurmakdyr". Heniz onuñ dilinde "respublika" sözi ýokdy. Diñe 1919-njy ýylyñ 7-nji iýulyndan 8-nji iýulyna geçilen gijesi Erzurumda kömekçisi Süreýýa Ýigit bilen eden gürrüñinde kömekçisine ilki şert goýdy: "Depderiñ şu sahypasy hiç kime görkezilmeli däl. Soñuna çenli ýaşyryn saklanmaly. Bir men, bir Süreýýa, birem sen bilmeli, şertim şudur". Ol söz berenden soñ "ýaz, bakaly" diýdi: - Ýeñişden soñ şekli-hökümet respublika bolar. * * * Kongresler we yzyndan 1920-nji ýylyñ 24-nji aprelinde mejlisiñ açylmagy respublikan režim üçin atylan möhüm ädim boldy: "Hakimiyet bilâ kayd-u şart milletindir". Ýagny, häkimiýet soragsyz-sowalsyz milletiñkidir. "- Jenaplar, bizi millet şu ýere ýollady. Emma ömrümiziñ soñuna çenli biz bärde we bu milletiñ eradasyna we häkimiýetine atamyzdan miras galan mal ýaly wekilçilik etmek üçin gelmedik. Hiç kim sizi jemlemek we dargatmak güýjüne eýe däldir. Millet bilmelidir ki, bir günde wekillerini jemläbem, ýollabam biler. Bärini hiç kimiñ hasaba we şerte baglamaga hak-hukugy ýokdur we bolmaly-da däldir". Gidilmeli ýol bellidi: Patyşanyñ, halyfyñ bolmadyk respublika režimi... Lozanda gyzgalañly gepleşikler gidip durka, 1923-nji ýylyñ tomsunda Atatürk hukuk boýunça geñeşçisi Seýit beýe gizlin görkezme berdi: "Respublikanyñ yglan edilmegi boýunça kanunnamany taýýarlap bilersiñizmi?" Atatürk indi Lozandan soñky täze režimi yglan etmek isleýärdi... * * * Respublikanyñ yglan edilmeginden bir öñ Atatürk jemgyýetçiligi taýýarlamak üçin "respublika" diýmezden respublikanyñ prinsiplerini habar beriş serişdelerine düşündirmäge başlady. Rauf Orbaý, Kazym Karabekir, Ali Fuat Jebesoý ýaly käbir egindeēleri we Stambukdaky käbir habar beriş serişdeleri şobada ynjalyksyzlanmalaryny dillenmäge başlady. Rewolýusioner öñbaşçy Atatürk yza ädim ätmedi, öz arzasy bilen işden gitmelere üns bermedi, hökümdarlyk režimini soñlandyryp, häkimiýetiñ jylawyny millete berdi... Munuñ özi ideologik çaknyşykdy. Täze režim yglan edilmeginiñ sebäpleriniñ biri-de, Azat-edijilik urşy ýyllarynsa möhüm meselelerde añsatlyk bilen hyzmatdaşlyk eden mejlisiñ indi hiç bir babatda karar kabul edip bilmez ýaly ýagdaýa gelmegidi. Konserwatiwler “istemezük” sözünden başga söz diýenokdylar. Rewolýusionerler bilen konserwatiwleriñ ýoly belli-külli kesişdi. Parahatçylyk döwründe ýurduñ bular ýaly dowam etmegi mümkin däldi. Şuny-da goşaýyn: Mustapa Reşit paşa bilen başlan, Mithat paşa bilen dowam eden tanzimatçy günbatarlylaşma bilen Atatürküñ garaşsyzlykçy döwrebaplaşma prinsipiniñ arasyndaky tapawudam doly şundan ybaratdy... Stambul Şişlidäki jaýda azat-edijilik urşuny meýilleşdiren egindeşleriniñ arasynda soñ-soñlar pikir-prinsip bölünişiginiñ bilmagynyñ sebäbi-de şudy: Rewolýusionerler we konserwatiw reformistler... Bu bölünişigiñ detallaryny-da ertire goýalyñ... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |