16:31 Gara ýyldyrym -10/ romanyň dowamy | |
10.
Taryhy proza
Alymerdan Eşredi uzak saklamady, ony Ispendiýar bege peşgeş berdi. Hurşyt: – Ispendiýar janyňy alar – diýip, meseläniň çözgüdi Eşrede bagly ýaly janykdy. – Dagdan daş çekdirer, aç öldürer. – Adamyň başynda bir ölüm bar, iki däldigine şükür edýän. – Sen ýagşylygy bilmeýän bolduň! – Sen-ä mana düşmez pürsiýan ekeniň. Bolmajak işi aýdyp başymy agyrtma, gardaş. Kimden habar ýollajak? Meniň obamyň gonanyny gol, göçenini ýel bilýär. Ýelden habar ýollajakmy diý. Seniň ýeliň dagdan geçmese nä! – Kişi, seniň «gol» diýeniň näme boldy? – «Gol» diýenim gol bolar-da. Äý, sen çöl diý-de düşünäý. – Ä-äý, çöl gursun. Ispendiýar beg seni öldürer, Hurşyt boýnuny burup oturyşyna neresse çaga meňzedi. Aslyýetinde, Eşrediň pikiri başgarakdy. Ol entek büs-bütin umytdan düşmändi, habar ýetirse bolar. Şonda soňky topalaňy diý sen! Ol obadaşlaryna belet. Owalynda ýaşululary ibermekçi bolaýsalar, olary hatarly ýola ýalňyz goýbermezler, atly-ýaragly ýigitler bile gaýdar. Pürsiýanlar ýygyn gelýär, türkmen çozdy diýip, basga galar. Satyn almakçy bolaýanlarynda-da, pürsiýan doýarlyk artyk-süýşün emläk tapyljakmy! Atasy çal başyny egip, ejesi elini serip, ýogynlaryň gapysyndan barar. Eşret muny unamady. Galkan batyr öz başarjak işini aýdar, zora ýanap almaly diýer. Olar gelseler, diňe Eşredi boşadanlary bilen oňmazlar, urarlar, çaparlar, gabat gelen bendäni alyp giderler. Soňra ömürboýy Galkana borçly bolup gezmek... Galkan, iň bolmanda, Eşrediň dädesiniň aryny ýerine saldym diýer, dili uzar, gul-gyrnak edilen bendeleriň öňünde ýazygy bardyr öýtmez, gaýta haýyr iş eden adamyň kanagaty bilen ýaşar. Bu gabahatlygy Hurşyt göz öňüne-de getirip bilmez, ýagdaýa düşünmäge onuň akyly çatmaz. Aýynjemalyň zary ony däli edipdir, diňe öz derdini bilýär, kişiň derdi ony geň galdyrmaz, ýüregini-de awatmaz, islendik derdi öz derdinden pes saýar. Eşret dädesiniň jesedini ata ýükläp, oba barlan pursady ýene bir kerem ýatlady. Şonda atasynyň sakgalyndan syrygyp barýan ýaş damjasyny görüpdi. Ýaşuly adamyň gözýaşy ýetginjege geň göründi, ol ýaşulular aglaýandyr öýdenokdy. Atasynyň halyna gynanjy dädesiniň ölümine serbe-serdi. Başlaryna düşen betbagtlygyň abyrsyzdygyna şondan soň akyly doly ýetipdi. Bu ýatlama paýhasyny durlapdy, aýgytly sowala öwrülipdi: men sebäpli başga bir ýigit ajala sezewar bolsa?.. Eşret öz janynyň ölen ýigidiňkiden artykdygyny nädip düşündirsin? Asyl-ha, öleniň hossarlarynyň gözüne nädip görünsin?! Ol Hurşydyň teklibinden el çekipdi. Ony diňe bir ýagdaý gynandyrdy. Eşrediň aýatda diriliginden hossarlary bihabar galar. Ejesi kösener. Zyba-da kösener diýdi. Hurşyt öz heňine tutdy. – Ispendiýar beg diýlen kişi ajal-daýt – diýdi. – Ondan Büjnürt hany-da çekinýärmiş, daýymyň aýdany şü, daýym bilmese aýtjakmy diý. Ispendiýar beg Ispyhandan gaýdypdyr, Emir bilen görşüpdir, söhbetdeş bolupdyr. – Emir diýýäniň kim bolýar? – We-e, Nedirguly han-daýt! Ona emir diýmeli. Emir Ispendiýar bege serpaý ýapypdyr. Emir ýomutlar bilen urşanda, Ispendiýar beg gapdalynda ekeni, daýymyň aýdany şü, daýym bilmese aýtmaz. Daýym-da Ispendiýar beg bilen dost. Ikisi-de ewser bolupdyr. Şahrudy türkmenlerden goradyk diýýär, gawap-daý! Serheň sypaýy-da1 bulary gawy görýän ekeni. Ol-da häzir Büjnürdiň hany. – Hurşyt Eşrediň biperwaýlygyny görende, bu gürrüňi bes etdi, öz aladasyna dolandy. – Daýymyň-da öz bähbidi bar, her kimin etjegi içinde. Ispendiýar begden goldaw isleýär. Kişi, hanyö salgydy agyr. Peşgeş bermeseň, gedaý goýar. Maliýatyny2 ber, soursatyny3 ber, peşgeşini ber, ber, ber... Ispendiýar begiň daýyma dostlugyny han bilse bolany, daýymyň islegi-de şol... Seni görende, daýymyň gany depesine urýar. Ol-da betbagt adam, daýyma nebsim agyrýar, heýwere gawy zenanyny giderdi. Seni gözüm görmesin diýýär. Ispendiýar bege berer goýberer, ol-da seni öldürer, ol türkmenleri adam-da saýanok. Hurşyt mal ýatagyň ýelöwser deşiginde oturan serçä garap dymdy. Serçäniň agzynda çöpjagaz bardy, ol höwürtge ýasanýan bolmaga çemeli, girmäge ätiýaç edýerdi. Eşret: «Wah, seniňki ýaly ganatym bolsady!» diýdi. Hurşyt dowam etdi: – Taraşyň obasynda bir kişi bardy, özi-de gazap awçydy. Keýik awlardy. Gapysyna çebşek-de getirýär, tamaşa edip oturandyr. «Bi janawaryň gawyjadygyna seret» diýerdi. Ýetimçeleriň enesini öldüren-de özi. Güýz ahyrda çebşekleri çiş kebapdan geçiruşini görsen!.. Kişi, Ispendiýar beg-de seni tamaşa üçin äkidýär. Seniň-de täleýiň keýigiň balasy bilen jawakdaş4 bolar. – Ol Eşrede ýapyşdy, ýalbardy. – Maňa gulak goý, kişi, bilimsek bol. Men-de türkmeniň dilinde gawy gepleýän, özüm gitjek, diýaryny tapjak, iliňi soradygym bar, obaňy saradygym bar, taparyn. – Seniň pürsiýandygyňy bilerler, heläk ederler. Gözüňden, maňlaýyňdan tanarlar. – Heläk-de bolsam gitjek! Eşret onuň sadawarlygyna geň galdy, ýazyksyz gözlerine garanda nebsi agyrdy. – Beýtmäli, gardaş, söwdadan el çekeli – diýdi. – Bi porsy ýatakda, tezegiň arasynda ýatsam çüýrärin. Getirilen günümden bäri, ýagty ýalança çykmasam nä! Hurşyt birden üýtgedi, gözlerindäki umyt uçguny tapba söndi, ýüzünden rehim syryldy. Gop berlen dek towsup ýerinden galdy. – Haýwan! – diýip, gygyrdy. – Siziň hemmäňiz-de haýwan. Haýwany haýwanyň ýatagynda saklamak-da rastdyr. Ispendiýar begiň elinde gan ýuwut! – Ol gargany bilen oňmady, Eşredi iki-üç öwre depdi. – Daýym-da namart, daýym-da wadasynda durmady. Men-de saňa ynanyp akmak boldum-ow. Saňa owkat beren elim döwülsin. Azamat5 göräý, aç öläý! – saňa diýmeli söz şü. Seniň pikiriň belli: ýurduň äşgär bolmasa ýagşy görýäň. Seniň-de ýurduny taparlar, Taraşyň-da ýurduny taparlar. Ispendiýar beg türkmenleri ýok etmeli diýýär, emir-de şony diýipdir. Ispendiýar begiň zyndanynda sen ýalňyz türkmen bolup-da galarsyň. Eýran-da, Turan-da rahat ýaşar, daýym-da şeý diýýär. – Ýene Eşredi depdi. – Siz düze ýaýran aç böri! Ol Eşrediň gapdalynda duran suwly kündügi depip, gapa ýöneldi, bosaga ýetende, Eşret ony saklady. – Adamyň başyndakyny bilip bolmaz, gardaş – diýdi. – Bagtym çüwüp, boşamak miýesser bolaýsa, Taraşyň obasyna barjagyma ynanaý. – Zalym ekeni diýdirjek bolýan ýaly, elde baryny eden Hurşyt bada-bat eredi, göreçlerine umyt uçguny dolandy. – Seniň Aýynjemalyňy-da görerin, Hurşyda garaşyber, Hurşyt geler diýerin. Bi ýalançyda adamy umyt ýaşadýandyr, gardaş. Hurşyt Eşrede uzak mahal seredip durdy. Uzakdaky Aýynjemalyny, ýagşy habary eşiden pursatynda onuň şatlygyny göz öňüne getirendigi mälimdi. Hyýaldan hakykata dolanmak oňa kyn düşdi, süýji düýşi ýolunan kysmy, alasarmyk boldy. Ahyry tezegiň arasynda eli-aýagy zynjyrly oturan guly hakyky keşbinde görendir-dä, maýyl bolan arzuwynyň aldawdygyna düşünen ýaly, ökünç bilen başyny ýaýkady. – Ispendiýar begden sypjak-da senmi! Näme diýse-de, Eşret Hurşydyň kalbynda umyt galanyna ynandy. Ýelöwser deşikde ýene serçe göründi, agzyndaky çöpjagazy gaçyrmandyr. Mal ýataga girmezden öňinçä, oturan ýerinde telim öwre bökjekledi, içerik-daşaryk esewan boldy. Eşret: «Sen nämeden ätiýaç edýärsiň, janawar – diýdi. – Ganatyň bar, sen uçup bilýärsiň-ä. Bi ýürekgysgynç, porsy jaýda näme hezillik gördüň, daga git, düze git». Eşrediň gyrmyzdonyny, ak telpegini, ýüpek guşagyny gaýtaryp berdiler. Howla çykardylar. Howlynyň düýbünde giň eýwanly, belent penjireli jaý bardy. Eýwanda duran adamlar gep-gürrüňi tapba kesip, Eşrede tarap garadylar. Eşret olaryň arasyndan ýowuz garaýyşly, ýogyn murty saýgardy. Adynyň Alymerdandygy, Hurşydyň daýysydygy indi mälimdi, ýowuz garaýşy-da düşnüklidi. Alymerdan bilen egin diräp duran daýaw pyýada Ispendiýar beg bolsa gerek. Onuň uruşjak horaz kimin döşüni gaýşardyp, ulumsylyk bilen seretmesi, Eşrediň howuny basmady. Beg adamyň howalasy-da belent bolmaly. Ujy çowly, jaýtaryp duran gara murty pöwhe görünýän göwrä garagolluk alamatyny berýärdi. Eşret adamlardan sowaşyk duran Hurşyda garady. Hurşyt keýpsizdi, öýkelidi, ol Eşretden görejini sowdy. Dag tarapdan arassa, mylaýym şemal öwüsdi. Şemalda baharyň ysy bardy. Eşret mal ýatagynyň porsusyndan çykanyna şükür etdi. Ispendiýar beg bir zat diýdi, sesi-de göwresine kybapdaş ýogyn ekeni. Sesindäki dabara keýpiniň çagdygyny duýdurdy. Duranlar yhlas bilen hikirdeşip, ýalandan gülüşdüler. Ispendiýaryň has-da keýpi göterildi. Hurşydyň gaşlary çytylýardy. Beg eýwandan düşüp, Eşrediň alkymyna geldi. Oýnaklaýan gözlerinde gam-gussa, gahar ýokdy. Eşret bu adamyň türkmenlerden awunan ýeri ýokdur diýdi. Ispendiýar burnuna ýakymsyz ys uran ýaly ýüzüni bürüşdirdi. Ol Eşrediň süňňüne siňip giden mal tezeginiň ysyny alandyr. Begiň soňky oýny juda duýdansyz boldy, Eşrediň gursagyna agyr ýumrugyny inderdi. Eşret esli ýere entirekläp gitse-de ýykylmady. Ispendiýar tomaşa bilen hahahaýlap güldi, gülkini eýwanda duranlar alyp göterdi. Alymerdan bilen Hurşyt gülmedi. Soňra begiň giň hem güýçli penjesi Eşrediň eňegini gysaja saldy, tas äňini owradypdy. Gysyp durka-da, bir zatlar diýip gygyrdy. Eşret özüne diýilýändir öýtmese nätjek. Onýança Hurşyt ylgap geldi. – Agzyňy aç-aý! – diýdi. Ispendiýar Eşrediň dişlerine seretdi. Onuň ýogyn burnunyň tüý tutan deşikleri, sary dişleri, ýuka hem nemli dodaklary, iki bölek merdemsi eňegi, has beteri-de, porsy demi Eşrediň ýadyna ömürlik girdi. Begiň eline suw akytdylar. Ol dynman gepleýärdi, gülýärdi, onuň gülküsine eýermek beýlekilere güzap berdi. Beg Hurşydy gyssady, Hurşyt begiň sözleriniň manysyny Eşrede ýetirdi. – «Türkmenleriň bolşy ýyrtyjy haýwandan-da pis diýýär, bular gojalan çagy Görogly begi-de dagyň içine zyňyp gaýdypdyrlar» diýýär. Kişi, begiň şu diýeni çyn boldumy? Ispendiýar beg aýdan sözleriniň Eşrede ýeterine, iň esasy-da, etjek täsirine bisabyr garaşdy. Eşret perwaýsyzlyga urdy, äwmedi, şeýdip hem bege şoh berýän dartgynlygyň paýzyny ýatyrdy. Beg Hurşyda herreldi, Hurşyt hem öz gezeginde Eşrede azgyryldy: – Begiň sözüni aňlamadyňmy sen? – Bege biziň sözümizi-de düşündirip aýt: Görogly beg ölenok diý, türkmeniň tohumy gutarmasa, Görogly-da ölmez diý. Diýşim ýaly edip aýt, üýtgetseň aňaryn. Eşrediň aýdanyny eşidip, Ispendiýar beg el çarpyp güldi, gülkiniň soňy dyngysyz madyrda ýazdy. Gepledi, güldi, gepledi, güldi. Duranlar onuň gülküsine hemaýat bermäge ýetişmediler. Olaryň öňünde begiň özi tomaşa öwrüldi galaýdy. Olar begiň bolşuna gülýärlermi ýa-da onuň sözune gülýärlermi, düşer ýaly bolmady. Ýene Hurşydy gyssady. – Ispendiýar beg: «Haýwan begi-de bilmez, garyby-da» diýýär. Haýwan diýýäni siz. Bir begzada türkmenleriň eline düşüpdir, ony-da garamaýagyň arasyna goşaýypdyrlar. «Men beg ogly, özüm-de beg diýipdir. «Öz ýurdunda begsiň, biziň ilde gul sen» diýipdirler. Olary hossarlaryna satanlarynda begiň-de, garybyň-da bahasy bir baha. Beg ogly: «Aýagymy-da ätmäýin diýipdir, gul-da bolsam, men beg gul, bulardan baham-da ýokary bolmaly, meni iki gulup bahasyna satarsyňyz» diýip, haýkyryberipdir. Ispendiýaryň aýdany şu. Haýwan türkmenler beg oglunyň garamaýakdan tapawudyny bilenoklar diýýär. Eşret güldi. Onuň gülküsi bege ýaramady. Ol Hurşyda müňkürlik bilen garady, jabjyndy. Hurşyt: – Kişi, gülme, beg seni aparar – diýdi. – Gülkä gülmeseň, göwni galar, gardaş. Begiň bahasy söweşde bellidir. Sözümi Ispendiýara ýetir. Beg tomaşany bes etdi. Eşrediň alaşasyny getirdiler. Janawar gerdenine düýäniň ýüki urlan ýaly, boýnuny sallap gelýär. Gözleri zordan açylýar, kirpikleri bitişip, töweregi tokga baglap gidipdir. Boýny inçelendenmi, ýaly has uzyn görünýär. Göwresi sykylandanmy, eýeriň durşy gowallaň geýlen çokaý kysmy ebeteýsiz, Eşret: «Bi ganymlar seni suwa-da ýakan däldir» diýip zarlady. Golaý gelen alaşa birden kellesini galdyrdy, gözlerini giň açyp eýesine garady. Iki öwre başyny silkdi. Janawaryň göreçleri ýylady. Burnuny uzadyp, eýesiniň donuny ysgady. Arkaýynlaşdy. Hossaryna gowşup, ynjalanyny duýdurýan şekilde burnuny parlatdy, tumşugyny Eşrediň egnine diredi. Eşrediň bogazy doldy, içinden: «Ýat ilde ýalnyz hossarym sen, janawar» diýdi, alaşanyň maňlaýyiy, ýalyny sypady. Häzir ol ikisine üns berýän ýokdy. Gapdalda Ispendiýar beg atlanýardy, adamlar şonuň daşyndady. Hurşyt golaý geldi, hoşlaşmak isleýärdi, ýöne ýüregindäki öýkesi ýol berenokdy. Eşret: – Eden ýagşylygyňa Taňyrýalkasyň, gardaş – diýdi. – Menden nägile bolma, her kim başa gelenini görer. Hurşyt has golaý durdy. – Maňa adyňy-da aýtmadyň. – Adym-a Eşret, gardaş. Il-güne Eşretli gün miýesser etsin diýlip dakylan at. Enteg-ä talaýhanlyk1 görlenok, bolar-da bir mahal... Hurşyt: – Ölümden gutulmagyň ýoluny men bilýän – diýdi. – Aýt, eşidip goýaly. – Gyzylbaşyň dinini kabul edýän diý, azat bolarsyň. – Eý, gardaş, beýtmäli muny. Dinimi üýtgedip, biabraý bolandan, abraý bilen dünýämi üýtgedenim ýagşydyr. – Eşret Hurşydyň gözlerinde gynanç gördi. – Maňlaýymdan, herne, sen tapyldyň, ýogsam-da bolsa, meniň ýüregim ýarylardy. – Wä-ä, seni öldürjekdiler, janyň jähennemde bolardy. Hurşyt ýene gadyry bilinmedik adamyň öýkesi bilen ýüzüni kese sowdy. Eşret: – Ähtimal, bu diýeniň-de dogrudyr – diýdi. – Ýat ilde dil bilmeseň, diliňe düşünýän-de bolmasa, adam pahyr lal açjak ekeni, güň adam-da sen. Öz ýurduň maly-da seniň diline düşüş. Ýat iliň haýwany-da saňa ýat. Eý, mundan bu ýana-da başa düşenini görüberýäs. Ispendiýar begi şowhun bilen ýola saldylar. Eşrediň elini arkasynda bagladylar, töweregini bäş atly gallap barýardy. Gün depe galypdy, howa maýyldy. Kybladaky dagyň başynda duman bardy. Asman durudy. Oglan-uşak, aýal-ebtat pagsa tamlardan daş çykdy. Olaryň ähli ünsi, göreçleri ak telpekli, gyrmyzdonly, goly bagly Eşrede bendidi. Öňki gahar-gazap ýokdy, arkaýynlyk aralaşyp, ýüreklerine rehim inen bolmaga çemeli. Uzak mahal il-güne ýazylganlyk bermedik galtaman ele düşende, adamlar neneňsi rahatlanýan bolsalar, şol rahatlygy Eşret özüne garaýan gözlerde gördi. Eşrediň garasy ýiten dessine, hini ýatladýan tünekleriň gapysy açylar, ýaz şemaly kapas jaýlara kürsäp urar. Adamlar rehimsiz galtamany gümlama alyp barýan atlylara minnetdar. Ispendiýar beg tumşugyny ýele tutup, mertebesiniň belentdigine guwanýar. Adamlaryň gözüne Eşrediň galtaman bolup görnüşi ýaly, Ispendiýar begiň halasgärligi-de galpdy, gülkünçdi. Eşredi ýene tutup, şol galplygy hakykatyň derejesine ýetirjek bolýardylar. Eşret özüni janly garantga saýdy. Orazyň jöweniniň, gawun-garpyzly peliniň içinde dikilen garantga jansyzdy, letdeden, gurumdan ýasalandy. Eşrediň egninde bolsa, ak telpek, gyrmyzdon bar. Oraz guşlary, şagallary gorkuzmak üçin garantga goýupdyr, Ispendiýar begiň-de öz maksady bar. Ol öz ildeşlerine Eşrediň egin-başyndaky adamlary ýigrenmegi ündeýärdi. Adamlar dörände, olar ýigrenji bilenoklar, soňra edep-ekramyň öwredilişi ýaly, olara ýigrenmegi-de öwredýärler. Şol ýigrenç bu adamlaryň gözüni kör edipdir, olary oýnatga öwrüpdir. Olar hiç mahal Eşrediň bigünädigini bilmezler, aýdylsa-da ynanmazlar. Bu pikir Eşredi gynandyrdy. Soňra ol diriligine şükür etdi. Belentli-pesli ýolun sarsgyny bedenindäki bitmedik ýaralaryň yzasyny artdyrdy. Öňdäki ýoluň näbeletligi bilen teläýiniň arasynda meňzeşlik duýsa-da, ýagty ýalançynyň görküne syn etmek, dury howasyndan dem almak ýakymlydy. _______________ 1 Serheň sypaýy – jenap polkownik. 2 Maliýat – girdejä salynýan salgyt. 3 Soursat – iýmlik däne salgyt. 4 Jawakdaş – meňzeş. 5 Azamat – azap. 6 Talaýhan – bol-telki. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |