16:36 Gara ýyldyrym -11/ romanyň dowamy | |
11.
Taryhy proza
Uly serdar biynjalykdy. Törde düşegi salyngydy, ýorgana girmedi. Ojakda ot ýanýardy. Odun ýagtysy onuň akylly hem sowuklaç görejinde oýnaýardy, oňa syrly alamat çaýýardy. Ol alamat peşeneli ýüzüne ýaýranda, ýowuz görnüşe öwrülýärdi. Uly serdaryň pälwan sypaty äşgärdi. Ýasgynjak atynan goç buýnuzly, gyrmyzy parawuzly bagana possuny gümmezläp duran eginleriň kuwwatyny basyryp bilenokdy, gaýta, güberilnp, ony has mälim edýärdi. Damarlary göze görnüp duran ýogyn boýnunyň berkligi ojar düýbüni ýatladýardy. Ak seleň gyrymsy sakgaly merdemsi eňegine kybapdaşdy. Timarly gytygsy murty, gönümel gelşikli burny, ýazgyn maňlaýy hortaň ýüzüne akyldaryň sypatyna mahsus inçeligi, nepisligi berýärdi. Alawlaýan ýalyn serdaryň ýüzündäki şu alamaty has aýdyň görkezjek bolup azara galýan ýalydy. Sekiz ganat öýüň içinde Uly serdaryň ýalňyz özüdi. Oturmaga gelenler garaňky düşüp-düşmän dargapdylar. Obadaşlarynyň düşbüligi kanagatyny artdyrypdy. Häzirki ýekelik oňa derwaýysdy, oýlanmalydy, ýedi ölçäp, bir kesmelidi. Geňeşe geljek adamlar seniň aýdyň pikirini eşitmege gelýändirler. Olaryň kalby şübheden sapdyr öýdýärmiň? Käbir adam şübhäni seniň akylyny, paýhasyny, mertebäni peseltmek üçin ulanmaga taýýardyr. Uly serdar öz iliniň ýaşulularyna-da, serdarlaryna-da beletdi. Turuwbaşdan şübhäniň artmagyna ýol beräýse, geneşiň soňy galmagala ýazar, ol bolmasa-da, takyrdan galan tüweleýiň ak çäge ýetip pytyraşyna meňzeş soňsuz alada öwrüler. Goýun güýlen ýaly edip taşlamasaň bolmaz. Pälwana güýç hem gerekdir, emmaki, ezberligi duýdansyz emelindedir. Uly serdar baş-başdaklygy halanokdy, teklibine hemmeleriň gol ýapmagyny isläýerdi. Teklibi taýýar. Ol häzir ýene bir mertebe taýyn teklibini geljekleriň şübhesi bilen saldarlap görmekçidi. Başarmady. Ünsüni çugdamlap bilmän azara galdy. Oda düşüp ugran damjalaryn pazyrdysy ýagşyň başlanandygyny duýdurdy. Uly serdar depä garady. Ýarym açyk tüýnügi gördi. Çagaryga ýalnyň solaksy şöhlesi düşýärdi. Ol töwerege diň saldy. Durluga düşýän damjalaryň pytyrdysyny eşitdi. Bu ses oňa tanyşdy, ýakymlydy. Ýaz ýagşynyň şybyrdysy bilen ene hüwdüsi gulagynda hemişelik galypdy. Ol gara öýüň içinde ýagty ýalança inipdir, gara öýüň içinde-de ömri ötüp barýardy. Onuň ili oturymly ýurduň, dynçlygyň gözlegindedi. Henize çenli salymly oturylan mekan ýok, göç-hä-göçlükden öýleriň süňňi gowşasa, adamlaryň ömür tanapy gyrylýar. Dogduk mekanynyň nirededigini, ata-babasynyň mazarynyň haýsy ülkede galandygyny bilmeýän adamyň, megerem, toprakdan örki üzülse gerek. Serhetsiz düzde, suwsuz çölde entäp ýörşüne, onuň haýwana dönüp gitmegi-de ähtimaldyr. Köramançylyk ömürlik ahwalata öwrülse, mukaddes zadyň küpür gepe, bijaý pikire sezewar boljagy ikuçsyzdyr. Uly serdar bosagadan gözenege çenli aralygy göwi bilen ölçäp çykdy, esli gidişlik bardy. Bu giňişlikde adamlaryň toýy, ýasy geçýär. Erte ýene göçmeli bolar. Älem ýaly giň görünýän öýi ýygnap, bir düýä ýüklärler, göçülen ýurda seredersiň, öýüň oturan ýeri tegelenip galar. Onuň darlygyna haýran galarsyn. Öý bosagadan ätlän adamyň kalbyna giňlik salýan bolmaga çemeli, adamyň kanagatyny artdyrýandygy üçin-de, ony mukaddes saýýandyrlar. Düýä ýüklenen öýüň sähelçe bolup galan süňňüni görende, Uly serdar hemişe tabyda mündürlen adamyň jesedini göz ýeňüne getirerdi. Mukaddes zady ölüme ýanaşdyrmagyň günädigine-de düşünýärdi, nätsin, gözüne oraşan görünýän ýakymsyz ahwalatdan halas bolup bilenokdy. Öýüň ýaraşygy ojak. Ojakda hemişe ot ýansa ýagşy. Taşlanyp gidilen ýurtdaky ojaklar-da, şäherlerden, galalardan galan harabalar kysmy, adamyň kalbyna tukatlyk salýar. Ýumrulan ojaklary synlamak Uly serdara hupbat berýärdi. Olaryň käbirinde kesindi galypdyr. Imisalalykda ýazylgançylykda adam ogly otly ojagy taşlap gitmez, oduň hezilini görer, ýanyp gutararyna garaşar. Uly serdar taşlanyp gidilen ojaklarda tozgunçylygyň alamatyny görýärdi. Olaryň hersiniň başynda il-günüň bereketinden bir paý galýar. Şol ojaklaryň başynda başlanan toýlaryň, sadakalaryň, geneşleriň gap bilinden üzülen bolmagy ähtimal. Şol ojaklaryň başynda dünýä inmeli çagalaryň ýagty ýalança inmekden mahrum bolan bolmaklary ähtimal. Şol ojaklaryň başynda dogan-garyndaşynyň arasynda amanadyny tabşyrmagy Hudaýdan diläp ýören gojalar, soňky islegleriniň başa barmanyna arman edip, gözlerini açyp giden bolmaklary ähtimal. Taşlanan ýurtdaky ýumrulyp ýatan ojaklar eneleriň ganly gözýaşdan sokur bolan bäbeneklerine meňzeýärdi. Damja güreldi, odun pazyrdyýey artdy. Uly serdar ýerinden gozganmak islemedi, ýaltandy, ýogsa, bosagadan ätläp, serpigiň bagyny çekäýmelidi, etmedi. Çygar ojaryň bilinden köpürjik çykdy, hyzzyldy eşidildi. Ol ses zaryndy, kömege mätäç ejiz jandaryň sesine meňzedi. Uly serdar ejizligi halanokdy. Eger-de bagajalaryň obasynda Göroglynyň ölümi diňlenen bolsa, muňa ejizlik diýip düşünse bolar. Uly serdar göwne ýakmaz habar gulagyna degende, şeýle pikire gol ýapypdy, ýöne pikirini töwerekdäkilere äşgär etmändi. Bagajalara baran bagşy üç gün ozal onuň öz obasyna-da geldi. Uly serdar bagşyny ýanyna çagyrdy, ikiçäk gürrüň etdi. «Görogly begiň ölümini ile äşgär etmek bilen, seniň maksadyň nämedi? Sen halypalaryň ýörelgesine gelişmeýän bihuda iş edipsiň» diýdi. Nobadyň ýüzi garört boldy. «Bir pursat binowalyk edenligim zerarly ömrüm boýy puşeýmana uçran men boldum, agam» diýip, zarlady. Uly serdar oňa ynandy. Nobat dowam etdi. «Beýle hata işden soňra, ele dutar almak maňa parz däldir. Men şu ahwalaty adamlara neneňsi düşündirip bilernn, agam! Başarmasam, gara dutary ýok etmeden başga alaç galanok. Atam maňa senedini öwretdi, gara dutary miras goýup gitdi. – Nobat dutaryň köýnegini goltugyna gysyp, gapagyny sypalap, başyny ýaýkady. – Gurbanyň bolaýyn, gara dutar, seni ýasan ussanyň senedine hyýanat etdim. Wasyň kerkaw kimin berk tudundan ýasalan dutar, owaza gelmezinden öňürti, bäş ýyl ýeriň teýinde ýatdyň, gyzgyn at dersiniň eýini iýdiň. Gapagyňa keramatly odun çogy siňdi. Suwa gaçypsyň, ýagşa düşüpsiň, eýsem-de bolsa, seniň şirin owazyna zeper ýetmändir. Nobadyň ýüreginde öz iline ýaman niýet bar bolsa, sen adamlardan owal duýmaly. Egerki duýan bolsaň, owazyň maňa haram bolsun, dutarym». Uly serdar Nobadyň gussaly gözlerinde ýaş gördi, bu gözýaş ejizligiň alamaty däldi. «Eýsem-de, seniň gara dutary ýok edenine ynanjak adam tapylarmyka?». «Küpür gepledim, günämi ot, agam. Meniň başym gara guma garylar gider, emmaki, bu dutar galar. Bu dutar ýerden çykdy, ýerden çykan zada ýitme ýokdur». Uly serdar: «Akyl sözüne gol ýapýan – diýdi. – Meniň pendime gulak as. Ölüm bakylygyň nyşany däldir, bakylyk döreýşe baglydyr. Agyr güne sataşan il Görogly kysmy merdana äriň doglanyny eşitse ýagşy. Seniň senediňi Hudaý maňa bermändir, seniň başaranyňy men başarjak däl. Tur, hata işini özüň düzet!». Öýüň serpigi ýapyldy. Serpigiň bagy üzügiň üstüne patlap düşdi. Aýak sesiniň çybşyldysy öýden daşlaşdy. Uly serdar gelninden hoşal boldy. Oglunyň biweçligi, ýaltalygy onuň zehinini ýaksa-da, hernä, gelini gapydan giren gününden ýagdaý ganymatlaşdy. Gurşunly kenek ýaly ykjam maşgala juda gaýratly ekeni. Öýüň ody bilen girdi, küli bilen çykdy. Gaýyn enesiniň ýokdugyny bildirmedi. Bu gelni Uly serdaryň özi tapypdy. Bir gezek gezelençden gelýärkä, ýoly goňşy obanyň üstünden düşdi. Ýaz aýlarydy. Meýdana bir topar gyz çykypdyr, ýuwa-ýelmik, selme ýygýardylar. Birdenkä öýlänçi geldi, sähel salymda töweregi suw-sil etdi ötägitdi. Gyzlar ýalazy meýdanda çugutdyryp otyrdylar. Olaryň arasynda ala-böle bir gyz köýneksizdi, ýalaňaç ýagyrnysy akjaryp görünýärdi. Uly serdar ýagyş diňýänçä garaşdy, gyzlary utandyrmaýyn diýdi, golaý barmady. Ýagyş diňdi, ýalpyldap gün çykdy. Ýalaňaç gyz köýnegini geýdi. Uly serdar atyny gyzlara tarap öwürdi. Gyzlar süllümbaý ezilipdir. Hälki ýalaňaç gyzyň täk özi gury köýneklidi. Göze görnüp barýan gyz ekeni, ýaňy saçyny goýberipdir. Onuň emeli Uly serdara düşnükli bolsa-da, gyzy gepletmegiň höwesindedi. «Ýagyş ýaganda köýnegiňi çykardyň, sebäbi nämedir?» diýdi. Alçak bela ekeni, utanmady, jak-jak güldi. «Agam jan, çykarmadyk bolsam, özüm-de ezilerdim, köýnegim-de ezilerdi – diýdi. Ikimiz ezilenden birimiz ezilsek ýagşy-da». Uly serdar myžžyk geýimleri endamyna ýelmeşen, galpyldaşyp duran gyzlara garap: «Bi gyzlar seniň emeliňi etmändir?» diýdi. «Aga jan, her kim öz ýorganyna görä aýak uzadýar». Uly serdar bu gyzyň ene-atasyny, tiresini sorap gaýdypdy. Oglunyň daşyny dolap biljek gelinlik tapanyna begenipdi. Begenji ýerine-de düşdi. Gör, gonşy öýde bolsa-da, gaýyn atasynyň islegini aňan ýaly, serpigi ýapyp gitdi. Uly serdar Alladan aç-açan dilgirlik etmese-de, özüne berlen ykbal paýynyň gülala-güllük däldignne gynanýardy. Gijesi-gündizi ojagynyň oduny öçürmän oturan gaýratly aýal miýesser etmedi. Keselbent çykdy. Çagalarynyň ölümi ýüregi ýuka bendäniň derdiniň üstüne dert goşdy. Ösňäni ýeke ogul. Oňa-da, garaz, ölümiň wehiminden gorkuldymy, ejesiniň göwni diýildimi, mahalynda merdemsi daraşylmady. Ýemrelilerin, palajy ýaly boý aldy, akyly goýalmady. Üç-dört ýyllykda umyt bilen oglunyň düşbüligini barlap görüpdi, adam ýaşadygyça paýhas gelmeli. Iki atly bolup awa çykypdylar. Gaýdyp gelýärkäler, giň takyrlygyň çetinden girdiler, ýadawdylar. Uly serdar: «Oglum, ýol kes» diýdi. Ogly gylyjyny syryp, kesere zat gözledi. Takyr ýalaňaçdy, diş synçgara çöp ýokdy. Ahyry nätjegini bilmän dädesine ýaýdanmaç garady, birden hem takyra gahar edýän ýaly, gapdala göwresini taşlap, telpegiň ululygyndaky tümmejige gylyç saldy. Dädesi güler öýtdi. Uly serdar gülmedi, oglunyň gülkünçligi onuň ganyny gaýnatdy. Her neneňsi bolsa-da, sabyr kyldy, ýene synady. Guma ýetenlerinde towşanyň etini bölekläp: «Hany, şuny gowrup ber, iýeli» diýdi. Ogly uly ot ýakdy, köz üýşerine garaşman, ýalynyň içine et böleklerini oklady. Olar şatyrdap ýanyp başlanda kesewini bulaýlap, oduň töwereginde towsaklady, nädip aljagyny bilmedi. «Däde, et ýanýar – diýip gygyrdy. – Gara köýük bolaýdy». Uly serdaryň sabry gutardy, gamçysyny oglunyň kebzesinden inderdi. Ogly kemsindi, dädesine gahar etdi, ýol boýy çişip gaýtdy, geplemedi. Dädesiniň-de emelsiz ogluna düşündiriş okamaga höwesi ýokdy. Oňa gelni düşündiripdir. «Dädeň, ýoly kes diýende nireden barýardyňyz?». «Takyrdan barýardyk». «Dädeň sana gürrüň ber, aýdym aýt, ýoluň uzaklygy bildirmesin diýipdir, sen düşünmänsidň Eti agaç çişe düzmeli ekeniň, çişlik bolardy. Gylyjyň ujuna sünjüp, oda tutaňda bolmadymy. Dädeňden öýke-kine etme, ötünç sora». Uly serdar gelniniň ärden bagtsyzlygyny bilýärdi. Gelni syr berenokdy. Eýsem-de bolsa, onuň igenmäge, dilgir bolmaga haky bar. Ony sataşdyran Uly serdaryň özi. Gelniniň sabyrlylygy akyl-paýhasynyň artykmaçlygynda. Alla onuň ogluna bermedik akylyny gelnine beripdir, şoňa-da ýüz kerem şükür! Gelni gaýyn atasyny hormatlap, alada galdygyça, Uly serdaryň müýni artýardy. Megerem, il arasynda Uly serdaryň gelni bolup gezmek oňa ýakymlydyr, onuň buýsanjyny artdyrýandyr, emmaki, bu ynanç üzülişigi aňladanokdy. Uly serdaryň küý-pikiri ertirki geňeşe dolandy. Geneşiň zerurlygyny ol şybyrdap ýagýan ýaz ýagşynyň zerurlygy bilen deňedi. Ýagmyryň ýagmagy onuň kalbyna biraz giňlik salsa-da, ony howsaladan dyndaryp biljek däldi. Asman Biribaryň buýrugyna boýun, şondan buýruk bolsa ýagýar, buýruk bolmasa, bal-da bolsa damanok. Adamlara gezek gelende, ýagdaý çatak. Alla adamlaryň hersine bir häsiýet beripdir, hersiniň kalbyna bir küý salypdyr. Adam ilki özüne geňeşýär, soňra kişä gulak asýar. Özüne bähbitlidigini bilse, kişä hä diýýär, bolmasa-da, ýüz öwürýär gidiberýär. Emma il agyr güne düşen halatynda, her kimiň bähbidini aýry-aýry seljerip, oňa gulak gabardyp oturyp bolmaz. Tutuş iliň bähbidini araýan pikiri orta atyp, şol pikire-de gulluk etmeli bolar. Eger şol bolmasa, il tozar, dargar, gurt daran süri kysmy pytrar, heläk bolar, gaýdyp oňa yzyny tapmak, bir sürä goşulmak başartmaz. Töwerek-daşyň agzy ganly gurda öwrülen duşman. Külli Eýran Nediriň sözüne, güýjüne tabyn. Ol entek Eýran şasynyň köşgünde gurjak oýnaýar. Tahmasp şadan galan çagany tagtda oturdyp, onuň kellesine oýunjak jyga geýdirýär. Hakyky altyn jygany götermäge çaganyň inçejik boýnunyň entek juda ejizdigine tomaşa bilen garaýar. Çaganyň eline oýunjak gylyç berip, gylyjyň oýunjakdygyny töwerekdäkilere göz edýär. Ýurdy duşmandan gorap biljek, kesekiniň mülküni basyp alyp biljek kesgir gylyjyň öz elindedigini görkezýär. Men şol gylyç bilen ýurtdan owganlary kowdum, rumlulary Hezirbaýjandan çykardym diýip magtanýar. Eýrana, Eýranyň tagtyna wepasyny mazamlaýar. Özüni şanyň guly diýip hasap etmegi, adyny Tahmasyguly diýip üýtgetmegi kiçilik bilenok. Beýle wepasy zor guly Eýran döräli gününden bäri gördümikä beri diýýär. Bu sözleri özi diýenok, onuň ganly gylyjy adamlary şeýle many bilen gürlemege mejbur edýär. Gurjak oýny bir gün emir adyny göterýän Nediri ýadadar, oýun çagalara ýaraşýar, ulularyň oýny uzaga gidenok, olar oýundan çalt irýärler. Düýn özuni şanyň guly saýýan adam bu gün ýekelikde hakyky agyr täji öz kellesine geýip görýändir. Kelle ahyr sony öwrenişer. Agyr täji götermäge ygtybarly kelle tapyldy diýen ynam, tomaşasy bes et diýer. Entek Nedire pursat gerekdir. Nediriň öz kalbynda şübhe, ikirjiňlenme ýokdur, ol töwerekdäkileriň kalbynda-da şol ynamyň mizemez orun alaryna garaşýandyr. Howlukmaz, gurjak oýnuny dowam eder, gerek ýerinde gylyjyna daýanar. Ynamy nähili ýol bilen gazanmaly bolsa, şol ýola-da ikirjiňlenmän baş goşar. Hile, şelaýyn söz Nedir üçin häkimlige barýan ýoluň kadasy. Öz häkimligine adamlaryň ygtybaryna garap, ol özüne dost, dogan saýlaýar. Uly serdaryň Nedir bilen duşuşygy iki ýyl ozal bolupdy. Şonda Nedir geň sowal beripdi. «Sana dost ýakynmy – dogan?». «Eger doganym maňa dost bolsa, ol halatda, dogan ýakyn». «Ikimize dostluk ýetenok, aslymyza garasaň, bir tohumdan ýaýran daragt». «Doganyň dostlugyna gol ýapjagyň çyn bolsa, meniň ilimiň erk-islegine tokunma». «Erk-isleg diýäniň jylawlanmadyk, eýerlenmedik atdyr, örki bolmasa, ümdüzüne tutdurar gider. Üsti adamsyz atyň çapanyndan ne peýda?». «Agyzdyrykly at jylaw tutýana tabyndyr. Tabynlyk ara düşende, dostluk, doganlyk gury sözdür». Bu oý-pikirler Uly serdary tükeniksiz derde goýdy. Nediriň elinden gylyç düşmese, iliniň rahat günde ýaşamajagyny bilýärdi. Gaçyp gün görüp bolmajagyna-da düşünýärdi. Türkmeniň hemişeki gaçybatalgasy bolan Wasdan döwran ötdi. Suwy kesilen ýurda hazan ýeli çaldy. Agyr ilden galan galalar, saraýlar haraba öwrüldi. Bagynda bilbil saýran ýurduň indi harabasynda baýguşlar jakyrdaýar. He-eý, Türkmeniň bir pille rahatlyk tapan mekany, türkmeni ösňeden mekan, Was, sen bir süýji düýş ekeniň, ýatlama döndüň gitdiň! Wasyň sakasynda Hywa otyr. Hywa hanynyň eli agzyna ýetse, türkmene ýazgynlyk bermejegi belli. Emri güýçli Şirgazy han öleli bäri, Hywa bulaşdy. Maru-Şahyjahandan tä Astrabada çenli hökümini ýöreden hanyň kuwwaty gaçyp başlan dessine Horasanyň hanlary Hywa tarapa seretmegi unutdylar, penany Eýrandan gözlediler. Eýranda Nediriň aşygy alçy gopdy. Dag etegiidäki ýemrelileriň, ýazyrlaryň, alilileriň han-begleri-de Eýrana göz dikip otyr. Nediriň ganojak dogany Ybraýym beg Horasanyň häkimi. Onuň Nusaýdaky dikmesi Ybraýym beg hanyň gözüne, gulagyna öwrüldi. Maýda hanlar Nusaý begini, Goçandyň hany Çaprazy häli-şindi myhman çagyryp, serpaý ýapýarlar, olaryň maslahatyna gulak gabardyp, olaryň ýigren diýenini ýigrenjek bolup derde galyp ýörler. Bu ýagdaýy görüp durkaň, tekeleriň islegi ýerine salynmady diýip, dag etegindeki türkmenlerden juda dilgir bolmak gerekmi bäri? Olar tekäniň islegine gol ýapyp bilmezler, muňa Eýran ýol bermez. Nedir tekäniň kimdigini ýagşy bilýär, ätiýajy az däldir. Ezi dagdan aňyrda otursa-da, onuň müň gözi bäri garaýandyr. Arada garadaşaýagyň adamlary Uly serdaryň ýanyna maslahata geldi, galla ýetmezçiliginden horlanýandyklaryny aýtdylar, nirä gidilse amatly bolar diýdiler. Uly serdar Hywany salgy berdi. Hywa bulaşýar, maýda han-begleriň arasynda tolgunyşyk, agzalalyk köpelýär. Arkaýyn gidiň, gerek gallaňyzy ýol ugrundaky obalardan-da taparsyňyz. Agzalalyk bolsa, hanyň nökerleriniň ýola çykmaga, talaňçylyk etmege elleri ýetýän däldir diýdi. Gidenler iş bitirip geldi. Uly serdar Nediriň howpuny aňýan-da bolsa, Hywa tarapa tutuş il bolup göterilmegi unanokdy. Hywany juda garaňky görýärdi. Hywa diýlende guýyň düýbi göz öňüne gelýär. Hywa hanynyň raýatyndaky ýomutlar bilen dil tapyp bolsa-ha ne ýagşy. Uly serdar muňa ynanmady. Han her ýol eder, ýomut bilen tekäniň arasyna çöp atar. Ýomutlaryň özi-de munça iliň baranyny goşanç görer, ýeri-suwy bölüşmegi aňsat-aňsat islemez. Hanyň Horasany talamaga ýollaýan leşgeriniň arasynda ýomut atlylary-da azlyk edenok. Olaryn talançylygyna Horasanyň türkmenleri-de duçar bolýar. Özümiňki diýip rehim etmeýän adamlar, berden mekan gözlep barjak teke iline rehim edip, gujak açmasalar gerek. Uly serdar dag etegini amatly gerdi. Bu taýpalar at-ýaraga gezek gelende, ýomutlar ýaly türgen däldir, tekeden pesdir. Penakär saýyp Eýrana arka direseler-de, edil bosagalarynyň agzynda duran güýji äsgermezlik edip bilmezler, tekäni hasaba almaly bolarlar. Eýran bilen arada dag ýatyr. Teke bilen aralykda hiç zat ýok. Eýrandan kömek ýetýänçä teke etjegini edip, guma siňmäge ýetişjek. Bu ýagdaýa olar biparh garap bilmezler. Galyberse-de, olar teke bilen ganybir türkmen. Olarda garyndaşlyk duýgusynyň bardygyny Uly serdar inkär etmedi. Olar teke owarra boluň diýmediler. Olar tekäniň tutuş oturmagyndan ätiýaç edýärler. Uly serdar olaryň ätiýajyny akmaklyk hasap etmedi, paýhasyň nyşany diýip düşündi. Her kim öňinçä öz bähbidini araýar. Dünýäniň ozalebetde gurluşy şeýle. Gaýta, Kiçi serdaryň çarbaýlyk edip, maslahaty bozup gaýtmasy paýhassyzlygyň nyşany. Bu taýda ýaşlygyň ýelgini-de bolsa bardyr, emmaki gaýry bir üns beräýmeli ýagdaý bar. Uly serdaryň ynanjyna görä, türkmeniň ganygyzgynlygy hemişe onuň peýdasyna däl. Adamyň gany gyzgyn bolanda, derrew gahary depesine urýar, gahar paýhasyň ýoluny baglaýar. Gahary sowaýança etjegini eden adam üçin soňky paýhas diňe onuň hata işini seljermäge gerek bolýar. Ökünip otyrka, türkmenden paýhasly adam ýokdur. Uly serdar paýhasy öňe sürdi, häzir paýhas güýçden zerur. Eger şu zerurlygy ildeşlerine düşündirip bilse, başga armany ýokdy. Ol Goçandyň hanynyňkyda bolan gürrüňi ýatlady. ...Han Uly serdaryň daýanykly göwresini iki-üç öwre başdan-aýak synlady, bigam ýüzüne ynjy alamaty düşdi. «Sypatyň-a serdara ogşaýar – diýdi. – Iliň saňa gulak asýarmy?». «Jaý maslahata gulak asmaýan ilden il boljakmy diý, han aga». Han şelaýyn ýylgyrdy. Uly serdar: «Sözümde hata gördümikä, janlarym» diýip iňkise batdy. Han ýene sowal berdi: «Seniň «maslahat» diýeniňe men düşünmedim, maslahat özüňden ula salynýandyr». «Men ilimi özümden uly saýýan, han aga». Han keýpsiz güldi. «Özüňden ula häkimlik edip bolmaz, özüňden ulynyň hyzmaty edilýändir». «Her kim ýorganyna görä aýak uzadýar». «Siziň bolşuňyza akylym çatanok, bir töwra adamlar. Ynha, maňa maslahat salýan adamlar bar. Men olara höküm bilen jogap berýän. Maslahat hanyň işi däldir, han höküm çykarýandyr. Höküm adalatsyz bolaýanda-da, han diýensoň, raýaty ony adalat hökmünde kabul etmelidir. Şu ýörelgä boýun synmajak halka hanlyk edip bolmaz. – Han göwnühoş güldi. – Sen iliňe bijaý maslahat berip gördünmi?». «Meniň ilim bijaý maslahata gulak asanok, han aga». «Ýeser iliň bar ekeni». Goçant hany bu sözi göwnüýetmezlik ähende aýtdy. Uly serdar häzir oda garap oturyşyna, hana ýüzlendi: «Han köşgünden garap, sen meniň ilime düşünip bilmersiň, Çapraz han. Şa köşgüne giren Nedir-de düşünip bilmez, erte tagta çykyp, başyna şanyň agyr jygasyny geýse-de düşünmez. Hanlygyň, şalygyň ýörelgesi-de, düzgüni-de meňzeş. Ol Eýranda ata-baba dowam edip gelýän düzgün. Şol düzgüne boýun synmak il-günüň borjy saýylýar. Möjek goýnuň islegine düşünmez, düşünmelidir öýdenok, goýun janawary özi üçin ýaradylan jandar öýdýär, iýenini iýýär, iýmedigini-de parçalap gidýär. Möjekden geň-taň görýän ýok. Möjek şeýle-de etmeli, ýogsa kim oňa möjek diýjek?». Uly serdar daş çykdy. Maýyl ýagşy süňnüne siňdirip ýatan çölüň ýakymly demi onuň ýadan beýnisine ýeňillik berdi. Gapyda daňylgy dordepel at horguryp eýesini çagyrdy. Janawar ýanyna ýetilerine howlugyp, özi eýesine tarap ýöredi, kellesini silkip, Uly serdary gezelenje çagyrdy. Uly serdar atynyň ezilen ýalyny sypady. «Ezilensiň janawar, şemala öwrülip, endamyňy çalykdyrjak bolýansyň. Seniň aýagyň şemaldan ýasalypdyr. Dört aýakly jandaryň arasynda senden gaýratlysy, senden ygtybarlysy barmyka beri!». At eýesiniň eginlerini, boýnunyň ýüzüni ysgady. Uly serdar atyň boýnundan gujaklady. Tanyş, ýakymly ys burnuna urdy. «Seniň damaryňda gana derek ot oýnaýar. Alynyň Düldüliniň, Görogly begiň Gyratynyň uçan bolmagy-da ähtimal». At pikire gulak asýan şekilde ýuwaşady, gymyldaman durdy. «Allatagala seni ýaradanda, ýazgydyň ynsana hyzmat etmek diýendir, janawar, sen Allanyň buýrugyny adamdan-da zyýat berjaý edýärsiň. Ähtimal, raýatyň-da häkimligiň önünde Alla tarapyndan ykrar edilen borjy bardyr? Goçant hanynyň buýsanjyna düşünmek islleýän adam, öňinçä şol borja boýun synmalydyr? Maslahat, geňeş borjuň alamaty däl, erkinligiň alamaty. Höküm borja boýun synýan adamlara berilýär. – Ol atynyň boýnuny has mäkem gujaklady, teniniň ýylysyny duýdy. – Janawar, men seni oz isleýän ugruma sürýärin, seniň islegiň bardyr hem öýdemok. Kejirlik edýänini duýan çagtym, ýa-da bolmasa, gyssanan çagym saňa gamçy çalmakdan-da gaýdamok, ýokuş görýäniňi-de aňýan, şonda-da meniň islegime tabyn bolmagyny talap edýerin. Ilim maňa serdar diýip ýüzlense-de, men ilime höküm edip bilemok. Hudaýlygymy sözlesem, hökümi, zorlugy ilimiň göterjegine ynamym ýok. – Ol ýene Goçant hanynyň tekepbir keşbini göz öňüne getirdi, onuň garşysynda özüni goýdy, soňra araçy hökmünde olaryň ikisine-de sowal berdi. «Eý, Goçant welaýatynyň hany, seniň hökümiňe werziş bolan raýatyň rowaçmy, ýa-da bolmasa, teke iliniň serdary, seniň erkinlige buýsanýan iliň rowaçmy? Hanyň depesinde gylyjyny syryp Nedir dur, serdaryň depesinde Allanyň täk özi». Bu sowal agyrdy. Uly serdar meniň ilim rowaç diýmedi. Belli mekany bolmadyk ile rowaç diýip bolmaz. Ile ýer-suw, dawasyz ýaýla, dynçlyk gerek, galalar gurjak, nesil osňetjek. Şuny küýsäp, iliň Müňgyşlaga bardy, döwlet tapmady, Balkana bardy, dynçlyk tapmady, Horasana geldi, oňly güne garaşýan ýok. Nediri pena edinjekmi? Nediriň penasyndan Allanyň penasy golaý. Bendäniň bendisi bolandan, Hudaýyň bendesi bolanyň ýagşy. Bu sözler erkinligiň jarnamasy, erkinlik pida bilen gazanylýar. Ähtimal, Goçant hanynyň raýaty rowaçdyr? Olaryň belli ýurdy, oturymly jaýy, gulluk edýän döwleti bar. Seniň iliň şoňa ýetip bilenok. Geçen çarşenbe güni takyrdan dyzboýy çukur gazdyryp, çukura iki kersen aýran guýdurdy Çagalar Uly serdaryň ýüzüne mölterilip garady. Olar uly adamyň aýrany ýere dökdürip, günä edýändigine geň galdylar. Söz diýmäge çekindiler. Aýran agşama çenli siňmedi. Siňenden soň-da, ýerde akjaryp ýoky galdy. Aýranyň ýoky göçüp giden obany gözläp ýören duşmana al salmalydy. Oba üç gün ozal göçen bolsa, çukury gören duşman, ýany göçülip gidilipdir diýen pikire gelmelidi. Häzir Uly serdar ýönekeý usuly ýatlap, ondan başga many gözledi. Çagalaryň göz öňünde aýrany dökdürip, günä iş etmekden çekinmediň. Oýlap tapan sähelçejik hiläň erte çagalaryň telimsini ölümden, ýesirlikden dyndarmagy ähtimal, sen şu umyda bil bagladyň. Eýsem-de bolsa, iliň ertirki rowaçlygynyň öwezine, adamlary bu gün höküme öwrenişdirmek zerurdyr? Neneňsi ýol bilen öwrenişdirjek?.. Ol maňlaýyny atynyň boýnuna diredi. At janawar gaňrylyp eýesine seretdi. Uly serdaryň göz önüne öz tiresiniň bähbidini tutuş iliň bähbidinden kem görmeýän, gaýta artyk saýyp, dawa, galmagala baş urmaga taýyn, dargursak, gyzmaç adamlar geldi. Ol tetellilere maslahat ne derkar, olary ümsüm oturtmak üçin diňe höküm zerur! «Baş bolmasa, göwre läş» diýen dana söz türkmeniň zehininden döräpdir. «Şu günlügiňi tapsaň, ertiriňi gaýgy etme». Bu söz türkmeniň häsiýetini beýan edýär. Başky pikire gulluk edilmese, iliň belli mekany-da, döwleti-de bolmaz. Uly serdar mamladygyna ynandygyça ýaýdandy. Ildeşleri bu ynama uýmalydy, oňa-da entejik mahal gerekdi. Bäş günlük berlen ömür ötüp barýardy. Sakgaldan bireýýäm ak girdi. Ol atynyň üstüne keçe atdy. At janawaryň göwni galan bolsa gerek, eýesinden ýüzüni öwürdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |