16:26 Gara ýyldyrym -12/ romanyň dowamy | |
12.
Taryhy proza
Aýhan agtygyna niýetläp ýasan ok-ýaýyna şelpe dakyp otyrka, Zyba gapydan girdi. Onuň meňzi solukdy, hereketi haýaldy, gözlerinde gorky, ätiýaç bardy Ol golaýda ýüwürden halysynyň topragyny sazlasa-da, älemine gezek gelende, dokmanyň üstüne münmäge ýaýdanyp, serem-saz bolup ýör. Juda agyr derdi bolmasa, Zybanyň halydan eli sowamaly däl-ä. Şu saparky halyny ýeke dokamagy niýet edip ýüwürtdi. «Halym garyşa ýetýänçä, dostum-da görmesin, duşmanymda». Aýhan bu aňyrdan gelýän söze uýup, derdini ýeňletmäge sebäp agtardy: topragy, älemi sazlanýan däldir, ýola düşäýýänçä gyradolawy göni saklap, çitimi dogry düşürmek hem aňsat däldir diýdi. Älemi ýaýyp, soňra göle düşer, ýola düşer, onsoň, Zybanyň dünýä bilen seri bolmaz, gam-gussany unudar. «At ýigide ganat, haly gyza» diýip, akyl aýdypdyrlar. Dünýäniň täsinligi – her kim özüne kybapdaş zada sataşýar. Ýigidiň häsiýeti atyňka kybap, gyzlaryň nepisligi halynyň nepisligine ogşaýar. Türkmen atsyz oňmaz, eýse, türkmen goşunyň halysyz weji boljakmy. Haly sallançakda çagasyny ýatyran enäniň kanagaty bir başga. Ojagyň bezegi haly düşek. Gelnalyjy baranlar gyz ýerinde dalaş bilen gelni alanlarynda, ony ilki halynyň ýa-da haly ýaran palasyň üstünde oturdýarlar. Ölen adamy tabyda goýanlarynda, haly onuň düşegini ýumşadýar. Aýal-gyzlaryň ýüreginiň Mähri, ýylysy olaryň sungatyna siňýär. Hala seredende Aýhan şol ýakymly Mähri duýardy, guwanardy. Gyz maşgalanyň meňzindäki näziklik halynyň çitimindäki sazlaşykdan misil alýar. Ýeke çitim nädogry düşse, çeper gyzyň ýüregine biz dürtülene dönýär. Senetkäriň ýagdaýyna senetkär düşünjek ekeni. Aýhan gyzyň ýüreginde dert bardygyna düşündi. – Gyzym, şu şaýymyz bijaý bolmadyk ýaly-la – Aýhan kanagatyny aýdyp oňman, iki-üç mertebe elindäki şaýyň ýüzüne, ýeňsesine syn kyldy, şelpelerden, düwmelerden ses çykdy. – Eline alyp, özüň-de seredip gör, gyzym, göwnüne ýaramasa, çekinme, aýdaý: däde, biý-ä bolmandyr diý... Aýhan «ok-ýaýy» gyzyna uzatmazdan öňinçä, onuň gyzyl çaýylan ýüzüni ýene bir öwre çäge bilen arassalady. Dädesiniň höwesi Zybanyň göwnünden turmady, onuň göwnühoşlugy bärdendi, göwnüne deglen çagany öýkesinden ýazjak bolnanda edilýän höre-köşä çalym edýärdi. Zyba gahar etmedi, gaýta dädesiniň haýpy geldi. – Özüňe ýaraýan bolsa, kemi ýokdur, däde – diýdi. – Ýo-ýok, bu sözüni kabul edemok, Zyba, görmän, syn etmän, söz diýme. Aýhan şaýy gyzynyň eline berip, umyt bilen garaşdy, gyzynyň gözlerinde-de umyt uçguny dörär öýtdi, kalbyna ýagtylyk iner öýtdi. Gyssandy, sessiz-üýnsüz garaşmaga-da takaty ýetmedi. – Okuň ortasyndaky gaşa seret, gyzym, peýkama pöwrize daşyny goýandyryn, onuň-da sebäbi, pöwrize daşyna ýeňşiň alamaty diýip düşünmeli. Patyşalaryň-da ýüzüginde şol daş bardyr. Zäher belasyndan aman saklaýan daş bolmaly. Patyşa zäherli gaba el uzatsa, pöwrize daşy reňkini üýtgeder, sap-sary bolar duruberer. Zyba keramatly daşa biperwaý garady, dädesiniň mahabatlandyryp aýdýan alamatyny duýmady. – Jigiňe niýetläp ýasadym. – Nesip etsin. Zyba şaýy yzyna uzatdy. – Jigiň kürtesine özüň dakaý. «Oky ötgür, gylyjy kesgir bolsun» diýginiň, dilegin ýerine düşer. Aýhan bu oýundan ýadady, gaýdyp geplemedi, işine gümra boldy, şelpe dakmasyny dowam etdi. Zyba oturan ýerinden dädesiniň elindäki nepis şaýa gaýtadan syn etdi. Kirşine peýkam salnan goşa ýaýyň gyrasyny hakyk daşy bezeýärdi. Ol daşda köräp ýanýan oduň alamaty bardy. Gaşlaryň arasyna çyzylan nagyşlar çägäniň üstünde galan ýylan yzlaryny ýatlatdy. Zybanyň ini tikenekläp gitdi. Gorky bilen iç bosaga, tärimiň düýplerine esewan boldy. Özüne tarap süýşüp gelýän ýylany görmese-de, garaz, ynjalyp bilmedi. Aýylganç düýş göreli bäri, sessiz bela ony aňtap ýördi. Gözüne ilýän gara bolmasa-da, biriniň eýmendiriji ýakynlygyny, mahal-mahal onuň dem alşyny-da eşidýärdi. Ol ümsümlikden gorkdy. Körüge ýel berip, sözen kömrüni gyzardasy geldi. Dym-gyzyl odun kümşi, altyny eredişi täsindi. Tenekar sepilende üreden saýlanan erginiň ýyldyrym ýaly arassalygy hemişe Zybany haýran ederdi. Ergin galyba guýlanda, her damjada üýtgeşik şöhle görerdi, älemgoşar damja öwrülip dökülýär diýäýmelidi. Ýumruk ýaly gyzka-da, dädesiniň işleýşine seretmek, oňa gurjak oýnundan lezzetlidi. Dädesi oňa sanawaç öwrederdi. Bir diýenim bit, Iki diýenim it, Üç diýenim üşwi, Dört diýenim törpi, Bäş diýenim meşik, Alty diýenim aşyk, Ýedi diýenim ýorgan, Sekiz diýenim sargan, Dokuz diýenim dolak, On diýenim orak. Dädesinden öwrenenini ejesine aýdyp bererdi, ejesi bagryna basardy. «Akylly gyzym, menikli gyzym, dili suwara gyzym» diýerdi. – Däde, bi zat näme? Zyba dädesiniň gurallarynyň arasynda ýatan, tüýdüge meňzedilip ýasalan garyş boýly, içi deşik kümşi usul bilen eline aldy. – Adamyň tenine batan peýkamy çykaranda gerek ol. Zyba tisginip, elindäkini zyňyp goýberdi. Aýhan gyzynyň bolşuny görmezlige saldy. – Iliň derdine ýaraýan zatdyr ol, ajaly ýetmedik bende allanäme sebäp bolup dur. Dädem pahyr ýasap başlapdy, il-günden alkyş köküni alan adamdy bende. Zybanyň howsalasy artdy, ýene Göroglynyň ölümi onuň elini-aýagyny baglady. Nobat ölüm kyssasyny aýdanda, ony daş gözenekde diňläp oturan Zyba kellesi alnan Göroglynyň ornunda Eşredi görüpdi. Häzir ýene göründi. Bu sapar Eşrediň bedenine ýüz ýerden atylýan peýkam batdy. Eşretden derek bolmasa, maňa ynjalyk ýokdur diýdi. Göze görünmeýän zadyň ony aňtap ýörmesinde, megerem, erbetligiň nyşany bardyr, ol zat pursata garaşýandyr, aýylganç habar aýtjakdyr. – Däde, Göroglyny daga zyňyp gaýdypdyrlar, gowaga taşlapdyrlar. – Görogly beg nire taşlansa-da, hor bolmaz, gyzym. – Ony öldüripdirler, duşman kellesini alyp gidipdir. Gyzynyň gözündäki gorky Aýhany haýykdyrdy. – Sen nätakyk eşidensiň, gyzym, Göroglynyň ölenini gören ýokdur. – Däde, Nobat daýym... – Nobat daýyn duşmanyň sözüni aýdandyr. Gyzylbaşdyr ol Görogly öldi diýýän. Ölen bolsa, mazary niredemiş? Göroglynyň ölüminden nyşan ýok, ol sebäbe-de, oňa öldi diýmek hebes zatdyr. Görogly ölen bolsa, dädeň bi ok-ýaýy ýasajakmy diý, gyzym. Göroglynyň ölmändigini aňladýan degerli delil ýaly, Aýhan elindäki ýaýy ýokary galdyrdy, buýsanç bilen garap, onuň düwmesini şaňňyrdatdy. Zyba dädesiniň bolşuna düşünmedi. – Dagdan gorkýan, däde – diýdi. – Dagdan gorkmagyn, gyzym, bu daglar keremli daglardyr, bu daglarda gudrat bardyr. Daga garan adamyň göwni göteriler. Görogly begiö arzyly mesgeni dag bolupdyr. Sähradan göwresi, dagdan başy bar. Sähra çykanda, göwrümi äleme ogşapdyr, daga çykanda, depesi gök diräpdir. – Aýhan gepläp otyrka işini togtatmady, şelpeleriň ilgençegini berkitdi, başyny galdyrmady, gyzynyň oturanyny unudana meňzedi, özüne gür berýärdi. – Ozanlardan dana sözler galypdyr: otluk ýeri keýik biler. Köküz1 ýerler çemenini gulan biler, iri-iri ýollar yzyn düýe biler, ýedi dere ysyny tilki biler, gije kerwen geçdigin torgaý biler, ogluň kimdigin ene biler, är näkesin, är jomardyn ozan biler. Il-gün çalyp aýdan ozan bolsun. Ozanlaryň ýanynda Göroglynyň ölüminden dogulmasy zyýatdyr... – Däde... däde jan, ilerki gara dagdan gorkýan. Aýhan gyzynyň gözünde bimöçber hasraty hem onuň duluklaryndan syrygyp barýan ýaş damjasyny gördi. Bu ahwalat Aýhanyň göz öňüne Eşredi getirdi. Ol gyzyny köşeşdirmäge söz tapmady. Bir gün Zyba öýdäkplerden biidin Gülnäz gyrnagy alyp geldi. Ony täze ýüwürdilen dokmanyn üstünde oturtdy, damagyna esetdi. Gülnäz töňürtge kimin guran barmaklary bilen düýäniň ýuwanja ölümini2 ýalap hezil etdi. Çal içende, hyşyrdap duran çalyň zory kempiriň könelişen gözlerini dumanlatdy _______________ 1 Köküz – otluk deňiz kenary. 2 Ö:lüm – agaran, gatyk. – Alnyň-bagtyň açyk bolsun, çyragym – diýip, alkyş etdi. – Gülnäz mama, saňa ýeneki boljak işler aýandyr. Mama jan, gürrüň aramyzda pynhan galsyn. Sen özüne aýan zady aýt. Duz-çöregiň hatyrasy diýip-de, ýalandan göwnümi göterjek bolma. Ýüregimde dert bar, mama jan, asman bilen zeminiň arasynda ýer tapamok. Gözlerimden uky gaçdy. Gülnäz gyrnagyň gözleri ýiteldi. Ol gözlerin öz ýüzünden aýrylman durşy Zybany gorkuzdy. – Seniň ýüregiňde dert bardygy maňa aýan, balam, sen şo derdiň bir ujuny äşgär et. Zyba utanç bilen başyny egdi. – Sen bihabarmydyň, mama? – diýdi. Gülnäz sanaç kimin gatan elleri bilen Zybanyň gyzaran ýaňaklaryny sypady. – Aý kysmy şugla salýan ýüzüňden aýlanaýyn, balam. Ýüzüňde merhemet bar. Seniň ýüzüne garan gojalar juwanlyga dolanar, juwanlar çaga öwrüler, çagalar perişde döner. Garry mamaň seniň ýüzüňe seredip otyr, göwni sonar meýdanda aýakýalaň gezip ýör. Seniň ýüzünde bagtyň alamatyny görýen, balam. – Tyllanyň dogany dereksiz ýitdi, görgüsi ýamanyň gözi ýolda galdy. Gülnäz kempir Zybanyň derdine düşündi. – Aýralygyň derdeseri ýamandyr, ýamandyr, balam – diýdi, başyny ýaýkap, tutuş göwresi bilen yraň atdy. – Aýralygyň derdini menden sora, aýralygyň derdini seniň ejeň pahyr-da çekendir. Gara daglara ýetip bilmän, amanadyny tabşyrdy. Garry mamaň-da daglardan aşabilmän ölüp galar. Dyzymda deramat ýok, balam, Atanyýaz eşek berse, men-de eşege münüp gitsem, daglara ýetsem... – Mama jan, haly ýüwürtdim, aşygyny atdym, älemini ýaýdym, elim sowady, üstüne çökesim gelenok. Gülnäz kempir gaýra süýşüp, halynyň dokalan ýerine garady, sypalap gördi. – Aşygyň alçy gopsun, älemiň är göwni bolsun, balam – diýdi. – Işigiň ileri bakypdyr, ýagşy niýet hemraň bolsun. Her çitimine ýagşy niýetini siňdir. Göwnüň küýsäni bolar, dereksiz ýiten dolanar, halyny bejit doka. Zyba kempire ynandy, dokma ezber ýapyşdy. Hala salnan äleme umytly nazar bilen gaýtadan garady. Älem giňedi, dürli öwüşginde reňk açdy. Bahar paslynyň gülli-gülälekli sonar meýdany, guba çäge, gök asman, lälezar dünýä onuň çiten älemine sygdy duruberdi. Bu älem seniň kalbyň, Eşret, seniň ýakymly sözüň, seniň ýagşy niýetiň, Eşret!.. Ol her çitimde Eşrediň ýakymly görejini gördi, ýüreginiň ýylysyny duýdy. Şol ýylyny boýdan-başa halynyň süňňüne siňdirjegine begendi. Gyzyl reňkiň ýylysyny duýdy. Dädesi: «Adamyň damaryndan akýan gyrmyzy ganyň ýylysy-da peselmesin, akyşy-da haýallamasyn, gan dursa, jan durar» diýerdi. Gyzyl gülälekler guranda çölde ýaz gutarýar. Gyzaryp dogan Gün gyzaryp ýaşýar. Gyzaryp ýaşýandygynyň sebäbi, ol ertir ýene dogjakdygyny adamlara duýduryp gidýär diýip, Zyba pikir ederdi. Ýigitleriň dony, guşagy gyzyl, gyzlaryň ketenisi, çabydy gyzyl, gelinleriň mahmaly gyzyl. Gyzyl reňk juwanlygyň alamaty, adam garradygyça, gyzyl reňki unudýar, unudany sebäpli, garrylyk ýetişýän bolmasyn. Zyba: «Men unutman, hiç mahal unutman, garrap, gözüm görmeden galýança haly dokaryn, halynyň gyzyl reňki meniň kalbymy, süňňümi ýyladar» diýdi. Ot ojagyň bereketi. Ojakdaky oduň reňki-de gyzyl. Ajap reňkiň ýylysy Eşrediň kalbynyň ýylysyna öwrüler. Mähirden çitim ýasar, görülmedik haly dokar. Bu haly Zybanyň durmuşynyň bagt meýdany bolar, gözetmez giňişlige ýaýrar gider. Gadymdan gelýän rowaýat Zybanyň ýadyndady. Urşa gidip, ýedi ogly gurban bolan enäniň dokan halysynda diňe üç reňk bolupdyr. Naçar ene ol halyny üç ýyl dokapdyr, oňa ýüreginiň hasratyny, dünýäniň gussasyny siňdiripdir. Halyny patyşa görkezipdirler, patyşa enä ýüzlenip: «Men söweşde ýeňdim, seniň halyňda ýeňşiň şatlygyny, buýsanjyny göremok, gaýta gam-gussa batyrýar» diýipdir. Ene jogap beripdir: «Patyşa, seniň ýenşiň saňa şatlyk, guwanç getirendir, meni betbagt etdi, men ýedi oglumy ýitirdim. Bu gyzyl reňk – ýüregimiň ýarasy, gara reňk – gözýaşym – hasratym, ak reňk – eneleriň buýsanjy». Patyşa enäniň gözüni oýdurýar, batyl ene täsin sungatyny gyzyna öwredýär. Zyba batyl eneden ötünç sorady. Zybanyň dokajak halysyny görenler gam-gussany unudarlar, onuň ýagşy niýetinden, arzuwyndan adamlaryň kalby kanagat tapar. Ol ilkinji halyny dokan aýaly özüne meňzetdi. Ilkinji daragyny kakanda, onuň-da kalbynda ýagşy niýet bolupdyr. Gapdalynda aşyk oýnap oturan çagasyny unutmandyr, onuň aşygyny hala çitipdir. Soňra älemi ýatlapdyr. Ýagty älem dursa, il-gün, dogan-garyndaş, dost-ýar, ene-ata, ogul-gyz durar. Adamyň kalby älemiň giňligine ogşasa, alys meýdan ýakyn bolar, dertler dep bolar, il-gün rowaç bolar. Bu ýagşy niýeti, ynanjy ilkinji daragyň sesi töwerege, älem-jahana aýan edendir. Daragyň sesi bada-bat ýiten-de bolsa, daragyň yzy täsin nagyşlarda galypdyr. Zyba dokmanyň aýagujunda Eşrediň güler ýüzüni gördi. Entek olar bilen arada eriş çekilen meýdan ýatyr. Şol meýdana Zyba arzuwyny ýazmalydy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |