16:32 Gara ýyldyrym -13/ romanyň dowamy | |
13.
Taryhy proza
Zybanyň bir eli dakymy¹, beýleki eli kesera tutdy. Halyny täk özi dokajakdy, pynhan syryna, guwanjyna başgany şärikli edesi gelmedi. Arzuwyny owuz süýdi kimin näzik gördi, bölünmeginden gorkdy. Älem diýlende, Zyba parahat, imisala dünýäni küýseýärdi. Älemiň rahatlygyny saklaýan goçaklar. Goçaklaryň başy dik bolsun, oklary ötgür, gylyçlary kesgir bolsun. Siziň başynyzyň aman ýagdaýynda, dünýäniň sapasy bolar, siziň başyňyzyň yrlan çagy, il-günüň haly harap. Zyba halysynyň ýüzüne düşen goçaklaryň gelşikli hataryna gaýta-gaýta syn etdi, guwandy. Soňra hantozy çitdi. Golaýda bu meýdandan han geçip gidipdir, han ýeke geçmez, gapdalynyň leşgeri bilen geçer. Olaryň tozany ýoluň boýunda akjaryp görünýär. Zyba henize bu güne han diýlen adamy görenok. Öz ilinde han ýokdy, uly serdar diýip, akylly adamyň gürrüňini edýärdiler, ony-da gözi bilen görmändi. Ol Goçandyň hanyna al salypdyr, hanyň atlylaryny tekeleriň mekanyna getirmändir diýýärdiler. Hanyň ýaman niýeti barmyş, ýurdy talaňçylyga salyp, ili gul-gyrnaga özürmegiň hyýalyndamyş. Zyba gulpaklyja gyzka, obanyň ala basgy bolup, guýyny taşlap gidenini bilýär. Gumuň jümmüşine uruldy, sazakly meýdana siňildi. Iki gün öý dikmän, ot ýakman, gün görüldi. Ulular ýagynyň ýoly sowa geçsin diýip, Hudaýa ýalbardylar, çagalar oýundan, şagalaňdan bizar, möjegiň ysyny alan çebşek ýaly, gorkuly gözlerini petredip oturyşlaryna, üsgürmäge, asgyrmaga çekindiler. Zol-zol bir hanyň ady tutulýardy, Zybanyň ýadyndan çykanok. Şol hanyň ady Şirgazy bolmaly. Hywa tarapdan ýagy döküldi diýýärdiler. Eşrediň garry enesi adamlary köşeşdirjek bolýardy: «Ýagşy-da geçýändir, ýaman-da geçýändir, bu-da geçer». Zyba: «Hanyň ýoly parahat iliň üstünden sowaşyk geçewersin – diýdi. – Gapdaldan düşsün, tozy görünse-de, özi görünmesin, zory düşmesin!». Erikgül. Bu nagyş baharyň, bag-bakjanyň, lälezarlygyň alamaty. Gök şahada enaýy ak güller. Zyba diňe hala çitýän güllerini görýärdi, erik agajynyň gülüni görmändi. Ol agaç sazakdan-da bitginli diýýärdiler. Eşret erik agajyny Orazlaryň obasynda görüpdir: «Şahasynda hiňňillik uçýarlar» diýdi. Zybanyň ejesi halydaky erik gülüne syn edende, dymardy, wagtal-wagtal gaýgyly başyny galdyrman, gözýaşa boglardy. «Gapymyzda ullakan erik agajy bardy, atam ekipdir. Ol agaç heniz-de durandyr, haýp, men görmäge zar bolaýdym» diýerdi, Ejesi ölmezinden öňinçä-de, erik agajyny ýatlady. «Gapymyzdaky erik agajy düýşüme giripdir. Uly şahasyny çapypdyrlar, ýerde ýatyr. Galdyrjak bolýan, gymyldadyp bilemok». Zyba aglady. Özüniň ýalňyzdygyny, hatda Eşrediň dereksiz ýitmesini-de, ejesiniň ölümine ýöňkedi. Ejesi gezip ýören bolsa, beýle betbagtlyk başyna düşmejek ýaly. Zyba, ýagşy niýet nire, seniň ajy gözýaşyň nire?! Ol gözýaşyň daman ýerini sypady, gözýaş çitime siňmesin diýdi. Eregiň güli solmasyn, bahar pasly sowulmasyn diýdi. Erik gülüne öňki owadanlyk, öňki nepislik dolandy, kalby giňedi. Bahar pasly, ýagmyr bol ýaganda, çölüň görki üýtgeýär. Ak-ýaşyl keşde bilen bezelen gyzyl çyrpyny başyna atynan gelin kysmy, mylaýym, salykatly görünýär. Adam-garanyň, mal-halyň dünýäsine rahatlyk aralaşýar. Kaklar ýagyş suwundan dolýar, bulanyk suw kem-kem durlanýar. Suwuň ýüzüne asmandaky ak bulutlaryň şekili düşýär. Guşlaryň jürküldisi eşidilýär, mollatorgaý saýraýar. Bir gezek kak suwuna durna gonýar diýdiler. Zyba durnalary görmäge gitdi. Telim aňňat geçmelidi, hiç kime duýdurman ýeke gitdi. Çopantelpekler baş atdy, gülälekler gol bulady. Zybanyň dünýäsine saryýagyň ýumşaklygy aralaşdy. Her çöpüň gapdalyndan geçen-de söz gatdy: «Peşmek gezegen, yslyja bozagan! Sözeniň ody çogly, dänesiniň ujy togly. Gyşy-tomsy gökje borjak, oturyber, ýanyňa barjak. Akja siňren, şahalaryndan aýlanaýyn, çopanyň geregi sen, goýunyň höregi sen!..». Zyba takyrda köl döreden kak suwunyň gyrasynda oturan topar durnany gördi. Guşlaryň rahatlygy, näzikligi haýran etdi. Olaryn durkunda hala çitilýän guşlaryň nepisligi bar. Olaryn oturyşyny, ýörişini synlady, uçaryna garaşdy. Gün ikindi bolýança köle garap oturdy. Günüň gyzgylt şöhlesi kölüň bilinden täsin ýol ýasady. Durnalar altyn çaýylan ýoldan bihabardylar. Wah, olar uzyn, näzik aýaklaryny kümüş reňk suwa batyryp, şol altyn ýodadan Zyba tarap ýöräp gaýtsadylar!.. Etmediler. Inçe boýunlaryna bat berip, uzyn aýaklaryny sallap uçup gitdiler, bir bada suwuň, çölüň, baharyň görki asmana göterlen ýaly boldy. Olar boguk ses bilen gurruldaşyp, kölüň gyrasynda galan Zyba habar gatdylar. Zyba: «Gölüň içindäki guşlar, asyl, siz ekeniňiz» diýdi. Durnalar äwmän, hatar tutup, açyk asmana garylyp gitdiler. Göldäki ganat ýaýyp uçup barýan durnalar kölden göterilen durnalaryň şekilidi, Zyba indi başga guşy göz önüne-de getirip bilenokdy. Topragyny kakyp, älem goşdum, gyra syryp, gölçä düşdüm. Zyba lälezar kölüň ýakasyndaky salkyn howany, asudalygy halynyň ýüzüne çitmelidi, seredenler bagt mekanyny görmelidiler. Ol mekandaky suw-da, sonar meýdan-da, hatar durnalar-da Zybanyň nesibesidi. Zyba bu sapaly mekany Eşrede bagyş etjekdi. Bahar çöle gül ýaýdy, Zyba hala gül ýaýdy. Atanyýazyň tiresi obany nowruz ýarma çagyrdy. Mähri Zyba bilen gitsem diýdi, Zybanyň göwünsizligini aňanda ýalbarmaga oturdy. – Sähedi bellenen gyzmy sen, Zyba jan, heläk bolup oturma, gözüň köküni gyrdyň, daş çyk, göwnüň açylar. Ýylyň sylagy diýlip berilýän tagamdan datmaly bolar. Arzuw-hyýalyňy gursagyňda saklamagyn, aýdylýan ýerinde aýtgyn, Alla jan eşider. Ýyl anjaýyn gelsin diý, dawadan-jenjelden il-günüň gulagy dynç bolsun diý. Ýyl aňyrdan gelende: «Hut-put, gowy gelsem, gazan süýt, erbet gelsem kellebaşaýak üt» diýermiş. – Mähri ýeňňe, özüň gidäýsene, gülýaýdymy şu gün gutaraýyn diýdim, göwün etdim. – Göwün diýeniň bolsun, Zyba jan, seniň göwnüň synandan albassynyň boýny synsyn. Agşamlyk Atanyýazyň inisi Annanyýazyň öýünde gyzlar monjuk atdy. Mähri erkine goýman, Zybany ýalyp gitdi. Bu oýna juda çyndan çemeleşip, tolgunýan gyzlaryň gapdalynda tomaşa, hezillik küýsäp, bigam duran gelinleri synlan adam şeýle pikire gelmelidi: olaryň kör düýesi köprüden geçeni sebäpli arkaýyn. Bagtyňy barlamak, maňlaýyndan kimiň çykjagyny bilmek höwesi uly gyzlaryň paýy. Tolgunýanlaryň biri-de Zyba. Gap duldaky bugdaýny çuwala ýaplanyp durşuna, elindeki gök monjugy mäkäm gysymyna gysýar, ýaýdanýar, bagtyny synap görmäge ýaýdanýar. Monjugatdynyň bijeden tapawudy ýok. Zybanyň häzirki ynanjyna göre, ol ykbal bijesini oýnamalydy. Taýlagyň aýaly Şabibi keýerjekläp, çapyşyga goýberiljek ata meözeýärdi. Eýýäm orta çykypdyr. Gara tabagy elinde oýnadyp, başlanmadyk oýna gyzyk berýär. – Monjugyňyz meňzeş bolmasyn-u, monjugyňyzy tanaň, karam bolmasyn. Goç ýigit çyksa, deň dawagär bolup durmaň, enesi ýalamadyklar. Bir ýigidi bölekläp bilmen, özüňizi goşalandyrar berer goýbererin, he-he-he... Zyba Şabibiniň çakyr gülküsini çekreýän geçiniň sesine meňzetdi. Asyl-ha, bu aýalyň durkunda geçä çalymdaşlyk bar. Eňegi çüri, ýüzi pyçagyň ýüzi ýaly inçe. Hamy kakadylana çalym edýär, emer-damara. Şähti welin açyk, gaýratly. Bir ýagdaýyndan mysal tutaýmaly. Çaga dogurany bilen halymsyrap, ýorganda ýatan aýal däl. Göwüsleri gurruk guýa dönse-de, ugur tapýar, çagany eltisiniň etegine taşlap, gaýrat et diýýär. Üç çagasyny eltisi emdirendir. Ol erkege meňzeş. Darsdabanlygyny göreninde, inçe boýnuna agram salýan äpet topbusy, her silkilende, ýeňsä gaýdaýjak ýaly görünse-de, gaýdanok. Onuň garamyga çalymdaş göreçlerinde durkuna gelişmeýän mähir oýnaklaýar. Gyzlar Şabibä monjuk berip başladylar. Şabibi hem monjugy alyp, ony öýdäkilere görkezýärdi, kimiň monjuk berendigini şaňňy sesi bilen iki öwre gygyryp aýdýardy. Utanjaň gyzlary gyssaýardy. – Monjugy bejit ber. Ýüregiňizdäkini gözüňiz aýdyp dur, arkaýyn oýnaň, gyzlar. Nurýagdy görgülä heleý tapylypdyr, düýn guda bolup geldiler, şoňa heleý tapylansoň, size ýigit tapylmazmy! Şabibi Zybanyň gök monjugyny alyp: – Zybagözel janyňky geň monjuk – diýip gygyrdy. – Ýaýdanma, Zyba jan, seniň bagtyňy öz elim bilenjik düzederin. Golaý duranlaryň biri: – Allanyň özi düzedewersin – diýdi. Zyba kimiň diýenini anyklajak bolmady, ol biraz arkaýynlaşypdy. Monjugyny berip, öz-özüni köşeşdiripdi: oýny oýun ýaly görerler, özümi horlap durmaýyn-la. Şabibi monjuklary ýygnap, orta geçdi, gyzyşdy. Elindäki tabagy ikiýana çaýkandyryp, öňe-yza hallan atyp, sesini süýkdürip, monjugatdynyň sözlerini sarnamaga durdy. Nowruz geldi bu gije, Bije atarlar, bije... Ol sanawaç aýdyp durka, gözlerini ýumýardy. Bu bolşy onuň yhlasyna syrly many berýärdi. Zyba ýene tolgunyp ugrady. Oýun hakyky göründi. Ol dokap oturan halysyny küýsedi, oňa ýakymly geljek halysynyň başynda garaşýardy, bu ýerde ätiýajy artdy. Monjugyny berendei soň, çykyp gitmäniň ebeteýini tapmady. Mähriden haraý isledi. – Gideli-le. – Goýaweri, Zyba jan, hezillik indi bar. Mähri tomaşa maýyl boldy. Şabibi sanawajy gutaryp, tabaga el urdy. – Gara monjuk – diýip gygyrdy. Içerdäkiler şowhun, gülki bilen Muhammet mergeniň uly gyzy Amanbibä garadylar. Amanbibi utanjyndan ýüzüni tutdy, eginlerini silkip güldi. Zyba oňa näme diýlenini eşitmändi, ýöne şowhundan, gülküden çen tutup, erbet zat aýdylmandygyny aňdy. Amanbibä gözi gitdi, ol sag-aman gezegini geçirdi diýdi. Şabibi: – Amanbibi jan – diýip gygyrdy. – Ataňdan saňa ýetjek paý – gotur itiň kellesi. Beriljeg-ä itiň kellesi, ol hazan urmuş-da gotur bolaýmalymy diý-le. Herki zadyň manysy bar, Amanbibi, ýasy ýanyň ýerde bolsun, it adama wepaly haýwan. Saňa sataşjak ýigidiň wepasy zor bolsa gerek. Kel çykaýsa, gatyrganmagyn, Amanbibi jan, kellik adam öldürýärmi. Gyz eli gyzyl güldür, sypasaň, ýylmanar gider. Şowhun bilen Şabibiniň aýdany oňlandy. Amanbibiden sowuldylar. Ýene gapdaldan aýdylan söz Zybanyň gulagyna ýetdi. – Naçar maşgalalaryň görjek güni gowy bolawersin, Hudaý. Zyba Mährini gyssady. – Gideli-le, Mähri ýeňňe. – Monjugyňy goýup gitseň bolmaz-a. Zyba bialaç garaşdy. Şabibiniň sözi, hereketi juda uzak bolup göründi. – Akdyr bilegim, oglan, Köpdür dilegim oglan, Menden başga ýar diýseň, Ýansyn ýüregiň, oglan. Şabibi bu aýdanyny az gördi. Elini tabaga sokup, monjuk çykaryp durka-da, sanawajyny dowam etdi: – Suwa gitdim tas bilen, Ýar söýdüm höwes bilen, Bizi ýardan aýranyň Güni geçsin ýas bilen. Şabibi monjugy çykardy. – Gök monjuk! Birdenkä ol dili tutulan ýaly ýuwdunyp, Zyba garady. Onuň bolşunda eden günäsine akyl ýetiren adamyň ýöwsellngi bardy, ol Zybadan ötünç soramaga çemeleşýän ýalydy. Onuň bolşundan many aňan töwerek şowhun turuzmaga howlukmady. Zyba aljyrady: «Hemme zat bulara aýanmyka?» diýdi. Ol Eşret bilen bagly pynhan syryny ýüreginiň çuňunda gizlemäge çalyşdy, bilmesinler, asmasynlar. Ýüzi lap-lap ýandy, ýanýandygyna-da has kejigdi. Şabibiniň ornunda jadygöýi gördi. Şabibi: – Ak bilekli gyzy ýardan aýryp bolarmy, heý – diýip gygyrdy. Ol oýna önki şowhuny dolap getirjek bolýardy. Emma hine sümlen ýylan kysmy howsala adamlaryň kalbyna sümdi, ara sowuklyk düşdi. Şol agşam Zyba bilen Eşrediň arasyndaky pynhan syry aňýanlar artdy. Zyba oýny taşlap gaýtdy, sarç mal ýaly yzyna garaman öýlerine tutdurdy. Söbügini basyp gelýän Mähriniň höre-köşesine-de gulak gabartmady. Mähri görgüli özüide ýazyk duýandyr, Zybany özüm alyp geldim diýýändir. Zybanyň oňa-da nebsi agyrdy. Perzende ýüzi düşmedik, ýarym göwün garamaňlaýyň hemişe garamata ýakyndygyna nebsi agyrdy. Emmaki, Mähriniň çaga esewançylyk edýän ýaly, öz yzynda sepil bolup ýörşi Zyba ýaranokdy, gaharyny getirdi. – Zyba jan, oýun oýundyr, çyndyr öýtme. Zyba jan, Allanyň öňünde ýazygyň ýok, sen bir entek çaga... Eneň-atan päkize adamlar, seni Hudaý ýalkamaly. Bagtyň açylar, aýralyk ýüzüni görmersiň, Zyba jan. – Ýeňňe, ýüregime düşdüň-le halys! Zyba öýe kürsäp urdy, gapyny batly ýapdy. Mähri gapy maňlaýyna degen ýaly daş bosagada nalaç togtady. Zyba ojakda sözen otlady. Oduň ýagtysy äleme, erik güle, gülýaýda öwüşgin berdi. Zybanyň biraz ýüregi giňedi. Ol durnaly köli göz öňüne getirdi. Bu kölden hiç kimiň habary ýokdur, ony Şabibi-de bilýän däldir. Ol Zybanyň täk özüne aýan. Pynhan syryna guwandy, ony adamlardan, dünýäden gabandy. «Göle düşdüm, ýola düşdüm». Entek hala çitilmedik göl Zyba Gün kimin tegelenip göründi. Ol lälezar, sapaly mesgene guwandy. Pynhan mesgeniniň bardygyna şükür etdi. Şol bolmasa, ýaşaman diýdi. Argajyny, dakymyny taýynlady. Ak çitimde ak suw gördi, narynç reňkli çitim – suwa düşýän gyzgylt gün şöhlesi. Hatar durna köle gonýar. Olaryň ýetim guşdan habary ýok. Ýetim guşjagaz çilçybygyň aňyrsynda otyr. Ýetim guş, seniň derdiň näme? Ganatyňy gyrdylarmy, aýagyňy döwdülermi, sen haýsy sürüden galan ýalňyz guş?! Ýaryňdan jyda düşen naçaryň ýürek nalyşyny ýat ülkede goly bagly oturan aşygyna ýetirmäge barýan guş-a dälsiň-dä sen? Dem-dynjyny alyp, nepesiňi durlamak üçin gonduňmy? Kölüň ýaraşygy guş, asmanyň gelşigi guş, baharyň buşlukçysy guş, sen gapdalyndaky hatar guşlardan haçan azaşdyň? Ýekelik Hudaýa ýagşy diýseler-de, asmana galan bürgüt ýekedir, uzak ýola ugradylan çapar ýekedir, söýginiň derdinden dübläp, çöle çykan Mežnun ýekedir. Seniň ýekeligiň il haýryna bolsun, guş! Meniň ýekedigimi Eşrete ýetir. Gül mesgeniň taýýar diý, Zybanyň gözi ýolda diý. Dolanmasaň, gül mekanyňa hazan ýeli çalar diý. Ýetimje guşum, düşbüje guşum, sen dolanyp gelýänçeň, hatar guşlary uçurman, olar meniň kölümde saňa garaşarlar... Zyba gözünden ýaş akýandygyny duýanokdy. Onuň kalbyna täsin ýeňillik aralaşypdy. Ol ýetim guşuň uçjakdygyna ynanýardy. Halymy kesen günüm, ol gaýdyp geler diýdi. Zyba dünýäni unutdy. Uzakly gün dokmanyň üstünden düşmedi. Öýüň gapysy hemişe jebis ýapykdy. Gapydan Mähri barsa-da, goşanç gördi, usurgap ýykylsa-da, işdä bilen saçaga el uzatmady. Ahyrsoňy Aýhan bilen Mähriniň maslahaty birikdi: Zybany Duruna gelen Gök işanyň huzuryna alyp barmaly diýdiler. _______________ 1 Dakym – çitime taýýarlanan ýüp. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |