16:36 Gara ýyldyrym -14/ romanyň dowamy | |
14.
Taryhy proza
Durunyň gündogarynda, mazarystandan biraz üzňe oturan jaýlara ýetip, alaşasyndan düşen Aýhany, ak selleli, gözleri mele, gara sakgal, agajet adam garşylady, adynyň Reşitdigini aýtdy. Gök işanyň ýanyna barylmazdan öňinçä, Aýhanyň eline suw akytdylar. Soňra biri-birine meňzeş üç-dört sany pessejik pagsa tamyň kybla taýyndakysyna ýöneldiler. Ol jaý maldan-haldan, otdan-ojakdan biraz üzňedi, gapdalynda topbajyk bagy bardy. Gülüni döküp, ýapragyny ýaýyp oturan goşa erik agajyiyň astynda ýaýbaň seki ýasapdyrlar. Aýhan bosagadan ätläp, salam beren-de bolsa, birbada garaňky otagyň içinde hiç zat aňşyryp bilmedi. Reşit ony gapa golaý oturtdy, özi-de iki ädim ileri geçip oturdy. Tamyň içi salkyndy, ýöne deriň agyryljyk ysy bildirdi. Aýhan düýpde, galyň körpençäniň üstünde çöke düşüp oturan adamy kem-kem saýgardy. Egninde agarçäkmeni, başynda gök selle. Sakgal-murtunyň gürlüginden agzyny-burnuny aňşyrar ýaly däl. Tamyň böwründäki ýelöwser deşikden düşýän ýagty düýbe oňly ýetenokdy. Gök işan Aýhanyn taýpasy, tiresi bilen gyzyklanmady, nireden, nähili gelendigini-de soramady. Reşit: – Derdiňizi işan aga aýdyp oturyň – diýdi. Aýhan juda seresaplyk bilen Zybanyň gürrüňini etdi. Esasan ukusynyň gaçandygyny, işdäsinin ýokdugyny, gijesi-gündizi dokmanyň üstünden düşmän oturandygyny, töwerekden, gepden-sözden bizardygyny aýtdy. Gyzynyň samyrdysynyň artandygyny aýtmakdan saklandy, ýogsa, ony şu ýagdaý aşa biynjalyk edýärdi. Mähriniň eşidişine göre, Zyba mahal-mahal Eşrediň adyny tutýarmyş. Şeýle-de bolsa, Aýhan gyzynyň derdini diňe pynhan duýgynyň ýetirýän zeperinden görmedi. Eger gyzynyň ähli derdi söýginiň hunabasy bolsady, il söküp, işanyň gözlegine çykjakmy. Söýgi hesretine molla-işan neýlesin? Eşrediň dereksiz ýitmegi, ähtimal, Zybanyň derdini agyrlaşdyrandyr. Garaşmaly, sabyr edeli diýenine görä, aýralyk pursadynyň soňy kesgitli bolsady. Eşrediň çykjagy-çykmajagy gümana. Eýsem-de bolsa, gyzynyň kalbyna sähelçe giňlik aralaşsa ganymat boljak. Aýhan şol giňligi küýsäp gelipdi. Mähriniň ündewine ynanyp, Gök işanyň keramatyndan hemaýat isläp gelipdi. Zybanyň kalbyna giňlik, kanagat aralaşmadyk ýagdaýynda, ondan her şumluga garaşybermeli bolar. Dert gursun, dert! Gök işan Aýhanyň gysga düşündirişini diňländen soň hem geplemedi, başyny-da galdyrmady. Daşarda eşek aňňyrdy, it üýrdi. Ýene bir dertli bende geläýdimikä? Işan howluksa gerek, Aýhany uzak eglemez, belli jogabyny aýdar. Aýhan bisabyrdy, ýagty daşaryny, tämiz howany küýsedi. Reşit dillendi. – Siziň gyzyňyzyň agyr derde ulaşmagy, elbetde, Allanyň buýrugy birle bolýan ahwalat. Birniçe halatda bendesiniň günä işi dertliniň derdiniň agyrlaşmagyna sebäp-de bolup biler. Haýsydyr bir sebäp size aýan bolsa, çekinmän, gizlemän işan aga aýan ediň. Allatagalanyň keramaty birle, onsuz-da işan aga hemme zat aýandyr. Olar siziň çyn sözüňizi öz diliňizden eşitmegi towakga edýär. Gök işan çalarak baş atdy, Reşidin talabynyň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigini duýdurýan dek, gabak astyndan Aýhana ýiti seretdi. Aýhan aljyrady. Syryny gizlese, günäsi ýüzüne basylaýjak ýaly, çykgynsyz derde galdy. Gyzynyň ykbaly işanyň keramatyna däl-de, özüniň ynsabyna bagly boldy galyberdi. Aýhanyň ynanjyna görä, Zybanyň derdiniň düýp sebäbi Eşret däldi, başgady. Şondan habar berdi. Zyba Hajaryň göwresindekä, Atanyýazyň inisi Annanyýaz ýomutlaryň atabaý taýpasyndan çopan oglany öldürdi. Balkandan gaýdylsa-da, Gyzylarbada ýetilmändi. Hywa ýoluna golaýlaşmagy ätiýaçly görlüp, Depeli diýlen guýynyň töwereginde ýazlagy geçirmek makul bilnipdi. Alagadan, atabaýlar köne guýa eýe çykdylar. Bagaja obasynyň adamlaryna göteriliň, bu guýy ata-baba biziňki diýdiler. Geňeşe-maslahata pursat bermediler, günübirin üç sürini örä kowdular. Annanyýazyň gany depesine uran bolmaga çemeli, agzyna hapa söz alypdyr. Iki çopan taýak göterip topulýar. Atyň üstünde bili gylyçly oturan adam özüni rüstem saýýar, bir çopanyň maňlaýyndan gylyjy salýar. Bu wakany Aýhan gözi bilen görmedik-de bolsa, kimiň günäkärdigini seljerip durmaga sabyr-takat dilmejegini bilýärdi. Adam gany dökülen ýerde söz gutarýardy. Jan beren tarap jan talap etmelidi. Atanyýaz hun meselesini gozgady, çopanyň tarapdarlary gan talap etdi. Olar at-ýaraglaryny ykjamlapdyrlar diýen habar obany heýjana getirdi. Gaýtawul bermäge dyzmaç ýigitler tapylsa-da, her kim çaknyşygyň ula sapylaryndan ätiýaçlydy. Guýy bada-bat taşlanyp gidilse-de, arkaýynlyk bolmady. Ýene göçi täzelediler. Obanyň gonan goly arly tarapa aýan bolýardy. Amatly pursady aňtap, bimahal-nämahad görünýen atlylar hakda aýdylýan gorkuly gürrüňler betbagtlygyň gutulgysyzdygyny ula-kiçä birzeýilli ýatladyp durdy. Bir gije il ýatyp, it uklanda oba inen güpürdi ýatanlaryň kellesine urlan ýaly etdi. Aýal, oglan-uşak aýylganç gorky bilen biri-birine ýelmeşdi. Hajar gapa topulan Aýhana ýapyşdy: «Çykmaweri, çykma!» diýip özelendi. Dyzynyň kuwwaty agralan göwreni galdyryp bilmese-de, ýatan ýerinden äriniň aýagyndan çekdi, goýbermedi. Onuň haýykdyryjy sesi heniz-de Aýhanyň gulagyndan gidenok. «Ganym oky saňa degmesin, maňa degsin. Bala-çagamyň penasy, daýan! Bosagadan aňry ätleme! Ajalyň aty ýüwrük, daýan! Öý öwlüýädir, penasynda saklar, çykma, çykma!». At toýnagynyň güpürdisi öýleriň ileri ýakasyny syryp geçdi gitdi. Atlylaryň kimdigini anyk bilen bolmady. Hajar süňňüniň saňňyldysyny saklap bilmän, kepän dodaklaryny ýalap, öwran-öwran suw diledi. Agyr kemsinme çydamadyk naçar ýaly, ajy gözýaş döküp aglady, ony köşeşdirip bilmediler. «Bu dowzah ýalançyda önelge nämä gerekdi, dädesi!» diýip zarlady. Çopan oglanyň hossarlary ýaşulularyň töwellasyna gulak asdylar. Atanyýaz hun töledi. Aý geçip-geçmän Zyba dünýä indi. Aýhan hekaýatyny uzaga çekdirenini aňsa-da, öz pikirini aýtmasa oňmady. – Her kim rysgaly bilen dünýe inýär – diýdi. – Ýeriň ýüzi giň, her adamynyň özüne nesip ýeri, jaýy bolmaly diýip düşünýän. Ýeriň, ýurduň sebäbine dawa-jeň turýan bolsa, ol Allatagalanyň ýaradan ýalançysynyň darlygy zerarly diýip düşünmek nädogry bolardy. Adamlar birek-biregiň ýagdaýyna düşünmekde adamçylyga gelişmejek emellere baş goşýarlar. Onuň-da hasyly goh-galmagal, dawa-jeň, ölüm-ýitim. Şu nogsanlar, eýsem-de bolsa, enesiniň göwresinde ýatan çaganyň ýüreginde dert goýup biler diýjek. Meniň öte geçýän bolmagym-da ähtimaldyr, günämi ötersiňiz, işan aga. Reşit aşaklyk bilen duýdurdy. – Işan agany ýadatmaň. Gök işan iki dyzyna garap gymyldysyz otyrdy. Aýhan onuň doga okaýanyny-okamaýanyny-da aňşyryp bilmedi. Ýene it üýrdi. Işan iki aýasyny ýazyp, maňlaýynyň deňine göterdi, ýogyn, pöwheräk sesi eşidildi. – Gudraty güýçli Biribar, eý, älemni ýaratgan Alla, seniň didaryna aşyk men. «Haka aşyk bolgan bolsaň, jandan ötgül, jandan geçgeý çyn aşyklar urýan bolar». Eý, Alla, sana haýyr bilen hyzmat etmekden gaýry bähbidim ýokdur. Gök işanyň sesi pyşyrda ýazdy, onuň haýsy dilde gepleýänini aňşyryp bolmady. Elini ýüzüne syldy. – Gyzyňyzyn derdi bize aýan – diýdi. – Naçary arwahlaryň patyşasy urupdyr, gijede-gündizde naçara rahatlyk berenok. Arwahyň maňlaýynda şahy bar. Gök işan Reşide tarap gabagyny galdyrdy, Reşit gozgandy. – Arwahlaryň bet işi size aýandyr, işan aga – diýip, juda seresap gürledi. – Musulman bendelerine şah keramatdan nyşandyr. Arwah mukaddes nyşana ters many berýär, ony şeriň gara güýjüne öwürýär. Allatagalanyň gudraty birle, siziň keramatly ata-babalarymyzyň güýjüne gol ýapyp, arwahyň şahyny towlamak bize başartsa gerek, işan aga. Gök işan baş atdy. – Enşalla. Gep gutardy. Reşit Aýhany hyzmatkär ýigide tabşyrdy. – Ýaşuly, dem-dynç alyň, nahar-suwuňyza serederler. Sizi özüm ýola salaryn. Aýhan Gök işanyň ýanynda otyrka, biraz kemsinipdi, daşary çykanda-da şol ýakymsyz duýgudan sypyp bilmedi. Gyzynyň derdi bilen bagly agyr hekaýaty aýdyp berdi. Bu hekaýat olary lükgeligi bilen özüne bent eder, oýlandyrar öýdüpdi. Aýhanyň garaşany bolmady. Gür berip otyrkam, olar meni diňledilermikä beri diýen şübhä maýyl boldy. Aýhan olara telim garyn ozal bolup geçen ahwalaty aýdyp bermedi. Ol düýnki günüň ahwalatydy, ol ahwalat şu gün hem dowam edip durdy. Gohdan, galmagaldan bu adamlar bihabarmykalar? Zybany arwahlaryň patyşasy uran bolsa, tutda-baslyk, gorky arwaha hemaýat berendir. Iliň rahatlygy, agzybirligi gerekdir. Agzala il hemişe betbagtlyga ýakyn. Arwah-jyn-da betbagtlygy gözleýär. «Il aglak bolsa, doňuz depe çykar» diýipdirler, dňnuz depe çykanda arwah dek oturjakmy! Aýhan şu paýhasy Gök işandan eşidäýen bolsady, göwni bitjekdi, ony özüne ýakyn tutunjakdy. Ýakyn adam seniň derdiňi öz derdi diýip kabul edýär. Bu şübhedi. Aýhan şübheden gorkdy. Peýda küýsäp gelen gapyňa şübhe etmek musulmançylyga, umuman, adamçylyga gelişjek häsiýet däldir diýdi, bu şübhäň bilen sen Zybanyň derdini ýeňletmersiň diýdi, ýaramaz gylykdan el göter, toba et diýdi. Seniň bilen mesaýy gürrüň edip oturmaga Gök işanyň eli degýärmişmi? Özüne aýan pikiri işan aganyň dilinden eşitmänine kemsinme-de, gaýta, sen şol pikiri işan aganyň keramatyndan dören paýhas diýip bil! Aýhan özüne serenjam berse-de, donuna ýelmeşen hapany gözüň görüp durka, ýok diýip bolmaýşy ýaly, kalbyna çöken kemsinmäni inkär edip bilmedi. Agyr hekaýaty aýdyp otyrka, olar Aýhanyň çaltrak gutararyna garaşandyrlar. Ol ululardan aldanan çaga kimin başyny egdi. Reşit howlukmaç gidişi ýaly, salym geçmänke-de, daýanykly ýaş ýigit bilen eti erän kempiri yzyna tirkäp, Gök işanyň oturan jaýyna geçip gitdi. Ýaş ýigit birdenkä hahahaýlap güldi. Reşit-de, kempir-de oňa üns bermedi. Ol Aýhana tarap öwrüldi, gygyrdy. – Öwez galat sözleýär, Öweziň ogly bolmady, Öweziň aýaly güjük dogurdy. Öwez ganjyk gözläp ýör, ganjygyň süýdi gerek diýýär. – Reşit onuň elinden çekip, ýör diýdi, ýaş ýigit haýbat atdy. – Mämmediň ganjygyny ogurlasa, men Öwezi öldürerin! Öwez uýasyny guýa zyňdy, guýydan suw içmäň, guduz açarsyňyz. Aýhanyň ysgyny gaçdy. – Eý, Hudaý, beterinden saklaweri diýdi. Reşit dolanyp, Aýhanyň ýanynda biraz dyz epdi. – Il-gün uly, işan aganyň ýeke başy bar, gün dogandan gün ýaşýança gelip-gidip durlandyr. Işan aganyň başynyň saglygyny diläliň – Reşit gözüni maňlaýyna dikip doga okady, elini ýüzune syldy. – Kast eden, pes bolsun. Işan aga gol ýapyp, siz sorap iş edipsiňiz, enşalla, haýyr-da taparsyňyz. Arwah-jynlaryň gabahat oýny-y!.. Eý-weý, ony gören-de men bolaýyn, eşiden-de... ynsan balasynyň mundan çekýän hunabasy!.. – Reşit haýran galyp başyny ýaýkady. – Ýaňky ýigidi gözüňiz bilen gördüňiz, gulagyňyz bilen eşitdisiz. Işan aganyň huzuryna baran dessine ýigidiň kalby giňedi, paýhasy durlandy. Siziň-de derdiňiz dep bolar. Juma agşamy işan aga sizi kabul eder. Allanyň özi dertli bendeleriň derdini dep edewersin, bu dünýäniň goh-galmagaly çenden aşdy. Haýyr işe hormat ýok, ýaşuly. Haýwanyň alasy daşynda, ynsan alasy içinde. Keramatly işan agamyzy ýanaşdyrmajak bolýan takwa kişilere näme diýersiň, näme aýdarsyň! Işan aga seýil-syýahat küýsäp, aw-şikar küýsäp çykan adammy diý. Işan aga Allanyň gudraty birle, Gözli atadan alamat görüp gelen adam, haýyr-sahawatdan özge bähbidi ýok. Işan aganyň ýurdy Balkan dagyndan alysda. Bir gije ýatyrka, Gözli ata başujunda direnip durýar. «Oglum, Hudaýyň bendesi ezýet çekýärke, seniň başyň ýassyga ýetmeli deldir» diýýär. Işan aga sesi gulagymdan gidenok diýip otyr. Hasanaklap turdum diýýär, tursa aty taýýar, gamçysy tapýar. Aty şemaldan, gamçysy ýyldyrymdan. Aperi-in! Işan aga biziň ülke gelip düşdi. Işan agamyza hyzmat egmek biziň nesibemizde bar ekeni. Habar düşmese-de, geljegini süňňümiz syzýardy, elbetde, Gözli atanyň keramaty birle. Allatagala işan agamyzyň keramatyny-da zyýat etsin. – Ol ýene gözlerini depesine dikip, elini galdyrdy, nama okady. – Batyr kuraýşyň neslidir, Osman Zunnureýiň aslydyr, bu sözler onuň waspydyr, eý, kutubeddin, Gözli ata, senden medet! – Ol ägirt kanagat bilen elini ýüzüne syldy, soňra her sözi çeýnäp dowam etdi. – Göriplik juda ýaramaz gylykdyr, arwahyň oýnudyr, göriplik adamy gabahat etmişe maýyl edýändir. Eýsem-de bolsa, göriplikden Kebil şyh Hoja Ahmet pire batyl okuny atmadymy! Batyl oky gören-de Gözli ata, batyl oky serpikdiren-de Gözli ata. Allanyň nazaryndan nur alan, pygamberiň, dört çaryýaryň, kyrk çiltekleriň nazary düşen, Hoja Ahmet piriň patasy sineň, keramatly Gözli ata, işan agany öz penaňda gaýym sakla, barça göribiň batyl okuny serpikdir! Atan okunyň pidasy boltan Kebil şyhyň täleýi göripleriň başyndan insin! – Reşit dyzyna galyp, gözlerini süzüp durşuna gymyldamady, soňra ukudan açylyp bilmedik ýaly, birgeňsi ýagdaýda Aýhana garady. – Işan aganyň haýyr-sahawatyny gysganýanlar bar. – Gepledigiçe onuň gözleri ýiteldi, depesine garap, özüne zor saldy, ýuka dodaklarynyň gyrasynda köpük göründi. – Dagdan inen sil suwuny serpikdirip bolarmy!? Gije bilen gündiziň ornuny çalşyryp bolarmy! Dowzahy jennete öwrüp bolarmy!? – Ol gygyrdygyça ýokary ýarmaşdy, Aýhany unutdy. Köşeşip, dyzyny ependen soňra-da, Aýhana seretmedi, sowallaryna özi jogap okady, assa gepledi. – Bolar, bolar, Allanyn buýrugy birle bolar, emmaki, Allatagala öz gudratyndan dörän düzgüni üýtgetmek islänok, zerur bolsa üýtgederdi, üýtgedemok. – Onuň ýüzüne ajy ýylgyrma ýaýrady, birdenkä-de ýer ýumruklady. – Gözli atanyň-da keramaty, islegi Allanysň buýrugy birlen bolýan ýagdaý. Ony üýtgetmäge Amanberdi ahunyň güýji çatmaz, çatmaz! Reşidiň gözlerinde gahar ody ýaldyrady. Aýhan ady agzalan adamy görmändi, Tagan molladan onuň adyny eşidipdi. Tagan Amanberdi ahunyň Buhara medresesinde okandygyny buýsanç bilen aýdardy. «Ylmyň aňyrsyna ýeten adam» diýerdi. Reşit gyssandy, Aýhanyň çigninden mäkäm tutdy. – Amanberdi ahunyň ündeýän emini eşit – diýdi. – Ýaňky bendeler ahunyň ýanyna-da baran ekeni. «Aý tutulan gijesi ekilen arpanyň çöregini iýse, ogluň derdi dep bolar» diýipdir. – Reşit haha-haýlap güldi. Onuň merdem, ap-ak dişleriniň tükeldigine Aýhan haýran galdy. – Kitaba ýazylanmyş. Ters okanyň tymsaly aýylgançdyr. Deramaty gaçan kempir ol zeýilli arpany nireden tapsyn? Işan aga olaryň kalbyna giňlik saldy, enşalla, siziň-de derdiňizi dep eder. Işan aga üstüňize geldi, ilini, mekanyny taşlap gaýtdy. Dertli bendelere Balkanyň ýoly uzak, ýetip bilmän kazasy dolanlar azmy! Öz elim bilen dört bendäni jaýladym. Men-de işan aganyň kowmundan, hyzmatynda ulaldyk. Amanberdi ahun ylym eýesi, işan agamyzyň keramaty zor. Il-bende keramat küýsäp gelýär, gelýänleriň ýoluny kesmek hebesdir, bet işdir, bet işe tersokan ýüz urar. Tersokanyň sözünden gaç, dogasyndan gaç, duzundan gaç! Reşit ýene doga okady, biraz köşeşdi, guşagyna gysdyrlan ak ýaglygyny alyp ýüzüni süpürdi, reňkine geldi. Aýhan gaýtmaga rugsat sorady. – Uçuk getirmeli bolarsyňyz, eger-de gurbuňyz çatýan bolsa, şahly mal getirseňiz... iri mal, maýda mal – parhy ýok, geçi bolmasa bolýar. Işan aga sizden aklyk hantama däl. Işan aganyň keramaty – döwleti. Arwahyň şahyky towlamasak, ol beladyr, gyzyňyza ýazylganlyk bermez. Aýhan razylyk bilen baş atdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |