10:44 Gara ýyldyrym -15/ romanyň dowamy | |
15.
Taryhy proza
Uly serdaryň obasyndaky geňeş gün depä galanda başlandy. Ýagyş ýary gijeden soň diňipdi. Günortadan öwsen pessaý şemalyň ýyly demi meýdany çalykdyrdy. Asmanyň gara buludy tüýdülip, dargama bilen boldy. Bölek bulutlaryň arasyndan garaýan günüň gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi arassa hem imisala çölüň dürli reňkine täsin öwüşgin çaýdy. Asmanyň etegindäki dykyn alyp duran gara bulutlaryň gyňyr görnüşine hiç kim üns berenokdy. Gün galdygyça, olar ýumşap, soňra-da dargap gitmelidi. Öýlerden ýygnalan galyň hem owadan keçeleri daşardan ýazdylar. Keseden gelen kyrka golaý adam mertebesine, ýaşyna görä düşekden orun tapdy. Orta saçak atyldy, tabak çekildi. Ýagly gaýnatmanyň ýakymly ysy ýoldan gelenleriň işdäsini açdy. Gep-söz galdy. Hyzmat edip ýören bäş-on sany ýigit bolaýmasa, töwerek-daşda gaýmalap ýören ýokdy. Aýal, oglan-uşagyň sesi eşidilmedi. Bu ýagdaý geňeşiň dabara küýselip çagyrylmandygyny duýdurdy. Her kimiň eli, agzy nahara baglangy bolsa-da, küýi-pikiri sähelçe pursatdan başlanjak gürrüňdedi. Atanyýaz göz astyndan gabat garşysynda, düşegiň ýokary başynda oturan Uly serdary synlaýardy. Serdaryň tabakdaşy bagşynyň ýaşulusy Maýly bilen syçmazyň ýaşulusy Garahandy. Uly serdaryň nahar bilen seri ýok. Atanyýaz onuň gözlerinde gussa, agras ýüzünde alada, sünnünde ýadawlyk duýdy. Uzak gijäni ýatman geçiren bolsa gerek. Ýa-ha agyr ýagdaýdan oňaýly çykalga tapmadymyka?.. Atanyýaz Uly serdar barada il arasynda aýdylýan gürrüňleri häzir gözüniň alnynda oturan adama ýöňkäp gördi. Ol gürrüňler mesaýy äheň bilen aýdylanokdy. Aýdýan adamlar kanagatyny, yhlasyny, buýsanjyny sindirip aýdýardylar. Özlerine ynanmagy, Uly serdar babatdaky buýsanjy kabul etmegi ündeýerdiler. Olaryň Uly serdary mahabatlandyrmasy Atanyýaza ýakanokdy. Adamlaryň diline düşen özüň bolma. Haýyr iş bilen düşseň çişirýärler, arşa göterýärler, şer iş bilen düşseň, ýerin teýine sokjaklar. Atanyýaz Uly serdaryň geýminde, bolşunda parh görmedi. Başynda gara silkme, egninde garma don. Aty iliňkiden artykmyka, ýaragy iliňkiden artykmyka, döwleti iliňkiden artykmyka? Bu sowallara Atanyýazyň ýok diýip jogap beresi gelýärdi. Uly serdary öz derejesinden artdyrasy gelenokdy. Gapysynda düşek ýazylan iki öý Uly serdaryňky bolmaga çemeli. Atanyýazyň hatary iki-üç esse uzyn. Uly serdaryň ogly atasyna çekmändir, bihepbe, bidöwlet diýýärler. Hudaýa şükür, Atanyýaz ogullaryndan razy. Uly serdaryň gelni akyllymyş diýýärler. Atanyýaz esewan bolsa-da, aýal maşgala gözi düşmedi. Uly serdaryň gelni akylly bolsa, Atanyýazyň aýaly Orazsoltan akylly. Bu bäsdeşlik çaga oýny ýaly Atanyýazyň hoşuna geldi. Deňeşdirme akyla, paýhasa ýetende, Atanyýazyň böwrüne ünji gitdi. Teke iliniň ýaşululary, serdarlary ýakyndan-daşdan ýol söküp, Atanyýazyň gapysyna ýygnanmady, Uly serdaryň gapysynda otyrdylar. Hataryň başynda Uly serdar, aýagynda Atanyýaz otyrdy. Aralyk sähelçe ädimdi, eýsem-de bolsa, şol sähelçe ädimde her kimin orny bar. Eýsem, oturanlaryň her biri ornuna kaýylmyka? Atanyýaz töweregindäkileriň ýüzüňden many alyp bilmedi. Süňk gemirýän adamlar aç möjegi ýada saldy. Aýdylýan gürrüňleri zehininden geçirdigiçe, Atanyýazyň gözüne özi üçin eletmez aralykda oturan adam mahabatly, howasy belent göründi. Iki sany ejiz bende kowgudan gaçyp, Uly serdaryň obasyna özüni atypdyr. Uly serdar olary çöldäki guýylaryň birine alyp gidýär, gizleýär. Gaýdyp gelse, birgiden atly obany gyzyl dörjük edipdir, gaçgaklaryny gözläpdir. Uly serdaryň gany depesine urýar. Ýigitlerini ýygnap, kowgynyň yzyndan ýetýär, dört adamyň hununy soraýar. Kowgy geň galýar, seniň obandan adam öldürmedik diýýär. Uly serdar toslap tapan hilesini çyna berimsiz beýan edýär. Siziň güpür-tapyryňyzdan gorkusyna dört aýalyň göwresindäki çaga aýryldy, biz dört sany gerçek ogly ýitirdik diýip, iki ýesiri azat edipdir, üstesine iki adamyň hununy-da alypdyr. Bu waka ir zamanda, entek ol Uly serdar adyny almanka bolupdyr. Uly serdar hökmünde ol Goçant hanynyň ýanyna gidýär. Han onuň ilini, mekanyny soraýar. Hanyň öz bähbidi bar, iliň sanyny, oturan ýerini biljek. Ertesi goşun çekip, ýurduňy talap, tozduryp gitjek. Möjegiň güýji aýagynda, dişinde, tilkiniň güýji hilesinde. Han özüni zorduryn, mekirdirin öýdýär. Goýun derisinden äpet telpek geýen türkmen onuň gözüne goýun bolup görünýär. Tilkiniň hilesi bilen ony ýalazy meýdana çykarmaly, möjegiň dişi bilen etini çeýnemeli. Üstüne gelen adamdan özüni hatyraly saýýar, rüstem hasap edýär. Eger teke iliniň serdary goňşuçylyk goldawyny, söwda-satyk, alyş-çalyş gatnaşygyny küýsäp gelen bolsa, bu onuň ejizligini aňladýar diýen pikir hany erkine goýanok. Güýjüniň rüstemdigini bilse, goşun tartyp, ýarag çenäp gelerdi. Teke ili Horasandan mekan gözleýär. Aýagy ýer tutsa, ol seniň Goçandyňa-da, külli Horasanyňa-da ýazylganlyk bermez. Ony ejiz pursatynda dalamaly, elini-aýagyny ysmaz etmeli, goý, ol hemişe hanyň daýanjyna mätäçlik çeksin! Han Uly serdara ýüzlenip: «Çarwa il süýt-gatygy çörekden kem görýän däldir – diýýär. – Bizde çörek bol, sizde süýt-gatyk. Eger seniň iliň meniň hormatyma yşanmak isleýen bolsa, goý, ujypsyz alamat görkezsin. Her öý maňa birje gurdy sowgat ýollasyn». Uly serdar hanyň hilesine bada-bat düşünipdir. Han meniň ilimiň möçberini biljek bolýar diýipdir. Hanyň hilesiniň ýüzleýdigi onuň göwnünden turupdyr. Han Uly serdary hormat bilen ugradypdyr, yzyna gizlin on-onbäş atlyny salyp goýberipdir. Serdar bu pirimi-de aňypdyr, han meniň ilimiň oturan ýerini biljek bolýar diýipdir. Al salmaly, hanyň atlylaryny azaşdyrmaly. Olar heläkçilige uçraýan halatynda-da, tekeleriň işidir diýen pikir hanyň kellesine gelmeli däldi. Uly serdar ýanyndaky iki atly bilen gije ýol ýörep, ertesi gün doganda dagdan aşak inýär, atlara dem berýär, meşikleri suwdan doldurýar. Soňra Gäwersiň aşak tarapyndan çöle urup gidýär. Dik günortan jylawy çekip, atlary garymda gizläp, yza garasalar, gözýetimden tozan görünýär. Her ata bir okara suw berip, ýoly dowam edýärler. Ekin meýdanyny ýakalap gitmegi biamat görýärler. Çölüň jümmüşine urmaly, iň kötel ýoly saýlap tutmaly. Atlaryň yzy mesaňa mälim bildirip dur. Hanyň nökerleri bialaç kyn ýol bilen gitmeli bolarlar, azap görerler, güýçden gaçarlar. Dag ýoluna öwrenişen atlaryň aýagyna hamyr ýaly batgyn çäge duşak bolar. Gün batýança halys ysgyndan gaçarlar, göz baglanar, düşlemäge mejbur bolarlar. Uly serdar ýene bir menzil ýol geçip düşlär. Ertesi yssy düşýänçä guýa ýetip bilseler, onuň diýeni bolmaly, hilesi başa barmaly. Hanyň nökerleri günortana çenli çydamazlar, suwsuz gatap galarlar. Uly serdaryň diýeni bolýar. Han nökerleriniň baştutany galanja suwy hiç kime bermän, täk özi yza gaýdýar. Goý, gaýtsyn, ölümden başyny gutarsyn, ýoldaşlarynyň suwsuz ölendigini hana habar bersin. Uly serdar suwsuz ölenleriň ýaragyny alyp, iline gaýdyp gelýär. Hana iberilmeli gurdy ýygnamaga başlaýar. «Uly serdar Goçant hanyna gurt ýollajakmyş». Bu habar obadan oba geçýär. Hana gurt ýollanýanyny adamlar birinji gezek eşidýärler. Her kim bir söz diýýär: «Hanyň maly gyryldymyka?», «Han raýatlaryny biziň turşy gurdumyz bilen eklejekdir». Atanyýazyň öz obasyndaky Taýlak: «Goçandyň hany teke iliniň gurduny başyna ýapsynmy, biziň gurdumyz Nedirguly hana gerekdir» diýse-de, näme üçin gerek boljagyny aýdyp bilmedi, «Nedir bilen ýüzbe-ýüz bolnanda, sorap göräýmeli bolar» diýdi. Ýygnalmaly gurduň mukdaryny Uly serdaryň özi kesgitläpdi. Gurt diýeniň goýun däl, geçi däl, ujypsyz zat. Kyrk müň gurt sanly günde diklendi. Uly serdar agyr kerwen gurup, iliň sowgadyny han şäherine alyp gitdi. Getirilen ýüküň çakyndan has artykdygyny gören hanyň göwnüne şübhe gidýär. «Seniň iliňde meniň hormatym belent bolmaga çemeli, öý saýy ýeke gurt soralsa, olar ikiden-üçden beräýipdir öýdýän» diýýär. Uly serdar jogap berýär: «Her öýden bir gurt ýygnasak-da, ýygnalany tükel getirip bilmedik, han aga, sen iki gurduň gürrünini edýärsiň». Han Uly serdara ynanypdyr, gynanç bilen sorapdyr: «Seniň beýle agyr iliň barmy, serdar?». «Asmandaky ýyldyzdan, ýerdäki çörden mysal tutaýgyň, han aga». Han piriminden el çekmedi. Tekäniň mesgenini, sanyny anyklamagy tabşyryp telim ýola ynamdar adamlaryny ýollady. Olar Uly serdaryň hilesine çolaşyp, suwsuz çölüň batgyn ýollarynda çägä garyldylar gitdiler. Atanyýaz Uly serdary synlap oturyşyna onuň aladasyna raýdaşlyk bildirdi. Goçant hany keseki, onuň halky başga, ýurdy başga diýdi. Elinden gelse, ol seni basjak, iliňi talajak. Açyk duşman bilen açyk göreşse bolýar. Emma garşydaşyň özünki bolsa, şol ýeri kyn. Dag etegindäki oturan iller bilen seniň ganyň bir, diliň bir, halkyň bir. Olar bilen diňe seniň rysgalyň bir däl. Bir ojagyň başynda ösňän doganlar, soňra özbaşdak öý tutunýarlar, rysgalyňy aýralaýarlar. Ata-baba dowam edip gelýän ýörelge şeýle. Eýsem-de bolsa, doganlyk gatnaşyk kesilenok. Bardy-geldi kesiläýse, ol ýagdaýda uly ojagyň ody öçýär. Dogan bilen doganyň arasyndaky duşmançylykdan aýylganç zat ýokdur. Beg urugynyň ýaşulusy Ýusup pälwan ýel berlen meşigiň bujagyna çalym edýän barmaklarynyň ýagyny attorba meňzeş dörtgyraň, gür sakgalyna çalyp: – Bereket bersin – diýip gygyrdy, çemçäni boşan çanagyň içine taşlady. Onuň öňünde özbaşyna bir tabak goýupdylar. Bu Ýusup pälwanyň ýeketabaklygyny aňladanokdy. Damagy agyrdy. Keýpi tutan çagy bir oturyşyna bir toklyny iýýän adamdy. Damagyna görä güýji-de zordy. Bugdaýdan doly argyş çuwallaryň ikisini egnine alyp gidýär diýärdiler. Duran ýerinde, düýäniň üstündäki ýüki elini uzadyp alýardy. Dokama çuwala ýüň dykanda, köpegiň kellesi ýaly äpet ýumrugy bilen çuwalyň garnyny ýaryp bilýärdi. Ýusup pälwan töwire garaşman: – Bu mekana teke şu gün gelen däldir – diýdi. – Jeňsiz han zamanynda-da Horasanda ýaşalar ekeni. Tekäniň, Harezmiň taraplaryna gitmegine-de sebäpkär bolan Jeňňiz handyr. Harezmiň ýurdunda-da uzak ýerlän däldir, suw ýagdaýy ýaramazlaşanda, çöle tarap göteriliberendir. Bendäniň bendisi bolup ýaşamagy kyn görüpdir. Türkmeniň arasynda agzalalyk şol zamanlarda-da bolar ekeni, agzalalygyň bir ýany Harezmiň şalaryndan ýetipdir. Ýaşulular maslahaty birikdirip, şanyň huzuryna baranlar. Biz çarwa il, biziň mekanymyz Garagum çölüdir diýenler, rugsat ber, biz Garagumda mekan tutunmakçy, bizi agöýliň diý-de hasap edäýginin. Seniň ýurduňa gelýän duşman biziň üstümizden geçmäge het edip bilmez diýip aýdanlar. Şa ýaşulularyň pikirini makul bilen. Garaguma göçen türkmenler Amanşanyň ogly Döwletýary beg tutunypdyrlar. Döwletýaryň ogluna-da Aman beg diýýändirler. Wekiliň ýaşulusy Şagylyç onuň sözüni böldi. – Ýusup, töwire gezek ber – diýdi. Töwir galdyrylyp otyrka, Atanyýaz Şagylyjy synlady. Pes boýly, dykyz ýaşulynyň gaharjaňlygyna ynandy. Onuň aşaklyk bilen iki öwre Ýusuba alarylyp seredenini gördi. Bu adam hakda gürrüň edenler onuň batyrlygyny, çöl möjegi ýaly guma beletligini nygtaýardylar. Ol pälwançylykdan gaýdan adam däl. Şirgazy hanyň ilki döwürlerinde ol Hywada agöýli bolup gezipdir, Horasan tarapdan barýan galtaman, çapawul bilen garpyşyp, kellesini aldyrman gezen adam. Onuň aýaly on gyz bilen ýeke ogul dogrupdyr. Gyzynyň köpdügine namys edýärmiş. Her gezek aýaly gyz dogranda çöle çykyp gidýärmiş, on-ýigrimi günläp öýüne dolanmaýarmyş. Aýalynyň ýanadan göwreli bolanyny görýänçä, ol pakyra ýüz-de berenokmyş. Bir gezek lapykeç bolup otyrka bagşynyň ýaşulusy Maýlynyň ýanynda zeýrenindir: «Hudaý meni ogul dogurýan aýala sataşdyrmady» diýipdir. Maýly degişme salyp jogap beripdir: «Ogul dogurdyp bilmeýänini Hudaýdan görme». Şagylyç Maýlydan ýokuş görüpdir, esli wagt ýüzüni öwrüp gezipdir. Dört-bäş ýyllykda özünden on bäş ýaş kiçi aýala öýlendi diýdiler. Onuň-da ilki dograny gyz bolaýsa nätjek. Şagylyç on gün öýden çykman, başyny basyrynyp ýatypdyr. Ol Kiçi serdara hemaýat berýärdi. Kiçi serdar at çapmany, ýaraga erk etmäni Şagylyçdan öwrenipdi. Häzir-de olar bir tabakdan naharlandylar. Ýusup pälwan gürrüňini dowam etdi: – Döwletýar otuz bäş ýyl Garagumda beglik edýär, günleriň bir güni kazasy dolup, bende dünýeden ötýär. Ornuna Amany beglige göterýärler. Aman beg zamanynda Emir-Temir diýen äjit-mäjit dören. Goşuny ýere-göge sygmandyr. Emir-Temir goşun dartyp, Harezmiň şasynyň ýurduna barýarka, Garagumda Aman bege gabat gelipdir. Agyr sürä duýdansyz gurt daran şekilli, Aman begiň ýigitleri esli goşuny zaýalamaga ýetişen-de bolsalar, ýagynyň aňyrsy görünmändir. Emir-Temir Aman begi ýanyna çagyryp aýdanmyş: «Sen ähli nökeriň bilen, ilatyň bilen meniň tarapyma geç, hyzmat et, bize ýol görkez, şol ýagdaýda men sizin günäňizi geçerin, ýogsam-da bolmasa, gyrmyzy ganyňyz Garagumyň çägesine siňer» diýipdir. Aman beg sarsmandyr, batyr kişiniň sözüni aýdypdyr: «Biz Garagum çölüniň şasydyrys. Harezmiň şasyna beren wadamyz bardyr. Wadasynda durmadyk, ylahym, itiň art aýagyndan suw içsin» diýipdir. Emir-Temiriň garşysyna söweş gurupdyr, jeň meýdanynda jan beripdir. – Ýusup pälwan sözune dyngy berip, Uly serdara dikanlap garady. Uly serdar ýüzüni galdyrman, maňlaýyny owkalap otyrdy. Ol sabyr edip, Ýusuby ahyryna çenli diňlejekdigini duýdurýardy. Ýusup dowam etdi. – Men türkmen garyndaşlarymyzyň bolşuna düşünemok. Biziň bilen ýer-suwy paýlaşsalar, Aman begiň beren wadasyny biz bulara-da berip biljek. Weý, bizi penakär tutunsalar olaryn amaty. Biz otursak, gum tarapdan ýagyň aýagyny sekdirjekmi diý. Biziň güýjümiz zyýat, biz penakär bolup biljek. Ýusup pälwanyň bu pikiri geneşiň başlanandygyny aýan etdi. Şagylyç biraz igenç äheňinde: – Olar seniň penaňdan Nediriň penasyny zyýat görýärler, Ýusup – diýdi. Ýusup pälwanyň sesi gataldy. – Eýrandan ata-baba türkmeniň baýnan ýeri ýokdur, hemişe ikisi alaýaraş bolandyr. Aýdyp-da bolar, düşünişip-de bolar. Geçen maslahatda mesaýy gürrüňe ýol berildimi diý. Tanapymyza towusdyk, dargadyk gaýtdyk. Ýusup pälwan Kiçi serdara igenýärdi. Maslahatyň badyny alan Kiçi serdardy. Şagylyç hem ony goldapdy. Dag etek obalara çapawulçylyk edip durmaly, ahyrsoňda olar tutda-baslykdan irerler, ýa-ha ýurdy taşlap gaçyp giderler, ýa-da bolmasa, tekäniň teklibine boýun bolarlar diýen pikiri Kiçi serdar orta ataýan ýagdaýynda, Şagylyç ony goldandyr. Şagylyjyň razyçylygyny alman Kiçi serdar çapawula gitmezdi, gitmezdi! Ýusup pälwan ynanjyny ýüz mertebe gaýtalamaga taýýardy. Şagylyç bilen Kiçi serdar Ýusup pälwany äsgermezlik etjek boldular. Ýusup pälwan bu masgaraçylyga çydamady. Begiň ýaşulularyny aýaga galdyrdy. Wekiliň ýaşulularynyň telimsi olary goldady. Kiçi serdara çürt-kesik aýtdylar: ýemrelileriň obasyndan sürüp getiren malyny yzyna alyp git, eýelerine elin gowşuryp gaýt diýdiler. Şagylyç sesini çykarman otyrdy. Ol Ýusup pälwan bilen oýun etmeli däldigini aňandyr. Şagylyç: – Jaý maslahata sarpa goýulýan zaman gutaraýan bolsa gerek diýdi. – Külli Eýran Nediriň eline geçdi. Nedir diýilýän adam dilini gepledenden, gylyjyny oýnadanyny amatly görýär. Bu zamanda gylyjyny oýnadanyň işi rowaç bolýar. Ýusup pälwan: – Şagylyç, Kiçi serdara beleň berme – diýdi. Kiçi serdar ýüzüni galdyrman otyrdy. Ýüreginde turýan topalaňy ýüzüniň gyzaryp-agaryp durşy aýan etdi. Ol görmegeý ýigitdi, saryýagyzdy. Kesesinden göräýmäge hereketi-de, seredişi-de haýal-ýagaldy. Synatynda, bolşunda uly gyzlaryň häsiýetine çalymdaş saýhallylyk, sypaýylyk duýulýardy. Ol haýal gyzýardy, ýöne tamdyr ýaly haýal-da sowaýardy. Atanyýazyň göwnüne bolmasa, heniz-de onuň ýüregindäki ot köräp ýanýardy. Kiçi serdar: – Ýaşulular, meniň pikirim üýtgänok – diýdi, sesi sandyrasa-da, bokurdagyna bat bermän gürledi. – Men öňki aýdanymdan dänemok. Ýusup pälwan närazylygyny duýduryp, ardynjyrady. Uly serdara garady. Uly serdar heniz-de maňlaýyny sypap otyrdy. Onuň haýal-ýagallygy Ýusup pälwana ýaramady. Hezil tomaşa garaşýarmyka diýdi, beg bilen wekili garpyşdyryp, togtamyş iliniň masgara bolaryny küýseýärmikä? Ýusup pälwan gaharlananda, ýüzi garagurum sürtülen ýaly garört bolýardy. – Serdar, biz seniň maslahatyňy eşitmege geldik. Uly serdar elini maňlaýyndan aýyrdy. – Öňinçä ýaşulularyň sözi diňlense gelşikli bolmazmy – diýdi. Ýusup pälwan jabjynybrak jogap berdi: – Ýaşulularyň pikiri belli: ýagdaýyny tapyp bolsa, iki tarapa-da bähbitlisini etmeli. Kiçi serdar: – Bähbitlisi bolmadyk ýagdaýynda näme etmeli? – diýdi. Ýusup pälwan özüne berlen sowaly garaýşy bilen Uly serdara gönükdirdi, garaşdy. Oturan adamlar Uly serdaryň sözüne gulak asmaga taýyndylar. Atanyýaz dörän ýagdaýy Uly serdaryň bähbidi saýdy. Adamyň maňlaýy çüwse, şeýle-de bolmaly diýdi. Sähel agzalalyk onuň entek aýtmadyk pikiriniň hümmetini bimöçber artdyrdy duruberdi. Döwletli adamyň maly ekiz guzlar, toprak diýip garbany altyn çykar. Häzirki dörän zerurlyk serdar üçin maldan, altyndan zyýatdy. Uly serdar Kiçi serdara maslahat berdi. – Sen oglanlyk etme – diýdi. Bu söz Şagylyja ýaramady. Uly serdar «oglan» sözüni agzamak bilen Kiçi serdary kiçeltdi. Ýaşy otuza golaýlan adama» galyberse-de, tutuş bir taýpanyň – Togtamyşyň ata çykan ýigitlerine serdarlyga ýaran adama «oglan» diýmek hebesdir. Bolmaz iş bolagadan, Uly serdar hatardan çyksa, onuň ornuny eýelemeli Kiçi serdar. Belki-de, Uly serdaryň kalbynda şübhe bardyr, öz ornuny bu «oglanyň» eýeläp biljegine şübhe edýändir? Şagylyç ýüregindäki öýkäni duýdurdy. – Kiçi serdar oglanlykdan saýlanan bolmasyn. Uly serdar düşündi, höwessiz ýylgyrdy. Syçmazlaryň ýaşulusy Garahan mesaýy gürledi. – Allatagala Musa pygamberi ýola salanda üç şert goýanmyş. Üç şertiň biri şundan ybarat: öňüňden näme çyksa ýuwutgyn diýipdir. Musa pygamberiň öňünden belent dag çykypdyr. Golaý bardygysaýy dag kiçelip-kiçelip, gurt ýaly daşa öwrülipdir. Musa pygamber daşy ýuwudyp, soňra Allatagaladan: «Bu na ahwalat boldy?» diýip soranmyş. Allatagala jogap beripdir: «Dag bolup gözüne görnen gahardyr, her hal-da bolsa, gahary ýuwutmalydyr» diýipdir. Uly serdar: – Garahan, seniň aýdan tymsalyň, enwalla, bize gerek tymsal ekeni – diýdi. Kiçi serdar ümsüm oturmady. – Ilimiň böleklenmegine men razy däl. On iki suňňümi bölekläň, wah diýsem namart boldugym. – Biz olaryn üstune dilegçi bolup bardyk. Dilegçi adam geçirimli bolmalydyr. Bir ugur oturylsa bize-de amat, tutuşrak ýer soradyk. Olarda-da boş ýer, artyk suw ýok, berseler özlerinden süýşurip bermeli. Bizi anjaýyn garşyladylar, hezzet-hormat etdiler, arzymyzy diňlediler. Eger-de, bäş-on öýlüden bölek-büçek ýerläp biljek diýen bolsalar, oňa gahar etmegiň geregi ýok. Olar bize zorluk edenoklar, ýagdaýy aýdýarlar. Her iliň hany otyr, hanlaryň depesinde gylyjyny bulap Nediriň dikmesi dur. Olar ed-dil alkymda tekäniň tutuş oturmagyny goşanç görýärler. Hanlar syýasata gol ýapýandyr, syýasat – ertirki gün ýagdaý näzeýilli boljak – şony seljermegi ündeýär. Dilegçi baryp, dilegiň ýerine düşmedik halatynda, ony masgaralykdyr öýdüp, tanapyna towsup durmak, paýhasyň nyşany däldir. – Uly serdaryň sesi biraz gataldy. – Bölünmegi ýokuş görýän diňe sen bolsaň diý... bize-de ýokuş degýär. Bölünmek biziň-de hyýalymyzda ýok. Gahar edip, aradaky gamyş köprini ýok etsek, kime peýda boljakmyş? Bite gahar eden ýorganyny otlar. Eý, ýok, bähbidimiz bar diýseňiz, aýdyň, maňa-da düşündiriň! – Uly serdar başyny galdyryp, oturanlara alada bilen juda içgin garady. Atanyýaz onuň otlukly garaýşyndan çekindi, görejini gizledi. Oturanlardan ses çykmady. Şu pursat Atanyýaz onuň uly serdardygyna ynandy. Uly serdar öňki hörpünde dowam etdi. – Aýagymyz ýer tutanok, ysmaz çaga döndük, ysgyn-mydardan düşüp barýarys. Syrtyň kül üstündekä, göwnüni kap dagynda tutman, eýsem-de bolsa, ýagdaýa görä iş görmeli. Oturymly iliň ýagdaýy her hal biziňkiden ganymatdyr, gallasy özünden önýär, akaba suwy bar. Akar suwdan dadynan il horluga-da, zorluga-da döz geler, dumly-duşdan çekelense-de, suwsan mal kysmy, maý tapsa suwa topular. Gökleň ili salkyn deresini, dury çeşmesini taşlap çöle çykaýanok. Özleri-de Eýranyň alkymynda otyrlar, Eýrandan azar ýamanyny görýerler. Ýomudyn-da bir aýagyny Etregiň suwundan üzmersiň. Bala-çagalaryň sagdynlygy akar suwa bagly. Nedir telim ýola gökleňiň, ýomudyň üstüne ýygyn dartyp bardy, erkine tabyn etjekdi, boýun synmadygyny mesgen tutup oturan deresinden, derýasyndan kowjakdy. Iliň içinde mert ýigit gytmy! Jeňden gaçmadylar. Nedir gaýtawul gördi. Goç ogullar janyny gurban etmedik bolsady, il bu gün akar suwuň başynda oturmazdy. Akar suwuň gymmaty ömre barabar. Bir mahal Balkandan göterilip gaýdan ärsary ili baryp-ha Amyderýanyň boýunda mesgen tutupdyr. Buhar emiriniň zulumyna döz gelip otyrlar, döz gelmejek ýagdaýynda derýany taşlap çöle çykmaly. Derýany taşlamak juda kyndyr. Maru-şahu-jahanyň ýomudyndan, salyryndan, sarygyndan mysal tutuň. Häkimlik gajarlaryň elinde. Olara Nedir hossarlyk edýär. Gajaryň türkmene görkezýän sütemini diýjekmi! It görse, gözi agarjak! Her neneň ýagdaý bolanda-da, türkmen Murgabyň suwuny taşlap gaýtmaz. Çagany ene süýdünden aýyrmak kyndyr. Suwuň ýakymynda-da ene süýdüniň ýakymy bar, agzy akaba degen ili çöle kowmak gajara başardar öýdemok. Biziň ýagdaýymyz juda kyn. Örküni akar suwa baglan illeriň boýun bagy kesekiniň elinde. Ärsary ili saňa gel diýip çagyryş gönderen ekeni-dä, Buhar emiri seni sygyndyrjakmy! Hywanyň hany seniň ýomut iline goşulmagyny oňlar öýtme. Murgap boýuna ugrasaň, Nedir agyr ýygyn bilen Bawertde ýoluny keser, Dag eteginiň hanlary bize nätanyş adamlar däl. Akyly-paýhasy artykmy? Çig süýt emip ulalan adamlar. Berim gökden ýol ýasar. Ýaragdan öňinçä hile bar, syýasat bar. Maýda hanyň islegi-de maýda diýeli, emma erki elindemikä? Maýda han hemişe uly hana gulak asýandyr. Bize ýer-suw berläýen halatynda, maýyny bermän agaç oturdarys, jaý tutarys. Agaç gögerensoň, eýýäm sen ol ýurda dahylly, deň dawagär. Nedir akmak däl, şeýle boljagyny bilip otyr. Nedir öz maksadyna laýyk gelmejek işi oňlamaz. Nedir biziň boýun burup bararymyza garaşýar. Oňa tekäniň bedew atlary, babyrbilek ýigitleri gerek. Bizi kişiniň üstüne iberjek, ýurt alyň, il talaň diýjek. Ýurt alarsyň, alan ýurduň seniňki däldir, olja alarsyň, alan oljaň saňa nesip etmez, Nedir eýe bolar. Saňa düşjek paý ýetimiň, ýesiriň gargyşydyr – Uly serdar gobsundy, gözüniň alasyny Kiçi serdara tarap öwürdi. – Biz häzir zora ýanasak, peýda bolmaz, zyýan bolar. Maýda hanlar güýçlüden hemaýat sorar. Nediriň gurdy gündiz uwlar. Eýranyň leşgeri döküläýen ýagdaýynda, biz bu mydardan-da dynarys, köramançylyk-da gutarar. Ysgynsyz çaga gökbogma degen şekilli bolar, bogup taşlar, hygyldysyny özünden gaýry eşitjek barmy?! Ýagdaý juda kyn. – Goçandyň hany Nusaýa myhmançylyga geläýjek ýaly-la, habary biziň bir ýigidimiz getirdi. Köşide ýörite at seýisläp ýörenmişler, hana sowgat ediljekmiş. Uly serdar Maýlynyň habaryna ünsi sowman, öz pikirini dowam etdi: – Nedir bize ýazylganlyk bermez. Bize iki ýol bar: ýa-ha Nediriň huzuryna gol gowşuryp barmaly, lepbeý diýmeli... Men muny başarjak adam däl. Ýusup pälwan gyssandy. – Ikinji ýoluny aýtsana, serdar. – Hatyrjem bolmaly, başymyzy aman saklamaly, ili gyrgyna bermeli däl, pälwan. Gerek ýerinde tilki sapalagyny atmaly, ýagyň ýoly süreniň üstünden düşmesin. Aç-açan söweş biziň haýrymyza bolmaz, häzirki ýagdaýda bize gaça uruş amatly. Ýeri gelende, möjek deýin dara, ýyldyrym uran ýaly et, gelen ýoluňy, giden yzyňy bilmesinler. Duşmanyň galasy bar, biziň galamyz hydyr gezen çöl bolar. Nediriň häkimligi berkedigiçe, tekäniň, ýomudyň erkinligi onuň gonjuna gor guýar. Bir eli bilen bize emzik tutdurar, beýleki eli bilen boýnuna kement atar. Türkmeni türkmene küşgürer. Nediriň hilesine aldansak, günümiz juda peseler. Erkinligiň umydy ýetdi biliň. Özümiz hatyrjem bolmasak, çöl bizi birde gizlese, birde gizlemez. Tilkiniň-de hata goýberýän ýeri bolýar, biz tilkiniň bişowlugyny sapak edinmeli bolarys. Dosta dost, garyndaşa garyndaş, duşmana duşman. Ýagşy niýet bilen gelene törümiz açyk, ýaman niýet bilen gelene egri gylyç! Bizi kemsideniň ýurdy tozar. Kişiniň gepine gidip-de, ilimiň malyna, öý-öwzaryna, bala-çagasyna, namysyna tokunan iliň başy ölümli, maly talaňly bolar. Paýhasdan öňe düşen gahar adama duşmandyr. Gahardan soö geleý paýhas ökünçdir. Gyzgyn çölde gezýän adamyň gany-da gyzgyn bolýar. Gyzgyn gan beýne uranda, adam akylyny, paýhasyny ýitirýär. Akylyny ýitiren adam ýurduny-da, ilini-de ýitirip biler. – Jaý pikir aýdýarsyn, serdar. – Ýusup pälwan, howlukma, her kim öz göwnüne geňeşsin, adamlara päsgel bermäli. Bize çaknyşykdan dynma ýokdur. Suwuň çägä siňişi kysmy, guma siňmegi başarmasak, görjegimiz talaňçylyk bolar. Gonanymyzy gol bilsin, geçenimizi ýel. Gonşy-da bilmesin. Mal yzyndaky çopan, ýola düşen kerwen, alamana giden, ýolda-yzda sataşaýsalar, golaýda oba bardygyny birek-birege duýdurmasa ýagşy. Soralan mahaly ters ýol salgy bersin. Uzak ýere kerwen gitse, dolanyp gelýänçä obanyň göçmeli boljagyny bilinen ýagdaýynda, täze ýurduň nirede boljagy kerwenbaşynyň täk özüne aýan edilmelidir. Göçülen halatda, guýylary gaýym basyrmaly, üstünden süri geçirmeli. Başaran ýeriňde keseden geleniň gözüne çöp at. Takyrdan çukur gazylsa, artykmaç aýran çukura dökülse, biamat bolar öýdemok. Aýran haýal siňýär. Akjaryp ýatan aýrany görseler, oba ýaňy göçüpdir diýerler, dem-dynç alman atlara gamçy urarlar. Ysgyn-mydardan düşsünler, Suwlary gutaran bolsa, siňmedik aýrany içerler. Içleri geçip başlasa, olara başga merk gerekmi! Göçülen ýurtda yzçy goýulsa, has-da ygtybarly bolar, del yz gördügi habar bersin. Çölde ýolagça sataşanynda-da, ýagdaýyna gözüň gyýman, obaňa getiräýji bolmagyn, duşman bolmagy ähtimaldyr. Eger ýagynyň goluna düşüp, zorluga sezewar bolsaň, ters tarapy salgy ber, ölümden gorkma. Ýagy obaňa dökülen pursady, neneňsi şumluk boljagy ýadyňda bolsun. Başyňy keserler, öýüňi ýandyrarlar, çagalaryny ýesir ederler. Ýolda öz ilimden azaşana duşdum diýip, ätiýajy elden berme. Azaşan ýol sorar, eger azaşany tanamaýan bolsaň, tanajak bol. Haýsy tireden diý, tiresini aýtsa, obaň haýsy diý, obasyny aýtsa, oturan ýeri nire diý, ony-da aýtsa, obadan haçan gaýdanyny sora. Gonşusyna kim diýýärler – soraber, çekinme. Göwni açyk jogap gaýtarýandygyny duýan halatynda dogry ýol görkez. Gümürtikdigini aňdygyň, ters ýola salyp goýber. Uly serdar ündewiniň gazapdygyna düşünýerdi, oturanlaryň-da düşünmegini isleýärdi. Eger Garahan haýyr-sogapdan söz açyp, çölde azaşan bende ters ýol salgy bermek musulman bendesine gelşiksiz bolar, betbagtlyga uçran adama duşmanyň-da bolsa, agyr ýagdaýda oňa hemaýat etmek sogap işdir diýse, elbetde, oňa takal okama diýip bolmaz. Eýsem-de bolsa, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berýän adam dünýede gytlyk edenok. Haýyr-sahawatyň düzgüni edilen ýagşylygyň hasylyna garaşyp durmagy halamaýar. Bu dünýede bolmasa, ol dünýede bolar diýýär. Allanyň sabyrlylygyna sygynýar. Emma il-günüň aladasy başa düşende, Allanyň sabyrlylygyndan medet gözläp oturmak, abyrsyz helekçilik başa düşen halatynda seni aklamaz. Sen azaşana ýol salgy berdim diýersiň, adamlar: sen ganym duşmana ýol görkezipsiň, hemaýat edipsiň diýerler. Uly serdar Garahanyň ümsüm oturaryny kem görmedi. Asyl-ha, hiç kim geplemese ýagşy. Häzir sözüň derkary ýok. Söz onuň pikirini böleklär, her kim bir tarapa çeker. Uly serdaryň aýdanyny buýruk hökmünde kabul etsediler!.. Uly serdar jaý maslahat aýdýanyna şübhe etmedi. Bu adamlar häzir onuň jaý maslahatyna gol ýapmasalar, serdar adyny göterip ýörmek gerekmi beri! Goçandyň hany: sen bulara bijaý maslahat berip ger diýýär. Han öz raýatyna osýar. Han özüne bakna adamlary pişigiň syçany oýnaýşy kimin oýnap görýär, olaryň sabyryny, kanagatyny barlaýar, öz oýnundan lezzet alýar. Uly serdar öňünde oturan adamlardan çekindi, bu adamlar hanyň oýnuny götermez diýdi. Bijaý maslahat-a beýlede dursun, ol jaý maslahaty üçin bitakat bolup otyr. «Meniň ýaňky aýdanlarymy höküm diýip biliň» diýse-de boljak. Bular «höküm» sözüne düşünerlermikä? «Höküm» sözi bulary gorkuzar. Aýdylan maslahata gorky hem şübhe bilen garap ugrarlar. Uly serdar häzir şübhäniň bolmagyny islänokdy. Ol gabak astyndan Kiçi serdary synlady, onuň arkaýynlaşandygyny duýdy. Uly serdaryň aýdany paýhasyna kemsiz ýetdimikä, ýa-da bolmasa, aýdylana özüçe düşünip, kanagat tapyp otyrmyka? «Seniň-de gezegiň geler, dag eteginiň hanlary Eýranyň emrine tabyn ýaşajak bolsalar, bizi sygyrynmazlar. Alňasama, gylyja ýapyşmaga sebäp tapylar. Biz olaryň gözüne gelmişek bolup görünýändiris. Gelmişek hemişe günä ýakyndyr. Olaryň ojagyndan bereket, agzybirlik göterlen çagy Nedir olara: gelmişek teke günäkär diýer. Sabyr et, galmagaly sen başlamanda-da, başlajak tapylar, togtamyşyň serdary». Olaryň göreji gabatlaşdy. Kiçi serdar razyçylygyny mylaýym garaýşy bilen aňlatdy. Wekiliň ýaşulusy Şagylyç: – Jaý maslahat eşitdik – diýdi. – Hatyrjem bolunmasa, başga ýagdaý ýok. Garahan baş atdy. – Maňlaýdakyny görübermeli bolar. Atanyýazyň aladasy ýeňlemedi. Salyhyň agtygyndan derek çykmasa, Galkan batyra neneňsi jogap bermeli bolar? Uly serdar gümürtik etdi goýaýdy. Ilki olaryň dawa baş goşaryna garaşmalymyka? Haçana çenli garaşjak? Galkan batyr oňa ýatmaga-turmaga ýazylganlyk berenok. Uly serdardan maslahat sorasy gelýärdi, çekindi, mertebesi peseler öýtdi. «Ä-äý, şoňa-da akylyň ýetenokmy» diýip, oňaýly çözgüdi ugrubir aýdyp goýberse, Atanyýaz öz tüntlügine namys etjekdi. Gowusy, özüm oýlanaýyn, oňaýly çözgüdi özüm tapaýyn diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |