23:33 Gara ýyldyrym -16/ romanyň dowamy | |
16.
Taryhy proza
Aýhan ýassyndan soň Zybany alaşanyň syrtyna alyp obadan çykdy. Mähriden başga bilýän adam ýokdy. Akmyrada-da duýdurmady. Ýoluň howatyrlydygyny-da bilýärdi, töwekgellik etdi, Hudaýa sygyndy. Gyssanmady. Ertir gün depe galanda ýeteris diýip tama etdi. Ilkagşamky bulut syrylypdy, asman arassady. Ot-çöpe çyg düşüpdir, howanyň biraz çigregi-de bardy. Öwüsgin bolmasa-da, wagtal-wagtal çölüň demi ýerden göterilýärdi, gök otuň, iri çöpüň garyşyk ysy burnuna urýardy. Ýyldyz ýagtysyna töweregiň suduryny saýgarsa bolýardy. Alaşanyö toýnagynyö sesi, ähtimal, ümsüm gijede bir menzile ýetýändir. Aýhanyö ätiýajy artdy. «Alla-Hudaý, mazana duçar etmäweri» diýdi. Gaýdanyny Akmyrada duýdurmanyna ökünmän hem durmady. Duýduraýanda-da gürrüňi egsik boljak, Akmyrat öz diýenine tutjak. «Göze görnen gyz maşgala duluňda oturmasyn, myhmany atar, başyny gutar. Äre ber, dert ýadyna düşmez, ýeke derdi – äri bolar». Akmyrat bu sözleri aýalynyň ýanynda-da aýdypdyr. Jeren Mährä ýetiripdir. Heý, gyz maşgala beýle gödek sözler aýdarlarmy! Zyba eşitse, agasyndan göwni galar. Göwün synsa, seýikläp bolanok. Eýsem-de bolsa, Akmyrat olary ýeke goýbermezdi. Aýhan ýeňsesinde gyzynyň oturandygyny birdem unudyp bilmedi, onuň ýyly demini duýdy. Zyba bilen gepleşmegi Mähre ynanypdy. Mähriden göwni bitdi. Näme diýenini bilenok, ýöne gyzynyň sesini çykarman alaşanyň syrtyna münmegi, Mähriniň ony ynandyryp bilendigini aňladýardy. – Dokman azalýarmy, gyzym? Zybadan ses çykmady, eşiden däl bolmagy-da ähtimal. Alaşanyň güpürdisi artypdy, olar takyra çykypdylar. – Halyny haçan kesmekçi, Zyba? – Ýetimje guşa garaşýan, däde, dolanyp gelýänçe garaşaýyn-da. Aýhanyň gürrüňe höwesi gaçdy. – Garaş, gyzym, garaş – diýdi. – Gidene garaşmalydyr, sabyr-takat gerekdir, enşalla, gaýdyp geler, garaş. Guşuň bahanasy bilen Aýhan gyzyna razylygyny duýdurdy, Zyba düşüner, Zyba düşünendir diýdi. – Däde, guşlar gije-de uçýarlarmy? – Gije uçýan guş azdyr, hüwi bolmasa, baýguş bolmasa, gije guş uçmaz. – Durna-da uçanokmy? – Be-e, gyzym, men-ä şony takyk bilýän däldirin. Dädesinin bilmeýändigi Zybanyň höwesini artdyrdy. – Uçýandyr, däde, durna uly guş-a, gorkýan däldir, uçýandyr. Aýhan gyzynyň islegine görä boldy. – Uçýan bolmagy-da ähtimal. Diýse-de, durnanyň gije uçýandygyna ynanmady. Has beteri-de, alaşanyň syrtynda göze görnen gyzyň oturandygyna ynanmady. Zybanyň gepi-sözi, äheňi çagadan parhly däl. «Eý, Alla, bu gyzyň derdi diňe yşk heseri bolsa men gynanjakmy diý». – Ýadan çagyň aýdaýgyn, gyzym. Aýhan oglanka dädesinden eşiden sözüni ýatlady: «Adam ölende jany guşa öwrülip daglara gidermiş». Ol iňkise gitdi: «Zybanyň ýetim guşy nire gitdi-kä?». Soramaga ýaýdandy, gorkdy. – Däde, uzak eglenmäli, bejit gaýdaly. – Rugsat berseler, eglenmän gaýdarys, gyzym. – Molla aýtgyn, bizi egleme diý. Ýetim guş gaýdanymy bilýän däldir. Meni tapmasa, kösener, nire gonjagyny bilmez. Mähri ýeňňe: «Seniň guşuňa awçylaryň oky ýetmez» diýdi. – Diýen bolsa, şol dogrudyr. – «Arwah-jynlar-da uçup bilýär, uçsa-da olar göze görnenok» diýdi. Olar haýwanyň-ynsanyň gözüni baglaýarmyş. – Arwah-jynyň alajyny taparys, gyzym. Gök işanyň keramaty zor bolmaly. – Arwahyň bardygyny Tyllanyň ejesi-de aýdýar. Arwah Sülgün gotura meňzeşmiş, Sülgün gotura şah çyksa, arwah bolardy diýýär. – Neneňsi bolanda-da, adama arwah diýmek gelşiksizdir, gyzym, Tyllanyň ejesi beýle diýmeli däl ekeni. Olar günortana Duruna ýetdiler. Aýhan öňki gelendeki asudalygy duýmady. Kökerilgi eşekler, ýabylar, telim adamyň bardygyny äşger etdi. Daş-içde Reşidi görmedi. Başy şypyrtmaly, pukara geýnen ýaş ýigit edep bilen salam berip garşylady. Ýaşmagyny burnunyň üstünden dolap alan, topbusy gyşyk aýal Zybany ortaky tama alyp gitdi. Aýhan içeri girmedi, golaýdaky oba gidermen boldy. Öňki gezek, gaýdyş ýolda, oba sowlup, iki şahy depesinde tapyşan daýanykly goçuň söwdasyny edip gidipdi, şony alyp gelmelidi. Aýhan öýle namazyna dolandy. Goçy Gök işanyň oturan tamynyň öňündäki erige daňdylar. Gapdalda uly gazan nahar bişip durdy. Dony hopul-sopul arryk adam agyr susagy elinden düşürmän, gazanyň daşynda aýlanýardy. Her gezek susagy gazana sokanda «Bissimilla» diýip gygyrýardy. Aýhan täret gylyp oturan ýerinden onuň samyrdysyny eşitse-de, sözlerini aňşyryp bilmedi. Iki öwre hikirdäp gülende belli netije geldi: bendeniň seri düzüw däl bolmaga çemeli. Ol gyzyny bu ýere getirmeli bolanyna kemsindi, ýöne Alladan dilgir bolmaga gorkdy, ýakymsyz şübheden welin, saplanyp bilmedi. Zikir ikindi namazyndan soň başlandy. Adamlary Gök işanyň oturan jaýyna çagyrdylar. Aýhan erkekler bilen girdi. Gök işan törde, öňki oturan ýerinde otyrdy. Ol gapydan girenlere garamady. Girenler bilen Reşit görüşdi. Her kimin elini gysanda, wajyp hem aladaly äheňde «Bissimilla» diýýärdi. Içgin seredişinde ýakymsyz şübhe bardy. Şübhäniň näme sebäbe döräp biläýjegini Aýhan aňşyrmady. Ýaýdandy. Adamlardan eşidişine göre, Reşit diýilýän adam şyh bolmaly, kimiň göwnünde nähili pikir bardygy oňa aýanmyş. Ähtimal, ol Aýhanyň kalbynda birdem dörän kemsinmäni aňandyr? Aýhana ogurlyk eden adamyň müýni ýetişdi. Ol Reşide mysapyr garady. – Janlyny getirendirin, gapyda daňandyrlar – diýdi. – Ahwalat bize aýan, – Reşit gözüni agdardy, ýuka dodagynyň gyrasy, çekge damarlary çekilişip gitdi, ajy ýylgyrdy. – Arwaha hem käpire laýyk bet işiň biri-de şübhedir, şübhä maýyl bolmak musulman bendesine hebesdir. Gözleriňizde şübhe göriýän. Aýhany der basdy. – Toba etdim, toba etdim. Ol hiç kimin ýüzüne garap bilmedi. Kemsinmäniň ejirini has beter duýdy. Häniz başlanmadyk zikiriniň gutararyna howlukdy. Topbusy egri aýal gyzyl mahmally gelin bilen Zybany gapydan biraz sowaşyk ýazylan takyr palasyň üstünde oturdyp, özi howlukmaç çykyp gitdi. Zyba gabak astyndan dädesini gözledi. Dädesini görüp, ynjalykly oturdy, ýöne gözlerindäki howsala, gorky köşeşmedi. Bu çaka mahmalyň aşagynda ýygrylyp ümsüm oturan gelin birdenkä aglap başlady. Hyňzap, içi-içine sygman, çepiksi, ejiz göwre ýarylara geldi. Damagy çalnan haýwanyň jan giden pursatda siltenişi kysmy, tutuş süňňi siltenip-siltenip gidýärdi. Ol soňra gyssanjyna gapdalynda oturan Zybanyň çigninden şapladyp tutdy, Zyba ýeňsä serpildi, şonda-da sypyp bilmedi. Dädesinden, töwerekdekilerden haraý gözledi, hemaýat berilmese, onuň-da gorkudan gygyrmagy ähtimaldy. – Dartma demiňi, öldirin! Bu ses gelne täsir etdi, Zybadan elini çekdi, agysy biraz köşeşdi, mahmalyň aşagynda müňňüldeýän göwräniň siltenmesi welin galmady. Gelne haýbat atan ýigit Aýhan bilen jaýa giripdi. Daýanykly, jalaý murtly ýigit gamçysyny bilegine orap, ses eden gelni saýgylap bilmeýänine ahmyr edýän şekilde burnunyň deşiklerini ýellendirdi. Onuň gapdalyndaky köse sakgal ýaşuly zeýrendi. – Görgüsi ýamanyň giň dünýäsi daralaýdy, ýalança syganok, al kakdy, arwahyň oýny gursun. Bular gelniň hossarlarydy. Aýhan ýenki gelendäki sataşan ýigidi-de tanady. Onuň içerdäkilere dahylsyz, içini hümledip, küýüne diken zadyna maýyl bolup oturyşy Aýhana ýaramady. Garaşylmadyk mahal hokga çykaraýmagy ähtimaldy. «Hernä, Hudaý bularyň kalbyna giňlik salawersin». Bu ýigit daýawdy, çarbaýlyk edip ugrasa, adamlara baş bermez. Häli-häzir-ä ümsüm, iki dyzynyň üstünde başyny galdyrman otyr. Gelniň agysy gulagyna-da ilmedi. Wagtal-wagtal gabak astyndan Zyba tarap garaýan ekeni. Aýhan muny giç duýdy. Juda ynjalygy gaçdy, gyssandy. Gyssananda haýry näme! Reşit heniz-de düýpde, adamlardan üzňe oturan Gök işanyň goltugyna kellesini sokup bir zatlar samyrdaýardy. Gelniň agysy, ýigidiň haýbaty olara ýetmedik ýalydy. Aýhanyň gözüne bu sapar otagyň içi ýagtyrak göründi. Gök işan tarpdaky ýelöwser deşigiň tutusyny aýrypdyrlar, emma içerdeki ýakymsyz ys aýrylmandyr. Gök işanyň ýüzüni aýyl-saýyl görüp bilmedi, günbatar burçdaky garaňkylyk päsgel berýärdi. Zybanyň tutulan guş ýaly bolup oturyşyna, özüne seredýänini bilse-de, bialaç ondan görejini gizledi. Gyzynyň şu ýerde oturanyny gabandy. Gabanjyny Reşit duýar gorkusy bilen başyny egdi. Içerde dartgynly garaşma dowam etdi. Mahmally gelniň agysyndan soň ýagdaý has-da ýaramazlaşdy. Iň ýamany-da, näme boljagyny bilýän ýokdy. Işanyň-da, Reşidiň-de boluşlary geň, howluganoklar, ýa-da içerdäkileriň çydamyny barlap görýärlermikä? Häzir asmandan arwah-jynlaryň bir lek goşuny iner, dertli bendeleriň üstüne çozup, olary para-para ederler, Gök işanyň keramaty birle, ähli betbagtlygyň soňy düz gutarar diýilse-de, ynanyljakdy. Adamlar oňatlyga garaşýardy, ýöne şol oňatlyga çenli näme boljagyna ätiýaçlydylar. Ganly penjesini gerip, haýbat atýan aýylganç arwahyň keşbini göräýjek ýalydylar. Zyba dedesine golaý oturan daýaw ýigidiň gabak astyndan özüne garaýandygyny duýanda, has-da beter gorkdy. Onuň garaýşy sag adamyň garaýşyna meňzänok. Ol haram islegini görejine salyp, ajal okuny atýan ýaly erjellik bilen Zyba tarap gönükdirýärdi. Zyba näme sebäbe bu ýere getirlenine düşünmedi. Onuň uçuryp goýberen ýetim guşundan bu adamlaryň habary bolmasa nätjek. Dädesi Zyba tarap garamaga çekinýär. «Men däli däl-ä!» diýdi. Pikiriniň dogrulygyny özüne tekrarlajak bolýan şekilde, düýrülip oturan gelne seretdi. Mahmalyň aşagyndan gülkä çalymdaş ýuwaş ses çykdy. Gelin ýüzüni görkezenokdy. Daýaw ýigide gözi kaklyşanda, Zybany der basdy. Daýaw ýigit ýylgyrdy, aýylganç duýgy bilen ýylgyrdy. Onuň garaýşynda utanç-da, haýa-da ýokdy, aç-açandy. «Däli, gözi däliniň gözi, däliden her şumluga garaşsa bolar»... Zyba süňňüniň galpyldysyny duýdy. Dädesiniň bihabarlygyna gahar etdi. Birdenkä-de, dädesini ejiz gördi, oňa nebsi agyrdy. «Däde jan, meni nä sebäbe bu taýa alyp geldiň?». Ol garaýşy bilen dädesine şu sowaly gönderdi. Haýp, dädesi ýüzüni galdyranok! Dört adam içeri girdi. Üçüsi hyzmat edip ýören, dördünjini Aýhan ilkinji gezek görýärdi. Çep gözi sokur kördi, sag gözi ýekeligindenmi, ýitidi, içinden geçip barýardy. Çüri burny bir tarapa egrelip duransoň, göräýmäge ýüzi-de egri ýalydy. Tokly derisinden tikilen mele telpegi täzedi. Reşit oturanlary gaýra süýşürdi. Ortada, direg agajyň töwereginde boşluk emele geldi. Dört adam iç bosagada tabşyryga garaşyp durdy. Reşit oturyň diýen yşarat etdi, özi-de oturdy. Gök işan Gurhan okady. Onuň pessaý sesi içerdäki dymyşlygy duýmaga päsgel berenokdy. Aýhan ýeňseden kese sakgal ýaşulynyň pyşyrdysyny eşitdi. – Haja gidip gelen gök selle geýermiş. Reşit olara tarap alarylyp seretdi. Gök işan elini galdyrdy. Reşit bilen beýleki dört adam onuň hereketini gaýtalady, hemmesi bir mahalda: – Allahy ekber! – diýip gygyrdylar. Gök işan depesine garap, asmana elini serdi: – Eý, älemni ýaradan Alla, seniň didaryňa aşyk men. «Haka aşyk bolgan bolsaň, jandan ötgül, jandan geçgeý çyn aşyklar urýan bolar». – Allahy ekber! – Eý, Alla, saňa haýyr bilen hyzmat etmekden gaýry bähbidim ýokdur! – Allahy ekber! – Gudraty güýçli, Alla, Muhammet pygamber, çaryýarlar, keramatly ärler, gurbany boldugym Hoja Ahmet jan, Gözli ata, Meşrep diwana, sadyk bendelere medet beriň. Ak pata berdim, o-omin! – O-o-omin! Gök işanyň yzy bilen hemme elini ýüzüne syldy. Reşit oturan ýerinden gygyrdy: – Zikir çalyn! Dört adam towsup ýerinden turdy. Üçüsi bir hatara deňlendi, biri-biriniň golundan tutup, sazlaşykly herekete başladylar. Olaryň bokurdagyndan çykýan ses-de sazlaşyklydy, geňdi. – Hö-ö-o-hö-ö... hö-ö-o-ö-ö... Şu ses bilen arkan gaýyşdylar, ýüzin egildiler. Olaryň bolşunda öz wezipelerini kemsiz berjaý etmäge tutanýerlilik, erjellik bardy. Hereketiň, sazlaşygyndan gözleri süzülip gidýärdi. Sazlaşyga mele telpekliniň inçeden labyzly sesi goşuldy. Ol töre golaý, diwaryň önünde duran ýerinden üçleriň hereketine görä yraň atdy: – Zikrin aýtgyl, ganlar aksyn gözleriňden, Hikmet aýtgyl, dürler tamsyn sözleriňden. Bu adam zikiriň hapyzy ekeni. Üç adamyň hereketi barha ýygjamlandy. Olar böwrüni diňläp oturan Reşidiň töwereginde aýlanyp başladylar. Siňe sereden olaryň bolşundaky bäsdeşligi duýsa gerek. Reşit, hamala, olary äsgermän, olara üns bermän oturan ýaly, olar-da Reşidiň ünsüni çekmäge erjellik görkezýän ýaly. Bu besdeşlige hapyz gyzyk berýärdi. – Zikrin aýtgyl, ganlar aksyn gözlerinden, Hikmet aýtgyl, dürler tamsyn sözlerinden. Güller önsun her bir basan yzlaryndan. Gülge baksaň, gül açylyp, bossan bolar. – Hö-hö-o-hö-ö... he-ö-o-hö-ö... Bu sözleriň hemmesine Zyba düşünmedi, ýöne «gul sözüniň gaýtalanmagy bilen, kalbynda Eşrede niýetläp döreden mesgeni ýene göz önüne geldi. Ol arzyly mesgenine dolandy. Nätanyş adamlaryň geň hereketine, bokurdaklaryndan çykýan geň sese öwrenişdi, ondan hüwdiniň ýakymyny duýdy. Dädesiniň gapdalyndaky daýaw ýigit indi Zyba seredenokdy, ýüzüni galdyrmaga utanýan ýaly bolup otyr. Onuň ýakymsyz garaýşyndan halas bolmagy Zybanyň dünýäsine giňlik saldy. Ýürekgysgynç otagyň diwarlary ýeňsä çekilip, nurana ýagtylyk artyp barýana döndi. Ol geň hereketiň, geň aýdymyň dowam etmegini isledi. Uzak oturmaga Reşidiň takaty ýetmedi, aýak üstüne galdy. Onuň aýak üstüne galmagy üçlere bat berdi. Olar Reşili özlerine goşmaga mejbur ederis tamasy bilen başagaý ýalydylar. Hapyzyň sesi kem-käs belende galdy. Reşit aralykdaky boşlukda gezmeläp başlady. Onuň bolşy bir zat ýitirip, ýitiren zadyny adamlaryň arasyndan gözleýäne meňzedi. Şeýdip, dört adamyň tagallasyny äsgermezlige urjak bolýan bolmagy-da ähtimaldyr. Bu keseden garaýanlara şeýle görünýärdi. Hakykatda, Reşidiň ýüzi, gözi üýtgäp, aljyraňňylykdanmy, howsaladanmy, elewräp, hakykatdan-da, asudalygyň gutarandygyny, üýtgeşik bir ahwalatyň başa injekdigini aňdyrdy. Zyba arwah-jynlary ýatlady, gorkdy. – Güller önsün her bir basan yzlaryndan, Gülge baksaň, gül açylyp, bossan bolar. – He-ö-o, hö-e-o... hö-e-o... – Al-la-ah-hy ekber! Törden Gök işanyň sesi eşidilse-de, oňa üns berilmedi. Ähli kişiniň ünsi Reşitdedi. Ol içliksiz, jäheksiz uzyn gök donuny çykaryp, gapdala zyňdy. Güýç synanyşjak ýaly bilegini çyzgady. Damarlak bileginiň ejizligi, üstesine-de ak balak, ak köýnek, ak selle ony pälwanyň sypatyndan daşlaşdyrýardy. Ak köýneginiň gursagyna el ýaly doga çatylandy. Reşidiň gözleri giňedi, göreçleri ýiteldi, dodagy, gabagy dartylyşyp gitdi. Ädimi giňedi, hereketi çaltlandy, ellerini hallanladyp, ortada elewräp ýörşüne, oturanlary basgylap giderli göründi. Hapyz onuň howsalasyna kybapdaş äheňde, agzyndan çykýan sözleri çeýnäp-çeýnäp dowam etdi: – Säherlerde ir turuban, ganlar ýuwutgyl, Piri-mukam aýtganyny mäkäm tutgul. Hakga aşyk bolgan bolsaň, jandan ötgül, Jandan geçgeý, çyn aşyklar urýan bolar! – Hö-ö-o-o, hö-ö-o... hö-ö-oo, hö-ö-o... – Al-la-ah-hy ekber! Zyba hapyzyň sözünden many alyp bilmedi. Reşidiň hereketi, bolşy hüwdä meňzeş ýakymly owazyň lezetini ýitirdi. Soňra üç adam gezegi Reşidiň täk özüne beren ýaly, oňa garap, onuň bolşuna maýyl bolup durdular. Reşit ykjamlandy. – Bismillahi-r-rahmani-r-rahim – diýip, kimedir birine ýapyşmaga häzirlenip, çemesini gözläp, ortada aýlanyp başlady. Hiç kimiň ýüzüne garamady. Ol göze görünmeýän zady tutjak bolýardy. – Asmany-zemini, haýwany-ynsany ýaratgan gudraty güýçli Alladan medet! Garnyndan gapy açaryn, arwah... Ýer ýüzündäki, Gün gözündäki öwlüýäler, sizden medet! Hoja Ahmet pirim, işan aga, sizden medet! – Al-la-aw-hy ekber! Reşit garpyşyga girjek ýaly, göwresi bilen düýrüldi, haýbat atdy. – Allanyň naçar bendesini erkine goý, arwah! Reşidiň hereketinde adamlary özüne bent etmek islegi aç-açandy. Bu duýgy Zybany gorkuzdy. Onuň gözündäki gorkyny aňan ýaly, Reşit böküp, onuň üstüne abanyp durdy, göni gözlerine garap, hapyz bilen deň gygyrdy. – Hakga aşyk bolgan bolsaň, jandan ötgül, Jandan geçgeý, çyn aşyklar urýan bolar! Zyba düşünmedi, ol özünden näme talap edilýänini bilmän janserekdi. Töwerekden hemaýat gözledi, dädesine garady. Dädesi ýüzüni galdyrman otyr. Zyba ýalňyzdy. Reşit onuň ýalňyzlygyna begenýän dek, aýylganç ses bilen asmana towusdy, ony-da az gördi, ylgap baryp diwara maňlaýyny urdy, ortadaky direg agaja ýarmaşdy. Hasanaklap ýokary galdy, tamyň tüsse çykar deşigine elini ýetirdi. – Saňa uçuk görünýändir – diýip, uly ili bilen gygyrdy. – Ak towuk, gara towuk? Hä-ä, gara towuk! Depede pasyrdy, towugyň wak-wagy eşidildi. Onýança-da, Reşit deşikden towugy çekip aldy, syrylyp ýere düşdi. Içerini galmagaldan dolduran towugyň iki aýagyndan jüp tutup, oturanlaryň töwereginde bökdi. – Güm bol, arwah! – diýip oran etdi. Birden hem towuk bilen Zybany, mahmala dolanyp oturan gelni urmaga durdy. Gelniň çirkin sesinden haýygan ýaly, towuk sem boldy. Reşit ony agaç sütüniň düýbüne zyňyp goýberdi. Towuk letde düşen kysmy, patlap düşdi, gymyldamady. Ýetim guş ýitirim boldy, Zybanyň göz öňündäki arzyly, sapaly mesgen salgyma öwrüldi, soňra ýitdi. Ol Reşidiň derçigen ýüzünden, howsalaly gözünden başga dünýäde nyşan görmedi. Göreçlerini gizlese-de, ondan halas bolup bilmedi. Hapyzyň sesini eşidýär, ýeke sözüne düşünenok. Üçleriň galmagalyndan has-da ýakymsyz pursada duýduryş aňýar. Reşidiň gopguny ýatanok. Gapy bilen törüň arasynda çapdyrylyp, kimdir, göze görünmeýän biri bilen ýaka tutuşýar, gabyrdaýar, gygyrýar. – Allanyň gazabyna uçuran Iblis, pislenen Ibliň, daşlanan Iblis, naçar bendeden elini çek! – Reşit Iblisi Zybanyň gapdalynda gören ýaly, ýaňadan oňa tarap topuldy. Elinde gamçy bardy. Gamçy bilen Zybanyň töweregine saýgylady. Gelin çirkin ses bilen gapdala serpildi, kirpi kimin düýrülip, indiki urga ätiýaçly garaşdy. Reşit oňa bütinleý üns bermedi. Zybanyň daşyndady. Gamçy Zyba-da degdi. Zyba dişini gysyp, gamçynyň awusyny tenine siňdirdi. Reşidiň çaltrak aýrylaryna, özünden el çekerine sabyrly garaşdy, garaşdygyça-da gorkusy artdy. Ol Reşitden beter, onuň Iblis diýýäninden gorkýardy, göwnüne bolmasa, Iblis ahyr soňy adamlaryň gözüne görünäýjek ýalydy. Reşit dalaşyny dowam etdi. – Allanyň buýrugyna boýun synmadyk, Iblis, Allanyň gargyşy birle, perişdeden arwaha öwrülen Iblis, sen Adam ata tagzym etmegi namys bilýärmiň, Iblis! – Her sapar Iblisiň ady tutulanda, gamçynyň şarpyldysy eşidildi, Reşit Iblisi saýgylaýardy. – Alla seni arşdan kowdy, toba gelmediň. Adamy hakyň ýolundan azaşdyrmak seniň kesbiň, käriň, Iblis! Sen Adam atany, How enäni azaşdyrdyň, Iblis! Arwah-jynyny güm et, güm et! Ol ýene Iblisiň söbügine düşdi, ortada pelesaň urdy. Zyba onuň güpürdisini, haşyldysyny, gamçysynyň şarpyldysyny eşidýärdi. Sünnüni saklap bilmän saňňyldap oturyşyna, oňa seretmejek bolup, gözüni mäkäm ýumdy. Gapy açyldy, Zyba Reşidiň çykmanyny aňdy. Reşidiň gülküsi gapynyň agzynda eşidildi. Soňra Zybanyň burnuna tüsse urdy. Seretse, Reşidiň her elinde burugsap ýanýan kesindi. Ol Iblisiň yzyna otdy kesindi alyp düşdi. – Magşar güni jezaňy çekersiň, Iblis, jaýyň jähennemiň teýi bolar, Iblis! Ýanýan kesindileri orta taşlady, odun üstünden iki ýana bökdi. Hapyzyň sözlerini gygyrdy: – Zikrin aýtgyl, ganlar aksyn gözlerinden, Hikmet aýtgyl, dürler tamsyn sözlerinden. – Al-la-aw-hy ekber! Zyba biraz arkaýynlaşdy, herne, Iblisi bilen dalaş gurup ýörşüne Reşit ony ýatdan çykardy. Bardygymy ýadyna salaýmaýyn diýen ätiýaç bilen oňa göni seretmege çekindi, ýeň astyndan garady. Reşidiň gany gaçan ýüzünde bulanyk der damjalaryny, ýuka dodaklarynda ýürekbulanç ak köpük gördi. Onuň hereketi haýallapdyr. Togtamasa, mejalsyzlyk ony ýykar diýdi. Ýykylsa gynanjak däldi, özüni-de, bizi-de azapdan dyndarar diýip, umyt etdi. Ümsümligiň ýakymly rahatlygyň dolanmagyny küýsedi. Şol bir mahalda-da isleginiň oňa aýan bolmagyndan gorkdy. Aýylganç pursat öňde ekeni. Ýene üçler gol tutuşyp orta çykdy. Öňki hereket, öňki sesler gaýtalandy. Hapyz ýadanokdy. Reşit demini dürseýän şekilde, asuda gezmeledi. Onuň gözi depesindedi. Üç adamyň sazlaşykly sesi Zybanyň kalbyna başdaky dörän ýakymly pursady dolap getirip bilmedi. Barha sabry gaçdy. Iblis diýilýän arwah gum bolup giden däldir, giden bolsa, Zybanyň kalbyna giňlik aralaşardy. Reşit demini rastlap, gaýtadan tutluşyga başlar. Zyba daşarynyň tämiz howasyny, ümsümligini arzuwlap, dädesine delmurup garady. Aýhanyň başy aşak. Gyzynyň gözüne ol juda pukara, juda alaçsyz göründi. Daýaw ýigidiň hyýaly başga ýerde bolsa gerek, ol depedäki deşige göz dikip ýylgyrýardy, ýylgyrdygyça-da, akylyndan azaşandygyny keseden seredene mälim edýärdi. Gelinden ses-seda çykmady. Häzir ol amanadyny tabşyraýanda-da, biljek ýok, bu görgülini unutdylar, hossarlary-da, beýlekiler-de unutdy. Gelin bilen bagly Zybada dörän kemsinme ajy gözýaşa öwrülip, ony bogdy. Ýüregini gowzatmalydy, aglamaga gorkdy. Reşit Zybany unutmandyr. Agzyny ak köpük edip, ýene süründi. Onuň üstüne tüýkürdi, töweregini gamçylady. Soňra gapa topuldy. – Asmandan arwahyň, patyşasy indi! Hä-äýt, ýetip gelýär! – Üçüň biri atylyp daş çykdy. Reşidiň özi iç bosagadan aýrylmady. – Iblisiň käpir arwahy, hähä-hä-ä!.. Naçardan el çekmejegiň çynmy?! Seniň şahyňy towlaryn, şahyňy döwerin! – Ol ýalaňaç dabany bilen otly kesindileri basgylap, böküp başlady, şowhun turuzdy, oduň awusyna çydaman gygyrýan ýalydy. – Gara nerim, gel, bejit gel! Altyn galpaklym, bejit gel! Ýetiş pirim! Işan aga, senden medet! – Al-la-aw-hy ekber! Reşit arkanjaklap, Zyba golaý geldi. – Iblis, seniň bet pyglyň nejis, nejis, ne-ji-is! Jähenneme git! Allanyň bendesine ýazylganlyk ber, adamyň kalbyna erbet şübhe saldyň. Hapyz suňşurdy: – Musulman musulmanny kyldy katyl, Nähak tutup, hak işlerin kyldy batyl. – Al-la-awhy ekber! Daşardan goçuň lägirýän sesi geldi. Bu ses Reşide beleň berdi. Ol hahahaýlap duran ýerinde asmana gowsundy, şowhuny güýçlendi. – Şahyň elime ilendir, häh-häh-hä-ä... Musa pygamberiň ak eli, hemaýat ber. Pirim, ýetiş, ýetiş, pirim! Goçuň sesi gataldy. Reşit dyzady, goçuň şahyny towlamagyň kyndygyny duýdurýan şekilde sojady, çygyldy. – Arwahyň şahy elimde, sypdyrman, towlaryn, döwerin... Oturanlaryň käbiri aýak üstüne galdy, olar Reşide kömege ýetişmäge taýyndy, ýöne onuň dalaş gurýan jandarlaryny görüp bilmän kösendiler. Reşit görünmeýän şahy towladygyça, daşardaky goçuň sesi aýylganç çykdy. Bu ýagdaý içerdäkileri heýjana getirdi. Akyly azaşan ýigit hem ýokarky deşikden gözüni aýryp, Reşide seretdi, garaýşy manysyzdy. Beýlekiler daşardan gelýän ses bilen içerdäki dalaşyň arasyndaky sazlanyşyga ynandylar. Olar Reşidiň nähili ýol bilen ökde çykjagyny bilmeseler-de, onuň ýeňerine garaşdylar. Reşit iki büküldi, ýüzüne jan deri çykdy. Göwresi kirşi çekilen ýaýa döndi. Ol dikelmedi. Düýrülip, halys ýere golaýlan göwre zyňlan zat ýaly patlap düşdi, gymyldysyz ýatyberdi. Zyba ol ölendir öýtdi, erbet içini çekdi, ýüzüni tutdy. Daşarda goçuň lägirmesi galdy. Içerik gorkunç ümsümlik aralaşdy. – Al-la-aw-hy ekber! Gök işanyň oturandygy adamlaryň hakydasyna geldi. Oňa umyt bilen garadylar. Işan öňki arkaýynlygyny saklady, pessaý ses bilen ýasyn okady. Soňra uzyn donly arryk adam kürsäp içeri girdi. Elinde goçuň kellesi bardy, kelleden gan sarkýardy. Reşidiň göwresine gymyldy aralaşdy, assa-assa başyny galdyrdy, argyn gözlerini açyp, goçuň kellesine seretdi. – Janawar – diýdi. Arryk adam kelläni golaý tutdy. Reşit goçuň çalaran gözlerine garap, mejalsyz, zaryn äheňde dowam etdi. – Naçary arwahlaryň patyşasyndan dyndardyk, saňa alajymyz ýetmedi, janawar. Arwahyň urgusyna çydamadyň, çydamasaň-da, sen arwahyň badyny aldyň. Haýyr işe hemaýat beren, janawar, sen hakyň ýoluna aýdylan gurbansyň. Reşidiň gözlerinden ýaş akdy. Zaryn äheňe çydaman oturan Zyba janawar haýwanyň çal gözüni, Reşidiň gözýaşyny görende, ejizledi, lägirip ses eden janawaryň abyrsyz azaba döz gelendigi indi oňa aýan boldy. Ol aglady. – Gözýaşyň ýeri däl, naçar bende – Reşit silkinip aýak üstüne galdy-da, goçuň kellesini kakyp aldy. – Gurban edilen janawaryň ganynda keramat bardyr. Seniň süňňüňde galan jynlar keramata topulýarlar, gana üýşen jynlary daňarys, jähennemiň teýine ibereris. Ol gany sarkyp duran kelläni Zybaniň depesinde tutup, iki-üç öwre silkdi. Ýylysy gitmedik gan agyr damja bolup, Zybanyň depesinden indi. Damjalar onuň ýüzüne, eline ot bolup düşdi, daglady, teninden ötüp gidene döndi. Zyba aýylganç gygyrdy. Reşit kelleni ýene silkdi, şowhun bilen öz jynlaryna serenjam berdi. – Sypdyrmaň! Ýekesi-de sypmasyn, käpirleri güýlüp goýuň! Gyzgyn gan Zybanyň göz önündäki köle-de damdy, suwa derek gan çaýkandy. Günüň altyn reňk şöhlesi ýitdi. Günüň şöhlesi-de ganyň reňkine öwrüldi. Kölüň sapasy, suwuň ýeňilligi zym-zyýat boldy. Köli gurşun kimin agyr, dym-gyzyl gan doldurdy. Şemal ony gymyldadyp bilmedi, tolkunjyklar görünmedi. Goçuň çalaran gözündäki ölümiň alamaty kölüň ýüzüne ýaýrady. Durnalaryň boýny sallandy, uzyn aýaklary läbige dürtülen çöpe çalym etdi. Zyba geýimine ot ýapyşan ýaly atylyp jaýdan çykdy. Ol asmanda Gün görmedi. Gün ilerki dagyň aňyrsyna aşypdyr. Gara dagyň depesindäki bölek bulutlaryň böwrüne gyzgylt salgym düşýärdi, Zyba ony gana öwrülen kölüň salgymydyr öýtdi. Öz-özüne pent etdi: «Seretme, seretme – diýdi.– Gözüň gana öwrenişer, seretme, gözüňi ýum!». Aýhan gyzyny gapdaldaky tamyň ýeňsesinden tapdy. Zyba düwlüp oturan ekeni, eli bilen ýüzüni tutsa-da aglanokdy. Ol dädesiniň golaý gelendigini duýdy, öwrülmedi. – Däde, gaýdaly ! – diýdi. Dädesiniň belli bir söz diýmäge ýaýdanýandygyny aňdy, ýalbarmady. Aýylganç gorkudan soňra, onuň kalbyna geň galaýmaly biperwaýlyk aralaşypdy. – Gaýdaly, däde ...ýetim guş dolanmaz, gandan gorkdy. – Gyzym, ol janawar Hudaý ýoluna sadaka, sadaka ýaran janawaryň gany... Zyba dädesini diňlemedi. – Gan görse, guş gonmaz, däde, guşlar gandan gorkýar-a. Damak gana-da guş gelenok. Guşlar ganyň reňkinden gorkýarlar. Itler çukurdaky gany içip gidýär, guşlar içenok. Guşjagazlar ejiz... Däde, gaýdaly, rugsat sorap nätjek, gidibereli, däde. Olary idän bolmady. Aýhan Reşit geler, Zybany köşeşdirer öýtdi, gelmedi. Eýýäm haçan bizi unudan bolmaklary-da ähtimal diýdi, geň görmedi. Bu adamlaryň bolşundaky ýowuzlyk ony kemsindirdi. Gyz maşgala beýle ýowuz daraşaýmak bolmaz-a diýdi. Olar tutuş gijäni ýolda geçirdiler. Gün dogmanka oba ýetilse amatdy. Alaşany juda gyssadylar. Mähri janserek bolup galdy. Aýhandan oňly jogap alyp bilmedi. Dokmaly öýüň ýapyk gapysyny açmaga çekindi, daşynda pelesaň urdy. Zyba ýadap gelendir, uklap ýatandyr diýse-de, ynjalyp bilenokdy. Gelenlerinde olaryň bolşundan ýakymsyzlyk duýupdy. Zybanyň gözleri Mährä garasa-da, ünsi başga ýerdedi. Mähri onuň sözünden gorkdy. Ol: – Mähri ýeňňe, ýetimje guş dolanmaz! – diýdi, Mähriniň söz aýdaryna maý bermän öýe girdi, gapyny ýapdy. Mähri gün günorta galanda gapyny açmaga batyrlyk etdi. Nahar iýmelidi. Zyba gözenegiň önünde aňry bakyp ýatan ekeni. Gapy açylanda gymyldamady. Gymyldap nätsin, asyl ol etjegini edipdir. Ýarysy dokalan halynyň erişlerini gyryp taşlapdyr. Bu ahwalata gözi düşende, Mähri öňi bilen öz günäsini duýdy. Zybany Duruna alyp gitmegi ündän, salgy beren Mähridi. Ol Zybanyň şähtaçyk, güler ýüz bilen gelerine garaşypdy. Onuň dertden saplanmagyna özüniň-de dahyllydygyna begenjekdi. «Alla, gurbany boldugym, meniň edenim tersine bolýar, şum ykballynyň ýörän ýoly şum bolar» diýdi. Erşi gyrlan dokma bilen gapdalda süýnüp ýatan gyzyň görnüşinde meňzeşlik bardy. Bu alamat Mährini aýylganç pikire iterdi, ýakasyny tutdy. Assa baryp, Zybanyň üstüne egildi. Gyzyň solak ýaňaklarynda heniz çalykmaga-da ýetişmedik gözýaşy gördi. Gara, uzyn kirpikleri-de guramandyr. Zyba haýal dem alyp ýatyrdy. Mähriniň ýaýyň kirşi kimin dartylan göwresi goram-gowşak boldy. Mähri içine tüýkürdi. «Alla jan, küpür gepledim, men tetelli agzy ýirigiň dilini sogurmaly» diýdi. Umytsyz ýatan naçar gyzyň gara saçlaryny sypalasy geldi, ýaňaklaryndaky gözýaşy ýyly demi bilen guradasy geldi, ony gyzym diýip bagryna basasy geldi. Gorkdy, Zyba düşünmez diýip gorkdy. Ol gaýdan öýünde-de özüni keseki saýýardy, bu ýerde-de şol pikire geldi. «Sen, Mähri, hyzmat üçin ýaradylan adam» diýdi. Aglady. «Alla jan, şu gyzyň derdini maňa ber» diýip, ýalbardy. Erşi gyrlan dokmada juda erbet alamat bardy, Mähri-de, Aýhan-da howsala düşdüler. Öýle namazyny okap, Aýhan Tagan mollanyň ýanyna gitdi. Bolan ýagdaýy bolşy ýaly aýtdy. Mollanyň öňünde ýazyklydygyny boýun aldy. Gizlin gidýändigi başdan oňa güzap ýamanyny beripdi, rugsat soramaga-da çekinipdi. Mollanyň rugsat bermejegini bilýärdi, häzir-de şol pikirdedi. – Itiň dertli bolmasyn, molla aga – diýdi. Tagan mollanyň ýiti gözlerine dolan gahar kem-kem eredi, onuň ornuny ýaňsyly dabara eýeledi. Ol dabarasyny, kanagatyny gizlejek bolmady. – Sen bimöçber günä iş edipsiň, Aýhan. – Kelebiň ujuny ýitirendirin, mollam. – Amanberdi ahun ýazyr ilinde bilimiň aňyrsyna çykan adam. Ýaşulular ahundan soranmyşlar: «Gök işan diýen gök selleli biri peýda bolupdyr, kimdir ol?» Amanberdi ahun: «Melgundyr ol – diýipdir. – Gök selläni Käbäniň gara daşyny ogşap, Abu zemzemiň suwundan içen adam geýmelidir» diýipdir. Gök işan il bendäniň gözüne çöp atýar. Hoja Ahmediň gubruna zyýarat edip geldigiň haja gidip geldigiň däl, ol musulmançylygyň ýoluna hyýanat edýär. Hyýanatçyny saňa salgy beren akmagyň kimdigini sen maňa aýtmaly bolarsyň, Aýhan – Aýhandan ses çykmady. – Lailaha illalla, lailaha illalla... Essawpur Alla, ol melgun Hudaýyň birligini inkär edýän albassylaryň meslekdeşidir. Mansury dardan asdylar, Nesimini dabanyndan soýdular. Arwah kysmy musallat bolup, musulman bendäniň başyndan inen melgunyň jezasy bolmalydyr. Il-günüň agzalalygy üçin dörändir ol melgun. «Allanyň jemalyna aşyk men» diýip gygyrýarmyşyn. Ýaradanyň didaryny görmek bendesine buýrulmandyr. Lailaha illal-la! Alla jan, seniň güýjüň birligiňdedir. Musulman bendesini melgunyň ýolundan azaşdyr! – Ol açyk tüýnükden asmana garap, mamladygyny makullaýan degerli nyşan gören dek has ynamly dowam etdi.– Aýhan, seniň gözüň melguny görüpdir, gulagyň melgunyň gabahat sözlerini eşidipdir. – Günämi geçersiň diýip geldim, mollam. – Jemagaty ýygnap-da, görenidi, eşideniňi il-güne aýan etmeli bolarsyň. – Ile gülki bolmaýyn, onsuz-da derdim özüme ýetik. – Sada Hakyň buýrugy şeýle. Aýhan başyny galdyrdy, Tagan mollanyň ýiti gözlerindäki alamaty halamady. Ol molladan duýgudaşlyga, gynanja garaşypdy. Mollanyň gözünde Aýhanyň uçran gününe çuňňur kanagat bardy. Aýhan: – Alla bendesi bilen deň bolup durmaz – diýdi, – Allanyň sabry artykdyr, Alla geçirer. Tagan molla ajy ýylgyrdy. – Bendesini nätjek? Gyzysy öz eliň bilen betbagt etdiň, Aýhan, bagtyny bagladyň. Gahardan ýaňa Aýhanyň kellesi saňňyldap ugrady. – Kişiniň betbagtlygyna heşelle kakmak hebesdir, mollam! Tagan molla çydamady, gygyrdy. – Toba et, Aýhan... Aýhan, otur, toba et. – Aýhan gulak asmady, gapa ýöneldi. Bosaga ýetende mollanyň gargyşyny eşitdi – Toba etmeseň, Hakyň gazaby başyňdan insin! Aýhan öz betbagtlygy bilen ýalňyz galdy, kimden haraý gözlejegini bilmedi. Ol ýeke-täk umydyna ýapyşdy: Salyhyň agtygy Eşrediň dolanaryny diledi. Zybanyň ýetim guş diýýäni Eşretmikä diýdi. Soňra ol bir ýagdaýa geň galdy. Dogrudan-da, durnanyň gije uçýanyny bilenokdy. Göwnüne bolmasa. durna gije uçsa, gowulyk bolaýjak ýalydy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |