18:05 Gara ýyldyrym -19/ romanyň dowamy | |
19.
Taryhy proza
Eşrediň dabanynyň aşagyna gan öýlüpdi. Lagta-lagta gyzyl tegmiller lors-lors agyrýardy. Uzakly günüň ýadawlygyndan soň geýregi ýere degdigi uka giderin öýtdi. Uklap bilmedi. Ony endamyndaky agyrydan beter dürli pikir heläk etdi. Aýratyn-da bagyň içinden garaýan gyzyň bolşy gendi. Eşret ýaňy dolanyp gelende, ol gyzy ýene gördi. Onuň bolşy üýtgänokdy, sarçdy, düşnüksizdi. Gyzyň seredýänini gotur pürsiýan hem görýärdi, görse-de, eger-eger üns berenokdy. Eşret şu howla geleni gününden bäri şu gyzdan başga aýal-gyzyň garasyny görmese nätjek. Bu gyz kimkä? Ispendiýar begiň gyzymyka, aýalymyka? Näme sebäbe onuň bolşuna gotur pürsiýan üns berenok? Gije çukura ýene düwünçek zyňyldy, ýöne zyňlan mahaly biraz irräkdi. Ýene Eşret hiç zat duýup bilmedi. Ne it üýrdi, ne aýak sesi eşidildi. Syrly ýagdaý gyzykly oýna çalym etse-de, bu gün açdygyna garamazdan, Eşret ýumşak çörek bilen gyzgynjak eti işdämen iýip bilmedi. Minnetli aşy iýýän ýalydy. Soňunyň emmasy bardyr diýdi. Diýse-de, ahyry iýdi, iýmese alajy ýokdy, gotur pürsiýana görkezmeli däldi. Ertesi galadan çykyp barýarkalar, Eşret Ispendiýar begiň maşgala ýagdaýyny sorady. Ryza: – Habarym ýok, bilemok – diýdi. – Golaýda juwan maşgala öýlenipmiş diýdiler. Il-gün bilmän bir zat diýmez. Puluň bolsa, Eýranda satylmaýan zat ýok. Ak öýmeli gyz Eşrediň göz öňüne geldi. Gyzyň erkinligi, idegsizligi, ol Ispendiýaryň aýaly bolmasyn diýen pikire dalaş etmedi. Ýaşy bir çene baran adam ýaş maşgala öýlense, ony görer gözden gizlin saklamanga jan edýärdi. Ryza dowam etdi. – Eýranda imanyň bolmasyn, gyzylyň bolsun – diýdi. – Türkmen «Gyzyl görse Hydyr azar» diýýär. Sizde Hydyry azdyrar ýaly, üýşüp ýatan gyzyl ýok, siziň bäş sany kel toklyňyz gözüňize gyzyl bolup görünýär. Gyzyl Eýranda bardyr. Gyzylyň jadysy Iblisiň oýnundan müň kerem aýylganç, ol Eýranyň ganyna garyldy. Eýran gadym zamanlarda Güne, oda sežde edipdir, gudratyň Günden, otdan döreýänine düşünipdir, ol zamanlar Eýranyň ady arşa göterlipdir. Döwran ötdi, Eýran ýylanyň owadan gözüne aldanýan guşa öwrüldi. Onuň dili saýrasa, diňe gyzylyň tarypyny eder. Çaga il gözüne ýarap, dili saýrasyn diýseň, oňa altyn küýzeden süýt bermelimiş. Şeýdilse, çaga gorky-ürküni-de bilmezmiş, garaguş agyrly-da bolmazmyş, düýş görende-de gorkmazmyş. Ispendiýar beg altyn küýzeden süýt içirilen çaga. Seret bolşuna... Ol ätiýaçly dymdy. Eşret onuň kimden çekinýendigini bilmedi. Gotur pürsiýan türkmen diline düşünenokdy. Ýa-da, Ryza Eşretden çekinýärmike? – Häkimlige, baýlyga gyzygýan adamyň ýigreneni hak söz bolar. Gadym zamanda bu ýurduň çagalaryna at çapmagy, ok-ýaý atmagy öwredenlerinde: «Galplykdan aýylganç duşman ýokdur, mertligiň nyşany dogry sözdür» diýipdirler. Eýran galplygyň pidasy boldy. Ispendiýaryň märekäni ýygnap guran oýny gödek-de bolsa, akmaklaryň gözüne adalatly görünmek isledi, islegi ýerine-de düşdi. Duranlar hezret Alyny türkmenler öldürendir öýdýärler, öldüren, ine, şu adam diýip seni görkezäýenlerinde-de ynanardylar. Ryza geplemesini bes etdi. Uzak mahal dymyp oturmak onuň edähedidi. Mahal-mahal gyra çekilerdi, ýeňsesini tüňňerdip, adamlardan ters tarapa garap, oýa batardy, gözlerine gussa inerdi, ýüzündäki ýygyrtlar uzalan ýaly bolardy. Eşret onuň gülenini görmedi. Ýüz-gözündäki ýowuzlyga garamazdan, onda göze ilmeýän ýakym bardy. Damak edinmek üçin çykylanda-da, onuň sesi eşidilmedi. Eýranyň derdi täk özüniň gerdenine düşen dek ýegşerildi. Ahyry agyr pikir irizen bolsa gerek, ýeke oturan Eşrediň ýanyna geldi. – Milletleriň gany garylsa bolmaz ekeni – diýip, uzak oýlanmadan soňky netijesini aýdýan ýaly, ynam bilen gepledi.– Haýwandan mysal tutaý. Gatyr – at bilen eşegiň arasyndan döreýän haýwan. Ýüke werzişligine haýran galarsyň, ýene betbagtdan nesil önenok, görk-görmek ýok. Birmahal at kimin kişňäp gezen Eýran gatyra öwrüldi. Ol öz ýüküni çekenok, gelmişekleriň ýüküni çekýär. Eýranyň jylawy gelmişekleriň elinde. Eýran Hudaýyny ýitiren güni, haýyr-sahawat ondan ýüz öwrendir, şer işler kada girdi. Ispendiýar tetellilere şer gerek. Ryzanyň sözleri Eşrede mataldy, emma ol düşündiňmi diýip soramady, oöa gerek zat – pikirini aýdyp, derdini ýeöletmekdi. Ol dowam etdi: – Türkmenler agzala halk, her kim öz taýpasyny bilýär. Siziň aňryňyz möjekdenmiş diýýärler. Möjek wagşy haýwan, ýyrtyjy, adamlar onuň häsiýetine belet. Ýeke möjegi gaýtarmak kyn däl, iki bolup çozsa aljyradýar, ordasynyň önünde durmak juda çetin. Türkmeniň agzy birikmesin, birikse, Eýranyň dat gününe diýýen adamlar bar. Olar türkmeniň kimdigini bilmän, howsala el berýärler. Rast möjege meňzeýän bolsa, şol haýwanyň häsiýetini sapak edip aýtmalydyr. Siz birleşmersiňiz. Bir sürä birikmek ýyrtyjy haýwanyň häsiýetine kybap gelmez. Ryza Eşrediň ýüzüne-de garamady, aýdylan bilen ol ylalaşýarmy-ýokmy – perwaýsyzdy. Onuň äheňinde kine-de ýokdy, gahar-da. Ol pikiriniň jedelsizligini duýdurýardy. Eşret oňdan beýle ýowuz sözlere garaşmandy. Ýat ilde ony hossar tutunypdy, göwnüme teselli berer öýdýärdi. Munuö-da ýüreginde türkmene ýigrenç busup ýatan ekeni diýdi. Ýokuş gördi, eýesinden öýkelän it ýaly, ýüzüni kese sowdy. Ryza oňa üns bermedi. Eşrediň gan-gabarçak bolan dabanyna iriň ýygnandy. Ol agsap başlady. Hal-ýagdaýyny sorar diýip, Ryzadan göwün etdi, Ryza soramady. Çukurda güýlünip ýatmakdan dyndaranyny aňrybaş ýagşylyk hasap edip ýören bolmasyn. Gaýta çukurdan çykaryp, ýeriň teýine sokdy. Kärize öwrenişmek aňsat düşmedi. Söwüň bir böwri opurylyp gaýdaýsa, ýa üstüni basjak, bolmasa-da, dikana bilen aralygy kesjek. Diriligiňe ýeriň astynda galmak howpy ony erkine goýmady. Ol howlugýardy. Haçan suwa ýetiljegini-de bilenokdy. Ryzanyň bilýän bolmagy ähtimaldy, aýdanokdy. Bir gezek sorady, Ryza jogap bermedi. Ryzanyň gapdalynda iki kömekçisi bardy, olara gilbent diýýerdiler. Uzakly gün üçüsiniň gazýany iki ädime ýeter ýetmezdi. Toýun ýer gabat gelse, egleýärdi. Gök toýun has-da aýylgançdy, gapdallarynyň ýumurylmagy ähtimaldy. Berkitmek üçin iki gyra arça agajyndan palana urulýardy. Ryza gilbentlere ynananokdy. Eşret daşly torbany daşap ýadamaýan ýaly bolsa-da, ýokary çykanda halys surnugýardy, süňňi çalam-çaş bolup ýatyberýerdi. Käriz meni çüýretse gerek diýdi. Iň ýamany-da, haçan gutarjak, haçan boşajak? Gülnäz gyrnak kimin, duşman ilde ýanyp-köýüp galybermeli bolarmyka? Ol gyrnagyň derdine häzir göz ýetirdi. Naçaryň erän süňňüni görenlerinde ýa-da görgüliniň ýaşlygy ýatlanan mahaly, oňa birdem üns bererdiler, gynanardylar, soňra ýatdan çykar giderdi. Häzir özüne-de şeýle garalýandyr diýen pikir Eşredi kemsidýärdi. Eşret ahyry ak öýmeli gyzyň ýüzüni golaýdan gördi. Gyz çukuryň agzyndan garady. Onuň gözlerindäki eýmendiriji ýitilik Eşrediň sustuny basdy. Ýakym duýmady, gaýta awuna duşup, oňa topulmaga pursat arap duran haýwanyň bisabyrlygyny gördi. Onuň ýüzünden gyz terligi sowlupdyr. Dar maňlaýyndaky ýygyrtlar gürdi. Ol töwerege esewan boldy, soňra çalasynlyk bilen çukura ak düwünçek oklady, ýylgyrdy-da zym-zyýat boldy. Düwünçekli meseläniň anyklygy Eşredi arkaýynlaşdyrmady, alada goýdy. Çukuryň içinde goly zynjyrly oturmasy oňa düşnüklidi, galan ýagdaýdan anyk many alyp bilmedi. Ispendiýaryň märekä ýygnamasy-da, Ryzanyň ony kärize sokmasy-da, ak öýmeli gyzyň düwünçekleri, ýaňky ýylgyrmasy düşnüksizdi. Kimiň duşman, kimin dostlugyna bil baglamaga çekindi. Adamlar onuň ýalnyşmagyna, has masgara ýagdaýa düşmegine garaşýan ýalydylar. Ol ak düwünçege el urman ýatdy. Dabanynyň agyrysy artdy, sanjysy dyzyna urýardy. «Ýagta, güneşa sap bolduň, Eşret, dabanyndan çüýräp başlan bolmagyn-da ähtimaldyr». Ol derdiniň emini bilýärdi, dermany ýokdy. Garaja gandymyň düýbünde bitýän andyzy bu taýda kim bilsin. Bu daglaryň içinde çomuç beri bitýärmikä? Kim saňa saryýag berjek, kim saňa künji ýag berjek. Pürsiýanyň höregi sogan bolarmyş diýýärler, melhem ýasajak diýseň, şony-da rowa germezler. Melhem ýasap dabanyna ýapsa, iriňini sokga sorardy, ýarany guradar taşlardy. Ýaňky gyzyň ýylgyryşynda bir duýduryş bardy. Eşret üçin gyz ýylgyrmasynda hemişe duýduryş bardy. Zyba oňa ogryn garap, ilkinji gezek ýylgyranda, olar gara öýde, Tagan mollanyň öýünde sapakda otyrdylar. Gyş aýydy, öýüň içi sowukdy, ojaga atylan bir goltuk çerkez bireýýäm küle öwrülipdi. Törde oturan egni bagana possunly Tagan molladan bosaga tarap gapma-garşy iki hataryň birini oglanlar, beýlekisini gyzlar düzýärdi. Oglanlar altydy, gyzlar üçdi. Eşret törden ikinjidi, ondan öňdäki Sapa mergeniň uly ogly Hudaýnazardy. Olaryň orny mollanyň öňünden geçişlerine görädi. Ojaga çerkez goýanlarynda Hudaýnazar Eşrediň gulagyna çawuş çakdy: «Çerkezi men getirdim» diýdi. «Arkaýyn oturyber, molla senden sapak soramaz». Tagan mollanyň ýylgyn çybygy Eşrediň egninden indi, tenini awundyrdy. Duýdansyz urgynyň sebäbinden oturanlaryň köpüsi bihabar galdy. Zyba şonda ogryn garapdy, mylaýym, garagol ýylgyrmasy bilen duýgudaşlygyny aýan edipdi, çybygyň awusyny ýeňledipdi. Wah, ak öýmeli gyza derek saňa Zyba sereden bolsady, derdiň dep bolardy, Eşret! Aýhanyň asylly gyzy, zehinli gyzy, dädeň zehini saňa-da geçipdir. Oba mekdebinde Aýhandan öňe düşen bolmandyr, Tagan molla-da ondan asgyn ekeni. Tagan medrese gidipdir, molla adyny alyp gelipdir. Gelibersin, Gurhan okaşmaly bolsa, Aýhandan asgyn geler diýip, jedel etmege taýyn adamlar bardy. Molla berilýän oglan halallanýar, onuň gazanjy ene-ata halaldyr diýerdiler. Gyzlar halal dälmidir, Zyba halal dälmidir? Zyba ynsaby, kalby, durky bilen halal. Onuň zehini, zähmeti, azaby halal, onuň elinden çykýan nepis halylar halal. Duýgusy, ýakymly ýylgyryşy halal. Zyba elipbiýi kyrk günde geçdi, nokatda, üstün-astynda, säkinde, teşditde eglenmedi, metdeden, ebjetden geçilende, Aýhanyň gyzy eýýäm süräni hetjikläp okaýardy. Ebjeti bir aý ir gutartdy. Gyzdan galýanyny Sapa mergeniň ogly Hudaýnazar ýokuş görýärdi. «Zyba iki mollanyň elinde okaýar» diýdi, ol Aýhany mysal tutup aýdardy. Eptege ýetilende Zybanyň ejesi aradan çykdy, molla gatnamady. Soňra ölüm Eşrediň başyndan indi, dädesini ýitirdi. Okuw bilen seri bolmady. Höwesi bardy, ýöne düşnüksiz sözleri ýat tutmak halys irizýerdi. Tagan mollanyň kemsitmeleri-de onuň üstüne urnady. Mahal-mahal ol Gurhanyn manysyny açardy. Bir gezek: «Är heleýinden artykmaçdyr, belentdir – diýdi. – Heleýleriň ärlerine tabynlygy Allatagalanyň emridi, çünki heleý äriniň emleginiň hasabyna ýaşaýar». Zyba utanypdy. Ol zehinliligine utanyp oturan bolmasyn diýip, Eşret iňkise gidipdi. Gyz maşgalanyň artykmaç zehini molla-da ýaranokdy. Ähtimal. Zybanyň zehini her ädimde Aýhanyň ezberligini mollanyň ýadyna salandyr?.. Ryza Eşrediň ýanynda pelsepe okamaga endik etdi. Ol diňe göwnündäkini aýdardy, başga ýagdaý bilen gyzyklanmazdy. – Gadym zamanda Eýran Güne, oda sežde eder ekeni. Aýallara ody ynanmandyrlar. Ojakda ýanýan ody aýallardan gabanypdyrlar, aýallaryň demi keramatly ody hapalar öýdüpdirler, agyzlaryny ýapmagy buýrupdyrlar. Ýaşmak şondan dörändir. Siz onuň asyl manysyny bilýän hem dälsiniz – diýdi. – Aýallara gezek gelende erkekleriň ikiýüzlüligi, megerem, Allanyň önünde olaryň eden geçirimsiz günäsi bolmaly. Nusaýly Mazdak öz taglymatyny ile jar edende, adamlaryň emlägini, rysgalyny bölmek günädir, ortalyk bolmalydyr diýen. Aýallary-da emlegiň içine goşan. Ol hökümdar Kubadyň islegini bilipdir. Kubat doganoglanynyň aýalyna aşyk ekeni. Kubat öz bähbidine gol ýapypdyr, Mazdagyň taglymatyny kabul edipdir. Mazdak hökümdardan Anişirwanyň ejesini diläpdir, haram keýpe maýyl bolupdyr. Adamlaryň adyllygyny olaryň bähbidine göre seljermelidir. Ynsap Allanyň ölçegidir, bähbit adamyň islegidir. Ynsap bähbide tabyn edilen halatynda adyllyk gutarýandyr. Hökümdar neneňsi güýçli bolanda-da, Hudaýyň ornuny tutup bilmez. Özüni Hudaý saýyp, ahyr soňda Jemşit näme gördi. Eýran gelmişekleriň zulumyna griftar boldy. Adamlaryň arasynda ýaşap, Hudaý bolup bolmaz. Hudaý adamlaryň arasynda ýaşamaly bolan bolsady, olara akyl bilen dil bermezdi. Ryzanyň könbilmişligine Eşret ynansa-da, onuň aýdýan pikirleriniň öz derdine ýarajagyna ynananokdy. Ol ýeriň teýinden gopan daşlary daş çykarýardy, Nura bolsa, läşi topraga garlan adamlardan galan pikiri ýeriň üstüne çykarýan ýalydy. Ryza dowam etdi: – Araplar Aýyň dogşuna garap hasap ýöredýärler. Olar gijäni gündizden öňe saldyrlar. Dünýe çepbesine çöwrüldi. Garaňkylyk ýagtydan, ölüm dirilikden, şer haýyrdan öňe geçdi. Eýranlylaryň damaryndaky günden nur alýan al gan arassa reňkini ýitirdi, gije kimin garaldy, hapalandy. Adamyň gany hapalansa, şerden gözi açylmaz. Hapa gan adamyn görejine zeper ýetirýär. Şer işe endik eden adam haýyr işi oňly seljermez. Tümlüge öwrenişen adam güne çyksa, gözi gamaşýar. Hakykat diýilýän zat güneş ýaly ýitidir, gözüni gamaşdyrýandyr. Göreje zeper ýeten halatynda Güne garap durup bolmaz. Bir mahal Gün Hudaý ekeni, adamlar ona sežde edipdirler, onuň jemalyna göni seretmäge çekinmändirler. Güneş olara güýç beripdir, adamlaryň gany güneşden nur alypdyr. Hakykat ýaly ýiti, hakykat ýaly güýçli Güne dogry garap bilýän adamlar çaksyz güýçli bolupdyr. Indi ol adamlaryň ruhy zeminiň astyndan çykyp bilenok. Ýeriň üstündäki şer işleriň labyry bimöçber. Tomsuň jöwzasynda ýeriň astyna düşseň, jana ýakymly salkynlyk ýüzüňe urýar. Şol-da güýçli adamlaryň ruhudyr. Aňzak gyşda ýeriň astyna düşseň, täsin ýylylyk bedenine ýaýrar. Şol-da güýçli adamlaryň ruhudyr. Şol täsin alamatyň arassalygyny görjek bolsaň, ýerden çykýan çeşme suwlarynyň arassalygyna gara. Onuň tagamyny datjak bolsaň, çeşme suwlaryndan içip gňr. Biz sogap iş edýäris, ýagşy ýigit, mert ärleriň ruhy garylan arassa suwy adamlara ýetirýäris. Heniz-de şol suw olara biraz hemaýat berýär, eýsem bolmasa, olar bireýýäm guduzlardylar, biri-birini gemrerdiler. Ryza bu sözleri tolgunman, hemme belli hakykaty ýene bir öwre gaýtalaýan şekilde aýtdy. Onuň asudalygy aýdýan pikirlerine agram, durkuna wajyplyk berýärdi. Kärizden gaýdyp gelýärkeler, Eşrediň başyna garaşylmadyk bela indi. Olaryň ýoly dagdan jülgä tarap gaýdýan jary kesip geçýärdi. Ispendiýar begiň galasyna galyp ugramazdan ozal, taýak atym meýdan jaryň içi bilen geçmelidi. Jaryň düýbündei sähelçe suw akýardy, içi-daşy durşy bilen çagyldy. Şol çagyl her gezek Eşrediň dabanynyň agyrysyny artdyrýardy. Daşlaryň ýüzünde gan ýoky galýardy. Jaryň gyrasynda biten böwürslenler küme ýaly tegelenişip otyrdylar. Gyzgana meňzeş tikenli ösümligi Eşret ilkinji gezek Orazlaryň obasynda dag tarapdan gelýän ýabyň boýunda görüpdi. Ryza öňden barýardy, onuň ýabysy jaryň raýyşyna galyp ugrapdy. Gotur pürsiýan yzdady. Ol belli ýola halys endik eden malyň çopany ýaly arkaýyndy. Böwürslene bukulyp ýatan iki adam Eşrede topuldy. Eşret biriniň elindäki taýagy görmäge ýetişdi. Çagylyň üstüne serlip düşdi. Tirsegi bilen ýüzüni goraglady. Ony it dalan ýaly, ala galmagal turzup ýençdiler. Kellesine taýak degdi, beýnisi sarsyp gitdi. Saçynyň eteginden ýüzüne ýyly gan akyp başlady. Galmagalyň arasyndan gotur pürsiýanyň boguk sesi eşidilýärdi. Ol çyňsaýan ýalydy, ýa ony-da depeleşigiň astyna alaýdylarmyka?.. Goh-galmagal peseldi, çagylyň çygşyldysy daşlaşdy, nätanyş sesler uzaklaşdy, soňra pürsiýanyň zeýrenje meňzeş hüňürdisinden başga eşidilen zat bolmady. Eşrediň süňňi çagylyň üstünde pytyrana döndi. Ol ganyny sarkdyryp, başyny galdyranda, özüne garaýan Ryzany gördi. Onuň özünde-de, ýabysynda-da gymyldy ýokdy. Ol şu ahwalatyň boljagyny önünden bilip, tomaşa etmek üçin beýige galan ýalydy. – Senis bolşuň sözüne görä däl ekeni, ýaşuly – Soka salnan ýaly ýenjilen göwresini süýräp, jaryň içinden galyp gelýän Eşret ýokarda duran adama otlukly garady – Haýyr-şeriň gürrüňini edýärsiň. Haýyr seniň diliňde, şer – ýüreginde. Adamlar gemrişende, olar seniň gözüňe it, möjek bolup görünýär. Ite aýdylmaly sözi-de, adamlara aýdýarsyň. Şolardan seniň niräň artyk. Şolar it bolsa, seniň özüň-de it. Meniň patlap jan bermänime geň galýansyň. Serediber, möjegiň jany berkdir. Ryzanyň ýabysy-da, özi-de gozganmady. Onuň ýanyna ýetip, Eşret göwresini ýere goýberdi. Ol biraz özüni dürseýänçä Ryza garaşdy, soňra öňküsi ýaly asuda äheňde: – Meniň biperwaýlygyma seniň janyň ýanýandyr – diýdi. – Adamyň gözi nämäni köp görse, şoňa-da öwrenişip gidýär. Ölümi köp gören ölüme öwrenişýär. Adam açlyga-da, kesele-de öwrenişýär. Zorluk-sütem adamlaryň süňňüne ornady. Ol derdi dep etmäge sende-de, mende-de alaç ýol. Alaçsyz adam ahyrsoňy biperwaýlyga baş goşýandyr. Men-de indi biperwaý bolupdyryn. Bu kesel ekeni, özi-de ýaman kesel ekeni. Bu derdi maňa Hudaý bermedi, adamlar berdi. Meniň derdim şu ýurduň süňňünden dörän dertdir. Men öz jezamy çekýärin, sen öz jezaňy çekýärsiň. Adyllyga dalaş edýäniň çyn bolsa, adyllygy öňürti öz ýurduňdan gözlegin. Ýaňky adamlar seni öldürerdiler. Olaryň dogany ölüpdir, iki gün ozal jaýlapdyrlar. Türkmeniň salan ýarasyndan aýňalyp bilmändir. Nirede boldy, nähili boldy diýip, sorap-da durmadym, sorasaň, ähli günäni türkmeniň boýnuna atar. Etmişini kişiniň boýnuna atan güni adamdan adyllyk gutulýandyr. Häkimlik, nebis adamy zaýalady, hile edeni üçin adam utananok, rehimsiz bolmakdan gorkanok. Adam bähbidiniň tersine iş görmekden gorkýar. Şol sebäbe-de, sen aman galdyň. Sen Ispendiýar begiň guly. Begiň guly bolsaň, bahaň ýokarydyr. Beg seniň bahaňy sorardy, olar şondan gorkandyrlar. Siziň düşünişiňize görä aýdylanda, olar namart adamlar. Bolan ýagdaý geňdir özi: olaryň namartlygy seni ölümden gutarýar, mertlik eden bolsadylar, sen ölerdiň. Ol Eşrediň aýak üstüne galaryna garaşman, ýabysyny oba tarap öwürdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |