20:34 Gara ýyldyrym -2/ romanyň dowamy | |
2.
Taryhy proza
Zyba Eşretlere barýarka, tamdyrynda nan bişirip duran Mähriniň ýanyna sowuldy. – Ýeňňe, ýatanym-a görüpsiň, oýaraýsaň bolmadymy? – Dözmedim-dä, Zyba jan, gözüniň awusyny alar, ýatsyn-la diýdim. Haly gözüň köküni gyrjak, entek-de sen çydaýarsyň. Al, gyzgynjak nan iý. – Oýaran bolsaň, düýş görmezdim, erbet düýş gördüm, ýeňňe. – Bi nä habar boldy, hudaý ýoluna bir zat aýdaweri. – Aýtdym, bir tegelek nan aýtdym. – Kabul bolsun. Kabul bolar, gorkma. Nobat daýyň seni sorady. Tagapyl et, nirä barýarsyň, Zyba? – Tyllany çagyryp geljek, jigimiň galpak toýuna çagyrjak. – Wah, eziläýmeseň diý. Tylla Eşrediň uýasydy, Zyba bilen boýdaşdy. Galpak, diş toýuny her kim öz tiresiniň içinde geçirýärdi. Tylla olaryň tiresine girmeýän-de bolsa, Zybanyň çakylyga barýanyny Mähri geňlemedi. Jorasyny çagyrasy gelendir diýdi, çagyrsyn, göwni açylar, ýüregi giňär. Zybanyň erbet düýş diýeni eýýäm Mähriniň böwrüne sanjy bolup ornapdy. Aňrujy başarsaň, gündiz ugruna ýatmaly däl, gündiziň ukusy gursun. Mähr-ä oňly ýatyp bilenok, kellesi ýassyga ýetse, başy aýlanyberýär. Ol taýagatym ara açan Zybanyň yzyndan garap durşuna, iňkise gitdi. Alabahar geldigi, şu gyzyň ösküligi bolanok, wagtal-wagtal dünýä bilen seri ýok, öz derisine düýrügýär, nähili gep ataňda amatly boljagyny bilmän kösenýärsiň. Enesi ýok çaga ýarym göwün bolýar. Hernä, ýarym göwün-de bolsa, Zyba öýkelek däl, şoňa-da şükür, ýöne alaýaz açylyp oturan mahalyna-da duşaýmak kyn. Geçen baharda Aýhan bilen maslahaty birikdirip, iki öwra Tagan molladan doga aldylar, nepi degendir öýtdüler, arkaýyndylar. Mähri Zybanyň häzirki bolşuny halamady, aýagyna ot ýapyşan ýaly, ýüreginde howul bardyr. Alabahar janly jandaryň örýän mahaly. Köne kesel alabaharda gozgarmyş. Alabahar magtanyp: «ýogyny sozaryn, inçäni üzerin» diýermiş. Zyba göze görnen gyz, on alty ýaşyna gitdi. Haçan ýerleseň ýerläp oturybermeli, ýoly açyk. Eýýäm iki gezek gapydan sawçy geldi. Dädesi hoş söz bermedi. Mähriniň göwnüne bolmasa, Aýhan gyzy bilen aýralykdan ýaýdanýardy. Garaşylmadyk ýerden Eşret Mähriniö göz önüne geldi. Edil şu pursat ýadyna Eşrediň düşmegini geňledi. Hudaýyň buýrugy bolmasyn diýdi. Degişgen, göwnaçyk ýigit Mährä ýaraýardy. Ol Aýhanyň ýanyna ýörite oturmaga gelerdi. Eşret gelen mahaly, Zybanyň üýtgeýşini diý. Aýdylmanka – diýilmänke gazana ýapyşardy. «Dädemiň ýanynda Eşret otyr» diýerdi, Mähriniň habarlydygyny bilse-de diýerdi. Eşrediň ýörite oturmaga gelmesini, Aýhanyň amatly sawça garaşmasyny, gyzyň bolşuny häzir Mähri bir düwünçege düwdi. Mesele aýdyňlaşsa-da, göwni aram tapmady, umytsyzlyk duýdy. Umyt bilen ýaşamak hezil, emma herki zadyň möhleti bar. Umyt bilen ýaşap, soňra-da aňňalak gapyp galmak aýylganç. Mähri şol aýylgançlygyň derdini çekipdi. Ol oz betbagtlygynyň ölçegi bilen durmuşa garamaga endik edipdi. Çagasy bolar umyt bilen Mähriniň okatdyrylmadyk, doga alynmadyk işan-mollasy galmandy. Bir gezek ýomutlaryö uly tebibi gelipdir diýdiler. Ol mahal Mähriniň gaýyn obasy Gyzylarbadyň ýeňsesinde, gum içinde oturýardy. Äri Taýmaz ony bir günlük ýola, şol güýçli tebibe görkezmäge alyp gidipdi. Tebip em salgy berdi. «Bekre balyk iýdirmeli, bekre balyk Adam atanyň deňze düşen nebis damjasyny ýuw danmyş, şondan nep taparsyňyz» diýdi. Taýmaz ýomut iline gidip, deňiz boýundan balyk getirdi, on bäş gün diýlende görgi ýamanyny görüp, dolanyp geldi. Tutuş ýyl umytly garaşmada geçdi. Soňky ýyl kiçi Balkanyň etegindeki keramatly mazary salgy berdiler, oňa-da gidildi. Mazaryň daşdan aýmançasynyň girelgesine goçuň şahyny berkidipdirler. Mähri goçuň şahyna urmalydy. Eger ondan näme-de bolsa bir zat gaçsa, ýorgudy gowulygyň alamatydy. Garynja ýaly mör-möjek gaçaýsa-ha bagtyň çüwdügi. Mähri ägirt tolgunma bilen kakdy, gorka kakdy. Ýere gaçan iki sany gara garynjany görende, tasdan-da ýüregi agzyndan çykypdy. Garynjalary usul bilen alyp, saňňyldaýan aýasyna goýberdi. «Siz maňa garaşdyňyzmy?» diýdi. Garynjalar sypjak bolup, iki ýana urundy. Mähri ýeňsede duran ärine gygyrdy: «Iki garynja gaçdy. Gelsene, seretsene bulara!.. Birine kaýyldym, ikisi gaçdy. Waý, gözüň aýdyň, Taýmaz!». Şonda Mähriniň: gözlerinden ýaş dökülipdi. Dünýä giňäp, älem-jahana sowulmajak şatlyk inipdi. Garynjalary nirede goýjagyny bilmän, janserek bolupdy, garynja derek elinde ekiz çaga otyrmyka öýdüpdi. «Hudaý jan bizi ýalkajakdyr, ekiz ogluň bolar, Taýmaz» diýip gygyrypdy, utanmandy. Mähri ýakymly pursaty ýatlap, oňa ykbalyn aldawy diýmedi, gorkdy. Şol iki garynjany alyp gaýtmaly ekenim diýdi. Olar aýak astynda galyp, mynjyrandyrlar, ýogsa umydym, yhlasym ýerine düşerdi diýdi. Her hal-da bolsa, süýji umyt bilen ýaşamak umytsyzlykdan müň paý zyýat ekeni. Mähri: «Zyba jan, seniň täleýiň meniňkä meňzemesin» diýdi. Zyba aralykdaky alanyň gerşine çykyp aýak çekdi. Eşretleriň syrgynyna gözi düşende, ýüregi howul aldy. «Men seni idäp barýan, Eşret – diýdi. Hemişe beýle aç-açan gürlemäge uýalardy, häzir uýalmady, gaýta köne ýaranyň töweregi gijeýän ýaly ýakym duýdy. – Seni görmesem, gözüme uky gelmez. Eşret, seni görmesem, bagrym ýanar, Eşret. Seniň başyň dikliginde gara daglar dursun, seniň kalbyň giňliginde, çöl-beýewan dursun. Seniň görmejek daglaryňy görmäýin, gözüm gapylsyn, Eşret, seniň gezmejek çölleriňde gezmäýin, aýagym kesilsin, Eşret. Seniň diýmejek sözleriňi diýmäýin, dilim lal açsyn, sana miýesser etmejek tagamlary iýmäýin, bogazyma tegek bolsun!..» Çörüň ýiti ysy burnuna urdy. Goýun ýataga ýetip sakga durdy. Ýataga esewan boldy, Eşredi görmedi, ýanaşyk oturan gara öýüň töweregine garady, Eşredi görmedi. Hataryň ilersindäki düzlüge seretdi, Eşredi görmedi, gara daglar-da görünmedi. Düýşüni ýatlady, ýene Eşrediň ýüzünden güwläp ören siňeklerden gorkdy. Ýeke-täk umydyna, gara öýe tarap ýöneldi. Dyzynyň ysgyny-deramaty gaçdy, demi howra öwrüldi, ýagyş damjasynyň sowuklygyny duýmady «Eşret, nirede bolsaň-da çyk, meniň gözüme görün – diýdi. – Seni görsem, hudaýa ýüz müň şükür etjek, maňa bu ýalançynyň başga sapasy derkar däl». Ol ýagydan gaçýan adamyň gyssanjy bilen Eşretleriň gara öýüniň gapysyny itdi. Sokma gapynyň jarkyldy bilen serpilenine üns bermedi. Uçuda bir ädim galanda, badyny saklamaga ýetişen dek, bosagadan ätlemän, her elini bir söýä diräp durşuna, göwresini öňe taşlap, garaňky içerä garady. Biraz gözi öwrenişdi. Tüýnükden düşýän öçügsi ýagtynyň aşagynda söm duran Sonany, Tyllany gördi. Olaryň gözündäki gorky Zybanyň gözüne ilmedi, garaňky töre aljyraňňy seretdi, Eşredi görerin öýtdi. Sona jabjyndy: – Yzyňdan ýagy kowdumy? – Sonanyň aýdany Zybanyň aňyna ýetmedi. – Ýüregimizi ýardyň, lal açmadyk bolsaň, kelam söz diý. Weý-weý, gorkunç-la sen?.. Şundan soň Zybanyň göreçleri eneli-gyzda saklandy. Sonanyň gany gaçan ýüzüni, Tyllanyň ýitelen gözlerini gördi. Olaryň gorkusyna düşünmeýän ýaly aňalyp seretdi. – Gorkmasana ýeňňe – diýdi. – Merez etmesene. – Sona ýakasyny galdyryp, yhlas bilen içine tüýkürdi. – Başga oýun tapmadyňmy? Bi gyzyň ýüz-gözi näteňet, ýuwusgadan gorkduňmy? – Sona gyssanjyna öz gyzyna azgyryldy. – Direg agaja dönen-ä dälsiň, eglip bilýän bolsaň, galdyr igiňi, küle bulaşyp ýatyr. Tylla ojagyň gyrasyna düşen igini galdyrdy, egrilen ýüplüge ýelmeşen küli kakyşdyrdy, hikir-hikir güldi. – Pallap otyrdym, ukudan açylaýdym. – Howa agyrmyka, tas ölüpdim, ýere siňip barýan-da. – Zyba çyny bilen gürledi. – Kellämi goýdugym, uklap galypdyryn, düýş görüpdirin. – Zyba jan, düýşüňde sygyr münensiň. Zyba Tyllanyň oýnuna imrikmedi. – Düýş görenim-ä çyn, sygyr-a münemok. – Münensiň, aýtmadyk bolma, sygyr münüp hezil edensiň. – Goýaweri, gyz. – Sygyr münen-ä sen, sygyrdan ýykylan biz bolaýdyk. Eje, ýüň daragyň ommalyp ýatyr. – Ommalyplar ötsün. – Sona gahar bilen ýüň daragy dikeltdi. – Hikirdini bes et-le, masgaralar diýs-ä. Eşrediň ýoklugy Zybanyň ýüregini gysdyrdy. Ol söýä ýaplanyp aglady, tirsegi bilen ýüzüni ýapdy. Demi demine ýetmedi, sojady. Sona aljyrady. – Bi nämeniň alamaty boldy diý, goýaweri, Zyba! – diýdi, gyzynyň egninden itdi. – Ony bosagadan aýyr, içeri sal, gören-eşiden näme diýer. Uwlajak bolsaň, başga tünek tapylmadymy, eý toba! Zyba ojagyň başyna geçdi, köşeşdi, bolşundan utanan ýaly, esli mahal başyny galdyryp bilmän oturdy, geplemedi. Ýagşyň şybyrdysy gulagyna ildi. Sag dulugyna Tyllanyň ýyly demi degýärdi. Tylla erjellik bilen Zybany goltugyna gysdy. – Üşäpsiň, galpyldyň ne bela – diýdi. Sona üstüni ýetirdi. – Ýagşyň aşagynda entäp ýörseň, hassalarsynam, Burkut diwana aýtdylarmy seni. Çabydyny sypyr, öl-myžžyk. Zyba aýak üstüne galdy, gidermen göründi. – Sona ýeňňe, Akmyrat dädemler galpak toý edýär, Tyllany alyp gidäýeýin. – Tyllanyň bir başy, müň işi bar. Jigiň galpagyny kim syrdy, daýysy geldimi? – Mähri ýeňňemiň dogany Nobat syrdy. – Eý, hudaý, bi iliň agzy birikmän ötjek. Bolsa-da, ýeneki toýlara ýetmek musulman bendesine nesip etsin. Sona elini ýüzüne syldy. Tylla Zybany agylyň deňine çenli ugratdy. – Tylla, Eşret obadamy? – Toýa gitdi, ýemreli dosty öýlenýärmiş. Eşrediň ýemreliler bilen yhlasy zor. «Olar-da biz ýaly türkmen» diýýär, çyndyr şol, dostunyň ady Orazmyş. Ady Oraz bolsa, türkmen bolar-da. Eşret gelsin, toýlary nähili diýip sorarys. Düýn gitdi, birigün geler. – Dädem Eşret öýdemikä, bil diýdi. Zyba ýalan sözlänine bada-bat ökündi. Tylla göwnüne pikir getirmesin diýen ätiýaç bilen ýalan sözläpdi. Tyllanyň biperwaýlygy ony biraz gynandyrdy, ýalan sözläp durmagyň derkary-da ýok ekeni diýdi. – Ýene ýüregiň gysýarmy, gyz, alabahar geldigi seňki bolanok. Enemiň huşy ýok, akyly ýerinde bolsa-dy, derdiňe derman tapardy. Takyk ýaşyny bilýän ýok, atam ýüzden geçendir diýýär. Pakyryň zarlap oturşyna gülkim gelýär. «Ezraýyl meni ýatdan çykardy» diýip zarlaýar. – Seniň düýşe ynanmaýanyň gowy-da, Tylla. – Aglap-eňrer ýaly, neme beýle aýylganç düýş gördün, aýdaweri maňa-da! Zyba biraz öýkeli ýylgyryp jogap berdi. – Sygyr mündüm. Ol Eşrediň öýde ýoklugyndan, ýetip gelýän gijäniň garaňkylygyndan gorkdy. Yza dönüp, Tyllanyň ejesine ýalbarmaga kaýyldy. Tylla şu gije ýanymda bolsun diýip ýalbarjakdy, ýöne jorasynyň bolgusyz degişmesi onuň gaharyny getirýärdi. Ol Zybanyň hakyky derdine düşünenok, gaýta ýaramaz pikir eder, Zyba üýtgäpdir diýer. Zyba ýaňy gapyda durup aglanyna häzir geň galdy, utandy. Aglap durka welin, utaiç ýadyna düşmändi, gapdalynda adam bardygyny-da unudypdy. Bu bolşuna Zybanyň ýezi hem geň galdy. «Men üýtgäp ýören bolmaýyn?» diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |