13:58 Gara ýyldyrym -5/ romanyň dowamy | |
5.
Taryhy proza
Üç gün geçse-de, Eşret oba dolanmady. Sona: «Eşredimiň göwni açyk, baran ýeri ala ýaz, ýemreliler goýberýän däldir» diýdi. Diýse-de gara öýüň gapysyny garynjanyň hinine dönderdi, bir girdi, bir çykdy. Her çykanda-da biygtyýar ýola garaýardy. Ýol seleňläp görünýän gara daga tarap gidýärdi. Sona dagdan gorkdy. Dag gursun! Gurbanyň meýdini dagdan getirmedilermi! Gara döw ýaly bolup duran hazana golaýlaşma diýsene... – Tylla, Zyba Eşredi sorady diýdiňmi? – Sorady, eje jan. – Gören düýşüni saňa aýtmadymy? – Aýtmady. – Aýt diý, oňly soran dälsiň, aýdardy, soramaly ekeniň-dä, meniň-de huşuma gelmedik zat. Allanäme düýş gören bolsa diý, ulygyz halyna beýdip-de, jan gerekmi-pyçak bolup ýörjekmi. Git-de bilip gel, bilmän geläýmegin, gyz. Eşret biakyl däl-ä, atasyny süriniň yzynda ýeke taşlap gezer ýörermi, Eşret ony edäýiji bolmaz. Tylla, öňinçä Galkana aýt: Eşret dädem gelenok diý. Entäp bir ýere giden bolsa – atynyň sesi çykmady şu gün – onda Sülgün gotura aýdyp gaýt: atam ýeke, nan-suwy gutarandyr diý, adam ibersinler. Bagty ýatan garry ahyr ýaşda goýnuň yzynda gatap galmasa-da biridir. Galkan öýde ekeni, ol Tylla azgyryldy: – Ýemreliň toýunda nä göri barmyş? Sen, gyz, akylly agan bardyr öýdüp ýörme, agaň akmak. Dosty-duşmany seljermeýän adam akmakdyr. Men entek ölemog-a, gapdalynda gezip ýörün, il-ä men ýaly hossar tapanok. Men ondan uly, men ondan bir sanaç uny artyk iýdim, menden maslahat sorady, işiň ýok diýdim. Kimden rusgat alyp gidenmiş? – Atama aýdypdyr, atam eglenme, gidiber diýipdir. – Waý-eý, bulara hä diýdiresiň ýok-la – Sülgün ara sokuldy. – Galkan jan, gepiňi zaýalama. – Ataň nämäni bilýär, goýnuň yzynda entäp, halys goýun kysmy mahluga dönüp gidipdir. Goýun ýagyň nämedigini gurt daranda bilip galýar. Ýagy hemişe pursat arap ýatyr. Şony ataň bilmeýşi ýaly, seniň agaň-da bilenok. Sülgün: – Bizi hossar tutunjak adam häli-şindi gapymyzdan garap durardy, gara berenok – diýdi. – Bularyň göreldesi – eneleri, bulara Sona beleň berýär. O heleýiň ýanynda menin-ä adym Sülgün gotur. Gotur-da bolsam, gaýratym ýüz heleýe bäs geler. Abraý batyra heleý bolup, Galkan batyra ene bolup oturandyryn, görüp bilmedigiň gözi çyksyn! Soňra Tylla Zybanyň ýanyna bardy. Zyba ýalbartmady, düýşüni aýdyp berdi. Onuň ýüzünde howsala, gözünde gorky bardy. – Gözümiň ukusy gaçdy, ýatyp bilemok – diýdi. – Ýorganyma ýylan girjek ýaly bolup dur-da, Tylla. – Ýylan barmy, gyz, ýylan hininde ýatyr. Doga aldyr, seniňki kakyn-silkin bolmasyn. – Uzy-yn ala ýylan, gözümiň öňünden aýrylmasa nädeýin. – Aždarha bolmasyn?! Aždarha bolsa, sen oňa: «Sülgün gotur gelýär» diý, haýkyryp gaçar. Tylla hikirdäp güldi. Zyba: – Seniň bigamlygyň maňa-da miýesser etsedi – diýdi. Sona Zybanyň gören düýşüni Gülnäz gyrnaga ýordurdy. Gülnäz bimöçber azap zerarly bili bükülen ýalňyz kempirdi. Il ony ýogynlaryň gyrnagy hasap edýärdi. Oraçasy olara golaýdy. Oňňudy Atanyýazyň ojagynyň galak-gaçagy, sarkyndysy. Gülnäz hemişe bir heňe tutýardy: – Atanyýaza eşek ber diýdim, Atanyýaz eşek bermedi. Eşek münüp daga gitjek. Dagda gala bar, galada gapy bar. Gapyny ejem jan açar. Dagda gala bar, galada gapy bar, gapyny doganym Ahmet jan açar. Atanyýaza eşek beräýsene diýýän. Atanyýaz: seni eşege mündürjek däl, seni agaç ata mündürjek diýdi, agaç ata mün-de, jennete git diýdi. Jennetden öňinçä daga gideýin diýdim. Dagda gala bar, galada gapy bar, gapyny uýajygym Banu jan açar diýdim. Onuň şöhlesi öçen gözlerinden ýaş çykmasa-da, sesi agy sesine meňzeýärdi. Gülnäz Zybanyň düýşüni ýordy. – Siňek hapa jandar – diýdi. – Seniň ogluň töhmete sezewar bolar. Ogluň ýüzüne gonan siňek – töhmet. Sona ylalaşmady. – Eşret jaň ak süýtden arassa oglan. Kim oňa töhmet atmaga milt etjekmiş? Aňy gaçan kempir, sen oňly zada ýor muny. – Gelin jan, mana sütem etme, adyňa gurban bolaýyn. Ýorgudyň-da öz ýoly bar. Ogluň ata münen bolsady, myradyna ýeterdi, eşege münen bolsady, bagty çüwerdi. Poha batan bolsady, baýlygy-döwleti artar diýerdim. Ogluň ýüzüne siňek gonupdyr, eýsem-de bolsa, haram siňegiň gürre öreni amat. Hudaýa alkyş oka, gelin jan, ogluň töhmetden dynar. Gyssama meni, rehimiň insin. On iki süňňüm buza döndi, otjagaz ýakyp ber maňa. Dyrnaklarym gök nil, ganym doňdy. Ogluňa diýip, Hudaýa alkyş okaryn, alkyşym Alla jana ýeter. Alla sizi penasynda saklar... Atanyýaz eşek berse, eşek münüp daga gitsem, Dagda gala bar, galanyň gapysy bar... Düýşüň ýorgudy Sonanyň howsalasyny artdyrdy, Ýene bir gün geçdi, Eşret dolanmady. Akmyrat ýakymsyz habar getirdi. Bolan wakany gözi bilen gören adamyň beletliginde beýan etdi. Gökdepäniň gaýra tarapynda çelteklerden bir ýetim ýigit goýun bakyp ýören. Iki sany ýemreli gelýär, ikisi-de jahyl. Aýaklarynyň astynda uçganaklap duran at, demleri ýer ýarýar. «Bu meýdanda näme işläp ýörsüň, porsy teke?» diýip, ýetimiň üstüne çöwjäberýärler. «Mal bakýan». «Kimden rugsat alyp bakýarsyň?». «Allatagalanyň ýaradan ýalançysyna Allanyň emri bilen inipdiris, biz onuň bendesi, rugsat Alladandyr». «Takal okama-da, garasy saýla şu ýerden». Çopanyň haýal-ýagallyk edenini görüp, jahyllaryň biri inderýär onuň depesinden gamçyny. Ýetimiň gany beýnisine urýar. Elindeki taýak bilen berýär ýankynyň çat manlaýyna. Jahylyň patlap bäbenegi çykaýypdyr. Ýoldaşy zut gaçýar, namart ekeni. – Ýemreliler ýöne ýatmaz, arymyzy alarys diýipdirler. – Akmyrat dawa-jenjelden çekinmeýän adamyň äheninde gürleýärdi. – Ýemrelileriň gazak diýen tiresi bar, han çykýan tire, iki jahyl şol tireden diýdiler. Degmesinler-aýt, ýetim çopan bilen ne işleri bar, gitsinler-de, süriniň eýesine diýsinler. Olarda han çykýan tire bar bolsa, bizde batyr çykýan tire bar. Sona käýindi. – Hany-da gursun, batyry-da! Harçaňlaşyp ölmüşler, birek-birege topulmaly bolanda, bularyň gamçysyndan gan damýar. Taýlak; – Nedirguly hanyň ýanynda-da gazak taýpasynyň hormaty belentmiş – diýdi.– Nedirden beleň alýan bolmasynlar? Tagan molla maslahat salyndy. – «Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan», sabyrly boluň. Neneňsi bela-beter başa düşende-de, Allanyň ismi senanyzda bolsun. Biribaryň ýoluna sadaka aýdyň. Sona Hudaýyň ýoluna janly aýtdy. Atanyýazyň pikiri kabul kylyndy. Eşrediň giden obasyna adam ibermekçi boldular. Parahat gitmeli, parahat gelmeli, bolan ýagdaýy anyklamaly. Gelşiksiz ýagdaý ýüze çykaýsa, Eşrediň ýakyn hossarlarynyň ganygyzmalyk etmekleri ähtimaldyr. Galkan batyra derek Akmyrat gitdi. Bäş atla ýaşululyk etmek Aýhana tabşyryldy. Sülgün gotur elek-çelek gözlerini çygjardyp, paşyk burnuny çekip, Sona duýgudaşlyk bildirdi. – Kelek geçä haýwan diýjeksiň, owlagyny ýitirse, lägirip, adam barynyň ýüregine-bagryna düşýär. Haram eşek kürresini ýitirse, otdan-suwdan bizar. Haýwan şeýder durar-da, ynsanyň bolşuna bak. Wah-wah-wah, jigerbendiň başy agyrmasyn diý, olaryň başyna düşjek labyr daga düşsün, düze düşsün, gara daşa düşsün. Ak telpegi ak pamyk, gyrmyzdony gyzyl ot – bu ýigit kimkä janlarym diýip seredýän, gözüm çöňňelipdir, bir bakuwda tanamadym. Sona içinden käýindi: «Gözüň gapylaýsa bolmaýarmy, gözi çykmyş». – Golaý geldi, seretsem Eşret jan. Alaşanyň üstünde algyr guş bolup otyr, allaneme! Toýa gidip barşy ekeni. Şolaryň başynyň dikliginde ölmek saňa-da, maňa-da nesip etsin. Nesip eder enşalla. Sona: ogluma Sülgün goturyň gözi degendir diýdi, Eşredi beladan gutarmagyň aladasyny etdi. Tyllany Galkanlara iberdi, berk sargyt etdi: her et-hesip et Sülgün goturyň geýiminden bir bölek alman gelme diýdi. Tylla onuň bir taý jorabyny alyp geldi. Sona joraby tütetdi. – Tüssesi gözüni gapsyn, Sülgün gotur – diýdi, Tyllany gyssady. – Seredip durma-da, Sülgün gotura garga, gargaber, gözüň çyksyn diý. – Gözi çyksyn. – Meniň balama ýaman niýet bilen garan gözleriň bäbenegi eräp aksyn, Sülgün gotur! Tylla ejesiniň bolşuny geň görmedi. Hemişe ýalan sözden, ýaman gözden Hudaý sowsun diýýärler. Ýaman gözden gorag bolsun diýip, ejesi onuň boýnuna dagdan agaçly alaja ýüp asypdy, ýatsa-tursa ýüp boýnundady. Eşrede tahýa bejerende, tahýasynyň depesine doga berkidipdi, doga ony bela-beterden gorar öýdýärdi. Tylla Eşrediň gelmeýänini Sülgün goturdan gördi. «Iki ýüzli, iki sözli jadygöý, haýýar sen» diýdi. Sülgün gotura özüçe jeza bermekçi boldy. Betgelşik gurjak ýasady, syn etdigiçe gurjak Tyllanyň ýigrenýän Sülgün goturyna meňzedi. Köne alaçadan ýyrtyk köýnek geýdirip, ahyr ýaşda onuň horluga uçrajakdygyny göz önüne getirdi. Başatgyç deregine kellesine esgi bogdy. Kelek geçiniň hapa çöpründen ýasalan hüžžük saç Sülgün gotury ertekilerdäki jadygöýe meňzetdi. Paşyk burny betgelşikdi. Ýüzüne gazanyň garasyny çaldy, betniýet adamyň ýüzi gara bolmalydyr. Soňra Sülgün goturyň gözüne temen sançdy. – Iki gözüň kör bolsun, ýer sermen! Tyllanyň ynanjyna görä, temen her sanjylanda, Sülgün gotur awusyny duýmalydy. Ol heleý mazaly awunmasa, günäsini duýmaz. – Awun, awun... öl, ýaryl, böwsül!.. – Gurjagyň iki gözüni deşim-deşim etdi. – Öýüňde naçar gyrnak sakladyň, zulum berdiň, ezýet berdiň. Haýsy ýurda ýitirim etdiň naçary? Awun, awun!.. Seni gara ýeriň göterip ýörenine haýran, naçaryň gözýaşy baýnatmaz. Atam dowaryny bakýar, atam düýäne seredýär. Atama çopan hakyny bermezmin? Bermesen, düşek aşyna ýarasyn, awun, awun!... Tylla ýigrenji gurjagy oda atdy, ýaşyl tüssä gaplanyp, ýanyp ugranyny görende, Sülgün goturyň wehimini tamam saýdy. Gidenler bilen doganynyň dolanjagyna halys umydygär boldy. Gidenler dolandy, Eşret ýokdy, ýemreli ýigit Oraz bardy. Aýhan Salyh çopana habaryny aýtdy. – Toýuň eýeleri Eşretden bihabar, Eşret toýa barmadyk bolara çemeli. – Hakykat barmady. Eşrediň barmadygyny dilim bilen aýdaýyn diýip-de gaýtdym, teke garyndaşlar. – Gapa ýygnanan adamlar egin-başy pukara, ýüzi açyk ýigide iňňän gyzyk bilen, ýöne biraz şübheli garadylar. Ýigit şübhäni aňan bolsa gerek, agyr töhmeti başyndan aýyrjak bolýan dek, erjellik görkezdi. – Hudaýlygymy sözläýin, Gurhandan ant içýän. Adyma Oraz diýýärler. Eşredi çagyran-da men. Dumly-duşdan myhman çagyrmaga ýagdaý ýok, at çapdyryp, owlak gapdyrmaga elim ýuka. Teke ilinde ýalňyz dostum bar, şona welin aýdaýyn diýdim. Bildir1 Eşret biz ile bardy, bugdaý alarman diýdi. Bir gije oraçamyzda gonak boldy, ýeketirsek2 oturdyk, duz iýdik. Sapary zyýat boldy, keçesini galla çalyşdy. «Halyýaran palasym bar, şuny sen al» diýdi, palasy-da men aldym, garyp oraçamyň bezegi şol palas. Garnybir dogan bolmasak-da, janybir dost bolduk. Eşret toýuma geljek diýipdi, gelmedi, teke dostumy ilime görkezjekdim, bolmady. Äý, heýwere keýpsiz galdym. Başy sag bolsa, bize geregi şol, toý diýeniň ýene bolar durar diýdim. Gowuş3 ekiljek peli agdaryp durdum, başymy galdyrsam, ýygynçak atly gelýär. Hoş geldiňiz, gonak boluň diýdim. Ýaşuly habaryny berdi, horlugym tutdy, bokurdagymdan suw geçmed-ow, pis boldy. Men sizden galmaryn, bile giderin diýdim, ýaşuly ýör bäri diýdi. Ine-de geldim. – Oraz dowam eden agyr dymyşlykdan gorkdy. Adamlar geplemän dursalar, olaryň kalbyndaky ymamsyzlyk, şübhe gutarmaz diýdi. – Teke garyndaşlar, göwnüňize garalyk gidýärmi, diýiň, doganlar, çyraýly ýüzüňizi görkeziň-ä, horlamaň-da meni. Eşrediň hossarlaryndan rugsat bolsa, özüm-de onuň gözlegine çykjak, dag aşjak, düz aşjak, ýurt aşjak. Galkan onuň sözüni böldi. – Eşrediň aladasyny saňa ýetirmejek bolarys. Gürlempaçlyk4 etme-de, ogul, sen tiräňi aýt. Tiräňi eşideli, kimdigini aýdarys. Gazakdanmy? – Gazakdan-a däl. Galkan gyssady. – Dürs aýt, gazak bolsan, dänjek bolma. Oraz aljyrady, ýöwsel ýylgyrdy. – Gazak bize girenok – diýdi. – Biz gumlular, gazaklar dagly, ýemreli iliniň iki taýpasy bar: dagly, gumly. Men gumly taýpasynyň gara goýun tiresinden. Ýaşulymyz Öwez Ýolbars. Akgasy pälwan bolan. Mazanderanyň jeňňelinde gaplaň bilen-de garpyşan adam. Galkanyň diýeni bolmady, ol Akmyradyň getiren habary bilen Eşrediň dolanmazlygyny bir ýüpe çatyp goýupdy, gazak taýpasyndan diýerine näler garaşypdy. Bady gaçdy. Burnuny ýellendirip, ajy ýylgyrdy. – Anyklarys, aýgydyna ýeteris – diýdi. – Saňa hä diýenimiz bilen derdimiz ýeňlänok. Eşret ýemrelileriň çakylygyna gitdi, dolanmady, ýitirim boldy. Gepiňiz bilen etmişiňiz gawryş5 gelse, iş bulaşar, gowusy, Eşret aman-sag tapylsyn diý. – Tapylsyn, tapylawersin. Oraz: Eşretden derek çykaýmasa, bular meniň söwüme ynanmazlar diýdi, janygyp duranyň haýry ýok. Janygdygyça duranlar ony şonça-da ýazykly saýýarlar, günäsini ýeňletjek bolýandyr öýdýärler. Gowusy, gepleme, gözleriniň öňünden garaňy saýla. – Mende gaýry gep ýokdur. Ol rugsat berlerine garaşdy. Salyh çopan: – Sözüňi jaýdar gördüm, bolsa-da sadykly6 ýigit bolara çenin, bar – diýdi. – _______________ 1 Bildir – geçen ýyl. 2 Ýeketirsek – ýanaşyk. 3 Gowuş – mal oty üçin ekilýän jöwen. 4 Gürlempaçlyk – köp geplemek. 5 Gawryş – ters. 6 Sadykly – ugurly, idili. Ýol söküp gaýdypsyň, ýagşy edipsiň, Hernä, ömrüň uzak bolsun, ýanýoldaşyň bilen döwletli ojagyň başynda agzybir ömür sürmek nesip etsin. Öýe gir, duzumyzy datman gitme. Garaşylmadyk merhemet Orazy pagyş-para eredeýdi, bogazy doldy. – Yssy sözüňi eşitdim, bolaýdy, ýaşuly, duzuny dadança boldum. Aýyplaşmaň, gyssagym özüm bilen. Duruna ýetsem, tanyş-biliş bar, ideg-sorag edilse... ynjalyp oturar öýtmäň, habar tutarys, meniň-de gözlegim Eşret bolar. Ýolda iýerlik owkady Orazyň horjunyna saldylar. Adamlar indi neme umyt baglajaklaryny bilmediler. Sona olaryň ýere seredişlerinden gorkdy, dommarylyp oturyşlary alaçsyzlygyň alamatydy. Olar ýas ýerine ýygnanan adamlara meňzäp barýardylar. Nurýagdy tüý basan eňegini gaşap: – Men-ä bir telpegi agan, Hudaý uran, heleý tapman armanda – diýdi. – Bi Eşrede näme diýersiň? Boý ýigit, gyzlaryň seresini saýlap biljek. Gahba pelegiň oýny gursun. Her kim hezil güne garaşyp, umydygär. Diriň arzysy ýok. Ölsem, oba ýygnanar, aşymy-suwumy bererler. Iki-ýeke «waý, dogan» diýip, maňlaýyny çägä oýkajagy-da tapylar. Men başga ýörelge salgy berýän, näme hormatyňyz bolsa, diýýän, şony dirikäm ediň. Öýlendiriň, dirikäm arzylaň, ölen günüm meýdana zyňaýyň. Makul bilenoklar. Zyňmagy namys bilýärler. Häzirki bolup ýörşüm bagaja namys dälmidir?! Bi dünýäden heleýsiz öteniň ol dünýäde jaýy jennetde bolmaly diýýärler. Men ynsaply söwda etjek. Heleý tapyp berene, jennetdäki ornumy berjek, bermedik – it ogly. Bäş günlük ýalançynyň ýeke keýpi bardyr, ony maňa aýtdyrjak bolup oturmaň, siz. Eşret şol keýpden datmadyk oglan. Äý, akmaňyz gelne mynasyp ýigit. «Nurýagdy, ikimiz goşa toý ederis» diýerdi neressäm. «Agzyňdan hudaý eşitsin, Eşret jan». Başga näme diýeýin! Göwresi ýumruk ýaly, gözleri ýiti, ýuka dodaklary kentlewügine ýelmeşip duran Umsa agzyny pakgyldadyp, gujur bilen: – «Bendäm-bendäme sebäp» diýleni, Döwlet jana sebäp bolan Eşret jandyr – diýdi. – Ýarasy ýaman boldy balamyň, simläp, azar ýamanyny berdi. Goňurlardan tebip getirdik, bilmez tebip jan alar, heýden-de ajalyna sebäp bolupdym balamyň. Hasap guşumydyň sen, perişdemidiň sen, alaçsyzja otyrkak Eşret jan baraýdy. Biz onuň tebipliginden-de bihabar. Neressämiň aýagyna ot ýapyşaýdy. «Ýegmal oty ýara ýanaşdyrmaly däldir, haýsy akmagyň işi?» diýip jibriniberdi. «Melhem ýapjak, haýry deger, öz elim bilen ýasan melhemim» diýdi. Gara melhem ýapdy. Wah, diliniň süýjüligi bir ýigide degýärdi. Balamyň jany ýerine geläýdi, guzy ýaly ýatyp ukusyny aldy. «Eşret jan, ömrüň uzak bolsun» diýdim. Görner-görünmez bela-beterden daş edewersin. Taýlyk seleň telpegine ýapyşan çöp-çalamy ýekän-ýekän aýryp otruşyna: – Häý, özi, Nediriň kellekeserlerine sataşmadyk bolsa-da biridir – diýdi. – Hüňkär ýaňadan döredi, ägä bolunmasa, tekäniň bagty ýatar. Men göwnüme jaýlaman gep aýdýan adam däl, aýdan gepim ugrundan barýandyr. Arkaçda tekäniň sany artyberse, ýemreliniň, ýazyryň gabanjy artar diýýän men dälmidim? Mendim. Paýhas bilen garamaly, akyl terezisinde çekip görmeli. Enwalla, Eşret neresse şer arap ýörenleriň girisine düşendir. Sona çydamady. – Ölmedik çagany öldürjek bolup azara galman – diýip, käýindi. – Dyzymda deramat galmady. «Neresse-de, neresse», agzyňyzdan haýyr açyn, toba diýiň! Beýle täleýini ýamana tutar ýaly, Eşret ejize ganymlyk etdimi, Allanyň öňünde ýazygy barmydy?! Adamlar dargady. Gün ýaşdy. Garaňkylyk gara dagyň gaýalaryndan aşak inip, Sonanyň intizar garaýan ýol-ýodasyny görer gözden gizledi. Ol degre-daşyny dag gurşap alan kysmy, özüni gabawda duýdy. Garaňkylygy dag saýdy, oňa arzyny aýtdy. «Ärim saňa diri gitdi, maslygyny gaýtardyň, gara dag, bagyma hazan ýelini çaldyrdyň, çagalarymy ýetim goýduň, doýmadynmy, dolmadyňmy! Jahyl oglum toýa gitdi, gülüp-oýnap gitdi, ýoluny kesen senmi, gara dag! Seniň önünde oglumyň ýazygy nämedi? Çagama rehimiň insin. Eşrediň başyndan inderjek gara daşyny, meniň gara başymdan inder, gara dag!». Sona adamlaryň kejirligine haýran galdy. Daga ýanaşyp oňňullyk görenoklar. Dagdan ýagy inse, çöle gaçyp başyny gutarýarlar. Çöl bir Hydyr gören meýdan, dört ýanyn açyk. Malyny bak, gününe kaýyl bolda geziber. Ony edenoklar, perwana oda topulsa, bular daga topulýar. Ýene süsdürilip geldiler. Gara dag Sonanyň gözüne keserilip ýatan ýuwdarha bolup görünýärdi. Häzir gara daga gargyş etmekden çekindi, onuň gara güýjünden çekindi, entek kalbynda oglunyň dolanjagyna ynam bardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |