16:19 Gara ýyldyrym -6/ romanyň dowamy | |
6.
Taryhy proza
Ýemreli ýigidiň toýuny toýlamak Eşrede miýesser etmedi, ony ýolda ele saldylar. Ol obadan ir çykypdy. Gök asmanyň durulygyna, jahan ýüzüniň tämizligine hezil edip barýardy. Dem almak ýeňildi. Topraga ýyly gideni, jan gireni bildirýärdi. Temen ýaly dürterlişip, gök ýylaklar çykyp gelýärdi. Howanyň arassalygyndan ilerdäki daglaryň ýüzi aýyl-saýyldy, başynda duman ýokdy, başynyň gary köpdi. Eşret ak gary gara daşlaryň üstüne atylan ak ýapynja meňzetdi, ýapynjanyň etekleri derelere inýärdi. Gara daglar hemişe Eşrediň gapdalyndady, olar häli-şindi göze-de ilip duranokdy, göze iläýende-de, Eşrediň olarda ünsi eglenmezdi. Häzir daglar Eşredi bendi etdi! Gara ýeriň binýadynyň berkdigini oňa daglar aýtdy. «Siz öten-ge çeniň şaýady, daglar – diýdi. – Siz Görogly begi görensiňiz. Görogly-da dünýäde başyny belent tutup geçipdir, Görogly bu häsiýeti sizden öwrendimi?» Eşrediň göwni galkdy, daglar ony belende, seýrana çagyrdy. «Gel, ikimiz syr alyp, syr berşeli. Syr saklamagy adam gara ýerden, gara daşdan öwrenýär. Biz-de Zyba atly näzenin maşgalanyň yşgynda däli-diwana. Mejnun diýen birisi yşgyň heserinden däliräp, çöle çykanmyş diýýärler. Däli-de bolsak, il-güni terk edip, çöle çykma hyýalymyz ýok. «Gyz bilen duza gytçylyk ýokdur» diýýändirler, biz ony diýmeris, «sen bolmasaň, senem jan» diýjek zaňňary başga ýerden gözlegin. Tutan ýerini goparmasa, Eşret ilen-çalana ýazylganlyk bermez, şuny saňa aýdýan, gara daglar, gulagynda bolsun». Ol ak başly, gaýalary arçaly dagy syrdaşy ýaly mährem gördi, özüne, iline pena tutundy. «Biz-de saňa dahyllydyrys, daglar, sarna diýseň, sarnap biljek. Gara daşlaryna Görogly begiň dabany degen bolsa diý, salkyn saýaly derelerinde dem alan bolsa diý, serçeşmenden, akar bulagyndan Gyratyny ýakan bolsa diý, gaýalarynda aýrak awlan bolsa diý, saňa başga merk gerekmi!». Häzir dawa-jenjele, gep-gürrüňe maýyl bolasy gelmedi, ol toýa barýardy. Ýekeçynarda, ýemreli obasynda ýaşaýan Oraz atly göwnaçyk, türkana ýigit ony toýuna çagyrypdy. Ganymy toýa çagyrýan däldirler, toýa dosty çagyrýandyrlar. Eşret bu çakylyga buýsanýardy, buýsanjyny Galkana-da duýdurdy. Galkan unamady, Galkan müňkürdi. Eşrediň göwni açyk. «Göwnaçyk toýa barar, aş iýer, müňkür binesipdir, daş iýer». Bu gün Eşret Orazyň toýuna barýar, nesip bolsa, erte Oraz Eşrediň toýuna geler. Bu gün Eşret ýeke gaýdan bolsa, indiki çakylyga dost-ýarlary bilen gaýdar. Ol gün ýaşanda Durna ýetdi, nätanyş ýaşulynyň öýüne Taňry myhmany boldy. Ertesi, gün depä galanda atlandy, alaşanyň ýüzüni günorta tarapa, dag etegine öwürdi. Gumaksy, ýumşak ýere toýnagy öwrenişen janawar dag eteginiň beýikli-pesli, çagylly-daşly ýodalaryny ýokuş gördi. Sil suwunyň getiren daşlaryna büdüreýärdi, soňra säwligini düzetjek bolup, bir bada yhlas bilen ýorgalap gidýärdi. «Gaýrat et, alaşam, dag ýoly daşly bolýandyr, daşdan heder etmegin, aslyňa guwan, aslyň Gyratdyr». Durun aglaba ýazyrlaryň mesgenidi. Aýhan aga: «Garadaşlylar Ýazyrhanyň neslidir, Ýazyrhanyň özi-de Oguzhanyň ýigrimi dört agtygynyň biridir» diýerdi. Ýigrimi dördüň arasynda tekäniň ýokdugyna Galkan kemsinerdi. «Teke-de bolmaly, sen bir sany kemän bolma, ýaşuly, ýa-da saňa nädürs aýdypdyrlar. Aýdan adama ýalan sözleýärsiň diýmeli ekeniňiz. Teke uly il bolup otyr, ýaýrawy giň. Asmandan gaçmadyg-a belli. Könä beletligiň çyn bolýan bolsa, ýaşuly, sen tekäniň aslyny dürs aýt bize». Aýhan aga Galkanyň nadaralygyna darykmazdy. «Teke iliniň asly Salyr Gazandan gaýdýandyr. Bir rowaýata görä, Salyr Gazan Eýrana baranda, owadan, pälwan gyz bilen göreş tutanmyş. Gyzyň şerti bar ekeni: kimde-kim meni göreşde ýykyp bilse, şol pälwana-da barjak diýenmiş. Salyr Gazan pälwan gyzy ýykypdyr, şoňa-da öýlenipdir. Olardan ösňän nesle tekeler diýipdirler diýen gürrüň könelerden galypdyr». Bu rowaýat Galkan batyry dälirederdi. Hamala, rowaýaty Aýhan aganyň özi toslap tapan ýaly, onuň üstüne sürnerdi. «Sen-e biziň işimizi gaýtardyň, ýaşuly. Aýtjagyň şuňa meňzeş ters gürrüň bolsa aýtma, könesi-de gerek däl, täzesi-de. Eýran diýdiň, ýene bir ger diýdiň, sen bizi gyrnakdan doglan etdiň goýaýdyň-la. Bize şonuň salyry-da derkar däl, gazany-da. Kimi heleý edip alsa, ol öz işi, eýsem-de bolsa, bu ýere tekäni goşma. Özüň teke halkyna gyrnakdan bolan diýmäge neneň diliň barýar, ýaşuly!». «Inim, Galkan, dargursaklyk etme, gyrnak bilen beýlekiniň tapawudy bardyr. Eýrana gidip pälwan gyzy ýeňen bolsa, şertini ýerine salyp öýlenen bolsa, beýle halatda ona gyrnak alypdyr diýmek aýypdyr. Gyrnak diýýärsiň: ol gyz alamana gidende sana olja düşdümi? Sen ony süýräp getirip, bazarda satdyňmy? Öz ýurduňda ýaşap ýören maşgala gyrnak bolýarmyşmy?». «Asly pürsiýan boldugy – gyrnakdyr! Ýaşuly, sen ters rowaýat aýdyp-da, tekäniň sünnüni hapalajak bolma. Saňa namys däldigini bilýän, sen gyrnaga öýlenen adam, süňňüň pes. Sen rowaýat aýdyp, bizi özüň bilen deňeşdiräýjek ekeniň-dä, hä diýmeris, öleris, hä diýmeris!». Adamyň çig süýt emip ulalandygy sähel ýerde bildirýär duruberýär. Şu gürrüňi ýatlady welin, Eşrediň kalbyna agyrlyk aralaşdy. Galkan batyr Eşrediň garyndaşydy. Galkan batyryň dädesine Abraý batyr diýer ekenler. Ol Eşret çagaka ölüpdir, öz ajalyna ölmändir. Uly Balkan bilen Kiçi Balkanyň aralygynda, kerwen ýolunda öldürilipdir. Her hili gürrüň bar. Bir gürrüňe görä, ol Hywa barýan agyr kerweni talajak bolupdyr. Galkan batyr tersine aýdýardy: dädesi kerweni garakçylardan goraýar ekeni. Ýanlarynda Abraý batyr barka, täjirleriň gorky-ürki ýadyna düşmändir, nire howply bolsa, kerweni şol ýerden sürüpdirler. Ölse-de, garakçylary paýhynlap ölüpdir, kerweniň burnuny ganatmandyr. Eşrediň ejesi Sona bu sözlere, kes-kelläm, ynanmazdy. «Abraýyň tohumy oňly işiň gyrasynda görünmez, tohumy mürt bolsun bularyň – diýip, käýinerdi. – Biziň bagtymyza baran ýagdyran şolar dälmi. Olardan bize garyndaş bolmaz, ganhordur olar». Gargyşyň sebäbi bardy. Abraýyň dogany Salyh çopan. Salyhyň ogly Gurban. Gurbanyň ogly Eşret. Eşrediň dädesi Gurbany Galkan batyr alamana alyp gidýär. Oljadan geçen, Gurbanyň maslygyny ata ýükläp gelýärler. Eşrediň ejesi heniz-de Galkanyň gapysyndan baranok. Olaryň tiresi – «sallahlar». Bu adyň nireden galandygyny diňe Eşrediň atasy Salyh çopany dogran Towşan eje bilýär. Ýumruk ýaly kempiriň ýagty ýalançyda ýaşap ýörenine ýüz ýyl boldy. Indi-hä akyl-huşy-da galmandyr. Ýany-ýaňylar-da «Ezraýyl meni ýadyndan çykaraýdy öýdýän» diýer oturardy, indi diýenok. Towşan eje çowlugy Eşredi özüne juda ýakyn tutardy, ynandyrdy. Oňa tebipçiligi öwretdi. Huşy ýerindekä, tireleriniň taryhyny aýdyp berdi, ýeke gezek aýdany bilen oňdy, soňra hiç mahal gaýtalamady. Enesiniň gürrüňi ganynyň gatançsyzlygyny mazamlaýan Galkan batyryň magtanmasyna çapraz gelýärdi. Bir mahal tekeleriň serdaryna Gara Balkan diýen ekenler. Was diýen ýerde ýaşapdyrlar. Soňabaka suw ýetmezçiliginden kösenip başlapdyrlar. Tüni derýanyň suwy ekine-tikine ýetmändir. Wasdan göçermen bolupdyrlar. Amyderýanyň boýlaryna göçüp gelýärler. Ýöne welin, ikä bölünmeseler bolanok. Bir bölegi Amyderýanyň boýunda galýar, beýlekisi Owganystana gidýär, olary Tara Balkan alyp gidýär. Gara Balkanyň Aýdan yşnakly, Günden zyýat gyzy bolanmyş. Şol gyzy owganyň patyşasy özüne aýal edinip alarman bolýar. Sawçy iberýär. Gara Balkan patyşanyň raýatyndaky adam. Ýok, diýse, patyşa goşun sürüp geljek, zora ýanajak. Patyşa bilen söweş ederden Gara Balkanyň güýji asgyn, ili bölek. Ol hile-mekirlige ýüz urmasa bolanok. Öňi bilen, juda çökder galyň saljagyny aýdýar, sawçylar biz razy diýýär. Gara Balkan toýuň sähedini belleýär. Gelnalyja kyrk atly gelsin, üsti kejebeli kyrk maýa gelsin, her kejebäniň içinde-de bir gyz otursyn diýýär. Diýeni bolýar. Üç günlük ýol geçip, bellenen güni gelnalyjy gelýär. Gelenler dem-dynç alsyn diýýärler, öýlere bölüşdirip ýatyrýarlar. Gije erkekleri gylyçdan geçirýärler, kyrk gyzy alyp, patyşanyň ýurduny taşlap gaýdyberýärler. Teke ili Balkana gaýdýar. Şol mahal Garamyrat diýen garyp adam bolan. Alty ogly bar ekeni. Altysy-da ýetişipdir. Olara sallahlar diýýän ekenler, mahalynda öýlenip bilmändirler. Garamyrat pakyr Gara Balkanyň ýanyna baryp, «meniň ogullarymy sallahlykdan dyndaraweri» diýip ýalbarypdyr. Gara Balkan onuň ogullaryny owgan gyzlaryna öýlendiripdir. Olar sallahlykdan dynsalar-da, il-günüň goýan adyndan dynyp bilmändirler. «Akyly çaşan kempir bulaşdyryp otyr – diýip, Galkan batyr Towşan ejä käýinýärdi. – Bihepbe gürrüň bosagadan aňry çyksa, öňi bilen şu kempiri, ho-ol, ilerki dagyň gowagyna zyňyp gaýdaryn, bolgusyz ertekisini o dünýäde aýdyp bersin». Galkanyň oda düşmesiniň başga-da sebäbi bardy. Ejesi Sülgün gotur Galkanyň aýaly Gyrmyzy bilen sögüşipdir. Gyrmyzy gaýyn enesini kezzaplykda aýyplapdyr, Sülgün gotur: «Lal açyp otur» diýipdir. Gyrmyzy lal açyp oturjakmy diý. «Siz meni aldap alypsyňyz, biz ig diýip ýalan sözläpsiňiz, siziň süňňüňiz pes ekeni, biz – ig, siz – ýarym. Ýalan sözüň jezasy bardyr, Alla göz görkezer. Musulman bendesi syrat köprüsinden geçmelidir». Towşan ejäniň gürrüňi bir ýerden Gyrmyzynyň gulagyna degen bolmaga çemeli. Galkan Gyrmyzyny it ýenjen ýaly ýençdi, tultuk suwuny çykardy. Her depende, her gamçy uranda, bir sözüni gaýtalaýardy: «Diýermiň ýene! Diýermiň ýene!». Gyrmyzyň-da erjelligine haýran galyp oturmaly. Gamçynyň awusyna döz gelip, ýatan ýerinden gygyrýar: «Böwrümiň gymyldadygy – diýdigimdir». Eşret gara dagy ýassanyp ýatan baýyrlara ýetdi, içine girmedi, etekläp sürdi. Alaşanyň gerşini, ýalyny sypady. «Gaýrat et, Gyratym – diýdi. – Alaşa-da bolsaň, janawar, seni Görogly begiň Gyratyndan kem görýän däldirin. Üstüňe münüp sapaňy görýän, ýola çyksam wepasy görýän. Sen bir mysapyr janawar. Bagyň gülünden otar diýip, ýa-da bolmasa, şerbet balyndan suwar diýip, toýnak salyp duraňok. Men-de saňa etmejek hyzmatymy aýdyp, ýalan söz bilen garyp göwnüňi awlajak bolmaýyn. Saňa körpe iýdirjek diýsem, hany, mende körpe barmy? Her menziliňe on jam arpa diýsem, hany, mende arpa barmy? Boljak zady aýdaýyn, alaşam, şu sähranyň oty, sowuk suwy sana arzan bolsun. Zyba ikimiz seni hor etmeris. Zyba diýsem, kim ol diýen bolup gulagyny hekgerden bolma. Zybany bilmezmiň sen. Bilýänsiň, arman, janawar, diliň ýok, diliň bolsa aýdardyň. Geçen ýyl Aýhan aga çomuç getiripdik, hä-ä, ýadyňa düşdümi? Gapylaryndaky gazyga baglapdym seni. Şonda kim saňa iým berdi, agzyna torba geýdirdi? Zyba! Aýhan aganyň ýeke gyzy, mydary, jansöýeri. Sen akmak haýwan däl, bada-bat düşünensiň bir zada: her bir gapydan geleniň ýabysyna öýüň dulunda oturan uly gyz iým berýän däldir. Ýorgaja alaşam, ikijigimiz ömür ahyr bolýança aýlansak-da, ýagty ýalançyda Zyba kimin asylly, Zyba kimin owadan, Zyba kimin nepis gyza duşmarys. Biziňkiler Zybany gyrnakdan bolan diýýärler. Zybany dogran gyrnagyň gurbany bolaýyn! Zyba gyrnakdan bolupmy, igden bolupmy, biz oňa darygmaýas. Bize amaty-da bar. Aslynyň igdigine gabarylyp ýören akmaklar Zybany diläp, Aýhanyň gapysyndan barmazlar, peslik bilerler, bize geregi-de şol. Bu toýda başga tomaşa bolar, biziňkileriň bolşuna seretgin, ýarym gyrnaga sawçy ibermek olara-da ýaramaz. Galkan batyr kes-kellem garşy bolar. Erkek tohumy özdiýenli bolýar, bir ynanja uýsalar, olary raýyndan gaýtarmak hylalladyr. Galkana aňry otur diýse bolar, maňa hökümi ýörär ýaly, ol meni dogurdymy diý, idetdimi diý. Ejem üçin-ä Galkan aýtdy-aýtmady tapawudy ýok. Gep ejemiň razylygynda. E-eý, eneň bilen dil tapsa bolar-la... Alaşam, gaýrat et, Zybanyň elinden iým iýjek pursatyň daş däldir. Zyba Tyllanyň jorasydyr. Gapdalyndan geçenlerinde haýwanlygyny edip, boýnusy sallap durmagyn, adam ýaly seretgin. Seretseň, Tylla biperwaýdyr, saňa üns bermez. Zyba welin, saňa garaman geçmez. Garaýşynda yssy mähir bardyr. Öz erkine bolsa, sowlup, maňlaýyňdan sypap geçerdi, Tylladan çekiner. Şo pursat haýwan-da bolsaň, pikir etginiň, bäh, munuň atyna beýle mähir bilen garaýan gyz eýesini görende nädýärkä diýersiň. Wah, janawar, sen haýwan-a, sen ony adam ýaly duýup bilmersin, ony ynsan biler, ony men bilýärin!.. Eşret daşyny aldyranyny bilmän galdy. Üýtgeşik bir güpürdi-tapyrdy-da bolmady, zordan aýňalmaga ýetişdi, görse, alty atlynyň ortasynda dur. Ediljek ýagynyň üstünden geläýen ekeni. – Ýeriň teýinden çykdyňyzmy, haw, siz kim? Eşredi alaşadan agdardylar, şatyrdadyp elini arkasynda daňdylar, bilindeki aksaplyny sogrup aldylar. – Duruň, haw, meniň nirä barýanymy soraň-a, beýtmäň. Iki öwre Eşrediň içine depdiler, demi tutuldy. Soňra ony hylçyldadyp eýeriň üstüne zyňdylar. Aýagyny üzeňä ildirip, alaşanyň garnynyň aşagyndan ýüp geçirip, biri-birine baglap goýdular. Ak telpegini ýerden göterip, horjuna dykdylar. Olar juda çakgandy, her kim etmeli işini öňden bişirip goýan bolsa-da ähtimal. «Bular meni tokly güýlen ýaly edäýdiler». Eşret alaçsyzlygyndan iki çigniniň etine agyz salarly göründi. «Heý, bu golaýda adam-gara ýokmuka?». Baýyrlardan gaýrak düzlük meýdandy, janly jemende görünmedi. Alaşanyň boýnuna syrtmak saldylar, ýüpüň ujuny pessejik ýabyly, gara sakgal adam aldy. «Bularyň meni äkitjekleri gaty çyn, heý, bularyň gepe düşjegi ýokmuka?..». Eşret eýeriň üstünde sem oturyşyna, heşerlenişip duran atlylara göz aýlady. Alagöz, agajet, rehimsiz adamlary gördi. Olary biri-birinden tapawutlandyryp bilmedi, olaryň meňzeşdiklerine haýran galdy. Çüri eňekli, egri burunly süýri ýüzleri keçe telpekleri bilen bile biten ýalydy. Ogurlyga gelnen dek, hiç kimden ses çykmady, olaryň töwerekden ätiýajy bardy. Gapdalda duran atly beýlekilere azm urdy. Eşret onuň sözüne düşünmese-de, äheňinden howlukdyrýandygyny andy. Onuň aty daýanyklydy, july täzedi. Soky ýaly zömmek telpegi baganadandy. Burny ýogyndy, murty gürdi, eňegi taýpy ýalydy. Ol Eşrediň ýüzüne garamady. – Baştutan bolsaň, gulak goý, sözüm bar... Eşrede itmi sen hem diýmediler, alaşany orta salyp, iki baýryň arasy bilen daga tarap tutduryberdiler. – Men meýdanda gezip ýören mal däl-ä, men adam, haw. Tagapyl ediň, diliňiz lal açmadyk bolsa, sözleşeliň. Bi bolşuňyz namartlyk bolýar. Käşgä doganyňyzy, uýaňyzy süýrän bolsam... Siz bigünäniň üstünden düşdüňiz. Yzdan gelýän atlynyň awuly gamçysy Eşrediň egninden indi, Eşret gaňrylyp sögündi. – Eý, seniň-de bir doganysy... Maňa gamçy urmaga ne hakyň bar, suwsamda suw, ajygamda nan berdiňmi? Namart adamlar siz. Adam derisine giren bir topar syrtlan. Gaýratly bolsaňyz, çykalyň, är dileýän1. Basylsam, wah diýmäýin, öldüriň, etimi iýiň. Öňdäki bagana telpekli atyny kese durzup, ýoly baglady. Haýbat bilen madyrdady, sesi-de burny ýaly ýogyn ekeni. Eşret onuň diline düşünmedi, ýene umyt bilen garaşdy, elimi çözerler diýdi. Iki atlynyň hersi bir gapdaldan gelip ony orta aldylar, ýarak it kysmy ýapyşdylar. Eşrediň agzyna ak mata dykdylar. Burnuna deriň porsy ysy urdy, diline ýagjymak kiriň ajymtyl şory degdi. Eşret ögedi, tas gözi hanasyndan çykypdy. Ilki bada demi ýetmän, boglup ölerin öýtdi, gözi ýaşardy. Hernä, ölmedi, burnundan alýan demi ýetişdi, ýene owurdyna dykylan zat juda gabady, eňegini owradyp, äňini ýazdyryp barýardy. Dili gömeýine sokuldy. Iň ýamany sülekeýe ezilen kirli matanyň şoruny ýuwutmakdy. Eşret özüne käýindi: «Ýeri, nadaralyk edip näme gazandyň, seniň diline düşünýän barmy diý. Keýinjek bolsaň, pelegiň oýnuna käýin. Başyňa ak telpek, egniňe gyrmyzdon geýdirdi, toýa diýip ýola çykardy, süýji arzuwlara maýyl etdi, göwnüňi göterdi, ahyry-da getirip, dile düşmez ýagynyň eline berdi. Ýaryl ýarylýan bolsaň! Arap Reýhan Göroglyny ele salanda, Gyrat Çandybile habar ýetiripdi. He-eý, gününe ýanaýyn, alaşam, men Görogly däl, sen Gyrat däl, ikimiziň gola düşenimizi kim bilsin? Olara adam-gara duşmady. _______________ 1 Başa-baş çykyň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |