16:38 Gara ýyldyrym -7/ romanyň dowamy | |
7.
Taryhy proza
Olar daglaryň jülgesini söküp gitdiler. Keserip ýatan gerişleriň gapdalyndan harabalyga sümlen ýylan dek ökdelik bilen sowlup geçdiler. Eşrediň alaşasy ýygy-ýygydan büdräp başlady. Her gezek büdürände, yzdan gelýän atly ýaltanman gamçy inderýärdi. Alaşa tüwdürilip, eli-aýagy baglangy, sem oturan Eşredi bijaý silteýärdi. Pyçak sünjülýän ýaly, butda, çatalbada, oňurgada ýiti agyry peýda bolýardy. «Ýer ýüzüniň körpesi zil saňa nesip etsin, alaşam, eýsem-de bolsa, büdüremejek bolaweri, çydamok, süňklerim ýazjak». Gamçydan gypynç edýän janawaryň saňňyldap barşyny Eşret duýup otyr, duýanda nätsin. Pirini çagyryp, bir nagra dartanda iner ýüki urgany paýradyp goýberýän Görogly barmy diý. Ýöne bu zaňňarlaryň başlaryny galdyrman haýdap gidip oturyşlary juda geň. Olar gola salan adamlaryny Görogludyr öýdüp barýan bolmasynlar? Bu sowal halys Eşredi eýerläp mündi. Bularyň boluşlary kimdir bir adamyň kastyna ýörite çykyp gaýdana meňzeýär. Islegli adamy ele salyp, ony haç öýüne gowşurmaga howlugyp barýan bolmasynlar? Olaryň öte geçendiklerini nähili tär bilen duýdursa bolarka?.. Olar giň jülgä çykdylar, şor meýdanyň gyrasynda jylaw çekdiler. Pessejik ýabyly, gara sakgal adam Eşrediň agzyna dykylan esgini sogrup aldy, seňrigini ýygryp, hapa esgä seretdi, madyrdap bir zatlar diýdi. Eşret dile düşmese-de, onuň käýinýändigini aňdy. Gara sakgal eliniň tersi bilen esgini şor çaýryň içine zyňyp goýberdi. Bular howpdan ara açan bolmaga çemeli. Eşret gözüne urlan ýaly gygyranda-da, bu jelegaýdan onuň diline düşünip, oňa kömege ýetişjek ýokdur. Olar Eşrediň alaçsyzlygyna tomaşa etmegi küýlerine diken ýaly, gymyldaman oňa garadylar. Eşret äňini ýygnap bilmedi. Eňegini çalarak gymyldatdy, gulagynyň öňündäki süňkler agyrdy. Eňegim ýazan bolmasyn diýdi. Aýhan aganyň öýünde galypa geýdirilen köwüşler göz öňüne geldi. Agzyna galyp sokulan hokga köwüş bir günüň içinde esli giňeýär duruberýär. Seniň agzyň-da hokga köwşüň agzyna dönen bolmasyn. Eşret ýylgyrdy. Kepje eňek, agzy goçak biri gamçysynyň sapyny Eşrede tarap uzadyp madyrdady. Onuň gepleýşinde gabyrdy, töwerekden gabanyp süňk gemirýän itiň şowhuny bardy. Kepje eňegiň sözüne arkan-ýüzün gaýdyp güldüler. Diňe bagana telpekli, ýogyn burun adam gülenokdy. Beýlekiler onuň gülmeýäninden bihabardylar. Ýogyn burunyň ýowuz garaýşynyň özüne gönügendigini Eşret bada-bat duýupdy. «Meniň indiki görjek günüm şu adamyň islegine bagly bolsa gerek» diýdi. Oňňullyga garaşmady, ýöne ýeke-täk umydyndan el götermedi: olaryň ýalňyşandyklaryny düşündirmeli, Eşret olara dahylly adam däl-ä, Eşret toýa çagyryldy, bu mahal toýda oturmaly! – Gardaşlar... türkmeniň diline düşünýäniňiz barmy? – Eşrediň eňegi şakyrdady, ol ýogyn burnuň göreçlerine garap dowam etdi. – Meniň ýazygym näme? Günämi soraýan... Men alamana giden adam däl. Serdara ogşaýanmy, ol bolmasa, perraja ogşaýanmy? – aýdaňzok, diýeňzok, kişä gelişjek gylykmydyr eýse bi!.. Beýlekiler bagana telpeklä garadylar, onuň jogabyna garaşdylar. Eşrediň kalbyna ýylylyk aralaşdy, ýüzi ýagtyldy. Ol indi ýogyn burna diline düşünýän, özüne has ýakyn duran adam hökmünde garady. Emma ýogyn burun ýumşamady. Lal açan ýalydy. Ol atyny öwrüp, şor meýdana biten gamyşlyga, çöp-çalama tarap sürdi, baryp buşugmaga oturdy. Beýlekiler-de dyr-pytrak boldy. Eşrediň ýanynda diňe pes ýabyly, gara sakgal galdy. Ol ätiýaç bilen Eşrede seretdi. – Gaçman, gorkma. Gara sakgal haýbat bilen gylyjynyň dessesine elini ýetirdi. – Sakät şow1 – diýip gygyrdy. Onuň sesine buşugyp oturanlar ätiýaç bilen gaňrylyp garadylar. Kybladaky dagyň depesinde Gün göründi. Gara bulutlaryň arasyndan çykan Günüň ýalyn reňk şöhlesi ýitidi. Şöhle Eşrediň ýüzüne urdy, onuň gözlerini gamaşdyrdy. Giň jülge, älem-jahan gyzgylt şöhlä gark boldy. Birbada töwerekdäki zatlary saýgarmak Eşrede başartmady. Ol gözlerini gyrpyjakladyp asmana garady. Guýrugy gyzaran bulutlary gördi. Gara öýüň durlugyndaky deşiklerden geçişi ýaly, dagyň depesindeki bulutlaryň yşlaryndan geçýän kuýaş şöhlesi naýza kysmy gönümel zolak bolup jülgä direlýerdi. Agşamyň önüsyrasynda bolýan bu alamat adatça ertirki günüň açyklygyny, maýyllygyny duýdurýan bolsa, häzir Eşret ony başga mana ýordy: adamlaryň kalbyna rehim aralaşjakdyr diýdi. Olar ýalnyşandyklaryna düşünerler, bigünä sütem etmegiň hebes işdigini bilerler. Eşret ertir obasyna gaýdar. Eýrana ýesir düşenini gülkä ýazdyryp gürrüň berer. Goly bagly bolansoň, Eşrediň iki egni ýazyp gelýärdi, agyrysy halys ýüregine-bagryna ornady. – Golumy boşadaý, gaçmaýyn, ant içeýin. – Gara sakgal gamçysyny galgatdy. Onuň ýitelen gözlerinde günüň şöhlesi oýnady. Eşret ol gözlere rehim inerine garaşdy. – Mana düş-ä, men ant içeýin diýýän. Gurhandan ant içýän... Gurhandan, Gurhandan ho-ow! Düşünýäňmi, Gur-han! Bissimillo rrahman rrahim... Gara sakgal aljyrady, galmagal turuzdy, gyssanjyna Eşrediň kebzesinden gamçy inderdi. Ol daýyrdaşyp gapdalynda häzir bolan atlylary görende biraz köşeşdi. Öz dilinde howsala bilen bir zatlar habar berdi. Eşret bu adamyň howsalasyna ynanman diýen manyda töweregini gabap duranlara gabap ýylgyrdy, daňydan boşamak isleýändigini hereket bilen görkezdi. – Elimi çöz, gaçmaýyn diýdim, gaýry sez diýmedim. Bagana telpekli, ýogyn burun madyrdady. Eşret onuň äheňinden ýadawlyk, biperwaýlyk duýdy, öz islegine kybapdaş netije çykardy: boşadyp goýberiň, owarra bolsun diýendir. Boşadylaryna garaşdy. Eşrediň elini-aýagyny çözmäge durdular. Eşret boşadyljagyna kemsiz ynandy. Ýüreginin hoşuny ýogyn burna duýdurmasa oňmady, ol türkmen diline düşünýändir öýdýärdi. – Ynsan çagasy ene süýdüni emip ulalýar-a, niçezar birek-birek bilen alaýaryş1 bolup ýaşamaly... Elim-aýagym amanatmy diý, deramat ýok. Telpegim-de size peşgeş galsyn. Eşret hoşamaý güldi. Şol pursat ony alaşadan agdardylar. Gyrmyzdonuny sypyrdylar. Iki elini goşalap, öňünde daňdylar, ýüpüň ujuny alaşanyň eýerine bagladylar. Gara sakgal garga ýaly bolup alaşanyň üstüne gondy, gamçy çaldy. Alaşa atylyp gapdala düşdi, tas Eşrediň iki goly sogrulypdy. Tanapyň dartuwynyň ugruna, ysgyna gelmedik aýaklaryny her ýerden bir basyp, tüweleý düşen peşmek ýaly seňkilläp ugrady. Daş-töweregini at toýnagynyň güpürdisi, adamlaryň şowhuny gaplap aldy. Eşret gygyrdy. – Muňa tomaşa diýjekmi siz?.. Bi namardyň işi... Gyzylbaşmy siz... gyzylbaşyň galagymy siz? Gara sakgal alaşany gamçylady, indi Eşrediň kämahal aýagy ýere degýärdi. Ýene günüň gyzgylt şöhlesi gözüne urdy. Ýene elem-jahan gyzyl reňke gaplandy. Ol bu sapar howruň ýüzüne çabraýandygyny duýdy. Bokurdagyna dykylyp gelen öýkenden howur çykýardy, munuň öz demidigini duýmady, jülgäni dolduran ýangyna tarap okdurylyp barýandyryn öýtdi. Hä diýmän ony şol ýangyna atarlar. Häzir-de ýangyn kemi ýok, endam janyndan howur göterildi. Ýangyny boýlajak _______________ 1 Alaýaryş – jetlik. bolýar, ýangyn ony demikdirip barýar. Ýüzüni asmana tutup, ine-gana dem alaryn diýýär. Boýnuny süýndürip, iň soňky gezek bat alýar. Bolmady, ýalyndan çykyp bilmedi, aýaklary, dyzlary diýen etmedi. Ol togalanyp ýere düşdi, guma garyldy. Agzyna, burnuna, gözüne şor gum doldy. Adamlaryň şowhuny, at toýnaklarynyň güpürdisi öňki zarbynda eşidilýän-de bolsa, görnüşi, manysy üýtgedi. Burma buýnuzly goç Eşredi gyzyl takyryň içinden tagyrdadyp süýräp barýar. Eşret şahy goýberenok. Goçuň yzy bilen agyr süri gübürdäp gelýär. Öňde giden meýdany tutup, çakyr süňkler pytrap ýatyr. Süri şol tarapa daýyrdap gidip otyr. Goç sakladanok, Eşret süýrenip barýar. Goçuň ýiti syňraklary onuň elini, ýüzuni, eginlerini gyýýar. Eşret atasynyň, Zybanyň sesini eşidýär: «Betbagtlyk, bela-beter!.. Gaýtar, goýberme... goýunlar süňke barmasyn... betbagtlyk...». Aç süri agzyny açyp, eýmenç lägirip, öňde agaryp ýatan süňkli meýdana ýetip barýar. Süriniň aýak astyndan çykýan gübürdi güýçlenýär. Zybanyň sesi tozanyň içinden eşidilýär: «Bela-beter! Betbagtlyk!». Eşret goçy saklap bilenok, elini, ýüzüni, endam-janyny goçuň ýiti syňraklary gyýym-gyýym edýär. Zybanyň sesi daşlaşýar, güburdiniň arasynda çala gulaga ilýär: betbagtlyk, betbagtlyk... Zybanyň sesi ýitýär, soňra süňkli meýdan gözden gaýyp bolýar, diňe süriniň gübürdisi agyr hem düşnüksiz bir galmagala öwrülýär. Eşret üşäp oýandy. Asmandaky ýyldyzlar onuň meýdanda ýatandygyny aýan etdi. Garnynyň üstünde jübüt ýatan eliniň baglydygy ony kemsiz huşuna getirdi. Golaýda ýylpyldap ot ýanýardy. Oduň başynda gara sakgalyň ýeke özi sömelip otyrdy. Onuň eňegi döşüne ýelmeşipdir. Uky ony halys büren bolmaga çemeli. Beýlekiler niredekä? Eşret kellesini galdyrjak boldy. Diňe töwerekde gölerişip ýatanlary görmäge ýetişdi, başy aýlandy, essi aýyldy, ýüregi bulandy. Gözüni ýumup esli ýatandan soň, biraz ynjaldy. Endam-jany soka salnan ýaly, aýňaldygyça agyry köpeldi. «Bular meni sypdyrarly däl diýdi, mende ne kastlary barka? Bular meniň dilime düşünenoklar, bular bigünädigimi bilýänçäler meni horlarlar». Ol birden burma buýnuzly goçuň aşagyna düşüp süýrenip barşyny ýatlady. Alamatyň dogrudygyny inkär etmedi. Goýun süňke topulsa, çarwa il üçin ýyl agyr gelmeli diýýärler. Ol Zybanyň gygyranyna beter gynandy. Eşret gözüni açdy, ýene asmandaky ýyldyzlary gördi. Olary özüne ýakyn tutdy, delalat isledi. «Maňa güýç beriň, kuwwat beriň, ýyldyzlar, sizde keramat bolmaly. Sizi görende, Görogly ýarasyndan saplanypdyr, biz-de Göroglynyň neslinden» diýdi. Häzir kime-de bolsa birine ýüzlenmek, nalyşyny aýtmak oňa ýakymlydy. Soňra ýyldyzlardan gudrata garaşýan ýaly ümsüm ýatdy. Gijäniň sowugy bagryndan geçdi, ýagyrnysyna çümýän daşlaryň azary artdy. Eşret çagşan sünnüne zordan erk edip dikeldi. Maýda daşlaryň şagyrdysyna gara sakgal laňňa galdy. Ýatanlardan hiç kim gozganmady. Üýtgeşik bir howp duýan ýaly, gara sakgalyň Eşrede garap, sazanaklap durşy gülkünçdi. «Ätiýajy zyýat görünýär bularyň, Arap Reýhanyň goluna düşen Görogly boldum». Gara sakgal egri aýaklaryny owşanak basyp, ýatanlary turuzdy. Onuň hereketinde, madyrdysynda aljyraňňylyk bardy. Hasyr-husur atlanma bilen boldular. Eşrediň elini çözmediler. Galkan batyryň magtanan pursadynda aýdýan sözlerini ýatlady. «Özümizi görende pürsiýan sümülere deşik tapýan däldir» diýerdi. Eşret Galkanyň gödek batyrlygyny halamaýan-da bolsa, töwerekdäkileriň bolşy, onuň mamladygyna dalaş etdi. «Meniň ornumda Galkanyň özi bolsa näderdikä?» diýdi. Elbetde, nätjegini takyk aýdyp bilmese-de, pelegiň bu oýnunyň karamlygyndan dilgir boldy. «Alamana gaýdýan Galkan batyr, pürsiýanyň ýurduny çapýan Galkan batyr, ele düşýän, süteme, zorluga sataşýan-da men» diýdi, ajy ýylgyrdy. Bir gezek Aýhan aga Eşrede tezek togalap barýan tomzagy görkezdi. «Şu haýwanyň erjelligini görýärmiň?» diýdi. Tomzak göwresinden iki, üç esse gaba ýüki ýolunda gabat gelen tümmejikden aşyrjak bolýardy. Tezegiň aşagyna girip, bir maňlaýyny, bir-de syrtyny diräp, ýapy ýokary galjak bolup dert-azardy. Aýaklary çägä çümýär, güýjüni ulanmaga direg tapanok, agyr ýük togalanyp aşak gaýdýar. Tomzak şowsuzlykdan öjügip, gaýtadan topulýar. Tümmejikden sowlup geçse, bolup duran zat – bilenok. Aýhan: «Sen ona hemaýat etjek bol, ýagşylyga düşünmez, aýaklaryny galdyryp gargamaga durar – diýdi. – Mahal-mahal haýran galyp oturýan, adamlaryň erjelligi şu tomzagyň bolşuna ogşaýar, Galkan batyr ýadyma düşäýýär. Hudaý bendesine akyl-huş beripdir, ýaman gylyga endik et diýmändir. Tomzagyň höregi ýürek bulanç bolsa-da, ol Ýaradanyň emrinden çykjak bolanok, adam beýle däl. Şer işe gezek gelende, adamyň erjelligi ony Hudaýdan daşlaşdyrýar. Ýaramaz ýola düşen adamyň endiginde haýwana çalymdaşlyk bardyr. Sogap iş edende, ynsançylygy berjaý edýär, ony Adamdan başga jandara meňzedip bolmaz. Haýyr iş paýhasa gol ýapyp edilýär». Belent gaýalary bölüp gidýän dere guýynyň düýbi ýaly garaňky. Depede ýyldyzly asmanyň bölegi görünýär. Eşret gaýalaryň sowuk demini duýdy. At toýnaklaryna gabat gelýän daşlaryň şagyrdysy gijäniň ümsümligine syrly alamat berýärdi. Ýagty ýalançyda bolmadyk ahwalat ýok. Ýusup guýynyň düýbünde-de ýatdy, gul edilip Müsüre-de satyldy. Ýusup bimöçber horluga, ajy aýralyga döz gelipdir. «Sabyr rahmandan» diýleni biçem däl. Ýusup ahyrsony Müsüre şa bolupdyr. Eşret Ýusubyň kyssasyny ýatlap, göwnüne teselli berdi. Sen Eýrana şa bolaryn öýtme, Eşret, eýsem-de bolsa, ölmän galsaň, gul hökmünde satylmagyň ähtimaldyr. Türkmen-ä eline düşen pürsiýany gul bazaryna salýar, bular seni sylap goýarlarmy diý. Sähel rehim etjek adamlar eliňi çözerdiler, agzyna suw damdyrardylar. Sen Ýusup pygamberin kyssasyny Aýhan agadan eşidipdiň. Aýhan keramatyň bolandygyna buýsanyp aýdýardy. Keramat hemişe Ýusubyň tarapyndady. Sen keramata garaşma, Eşret, sen pygamber dälsiň. Sen ýazyksyz garamaýak. Eşret: «Men-de hakyň penasyna mynasyp» diýdi. Ýusuby guýa atan, gul edip Müsüre satan özüniňkiler – doganlary. Doganlary onuň görküni-görmegini, akylyny-paýhasyny görüp bilmändirler. Gadymyýetden galan kyssanyň soňuny Aýhan öwüt-ündewe ýazdyrýardy. Bigünä zorluk eden ahyrda ökünje uçuramaly diýärdi. Eşredi alyp barýan adamlar Ýusubyň kyssasyndan bihabar bolsalar gerek. Aýhan aga gyzykly kyssasy, öwüt-nesihaty bilen uzakda galdy. Ýusubyň jebri-jepasy Eşrediň başyndan indi. Öwüt-nesihat paýhasyň, danalygyň nyşany. Eşrediň ynanjyna göre, Aýhan Bagaja obasynyň paýhasly adamy. Agyr synag ýeke Eşrediň başyndan inen däldir, synag seniň başyňda-da bardyr, Aýhan, kişiniň göwün-islegine, ahwalatyna düşünip bilýän adamlar dana bolýandyr. Geçmişiň kyssasyny bilip, ondan çyn many seçmek akylyň alamaty. Başa düşen ahwalaty seljermäge, agy-garany saýgarmaga paýhas gerek. Paýhas batyrlyga gol ýapýar. Synagyň kyn ýeri şundadyr. Aýhan. Gyzyň bolşuna ser salgyn. Zybanyň aýagyna ot ýapyşar, oturyp-turup mazasy bolmaz, ukusy gaçar, işdäsi kesiler, gözleri ýolda galar. Eger paýhasyň ýetse, Zybanyň kimiň ýoluna garaýandygyny bilersiň. Eşrediň saňa dilden aýtmaga ýetişmedik habaryny sen paýhasa daýanyp bilmelisiň. Şony bilseň, Eşret senden razy. Galamasy Eşrede bagly. Eşret horluga, jebir-jepa döz geler. Eşret dünýäde Zybanyň bardygyna guwandy. Ol çöli küýsedi. Çölde açyk asmany, ýyldyzlary öz ýaýrawynda, ine-gana görüp bolýar. Bu taýda asman-da ýok, ýyldyz-da. Men-de Ýusup deýin guýynyň içine düşdüm, şu dem elimi boşadyp goýberenlerinde-de, yzymy tapmaryn diýdi. Ol gabyr ýaly garaňky dereden gorkdy. Diri ýitmek Eşret üçin ölüme barabardy. _______________ 1 Saket şow – lal bol (parsça). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |