16:50 Gara ýyldyrym -8/ romanyň dowamy | |
8.
Taryhy proza
Olar jahan mazaly ýagtylanda, oba ýetdiler. Eşrediň donuny bermediler. Soňabaka ýarym ýalanaç bedeniniň saňňyllamasy galdy. Bedeni kesek kimin sowuk, ten bilmeýän, gymyldysyz yşarata öwrülipdi. Alaşadan düşse, doňan aýaklarynyň ediljegine ynamy ýokdy. Neneňsi güzaplyk-da bolsa, häzirki ýagdaýyna öwrenişipdi. Oba jülgäniň töründe ekeni. Oturan ýeri belentdi, ýeňsesini uçut gaýalar tutup durdy. Horazlar zarply gygyrdy. Olar Tanrynyň beren täze gününi däl-de, goly bagly türkmeniň getirilýändigini habar berýän ýalydylar. Emma töweregindäkileriň müýnli görnüşde ýüzlerini asyp, geplemän gelişleri Eşret üçin matala öwrüldi. Dädesiniň meýdini ata ýükläp, oba dolanyp baran alamançylar-da geplemändiler. Her ýerde bolsa-da, horazlaryň, itleriň sesi meňzeşdi, asmana galýan tüsse-de meňzeşdi, betbagtlyk-da meňzeşdi. Adamlaryň biri beýlekisine meňzemese-de, olaryň dilinde, eginbaşynda tapawut bar-da bolsa, agysy-da, gülküsi-de meňzeş. Dogulmak, gülmek, aglamak, ölmek ynsana aňyrdan berlipdir. Adamlaryň hemmesi ýagty ýalança birmeňzeş – çyplak inýär. Her kim çagasyny gurbunyň ýetişine görä geýindirýär. Şol zerarly-da, olaryň geýminde tapawut bar. Adamlaryň mekan tutan ýurdy-da, obasy-da birmeňzeş däl. Eşret öz obasyny pürsiýanlaryň obasy bilen degşirip gördi. Ýüregi gysdy. Dört tarapy ýalaň sährany, gola gelşik berip oturan ýeňil öýleriň hataryny küýsedi. Malyň-halyň, ýolun-ýodaň, belendiň-oýuň, düzüň-takyryň hemişe gözüň alnynda, dost gelse-de, duşman gelse-de, bir menzilden görnüp dur. Gapydan görünmedik gözenekden görünýär. Eşret baýryň ýüzüne ýapyşyp oturan kesek jaýlardan öwüsýän sowuklygy duýdy. Olaryn garalyp görünýän gapysy, penjiresi hiniň agzyna çalym etdi. Olar könedi. Sadyr bolup giden kak suwuny içmegi ýokuş görýän haýwanlar ýaly, adamlar-da bu hütdük jaýlarda ýaşamakdan halys ýadandyrlar. Obanyň dar ýere dykylyp oturmasy Eşrede geňdi. Bir päsgelçilik bardyr, ýogsam bolmasa, giň sähra çykardylar diýdi. Obanyň diňe demirgazyk-günbatar tarapy açykdy, jülge şol tarapa dowam edýärdi. Pesde sürlen meýdan, çil-salma bilen aralary bölünen peller ýaýylyp ýatyrdy. Ol meýdan ýemrelileriň ekin ekýän ýerlerine meňzeşdi. Gapylary hine meňzeş kesek jaýlardan çykýan adam köpeldi. Ýaňy ukudan turan aýakýalaň çagalar, başy örtünjekli aýallar, keçe telpekli, uzyn donly erkekler tomaşany sypdyrmazlyk üçin haýdaşyp atlylara tarap gaýtdylar. Öýleriniň ýanynda galmagal etseler-de, golaý geldikleriçe, sesleri peselýärdi, soňra gepi-sözi unudyp, goly bagly Eşrede seredýärdiler. Eşredi ele salan ildeşlerine üns berenokdylar. Olara gep atanlarynda-da, Eşretden gözüni aýranokdylar. Ýyrtyja seredýän ýaly hemmesiniň gözünde ätiýaç, gorky bardy. Eşret ol gorkyny wagtlaýyn saýdy. Türkmeniň ýekedigine, ýesirdigine, güýçden-kuwwatdan düşendigine gözleri ýetdigiçe, gorky ýigrenje öwrüler, öli arslanyň ýanynda diri syçanyň rüstem bolşy ýaly, iň ejiz, towşan ýürek diýjegiň bäş esse beter topular. Namart bilen gorkagyň sütemi juda çökderdir. Olar artykmaç sütem görkezdikleriçe, töwerekdäkileriň gözüne batyr, edenli görünýändiris öýdýärler. Atlylar Eşret bilen märekäniň öwrenişmegine maý berýän şekilde geplänokdylar. Söz gatýanlara höwessiz baş atýardylar. Eşret olarňs bolşundan: bizden zat soramaň, öüňiz düşünişiň diýen aýylganç many aňdy. Soňky ýagdaý onuň ýalňyşmandygyny aýdyn etdi. Galmagal artdy. Bokurdagyna bat berip gygyrýanlar köpeldi. Eşret olaryň aýdýanyna düşünenokdy, diňe türkmen sözüniň häli-şindi gaýtalanýandygyny eşidýärdi. Ol sözüň aýdylyşyndan ýigrenç äheňini git-gide aýdyň duýdy. Olaryň ýüzüne seretmedi, seretsem it ýaly has öjügerler diýdi. Özüni ýagly sünk hasap etdi. Çar tarapdan gabyrdaşyp, şol süňki gemirmäge topulýarlar. Eşret töwerekde galmagaldan başga-da, hereketiň, hasyrdyň artýandygyny aňdy. Şol barmana-da alaşanyň döşüne direlen çorly barmaklary gördi. Başga bir el jylawa ýapyşdy. Uzyn donly, başy selleli adam güýç bilen alaşany duruzjak bolup müňzedi. Ol dynman gepleýärdi. Onuň tüýlek ýüzi gahar-gazapdan terzini ýitiripdir. Bulamagyň ýüzi ýaly tutuşlygyna lasyrdap gaýnaýardy. Ap-ak dili lagyrdap, ak tüýkülik syçratdy. Onuň bir möhüm zady soraýanyny, jogap talap edýänini Eşret aňdy. Ol Eşredi çekeläp ugrady, barmaklary gatydy, neşter dek teniňe çümüp barýardy. Eşrediň geplemän oturmasy, gygyrýanlaryň gözüniň alnynda onuň günäsini artdyrdy. Olaryň hüjümi ýygjamlandy. Eşret sadakada süňk paýlaýan adamyň depesine galdyran süňkli çanagyna döndi. Oňa el uzadýan köpeldi. Olaryň arasynda aýallar-da bardy. Oglan-uşak golaýa gelip bilmän, töwerekden daş zyňyp başlady. Eşret ýalanaç kellesini nirede gizlejegini bilmän kösendi. Aýylganç ses bilen gygyrsa, adamlar gaýra çekiler öýtdi. – Çekil-aýt! Meniň ýazygym näme diý? Bigünä!.. Eşrediň sözüne gulak gabartmadan geçen, gaýta gygyranyna öjükdiler, oňa tarap uzan el has güreldi. Bilinden aşagy adamlaryň ygtyýaryndady. Çokaýyny, dolagyny sypyrdylar. Ýalanaç galan aýagyna ýumruk bilen, daş bilen urup başladylar. Iň aýylganjy baldyryndan agyz saldylar. Eşret jynssyz gygyrdy: – Aýryň bulary, guduz açdylar... Atlylar gozganmady. Olar özlerine diýilýänini bilýärdiler. Şonuň üçin-de, olaryň boluşlary ýöne bir äwmezligi aňladanokdy. Olar oýlap tapan jezalaryna kanagat bilen garap, tä ýürekleri sowaýança ara goşuljak adamlar däldi. Ýogyn burun göwnühoş ýylgyrdy, ýylgyrsa-da, gözünden ýowuz alamat aýrylmady. Bu namardyň türkmen diline düşünýäni çyn bolmaly. – Namartlar!.. Siz heleýçe-de ýok. Göroglynyň adyny eşidende, syçanyň hinine sümülýän gyzylbaşlar, siz namart, başyňyza topby geýiň... Öleniň kellesini kesmege ökdesiňiz... dirikä Göroglynyň golaýyna baryp bildiňizmi?.. Namart it uruşdyryp tomaşa görer... Ataňyz, eneňiz, uýaňyz guduz ite öwrüldi, serediň, ha-ha-ha... Eşrediň gygyrmaga, gülmäge gurbatynyň bardygyna janlary ýanýan ýaly, märeke aýylganç wagyrdy bilen ýokary dyrmaşdy, onlap penje bokurdaga ýapyşmaga häzirdi. Eşret gygyrsa-da, öz ýanyndan akyla gelipdi. Bular Galkan batyrda köýüp ýatan aryny men bigünäden alarlar diýdi. Olar häzir türkmen dilinde aýdylana däl, öz dillerinde aýdylan söze-de gulak gabartmazlar. Alladan emr bolmasa, bulary saklajak güýç ýokdur... Asmana uzaýan eller garaguşuň penjesi ýaly, Eşrediň süňňüni çekeleýärdi. Eşret agyra çydaman gözüni ýumdy: bular meniň her tikämi dary ýaly ederler diýdi. Ol ölüme garaşdy. Ony alaşadan agdaryp urdular, aýak astyna aldylar, depelediler. Kellesi güwwüldiden doldy, kükregine degen güýçli urgudan soň döşi gapyşdy, demikdi. Howany içine soranda, howa bilen bile uzyn neşder ýüregine tarap dürtülip barýan dek abyrsyz agyry duýdy. Agzynyň içi ýalyndan doldy, ot çeýnedi. Gulaklary gapyldy. Zybanyň sesini eşitdi: «Eşret öldi; Eşret öldi». Howsala duýmady. Ýaňlanyp gelýän ses zaryndy, juda daşdady. Soňra goýun sürüsiniň ak süňkleri ýalmap barşyny gördi. Olar Eşrediň gözüne goýun bolup görünýän-de bolsa, eňekleri itiňkidi, dişleri aýylgançdy, ýitidi. It eňekli goýunlaryň önünde ak süňk bolup ýatan Eşrediň özüdi. Olar Eşrediň ak süňküni gemirýärdiler, çakyr süňküň hatyrdap owranyşy eşidildi. Eýmenç hatyrly onuň süňňüne ýaýrady, kellesine geçdi, soňra hatyrdy oda öwrülip, agzyndan çykdy. Başga zat duýmady. Eşret huşuna gelende, öňi bilen deminiň gelip gidýändigini, ölmändigini duýdy. Begendi. Meniň-de janym itin jany ýaly berk ekeni, şol depeşeklikde ölmedik, indi ölmez diýdi. Men dowzaha düşdüm, dowzaha düşenler otda ýansalar-da ölmeýermişler. Adamy öldürmek üçin dowzaha zyňmaýarlar, olar bu dünýäde eden günäleriniň öwezine tükeniksiz jeza duçar edilýär. Eşret: «Meniň günäm nämekä?» diýdi. Ol diriligine ynanmajak bolýardy. Süňňi bölek-bölekdi, her süňki bir ýerde ýatan ýalydy. Süňküni gemirýän goýunlar ýene göz öňüne geldi. Hudaýa şükür, olaryň eňegi itiň, eňegine meňzemedi. Ol janawarlar tükel tanyşdy. Olar atasy ikisiniň bakýan dowarlarydy, mysapyrdy, mähribandy. Olar süýji günleriň ýatlamasy ýaly uzakdadylar. Ýok, süňke topulan goýunlar başgady. Süňk gemirýän goýunlaryň bolşy neneňsi ýakymsyz-da bolsa, häzir Eşret olary ýigrenç bilen ýatlamady, nebsi agyrdy, ýüregi awady. Olaryň aglabasy gurak ýylyň aýylganç jöwzasynda gyryldy. Kiçi Balkanyň eteginde olar süňke çozupdylar, Salyh çopan has daýawdy, gaýratlydy. Süri şona-da baş bermedi. Atasy: «Oglum, bi betbagtlygyň nyşany, bu meýdandan ara açylmasa bolmaz» diýipdi. Süňküň tagamyny alan sürini gündogara tarap sürüp başlapdylar. Daýyrdaşyp barýan janawarlar uly yzlaşykdy. Olar sünküň zaryny edýärdiler. Eşrediň atasy howlugýardy. Janawarlar sünküň tagamyny unutmasalar, çatak bolar diýýärdi, olar gök çöpden doýmalydylar. «Meýdanda pytrap ýatan süňk gabahatlygyň alamatydyr, oglum, haýwanu-ynsanyň başyna bimahal inen ajalyň alamatydyr, oglum. Ajalyň alamatyny küýsän jandar ajala-da duçar bolmalydyr, oglum». Eşrediň atasy ýalnyşman ekeni. Dowaryň agzyndan süňküň tagamyny aýrara Garagumda ot tapylmady. Janawarlar süňk gözläp sergezdan boldular, ýolda ahyr özleri-de süňke öwrüldiler. Eşret sygyr tezeginiň agryljyk ysyny duýdy, gözüni açanda, üstüne abanyp oturan adamyň giň maňlaýyny, ýylgyrýan gözlerini gördi. «Bu adam kimkä?» diýdi, ýöne soramaga höwesi ýokdy. Depesinde açyk asmany görmedi, jaýyň içindedigini aňdy. Gaty ýerden kebzesine sowuk urýardy. Birden naharyň tagamly ysyny aldy. Sowuk hem agyryly bedenine ýyly ýaýran ýaly boldy. – Men çorba getirdim, aý kişi. – Gelen adam ala gözlerini güldürip, agzyndan bug göterilýän merweri ýokary galdyrdy. – Bizde bu tagama küftä diýilýär. Bu adamyň türkmen dilinde aýdan sözleri naharyň tagamyndan-da güýçli geldi. Eşrediň gözleri umyt bilen tegelendi. – Sen kim? – diýdi. – Hurşyt. Hurşydyň dili çalgyrtdy. Eňeginiň çürüligi, gönümel burnunyň uzynlygy, murtunyň gytyklygy, jotdalygy ony Eşredi getiren atlylara meňzetdi. Eşret hyýalynda onuň keçe telpegini aýryp, silkme telpek geýdirip gördi. Tüňňi, giň manlaýa silkme kybap gelmedi. Bu maňlaýa, bu ýüze, bu kelle diňe keçe telpek gelişýärdi. – Sen türkmen-ä däl. Hurşyt Eşrediň sözlerini kanagat bilen kabul etdi. – Pürsiýan men, enem-de pürsiýan, atam-da pürsiýan, – Pürsiýanlygyň çyn bolsa, maňa nahar hödür etme, taýak al-da ýenç, öldür. Hurşyt pöwhe güldi. – Ysgyn ýok sende, küftä iýersiň, ysgyna gelersiň, soňra ýençse-de, ursa-da bolar. Iýmeseň, ölersiň. Men-de gul boldum. Hojaýynym bardy, ýomut ilinde, Taraş baý, dowary-da, düýesi-de heýwere kän. Taraş baý ilki garnyny doýurardy, soňra-da urardy. Beýle akylly adamlar bar. Aç guly ýençseň, öler-dä. Ölse, kime peýda. Gula peýda, jebirden, zulumdan dynjak, hojaýyn ony islemez. – Hurşyt iri dişlerini ýaldyradyp güldi. – Seniň hojaýynyň heýwere ýagşy adam, Alymerdandyr ady. Hurşyt çöp-çalamy bir gyra syryp, Eşredi naharlamagyň ugruna çykdy. Arassalan ýerine köne ýaglyk ýazdy, üstüne getiren naharyny, çöregini goýdy, Dabara bilen: – Owkat taýýardyr, kişi – diýdi. – Owkady iýmek lazymdyr. – Küýzäňde suw barmy, Hurşyt? – Bar. Eşret dikeljek bolanda, aýagyndaky zynjyry gördi. Zynjyry şagyrdatdy, ysgynsyz güldi. – Meni kimdir öýdýäňiz, gaçara ýagdaýym barmy diý, ýerimden galmaga ýarajak däl. – Bu gün ýaramasaň-da, erte ýararsyň. Sowuk suw Eşrediň guran bogazyny arçady, gapyşan küküreginden ýol ýasap gitdi, ysgynsyz bedenini oýandyrdy. Ol ak merwerdäki pürsiýan çorbasyndan, gapdalynyň çöreginden zat goýmady. Soňra töwir galdyrýan şekilde iki eliniň aýasyny ýüzüne golaý tutup, samyrdap başlady. Hurşydam aýasyny göterip, töwire goşuldy. Eşret biraz sesini gataldyp: – Oraz jan, toýuň gutly bolsun, gardaşym! – diýdi. Hurşyt elek-çelek töweregine garanjaklady, mal ýatagynyň içine esewan boldy. Eşret dowam etdi. – Oraz jan, gelniň gazygynda garrasyn, ene-atana, dogan-garyndaşyňa, dost-ýaryna ýakymlysy bolsun! Goç-goç ogluň bolsun, ýakyna-ýada, il-ýurduna pena bolsunlar! Garrygan çagynda perzentleriň saýasynda saýalamak saňa nesip etsin, Oraz jan! O-omin! Eşret elini ýüzüne syldy. – Oraz diýäniň kim boldy? – Men Orazyň toýuna barýardym, seniň pürsiýanlaryň meni gapyl basdylar. Men ýazyksyz adam, size eden ýamanlygym ýok. Sen, gardaş, düşündir-de aýt... kim diýdiň... Alymerdan diýdiňmi?.. Alymerdana düşündir. Bigünä sütem etmek gabahatdyr, günädir. Şeý diý-de aýt. – Alymerdan seni öldürjekdi. – Bigünäni öldürse, dowzaha barar. Hurşydyň gözlerine gahar indi. – Alymerdanyň-da zenany toýa gidipdi, onuň-da günäsi ýok – diýdi. – Bir farsahda gala bar, oňa ýetip bilmändir. Türkmenler çozupdyr, zenany-da, ondan başga üç kişini-de aparypdyrlar. – Günäliň oduna bigünä ýanar. Eşret bu sözleri özi üçin aýtdy. Ol günäsizdirin diýip bu adamlary ynandyrmajagyna düşündi, ýene günälä derek jeza çekmek-de ýokuşdy. Ol ýene alaçsyzlygyna ahmyr etdi. Galkam batyry ýatlady, ony öz ornunda goýup gördi. Aýagy zynjyrly, eşigi sal-sal, urgudan ýaňa endam-jany gök nil, damary, süňki awy-zerzaw, üstesine-de mal ýataga zyňlan Galkan batyry göz öňüne getirdi. Ol näderdikä? Eden etmişlerim üçin Alla maňa göz görkezýär diýermikä? Hakyň keramatyna sygnyp, ümsüm oturarmydyka? Bu sowala jogap bermek Eşrede kyn däldi, ol Galkan batyry tanaýardy, häsiýetine beletdi. Galkan batyry toba getirmek çetindir diýdi, toba gelmek üçin adam ýazygyna düşünmeli. Galkan ýazyk iş edýändirin öýdenok. Ähtimal, Galkan batyr mamladyr? Iki taraplaýyn çapawulçylyga dahylsyz adam bu syýasata düşünip bilmez. Galkan batyr gola düşen bolsa, Eşret ýaly arkaýyn ýatmazdy, Hurşydyň getiren duzundan ýüz öwrerdi, kapasa düşen gaplaň dek nagra dartardy, şeýdip-de, ýowuz oýny ahyr pelle çenli dowam etdirmekçi bolýandygyny duşmanlara duýdurardy. Batyr lakamyny pürsiýanlaryň-da ykrar etmegini gazanardy. Belki, bu gylyk türkmenleriň häsiýetine laýyk gelýändir? Ýesirligiň hupbatly gününe kaýyl bolmaýandyklary sebäpli-de, olary öldürýändirler?.. Eşret pürsiýanlaryň ýesir düşen türkmen ýigitlerini aglaba öldürýändiklerini eşidipdi. Eşret özüniň gözgyny ýagdaýyna, aýratyn-da, Hurşydyň alada galan bolmasyna gahar etdi, hile bardyr öýtdi. – Alymerdan meni öldürse bolmadymy? – diýdi. – Saňa hyrydar çykan-da men, öldürme diýen-de men. – Meniň diriligimden saňa nep boljakmy diý? – Ýedi ýyl türkmeniň elinde hor boldum, men-de şyçylara zorumy görkezeýin diýdim. Hurşyt ýene pöwhe güldi. – Ölümden ýeser zoruň bolsa, görkez, gardaş. Hurşyt gama batdy, boýnuny sallap, dünýäniň ähli aladasy gerdenine düşen ýaly ýegşerildi. – Dehistanda meniň ýüregim galdy, kişi – diýdi. – Türkmende gula, gyrnaga rehim ýok, rehim-de bolmasa, öldürjek bolup-da, dyzynyp duranoklar. Mal hasabynda görýärler. Türkmenler peýdasyz maly saklanoklar. Itine-de bihuda ýal bermez. Sen gul bolmaly, mal bolmaly – peýdaly bolmaly. Şu ýagdaý bilen bitişseň1 ýaşaber. Ýedi ýyl ýaşadym, ýedi ýyl Taraş baýa hyzmat etdim. Hyzmatyny görmese, Taraş baý saklagaýanok, satyp goýberýär. Taraş baý garrady, gojaldy. Baý kişi garrasa, mojuk-da, husyt-da bolýar, birehim-de. Baýlygyny gabanyşy ýaly, zenan jemalyny-da hemmeden gabanýar. Malyny dok garna iýip-de bilenok, iýdirip-de bilenok. Husny ajaýyp zenan Taraş baýyň gara öýünde çüýredi, kişi, bägüldi, soldy. Men gara başymy gara daşlara urýan, neýläýin, kişi! Hurşydyň ala gözlerine ýaş indi, soňra ol erkekligine utanman aglady. Eşret onuň boltuna geň galdy, bu taýda hile bardyr diýen pikire uýdy. Ol hemişe-de bu ýurduň adamlaryny köpbilmişdir öýdýärdi, olarda jadygöýlük, haýýarlyk bardyr öýdýärdi. Hurşydyň bolşunda-da Eşrediň akylynyň çatmajak manysy bolmaly. Eşret açyklygy, gönümelligi halaýar. Hurşyt gözýaşy bilen öz erkeklik mertebesini peseldýärdi. – Hurşyt, erkege gözýaş gelişmez. – Derdim agyr, kişi, çydamok. Soňra Eşret Hurşydyň derdini diňledi. Hurşyt ýigrimi ýaşynda Astrabadyň golaýynda ýomutlaryň girisine düşüpdir, sypyp bilmändir. Murtlary gaşlaryna haýbat atýan agajet, çakgan, hyrsyz adamlar ony Etregiň boýunda Taraş baýa satypdyrlar. Ýedi ýyl baýyň malyny bakyp, odunyny ýygyp, guýusyny gazyp gezipdir. Taraş baý telim ýola gulupy kerwen ýoluna alyp çykypdyr. Eýrana barýan täjirlerden Şahrud şährine, Hurşydyň ene-atasyna, dogan-garyndaşyna habar ýollapdyrlar. Eger eziz perzentlerini juwanlykda görmek isleýän bolsalar, gyzyl pul ýygnap, Dehistanyň düzünden, ýomut baýy Taraşyň obasyndan habar tutmalydygyny aýdypdyrlar. Üçünji mertebe habar ýollanlarynda, gyzyl puly _______________ 1 Ylalaşsaň, oňuşsaň. kümüş pul bilen çalşyrypdyrlar. Her gezek habar ýollanandan soň, iki-üç aýyň dowamynda idegçi çykar umydy bilen Hurşydyň damagy, eginbaşy ganymatlaşýan ekeni. Garaşyp-garaşyp halys paltasynyň daşa degendigini Taraş baýyň özi duýdurýan ekeni. «Sen pis-daýt, senden dogan-garyndaş-da bizar» diýipdir. Hurşydyň uzakdaky hossarlarynyň biweçligini kemsitme diýnp kabul eden baý gaharyny gulundan çykarypdyr, damagyny gysypdyr, iki adamlyk iş etdiripdir. Hurşyt soňabaka juda ýadapdyr, garaşmalardan, abyrsyz jepalardan, erksizlikden ýadapdyr. Ýigitlik çagynyň miwesiz, lezzetsiz geçip barşyny taňrygargan düzlügiň dowamsyz ýazyna, jöwzaly, tükeniksiz, tukat tomsuna meňzedipdir. Bu uç-gyraksyz düzlükde adam pakyra gizlenere buky ýok. Hemme zat eliň aýasyndaky ýaly aýdyň görnüp dur. Şu aýdyňlyk Hurşydy gorkuzýardy. Ol kalbynda pynhan syr saklamaga çekinýärdi. Gaçmak hakda pikir edäýdigi, ilkinji sataşan adam onuň pikirini ýüzüne aýdyp, bada-bat ony paş edäýjek ýalydy. Bu düzlükde pynhan syr-da, söýgi-de bolup bilmez diýýärdi. Durmuşňn ýowuzlygy adamlaryň sypatyna öz tagmasyny basypdyr. Şol tagmany erkegiň-de, aýalyň-da, çagalaryň-da ýüzünde görse bolýardy, aýratyn-da, ol Hurşyt ýaly keseden düşene gözilginçdi. Emma şol ýowuzlyk adamlara ejizligiň ýa-da kemsilmäniň alamatyny berenokdy, gaýta, buýsanjy aňladýan alamatdy, mahal-mahal ol gedemligiň nyşanyna öwrülýärdi. Eşret: – Erkin adamlarda gedemlik bolmaly, sen ony geň görme, Hurşyt – diýdi. – Erkinlik bilen söýginiň arasyna çäk goýsa, ondan türkmen boljakmy diý. Türkmen erkinligini kesekiden gabanýandyr. Seniň ýowuz alamat diýýäniň, şol gabanjyň nyşanydyr, gardaş. Söýgiň labyry iki adamyň başyna düşýer, erkinligiň labyry tutuş iliň başyna düşýer. Erkin bolmagy eý görýän adam söýmekden çekinmez. Türkmeniň söýgusini aňşyrmak çetindir, ony türkmen bolup aňşyryp bolanok, seniň ýaly keseden düşen näbilsin. Eşret öz söýgusiniň, näzenin Zybasynňn derdine ýandy. Ýürek derdini beýan edip, hesretini gowzatmak aşyklaryň edähedi bolsa-da, gapdalyndaky nätanşa içini dökmekden çekindi. Eşret Hurşyda ynananokdy. Hurşyt: – Kişi, men-de bir gözeli söýdüm – diýdi. Soňra Eşrede öz söýgusini beýan etdi. Ol Taraş baýyň dördunji aýalyny söýüpdir. Bagty çüwen, Taraş baý haraba kysmy boş hem tukat çölde oturan baýguş! Onuň rysgaly agzyna gelýär. Hurşydyň gula öwrülenine laýyk bäş ýyl dolanda, näzenin Aýynjemaly1 Taraşyň gapysynda goýup _______________ 1 Aýynjemal – Gözelligiň edil özi diýen manyda. gitdiler. Asmandan düşen aýmy-ýyldyzmy! Ne gudrat! Haýsy gara serçeşmäniň salkyn suwundan ýasalan göwheri taňrygargan ýalazy meýdana getirdi. Oňa gyrnak diýdiler. Heý-de altyna mis diýlermi?! Aýynjemalyň şuglasy garaňky çöli ýagtyltdy, sap-sary meýdana üýtgeşik bir reňk berdi. Tukat hem umytsyz durmuşa şüweleňlik aralaşdy, sapaly güne bolan umyt dolanyp geldi. Ferdöwsi Aýynjemal dek näzeniň gyzlary serwi agajyna meňzedipdir. Bi gatap ýatan çölde serwi agajyny näbilsinler. Serwi agajy Eýranda bitýär. Bu gyz-da Eýranyň serwisi. Her bir agaç öz öwrenişen topragynda gül açyp, şaha ýaýýar. Ynsan-da agaç kysmy. Aýynjemal suwsuz, tukat çölde solar, suwsuz galan serwi ýaly gurar gider. Aýynjemaly bimöçber kemsitdiler, Taraş baý kemsitdi. Ony özüne dördünji aýal etdi-de alaýdy. Asmany gara bulut büredi, aýyň-günüň şöhlesi öçdi. Hurşyt Aýynjemaly elden gideren ýurduna, iline gargady. Özüniň eýranlydygyna namys etdi, erkekdigine namys etdi. Ol Aýynjemalyň gözüniň alnynda gezip ýör. Biçäre gyzyň gargyşdan doly gözleri Hurşydyň binamyslygyny bäbenegine basdy. Onuň ölesi geldi, ölüp bilmedi, gaýta onuň kalbynda betbagt ildeşine söýgi döredi. Wah, olar Aýynjemalyň adyny üýtgetdiler, oňa Aýjemal diýdiler. Aýynjemalyň özi deňi-taýsyz gözellik, özi gözel bolsa, ony ikinji zada deňemek nämä gerek. Dünýäni janyndan eý görüp, özi düýesinden-de gödek jandara öwrülip giden adamlar gözellige düşünerlermi diý. Olar Aýynjemalyň gözelligini Aýyň jemalyna meňzetdiler, ony kemsitdiler. Asmandaky Aýy taryp edäýmeseler, bu taňrygargan çölde başga näme göze ilsin! Adamsyz, şagalaňsyz düzde aýyň tutuk şöhlesi adamyň kalbyna tukatlyk salýar ahyry! Taraş baý düýe, göhert düýe. Düýäni jeren bilen bir jaýa salyp kesesinden syn et. Düýäniň süňňi egri bolsa, Taraş baýyň matlaby düzüw däl. Ol düýe ýaly äwmezek. Gapdalyndaky naçaryň gözýaşy gözüne ilenok. Hudaý asmanyň gümmezini salanda, Taraş baý Hudaýa kerpiç äberen adam. Ol – akmak, bolşundan bihabar, Aýynjemaldan perzent isläpdir. On ogly, alty gyzy bar, olar gözüne az görnüpdir. Älem ýaly giň düzi, maldan, ogul-gyzdan dolduraýsam diýýär. Mala, perzende teşnelik Taraş baýyň iliniň häsiýeti. Ýurdunyň giňligi, çölüniň boşlugy olary alňasadýan bolara çemeli. Olar aýal görse, dogurtmalydyr öýdýärler. Gyrnak diýip dannap duranoklar, satmasalar, ýorganyna salyp, derrew dogurtman aladasynda. Taraş baý ýagdaýyny bilmedi. Düýe bilen bir jaýda bolany üçin maral bogaz bolanog-a. Aýynjemalyň başyna ne günler saldy garry köpek. Eýranda «Derwezäni baglanyň bilen adamlaryň agzyny baglanok diýýärler. Gep-gürrüň eşidilýär, ol Hurşyda-da ýetdi. Çagasy bolsun diýip, Aýynjemaly syçanyň üstüne buşugdyrypdyrlar, ýylanyň gözüni nana salyp iýdiripdirler. Baý diýse etmeli bolýar, ýogsa, em edýän kempirler belanyň körüginin kimdedigini bilip durandyrlar. Taraş baý, şeýdip, adamlaryň gözüne çöp atjak bolýar, bilinde güýjüniň gutarandygyny duýdurmajak bolýar. Soňra Aýynjemaly ýenjip ugrady. Owadan gyrnagyň dogurmaýandygyna gahar edip ýenjenokdy, dogurdyp bilmeýändigi üçin, özüne gahar edýärdi. Barly adamlara garrandygyny boýun almakdan aýylganç jeza ýokdur. Indi Aýynjemaly bu dowzahda ýalňyz goýup, Hurşydyň gidesi gelenokdy. Ýedi ýyl ötýär. Hurşyt Taraş baýyň ölümine garaşýar. Ajal inen pursatdaky galagoplukdan peýdalanyp gaçmagy, Aýynjemaly ýaňadan gunçalajak, gül açjak topragyna – Watana aşyrmaga küýuni dikip gezýär. Sag adamyň ölümine garaşyp gezmek aýylganç zat ekeni. Hurşydyň sabry gutardygyça, tersine, Taraş baý ýigdelip barýardy. Tomsuň jöwzasynda kyrk depim gumy guran düzlük howur alyp ýananda, epgek baýyň süňňüni guradar öýdýärsiň, gaýta onuň agyryly bedenine melhem ýaly ýaraýar, bogunlardaky awy-zerzaw ajy der bilen uçup gidýär. Gijelerine deňiz tarapdan öwüsýän salkyn şemal açyk gözenegiň önünde hor çekip ýatan baýyň, berre toklynyň näzik etinden, düýeçaldan doly garnyny sypap geçýär. Üstüne galtaman, ýagy döküläýmese, başga derdi ýok. Ol şu mahala çenli ýagynyň ýolundan sowulmagy başarypdyr, entek-entek Ezraýyla-da al salsa gerek. Hurşydyň hossarlary duýdansyz peýda bolanlarynda, ol begenmeýär, baý bilen ylalaşyga gelmezliklerini, Hurşytsyz gaýtmaklaryny Alladan dileýär. Tersine bolýar. Taraş söwda etmän, baranlaryň hödürlän kümşüni alýar-da, guluny boşadyp goýberýer. Hurşyt baýyň ýüregine rehim inendir öýdenok, ol Aýynjemaly gulundan gabanandyr. Gabanja gezek gelende, gojalardan Hudaý saklasyn. Olar duýgudan jyda düşendiklerini garrylykdan görenoklar, hamala, olaryň garrandyklaryna juwanlar günäkär ýalydyr. Hurşyt Şahruda gaýdýar, uzak durman ene-atasy bilen garyndaşy Alymerdanyň obasyna göçüp barýar. Ýürek derdini aýdyp otyrka dünýäni unudan Hurşyt birdenkä özüne geldi. Gözüni depesine dikip, gymyldysyz ýatan Eşrediň çigninden tutup yralady, – Wä-ä, sen, bagtyýatan, öläýme – diýdi. – Seniň ýagdaýyň gülhallyk1 bolar, men-de saňa kömek bermäge taýýar, seniň ýanyna gelenim-de şonuň üçin. Eşret ajy ýylgyrdy. – Gardaş, sen türkmeniň çölüne-de, düzüne-de gargama. Men saňa hemaýat ber diýemok, gargyşyňy-da eşitmek islemok. – Sen bilimsek2 bol, kişi, bi sözüň negadar boldy, menin kömek diýenim çyn. – Sen söwda etmäge gelipsiň, Hurşyt, dogry oturda, şertini aýan et. Hurşyt şertini aýan etdi. – Alymerdan meniň daýym, meni heýwere gowy görýär. Men daýyma aýtdym, ölsem-de Aýynjemal diýip ölerin diýdim, daýym ynandy. «Türkmeni hossarlaryna sat, _______________ 1 Gülhallyk – gülala-güllük. 2 Bilimsek – akylly. bahasyna-da Aýynjemaly al» diýdi. Eşret güldi, Hurşyt onuň gülküsinden gorkdy. – Idelmeseň, daýym seni öldürjek diýýär. – Daýyn akmak adam, seniň-de daýyndan zyýat ýerin ýok. Seni ýedi ýyldan soň idäpdirler, meni-de şol möhletde ideseler, sen, zaňňar, ýedi ýyllap garaşjakmy diý. – Heýwere çalt gelsinler, gelmeseler daýym seni öldürer. Türkmenler guly öldürenoklar, bizde öldürýärler. Siz möjekden beter. Möjegi goýberseň, ýene geler, malyňy harap eder. Öldürmeseň dynmarsyň diýýärler, seni-de öldürerler. Gaçyp-da bilmersiň, gaçsaň-da kürtler tutar, öldürer. Kürtden pürsiýan gawudyr. – Taraş baý gyrnagyny satar... – Men-de şony diýýän, satar. – Eýsem-de bolsa, ol sana aýalyny satmaz. – Taraş baý uzak ýaşamaz, Taraş baý öler. – Ölse-de, Taraş baýyň aýalyny saňa satmazlar. Türkmeniň elinde ýedi ýyl bolsaň-da, sen türkmeni tanamansyň, Hurşyt. Hurşyt zarlady. – Aýynjemaly alyp gaçyp-da biljek däl. Düzde garynjanyň gymyldysy görnüp dur, uçup baraýyn diýsem-de, ganatym ýok. Men neýleýin, kişi?! Başyma daglar ýykyldy, gijeler haýkyryp turýan. Aýynjemal meni taşlap gitdiň diýýär, onuň öňünde namart boldum, ölsem-de dowzahda ýanaryn. Aýynjemal Eýranyň güli, ol güli guradarlar, Taraş baý güli kaýdan bilsin, kişi-i!.. – Güli bilmese-de, zenany bilýändir. – Taraş baý garrady, harap boldy. – Eý, sen onuň garranyna şükür et. Hurşyt merwerini alyp, gidermen göründi. – Daýyma ne söz diýeýin? – diýdi. – Türkmeni öldürme diý, garaş diý. – Habar etse, seni idäp gelerlermi? – Gelerler... Nähili geljeklerini-hä bilemok, ýöne gelerler... Sen maňa ýumurtga tapyp ber, biraz şor hamyr-da gerek. Men maýyp, aýaklarymyň çişine gara, dyzlarym epilenok. Hossarlarym gelende, aýagym ýöresin-ä. – Olar Taraş baýy tanaýandyrlar? – Gelenlerinde sorar göräýeris. Ýapynjasyz galsam, bu gije doňaryn, ýapynja getir. Gije rahat ýatsam, seniň Aýynjemalyň düýşüme girse gerek. Men oňa bir söz diýerin! Hurşydyňa garaşyber diýerin. Hurşydyň gözüne ýaş aýlandy. – Sen türkmen-de bolsaň, ýagşy ýigit sen – diýdi. Onuň ynanjaňlygyna Eşrediň haýpy geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |