16:25 Gara ýyldyrym -9/ romanyň dowamy | |
9.
Taryhy proza
Hudaýlygyny sözlese, Atanyýaz Arkaç hanlary bilen bolan geňeşe gatnaşmandygyna begenmän hem duranok. Gidenler teke iliniň bisabyr garaşan hoş habaryny getirmedi. Kiçi serdar paýhasa gol ýapmandyr, ýaşlyk edipdir. Ýaşlygyň hyjuwy, dyzmaçlygy ýigidiň gursagyny ýaryp barýandyr. Gany depesine urup, gamçysyny bulaýlap duran pursady, gapdalynda Uly serdaryň oturandygyny-da unudypdyr. Atanyýaz Galkan batyrdan mysal tutdy. Galkan geňeşiň netijesiz gutaranyna gynananok, heşelle kakýar. Ony paýhasa gönükdirmeden ötri, wagyz-nesihata gol ýapyp, ýa-da bolmasa, ýaňkalaşyp durman, ýaşulularyň başyny çekip, Akmyratlardan çykyp gaýdanyna Atanyýaz ökünmedi, ýaşula mahsus görelde görkezenine şübhe etmedi. Uly serdar hem şeýdenmiş diýdiler. Kiçi serdaryň dabyrdysyndan soň geňeşiň dargajakdygyna gözi ýetse-de, kelam agyz söz diýmändir. Dogry edipdir, kesekiniň öňünde özüňki bilen dawa edip durandan dişini gysyp gaýdanyň amatly dälmi! Atanyýaz Uly serdaryň pajygaly ýagdaýyna özünden zyýat düşünýän bardyr öýtmedi. Taýak düýäniň ulusyna degýär. Gülala-güllük bolanda Atanyýaz Galkan bilen aç-açan gürrüňden gaçjakmy. Alajy ýok! Ganlarynyň gyzgyny gözlerinden görnüp duran ýigitleriň paýzyny haýsy delil bilen ýatyrjak sen? Atanyýaz ençe günden bäri kelle döwse-de, amatly deliliň üstünden baryp bilenokdy. Hanlaryň, kethudalaryň agyz birikdirip öňe goýan şertine hä diýmek masgaralykdy, iliňi dyr-pytrak etdirmekdi. Bi il-günüň unajak çäresi däl. Atanyýaz daşary çykmakdan, üýşmeleňe barmakdan çekindi. Özüne garaýan her bir göreç ondan kethuda mahsus jogaba garaşýardy. Galkan batyryň döşüni gaýşardyp gezmesi, Atanyýazyň alaçsyzlygyny atdyrýardy, ony oba göz edýärdi. Allaberdi gapyny açdy, boýnuny uzadyp, içerä garady, bosagadan ätlemedi. – Essalawmaleýkim, ýaşuly!.. Bi ýalançyda her kimin özüne kybapdaş hossasy bar. – Goňşy öýde ýeňňeň oturandyr – diýdi. Atanyýaz oňa gir diýip mürähet etmedi. Allaberdiniň şylha donuny, depesine sähelçe ilip duran murdar şypyrtmasyny görende myrryhy atlandy. Allaberdi gapydan aýrylmady. – Wekil topary hokga çykardy, derdeseri biziň başymyzdan inýär. Bolan ahwalaty eşidelim bäri, ýaşuly, ýemrelä, ýazyrla golaý barmaga gorkýan. Enwalla, jöwensizje, arpasyzja oturandyryn. – Bi gepiňi ýeňňeňe düşündir. – Türkmeniň gahary özüne ýagy. Görogly beg-de, şu gün günä iş edäýen halatynda, erte öküner ýörer ekeni, öküneni ýagşy. Uly serdaryň paýhasyna göwnüm ýetdi, ýaşuly. Uly serdar oňlamandyr, wekiliň serdaryna hokga çykarma diýenmiş. Diýeniň bolýarmy diý. Allatagala ozalebetde ynsany garynja kysmy jandar edip ýaratmaly ekeni. Iki barmak dil berip, asyl munuň wäherjigini üwräýipdir. Allaberdi bosaganyň öňünden aýryldy. Atanyýaz käýindi. Adam öz ýagdaýyny bilmese, şondan beter şumluk bolmajak ekeni. Gurrumsak, lekgende! Edýäni gedaýçylyk, diliniň uzynlygyna seret-le! Allanyň keramatyna dalaş edýär. Öýünde öýlänlik ýok, garagaýgysy eklenç däl. Bu gün bagşynyň toýuna gitse, ertir wekiliň sadakasynda oturandyr. Seniň kysmy ykmandany garynja edip ýaradan bolsady, Hudaýa-da, bendesine-de uly utuş bolardy. Atanyýaz bu sözleri Allaberdiniň ýüzune-de aýdyp biljekdi. Aýtmady, aýtmak-da islenokdy. Bikemal bilen ýaňkalaşmak, bikemala edep berjek bolmak paýhasyň nyşany däldi. Söz pähimden döremeli, güýç baýlykdan. Sözi-de baýlyk ýaly rejeli tutmaly. Baýlygyny sowran adam gedaý galýar. Sözüni bisarpa harç edýän adam pähimsizdir. Pähimlilik görkezenine Atanyýaz kanagatlandy, ýöne gedaýçylyga gelen adamyň Uly serdary mahabatlandyrmasy oňa juda ýaramady. Atanyýazyň bu oý-pikiri ýene Uly serdara gönükdi. Gabanmakdan dörän duýgynyň soňy göriplige ýazdy. Uly serdar diýleni bilen-de, onuň keşbinde, sypatynda, döwletinde, baýlygynda tapawutly ýeri ýok. Eýsem-de bolsa, Atanyýaz ondan döwletli, ogly-gyzy artyk. Il arasynda Uly serdaryň ogly bikemalmyş diýen gürrüň bar, emma şol gürrüň Uly serdaryň aýyby hökmünde aýdylanokdy, gaýta ykbalynyň bişowlygy diýlip, oňa gynanç, duýgudaşlyk bildiriljek bolunýardy. Atanyýaz maslahat ýerinde Uly serdaryň oturyşyny göz öňüne getirdi. Her kim oý-pikirini orta atardy. Birek-biregiň pikiri inkär edilerdi, gaharyň paýhasdan rüstem çykýan pursatlary-da bolardy. Uly serdar iliň aýdýanyna gulak asyp, giň maňlaýyny owkalap, ümsüm oturandyr. Giň maňlaý paýhaslylygyň alamaty diýýärler. Giň maňlaýly başga-da bardy. Emma ahyr netije gelmeli bolanda, hemmeler Uly serdara garaýardylar. Şolaryň arasynda Atanyýazyň bolýan gezegi-de bardy. Eger Atanyýaz bolmaýanda-da, şol maslahat geçmelidi, geçýän mahaly-da seýrek däldi. Emma teke iliniň uly maslahaty Uly serdarsyz geçenokdy. Wekil taýpasynyň etmişini Uly serdaryň oňlamanyndan Atanyýaz habarlydy. Teke iliniň täze maslahatyna Atanyýazy-da çagyrypdylar. Uly serdar bir çykalga tapandyr diýdi. Telim taýpanyň ýaşulusy, serdary bir ýere ýygnanar, takal baryny okarlar, ahyr pellede-de Uly serdaryň agzyna aňkararlar. Atanyýaz maňlaýynyň giňdigine, ýene çykalga tapyp bilmeýendigine gahar etdi. Şu arada Salyhyň agtygy Eşrediň ýitirim bolmagy aladany goşalaýadyrdy. Ýemreli ýigidiň sözüne Salyh pitiwa etse-de, ýaş-ýuşlar agyp-dönüp dur. Bulanyk suwuň düýbi görnenok, suwy bulandyrýan Galkan batyr. Ol bulawaç agaç bolup döredi. Goňşy öýden Allaberdiniň galmagaly eşidildi. – Ýeňňe, Orazsoltan ýeňňe, elimi serip, Mülkamanlaryň gapysyndan barsam, bagaja ýaraşarmy diý. «Sygryň şahyna ursaň, sugunyň süňňi syzlar», owal başda gynanjak özüňiz. «Hudaýyň garyp bendesi, kimlerden bolarsyňyz?» diýseler, jogabym nagtdyr, ýeňňe, ýaşulymyza Atanyýaz diýýärler. Ýalan sözlemäge Alladan gorkýan. Atanyýaz käýinip daş çykdy: «Gedaýynda gedemdik barka, galanyndan näme garaşjak». Ol iki öýüň aralygynda säginip durdy. Gaýraky gerişden guýyň oýuna inip gelýän gyzlary gördi, üns bermedi. Içerdäki gürrüňiň dowam ederine garaşdy. Aýalynyň mylaýym sesini, parahat äheňini eşidende ynjaldy. «Hudaýa şükür, Orazsoltan meniň ýaly dargursak däl» diýdi. Barmaklarynyň çalarak sandyraýşyna syn etdi. Eliniň arkasyndaky gök damarlaryň pökgerişini halamady. Olar Atanyýaza garrylygy ýatlatdy. – Seniň guşkelleligiň daýy ugruna çekipdir, atan pahyryň gepi-sözi bolmazdy, goýun kysmy ýuwaş adamdy. – Orazsoltan Allaberdiniň garşylygyna garaşýan ýaly, sözüne salym berdi, Allaberdiden ses çykmady. – Allatagala haýwanlary ýaradandan soň, olaryň höregini paýlapdyr. Sygyr samany diläpdir, düýe ýandagy diläpdir. Goýun janawar näme diýipdir: «Damak dannawym bolmaz» diýipdir. – Kirpigim bilen boýdaş ot bitse, şondan garyn otumy almasam, goýun bolmadygym» diýipdir. Goýun janawaryň gözi ýerdedir, dünýäniň galmagaly bilen işi-pişesi bolmaz. – Goýnuň ýuwaşlygyna gurduň nebsi agyrýan bolsady, ýeňňe! Allaberdi güldi, onuň nakys gülküsi Atanyýaza ýaramady. Eger aýalynyň gaýdyp sesi çykmasa gynanjakdy. Allaberdi ýerlikli aýdylan tymsalyň manysyny ýele sowurjak bolýardy. Orazsoltan: – He-eý, guşkelle! – diýdi. – Gurt diýeniň Allanyň ýaradan jandary dälmidir. Gurda: sen ot iýip oňmaly diýilmändir eýse. Allaberdi geplemedi. «Geplär ýaly etdimi, jüp düşen söze gaýtawul bolmajak ekeni. – Atanyýaz aýalyndan müň kerem razy boldy. – Alla-Hudaý, Orazsoltanyň ömri uzak bolsun» diýdi. Ol erkek halyna aýalyna uzak ömür dileýänligi üçin uýalmady. «Heý, bi ýalançyda maňa Orazsoltandan mährem, Orazsoltandan ýakyn adam barmy!» Ol töweregi, ak öýleri Orazsoltansyz göz önüne getirjek boldy, gözi garaňkyrady. Adamyň süňňünden süýdüň ysy gitdigiçe ene-atanyň Mähri azalar ekeni diýdi. Ene-ata bireýýäm ýaşlyk ýatlamalaryna goşulyp gitdi. Olaryň ornuny Orazsoltan eýeledi. Orazsoltany ojagyndaky ot saýdy, egnindeki ýapynja saýdy. Atanyýaz ogul-gelinden razydy. Ogullary ondan birugsat gep urmazlar, birugsat ýola düşmezler, iş başlamazlar. Gelinleriniň dili laldyr. Ol daş çykanda, hataryň ugrunda olary görmersiň, gyrgy gören serçe kysmy öýe sokularlar. Bu hormat Atanyýaza hoş ýakýardy. Onuň buýsanjy artýardy, il öňünde mertebesiniň belentdigine buýsanýardy. Bu anjaýynlyk Orazsoltanyň barlygynda bolýan zatlar. Bu hakykat ony kemsitmedi, erkeklik, ýaşululyk mertebesini peseltmedi, gaýta tap biler, ugur biler aýalyna yssy mähir, juda ýakynlyk duýdy. Bu duýgy onuň ýüregini ezdi. Ýaşlykdamy, garaz, bir mahal eşiden rowaýaty ýadyna düşdi. Ony kimiň aýdyp bereni hakydasyna gelmedi, ýöne şol adamyň çeper sözleri saýlap, sünnäläp aýdany huşundan çykmandy. Ol häzir rowaýaty özüne ýöňkedi, tolgundy, sünnüniň juda ýeňländigini duýdy. Ezraýyl Hudaýyň buýrugy birle, bir bendäniň amanadyny almaga gelýär. Bendesi Alla ýalbarýar, maňa rehim et diýýär. Alla şeýle şert goýýar: seniň janyňa derek janyny berjek adam tapsaň ýaşaber. Ol ak süýt berip ýetişdiren enesine ýüz tutýar, ýalbarýar, maňa derek janyny ber diýýär. Enesi jogap berýär: «Ogul, ogul, aý ogul. Dokuz aý garnymda göterip, onunjy aýda dünýä inderen oglum, ak süýdümi gaýgyrman emdiren oglum, barça belalardan dyndaran oglum. Bu gün başyndan bela indi, ol beladan seni gutuldyryp bilmen, oglum. Dünýä şirin, jan eziz, janymy dözebilmen, ogul». Ol aýalyna ýüzlenýär, ýalbarýar, maňa derek janyny ber diýýär. Aýaly jogap berýär: «Gözüm açyp görenim, könül berip söýenim, dertdeşim, ýassykdaşym, goç ýigit! Sen bolmajak bolsaň, bu dünýäniň lezzetini başyma ýapaýynmy. Sensiz gara daglary nädeýin. Sensiz ýaýlanda ýaýnaman, sowuk suwly serçeşmenden içsem, içen suwum gana dönsün! Şabaz atlaryňa münsem, atlaryň tabyda dönsün. Senden soňra bir ýigide göwün bersem, ýassygyna başym goýsam, ala ýylanyň zäheri maňa ajal bolsun. Eneň-ataň rowa görmedik janyny menden al! Meniň şu sözüme arş kepil bolsun, gök asman, gara zemin, keramatly Taňry kepil bolsun! Menin janym seniň janyna gurban bolsun!». Göwni galkynan Atanyýaz şu pursat, şu dem aýalynyň açyk ýüzüne, mährem gözlerine garasy geldi. Bialaç saklandy. Öňden gelýän düzgün, kada duýgudan rüstem çykdy. Allaberdiniň dileginiň çözgüdini tapmak Orazsoltanyn işidi, oňa goşulmak Atanyýazyň wezipesine girenokdy. Ol aýalynyň dözümli gepine gulak asdy. – Nuraly jany tap, sürin ýanyndadyr, giçlik dolanar. Buýran ýumşuny gaýtalatma, Atanyýazyň ogullary lakgy adamy halaýan däldir. Şolaryň göwnünden tursaň, ýeňňeň eli açylar, çagalaryň ajyndan öler öýtme. Soňra torba guýulýan dänäniň şagyrdysyny eşitdi. Allaberdi: – Ýeňňe, meniň küpür gepleýän mahalym-da bolaýýar – diýdi. – Ýaradandan nägile bolýan, wah, meni aýagy ýyndam, dişi ýiti böri edip ýaradan bolsady diýýän. – Itleriň girisine düşerdiň, işigaýdan. Her jandar öz yrsgaly bilen dünýä inýändir. Göter torbany, mundan artyk meniň başymy agyrtma. Atanyýaz öýüň gözenegine öwrüldi. Ýeňseki oýa garanynda hemişe onuň buýsanjy artýardy. Gumy etekleýän takyr çöketde onuň gazdyran süýji suwly çyrlasy dur. Aýalyna, ogul-gyzyna, döwletine guwanyşy ýaly, ol guýusyna-da guwanýardy. Keseden çagyrylan ussa juda amatly ýeri saýlap tutupdyr. Beýle bol suwly guýyny bu töwerekden tapmarsyň. Kak suwlary gutaryp, jöwzaly tomus başlananda, golaý-goltumdan agyz suwy almaga gelýänler köpelýärdi. Guýy il içinde adygyp barýar, oňa «Atanyýazyň guýusy» diýýärler. Teşneligini gandyran adamlaryň onusyndan biri alkyş aýdanda-da, Atanyýazyň jaýy behiştde bolmaly. Buýsançly pikirler onuň kanagatyny artdyrdy. Ol penakeriň, howandaryň belent howalasy bilen guýynyň oýuna syn etdi. Meşiklerini suwdan dolduran gyzlary gördi. Olardan taýak atym bärde iki ýigit gürrüňe güýmenip, gyzlardan bizardy. Atanyýaz olary aýyl-saýyl edip bilmedi, gözi almady. Gyzlaryň bejit giderine garaşdy. Gitmediler. Gaýta, olaryn jak-jak gülküsi gulagyna degdi. Iki ýigit gülkä-de gulak gabartmady. Ýigitleri özlerine bakdyrýançalar, saçy kesilmişler dargamaz. Iki ýigidiň aty-da özlerine kybapdaş ekeni, aýaklary ýere gömlen ýaly gymyldaman dur. Olaryň gudaçylyk gürrüňi galdymyka? Gyzlaryň gülküsini eşidip, gaňrylyp seretmeýän mahluklara näme diýersiň! Atanyýaz ýigitleriň bolşundan gorkdy. Olaryň gürrüňinde syr, pynhanlyk bolmalydy. Şol syry Atanyýaz özüne çekdi. Bular menden bimaslahat hokga çykarjak bolup ýören bolmasynlar?.. Kiçi serdar dyzmaçlara gylaw berdi. Olaryň gylawyny ýatyrmak aňsat düşermikä? Iň ýeser ýeri Salyhyň agtygyndam derek ýok, dereksiz ýitgi juda ýaman bolýar. Oňaýly çykalga tapyp bilmeýänine ýene Atanyýazyň jany ýandy. Gör-ä, baharyň tämiz howasynda pikir öwürmäge oňa päsgel berýärler. Guýyň başyndaky utançsyzlar haçan onuň göz önünden owarra bolup giderlerkä! Haýsy toparyň gyzlarydygyny bir bilsedi! Atanyýaz obanyň ýaş-ýuşlaryny tananokdy. – O duranlaryň arasynda seniň toparyňdan adam ýok. Atanyýaz gapdalyna gelip duran aýalyna minnetdar göz bilen garady. – Bolsa-da, tüweleme, seniň gözüň ýiti ekeni. – Aýalyňky göz bilen, erkegiňki paýhas bilen. Orazsoltan aýdanyna guwanýan ýaly göwnühoş ýylgyrdy, bir mahalky görmegeý, näzik ýüze düşen ýygyrtlar ýazyldy, durmuşdan ýadamadyk uly gözlere aýdyňlyk, ýaşlyk alamatyny ýatladýan tanyş uçgun çaýyldy. «Orazsoltan garrasa-da, görküni ýitirmändir». Atanyýaz ýakymly pikirini aýalyna duýdurmady. Bu onuň ýörelgesine ters gelýän häsiýetdi. – Kiçi serdaryň adamlary ýemreliniň obasyna darapdyr – diýdi. – Galkan batyryň-da gylygy geň däl. Ol Orazsoltanyň pikirini bilmek isledi. Birden hem aýal adamyň öňünde çykgynsyz ýagdaýa düşen ejiz kişi bolup görünmekden gorkdy, özüne tutaryk gözledi. «Geçmişde Salyr Gazan kysmy dana ärler-de aýallaryndan maslahat sorapdyrlar». Orazsoltan: – Türkmenii käbir sözi gursun – diýdi. – «Bu günlügiňi tapsaň, ertirligiňi gaýgy etme», diýýär. Bihepbeler diýýär, Allaberdi tetelliler diýýär. Olara sen zehiniňi ýakmagyn. Hudaý ozalynda adamy ýaradanda, adamyň eli-aýagy peýdaly gymyldamajak bolsa, dilini-de geplemez ýaly etmeli ekeni. Iýende elini gymyldatmasa bolanok, şoňa-da şükür edýän. Dil bilen odun ýygan, mal bakan ýokdur. Akylyna aýlanardylar, bokurdak ýaman zatdyr. Soňra hasasyna söýenip, elini-aýagyny sandyradyp, Gülnäz gyrnak geldi. Bu gyrnagy görende, Atanyýaz onuň ýaşlygyny göz öňüne getirýärdi: çigildem güli kimin owadandy, näzikdi, ýöne meňzinde ýolnan gülüň solaklygy bardy. Ol alamat hiç mahal aýrylmady, barha gözilginç boldy. Gyrnak oda atylan gowka döndi, bürüşdi, bedroý kempire öwrüldi. Atanyýaz oňa garanda, ýigitlik gaýratynyň bireýýäm özünden ara açandygyna düşünip, onuň hiç mahal dolanmajakdygyna ahmyr edýärdi. Ol Gülnäzi alamana gidip getirmändi. Alamana Abraý batyr gidipdi, gidende Atanyýazdan iki at diledi. Bu gyrnak äkidilen atlaryň paýyna düşüpdi. Gyrnak güle meňzeşkä, Atanyýazyň öýünde hyzmat etdi. Ýazy sowlanda ony ýetim çopana berdiler. Ýetim çopan inçekesele ýolugyp, bir mahal ölüp gitdi. Gülnäz Orazsoltanyň eline ýapyşdy, kör adamyň sermenişine çalymdaş hereket bilen onuň barmaklaryny ýekän-ýekän elläp çykdy. Sag eliniň ogulhajadyna geýdirilen hakyk gaşly ýüzügi sypamaga başlady. – Dünýä ýüzünde owwal başda ýüzük dakynan Jemşitdir – diýdi. – Ägä bol, Orazsoltan, ýüzügiň ýitmesin, ýitmesin, ýitmesin. Süleýman ýüzügini ýitirdi, soňra-da patyşalygyny ýitirdi. Men-de ýüzügimi ýitirdim, elimden aldylar, Orazsoltan. – Onuň sesine ejizlik aralaşdy. – Bi ýüzük meniňki däl, ägä bol, ýitirme. Orazsoltan elini siltäp aldy. – Lal bol, gyrnak! Gülnäz taýakdan gypjynýan ýaly ýegşerildi, naýynjar seretdi. – Ejem jany ýitirdim – diýdi, şumjardy. Orazsoltan ony öýüň gapdalynda oturtdy, öňüne bir çuwal kirli ýüň dökdi. Gülnäz çöp ýaly inçe, uzyn barmaklary bilen ýüň tüýdüp başlady, agy kimin zaryn heňe tutdy. – Atanyýaza eşek ber diýdim, Atanyýaz eşek bermedi... Eşek münüp daga ýetjekdim... ýetmedim, ýetmedim... daglar menden daş galdy... Gyrnaga hiç kim üns bermedi. Soňra Galkan batyr geldi. – Bizi namys astynda goýýaňyz – diýip igendi. – Ýemreliň dogmasyny goýbermeli däldi. Eşredi gaýtaran günüňiz ony-da boşadarys diýmelidi. – Üstüne geleni bent etmek namartlyk bolar. – Onda mert işe ýol beriň. Olar al salyp alaw bolsa, biz güýç salyp alarys. Biziň bir ýitgimiz, olaryň başyndan on bolup iner. Agyrysyna çydasalar, müň ýaşasynlar. – Galkan batyr hyjuwyna bäs gelmän, ýer ýumruklady. – Biz ýarag-şaýymyzy tutduk, bizi eglemäň, rugsat diýiň. – Kiçi serdaryň eden işinden habaryň barmy? – Bar, habarly! Kiçi serdaryň gapdalynda bolmanyma janym ýanýar. – Ýaşulular oňlamandyr, oljany gaýtarmaly diýipdirler. Galkan batyr ajy ýylgyrdy. – Ýaşulular ol dünýäň aladasy bilen ýaşaýarlar, jaýy jennet bolar tamasy bilen her kim sogap iş etjekdir, he-he... Özüňe jennet küýsäp-de, bala-çagaňy, dost-ýarysy, il-günüňi bi dünýäde dowzaha sezewar etmek, hakyň ýoluna gabat gelýänmidir? – Sen küpür gepleýärsiň, Galkan. – Biz maslahatdan, geňeşden gerk-gäbe bolan, biz kak suwuna döndük, sadyr bolduk, porsadyk! Atanyýaz Galkana höküm etmäge erkiniň ýokdugyna düşünýärdi, diňe närazydygyny duýduryp biljek. Eger «Sen näme sebäbe närazy, öz tiräň ýitgä uçran bolsady, näderdiň?» diýlen sowal berläýse, tanapyna towsup duran Galkany köşeşdiräýjek delil taparyn öýtmedi. Öz öýündäkilere höküm edişi ýaly, obadaşlaryna höküm edip bilmeýänine jany ýandy. Galkanyň badyny saklajak ýeke-täk delil galypdy, şoňa bil baglady. – Uly serdar geňeşe çagyrýar, il-günüň pikirini eşideli, sen bizi gyssama, Galkan. Galkan ädiginiň gonjuny gamçylap çykyp gitdi. Atanyýaz ony köşeşdirip bilmedik-de bolsa, juda gynanyp oturmady, gaýta dyzmaç ýigitleriň bardygyna şükür etdi. Bular bolmasa, il-günüň gany sowar diýdi. Uly serdaryň-da dyzmaç ýigitleri äsgermezlik etmejekdigi belli. Ol Uly serdaryň pikirini eşitmäge juda bisabyr garaşdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |